10:38 Muhammet pygamber -13: romanyň dowamy | |
4. Bes, aýallary öz hossarlarynyň rugsady bilen nikalap alyň we olaryň mähir gymmatlyklaryny özlerine ýa-da hossarlaryna zyýansyz, dawasyz ýagdaýda beriň. Gurhan. 4-nji süre. 25-nji aýat. Nefise bolan wakany Hatyja gürrüň berende, onuň ýüzi, ýaňaklary gyrmyzy bägülüň tep-ter ýapragyna döndi. Ol ýere garady-da: – Muhammediň, özüni çagyryň! – diýdi. Şol iki arada ol öz doganoglany Warakadan hem Muhammet barada soraşdyryp çykdy. – Onuň ýaly halalzada, asylly adam ýeriň ýüzünde ýok bolsa gerek. Beýle ynsanlar dünýä ýöne ýere inýän däldir – diýip, batyl bolsa-da, pähimiň öýjügi hasaplanylýan, wagtynda örän okumyş bolup, dünýä ylymlarynyň düýbüne ýetjek bolup batyl galan Waraka aýtdy. – Men onuň özüni ýakyndan tanamok. Ýöne şu güne çenli ol barada ýekeje-de ýaramaz gep eşitmedim. Äleme ýagşylygy ýaýylýan adam kän däldir. Agasy Warakanyň bu sözünden soň Hatyja kakasynyň hem razylygyny aldy. Diňe şondan soň onuň kalbyndaky howsala, alada, ikirjiňlenme ýaz gününiň buludy kimin eräp gitdi. Ol Muhammet bilen ýüzbe-ýüz oturdy. – Agam ogly! – diýip, Hatyja ýumşajyk äheň bilen Muhammede ýüzlendi. – Biz öňem garyndaşdyk. Seniň mertebäňe guwanyp ýördük. Eziz didaryňyza, lebiz-ykraryňyza, halalzadalygyňyza, ynsap-edebiňize sözümiz ýokdur. Şonuň üçin eger, razy bolsaňyz, siziň bilen durmuş gurmak isleýärin. Bu habar tutuş Mekgä doldy. Ebu Talyp inisiniň bu çözgüdini makullady. – Inim, Alla indi seni hiç haçan hor etmez. Atam pahyr: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýerdi. Sen meni gaty begendirdiň. Agasy Abdyl Uzzanyň aýaly bu habary eşidip başgaça sözläpdi. – Ah-eý, alýany şol aýal dälmi. Ýetimçe halyna oňa başga kim barsyn diýsen-e! Muhammet iliň gep-gürrüňine gulak gabartmady. Ol agalary Ebu Talyby hem-de Hamza bilen Abbasy Hatyjanyň kakasynyňka maslahata iberdi. Onuň hem razylygyny aldyrdy. Nika gijesi örän dabaraly geçdi. Muhammet bilen Hatyjanyň nikasy gyýyljak bolanda ýigidiň tarapdary diýlip ilkinji Ebu Talyba söz berildi. – Gitjek ýerimiz ýokdur. Ata tarapdan hem, ene tarapdan hem garyndaşdyrys. Biz kaka tarapdan atamyz Kusaýda, ene tarapdan bolsa Lu Lueýde birleşýändir. Onsoň biziň biri-birimizden aýrylyşyp, gitjek ýerimiz ýokdur. Has takygyny aýtsam, Hatyja, han-a, kakasy otyr, aýdybersin kuraýyşlaryň dokuz arka dolanan nesli Huwaýlidiň gyzydyr. Muhammet bolsa kuraýşyň bäşinji nesli Abdylla ibn Abdyl Mutalybyň ogludyr. Onuňam ejesi, mamasy kuraýyşdyr. Hany, onsoň olaryň köküni şahasyndan, şahasyny kökünden aýyrjak bolup bir görüň. Biziň ýagdaýymyz kemräk bolany üçin, elimiz ýukarakdyr. Ýogsa Hatyja ýaly ajaýyp maşgala üçin ýigrimi düýe däl-de, elli-altmyş düýäniň bahasyny altyna öwrüp geçirseňem azdyr. Meniň etjek dilegim, bal bilen saryýag ýaly, gatyşyp-garyşyp ýaşaň. Bagtly boluň. Köp-köp ogluňyz bolsun, gyzyňyz welin bolmasyn... Agasynyň bu hoşamaý dileglerine, süýji arzuwlaryna töre geçip oturan Abdyl Uzzanyň göwnüýetmezçilik bilen gülen bolup, ulumsylyk bilen başyny ýaýkaýanyny Muhammet görüp galdy. Ýöne şu öýde asyllylygyň nyşany hökmünde girip-çykyp ýören Waraka ibn Nufele Hatyjanyň kakasynyň ornuna söz berensoňlar, agasynyň boluşlary hem Muhammediň ýadyndan çykyp gitdi. – Eziz garyndaşlarym, kuraýyş doganlarym. Meniň Hatyja bint Huwaýlidi Muhammede gelinlige bermäge razylygyma şaýat boluň... Ebu Talyp bu agşam joşgunlydy. Ol: – Wah, diliňe döneýin, Waraka jan, şonuň ýaly sözi Hatyjanyň agasy hem aýtsa, biz gaty razy bolardyk. – diýdi. Hatyjnyň agasy hem şol sözleri gaýtalady. Bu toýa Muhammediň, ejeligi Halyma bilen Al-Harys hem çagyrylypdy. Olar hem begençlerinden ýaňa, Muhammediň, daşynda kebelek bolýardylar. Muhammediň, garyp göwni bu gün diýseň şatdy. Onuň daşynda agalary, Mekgäniň atly adamlary pyrlanyp, gabat gelende hoşamaý sözleri aýdyp, göwnüni göterýärdiler. Bu toý bolsa adata görä, Hatyjanyň öýünde guralypdy. Şonuň üçin bu uly toýuň dabarasy ujudan tutulyp, onda haşamylaryň içerisiniň ýeter-ýetmezçiligi duýulmaýardy. Adamlar nika gyýylaryna garaşýardylar. Nika gyýylmanka Muhammediň ýadyna atasy Abdyl Mutalybyň gürrüň beren bir rowaýaty düşdi. ...Bir gün Ybraýym pygamber Ysmaýyl jany görmek üçin oňa belent Taňrysyny tanatmak üçin ata akyl-paýhasyny, edep-terbiýesini bermek üçin baryp-ha gaty uzaklardan jebir-sütemler çekip gelipdi. Ol Mekgä gelip, Ysmaýyl janyň öýüniň işiginde durupdyr-da: – Habarlaşara adam barmy? – diýip içeri garap gygyrypdyr. Öýden bir aýal çykypdyr. Ol düýeden düşmän duran adamy görüp, oňa geň galan bolup garap durupdyr. – Şu Ysmaýyl janyň öýümidir – diýip, ol aýaldan sorapdyr. – Şol! – Ysmaýyl jan ýokmudyr! – Ýok. Ybraýym pygamber ol aýalyň kimdigini sorapdyr. – Men şonuň aýaly bolaryn. – Gaty gowy. Gün-güzeranyňyz ganymatmydyr? Ol aýal şerraý ses bilen gygyrmaga başlapdyr. – Gün-güzeran nireden ýagşy bolsun. Ol dereksiziň öýüni, maşgalasyny taşlap şol gidişi. Öýde bir dişlem çörek, bir owurt suw ýok. Onsoň neneň güzeran bolsun. Mundan hem bir düzgün bolarmy?! Ybraýym pygamber ol aýalyň gykylygyny diňläpdir-de, düýesini yzyna dolapdyr. Soň ol aýala ýüzlenipdir. – Ysmaýyl jan gelse, meniň salygymy beriň. Soň hem şol adam: «Işiginiň bosagasyny çalşyrsyn» diýdi diýip aýdyň diýipdir-de, öz ýoluna rowana bolupdyr. Köp ýyllar geçenden soň Ybraýym pygamberiň ogluny göresi gelip, ýüregi ýöne-de atygsap başlapdyr. Ol öz düýesine münüp, jebirli-jepaly ýollary geçip, ogly Ysmaýyl jany görmek üçin Mekgä gelipdir. Soň Ysmaýyl janyň işigine gelip düýesini saklapdyr-da: – Habarlaşar ýaly adam barmydyr? – diýip, içeri bakan gygyrypdyr. Öýden owadan görmägeýden edepli maşgala çykypdyr. Ol gelip ýylgyrypdyr-da hoşamaýlyk bilen bu taňry myhmanyna garapdyr. – Ysmaýyl jany sorap gelen bolsaňyz, geliň, içeri giriň. – Hany, Ysmaýyl janyň özi ýokmudyr. – diýip, Ybraýym pygamber ondan sorapdyr. Gelin ýene-de hoşamaýlyk bilen mürehet edipdir. – Siz içeri girip , bir salym dynç alýançaňyz olam geler. – Gün-güzeranyňyz nähili? – diýip, Ybraýym pygamber ol gelinden sorapdyr. Gelin ýylgyrypdyr. – Ysmaýyl janyň, jany sag bolsa bolýar, ol bizi zada zar edenok. Ol gelin bu myhmanyň düşmejegini bilip, içeri giripdir-de, bir kündük suw alyp çykypdyr. Soňra düýäniň bagyndan çekip, ony çökeripdir. Soňra düýäniň üstünde oturan gojanyň ap-ak sakalyny ýuwup beripdir. Ybraýym pygamber düýesini ýerinden turzupdyr-da, yzyna öwrüpdir. Ugrajak bolanda ol gelne ýüzlenip: – Ysmaýyl jan gelse, meniň salgymy beriňde: «Işiginiň bosagasy indi bolupdyr» diýip aýdypdy... Çaga wagty eşiden bu rowaýaty gelip-gelip, Muhammediň ýadyna ýigrimi bäş ýaşynda, öýlenen güni ýadyna düşdi. Ol şu gün kyrk ýaşly, baý, buýruk bermäni gowy görýän Hatyjanyň özüni enesiz-atasyzka ekläp-saklan garyndaşlaryna, galyberse-de özüne nähili garaşyk etjekdigi barada agyr oýa batdy. – Eziz balam, gara dagym, sen däli daglaryň algyr bürgüdi ýaly bolup gidipsiň. Indi seniň ýüzüňden togap edeýin diýsem, boýumam ýetjek däl. – diýip, dört ýaşyna çenli ony emdiren, ekläp, bu gün tutuş tiresine göz edip, «oglum öýlenýär» diýip alys ýerden gaýdan Halima nähili hormat edildikä diýip oýlandy. Emma Hatyjanyň toýunyň hem, onda toýa gelenlere edilýän hyzmatyň hem kemi ýoky. Bu gün mal bary soýulyp, dürli-dürli naharlar bişirilip, şirin-şerbetler, üýtgeşik-üýtgeşik miweler saçagyň üstüne goýlupdy. Keýp çökmegi ähli zatdan ýagşy görýän, tutuş Aby-zemzem çeşmesiniň eýesi, Muhammediň agasy Abbas ol nygmatlary görüp toýa göwni ýetdi. – Muhammet, sen beýle döwlete ýetdiň. Döwletiň yrylmasyn.– diýip, ol elindäki arakly badany gaýta-gaýta başyna çekýärdi. Tamburiniň janyňy alyp barýan, ähli näzik duýgyňy ýelpeýän jadyly sesi, Hatyjnyň juda görmägeý-görmägeý gyrnaklarynyň näz-kereşmeli tansy aklyňy haýrana getirýärdi. Toýda oturan Abdyl Uzzanyň iýip-içip ugry ýokdy. Ol misli, öz inisiniň döwletli toýunda, täze rum halylarynyň üstünde däl-de, bir gysym iňňäniň üstünde oturana çalym edýärdi. Ol basym turarman boldy. Ýany bilen arakdan ýagşy ýeten Abbasy-da äkitdi. Ýolda bu bolan ýagdaýlary ýüregine sygdyryp bilmedi. Hatyjanyň ähli baýlygynyň Muhammede geçýändigini eşidensoň-a otly köýnek geýen ýaly boldy. – Ýetimçämiz-ä bir gijede tutuş Mekgäniň iň tüçjar baýy boldy oturyberdi. – diýip, ol serhoş agasyna ýangynlylyk bilen aýtdy. Keýpini ýagşy ýetiren Abbasyň bolsa küýünde başga hyýallar jony urýardy. – Düşünýäňmi, kuraýyşlaryň birem henize çenli beýle toý edip bilen däldir, düşünýäňmi?! Wah, henizem ir gaýtdyk, oturmalydyk. Bolmasa, ýöri, ýöne yzymyza baraýaly... Ertesi Muhammet dagy eşitmese-de mekgeli Walit şahyryň: «Kyrk ýaşlyja, alan gelniň Gutly bolsuň Muhammet!» – diýen ýakymsyz goşgusynyň uly ile ýaýrandygyny Maýsur dagy eşidipdi. Ýöne bu nikanyň hudawy, älemdäki iň mukaddes nikalaryň biridigini hiç kim bilenokdy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Menden soň, erkek kişiler üçin aýallar sebäpli bolýan pitneden zyýanly we howply pitne ýokdur. Ýagny erkekler üçin iň uly we howply pitne aýallardyr.» Rowaýat: Gadym zamanlardan bäri dünýäniň köp halklary oňa çokunýardylar. Şol halklaryň arasynda Istahrabatly mejuslar hem bardy. Olar oňa Taňrymyz diýip çokunýardylar. Şonuň üçin olaryň ata-babadan gelýän uly otlary hemişe ýanar durardy. Emma Muhammediň doglan gijesi şol gaty uly ot, misli bir çyranyň peltejigi ýaly, söndi oturyberdi. Şonda bu ildäki akyldarlaryň biri aýtdy. – Bu ýöne ýere däldir. Taňrydan bir gudrat inendir. Basym ýer ýüzünde butparazlygam, otparazlygam galjakdyr. Bu gudrat şolary ýok etmek üçin gelendir – diýipdir. Bu hakykatdan hem şeýle bolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |