19:29 Muhammet pygamber -14: romanyň dowamy | |
ALTYNJY BÖLÜM 1. Belent-Taňry ynsanlaryň, dünýe we ahyryýet bähbitleri üçin Käbäni hormatly öý etdi, onda ýaman işler etmek haramdyr. Gurhan. 5-nji süre. 98-nji aýat. – Aý, adamlar ha-aw! Aý, il-gün ha-aw! Safa dagynyň üstünden ýaňlanan bu gaty aýylganç ses diňe bir Käbe aýmançasyny däl, tutuş Mekgeden tä Hyjaza çenli aralygyň ilatyny aýaga galdyrdy. Adamlar duran-duran ýerlerinden Käbä tarap bosuşyp gaýtdylar. Olar al-Safa dagynyň üstünde ýüzüni ak tam edip duran Ebu Talyby gördüler. Kuraýyşyň bir ýaşulusy oňa howsala bilen ýüzlendi. – Näme kyýamat gopdumy? Al-Safa dagynyň üstüne çykyp gygyrar ýaly. Mekge ilaty, kuraýyş ýaşululary: «Eger başymyza bir zulum ýa-da çekip çydardan agyr bela inende Safa dagyna çykyp gygyrmaly» diýip gadym wagtlarda şert edipdiler. Şonuň üçin Al-Safa dagyna çykyp halaýygy çagyrmak, gaty uly zulumyň edilendiginiň nyşany bolmalydy. Adamlar Ebu Talyby görüp has hem gorkdylar. «Öz-ä Ebu Talyp bolýan bolsa, özem al-Safa dagynyň üstüne çykyp gygyrýan bolsa, onda hakykatdan hem bir bolmaz iş bolan bolmalydy». Adamlar Ebu Talyba ynanýardylar. Ony biçak sylaýardylar. Gygyra-gygyramy, gazabynamy, Ebu Talybyň sesi ýagşy gyrlypdy. Ol şonda-da juda uly howsala bilen habaryny aýtdy. – Agam ogullary, eziz doganlar, indi işimiz gaýtdy. Käbä el gatylypdyr. Adamlar içlerini çekdiler. Ýöne hiç kim hiç zada düşünenokdy. – Gönüle, Ebu Talyp, açyk aýt! Ebu Talybyň sesi agyly çykdy. – Käbäniň altyn-kümüş zatlaryny ogurlapdyrlar, naýynsaplar! Adamlar erbet boldular. Bu habar olara «gaçyň, ýagy çozup gelýär» diýen habardan hem agyr degdi. Ýeriň üstündäki iň mukaddes ýer, olar üçin Käbedi. Eger şoňa-da el urlup, kast edilýän bolsa, indi bu dünýäde mukaddes ýer galmandy. Ebu Talyp düşündirmäge başlady. – Düýnem ähli zat ýerli-ýerinde durdy. Häli, daňdan tutuş aýmança aýlanyp çykdym. Barsam, Käbäniň işigi çalam-çaş bolup ýatyr. Içine girsem, edil deri bilen syrylan ýaly. Alan ogry, gören Taňry... – Kim edip biler beýle naýynsaplygy! – Ýere girenem bolsa tapmaly! – Tapyp, özüne ikini islemez ýaly berk jeza bermeli. Ebu Talyp ogrularyň üç adamlygyny bilipdi. Olaryň yzy Käbäniň arka garapynda, sil geçen gumak ýerde möhür bolup galypdy. Olaryň arasynda bir yz oňa diýseň tanyş bolup görnüpdi. Ol Mekgelilerden kuraýyşlardan on-on bäş adamy aýmançanyň içine goýberdi. Ýaşulular kerpiçleri sökülen, ýapynjasy indi gedaýyň juluna dönen ýarysy otlanyp, ýarysy tüýdülen, üsti açyk, işigi indi çalam-çaş bolup ýatan, daşyndan görseň gözgyny haraba bolup galan Käbäni görüp olar içlerini çekdiler. Içerden haşylap çykan ullakan kepjebaş ýylan olaryň içki gazaply ruhy deýiň ýaşulularyň inini erbet düýrükdirdi. Adamlar Käbäniň eleşan ýagdaýyny görüp, hudaýlaryň deňi bilen geçdiler-de, aýmançadan çykdylar. Soňra Ebu Talybyň kakasy Abdyl Mutadypdan galan sekiniň ýanyna üýşdiler. Ýaşulular Hamzany üç sany yz çalyp bilýän awça baş edip, ogrularyň yzyny tersine çalmaga iberdiler. Soňra bolsa özleri maslahata başladylar. – Doganlar – diýip, Mekge halkynyň toý-baýramynyň beýemçisi Ibn Kudan söze başlady. – Men her hal näme barada pikir etsemem biziň Käbemiz beýle haldadyr diýip oýlanamokdym. Oňa ýakyn-yrakdan, gör, näçe adam zyýarata gelýär ahyryn. Bu keramatly öýüň nähilidigini gördüňiz ahyryn. Bu mukaddes jaý şeýle gözgyny bolup, biziň beg ýaly ýaşadygymyz näme, ýaşamadygymyz näme?! Eddil häzir-ä ogrulary tapalyň. Ertiriň özüňde-de Käbäni sökeliň-de, täzeden gül ýaly edip dikeldeliň. Başga gepem bolmaz, gürrüňem. Käbe gurulýança Mekge ilatyna toý-da ýok, meýlis-de... Ebu Talyp söz aldy. – Men Käbe aýmançasyna seretmäge başlalym bäri düşen sadakalaryň ýekeje dirhemnem kemmän saklap otyryn. Şolam Käbe üçin näme enjam, gurluşyk harytlary zerur bolsa, ýeter! Şonda Käbäniň derdine ýararça harç bardyr. Duranlar Ebu Talybyň bu sözüni makulladylar. Gün günorta boluberende yzçylar ogryny talyp getirdiler. Ol Mekgäniň belli kümsügi Düweýk atly näkesdi. Ýaşulular Hamza pälwanyň girisine düşüp, mugyra gelen bu näkesi iň agyr jeza bilen jezalandyrmaly etdiler. Onuň sag elini goşaryndan çapdylar. Özünem on ýyla çenli garasyny Mekge salmaly däl etdiler. Arman, beýleki iki adamyň üsti açylman galdy. Ýöne, Ebu Talyp öz öňünden ýöräp barýan Abdyl Uzzanyň aýak yzyny gördi-de, ýüreginiň erbet jiglänini duýdy? Bu yz Käbäni talan üçleriň biriniň yzydy. Ýöne ol öz eli bilen tutmanson, sesini çykaryp bilmedi. Aradan ep-esli wagt geçip, yzlar könelişeni üçin bu gepi gozgabam durmady. Ýogsa, onuň şeýle haýynçylygy eden adamdan ar alaýyn diýip, içi-bagry bir odam aldy. Ol bu inisiniň birden bire baýap, pohdan doýan goduk ýaly, hondan bärisi bolup, petekesini gaýşardybermesiniň sebäbine indi düşündi. Maslahat bir ýere çugdamlanansoň, adamlar iki sany meseläni çözmeli bolular. Birinjisi, Käbe üçin arassa, uzyndan berk agaçlar gerekdi! Çünki birwagtlar Kuraýyş, lakamly Fir bu ýerden huzaklary kowup çykarýar. Şol döwürlerde Käbäniň, tutuş töweregi giden tokaýlykdy. Fir şol tokaýlygy çapmagy buýurýar. Emma adamlar Käbäniň tokaýyna el degirmäge gorkýarlar. Onsoň, Firiň özi ilkinji bolup şol tokaýyň iň mukaddes hasaplanylýan agajyny çapýar. Şol tokaýyň iň uzyn agaçlaryny Käbäniň üstüne goýup, ony basyrýarlar. Şondan bäri gör, näçe ýüzýyllyk geçipdi. Ol agaçlardan, daşardan, kerpiçlerden, galyň ýapynjadan indi zat gamandy. Geçen uzak ýyllar olary eredip taşlapdy. Ýel, ýagyşlar, pasyllaryň hökmürowanlygy bu mukaddes Käbä-de azysyny urupdy. Ikinjisem, şol uly ýylandy Ol ýylan adamlara uly howp salýardy. Säher bilen ol ýylan Käbäniň, öňünde güneşläp ýatanda, adamlar zyýarata-da baryp bilenokdylar. Tä şol ýylan suwulyp, Käbäniň, harabasyna girip gidýänçe, adamlar uly basga duşup, garaşyp durýardylar! Zyýaratçylar şol ýylandan gorkulmagy sebäpli, ine-gana zyýarat edibem bilenokdylar. Olar ot alan ýaly bolşup, ýedi sapar Käbäniň daşyndan aýlanyp, çykyp gidýärdiler. Ine, şol ýylany näme etmeli? Muhammetden kän Käbe zyýarata gelýän bu töwereklerde ýok diýen ýalydy. Şol ýylany Muhammedem görýärdi. Emma ne Muhammet, ýylana, ne ýylan – Muhammede degýärdi. Şonuň üçin ol bu ýylany tir-keman bilen awlap almak-baradaky gürrüňe garşy bolupdy. Bir gün ýylan Käbäniň öňünde güneşläp ýatyrdy. Muhammet Käbäniň, daşyna howlukman zyýarat etdi. Ýylan şonda-da gitmändi? Onsoň Muhammet onuň golaýyna geldi. – Ýylan! – diýip, ol ýuwaşdan ýumşagrak ses bilen aýtdy. – Indi Käbäni täzeden dikeltmegiň wagty geldi. Sen adamlara päsgel berme! Olar senden çekinerler. Senem olardan çekinersiň. Gowusy sen bu ýerden git. Käbäni şunça wagtlap goranyň üçin sag bol! – diýdi. Ýylan onuň sözüne düşünen ýaly boldy. Şondan soň ony bu töwereklerde gören adam bolmandy. Indi diňe agaç meselesi işiň öňüni bekläp durdy. Ýöne bir bilen iş bilen Jidda giden Ibn Judan bir gowy habar bilen dolanyp geldi. – Wizantiýalylaryň juda uly söwda gämisi Gyzyl deňizde uly möwje uçrap, heläk bolupdyr. Agyr tolkunlar bolsa ol gämini üýşmek tagta edip, Jiddanyň kenarýakasyna getirip taşlapdyr. Bu habary eşiden Muhammet, ony gelip atasy Ebu Talyba habar berdi. Soň oňa düýelerinden berdi. Şeýdibem adamlar şol düýeleri alyp gidip, Käbäniň, gurluşygy üçin bir kerwen gowy tagta agaçlaryny alyp geldiler. Agaçlar arassady, berkdi. Käbäniň, gurluşygyna Mekge ilatynyň ähli taýpalary gatnaşýardy. Olar Käbäni durşuna sökdüler. Soň onuň esasyny berkidip, täzeden gurmaga başadylar. Adam köp bolany üçin iş şeýle çalt gidýärdi. Gurluşykda kuraýyşlar has eýemsireýärdiler. Käbäni ata-babalarynyň gurup gelendikleri üçin olar ol daşy nädip örmelidigini, burçy nähili çykarmalydygyny beýlekilere öwretjek bolşup durdylar? Şeýlelikde, Käbäniň boýy ýeteňkirläpdi. Indi iň esasy mesele, gara daşy Käbäniň gündogar-demirgazyk burçunda goýmalydy. Kuraýyşlar bu işde-de gezegi kişä bermejek bolup çytraşýardylar. Bu bolsa ilk-ä bu ýerde iş edip ýören adamlarda nägilelik döretdi. Emma soňundan ol uly dawanyň turmagyna sebäp boldy. – Ybraýym pygamberden bär-ä Käbäni guran hem, gara daşy öz ýerin-de goýanam kuraýyşlardy. Bu gün näme, onuň eýesi ýaman köpeldi-le – diýip Kuraýyşlaryň ýaşulularynyň biri azymly ses bilen hemmeler eşder ýaly edip aýtdy. Bu ýaşulynyň äheňi bu ýerde jany bilen işläp ýören tireleriň adamlaryna ýaramady; – Bizem-ä şunuň, azabyny çekdik. Näme, indi biziň çeken azabymyz göze görünmeli däl boldumy? – diýip, Abd ad-Dar tiresiniň aksakaly hem gep alyp galmady. – Hany, göreli, deňlik bolmabilse, bolmasyn, göreli bakaly. Biziňem-ä hakymyzy kişä iýdirip, azabymyzy reýgan etdiren ýerimiz ýokdur. Bizem özümizi kuraýyşlarça görýändaris. – diýip Adi tiresiniň adamlary hem bu gepi alyp göterdiler. Olaryň gykylygyna gany gyzyp duran beýleki tire-taýpalaryň, uruglaryň adamlary hem ot alan ýaly bolup galdylar. – Kimiň kellesi iki bolsa, gara daşyň golaýyna bir gelsin. – diýip, bu geplere ýüregi çişip başlan kuraýş ýigitleri hem täzeden möwç alyp başladylar. Bu galmagala nebir gidip duran iş togtady. Indi ganjaryşjak bolup duran adamlary aralaşdyrmak bir dert boldy. Gazaba münen Abd-ad-Dar tiresiniň serdary bilen Adi tiresiniň aksakaly Käbe üçin berlen sadakada soýlan mallaryň damak ganyndan tabagy dolduryp, oňa ellerini batyryp: – Öleris welin gara daşy goýmaga bizem gatnaşarys – diýip, kasam etdiler. Ol jama elini batyryp kasam eden gaty köp boldy. Gep gutarypdy. Indi bu gurluşykdan ganyň ysy gelip başlapdy. Bu işi agzybirlik bilen başlan adamlar indi biri-birine ters bakyşyp otyrdylar. Ahyr soňunda bu işleriň ählisiniň beýemçisi Ibn Judda akylly gürrüň tapdy. – Hany, adamlar, geliň, işi bir salym goýalyň-da, meniň öýüme baryp, birsalym dynç alalyň. Şol ýerde-de bir maslahata geleris. Ol işdeň agyr howadan halys bolup, näme gepleýänlerinem bilmeýän dyzmaç adamlary öýüne alyp gitdi. Olaryň öňüne naharly tabaklary, sowujak düýe çally küýzeleri çekdi. Şeýdip olary iýdirdi, içirdi. Soňam şeýle diýdi. – Doganlar, geliň abraýy bilen başlan işmizi abraý bilen gugaralyň. Gan dökmek ynsanlara hiç mahalam bir abraý getirmändir? Biziň sene-mene edip, biabraý bolýan ýerimiz bolsa iň mukaddes ýer. Ol ýerde sesiňi gataltmak hem asylsyzlykdyr. Geliň, gowusy, bir zat edeliň. Ol adamlaryň özüni diňleýänini, diňlemeýänini bilmek üçin olaryň ýüzüne garady. Näme-de bolsa, adamlaryň pähimi öz jaýyna gelşipdi. Olar «näme etmeli bolarka?» diýýän manyňa oňa garşy garadylar. – Ertir irden hemmämiz metjide üýşeliň. Şoňa kim ilkinji gelse, şonuň maslahatyna-da eýereliň. Oturanlaryň ählisi bu gepi makul tapdylar. Olaryň ählisi ir bilen metjidiň golaýynda üýşüp durdylar. Şol ýere olardan Soň ilkinji gelip, metjide giren Muhammet ibn Abdyllah ibn Abdyl Mutalyp bolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |