10:35 Muhammet pygamber -12: romanyň dowamy | |
3. We siz hoşluk bilen aýallara il arasynda parz bolaň mähirlerini beriň. Bes, eger-de aýallar öz hoşluklary bilen mähriňden bir mukdaryny size bagyşlasalar, bes, siz ol zady hoşluk bilen günäsiz we zelelsiz bilip iýiň. Gurhan. 4-nji süre. 4-nji aýat. Hatyjanyň iki gözi ýoldady. Öz kerweniniň Şama söwda ugranyna iki aýa golaý wagt geçip barýardy. Eger agyr, kyn ýollardan sag-aman geçen bolsa, kerwenden bu gün, erte habar bolmalydy. Onuň kerwendenem beterräk, ýüregi üzülere gelip garaşýany bardy. Ol Muhammetdi. Agşamara: «Buşluk, Hatyja bibimiz, giden kerweniň sag-aman gelýär» diýen habar geldi. Onuň yz ýany bilenem «Kerwenbaşy ýetip gelýär!» diýen hoş habary getirdiler. Hatyja jaýynyň ikinji gatyndaky penjiresinden kerweniň geljek ýoluna garap otyrdy. Ol agyr kerweniň ýukajyk tozana garylyp, ýuwaşlyk bilen howlukman süýşüp gelýänini gördi. Ol öz düýelerini tanady. Oňa çenli gadymlardan bäri däp bolup gelşi ýaly, agyr ýollardan iş bitirip gelýän kerwenbaşy içerik girdi. Soň edep bilen kerweniň eýesine: – Gözüňiz aýdyň, kerweniňiz sag-aman gaýdyp geldi! – diýdi-de, ýene daşaryk ýöneldi. – Maýsur görnenok-la?! Muhammet daşky otagdan: – Ony kerweniň yzyndan göz-gulak bol diýip goýup gaýdypdym – diýdi. Hatyja joşgun garylan begençli ses bilen: – Geleweriň, basymrak geleweriň! – diýdi. Özi welin Muhammediň ýadaw az-kem güne çawlanan mähriban didaryndan doýup bilmän, seredip galdy. Ol gürs-gürs urup, gursagyndan çykyp, Muhammediň yzyndan parlap uçuberjek bolýan ýüregini hiç köşeşdirip bilenokdy. Ol Maýsuryň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Eger Maýsur geläýse, Muhammet barada jikme-jik soraşdyrjakdy. Maýsur çaga kimin begenip içeri girdi. Soňra ýykylyp, tükge düşdi-de, Hatyjanyň aýagynyň tozuny ogşady. – Bibim, sag-aman geldik. Şeýle bir harytlar aldyk, ynha, görersiňiz, biziň eden söwdamyzdan köp-köp razy bolarsyňyz. Hatyja howlukdy. Ahyr soňunda bikarar bolup: – Hany, aýt, Muhammet nähili adam ekeni? – diýip sorady. Maýsur haýran galma bilen başyny ýaýkady. – Bibi jan, men saňa bir zat aýdaýyn. Ýeriň ýüzünde onuň ýaly mähriban adam ýokdur. Ol bizi öz balasyndan hem artyk görüp saklady. Ýolda özi iýmän, bize iýdirdi. Özi irkilmän, bizi ýatyrdy. Ýumşakdan mylaýym, sabyrly, kanagatly kişi şu gidip, gelen döwrümizde biziň ýüregimizde şamçyrag bolup ýandy. Ylaýta-da, söwdada diýseň eli ýeňil eken. Ýöne: «Kişini aldaýyn-oň özüm köp gazanaýyn-oň hile guraýyn-ow» diýip pikir edýän adam däl eken. Öz hakyny iýdirip, nalajedeýin bolup hem duranok... Maýsur ýolda garakçylara duşuşlaryny, Muhammediň şondaky pähimdarlygyny, aýdan sözlerini bibisi Hatyja gylyny gyşartman gürrüň berdi. – Beýh, ullakan közi alyp, garakçylaryň öňüne oklady diýsen-e – diýip, Hatyja ol gürrüňi haýran galmak bilen gaýtalady. – Hawa, «oly özüňe bas, ötmese kesekä bas». Sen şonuň jebrine dözüp biljekmi? – diýdi. Hatyja Maýsuryň gürrüňlerini diňledi oturdy. Onuň göwnüne bolmasa, bu gul ägirt bir ylym ummanyny geçip gelen ýalydy. Maýsur bibisiniň «hiç zady ýaşyrma-da aýt» diýenine boýun bolup, Muhammediň oturyp-turşuny, hereketini, pähim-paýhasyny oňa doly gürrüň berdi. Elbetde, Hatyjanyň özem dünýäde Muhammet kimin kanagatly, sabyrly, akyl-paýhasa ýugrulan, az iýip, az sözläp, ýöne az uklaýan biçak görmegeýden mähriban adamyň bardygyny gürrüň berseler, elbet-de, ynanmazdy. Çünki bu bozuk dünýäniň özi adamlary bozuk edipdi. Bu bozuk dünýäde ölmejek bolsaň, ýaşajak bolsaň, onuň özüne görä bolaýmalydy. Dünýäniň özüne görä boljak bolsaň hem hökman bozuk bolmalydy. Doly bozulmasaň hem, kem-käs bozulaýmalydy. Araplar näme, «bir kemsiz gözel bolmaz» diýip ýöne ýere aýdypmydylar. Ýigit ýigit boljak bolsa, bir kemi bolaýmalydy. Emma Hatyjanyň öz guly oňa şeýle kemsiz, çirksiz gözel ynsan barada gürrüň berip otyrdy. – Bibi jaň onuň ýekeje zady ýüregime batmady! Onam aýt diýseň, aýdaýyn. Hatyjanyň ýüregi ynjalyksyzlyk bilen urdy. – Hany, aýt! Maýsur bigünä gözlerini töweregine aýlady. – Biz Basra bazarynda şüweleňli söwda edip başladyk. Söwdamyz ýagşy gyzyşypdy. Şonda biziň ýanymyza bir arap geldi. Ol biziň Mekgeden gelendigimizem niredendir bilipdir. Şonuň üçin ol biziň harydymyzy arzan aljak bolup sapalak baryny atýardy. Ol biziň harydymyzy has arzan alyp, haýyr görjegine ikirjeňlenenokdy. Biziň bilen her bir harydyň üstünde dawa edýärdi. Birdenem sesine bat berdi-de, tutuş bazar eşitsin diýýän ýaly: – Men Al-Latdan hem-de al-Uzzadan, soňam araplaryň hudaýy Hubaldan kasam edýärin. – diýip aýtdy. Şeýdip, ol biziň sussumyzy basjak bolýardy! Çünki, «beýleki araplary ol şeýdip, bihaýa sesi bilen her sapar aldaşdyryp, olaryň jürüni dikýärdi» diýip, soň bize şol ýerli arap gürrüň berdi. Muhammet onuň gözlerine bakdy-da: – Men hiç wagt olardan kasam içmeýärin. – diýdi. Ol adam şeýle bir haýran galdy, asyl agzyny açyp, zordan özüne gelip, ysgynsyzja: – Onda sen arap dälsiň. Araplaryň ählisi olardan kasam içer. Al-Lat diýseň, Hubal diýseň, al-Uzza diýseň, kuraýyş araplarynyň jany bolmaz. Emma siz kuraýyş hem dälsiňiz, arabam dälsiňiz, siz başga kişi... Muhammet: – Ol seniň göwnüňedir – diýdi. – Barysy şolmy? – Bary şol. Hatyja Maýsurdan ýöne-de bir zat sorady. – Sen aýt, ol eşiklerini, özüni nädip beýle päkize saklap bilýär? Ýol agyr, yssy jöwza, tozan. Ol bolsa edil, toýdan gelýän ýaly. Maýsur boýnuny burup, bir zady boýun aldy. – Bibim jaň şoň-a bizem haýran. ...Muhammet agasy Ebu Talyba minnetdar bolup ýördi. Hatyja bint Huwaýlidiň kerwenine goşulmagy maslahat berenem, arada durup, onuň bilenem gepleşip gelenem agasydy. Muhammet agalarynyň, bibileriniň, olaryň çagalarynyň atlaryny tutup, olara geň-enaýy sowgatjyklar getiripdi. Kerwen sag-aman gelenden soň Hatyja kerwenbaşynyň gadryny bildi. Oňa köp-köp alkyşlar aýtdy. Hakyny bolsa gepleşilenden hem artygrak töledi. Muhammet hakynyň bir bölegini gününi zordan dolaýan agasy Ebu Talyba berdi. Indi onuň özem arkaýyndy. Halalja gazanjy bilen indi birneme aý arkaýyn ýaşap biljekdi. Şonuň üçin ol öýünde dynç alyp ýördi. Ol telim sagatlap, pikir derýasyny gulaçlap, oýa batyp oturyp bilýärdi. Kerwen döwri ony halys ýadadypdy. Şonda onuň öz göwnüni diňlemäge eli degmändi. Göwni bolsa oňa «oýlan» diýýärdi. Şu iki aýa basalyk döwürde ol Hatyjanyň guly Maýsure öwrenişipdi. Çaga ýaly bigünä, işeňňir, arassa ýigit onuň tüýs diýen adamsydy. Agzy gybat-gepden arassady. Köňli diýseň päkdi. Haçan-da Maýsur onuňka gelende, Muhammet öýüne bir eziz myhman gelen ýaly, ony hormatlap kakasyndan galan boýranyň üstüne geçirdi. Öňüne saçak ýazyp, arpa çöregini, hurma, içi düýe süýtli küýzäni goýdy. Maýsur saçaga göwünsiz ýapyşdy. Kerwen barada, söwda barada gürrüň edildi. – Göwnüm ýöne-de kerwen küýseýär. Kerwende siziň ýanyňyzda bolsam, azatlyga çykan ýaly bolýaryn – diýip, Maýsur içini dökdi. Muhammet oňa mähribanlyk bilen garady-da: – Gyssanma, Maýsur, her bir işiň öz nesipli güni bardyr – diýdi. Maýsur Muhammediň bolýan otagynyň içini ýagşy synlaňy. Duldan asylgy içi suwly meşik, ululy-kiçili iki sany daş küýze, tekjede çyra, töre galdyrylan birki sany ýorgan-düşek, ýere düşelen iki sany ýüzi sürtülen palas diýäýmeseň, içerde meniňki bolsun diýer ýaly zat ýokdy. Emma Muhammediň ýüzüniň nury bu içerini şalaryň arzyly köşgünden hem eşretli, keramatly görkezýärdi. Içeriniň sary giden düşekleri Muhammediň astynda pars halylaryndan kem görünmeýärdi. Öýüň ortasyndaky saçagyň üstünde ol diýen zat bolmasa-da, Muhammediň şu bolşundan razydygy, öz öýüni Süleýman pygamberiň mülkünden kem görmeýändigi bildirip durdy. Maýsuryň özi gul bolsa-da, onuň içerisini synlap, bu adamyň kanagatlylygyna haýran galdy. Özi bolsa gününden, güzeranyndan zeýrenäýjek ýalydy. Emma Muhammet Maýsuryň öňünde edil bir ýumuş oglany ýaly, hyzmat edip ýördi. – Muhammet! – diýip, Maýsur öz eziz adamsyna ýüzlenen ýaly, äheňine şirinlik garyp aýtdy. Muhammet oňa saçlary seçelenip duran owadan başyny galdyrdy. Onuň gabaklarynyň astynda möwç alyp duran nur Maýsuryň ýüzüne yňdarlyp gaýtdy. – Sen öýlenäýseň nädýär?! Muhammet geň galyp myhmanynyň ýüzüne garady-da, soň dymmak bilen ýere garady. Maýsuryň bu sözi näme üçin aýdýandygyna düşündi. Bu garyp içeride ýigrimi bäş ýaşly erkek halyna, öýdeniçer oglanyň etmeli işini edip ýördi. Birdenem içerisiniň garyplygy, kakasyndan galan sähel düýesi diýäýmeseň, Mekgedäki kembagt adamlaryň biridigini ýatlady. Soň ýuwaşja sözläp, berlen sowala jogap berdi. – Öýlenmek üçinem gurp, baýlyk gerekdir. Mende beýle baýlyk nireden bolsun. Maýsur ýylgyryp oturşyna: – Saňa birden baý, näzikden owadan atly-abraýly aýal «meni al» diýäýse, sen razy bolarmyň?! Muhammet başyny aşak saldy-da, oýlandy. Maýsur bu sözi Muhammede ýöne ýere aýdanokdy. Ol Hatyjanyň ýüreginiň Muhammet diýip çat açyp barýandygyny duýýardy. Ol eziz aýal Muhammede ýetmek üçin ýol agtarýardy. Emma aýal aýal bolýardy. Ol özüni «gel, meni aýal edin» diýip adama hödürläp biljek däldi. Bu meselede ilkinji sözi erkek adam diýmelidi. Maýsur öz bibisiniň bu eziz adam üçin ýanyp-bişip, ahyrynda kül bolup gitmeginden gorkýardy. Muhammet juda arkaýyn görünýärdi. Ony nähilidir bir ýol bilen howlukdyrmalydy. Maýsur Muhammediň jogabyna garaşdy. Onuň üçin mähriban bolan bu iki adamyň birleşmegine jan-dilden kömek edesi gelýärdi. – Kim ol?! – Hatyja! Muhammediň tutuş ýüzi goýy nura boýaldy. – Beýle bagt nirede? Maýsur janykdy. – Men ýalan sözlemen-ä. Maýsur gidensoň Muhammet oýa batdy. Soň ol ata-baba tanyşlary bolan, Hatyjany oňat tanaýan Müne gyzy Nefise bilen görşüp, şu işde hemaýatçy bolmagyny sorady. Nefise öz ýakyn jorasy Hatyja bilen bu barada gürleşdi. Soň ol Hatyjanyň razydygyny Muhammede gelip aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |