10:34 Muhammet pygamber -11: romanyň dowamy | |
2. Eý Muhammet (s.a.w), sen olara, dünýädäki hazyna we bossançylyk haýyrlymydyr ýa-da päk musulmanlara wada edilen hemişelik jennet haýyrlymydyr – diýip aýt. Gurhan. 25-nji süre. 15-nji aýat Hatyja garaşýardy. Ol indi kyrk ýaşapdy. Ýöne ol şu kyrk ýaşynyň içinde äriň hözirini gören zenan däldi. Ol heniz gülüne Günüň nury, Aýyň ýalkymy hem-de ýaz kebelegi gonan ter ýorunja maýsasy ýaly, paşyrdap durdy. Oňa barly, barjamly adamlardan Mekgäniň özüne göwni ýetýän baýlaryndan söz aýdýan az däldi. Bu töwereklerde onuň dek Aýyň bölegi ýaly jenany gündiziň güni eliňe çyra alyp gözleseňem tapjak gümanyň ýokdy. Alla ony perişdeleriň matasyndan ýasap, diňe ganat bermändir diýäýmeseň, başga aýdara söz ýokdy. Ol sypaýy geýnip toýa-tomaşa gelende her kim: «Toýa Hatyja bint Huwaýlid geljekmişin» diýip ýola owsunşyp oturardylar. Edebiniň özi müň gyza degýän, ak guş ýaly bolup parlap barýan bu zenan Mekge iliniň diliniň senasydy. Mal diýseň, mal, mülk diýseň mülk, görk-görmek, edep-ekram onda bardy. Ol kişiden gep çekmeýän zenandy. Şonuň üçin onuň näzikden eziz didaryny bir gezek synlanlar «ak guş ýaly» diýip pyşyrdaýardylar. Gürleşip, akyl-paýhasyna gadyr goýýanlar bolsa «kuraýyşlaryň ynsaby» diýerdiler. Onuň ýekeje ýetmezi bardy. Ol hem mynasyp syrdaşdy. Oňa syrdaş boljak juda kändi, ýöne olaryň birem bu päkize zenanyň ýüreginde mähribanlygyň çyragyny ýakyp bilenokdy. Hatyja Muhammediň adyny öňem köp sapar eşidipdi. Diýseň nurana halalhondan eziz ýigit diýip onuň gowy gürrüňini edýärdiler. Emma ol Muhammediň özüni henize çenli bir sapar hem görmändi. Ylaýta-da onuň bir horlanan täjiriň hakyny alyp berşi barada eşiden gürrüňi juda hoşuna gelipdi. Ol Ebu Talyp gidenden soň öz guly Maýsury ýanyna çagyrdy. Şondan hem Muhammet barada, esasan hem onuň ýetmez ýerlerini bilmek isledi. – Näme üçin Muhammedi söwda gidýän kerwenler gulluga alanok? Ýa ol oňşuksyzmy? Ýa başga bir kemi barmy? Maýsur bibisine ýalan sözläp biljek däldi. – Men Muhammet diýilýän ýigit barada köp gul bilen gürleşip gördüm, bibim – diýip, Hatyjadan tabşyryk alyp, buýrulan işi änigine-şänigine çenli bilen Maýsur gelip, ähli bilýän zadyny habar berdi. – Muhammet ejizlere mähribanmyş. Ýöne onuň bir «aýby» barmyş. Hatyja uly gyzyklanma bilen başyny galdyrdy. – Aýt, ol nähili aýyp? Maýsur ýygrylyp, çekinjeňlik bilen gürrüňini dowam etdirdi. – Kerwen bilen gidende, kerwende şagalaň, meýlis etdirmeýärmiş. Gazanylan puluň bir dirhemini, harydyň ýekeje bölegini ol ýana gyşartmaýarmyş. Onsoň, haýyr görmek üçin uzak ýola gidýänler, täjirler, kerwenbaşylar, beýlekiler, elbet-de Muhammedi halamazlar. Ol beýle haramhorluk bilen oňuşjak adam däl. Şonuň üçin ony halanoklar. Size-de, «Muhammet juda oňşuksyz» diýip ýamanlandyrlar. Hatyja ynjalan ýaly boldy. – Bar aýby şolmy?! Maýsur bibisine başyny atdy. – Hawa, onuň bar aýby, kişiniň hakyny iýip bilmeýänliginde, kişä-de hakyny iýdirmeýänliginde. Ol öz mertebesine çirk ýokdurmaz, kişiniň mertebesinem kemsitmez. Ine, şulary öz tanaýan gullarymyz gürrüň berdiler. Meniň özüm ol adamy tanamok, bibim... Maýsur Hatyjanyň ýüzüne wepadarlyk bilen bakdy. – Näme, ýüzüme syrly bakdyň, ýa-da onuň ýene-de bir aýby barmy? Maýsur utandy. – Ol barada gullar bir gowy goşgam goşupdyrlar. Ony käte kerwen uzak ýola düşende, Muhammediň özüniň ýok ýerinde aýdýarlar. – Ol näme, aýdymmy? – Aýdym, bibim. – Hany, aýdyp ber, eşideli! Ýa gulak eşider ýaly dälmi, wejera aýdymmy? Wejera bolsa gerek däl. Maýsur bigünä gözlerini çerreldip, «ýok» diýen manyda başyny ýaýkady. Soň hälki ýat beklän bendini ýatlajak bolup azaba galdy. Ol gyssanmaçlyk bilen gögüne garady-da, böwrek ýaly galyň dodaklaryny çalaja gymyldadyp, aýdym aýdyp başlady. Öz hakyna kaýyl, bendäge degmez, Aş üçin beglere başyny egmez, Gaýdyp beýle ynsan äleme gelmez, Gül ýüzünden nurlar damar Ahmediň... Hatyja begençli ýylgyrdy. – Ol Ahmet diýilýän öwgüli adamyň kim? Maýsur hem begençli gürledi. – Ol şol Muhammediň ady-da! Bu gürrüňler Hatyjnyň ýüreginde şeýle «aýby» bar ynsany ýekeje sapar görmegiň pynhan höwesini döretdi. «Beýle gahat, doganyň-dogana, ininiň aga, ogluň ata, atanyň ogla kast edýän zabun zamanynda şeýle mert, arassa ýaşap bilýän kimkä? Il-ä eli gelende gyrp-çyrp etjek, opuryp aljak, talajak. Mal-dünýe edinjek. Ol welin... Ol nähili adamkan? Ýa bir bedroý, garadan gaýtmaz belamykan?» Hatyja oýlanýardy. Ol agşam Muhammediň oýy bilen ýatyp, säher Muhammet baradaky oýlar bilen oýandy. Gün guşluga galyberende, oňa Muhammediň, ýagny Muhammet ibn Abdyllah, ibn Abdyl Mutalybyň gelendigini, mümkin bolsa bäş agyz gürrüňiniň bardygyny aýtdylar. Hatyja ony içeri çagyrdy. Otagda ol ýekedi. Emma bu zenanyň ýekedigini bilen Muhammet nämüçindir içeri girmedi. Ol: – Eger aramyzda ýöne bir adam bolmasa, men içeri girip bilmerin. – diýip, bibisiniň çagyrýandygyny habar beren gyrnaga aýtdy. Hatyja bu adamyň bolşuna geň galdy. Ol öz doganoglany, gözleri batyl bolandan soň doga-dilege gümra bolmakdan başga bir pişesi bolmadyk Warakany otaga çagyrtdy. Diňe Waraka otaga girenden soň Muhammet işikden içeri ätledi. – Öýüňiz abadan bolsuň ataňyza rehmet bolsun! Hatyja ýüzünden hakykatdan hem nur buldurap ýagyp duran juda owadan ýigidi gördi-de, oturyp haýran galdy. Uzyn boýuna ýaraşyk berýän, ap-ak, nurana ýüzli ýigit onuň gözlerini gamaşdyrdy. – Geçiň, oturyň, öýümiziň islegli myhmany boluň. Muhammet ýere düşelen rum halysynyň bir gyrasynda iki dyzynyň üstüne ýumşaklyk bilen oturdy-da, az-kem başyny aşak saldy. Soň üýtgeşik owaz bilen sözledi. – Çagyran ekeniňiz! Hatyja henizem haýran galyp oturşyna: – Hawa, agam ogy, size bir ýumuş tabşyrsak diýip niýet edindik. Eger siz kyn görmäň razy bolsaňyz... Muhammet ululygy haşamylara meňzeýän, emma balkyldap durşy ejesi Emine banunyňka çeken gözlerini ýerden göterdi-de, durşuna nur ornap giden gabagyny haýa bilen göterdi. Emma bir agyz hem geplemedi. Onuň egnindäki juda tämiz köýneginiň ýakasyna, soň hem dik eginlerine seçelenip duran edil ejesiniňkä meňzeýän ýüpek ýaly melemtil saçy az-kem owsunan ýaly boldy. Ol uzyndan ak, sülük kimin owadan barmaklaryny eliniň aýasyna jemledi. Hatyja onuň ýüpek seçek kimin owadan barmaklaryny görüp, öz elini ýygşyrdy. Soňra ýene-de söz aldy. – Eger razy bolsaň, erte däl, birigün ýola düşüberseňiz hem bolar. Muhammet owadan başyny göterdi-de, gabaklaryny galdyrman, razylyk äheňinde kellesini bir saparjyk silkdi. Soň edep bilen ýerinden turdy. – Ýok, ýok, oturyň, biziň öýümize gelip, henize çenli duz-nanymyzy datman giden ýokdur. Duzdan uly bolmaň... Hatyja eýtdi-beýtdi, Muhammedi oturtdy-da, orta ýazylan saçagyň üstüne nazy-nygmat baryny getirtdi. – Alyň, baryndan iýip oturyň. Muhammet arpa unundan bişirilen külçäniň bir gyrajygyndan şänigiň ululygy ýalyjak döwüp aldy-da, agzyna saldy. Ol ýukadan owadan dodaklaryny çalaja gymyldadyp çeýnedi-de, ellerini süpürdi. – Bereket bersin! Ol turdy-da, öz ugruna gitdi. Özi bilen bu öýüň ak guşy, kuraýyş taýpasynyň serwer guşy, Mekge iliniň buýsanjy bolan kyrk ýaşly Hatyjanyň ýüreginiň ähli kararyny hem alyp gitdi. Hatyjanyň bar umydy: – «Kerwen ugrajak bolanda didaryndan ýene bir sapar ganaryn.» – diýen pynhan umyt boldy. Kerwen yranyp, ata-babalaryň umyt bilen baryp, umyt bilen gaýdan ýoly bilen assaja yranyp, gidip barýardy... Indi Mekgeden ugralany bäri bäş-alty gün geçipdi. Maýsuryň aňlaýşyça, kerwen ýöne-de üç-dört günläp iň bir howply ýollardan ýöremelidi. Sebäbi bu ýerler hemişe iň howply ýer hasap edilýärdi. Şonuň üçin bu ýerlerde Maýsuryň «haýt, çek!» diýen haýbatly, töweregi ýaňlandyryp gidýän joşgunly sesi eşidilenokdy. Diňe kerwenbaşynyň çekip barýan garry neriniň boýnundaky kümüş jaňjagaz bu ýolda gabat geljek ähli derdi-belalary kowup, müňlerçe ýyllar bäri asuda ýatan çagyllak, üsti ot-çöpsüz baýyrlaryň gatap galan bagryny gyjyklap barýardy. Bu ýollardan çekinilmeginiň öz sebäbi bardy. Bu meýdanlar «Fijar söweşi» diýlip şol mahallar araplaryň dilinde dessan bolan bir söweşiň bolup geçen ýerleridi. Fijar söweşini kuraýyşlaryň ýaran taýpasy (kinanylar) başlapdylar. Ol şeýle bolupdy. Bir baý söwdagäriň agyr kerweni Mekgäniň daşyndan aýlanyp, Ýefrat derýasyna bakan ugur alyp barýardy. Ony bolsa şu töwereklerde ýaşaýan Kaýys Aýlan diýen ganojak taýpanyň adamlary kireýine goraýardylar. Bu şowly awuň üstüne ýaranlar at goýup, ony şu töwereklerde talaňa salypdylar. Kaýys Aýlan taýpasynyň adamlary hem kerweni aralan bolup, kynanlaryň üstüne çozupdylar. Aldym-berdimli söweş mahalam kuraýyşlar kynanlylara kömäge ýetişýärler. Güýji azlyk bu söweşde Kaýys Aýlanlaryň bagtyny ýatyrýar. Şeýdibem, olar Yrak bilen Mekge aralygyndaky kerwen ýolunyň ygtyýaryny hemişelik ellerinden giderýärler. Bu ýollaryň ygtyýary indi kuraýyşlaryň elindedi. Indi ýedi-sekiz ýyl bäri bu ýollarda uruş-dawa bolmasa-da, kerwenleriň näbelli galtamanlar garapyndan çapylyp, talaňa salynýan wagtlary bolup durdy. Muhammet «Fijar söweşine» öz agalary bilen gatnaşypdy. Onda ol oglanrakdy. Şonda-da Ebu Talyp inisini bu söweşe alyp gaýdypdy. Ýaşajyk Muhammet söweş mahaly agalarynyň ýaragyny götermäge ýarapdy. Olaryň azyk-suwlugyna göz-gulak bolupdy. Ýöne ol şol söweşde gana boýalan, iňläp, jan berýän, gan akyp duran synasyny saklap bilmän aglaýan betbagt adamlary görüpdi. Güni-güzerany üçin birek-biregi çapýan adamlary synlapdy. Olara jany bilen nebsi agyrmakdan gynanypdy. Kaýys Aýlan taýpasynyň adamlarynyň her biri atyň dişi ýaly daýawdy. Edermenligi gan guýma gözlerinden syçraýan namys olundan hem bildirip durdy. Olar hiç haçan namys astynda galjak adamlar däldi. Olar şol söweşde köýen arlaryny ýerine salmak üçin her hili hilegärlikden gaýtmandylar. ...Gün ýanyp ýatan baýyrlaryň aňyrsyna öz ýadaw synasyny atan badyna kerwen birneme janlanan ýaly boldy. Maýsur münüp barýan daýaw erkeginden syrylyp düşdi-de, öňe, Muhammediň ýanyna bakan ylgady. Muhammet ýola düşüleni bäri bir sapar hem düýä münenokdy. Ol kerweniň başyny çekip barýan garry neriň burunlygyndan iltelen ýüpi ýeňiljek çekip barýardy. Onuň çynar ýaly syrdam, gelşikli boýy, ýakymly didary bu sähralaryň didesine melhem bolup basylýan ýalydy. Kerwendäkileriň özlerem oňa garap, synalaryny päkläp, göwünlerini giňlige salýardylar. Muhammet öz yzyndan ýeten Maýsuryň şu günki halys ediji yssynyň jöwzasyndan ýaňa ýagşy gaýzygan ýüzüne garap hoşamaý ýylgyrdy-da: – Sag-salamatlykdyr-la! – diýdi. Maýsur oňa sadyklyk bilen başyny atdy. – Oglanlar sizden soraň diýýärler. Agşam düşlärismi, ýa-da ýöne-de öten agşamky ýaly şöwür çekip gidibererismi? Muhammet hem şonuň pikirini edip gelýärdi. Ol garry ineriň ýüpüni Maýsuryň eline berdi. – Ýöne bir salym ýol ýöräliň, soň Aý dogýança dynç alalyň. Gije welin sürüm edeliň. Ýoly gije ýöreseň, hem öndümli bolar, hem biri ýöräp beren ýaly bolar. Maýsur ýadapdy. Şonuň üçin ol bu hoş habary eşidip, örän begendi-de, özi ýaly gullaryň aýdýan bir aýdymyny misli çaga hüwdüleýän ýaly, mylaýym, şirin janyňa aram berýän bir üýtgeşik owaz bilen aýdyp başlady. Öz hakyna kaýyl, bendäge degmez, Aş üçin beglere başyny egmez, Gaýdyp beýle ynsan dünýäge gelmez, Gül ýüzünden nurlar damar Ahmediň! Muhammet bu hoşamaý owaza berlip diňlese-de, onuň kim hakyndadygyny bilmändigi üçin kän bir ünsem berip durmady. Onuň ähli pikiri, aladasy amatlyrak ýerde kerweniň ýüküni ýazdyrmakdy. Oglanlar gün batan badyna uly ot ýakdylar. Gazana gowurma salyp, onuň üstüne suw guýup çorba atardylar. Tabaklara meşiklerden suw guýup, süzmeden edilen gurtlary ezdiler. Külçeleri oduň ýalnyna tutup, soň saçagyň üstüne ýaýratdylar. Gyzgyn naharyň tagamly ysy jöwzaly yssyny başdan geçiren adamlaryň burnuna juda hoş ýakýardy. Oluň başyna ýazylan düýe halyklary, kiçeňräk köne palaslar ýanbaşyňa per ýassyklardan hem ýumşak degýärdi. – Wah, şu naharyňam ajygyp iýäýseň? – diýip, ýaňy tabagyň başyna geçen ýigitler heziller edip garbanýardylar. Meşiklerdäki suw ýylasa-da, şindi-şindi ynjar ýaly däldi. Ýöne Mekge bilen Yrak aralygynda suwuň ynjasa-da ýokdan gowudy. Ýükden dynyp, aýaklaryny ýagşy ýazan düýeler duşaklaryny silteşip, uzyn dodaklary bilen çagyllak ýerleri syrýardylar. Soň başlaryny göterip, lezzet bilen gäwüş gaýtarýardylar. Asman bolsa bu wagt ýaňy şüdügärlenen giň sähra gyşyň ilkinji gary ýagyp başlan ýaly, çylgym-çylgym keşlerini baryp, gözýetime çenli süýräp gidýärdi. Ala-gury bulutlar tebsiräp ýatan gyzgyn sähradan eýmenýän ýaly, barha-barha ýokary çermenýärdi. Şeýdibem, kerwen düşlän bu goldan çaltyrak ara açanlaryny kem görmeýän ýaly, sürüsi bilen depeleriň aňyrsyna akyp gidýärdi. Indi ol birneme öçüşipdi. Düşege gyşaran ýadaw ýigitleriň çekýän hory eşidilýärdi. –Biri gelýän ýaly – diýip, Maýsur jam ýaly gulaklaryny töwerege aýlap, howsala bilen aýtdy. – Men düýeleriň ýanynda bolaýaýyn! Muhammet hem ýerinden turdy. Düýeler gäwüşlerini goýup, gapdaldaky derä bakan başlaryny haýaljak öwürýärdiler. Olar hem kimiňdir biriniň gelýänini duýan ýalydy. Muhammet düşelgä bakan gelýän bir topar garany saýgardy. Olar ses ýetim aralykda durdylar-da, üç adam bäriligine gaýtdy. – Kerwenbaşyňyz kim? Maýsur olara näme jogap berjegini bilmedi-de: – Geliberiň! – diýdi. – Geliberiň! Muhammediň sesi kirşensiz, parahat çykdy. Ol gelýänleri tanady. Olar Kaýys Aýlan taýpasynyň serdarlaryňy. Olaryň çynar ýaly daýawdan syrdam boýy, merdanalyk bilen gadam goýuşlary ony aldamandy. Olar oluň golaýragyndaky düşeklere geçip ornaşdylar. – Bu kimiň kerweni bolmaly? – diýip, gelenleriň has ekabyry sorady. Muhammet olaryň sowaly ýaly gysgajyk jogap berdi. – Kuraýyşlaryň kerweni! – Size kim diýerler? – Bize Muhammet ibn Abdyllah ibn Abdyl Mutalyp diýerler. Siziň özüňize kim diýerler? Gelenler biri-birleriniň ýüzlerine garadylar-da, jogap bermäge derek sowala tutdylar. – Nireden gelip, nirä barýarsyňyz? Muhammet hälki jogapdan soň bu adamlaryň deminiň nähili-de bolsa, az-kem gowşanyny duýdy. Olaryň sowala jogap bermezliginiň sebäbem, özlerini kän bir tanatmajak bolmaklaryndandy. Ýöne ol sowaly jogapsyz goýmady. – Ugrumyz Şam iline garap. Harydymyz nirede gowy geçse, biz şol bazaryň adamsy. Serdarlaryň biri Maýsure, soň bolsa Muhammede garady. – Bize kerwenbaşy bilen ýekme-ýek gepleşmek gerek! Siz ýalňyz galyp bilmersiňizmi? Muhammet darykmady. – Ol biziň gulumyzdyr. Ondan gizlin syrymyz ýok. Näme isleýän bolsaňyz aýdyp oturyň. Serdar öçse-de ýukajyk külüň astyndaky közlerden çykýan gyzlymtyl ýalawa juda dogumly görünýän ýüzüni ikibaka sypjaklatdy. – Kerwen özüňiziňkimi? Muhammet oňa garady. – Güwä geçip alyp gaýtdyk. Indi ol özümiziňkidir. – Bu mallar, harytlar kimiňki? Serdaryň sesi gyryljak çykdy. – Bu ýerler biziň ata-baba ýurdumyz. Şu ýerlerden guş geçse-de bize pajy bardyr. Ýöne Fijar söweşinden bäri biziň kuraýyşlar bilen gepleşigimiz bar. Olaryň kerweniniň ýoly açykdyr. – Ataňyza rehmet bolsun! Serdar Muhammediň jogabyny makullady-da, sözüni dowam etdi. – Ýöne, men saňa aýdaýyn. Mekgeli kerwenbaşylar bir zadam edýärler. Eger isleseňiz, biz şoňa kepil bolup bileris. – Ol nähili işkä? – diýip, Muhammet gep ugruna sowal berdi. Serdar saňňyldap, dik duran Maýsuranyň dabanyndan depesine çenli ynamsyzlyk bilen synlaňy. – Eger mal, haryt «özümize galsyn» diýseňiz, biz size hemaýat berip, syryňyzy saklap bilerdik. Ýöne bizem üçden birine şärik bolaryn! Muhammediň gözlerindäki röwşen gijäniň göwsüni ýaryp, serdaryň göreçlerine ýalkym çaýdy. Kerwenbaşy öň talaňçylykdan, biynsaplykdan agzy tagam tapan garakçylaryň serdaryna degerli jogap agtardy. Soň elindäki çöpjagaz bilen ojakdaky külüň astyndan lowurdap, jyklap ýatan közi göz açyp-ýumasy salymda aldy-da serdaryň öňündäki takyr ýere taşlap goýberdi. – Alyň, şu közi, teniňize basyp görüň, eger özüňiz dözüp bilseňiz, ondaky pikiriňizi bileli... Kaýys Aýlan taýpasyndan bolan serdar öňüne taýyp düşen köze barmagynyň ujuny degirdi-de, şol bada yzyna çekip aldy. – Eger şu kerwen seniňki bolup, menem oňa kepil bolup alyp gaýdyp, aýdyşyňyz ýaly, naýynsaplyk eden bolsam, size ýararmydy. – Elbet-de, beýle zat bolmaz. – Ol adam hem özüňiz ýaly ynsan. Ol bizi mukaddes umytlar bilen ugradyp, umyt bilenem garaşyp otyr. Ol adamyň bady has peseldi. – Görüň-dä, biziňk-ä aýtmak. Öňler bize ýalbaryp, kerwendäkileriň özleri bu işi teklip ederdi. Eger ýüregiňizde bar bolsa, biz siziň hemaýatçyňyz-a bolup bilerdik. – Ýok. Siz özüňize meslekdeş etjegiňizi ýalňyşypsyňyz. Olar gelişleri ýaly, garaňka siňip gitdiler. Muhammet ýatanlary oýardy-da, Aýyň dogaryna-da garaşman, ýükleri düýelere urup, kerweni ýola saldy. ... Basra bazary diýseň arzan, näme isleseň tapylýan ýerdi. Muhammet alyp gelen ýüň, kümüş, deri, dür, medine arpasy ýaly harytlaryny ýerini bilip, owadan mata, ýüpege, almaz gylyç, nepis ýasalan pyçak, mis kündükleri ýaly, Mekge bazarynda geçäýjek, iliň köpräk isleýän harytlaryna çalyşýardy. Söwda onuň özi ýolbaşçylyk edip, amanat zatlaryň ýekeje bölegini-de ýele-yga dargatdyranokdy. Ol söwda başlamanka, kerwendäkileri ýygnady. – Adamlar, şu kerwen amanatdyr. Amanada kast etmek näkeslikdir. Amanada el urmak haramdyr. Haram zat bolsa bala-çagajyklaryň bogazyna tegek bolar. Biz öz çagalarymyzy hor etmejek bolup, olaryň bagtyny ýatyrmalyň. Kim gyrp-çyrp eden bolsa, hile salyp, kümsüklik edip, haryda el ursa, ony şol wagt kerwenden azat ederin. Soň kineli bolmalyň. Adamlar oňa düşündiler. Muhammede Maýsuryň göwni ýetdi. Bu adam Mekgeden Basra gelýänçä iň az gepleýän, iň az iýýän, iň az uklan kişidi. Işlände welin edil, gul ýaly işleýärdi. Söwda diýseň şowly boldy. Muhammet öz harytlarynam gowy ýerleşdirdi. Şondan soň olar kän bir eglenmän yzlaryna gaýtdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |