17:26 Muhammet pygamber -16: romanyň dowamy | |
ÝEDINJI BÖLÜM 1. Eý Muhammet (s.a.w), takyk, biz saňa Köwser atly derýany (köli) berdik. Gurhan. 108-nji süre. 1-nji aýat. Taňrynyň güni darydan köp diýleni adama ömür dowam edip dur. Muhammet sakal-murtuna düşen ak gyllary synlanda, biygtyýar ýylgyrýardy. Araplarda «kyrk boldy, pyrk boldy», ýagny ýaşyň ýetse, ömrüň depesine çykdyň, indi aňyrda näme ýol bar» diýen ýaly manyly bir söz bardy. Ol indi halys garran Hatyja bilen süýji ömür sürmäge öwrenişipdi. Onuň bu mähriban aýal bilen ýaşan on bäş ýylynda özem bir ömre barabardy. Muhammediň aýratyn guwanýan zady, Hatyjanyň oňa bolan çyn söýgüsi, üýtgeşik mähribanlygy köşeşer ýaly däldi. Ol eziz zenan dünýä, göýä Muhammediň aýdanlaryna «bor» diýip hemişe güwäçisi bolmaga, hemaýatçysy bolmaga inen ýalydy. Ol zenan Muhammet üçin armany, ýadamany biljek aýal däldi. Muhammediň özüniň hem isleýäni şeýle durmuşdy. Ol indi gije-gündiz çekýän takaty bilenem oňaýanokdy. Onuň göwni asman, daglar görnüp duran, sähralar eliň aýasynda ýaly bolup duran beýik daglara git diýýärdi. Muhammet bir gün içeri sygmady. Soň tutuş Mekge şäherine sygmady. Ol Hatyja öz derdini aýtdy. – Eger daga gidesiň gelse, goý, taýýarlyk görsünler. Suw, külçe, gowurma, taýýarlasynlar. Dag diýeniň barylmaýan ýer däldir Kasymyň kakasy. Akylly adamlar hemişe-de göwni gysylanda daga çykýandyr Senem git... Hatyja Muhammediň, takwalygyny, onuň käte öýe, ile sygman ýörşini özünden hem görmän duranokdy. «Men ony ogully edip bilmedim. Doglanlary-da Kasymym, Abdyllam, Tahyrym bizi taşlap gitdi. Gyzlarymyz ýaşap ýör-ä. Olar hem ýaşap ýören bolsalar bolmaýarmy?! Ýöne, Muhammediň, aýdyşy ýaly, Beýik Taňry bermese nädeli...» Ol Muhammediň, ogullyklaryny - Aly bilen Zeýidi jany-dili bilen söýşüni görüp otyrdy. «Eger Muhammediň, öz ogly bolan bolsaňy, olardan hem müň esse artyk söýerdi. Wah, näme üçin sen maňa irräk öýlenmediň, agam ogly! Sen maňa: «On ogul dogur» diýsedem dogrup bererdim ahyryň...» Hatyjanyň Muhammetden ýöne bir halys -alla razy bolýan ýeri, ol eýýäm elli bäş ýaşyndady. Muhammediň, welin söýjek, gezjek, guwanjak wagtydy. Ol juwan zenanda tapjak hyjuwly yşkyny, heniz dem degmedik näz-kereşmesini özünden tapmajagyna düşünýärdi. «Belki, häzir ýaş, näzikden owadan gelni bolan bolsaňy, Muhammet öýe sygman ýörmesede, ýörmezdi» diýip, Hatyja pynhandan pynhan oýlanýardy. Emma Muhammet özüne ogul dogrup berjek ýaş zenana öýlenmek barada pikir etmek-hä beýlede dursun ol gaýta Hatyjany täze möwç bilen gyzgyn söýýärdi. Bu mähriban zenanyň mertebesi beýik daglardan hem belent saklaýardy. Ine, şony duýansoň, Hatyja Muhammedi älem-jahana taý görýärdi. Hatyja Muhammedi şeýle duýgular bilen Hyra dagyna ugratdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |