19:31 Muhammet pygamber -15: romanyň dowamy | |
2. We sen birine ýüzleneniňde, oňa ajy sözüňi aýtmagyň ony gaharly owaz bilen çagyrmagyn, sesiňi pes tutgun. Gurhan. 31-nji süre. 19-njy aýat. Muhammet üçin öýlenmek, mähir-muhabbete çümmek diýen ýaly bir zat bolupdy. Ol Hatyjanyň, şirin mährine, eziz didaryna jany bilen berlip, ondan ganyp bilmeýärdi. Bu näzikden owadan henize çenli gül-günçasyna bilbil gonmadyk, lälesi ysgalmadyk, şirin-şerbedi içilmedik jenan onuň dünýäsini gaplap alypdy. Gör, niçe ýyllap eje zaryny çeken soňra tüýs islän wagty zenan mährine zar bolup gelen hoş syrat, ýüpek ýaly ýumşak, nurana ýüzi, balkyldap duran goýun gözleri dünýe malyna degýän bu ýigidi Hatyja-da jenneti yşk-söýgi bilen ezizläpdi. Ol Süleýmanyň mülküni para-para eýläniňde-de şundan eziz bagtyň, özüne duşmajagyny çyny bilen duýupdy. Şonuň üçin ol Muhammedi bäbek kimin ezizläp, apalap söýýärdi. Olaryň birek-birege bolan söýgüsi heniz bu illerde görlen söýgä asla meňzemeýärdi. Muhammet düýnem ýetimdi, garypdy. Güni, güzerany juda kynlyk bilen geçýän ýalňyz pukarady. Emma ol ertir irden turanda dünýäsi dolup turupdy. Onuň ähli baýlygynyň seresi bolsa Hatyjady. Bu hyzmatyňa taýýar gul-gyrnakly, beýik erik agajy saýa salyp duran çog gyzyl, kekeji el ýaly, ullakan horazly iki gat jaýly howly onuň üçin eşret mekany bolup görünýärdi. Oňa bu eşrete öwrenişmek aňsat däldi. Oňa Hatyjanyň üýtgeşik mähribanlygyna hem öwrenişmek aňsat däldi. Şonuň üçin ol şol mähribanlykdan asla ganyp bilmän ýördi. Ol öýlenensoň Hatyja hemişelik wepaly bolup, onuň mertebesini belentden päkize saklamak barada öz-özüne söz berdi. Şol sözem onuň üçin kanundy. Ol Hatyjany habardar etmän onuň bilen maslahatlaşman hiç bir işi etmeýärdi. Bir iş bilen bazara ýa-da öýüniň daşyna çyksa-da, aýalyna aýdyp gidýärdi. Hatyja üçin hem Muhammediň, barlygy dünýe baýlygyňy. Ol mal-mülküniň, tutuş öýüniň, ygtyýaryny öz elinde saklasa-da, dünýe maly Muhammediňkidi. Muhammet bu öýe gelenden soň bikär oturanokdy. Häzir onuň bagtyna, söwdanyň, kerwen ýollarynyň ählisiniň ygtyýary Mekge baýlarynyň elindedi. Olar Mekge bilen Şam aralygyndaky söwda ýollarynyň ygtyýaryny öz ellerinde saklamak bilen oňanokdylar. Iň ýaman ýeri, şol uly söwda gärler, täjirler, baýlar Mekge gelýän ýat kerwenleri, ýat täjirleri öz ellerine alypdylar. Olar Mekge, Ýasrib, Hijaz arlyklarynda şol kerwenleriň getiren ýüklerini satyn alýardylar. Şeýdibem ol kerwenleri Mekge getirmän şol ýerlerden yzlaryna gaýtarýardylar. Onsoň söwda-da, harydam, baha-da şolaryň elindedi. Muhammediň, eli beýle bir ýuka bolmasa-da, telim ýyllar, güzeran aladasyny etmän arkaýyn gezere oňsa-da, Hatyjada-da beýle bir arta-süýşe zat, ýokdy. Şonuň üçin ol söwda işine baş goşsam diýýärdi. Söwda-da düşewint ýogam däldi. Eger kerweniň bolsa, Şama, Basra, Ruma gidip, geçginli harytlar getirebilseň, diňe şonda düşewint bardy. Oňa gidip gelýänler Mekgede dükan ýöredýärdiler. Bazarlaryň teründe şolar oturýardylar. Diňe şolaryň depseň deprenmez güni bardy Muhammetde dükan-da, dükanlyk haryt-da ýokdy. Ol indi uly söwda dälde, ownuk alyp-satarlyga baş goşup ýördi. Mekgeden hurmany, beýleki harytlary alyp, mukaddes aýlarda Mekgäniň eteklerine, Taifiň golaýyndaky Ukkaza, Mina söwda etmäge gidýärdi. Mukaddes aýlar geçip-gidenden soň, onuň söwdasy ýöne-de sowaşýardy. Gaty yssy günleriň başlanmagy bilen Mekgäniň bazarlary on-on bäş günlük, hat-da bir aýlyk boşap galýardy. Ine, şonda Muhammet hem öýde oturmaly bolýardy. Hatyja Muhammediň, asyllylygyna, sözüniň, eýesiligine, çyn wepasyna haýranlar galýardy. Ol Muhammede jany bilen ynanmakdan gaýry, onuň söýgüsine söýgi, hormatyna iki esse hormat bilen jogap bermek isleýärdi. Mundan hem başga, onuň, Muhammede düşünesi gelýärdi. Onuň, bilen bir gulakdan gopasy gelýärdi. Soňa baka, ol Muhammede şeýle bir, ýürek berdi welin ony bir salym görmese-de ýüregi solup barýardy. Adamsy gelerin diýen wagtyndan sähel eglense, ýa-da ondan «men birneme eglenmeli boldum» diýen habar gelip ýetişmese, guluny-gyrnagyny Muhammediň, ýoluna ugradýardy. Olar Muhammedi tapyp getirýänçäler ýa-da «Muhammet pylan bazarda», ýa bolmasa «Ol pylan ýerde gojanlar bilen söhbetdeş bolup otyr» diýen habary getirýänçäler, janyna jan tapyp bilmeýärdi. Muhammet söwdasy ýöremedik wagty, ýa-da gaty jöwzaly günler öýde, oýa gark bolup oturmagy halaýardy. Şeýle günler Hatyjanyň hem diňe bir öýüniň töri däl, tutuş dünýäsi doly bolýardy. Ol adamsynyň rahatlygyny bozmazlyk, pikirini bölmezlik üçin janyny gurban etmäge taýýardy. Muhammet ondan nämedir bir zat barada soraýsa, başy gök direýärdi. Oňa barja mährini bermäge çalyşýardy. Hatyjanyň, çaga garaşýandygy bilen Muhammet ol öňküden hem eziz görmäge, oňa hemişe çyn wepadarlygyny bildirmäge başlapdy. Ol aýalynyň göwnüni göterip, onuň söýgüsini has ezizleýärdi. Ony aýaýardy. Hemişe hoşamaýlyk edýärdi. Şonda Hatyja öz adamsyny üýtgeşik hyjuw bilen söýýärdi. Muhammet soňky günlerde daňdanlar has ir turup, howludaky gyzyl horazyň oýadaryna-da garaşman süňňüni tämizläp, doga okamaga başlaýardy. Haçan-da gyzyl horaz töweregi ýaňlandyryp gygyranda, onuň begenjiniň çägi bolmaýardy. Hatyja Muhammediň näme barada, näme üçin doga okaýandygyny hem soramaýardy. Onuň uzak gün bir nokada garap, ýukadan owadan dolaklaryny çalaja tibirdedip oturşyna hiç kim päsgel bermez ýaly, öýüň edebini-tertibini Muhammediň bolşuna göräräk ýöredýärdi. Oglunyň dünýä inmegi öň hem Mekge ilinde bagty çüwen hasaplanýan. Muhammediň il içindäki abraýyny has ýokary göterdi. Ol nowbahar ogluna Al Kasym diýip at goýdy. Indi ol ogully adamdy. Agasy Ebu Talybyň toý gijesem, öz işiginde inisi üçin ýagdaýlyragam bolsa, ili ýygnap toý tutanda-da: Ogluňyz bolsun emma gyzyňyz bolmasyn» diýip eden dilegleri hasyl bolana döndi. Indi mähellelerde, märekelerde, meýlislerde, ýolda, bazarda, duşan adamlar hem, öýde-de onuň adyna Muhammet diýmän Abul Kasym (Kasymyň kakasy) diýip tutýardylar. Munuň özi Mekge ilinde Muhammet üçin kiçi abraý däldi. Ol seniň ösüp barýan köküň, şahalaryň barada habar berýärdi. Seniň uly abraýa eýe bolan ynsanlygyňy aňladýardy. Al-Kasym Hatyja bilen Muhammedi uzak begendirmedi. Ol iki ýaşady-da, uçmahyň akja guşy kimiň ejesiniň, kakasynyň gujagyndan taýyp gitdi. Muhammediň, bagrynda ilkinji daş, megerem, şonda degipdi. Bu gussaly waka onuň ýaşamaga bolan höwesini gaçyran ýaly boldy. Onda söwda, täjirçilik işine bolan gyzyklanma birden sowady. Adamlar Muhammedi unudanokdylar. Bu eli arassa, halalzada adam bilen iş salyşmalaryny goýaslary gelenokdylar. Şonuň üçin olar harytlaryny Muhammediň öýüne getirip goýup gidýärdiler. Indi Muhammediň, öýi amanat harytlaryň dükany ýalydy. Her kim öz harydyny goýup, şol ýerde barlaryndan özüne zerur geregini alyp gidýärdi. Bu alyş-çalyş il-bendäniň güzeranyna hemaýatdy. Muhammet hem şol alyş-çalyşlykdan düşewintsiz hem bolsa, az-kem peýda görmän duranokdy. Ýöne ol indi öňküler ýaly, bazar syryp ýörmeli däldi, Yzly-yzyna dört gyzynyň, Zeýnebiň, Rukiýýaniň, Patmanyň, Ümmü Gülsümiň dünýä inmegi bilen Muhammediň, ýüreginde ogul bäbege bolan uly küýsegi döredi. Ýöne onuň gyzlary hem diýseň ezizdi. Zeýnep diýseň owadandy. Ol geplemän juda mähribanlyk bilen ýylgyryp, kakasyna özüni aldyrýardy. «Kaka jan» diýip, Muhammede ýüzlenende, Muhammediň dünýäsi dolýardy. Rukiýe juda akyllydy. Ýöne dözümsizdi. Ol hem ejesiniň, hem kakasynyň hem doganlarynyň göwnüni tapjak bolup azara galýardy. Patma öz sözlüdi. Ol pikiriniň anyklygy, tutanýerliligi bilen hemmeleri haýran galdyrýardy. Her hili ýagdaýda-da öz sözünde durup bilýärdi. Ümmü Gülsüm ejesine çekipdi. Juda owadanjady. Akjady. Ýüzüne garanyňda köňlündäki gussa, bedenindäki ýadawlyk el bilen syrylyp aýrylana dönýärdi. Ol akja guşjagaz ýaly, ol gujakdan bu gujaga pasyrdap ýörerdi. Dört gyzjagaz dört tarapdan kakalarynyň daşynda pyrlanyp, oňa özlerini aldyrtmak, gowy görünmek üçin «guş dilinde» üýtgeşik owaz bilen saýraşýardylar. Muhammediň öýi, göýä bilbilgöýä satylýan dükan ýalydy. Ahyr soňunda onuň ýene-de ogly boldy. Oňa kakasy Abdyllanyň adyny dakdylar. Ýöne oňa hemmeler Taýyb diýip ýüzlenýärdiler. Bu oglanyň yzyndan Tahyr dünýä indi. Muhammediň gaýtadan göwni bitdi. Onuň öňki ruhy täzeden direlen ýaly boldy. Emma... Emma Muhammede ogullaryna uzak begenmek miýesser etmedi. Abdylla da, saýrak dillije Tahyr-da enesiniň, atasynyň gujagyndan uçup-uçup gitdiler. Bu öýde olaryň mukaddes ruhy galypdy. Iň ýaman ýeri, juda sagdyn, owadan näzikden eziz Hatyja indi çaga dogurmakdan galypdy. Muhammet her näçe küýsese-de, indi onuň etegine erkek oglanyň siýdigi degjek däldi. Bu gussa Muhammediň ellerini işden sowadýardy. Ol gijesi-gündizi daş çykanokdy. Az-kem garaňkyradylan içerde şol doga okap otyrdy. Ol gözlerini ýumup, dolaklaryny pyşyrdadyp oturmakdan ýadamaýardy. Kän bir ge-gürrüň, iýmek-içmek bilen hem ugry ýokdy. Onuň soňky döwürlerde uklap ýatanyny-da gerýän ýokdy. Onuň ukusam, gepi-gürrüňem, iýmesem-içmesem doga okamakdy. Şol okalýan dogalar onuň durmuşynyň ähli talabyn ödeýän ýalydy. Hatyja adamsynyň bolşundan az gorkanokdy. Ol käte-käte Muhammediň ýanyna baryp, adamsynyň gaýgy-hasratyny paýlaşmak isleýärdi. Oňa göwünlik beresi gelýärdi. Ol şeýle günleriň birinde gözlerini ýumup, çalaja, pyşyrdap doga okap oturan Muhammediň ýanyna gelip oturdy-da, oňa ýumşaklyk bilen habar gatdy – Agam ogly, men Hubaldan ant içýän siz özüňizi kän gaýga batyrýarsyňyz! Muhammet erbet tisginip gitdi. Soň ol Hatyjanyň ýüzüne mähribanlyk bilen garady. Hatyja adamsy öz sesine tisginendir diýip, juda hatyrjem bolmanyna puşman etdi. – Patmanyň ejesi! – Muhammet bu sözi juda ýumşak, misli şirin-şerbete garylan deý lezzet bilen aýtdy. Çünki dillije düwmä öwrülip bu öýüň ruhuna dirilik paýlaýan gyzy hem enesiniň jübti halalynyň ady ejesiniň ady dakylan balasyny juda gowy görýänligi üçin ol Hatyja şeýle ýüzlenýärdi. – Sen gaýdyp Hubaldanam, beýleki butlardan hem ant içme. – diýdi. Hatyja ýylgyrdy. – Bolýar, başmyň, şamçyragy. Ýöne, Kasymyň kakasy, sebäbinem düşündiriň? Çünki biziň ata-babalarymyz şol hudaýlara togap edip gelendir. Olar bize-de şeýle ýol goýandyrlar! Ata-babanyň ýoly, ogla-gyza halal bolmalydyr... Muhammet ýüzüni oňa tarap öwürdi. – Seniň aýdýanlaryň dogrudyr. Ýöne aýt, ol bir daş ahyryn. Jany ýok zat saňa nädip kömek berip bilsin?! Sen dileg salsaň, onuň gulagy ýokdur. Aýdanlaryňy eşitmese. Sen oňa togap etseň. Onuň gözi ýokdur, ol görmese. Sen oňa köňlüňi açsaň, akyl-paýhasy ýokdur. Saňa düşünmese. Sen kömek hantama bolup çagyrsaň, onuň aýagy ýokdur, gelip bilmese, sen dileseň, onuň eli, maly, mülki ýok, berip bilmese. Sen onuň öňünde toba edip aglasaň, onuň dili ýok, seni köşeşdirip bilmese, aýt, ondan hem bir hudaý bolarmy?! Dünýäde daş kän. Daglar durşuna daş. Owadan şol daşlaryň ählisi hudaý-da! Ýok, janym. Olaryň ählisindenem, hijisindenem hudaý bolmaz. Ol pikirli başyny galdyrdy-da, Hatyjanyň howsalaly ýüzüne garady. – Kimdir biri Käbäniň, ähli baýlygyny ogurlap gidipdir. Käbäniň edil gapdaljygynda-da üç ýüz altmyş sany daş hudaý bar. Otyr. Ol-a Käbäniň gyzyl-kümüş hazynasy eken, şol daş hudaýlar özlerinem gorap bilýän däldirler. Sen bolsa ine, şol daşlardan ant içýärsiň. Hatyja howsalaly nazaryny henizem Muhammetden aýyryp bilenokdy. Eger nazaryny aýyraýdygy, göwnüne deglen şol üç ýüz altmyş hudaýyň ählisi birden gelip, adamsyny çekeläp tüýt-müýt etjek ýaly-dy. Hatyja, hem ýöne oturman, onuň ýene-de käbir zatlary anyklasy geldi. – Hany, onda hudaý? Eger şol üç ýüz altmyş hudaý bolmaýan bolsa, onda hudaý nirede?! Muhammet aýalynyň ýüzüne «sabr eýle» diýýän ýaly, parahat nazar bilen garady. – Bar, Hudaý. Özem ýalňyzdyr. Hudaý! Ol älemleri, ýeri, Güni, Aýy ýaradan Hudaýdyr. Şol Hudaýdan başga hudaýlar bolup bilmez. Käbäni pilden goran, Abrahanyň sülsadyna barmagyň başy ýaly guşlara hünji ýaly daş zyňdyryp, olaryň ählisini kül-peýekun etdiren, yzyndan agyr siller getirip, olaryň maslygyny, ähli hapasyny ýuwup-artyp, hiç zat bolmadyk ýaly, tutuş Mekge jülgesini päklän Hudaýdyr. Ýerleri, gökleri, daglary, sähralary, suwlary, balyklary, guşlary, mallary, ynsany ýaradan şol Hudaýdyr. Biz şoňa tutunmaly? Şonuň üçin menden saňa nesihat şol hapa daşlary ýalňyz Hudaýa deňeme. Olara togabam etme... Hatyja, juda haýran galma bilen adamsynyň ýüzüne garady? – Hudaýdan başga hudaýlar ýok-da! – Ýok! – Sen olary nireden bilýäň? Muhammet birhili, gorkuly titredi. – Göwnüme bolmasa, bu sözi bire aýdyp, menem eşiden ýaly. Ynan ol meniň sözüm däl. Ol meniň geljek netijäm hem däl. Ýöne ol söz dogry dogry söz. Başga hili bolmaly däldir. – Onda ol sözler kimiň sözi. Muhammet nur damyp, duran mähriban gözlerini ýumdy. Misli, içeriniň röwşeni sönen ýaly boldy. Hatyja onuň gözlerini açaryna howlukdy. – Düşünýäňmi, agam gyzy, biz adamlar şeýle mahluk ýaradylypdyrys. Biz hem edil daglaryň daşlary ýaly. Birek-biregiň aýdan sözünden başga zada gaýtargam berip bilemizok, düşünemizogam. Biri-birimiziň eşidýän zadymyzdan özge zady eşidemizok. Bizden şol işigimizdäki gyzyl horaz hem ýagşyrakdyr. Ol bizden müň esse kän zady gerýär. Adamlaryň özleri şol daşlara meňzeş bolansoňlar, şol daşlary hudaý edip ýörler. Hatyjany ýumşajyk galpyldy basdy. Ol Muhammediň, indi, ýöne röwşen saçyp duran gözlerine garady. – Älemde biziň eşitmeýänimizden başga-da sözler, owazlar köpdür. Älemde biziň görüp bilmeýän zatlarymyz, älemlerimiz daty köpdür. Emma olar bizi görüp durandyr. – Olar bizi görüp durandyr? – Hawa, men olary göremok. Emma, käte eşidýän. Göwnüme bolmasa, juda basym men olary görüp, eşidäýjek ýaly. Ýöne munuň üçin maňa arassalanmak gerek, onuň üçin gije-gündiz doga okamaly?... Hatyja erbet gorkdy-da, elini? Muhammediň, eliniň üstünde goýdy. – Nädip arassalanmaly, doga näme?.. Muhammet ýuwaşjadan: – Doga diýmek, Belent Taňra ýalbarmak, bar-u, ýok günälerimi geç diýip – gije-gündiz ýalbarmak. Bu sözler Hatyjanyň dünýäsinde täze bir işik açan ýaly boldy. Ol bu gürrüňlerden soň Muhammedi öňküden hem eý görüp ugrady. Adamsynyň aýdanlaryna ynanmak-ha, beýlede dursun oňa çyny bilen tabyn bolup başlady. Indi Muhammediň, oýlarynyň bir ulgamy onuň jan-jigerinden geçýän ýalydy. Muhammet indi otuz sekiz ýaşapdy. Ol özüni undupdy. Işi gündizi agşamy, gijesi ýok, metjide gatnap, belent Taňra doga-dileg edip oturmakdy. Ol şu döwürde eýýäm ýetişen gyzlary Rukaýa bilen Umm Gülsümi atasy, Mekgäniň baý kethudalarynyň biri Abdyl Uzzanyň ogullaryna bermäge ýetişipdi. Olara arada Ebu Talyp durany üçin beripdi. Onsoň hem ol Abdyl Uzzany birneme pälinden gaýtararyn öýdýärdi. Emma ol şindi-şindem pälinden gaýdar ýaly däldi. Gabady gelende, henizem Muhammede ýoknasyzyny atyp galýardy. Ol uly gyzy Zeýnebem Hatyjanyň garyndaşlaryna, Abd Şams urugynyň işi oňuna barýan adamlarynyň biriniň ogluna durmuşa çykarypdy. Gyzlar baran ýerlerinde oňjak bolup, ejelerine, kakalaryna azarlaryny ýetirmejek bolup jan edýärdiler. Hakykatdan hem olaryň azary häzir-ä Hatyja bilen Muhammede ýetenokdy. Öýde çaga ugrundan bir Patma galypdy. Olam keýik çagajygy ýaly, buýsançly galkajaklap, ejesiniň, kakasynyň ýüreginiň bagy bolup ýördi. Öýde indi güzeran aladasy birneme azalypdy. Hatyjanyň özem Muhammediň, güzeran üçin onda-munda ýortup ýörmegini islänokdy. Onuň göwni Muhammediň, kalbynyň rahat bolaryny isleýärdi. Günleriň birinde Muhammet metjitden çykdy-da, Ebu Talybyň öýüne bardy. Bu günler Mekge iliniň başyna açlyk belasy juda uly apat bolup inipdi. Ol diňe bir çala oňşuk dolaýanlary däl, men-men diýen baýlary, gurply kişilerem haldan düşürýärdi. Ebu Talybyň içerisi halys tozupdy. Gol doly çil-çülpe çaga, öňüne kesek goýsaň hem gemirjekdi. Bu ýagdaýy gören Muhammediň ýüregi erbet awady. Ol Ebu Talyplardan çykyp, agasy Apbasyň ýanyna bardy, Özünden sähel ýaş ululygy bolansoň, Muhammediň, sözi Abbas bilen gowy alyşýardy. Deň-duş bolsalar-da, Muhammet oňa «agam» diýip, mertebesini belent saklaýardy. Aby zemzem guýysynyň ygtyýary elinde bolany üçin Abbasyň güni güzerany erbet däldi. Ony Muhammediň, bir halamaýan zady, Abbas güni, hal-ýagdaýy goş bolansoň birneme meýlis halardy. Gazananyny araga berenini ýagşy görýärdi. Şonuň üçin bu ýagdaýy agasynyň ýüzüne aýdyp bilmese-de, ony ýagşy görübem baranokdy. Birki gaýta agasyna «arak içmeseň gowy bolmazmy?» diýibem aýdypdy. Emma Abbas: «Mekgede arak içmeýän barmy?» diýip onuň sözüne kän bir gulak hem asjak bolmandy. Muhammediň, özi welin arak-şerapdan beýleki keýp berýän zatlardan azatdy. Abbas Muhammediň, gelenine begendi. Oňa öýe girmäge mürähet etdi. Muhammet agasynyň mürähedini kabul etdi. Onuň bilen bir düşegiň üstünde, bir saçagyň başynda ep-esli oturyp, derdinişdi. Onuň ýüki ýeňläp giden ýaly boldy! – Agam, meniň seniň bilen etmeli bir maslahatym bar! – diýip, Muhammet söhbetiniň ahyrynda aýtdy. Abbas bilesigelijilik bilen onuň ýüzüne garady. – Aýt, inim. Menlik näme iş bolsa, çekinmegin. Bitirmesem, haşamylardan bolmadygymdyr. Muhammet hem onuň gözlerine garady. – Ýöne sen meniň diýenimi etgin. Abbas keýpiçaglyk bilen: – Aýt, aýt diýdim-ä, seniň göwnüň ýykylandan meniň göwnüm ýykylsyn. Muhammet üçin ýol açylan ýaly boldy. – Agam Ebu Talybyň, gol doly çagasy bar. Güni juda kyn. Güzerany agyr. Abbas ony makullady. – Araplarda «garyby çaga basar» diýen bir gep bardyr. Agam juda garyp düşüpdir. Oňa-da özi günäkär, Käbe aýmançasynda oňa gaty kän pul, mal, haryt düşýär. Özi keçje bolany üçin, şonuň ýeke böleginem alanok. Şonuň ýerine agaň Abdyl Uzza bolan bolsaňy, onda tutuş kowmuny eklärdi. Muhammet ony saklady. – Gel, şol adamyň gürrüňini etmäli. Sen meni diňle. Abbas az-kem ýuwaşady. Muhammet agasynyň ýene-de bir topar sözi ara ataryndan çekinip, öz pikirini aýtdy. – Agam Ebu Talyba kömek edeli. Sen bir çagasyny ogullyga al, menem birini alaýyn. Abbas oýlandy-oýlandy-da, razy boldy. Şondan soň olar tirkeşip Ebu Talybyň öýüne gitdiler. Muhammet garaýagyzrakdan dogumly, gözleri gujurlykdan ýaňa ýanyp duran Alynyň elinden tutdy. Soň bir bölek çöpürden ýüp işip oturan Ebu Talyba ýüzlendi. – Agam, Alyny maňa ogullyga berermiň?! Ebu Talyp işden boşan eline tüýkürmek üçin ony agzynyň ýanyna eltip, Muhammediň, ýüzüne geň galmak bilen bir garady. Soň aýasyna tüýkürdi-de, ýüpüni işip durşuna: – Han-a, çagalar, halanyňyzy ediň! – diýip aýtdy. Bu söz Abbasa-da ýarady. Ol hem Ebu Talybyň uluja ogly, ýaňy işe ýaraýan Akylyň gujurlyja golundan tutdy. Hatyja ir bilen metjide giden Muhammediň, Gün Käbe daglaryndan aňry aşansoň hem gelmeýşine, geň galyp, ynjalman otyrdy. Ol gullarynyň birini onuň yzyndan ibermek barada pikir edip durka, Muhammet işikden girdi. Ol boýy az-kem kelteräk diýmeseň gujurdan hem-de dogumdan gözleri çyra kimin ýanyp duran oglanjygy Hatyja bakan itekläp goýberdi. – Patmanyň ejesi, ine, saňa gowy ogul getirdim! Agam Ebu Talybyň ogly, Aly jan! Hatyja begenjinden ýaňa nähili ýerinden turanyny hem duýman galdy. Gelip, az-kem ýadyrgap duran oglanjygy gujaklady-da, onuň maňlaýyndan ogşady. – Aly jan oglum! – diýdi-de, ony bagryna basdy. Alynyň gelmegi bu öýi öňküsinden birneme janlandyrýan ýaly boldy. Ol diňe bir ogullyk mähribanlygyny kabul edip ýaşaman, agasynyň, Hatyjanyň, iç-daş, getir-elt, tur-otur ýumuşlaryna-da ýarap başlady. Muhammet Ala bolan üýtgeşik söýgüsine haýran galýardy. Ol ony Abdyl Mutalybyň özüni söýşünden hem artyk söýüp başlady. Edil atasynyň, soňra bolsa Ebu Talybyň özüne bolan mähribanlygyny, hormatyny bu oglana hem edip başlady. Indi ýanynda Aly bolmasa, ol elini tabaga uzadanokdy. Alynyň adyny ezizläp «oglum» diýip tutýardy. Hatyjanyň Ala bolan mähribanlygy hem juda üýtgeşikdi. Hatyja Muhammediň, bu batyrgaýlygyny öwüpdi. Şonuň üçin Muhammet hem Hatyjadan köp-köp razy bolupdy. Aslynda Muhammet indi Hatyjanyň göwnüniň özüniňki bilen ýag bal ýaly, garyşyp gidendigine juda begenýärdi. Onda «meniň şu işimi Hatyja makullaman durmasa», «men şu ili etdim weliň Hatyja näme diýerkä?» diýen ýaly gümanly ynjalyksyzlyk hiç haçan bolanokdy. Muhammediň, her bir çözgüdi şu ýerde kanundy. Ony makullamak bilen boýun bolýan hem ilkinji Hatyjanyň özidi. Ol Alynyň gelmegini hem kanuny bolmaly zat diýip kabul edipdi. Şol kanuny bozman, gaýta ony her gün mahabatlandyryp ýaşaýardy. Şeýle günleriň birinde olara Muhammedi emdiren Halyma geldi. Ol aglady. – Eziz balam, ejeň gedaý galandyr. Doganjyklaryň... Muhammet bilen Hatyja bu mähriban aýaly töre geçirip onuň öňüne saçak ýazdy. Saçagyň üstüne öýde bar iýmitlerden nazy-nygmatlardan goýuşdyrdy. Halymanyň tagam-beýleki bilen işi ýokdy. Ol derdini aýdyp, tükedip bilenokdy. – Eje jan goý, aglama, näme hekaýat boldy. Sen howlukma-da gürrüň ber. – diýip, Muhammet ony başardygyça ezizläp, hoşamaýlaýardy. Halyma gözýaşyny süpürdi-de, ýagdaýlaryny gürrüň berip başlady? – Jan, oglum, nebir günümiz bardy. Göz boldumy, dil bolumy, bilmedik. Gurakçylyk diýen bir bela, ýowuz apat üstümizden indi. Bar malymyzdan el ýuwdurdy. Kiçi gyzymyzy gyrnak edip satdyk? Ähli maýalygymyzy bokurdakdan geçirdik. Muhammet gynanç bilen başyny ýaýkady. – Beýlekiler ýagşymy, ýa-da her kimiň gören görgüsi meňzeşmi? Halyma öňküden hem bert beterräk ýandy. – Banu Saad taýpasynyň adamlarynyň ählisiniň başyndan indi bu bela. Adamlar indi açlykdan gyrlyp başladylar. Muhammet şol günüň ertesi Hatyja bilen maslahatlaşyp, ejesiniň gyrnak edilen gyzyny yzyna satyn alyp berdi. Soň oňa ep-esli mal, haryt, azyk berip, ýöne çarwasyna ugratdy. – Eje jan gözümiň üstünde onuň bardyr horlanmaň, gelip duruň. Biziň öýümiz, biziň bar zadymyz siziňkidir. Muhammet bu sözleri Halyma onuň beren ummasyz zadyndan hem güýçliräk täsir etdi. Ol ogly bilen tiz Mekgeden çykýança derdinişip gitdi. Ýolaýyrtda bolsa ondan minnetdar bolup sähra siňip gitdi. Muhammet Banu Saad taýpasy açlykdan çykýança, ejesine doganlaryna kömegini gaýgyrmady. Aly bu içerä basym öwrenşipdi. Ol özüne edilýän mähribanlygy juda aýawly tutýardy. Ony her sözi, her bir hereketi bilen alkyşlaýardy. Onuň Muhammede bolan hormaty, Hatyjany janyndan eziz görşi, bu ýerde üýtgeşik ýakymlylyk döredýärdi. Aly indi ýeke-de däldi. Ol bir paýlanyşykda Hatyja ýeten gul bilen oýnaýardy. Ol oglanjygyň ady Zeýitdi. Zeýit diýseň edepli, işeňňir hem-de zehinlidi. Bu oglanjygyň edebi, özüne, agasyna, gelnejesine üýtgeşik hormat goýşy Alyny haýran galdyrýardy. Aly hem ony sylap, oňa hormat goýup başlapdy. Hatyja Muhammediň, özüne, çagalaryna, ile-güne mähribanlygyna haýran galýardy. Onuň özem indi garrylygyň gädiginden bakyp ugrapdy. Muhammediň welin men diýen wagtydy. Ýöne ol Muhammediň, özüne bolan söýgisiniň gün-günden güýjeýändigini duýýardy. Hatyjany garratmaýan duýgularyň biri şoldy. Hatyja Muhammediň, Ala bolan atalyk hormatyny, indi bolsa Zeýdi tüýs ýürekden gowy görşüni synlap, juda begenýärdi. Şonuň üçin ol günleriň birinde säher bilen Muhammede ýüzlendi. – Kasymyň kakasy, Zeýdiň edep-terbiýesini nähili gördüňiz? Muhammet hoşamaý ýylgyrdy. – Ynsan balasynda beýle edeplisem bolar ekeni, Patmanyň ejesi. Aly jan ýaly, ol hem biziň öýümize ýaraşyk berýär. Arman gul ady bar-da. Hatyja onuň garaşman duran ugrundan bardy-da, Muhammedi örän begendirdi. – Men şol oglanjygy saňa bagyşladym. Muhammet bu duýdansyz şatlyga iki bolup bilmedi. Ol örän hoşal boldy. – Enşalla, sen ýalkanarsyň, ezizim... Şondan iki ýyl geçenden soň olara Zeýdiň kakasy geldi. Ol Zeýdi görüp, naçarlady. Soň Muhammet özelenip ýalbaryp ugrady. – Men oglum üçin geldim. Eger agramyna barabar gyzyl diýseňiz, hem men razy. Aýdyň, bahasyny. Muhammet bu adamy törüne geçirdi. Ony hormatlap, myhman aldy. Oňa ýadyndan çykmaz ýaly, hezzet-hormat etdi. Soňra Zeýdi kakasynyň ýanyna çagyrdy. Şondan soň oglanyň kakasyna ýüzlendi. – Ine, ogluňyz siziň biçak edepli ogluňyz bar. Onuň ezizden näzik ýüregi bar. Ol biziň gulumyz däldir. Ol biziň oglumyzdyr. Ol Zeýde ýüzlendi. – Oglum, kakaň seni sorap gelipdir. Meniň ýüzüm ýüzüňe düşen gününden, men seni azat edendirin. Alnyň-bagtyň açyk bolgaý! Zeýit aglady. Bu agy ogluň ata gowuşmagynyň däl-de, özüne mähriban bolan ynsanlardan aýrylan ýüregiň üzülmesiniň sesine çalym edýärdi. Ol kakasynyň aýagyna ýykylyp, müňňürmäge başlady. – Kaka jan, sen meni alyp gitme. Ynan dünýäniň ýüzünede bular ýaly maňa mähriban bolan ynsan ýokdur. Meni şu eziz adamlardan aýyrma. Bary bir indi men olarsyz ýaşap bilmerin. Zeýdiň kakasy dözmedi. Ol şeýdip, şirin janyndan syzdyryp ýalbaryp oturan ogluna dözmedi. Ony bu adamlara goýup gitdi. Zeýdiň bu bolşy Muhammede gaty güýçli täsir etdi. Ol oglanyň bu yhlasyny ýöne goýmady. Şol günüň özünde üç sany adamy çagyrdy-da, şolaryň şaýatlygynda, Zeýdi ogullyga aldy. Indi onuň göwni birneme rahatlanan ýalydy. Öýünde iki ogly-Aly bilen Zeýit bardy. Gyzy Patma bolsa, gyzyl gülüň gunçasy ýaly, bark urup açylyp gelýärdi. Hatyja bolsa Muhammediň, synan göwnüniň seýikçisidi. Aran çagy onuň kalbynyň melhemi, köňlüniň armançysydy. Şeýle rahatlyk Muhammede gije-gündizi, ýadaman-ýaltanman doga okap, Belent-Taňra dilegçi bolmaga hemaýat berýärdi. Indi onuň Taňra ýakyn bolup, oňa şükrana aýtmakdan başga aladasy ýokdy. Bu gün hem ol gyrmyzy kekeçli horaz gygyrmazyndan hem ir oýandy. Süňňüni tämizledi. Ýuwundy. Soňra öz jaýyna baryp, tä daň atýança doga okady. Mekgäniň Güni dogar-dogmazda bolsa Käbe aýmançasyna golaýrakda ýerleşýän hrama bakan ugrady. Ol ýolboýy belent Taňrydan özüne abraý bermegini dileg edip gelýärdi. – Eý, Allam! Men bu dünýäden päk, abraýly, saňa bolan ynanç bilen ötmäge hemaýat et! Onuň şeýleräk pikirler bilen köne adamlaryň käte bir gelip togap edip gidýän hramyna girenem şoldy, birdenem Käbäni gurýan adamlar wagyrdaşyp, onuň daşny aldylar. Kalbyny, ynsabyny asuda saklap ýören soňky döwürlerde ynsabynyň ruhyny diňläp, daşarky dünýäsini tas undaňkyrlan Muhammet bu goh-galmagala oýanan ýaly boldy. – Adamlar, size näme gerek? Ol gorkmaz ýaly däldi. Häzirki wagt-da Mekgede her hili erbetçilik ýüze çykyp durdy. Birtopar adamyň mukaddes Käbäniň hazynasyny getirip gitmeginden uly masgaraçylyk bolubam biljek däldi. Şonuň ýaly haramzadaçylyga eli barýan adamlardan her zada garaşaýmalydy. Onsoňam Käbäniň zatlaryny ogurlap giden adamlardan diňe biri tapylyp ol hem jezalandyrylypdy. Galanlary bolsa gözlenip ýördi. Şonuň üçin adama nähili töhmet etseň, günä ýükleseň hem häzir «şol dogry» diýen tapylýardy. Onuň üçin Muhammediň, bu goh-galmagala üýşemegini geň görer ýaly däldi. – Ine, şu adam! Muhammet töweregindäki adamlara garady. – Adamlar, size näme gerek? – Onuň ikinji sapar beren sowalyna hem jogap. berýän ýokdy – Ine, bize şu adamyň diýeni bolýar. Tüýs ynsaply adam! – diýip, dürli tire-taýpanyň adamlary ýerli-ýerden gygyryşýardylar. – Näme boldy, doganlar, aýdyň ahyryn! Ahyr soňunda oňa-da ýagdaýy düşündirdiler. – Sen gaýrat et-de, Hajerül eswedi (gara daşy). Käbäniň gurluşygynyň azabyny çekip ýörenleriň ählisiniň eli deger ýaly et. Ýa-da bize bu işe bir ýagşy maslahat ber. Bolmasa bu adamlar gygyryşjaklar. Bu işden gan ysy gelýär – diýip, adamlar ýerli-ýerden oňa ýüzlendiler. Muhammet diňe şondan soň nämäniň nämedigine düşündi. Ol Beni şeýbe hramyndan çykdy-da, Käbä bakan ýöredi. Käbäniň töweregi durşuna gurluşuk enjamlary, daş, tagta, dürli ölçegdäki kerpiçler, suwly gaplar, kut-kut bolup ýatyrdy. Hajerül eswed bolsa bir gyrada goýlupdyr. Oňa barmagyny batyrmaga milt edin bilýän ýokdy. Çünki, kim barmagyny batyrsa, onuň golundan gylyç salmaga taýýar adamlar bardy. Muhammet uzak oýlanmady. Ol adamlara ýüzlendi. – Bir uly mata getiriň! Adamlar her tarapy üç ädime golaýrak uly matany getirdiler-de, Muhammede berdiler. Muhammet matany Käbäniň ýeňündäki aýmança ýazdyrdy. Soň üstüne öz donuny ýazdy. – Gara daşy getirip şonuň üstüne goýuň. Adamlar gara daşy getirip, Muhammediň donunyň üstüne goýdylar. Soňra hemmesi sadyklyk bilen Muhammediň, ýüzüne garadylar. – Indi her kim şu matanyň bir gyrasyndan tutsyn. Bu ýerde her bir tire-taýpanyň däl şu ýere üýşen adamlaryň hemmesi diýen ýaly bu gara daşy götermäge gatnaşdy, ýagny şol matanyň gyrasyndan tutdy diýip boljakdy. Olar şol gara daşy Käbäniň gündogar-demirgazyk burçuna çenli göterdiler. Şol ýerde emaý bilen goýdular. Muhammet ýene-de adamlara ýüzlendi. – Eziz doganlar gara daşy ýerinde diňe bir adam goýmaly. Şony maňa ynansaňyz, eger soňundan eýle-boldy, beýle-baldy diýip gep etmejek bolsaňyz, onda men goýaýyn. Siz şoňa razymysyňyz. – Razy! – Biziňem islegimiz şol. – Özüň goý, özüň... Gan dökülmese razy, bolup duran adamlaryň egninden ýüki aýrylan ýaly boldy. Muhammet gara daşy ýüzüne togap etdi-de, ýerden bir ýarym metr töweregi ýokarda, Käbäniň işiginiň gapdalynda taýýarlanylan ýerine emaý bilen oturtdy. Adamlar rahatlyk bilen dem aldylar. Bu waka adamlaryň ýüregini penjeläp. Olaryň gazap atynyň jylawyny oýnap duran zady aradan aýran ýaly boldy. Ebu Talyp inisiniň ýüzüne buýsançly garady-da: – Bu Adamlaryň köpüsiniň galan ömri sendendir, inim. Sen sil bolup akmaly gana, çykmaly ençe-ençe jana bent goýduň. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: – Sizden owal geçen ymmatlardan size ýokşan belalar – göripçilikdir hem-de biri-biriňizi ýaman görüp, ýigrenip, duşmanlaşmakdyr. Bu ýaman sypatlar misli ýiti päkidir. Saçyňyzy syrar diýdigim däl, belki, diniňzi, imanyňyzy syryp aýrar. Rowaýat: «Hajerul Eswet» – Gara daş öň Ebu Kubeýs dagynda gaty berk goralyp saklanýardy. Ol Ybraýym pygamberiň haýyşy boýunça Jebraýyl perişde tarapyndan getirilip, Käbäniň bir burçunda goýlupdyr. Muhammet pygamber ony her sapar görende: – Men pygamber gönderilmänkäm, Mekgede maňa salam beren daşy heniz hem tanaýaryn. Ol – Hajerul Eswetdir – diýermişin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |