07:04 Muhammet Fizuly | |
Muhammet FIZULY
Edebi makalalar
(1494—1556 ý.) XX asyryň ajaýyp şahyry Mämmet Seýidowyň bir şygryndaky tymsal mahal-mahal ýadyma dolanyp durýar. Onda aýdylyşyna görä, ýaş hem döredijilik kämilliginiň bir çenine barsa-da, ýaňy mekdebe gatnap ugran oglanjyk ýaly, elinden kitap düşürmän ýören şahyrdan sorapdyrlar: Eý şahyr, ylymdan paýyňy aldyň, bilimden ýüküňi tutduň, indi beýdip ýörmäň näme?! Şahyram diýenmiş olara garap: Güwläp ýanyp duran oda-da wagtal-wagtal odun oklap durmasaň, ýalny peselip, howry azalyp, közi tükenip, öçmek bilen bolýandyr! Siziň sadyk guluňyzyňam geçen eýýamlaryň beýiklerine gyzykmasynyň hem gyzyklanmasynyň şol şahyryňky ýaly sebäbi bar diýip bilerin. Gyzygyp hem gyzyklanyp ýörşüme, howry peseläýmesin diýip azara galdyrýan döredijilik oduma gadymky ussatlardan odun atyp ýörşüme, — il-ä bilemok weli — öten-geçenleriň özüme täsiri boýunça iki topara bölünýändigini bilip galdym. Bir topar bar, diňe pikirleri, akylynyň kämilligi saňa täsir edýär. Olardan ylym dersini alýarsyň. Aýry-aýry pikirlerini, eşrepi ýaly pähimlerini, gurşun kenek ýaly aforizmlerini seýrek hem del miwäniň tohumyny tapan ýaly, ýazgy haltajygyňda agzyny bogup goýýarsyň, ylhamyň nowruzy gelende, döredijilik topragyňa däne-däne edip atyşdyrmak üçin. Başga bir topar ussatlar bolýar, olardan däne, tohum däl, üstüňe harman guýulýar. Bularyň pikiri däl, çeper sözüniň gözelligi maýyl edýär. Özge bir dünýäň howasy gelip duran sahypalarda bular bilen gabatlaşanyňda, öz hossaryňa duşan ýaly bolýarsyň. «Balykçy balykçyny uzakdan tanar» diýlişi ýaly, ýazyjy ýazyjyny sözünden tanaýar. Bu topar halypalar seni söz ussady hökmünde aňk edýär. Olar: «Wah, menem şunuň ýaly ýazyjy bolsadym» diýdirýär. Aradan asyrlar geçse-de, olaryň eserleriniň çeperçilik gymmaty birjik-de egsilmändir. Beýle eserleri ala bişirilen nahar ýaly kabul edip bilmersiň. «Geregimi alaýyn, gerekmezimi goýaýyn» diýebilmersiň. Bularyň gymmaty tutuşlygynda, bularyň her sözi, jümlesi gymmatly. Bularyň gaşynda ýewropa, ýapon, amerikan edebiýatlary ýaly häzirki zaman, täze tipli edebiýatlardan habarlylykdan dörän hondanbärsiligiň, öňküleriň sap çeperçilik, çeper suratlandyrmak babatda göze ilýän gurakrag-u-ýöntemräkliginden peýda bolýan göwnüýetmezçiligiň zym-zyýat bolýar. Şonda olara, Kerim şahyryň aýdyşy ýaly, üç gezek «ussat, ussat, ussat» diýip gygyrasyň, olaryň öz aýdyşy ýaly bolsa, «aperin!», «zehi!» diýiberesiň gelýär. Meniň üçin hemişe ikinji toparyň iň öňki hatarlarynda ýüzüne köp manyly ýylgyryp duranlaryň biri Muhammet Fizuly bolupdy. Birnäçe asyrlyk türkmen söz sungatyny, türkmen çeper söz medeniýetini güwläp, şaglap akyp ýatan derýa meňzetseň, bu derýanyň merkezinde hemişe Muhammet Fizulynyň mirasy bardy. Ol edebiýat taryhynda diňe özüniň hem eserleriniň ady galan, ýazan zatlaryny iki-ýeke hünärmen okap, şolaryňam dilinden mazmuny bir adamdan beýlekä geçip ýören, ady diri, özi — döredijiligi öli şahyrlardan däldir. Ol öz diri günlerinden — XVI asyrdan tä XX asyra çenli aralykda milli çeper sözümiziň ösüşine, ýaşaýşyna günde-günaşada täsir edip duran şahyrdyr. XVIII—XIX-da-ha onuň täsirini duýmadyk ýekeje-de görnükli türkmen şahyry ýokdur. A XX asyr?! XX asyr ondan habarsyz ýa ondan uzakda bolan bolsa, muny ondan däl-de, özünden görsün. *** Muhammet Süleýman ogly Fizuly-Baýatly Türkmen 1494-nji ýylda Yragyň Kerbela şäherinde eneden bolupdyr. Ikinji lakamyndan görnüşi ýaly, ol türkmeniň baýat taýpasyndandyr. Muhammet Fizuly Kerbelada önüp-ösýär, Kerbalada bilim alýar. Mugallymçylykdan başga müjewürlik hem edipdir. Mälim bolşy ýaly, Kerbalada keramatly ýerler, öwlüýäler köpdür. Şahyryň birnäçe wagtlap Bagdatda ýaşandygy belli. Onuň döwründe Yrakda türkmenler köpçülikleýin ýaşapdyrlar, häkimlik edipdirler. 1468-nji ýylda häkimiýet Garagoýunly türkmenlerden Akgoýunly türkmenlere geçipdir. 1508-nji ýylda eýýäm sefewi hanedanyndan bolan türkmenler häkimiýet başyna geçipdirler. 1534-nji ýylda bolsa osmanly türkmenler agalyk edip başlaýarlar. Fizulynyň döwri Yragyň syýasy taýdanam, medeni-dil taýdanam güýçli suratda türkmenleşen döwri bolupdyr. Onuň beýik türkmen şahyry hökmünde öňe çykmagynyň özi-de şol taryhy özgerişligiň netijesidir. Fizulynyň ýaşan döwri orta asyrlarda Orta hem Ýakyn Gündogar sebitlerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni-ruhy-dil umumylygy we bitewüligi has aýdyň, kesgitli hem ýüze çykýar, edebi täzelikler örän gysga wagtyň içinde birokatdan beýlekisine çaltlyk bilen ýaýrapdyr. Türkmenistanda, Eýranda, Kawkazda, Türkiýede, Yrakda hem arap ülkelerinde ýaşaýan türkmenleriň umumy hem bitewi edebi dili bolşy ýaly, bitewi edebiýaty, folklory-da bardy. Onlarça halk dessanlarymyz, onlarça, hatda ýüzlerçe şahyrlaryň şygyrlary şol uly hem bitewi edebiýatdan galan nusgalardyr. Ol dessanlarda wakalaryň Türkiýede ýa Yrakda, Kawkazda ýa Şamda bolup geçýänligi, ol şahyrlaryň şygyrlarynyň dilinde orta asyr oguz şiweleriniň elementleriniň barlygy geň galdyryjy ýa düşnüksiz bir zat däldir. Bu indi, häzirki döwrüň gözi bilen bakanyňda, geňräk görner. Ol wagtlar bolsa soňlugy bilen mezhep, aň, mentalitet taýdan biri-birinden daşlaşyp giden türkmenleriň bitewülik döwrüdi. Ine, ajaýyp hem gözel, şirin hem şeker türkmen dilinde eser döreden Muhammet Fizulynyň döredijiligi şol äpet giňişlikde gaýnap-joşan edebi durmuşyň iň kämil netijelerindendir, şol äpet gazanda gaýnap-bişen edebi tagamyň iň datlylaryndandyr. Bu äpet giňişligiň bitewi hem janly medeni oýkumeni-mesgen bolandygyna bir zat şaýatlyk edýär: Muhammet Fizulynyň eserleri eýýäm XVI—XVII asyrlarda Horasanda, Türkmenistanda giňden belli eken. XVII asyryň ikinji ýarymynda ýaşan Nurmuhammet Andalybyň halypa nezire ýazandygynyň-a gürrüňem ýok, taryhy maglumata görä, 1644-nji ýylda Döwletşa ibn Hasan atly maryly hatdat şahyryň eserlerini bir golýazmadan beýlekisine göçürip alypdyr. Beýik şahyryň ata Watandaky meşhurlygy soňky asyrlarda-da gaýry diller we medeniýetler bilen gurşalan öz dogduk mekanyndakydan hem belent bolupdyr diýerliklidir. 1839—1916-njy ýyllar aralygynda onuň eserleri 87 gezek neşir edilip, olaryň 56-sy Orta Aziýa degişlidir. Diňe bu guraksy taryhy maglumatlar däl, eýse türkmen durmuşyndan habarly kişiler bilýändir, Fizulynyň kämil gözel şygyrlaryny ýatdan bilýän adamlaryň ýaňy-ýaňylaram köp bolandygyny, munuň asla geň bir zat hökmünde duýulmandygyny belläp bileris. Munda hiç hili tötänligem, geň-taňlygam ýok, bu bütinleý tebigy hem kanunalaýyk hakykat. Muhammet Fizuly türkmen duýgy-düşünjesini, halk ynançlaryny, ylaýta-da, baryp porhançylykdan uç alyp gaýdýan sopuçylyk ynançlaryny gündogaryň ýokary pelsepe pikirleniş derejesinde hem kämil dilde aňladan şahyrdyr. 1556-njy ýylda ýogalyp, dogduk ýeri Kerbelada ymam Hüseýiniň mazarynyň golaýynda, bekdaşylaryň piri Abul Mümin Dädäniň ýanynda jaýlanan şahyryň döredijiliginiň pelsepe hem gözellik esasynda ýokarky garaýyşlar ýatýar. Şolardan habarly bolmazdan, ol eserleri okamak bilen olardan diňe aňly-düşünjeli däl, eýse janly ýüregi-de habarly türkmen bolup okamak, heý, deň bolarmy?! Hajy Bekdaş Weli Horasany (1208—1270) özüni Hoja Ahmet Ýasawynyň neberesinden hasaplapdyr. Ol sünni mezhebine degişli tarykaty esaslandyrypdyr. Bekdaşylar sema-sesli zikr ýerine ýetiripdirler. Başlaryna ak ýüňden dokalan başgap-täç geýipdirler. Boýunlary tegbentli, döşleri teslim daşly, eginleri jilbentli, öňi derwüş kädili bekdaşylar Kiçi Aziýada türkmen faktorynyň ýaşaýşyň uly çuňluklaryna çenli ornaşmagynda möhüm rol oýnapdyrlar. Bularyň arasynda önüp-ösen, olar bilen bile sema uran, olaryň şirin türkmen dilindäki mynajatlaryndan hem doga-nalyşlaryndan gulagy ganan, olaryň öz azatlygyny, ata-baba milli gymmatlyklaryny hem däp-dessuryny gorap, jan berşini gören Muhammediň eserlerinde bekdaşylaryň düşünjeleri şahsyýetiň erkinligi, ynanjyň erkinligi, adam mertebesi baradaky düýpli pelsepe-gözellik ulgamyň derejesinde işlenipdir. Fizulydan bar galan nyşanam şol beýik eserlerdir. Türkmen düşünjesindäki ogul nyşany, umuman, yzy-dowamaty barada az maglumat saklanypdyr. Bu barada bary-ýogy şuny aýdýarlar: şahyryň Fazly diýen ogly bolup, ol hem kakasy ýaly üç — türkmen, pars we arap dillerinde şygyr ýazan şahyr eken. Bolany! *** Başgaça bolmagy mümkinem däl. Dörediji adamyň ýogalandan soň, malyny terekä salyp bolýar. Emma döredijiligi onuň özünden başga hiç bir kişä geçip bilmeýär. Ol, bir-ä, onuň öz adynda bolýar, birem özge milletleriň ýanynda onuň milletiniň adynda bolýar. Fizulynyň, Magtymgulynyň döreden eseri diýseňem bolýar, türkmenleriň döreden eserleri diýseň-de bolýar. Emläk mirasy barada aýdylanda bolsa, terjimehalyndan çen tutsaň-a, şahyryň yzynda terekä salara zadam galmadyga meňzeýär. Intellektual derwüşüň, galandar şahyryň, alym müjewüriň näme baýlygy — mülki bolsun diý! Döwrüniň türkmen beglerine, patyşalaryna ýazan öwgüli kasydalary üçinem ol olardan üýtgeşik bir ýardam görmändir. Bu hakda ol ähli eserlerinde diýen ýaly wagtal-wagtal agzap geçýär, bu hakda ol ýörite bir eserem — «Şikaýatnama» eserini-de ýazyp gidipdir. Muhammet Fizulynyň döredijiligi okyjy üçin, onda-da özem dörediji bolan okyjy üçin gaty köp, onuň öz garaşanyndanam köp zat berip biler. Bularyň ilkinjisi-de şahyryň haýran galarlykly derejede we äheňde döwrebap, häzirkizaman görünýänligidir. Bu sypat Muhammet Fizulynyň eserleriniň kämilligiň iň ýokary derejesine ýetendigini, olaryň hakyky sungatdygyny aňladýar. Sungat bakydyr. Şu barada heran-haçan oýlananymda, Mihail Bulgakowyň bir gahrymanynyň «Dostoýewskiý ölmezdir» diýen sözleri aňyma gelýär, ýogsam bu pikir bize şeýle-de mälim. Ölmez-ötmezlige gatnaşygy babatda sungat bilen ylmyň arasynda prinsipial bir tapawut bar. Ýyllar geçip, döwürler aýlandygyça, ylmyň içi könelýär, daşy täzeligine galýar. Sungatyň weli, tersine, daşy könelýär, içi täzeligine galýar. Onuň bu häsiýeti altyny ýada salýar, ýa bolmasa, jöwheri ýatladýar. Ýeriň aşagynda ýüzlerçe ýyllap ýatan altynyň daşyndaky ýuka zeňleri süpürişdirseň, ol owalbaşky ýagdaýyndaky lowurdysyna eýe bolýar. Asyrlarboýy suwuň astynda ýatan göwheri ýuwup-artsaň, öňküsi ýaly dür saçýar. Altyn zeňlese-de, çüýränok, göwher kirlese-de, pytranok. Sungat hem şonuň ýaly. Hakyky sungat bolan eseriň dili, ölçegi ýa gaýry bir daşky tarapy könelip, ýagny häzirki döwür üçin düşnüksizlige öwrülip biler. Emma zeňiň hem kiriň ýuwluşy ýaly, muny häzirkilige terjime etmek hiç zat däldir. Bolmanda-da, bir dilde ýazylan eseri başga dile terjime etmeli bolýar ahyryn. Terjime bejerip bolmaýan däl-de, bejerip bolýan keseliň emipisint bir zatdyr. Asyrlarboýy düşünje, dünýägaraýyş, akyl ölçegleri üýtgeýär, emma ýürek üýtgemeýär. Şu ikisiniň aratapawudyndan ylym bile sungatyň bakylyga gatnaşyk parhy emele gelýär. Hulk, ynsan tebigaty üýtgemeýär. Şu zatlaryň aslyna ýetip, ony ýokarky çeperçilikde görkezen bir bakylyk hetdine ýeten sungatdyr. Muhammet Fizulynyň söýgi, aýralyk, wepa, bagt baradaky obrazly oýlanmalary ähli döwürler üçin gymmatyny ýitirmeýän göwherdir. Ony okanyňda, mundan ýüzlerçe ýyl owal ýaşap geçen adam däl-de, häzir ýaşap ýören, ýaşaýşyň ähli esasy meseleleri barada edil seniň sözleriň bilen pikirlenýän, edil seniň duýgularyň bilen hasrat çekýän adam bilen söhbetdeş bolýarsyň. *** Muhammet Fizulynyň eserleri, ylaýta-da «Leýli-Mežnun» poemasy islendik döwür üçin hakyky sungatyň nemunasydyr. Şeýle eserleriň mysalynda hakyky sungatyň nämedigi hakynda ömürboýy oýlanyp gezmek mümkindir. Şahyryň döredijiligi baradaky gürrüň edebi geçmişiň däl-de, şu günki real, diri, janly edebiýatyň gürrüňidir. Döredijilik bilen iş salyşýanlar üçin haýsydyr bir edebi tär, tehnika nukdaýnazardan indi könelen, ýagny real döredijilik praktikasynda ulanyşdan galan zatlar hem bolsa okyjy üçin şahyryň obrazlary hemişe terliginde we täsirliliginde galýar. Olar okyjynyň sulhuna güýçli täsir edýär, onuň gözellik duýgularynyň ýaşaýyş faktoryna girýär. Şu babatda onuň «gündiz gunçasy», «Daň guşy», «älem sahypasy», «ýyldyzlar dänesi» ýaly edebiýat gülüniň ýaňagyndaky ter damjalary ýada salýan ömürbaky juwan metaforalaryny ýatlamak ýeterlikdir. Fizulynyň döredijiliginde türkmen şygryýeti özüniň inçeligine, nepisligine hem kämilligine ýetdi. Ýazyjy hökmünde meni hemişe Fizulyda terlik bilen kämilligiň, ýeňillik bile çuňlugyň tebigy utgaşygy haýran galdyrýar. Haýsy huny sen kibi jellada olmuşdyr ýesir, Haýsy jelladyň gylyjy tygy-müjgäninçe bar?! Haýsy ýerde bulunar nisbet saňa bir genji-husn Haýsy genjiň aždary zülpi-perişanynça bar?! Haýsy gülşen bilbiliň diýrler, Fizuly, sen kibi Haýsy bilbiliň surudy ahu-efganynça bar?! Şeýle ýokary estetiki derejä şahyryň sungatyň tebigatyna düşüniş aýratynlygy mynasybetli ýetilýär. Şahyr — sungat hakda bolsun, söýgi hakda bolsun — pikir ýöredende, ähli zadyň gözbaşy, çeşmesi görk-gözellik hasaplaýar. Ol gazallarynyň birinde «Husn ne mukdar olursa, yşk şol mukdar olur» diýýär. Husn — köneçe gözellik, görk diýmekdir. Meşhur «Leýli-Mežnun» poemasynda bolsa gözellik baradaky şahyrana oýlanmalar sansyzdyr. Hususan-da: — Görk bilen söýgi birdir, gatyşyk. Ýa-da: Dünýäni görkezýän aýnadyr jemal. Ýa-da: Eger görk bolmasa, yşk ýüze çykmaz Söýgüsiz gözellik äleme bakmaz. Bu pikirler biziň estetiki gyzyklanmalarymyzyň orta asyrda nähili giň hem original bolandygyny görkezýär. Fizulyny beýik edýän esasy zat — onda gözellik kultunyň barlygydyr. Gözellik kulty durmuşda yşga, döredijilikde hem çeperçilige getirýär. Çünki yşk gözelligiň ahlaga aralaşmagy, ahlakda amal bolmagydyr, çeperçilik bolsa A.F.Losew aýtmyşlaýyn, sungatda gaýtadan döredilen gözellikdir. Şonuň üçinem biziň geçmişimizde biri häzirkizaman manyda şahyr atlandyrylmaly bolsa, ol kişi, elbetde, Fizulydyr. Men bu sözleri beýik Fizula söýgim hetden aşyp, owadan gürlemegiň hatyrasyna aýdamok. Ol gözelligi (akyly däl!) ahyrky gymmatlyk hökmünde ykrar eden seýrek şahyrlaryň hataryna girýär. Onda ahlak we hakykat akyla däl-de, gözellige daýanýar. Hut şeýle gözellik kulty-da dinden, pelsepeden, ylymdan saýlanyp, sungatyň özbaşdak bir dünýä bolmagyna alyp barýar. Gözellik kultunyň netijesi çeperçilik, sungat, özbaşdak forma bolan edebiýatdyr. Şonuň üçinem şahyryň eserlerini okanyňda, kitabyň sahypalaryndan ýazyň demi gelýär, sulhuň kämilleşýär, akylyň, kalbyň hem ünsüň inçe hem gözel şygryýetiň täsin älemine ulaşyp gidýär. Eý, ynsan, şundadyr söýginiň syry, Şu ýerdir aklymyň lal bolan ýeri. Fizulynyň sungat beýikligi gözellik baradaky ýönekeýje hakykata göz ýetirmäge ýardam edýär. Içki gözellik diýilýäniň metaforadygy, daşky gözelligiň aýlawsyz, göni hakykatdygy aýan bolýar. Bu garaýyş aňyň ösüş taryhynda öwrülişik pursatly, özünde güýçli sarsgyny gizläp saklaýan pikirdir. Häzirkizaman manysyndaky özbaşdak ruhy döredijilik işi bolan edebiýat şol sarsgyndan, partlamadan döreýär diýip aýdyp bileris. *** Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran Muhammet Fizulynyň baý döredijiligi bar. Ondan miras galan eserler şulardyr. 1. Türkmençe diwan. Dürli žanrlardaky şygyrlary öz içine alýar. 2. Parsça diwan. 3. Arapça diwan. 4. «Leýli-Mežnun» poemasy. 5. «Beň we bada». 6. «Ýedi jam». 7. «Rind-u Zahit»». 8. «Husn-u yşk». 9. «Şikaýatnama». 10. «Terjimeýi hadysy erbagyn». 11. «Risaleýi muamme». 12. Türkmençe mektaplar. 13. «Matla-ül ygtykat». 14. «Enis ul-kalb». 15. «Şah-u geda». 16. «Söhbetil esmar». Dürli dillerde ýazylan bu eserleriň içinde bizde — Orta Aziýada türkmenleriniň arasynda iň meşhurlary, elbetde, «Türkmençe diwany» hem-de «Leýli-Mežnun» dessan-poemasy bolupdyr. Şahyryň eserleri şeýle bir meşhurdy, Andalyp, Gaýyby, Seýdi ýaly soňky asyrlaryň şahyrlary onuň şygyrlaryna tahmys baglapdyrlar — öýkünip, meňzeş şygyrlar döredipdirler. Beýik Magtymgulynyň döredijiliginde bolsa biz Fizulynyň güýçli täsirini häli-şindi görýäris. Içginleşip hem uzaga gidip oturman, Berdi ol şahyrlar täze ter güli Tiken galdy meniň paýyma weli. Bu meýlisi olar bezän mahaly, Şerap arassady, meýlis sapaly. Arassa meý boldy olaryň paýy, Maňa galan boldy lödere-laýy — diýen setirleri ýatlamak ýeterlikdir. «Leýli-Mežnunlaryň» içinde Magtymgula iň güýçli täsir edeni Fizulynyň dessanydyr. Eýse, diňe şahyrlar hem şygryýetmi näme Fizulynyň soňky türkmene täsiriniň ugry we çägi?! Her bir mollada okan türkmen şahyryň şygyrlaryny ýatdan bilýärdi ahyryn. *** Muhammet Fizuly — biziň beýik klassyk şahyrymyz. «Türkmen klassyk edebiýaty haýsy zamanda başlanýar, haçan hem tamamlanýar?» diýen irnik sowaly ylymdan çörek iýýän edebiýatçylara goýup, men, umuman, klassykanyň nämedigi hakynda ýönekeý okyjynyň gyzyklanmalarynyň çägindäki ýazyjylyk oýlanmalaryny beýan etmekçi. Köpler «klassyka» sözüni haýsydyr bir hemme döwürler üçin ortalyk hil ölçegi hasaplaýarlar. Derejesi boýunça, hamana klassyklyga ýeten ýazyjy, ýa-da bu derejä ýetip bilmedik ýazyjy. Bu, elbetde, höwesjeňlik pikiri. «Klassyka» berk manyly taryhy ölçeg-düşünjedir. Klassyka — berk kada-kanunlar, pikir-çeperçilik däplerini gyşarnyksyz berjaý edilip döredilen edebiýatdyr. Şu manyda ol islendik kadalardan hem däplerden bilgeşleýin, Dostoýewskiniň bir gahrymany aýtmyşlaýyn, «içinji ýakyp», çykýan modernizmiň gapma-garşylygydyr. Haýsydyr bir tarapdan modernist bolmak aňsatdyr, klassyk bolmak kyndyr. Daşyndan göräýmäge, tersine ýalydygyna garamazdan, hut şeýledir. Göräýmäge, täze ýoly tapmak, täze ýoda salmak, üýtgeşikligi alamatlandyrmak hem aňlatmak hyllalla, torç edilen ýoldan gidip, taýyn, işlenilen formalara görä, ýasaşdyrybermek itiň aňsady ýaly. Emma, arman, beýle däl. Hokga çykarmak, bälçiremek bilen manydaş täzelikçilik gaty ýeňil bolmagy mümkin. Şol bir wagtda-da öňki ýoluň, öňki däpleriň hem ýörelgeleriň çäginde nähilidir bir ösüş aňladýan täzeligi döretmek, ýagny klassyk bolmak juda we juda kyn zatdyr. Emma, bu uly ýazyjy bolmagyň esasy hem, megerem, ýeke-täk şertidir. Edebi döredijilik — okyjy bilen söhbetdeşlikdir. Kimdir biri bilen gyzykly hem nämedir bir gymmata-mana eýe bolan janly söhbete girmegiň azyndan iki şerti bar: birinjiden, seniň aýdýanlaryň söhbetdeşiňe düşnükli, ýagny onuň sendenem öň bilýän dilinde bolmaly. Ikinjiden, seniň aýdýanlaryňda söhbetdeşiň üçin ähmiýetli, täzelik bolup durýan zatlar, ýagny, onuň bilmeýän zatlary bolmaly. Birinji şertiň hökmürowanlygy netijesinde dünýä edebiýatynyň iň meşhur hem beýik eserleri ozaldan belli sýužetler ýa-da olaryň wariasiýalary boýunça ýazylan eserlerdir. Bu jedelsizdir. Ikinji şerte laýyklykda-da, ol sýužetleriň hem wariasiýalaryň (hatda şeýledigi asla aňylmaýan, şeýledigi aýdylaýanda-da, juda güýçli garşylyk döreýändigine garamazdan) her bir beýik ýazyjyda gaýtalanmaz originallyga öwrülýändigi-de jedelsizdir. Munuň tersine, modernizmiň gowşak tarapy onuň çigliginde, häzirlikçe edebiýatyň diline öwrülip bilmeýänligindedir. Fizulynyň şygyrlary we «Leýli-Mežnun» dessany sözüň ýokarky manysyndaky klassykadyr. Türkmençe aýdylanda, klassyka — öňki nusgalara laýyklykda döredilen soňkulara nusgalyk edebiýatdyr. Beýik pars hem türki dilli klassykanyň gazananlaryny özüne siňdiren Fizulynyň şygyrlary däpleriň çägindäki gaýtalanmaz hem ter, original hem kämil metaforalardan hem söz oýnatmalaryndan dolup dur. Eý, ýesiri, damy-gam, bir köşeýi-meýhana tut! Tutma zuhhadyň muhalyf pendini, peýmana tut! Ger saňa efganymy bihuda diýrse muddagy, Ol söze tutma gulak, men çekdigim efgana tut! Ýa-da: Menim dek hiç kim zaru-perişan olmasyn, ýa, Reb! Ýesiri-derdi-yşgy dagy-hijran olmasyn, ýa, Reb! Demadem jöwrlerdir çekdigim birehm butlardan, Bu kapyrlar ýesiri bir musulman olmasyn, ýa, Reb! Fizuly buldy genji-afyýet meýhana künjünde, Mübärek mülkdür, ol mülk weýran olmasyn, ýe, Reb! Şeýle setirlerde özünden öňki klassykanyň şertli obrazlylygy bilen şahyryň akyl erkinliginiň aňlatmalary, öňki pars jümleleriniň normatiw owazlylygy bilen türkmen diliniň erkinliginiň owazlylygy utgaşýar. Şu hili umumylaşdyryjy pikiri islendik okyjy şahyryň türkmen diwanyndan galan ilkinji esasy täsir hökmünde dile getirerdi. Türkmen okyjysynda özge täsirleriň bolmagy mümkinem däl. Arman, şahyryň eserleri dolulygyna entek okyja ýetirilenok. Elbetde, Magtymguludan öňki türkmen edebi dilinde ýazylany üçin, Fizulynyň eserleriniň dilinde häzirkizaman okyjysy üçin düşnüksiz sözler, jümleler hem bar. Bu ýerde hiç hili geň-taňlyk ýok. Ýöne öňkiniň häzirkä düşnüksizligini diňe sözdür jümlelere syrykdyrmak hakykatyň diňe ýaryny görkezmek bolardy. Döwürleriň aň-düşünjesiniň, ömrüň hem ölümiň esasy meselelerine gatnaşygynyň tapawudyndan gelip çykýan düşnüksizlikler bardyr. Bir döwrüň edebiýaty üçin esasy zatlar başga döwür üçin ikinji derejeli ähmiýete geçýär, bir döwür üçin aňrybaş gyzyklylyk hem gyzyklanma özge döwürde gyzyksyzlyga hem adatylyga öwrülýär. Jemgyýetçilik pikiriň, dünýäni duýşuň üýtgäp, şu tarapdan öňkiniň könelip, soňkynyň täzelik ornunda gelýän pursadynda-da edebiýaty onuň iň esasy artykmaçlygy — edebiýatyň gözellik gymmaty alyp çykýar. Men ýazyjy hökmünde gözellige mutlak häsiýet we mutlak ähmiýet berýärin, bu meselede maňa aşa kesgitli gürleýär diýmäň. Şuňa ynanmasam, ýazyjy bolmagyň manysy hem geregi-de bolmazdy. Aň-düşünje, pikir, hatda hulk, hüý-häsiýet, ahlak bilen deňeşdireniňde, gözellik duýgusy has uzak ýaşaýandyr. Meniň hatda onuň tas üýtgemeýändigine ynanasym gelip dur. Gözellik düşünjä, pikire garaşsyz ýaşaýar diýip hasap edýärin. Eý, baryň kyblasy, hemmäň ykbaly, Ýeriň ýaňagynyň bir näzik haly. Bu nämäniň gözellik keşbidir öýdýärsiňiz? Ýeriň ýaňagynyň näzik gara haly Fizulynyň suratlandyryşynda Käbäniň gara daşyny aňladýar. Eýse şu ýekeje gözellik gymmatlygynyň ömri haýsydyr bir wagt bilen çäklener diýip kim aýdyp biler?! Bu hili çeper obrazlar bolsa şahyryň şygryýetinde ýüzlerçedir. Şeýle obrazlar arkaly wagt bilen çäklendirilmeýän gözellik mukaddeslikleri aňladylýar. Hawa, mukaddeslik ilkinji nobatda gözellikdir. Mukaddeslik estetiki kesgitlemedir we ölçegdir. Gözellik ýok ýerinde haýyr-da ýokdur. Ýagny mukaddeslige diňe ahlak düşünje diýip garamak birtaraplykdyr. Gözellik bilen ahlagyň tebigy utgaşygyndan ölmezlik, bakylyk gymmatlygy emele gelýär. Çyn sungatda, beýik edebiýatda bu ikisi bir-birinden aýrylmazdyr. Has dogrusy, bular şol bir zadyň dürli iki tarapdan bakylanda, dürlüçe atlandyrylyşydyr. Haýyr, ahlak bakylyk gymmatlygynyň akyl tarapdan bakanyňda görnüşi, gözellik bolsa onuň ýürek tarapyndan görnüşidir. Şol sebäpdenem edebiýatda çeperçiliksiz mazmun, mazmunsyzam çeperçiligiň ýaşaýşy asla mümkin däl. Muny bize Fizuly ýaly beýikleriň döredijiligi öwredýär. *** Her bir ýazyjy özgeleriň ýazanyny hem ýazýanyny ýazyjy bolup okamaga mejburdyr. Bu kämahal ezýetli gutulgysyzlyga dönýär. Ýazyjy däl okyjy bolup okamak, özgäniň ussahanasyna girmezden, diňe eseriniň gözelliginden lezzet almak üçin okamak, özge bagbanyň bagbançylyk tilsimlerine baş galdyrman, diňe onuň ýetişdiren gülleriniň ysyna hem gözelligine bihuş bolup okamak mahal-mahal süýji, emma ýetilmez arzuw bolup galýar. Bir ýanyndan okap başlanyňdan, nämäni nähili etdikä diýen döredijilik gyzyklanmalar hem soraglar üstüňi basýar. Şu babatda Muhammet Fizulynyň eserleri, ylaýta-da, «Leýli-Mežnun» dessan-poemasy aýratyn gyzyklydyr. Özgeleri biljek däl, ýöne meniň özümi geçmiş ussatlarynyň eserini ele alanymdan, esasy iki mesele öz yzyna düşürip, alyp gidýär. Birinjisi — eserde awtoryň ýürek urgusynyň eşidilişi, esasanam, kyssa eserinde awtoryň şahsy oý-pikiriniň, edim-gylymynyň, endikleriniň, hüý-häsiýetiniň ownuklyklara çenli ýüze çykyşy. Biziň klassyklarymyz bu zatlary adatça eseriň girişinde hem-de sýužetiň arasyndaky yza çekilmelerde beripdirler. Hut şol pursatlary hem-de anyklyklary tutup alybam, beýik dörediji bilen ýüzbe-ýüz bolasyň, hamana, eseri sýužeti, gahrymanlary we ýene-ýeneleri bilen bir gapdalda goýaga-da, awtor bilen şahsy ikiçäklige giresiň gelýär. Fizuly ýaly ägirtleriň sahy ýüregi bar, gujaklar birmahal gara ýere siňip giden-de bolsa, kagyz ýüzünde keşdelenip galan ýürekler ikiçäklik islegi bolanlar üçin mydama açyk. Häzir bu zamanyň islegi beýle! Örtülgi galmaly söz haznam şeýle! Jan çekerin şygra bermäge rowaç, Saglygy aýrylsa, ederin alaç. Eger onuň gadryn bilmese döwran, Akmaklykdan özi çeker köp zyýan. Meýiň ber, eý saky, ýüregim dagly, Gaýgy zynjyrynda aýagym bagly. Rehm eýle, garyp men, syna dagly men Ülpetsiz, hemdemsiz, ýesir, bagly men. Dikeler weýranlyk, edýärin arzuw Inşalla, ýeňerin, bir gün geler bu. Şeýle setirler ýüregiňi gopdurýar. Awtor ýüreginiň açylyşy babatda epikanyň öz aýratynlygy bar. Sýužetiň dowamynda ýazyjy ýüregine gyýtaklaýyn, gahrymanlaryň üstaşyry açsa, ýeke galanda, ol okyja kalbyny göni açýar. Epik hökmünde Fizuly eserinde şahsyýetini keşdelemegiň özboluşly tärini tapypdyr: ol dessanyň dowamynda öz liriki şygyrlaryny taşlap-taşlap gidipdir. Bu özboluşly tär onuň üçin sungat bilen durmuşyň, öz sözi bilen durmuşyň sözüniň bir bitewülik bolandygyny görkezýär. Netijede Leýli we Mežnun, Ibn Salam hem Nowfyl hakyndaky eserde Muhammet Fizulynyň şahsyýeti ör-boýuna galýar. Ikinji mesele — edebi eseriň, onda-da epiki eseriň nähili «ýasalandygynyň», nädip ýerine ýetirilendiginiň, nähili edilendiginiň meselesi. Bu tarapdan, biziň klassykamyzyň, dessançylygymyzyň berk kanunlary bolupdyr. «Ýasalyşy» boýunça Fizulynyň dessany, elbetde, Nyzamynyň, Nowaýynyň «Leýli-Mežnunlarynyň» nusgalaryna daýanýar. Ol şahyrana epikanyň ozaldan taýýar sýužet ýordumy, belli bir çäklere salnan gahrymanlary hem-de tas galyp çeper dili bar. Şu hili taýynlygyň hem stondartyň şertlerinde-de ter hem täze zady döretmek ägirt ussatlygy hem edebi gahrymanlygy talap edýär. Fizuly islendik sahypany açyp, sagatlap gürrüň edip bolýan ussatlaryň hataryna girýär. Durmuşyňy hem ýüregiňi öňden kesgitli hem taýyn formanyň içinde aňlatmak, öňki sýužete ýüzlenibem, «bu täze zat, bu Nyzamy-da däl, Nowaýy-da» diýdiräýmek nähili töwekgel iş! Biziň klassyky kyssaçylarymyz diňe beýan edilmeli durmuşyň däl, eýse öňki sýužetiňem inkärlik güýjüni ýeňip, eser döretmeli bolupdyrlar. Bu haýsydyr bir tarapdan kyssaçy bolmak häzirkiden iki esse kyn eken diýmekdir. Häzir iki tarap bar: seniň kagyz-galamyň we durmuş bar. Öňler bolsa bulardan başga senden öňküleriňem kagyz-galamy bir tarapyňy alyp dur. Fizuly iki inkärlik güýji ussatlyk bile ýeňip geçýär hem ölmez-ýitmez eser döredýär. Özüniň kompozision gurluşy boýunça «Leýli-Mežnun» orta asyr Balh hem Töwriz türkmen nakgaşlyk mekdebiniň miniatýuralarynyň usulynda «ýasalan» eserdir. Her bap umumy sýužetiň aýratyn bölegini, aralygyny suratlandyrýar. Munuň özi biri-biriniň yzyndan ýerleşdirilen, hersi bir pursadyň tutulyp alnyp galynmagy bolan fotosuratlar arkaly umumy sýužet dikeltmek usulydyr. Beýik Fizulynyň döredijiligi hakyndaky bu gürrüňimiň soňunda onuň epik hökmündäki ýene bir artykmaçlygyny ýaňzytmakçy. Fizuly edebiýatda örän möhüm zat bolan öz gahrymanyny edebiýata getirmek diýen uly işiň hötdesinden gelipdir. Ol Mežnuny döwrüň gahrymany hökmünde getirdi. Şahyr gahrymanlary, adam hüý-häsiýetini juda anyk hem ýokary kesgitlilik derejesinede aýdyň suratlandyrýar: Leýli gözýaşyny kepetmek islär, Mežnun gaýgysyny köpeltmek islär. Leýlini ynjydýar ýüpekden düşek, Mežnuny şat eder zynjyrdan duşak. Mežnun — Nowfyl. Ol — bir wepa kitabynyň nagşydyr, Bu — bir ýokluk mekanynda wagşydyr. Ol — yşk deňzinde ölmez guwwasdyr, Bu — mala berilen gury höwäsdir. Ol — ýar üçin elmydama jan dilär, Bu — jan üçin daýym bir janan dilär. Ine, Fizulynyň getiren şu hili gahrymany soňra Magtymguly, Gaýyby, Andalyp, Meşrep ýaly şahyrlarymyz tarapyndan has anyk suratda beýan edildi. Edebiýata öz gahrymanyny getiren awtor meniň özüm üçin-ä beýikligiň iň esasy ölçegi bolup durýar. Size nähili?! Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |