17:32 MRU, Kinser we Müýesser | |
MRU, KINSER WE MÜÝESSER
Publisistika
ABŞ we Hytaý kowid-19-yñ ilkinji bolup kimden çykandygy babatda biri-birlerini aýyplamaga dowam edýär… "China Daily" gazeti koronawirusyñ ABŞ-nyñ Merilend ştatynyñ Fort-Detrik şäherinden ýaýrandygyny ýazdy… Ýeri, munuñ žurnalist Müýesser Ýyldyzyñ tussag edilmegi bilen näme baglanyşygy bolup biler? Başlabereýin onda: Albert Hofman (1906-2008)… Şweýsariýaly himik. "Sandoz" derman öndüriji şereketiniñ laboratoriýalarynda gan aýlanşygyny çaltlandyryjy dermany taýýarlamak işi boýunça işläp ýörkä, otuz ýedi ýaşynda bugdaý, çowdary, mekgejöwen ýaly däneli ösümliklerde bolýan parazit kömelegiñ psihotrop aýratynlygynyñ bardygyny anyklady: LSD… Dört ýyl geçensoñ… MRU (CIA) şu maksatnamany taýýarlamaga başlady: MKULTRA-LSD… Býužetiniñ 6%-ni bu maksatnamany amala aşyrmaga gönükdiren MRU himiki serişde bolan LSD-ni biologiki ýarag hökmünde ulanmakçydy. Işiñ alnyp barylýan ýeri Merilendiñ Fort-Detrik ştatydy. Bu ýer şol bir wagtyñ özünde ABŞ-nyñ Ýaragly güýçleriniñ uruş laboratorýalary müdirliginiñ (USBWL) ýerleşýän ýeridi. Işler baryp-ha, Ikinji jahan urşy ýyllarynda başlady. Soñabaka ol ýer biologiki uruş boýunça ylmy-barlag işleriniñ geçirilýän ýerine öwrüldi. Diñe LDS bilenem çäklenip oñmadylar. Mysal üçin sarygetirme wirusyny göterýän siñeklerdir dürli mör-möjekler boýunça hem barlag işlerini geçirdiler. Bu barlaglary ilkinji bolup "Merck" derman öndüriji şereketiniñ eýesi Jorj W.Merk goldady. (Rokfelleriñ adyny agzap durjak däl, Fort Detrikiñ ebola ýokanjy bilen baglanyşygyndanam söz açyp durmaýyn, ýogsa biziñ "köpbilmişlerimiz" ynjalykdan gaçýar!) LSD-niñ ilkinji gezek köçeki jeleplerde synag edilmegini ýa-da amerikan režimini howatyrlandyran 68-nji ýylyñ-ospaly nesilleriñ ulanmagy üçin bu serişdäniñ ulanyşa girizilendiginem agzaman geçeliñ… Gürrüñimiz başga: ■ “HAPYSA OÝUNBAZ” Sidni Gotlib (1918-1999)… Zäherli maddalar boýunça amerikan hünärmeni, himik. "MK-ULTRA" diýlip atlandyrylan uruş maksatnamasynyñ iñ esasy adamlaryndan. Ol "Gara jadygöý" we "Hapysa oýunbaz" lakamlary bilenem tanalýar. Çünki ol: MRU-nyñ geçen asyryñ ellinji ýyllaryndan bäri amala aşyrýan ähli kast edijilikli teraktlarynyñ gizlin dolandyryjysydy. Meselem… Fidel Kastro iberilýän zäherden doldurylan ruçka, zäherli şybyk (çilimiñ gymmat görnüşi, sigaret), zäherli lakafandr (suwda çümüji eşik), partlaýjy deñiz jandary ýa-da telestudiýa LSD pürkmek ýaly geñsi tilsimleri synap gördi! Kongonyñ premýer-ministri Lumumbadan Yragyñ premýer-ministri Abdylkerim Kasymyñ öldürilmegine çenli birgiden syýasy jenaýatda onuñ eli bardy... ABŞ-nyñ pohly-püsülli taryhynyñ ýumagyny çöşläp oturmalyñ. Ýene bir şahsy tanadyp, esasy gürrüñe geçjek: Stiwen Kinser (1951 ý.d)… Amerikan žurnalisti, ýazyjy. Dünýäniñ çar künjünde "New York Times" gazeti üçin habarlar ýazdy. Türkiýede-de bir döwürler ony tanamaýan ýokdy, 1996-2000-nji ýylda işleýän gazetiniñ Stambuldaky býurosyny gurdy we ýolbaşçylyk etdi… - 1991-nji ýylda ABŞ-nyñ Nikaraguadaky içki gapma-garşylyklaryñ dowam edýän ýyllarynda geçiren gizlin operasiýalaryndan söz açýan “Blood of Brothers” kitabyny ýazdy… - 2003-nji ýylda ABŞ-nyñ Eýranda amala aşyran agdarlyşygyndan we Ýakyn Gündogar terrorçylygynyñ çeşmelerinden söz açýan “All the Shah's Men” kitabyny ýazdy… - 2006-njy ýylda ABŞ-nyñ dünýäniñ dürli ýurtlarynda amala aşyran agdarlyşygyndan söz açýan “Overthrow” kitabyny ýazdy… - 2013-nji ýylda "Sowuk urşy" dörediji ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Jon Foster Dalles bilen MRU-nyñ başlygy Allen Dalles doganlardan söz açýan “The Brothers” kitabyny ýazdy… - 2017-nji ýylda Teodor Ruzwelt, Genri Kebot Loj, Uilýam Rendolf Hýerst ýaly imperial giñeliş üçin jan edenler bilen olara garşy çykanlaryñ göreşinden söz açýan “The True Flag” kitabyny ýazdy… Geleliñ onuñ iñ soñky ýazan kitabyna… ■ “POISONER IN CHIEF” ABŞ-nyñ gizlin operasiýalary hakynda birnäçe kitaplary ýazan Stiwen Kinser geçen ýyl “Poisoner in Chief” kitabyny çykartdy. "Ussat jadygöý - ýukaýürek gynamaçy" diýip atlandyran MRU-nyñ "baş zäherleýjisi" Sidni Gotlib we onuñ ýolbaşçylyk edýän "MK-ULTRA" maksatnamasynyñ çäginde biologiki uruş tutaryklary bilen dünýäniñ çar künjünde nämeleriñ edilýändigini paş etdi. Bu maksatnamanyñ çäginde öndürilen jansyz serişdelerini MRU-nyñ işgärleriniñ birnäçe ýylyñ dowamynda nähili ulanyşlaryny gürrüñ berdi… Geleliñ netijä: Dünýäniñ añry künjünde Jon Marks, Martin A.Li, Darrel Ý.Hamamoto, Tom O'Neill we başgalar şular ýaly kitaplary arkaýyn ýazýarlar, islän habarlaryny berýärler. Habary daşyna syzdyran günäkärdir, syzan zady ýazan žurnalist günäkär däl! Muña garamazdan Türkiýede jynazasyna herkesiñ çagyrylan howpsuzlyk gullugynyñ işgäri barada habar berendikleri üçin Baryş Pehliwan, Baryş Terkogly dagylar türmä dykylýar... Açyk çeşmelere salgylanyp ýazan iki habary sebäpli Müýesser Ýyldyz türmä dykylýar... ODATV ýapylýar... Žurnalist Stiwen Kinser Türkiýäniñ raýaty bolan bolsa, ýurdumyzda bugünki-gün ýokarda agzalan kitaplary ýazyp bilermidi? Erkine goýuñ, žurnalistler hakykaty gözlesinler, tapsynlar. Bu hemmelerden ötri häkimiýetiñ öz peýdasyna, "gözüñiziñ açylmagyna" sebäp bolar… Didro aýtmyşlaýyn, "ýalanyñ peýdasy bir gezeklik, hakykatyñky bolsa hemişelik". Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 17.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |