MUHAMMEDIÑ SÖZI
Mekge diýen ilde Muhammet diýen bir ýetim oglanjyk bar eken. Ol diýseň mähriban hem-de juda dogruçyl eken. Ol Ebu Talyp atly agasynyň öýünde ýaşaýardy. Ol oglanjygyň dost-ýaranlary köpdi. Deň-duş oglanlar onuň daşyndan aýrylmaýardylar. Sebäbi Muhammet örän akyllyjady. Ol hiç kimiň göwnüne degmeýärdi. Hiç kimi ynjytmaýardy. Hiç kime ýalan sözlemeýärdi.
Bir gün Abdyl Uzza atly dosty Muhammediň ýanyna geldi. Ol oglan:
- Muhammet, ertir irden meniň bilen daga gezmäge gidermiň? - diýip, sorady.
- Giderin!
- Onda ikimiz ertir irden, Gün dogmanka obanyň ilersindäki ulý daşyň ýanynda duşuşaly! Haýsymyz öň barsak, beýlekimiz gelýänçä garaşaly. Onsoň, ikimiz bileje gezelenje gidibereris! Bolýarmy?!
- Bolýar - diýip, Muhammet ylalaşdy.
Muhammet edil wadalaşyşy ýaly, ertesi Gün dogmanka obanyň ilersindäki uly daşyň ýanyna baryp, dostuna garaşyp başlady. Emma Abdyl Uzza ýokdy.
Gün guşluga galdy, soň günorta boldy. Öýle, ikindi geçdi. Garaňky düşdi. Emma Abdyl Uzza gelmedi.
Ol musulmanlaryň geljekki pygamberi Muhammet - Resul Allady!
Gije geçdi. Gün dogdy. Muhammet henizem wadaly ýerde garaşyp durdy. Şol wagt Abdyl Uzza iki sany oglan bilen daga bakan geçip barýardy. Ol bu wagt, bu ýerde Muhammedi görüp, geň galdy.
- Eý, Muhammet, sen kime garaşyp dursuň? - diýip, ol gygyryp sorady.
- Men saňa garaşýan! Sen maňa şu ýerde garaş diýdiň ahyryn.
- Men saňa bu gün garaş diýmedim-ä, Ikimiz düýn şu ýerde duşuşmagy wadalaşdyk ahyryn.
- Şol wadamyz boýunça men saňa şu ýerde garaşmalydym. Ine, men saňa düýnden bäri garaşyp durun-a.
Abdyl Uzza muňa haýran galdy.
- Sen hakykatdan hem düýnden bäri garaşyp durmuň?
- Hawa, biziň wadamyz şeýle ahyryn.
- Gelmesem, gaýdybermeli ekeniň-dä!
Muhammet başyny ýaýkady.
- Ýok, dostum, adam birine bir zady wada bereninden soň, şözünde durmasa, juda gelşiksiz bolar. Eger, men: “Gelmedi“ diýip gitsem, ýz ýanyndan senem gelseň, menem bu ýerde ýok bolsam, şonda sen men barada nähili pikir ederdiň. Beýle etmäge meniň-ä ynsabym çatmazdy.
Oglanlar bu söze haýran galdylar. Abdyl Uzza öz eden işine örän utandy.
Şondan soň bu oglanyň ady „Muhammet-emin“ (her bir işde örän dogruçyl) galypdyr.
18-nji maý 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty