08:33 MRU hem işiñ içinde | |
MRU HEM IŞIÑ IŞINDE
Publisistika
Magdan känlerinde bolýan her uly heläkçilikden soñ bir-iki gün "wah-wah" edilýär, nägilelik bildirilýär, syýasatçylar "agyz dalaşyna" girýär we soñra ýene bir pajygaly waka bolýan gününe çenli wagşyýanalyk ýatdan çykyp gidýär! Başýapynja (ýa-da etniki identifikasiýa) ýaly medeni meseleleriñ üstünde gohlaşmaga sarp edilen wagtyñ müñde birini dünýäniñ iñ kyn kärinde işleýän magdan işçilerimiziñ agyr meselelerine aýramzok! Işçi jenaýatlaryna biziñ hemmämiz jogapkär. Düýpli çözgüt tapylmasa bolmaýar. Munuñ üçin ilkinji nobatda guramaçylyk-güýçli sindikatçylyk gerek... Ýurdumyzda sindikatlaryñ güýçsüzligi we häkimiýet bilen iş berijiniñ kölegesindäki sary sindikatçylyk dowam etdigiçe işçileriñ "kysmat gurbanlygy" dowam eder durar! Taryhymyzyñ iñ azatlykçy 1961-nji ýylyñ konstitusiýasy giñden bilinýän sindikal hak-hukuklary we azatlyklary berse-de, iki ýyldan soñ 1963-nji ýylda çykarlan 274-nji, 275-nji belgili kanunlar bilen iş taşlaýyş hukuklarynyñ çäklendirilmegi ýaly berlen hak-hukuklaryñ hemmesi yzyna gaýdyp alyndy! Gelip-geçen häkimiýetleriñ hemmesi-de işçileriñ güýjünden çekindi. Mysal üçin, Magdan-iş sindikatynyñ 1963-nji ýyldaky "Kavel" zawodynda bolup geçen 36 günlük iş taşlaýyş ýa-da 1968-nji ýyldaky "Alpagut" kömür kärhanasynda bolup geçen tolgunşyk ýaly işçileriñ hak-hukuk ugrundaky göreşleri basyp ýatyryldy. JHP-AP bileleşip, zähmet durmuşyny we esasy sindikatlar kanunçylygyny düzgünleşdirýän kanunyñ işlenip düzülmegine garşylyklaýyn 7 müñ 500 işçiniñ gatnaşmagynda Stambuluñ dört künjünde 1970-nji ýylyñ 15-16-njy iýunynda demonstrasiýa gatnaşan işçileriñ ýedisi wepat boldy. 4 müñ 300 işçi işçi işden kowuldy. Hawa, häkimiýetler kellesini galdyran işçini hemişe ezip-mynjyradyp geldi. Sindikatlary penjesinde saklady. Özem işiñ içine kimler girmedi: 1952-nji ýylda Türk-İş gurlanda we soñky gatnaşyklarynda (Irwing Brown, Morris Paladino, Emanuel Bogg ýaly) MRU-nyñ işgärleri bardy. Muña pul berilmeginiñ, birnäçe aýlap dowam eden daşary ýurt okuw-türgenleşik işleriniñ ýeke-täk maksady bardy: Sanlary barha artýan işçileri gözegçilik astyna almak we öz syýasy maksatlary üçin ulanmak. Mysal üçin Türk-Iş-iñ şol döwür Ankarada guran "Kommunizmi ýyrtyñ!" mitingi şu gatnaşyklaryñ netijesidi. Bannerleriñ birinde şeýle ýazgy bardy: "Adamzat idealynyñ goragçysy NATO-ny goldaýarys!" Magdan-Iş (Maden-İş) ýaly bäş sindikat (Türk-İş-iñ milli gurama bolmakdan daşlaşyp, MRU-nyñ strategiýasyna laýyk iş alyp barmagyna protest bildirip, 1967-nji ýylda täze konfederasiýa gurdy: DİSK. (Şeýle-de bolsa, wagtyñ geçmegi bilen DISK-iñ agzasy bolan üç sindikat başlygy-da ABŞ-na gidip, birnäçe aýlap "okap" geldi!) Galyberse-de: Hak-İş ýaly täze konfederasiýalar gurlup, işçiler synpynyñ güýji parçalandy. Şol bir sektorlarda şoña meñzeş sindikatlar guruldy. Meselem, Türk Magdan Iş, Baş Magdan-Iş, Garaşsyz Magdan-Iş, Ynkylapçy Magdan-Iş, Öñdebaryjy Magdan-Iş, Ýerasty Magdan-Iş... Şeýle parçalanmalar-da ýeterlik görülmedi: 1971-nji ýylyñ 12-nji martyndaky we 1980-nji ýylyñ 12-nji sentýabryndaky harby döwlet agdarlyşyklary işçi hak-hukuklaryny müçükdirip taşlady. Sindikatlar güýçsüzleşdirildi, täsirsizleşdirildi. Sindikatçylyk nygmaty bol, penjek-jalbarly we boýny galstukly professional käre öwrüldi. Sindikatlar goýum fondlary, otelçilik ýaly şereket ýöretmäge başlady! Göreş diñe "näçeräk pul berjek" düşünjesine düşürildi. Işçiniñ saglygy, iş ýerleriniñ howpsuzlygy şertnamalara girizilmedem... Şol ikiarada Turgut Özally ýyllar-neoliberalizm bilen başlan sindikatsyzlyk we taşeron sistemasy hemme sektorlary gurşap aldy! Ýersiz, mülksüz, işsiz galan, güzeran kynçylygy-bir döwüm çöregiñ gaýgysy bilen magdan şahtasyna inmäge mejbur bolan işçi görgüli hemişe berilene kaýyl boldy... 1991-nji ýyl. Elli müñ adamyñ gatnaşan we taryhyñ iñ uly magdançylar demonstrasiýasy-da çüýrük düzgüni üýtgedip bilmedi. Magdançylaryñ (AKP-li Zähmet we Sosial Howpsuzlyk ministri Ömer Dinçeriñ aýdyşy ýaly) "owadan ölümleri" dowam etdi durdy, dowam ederem... Näme etmek gerek? Ertire goýalyñ... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 20.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |