17:30 Muhammet pygamber -17: romanyň dowamy | |
2. Takyk, biz Kurany (onuň başlangyjyny) gadyr gijesinde iberdik... Gurhan. 97-nji süre. 1-nji aýat. Hyra dagy Mekge jülgesinden demirgazyk-gündogara garap aýrylýan deräniň göbegi deýin, jülgä böwür berýän kese burunly dagdy. Ol beýle bir gaty belent bolma-da, demirgazyk tarapyndaky goltukdan aýlanyp depesine çykjak bolsaň, demiňi içiňe düşürýärdi. Asyl, dagyň depesine çykýançaň, birki ýerde oturyp dynç almaly hem bolýardy. Bu daga Muhammediň ilkinji çykyşy däldi, Ýaş wagtlary oglanlar bilen şu töwereklere goýun bakmaga gelende, olar bu daga ýigdekçe höwesi bilen çykardylar. Şonda bu dag olaryň gözüne juda belent -bolup görünýärdi. Ondan bäri gaty köp ýazlar aýlanypdy. Ýöne belent dada çykmak», asmana ýakynlaşmak, gögüň göz ýetmeýän gatlaryna seredip oturmak, Muhammediň çagalykdan bäri ganyp bilmeýän yhlasydy. Arada öýe gelen ejesi, Halyma Muhammediň dört ýaşynda gaty belent daga çykyp asmana garap oturanyny, şonda özüniň gaty gorkandygyny ýöne bir sapar gürrüň beripdi. Muhammediň özem şol wakany şeýle aýdyňdan anyk bilýärdi. Ol tämiz asmanda şonda gören juda belent şamçyragyny, oňa owsunýan ap-ak jandarlary, olaryň diýseň üýtgeşik owazyny, heý ýadyňdan çykaryp bilermidi?! Indi çagalygyndan kalbynyň töründe, ýüreginiň urmasynda galan şol süýji duýgular ony öz erkine goýmaýardy. Ýüregi her sapar uranda, şol duýgular ýadyna düşüp, şoňa gark bolasy gelýän ýalydy. Muhammet Hyra dagynyň depesine çykdy. – Eý, Allam! – Onuň agzyna alan ilkinji sözi şol boldy. Hyra dagynyň üsti seleňdi. Bu ýerden Käbe jülgesine, ondan aňyrda, tä asmanyň gujagyny dolduryp duran lemmer-lemmer akja bulutlara garylyp gidýän daglaryň suduryna çenli aralyk eliň arasyndaky ýaly, aýdyň görünýärdi. Bu ýerde ýakyp-ýandyryp barýan jöwza ýokdy. Salkyn şemal Muhammediň bu belentlige gelenini mübärekleýän ýaly, onuň derçiräp duran ýüzüni, eginlerini gujaklap ogşaýardy-da, onuň köňlüne mylaýym aram berýärdi. Muhammet göm-gök asmana uly tamakinçilik bilen garady. Birdenem... Hawa, birdenem, ýene-de şo-ol çagalygyndaky şirinden-şirin söhbete gözi düşdi. ...Şol belent Şamçyrag älem-jahana nuruny seçeläp, görlüp-eşidilmedik ýumşaklykda, näçe garasaň-da, gözleriňi çarhlamaýan, ýüpekden hem müň esse näziklik bilen ýanyp durdy. Şo-ol ak guwa meňzeş, akja, parlak ganatly jandarlar täsin nyzam bilen beýik Şamçyraga owsunýardylar. Birdenem gaýnap duran çeşme suwunyň näzik terpenmesi kimin üýtgeşik bulduraşyp, müň dürli öwüşgin bilen yzlaryna dönýärdiler. Soň bolsa: «Eşhedi en-nä, ilah-il-allahi!...» diýişip, adam-oglunyň heniz eşitmedik owazyny edýärdiler. Beýle owazy Muhammediň özem diňe çagaka kiçi dagyň üstünde eşdipdi. Bu owaz onuň şol eşiden owazydy, özem hiç haçan ölmeýän, peselmeýän öçmeýän owazdy. Muhammet tä garaňky düşýänçä, butnaman gökden nazaryny aýyrman oturdy. Ol üýtgeşik tomaşa gijäniň garaňky atlazynyň böwrüni köz bolup deşen ýyldyzlaryň aňyrsynda galdy. Ol goş-golamyny, suwly jürdegini aldy-da, Hyra gowagyna girdi. Bu gowaga barmak üçin Hyra dagynyň depesinden Mekge garap ugrap, dagdan bäş-alty ädim aşak inmelidi. Inelge juda howplydy. Aýagyň taýyp, gaýadan uçaýmaz ýaly, diýseň seresap ýöremelidi. Muhammet dagyň bilinde ýerleşýän gowagyň ýekeje adam sygar ýaly agzyndan mübärek başyny ep-esli egip, içeri girdi. Soňra gowagyň iki adam arkaýyn namaz okap oturybermelije böwrüne geçdi-de, ýel-suw bolan donuny çykaryl, epläp aşagyna ýazdy. Ýapynjasyny başyna büräbem, tä daň atýança doga-dilegler edip oturdy. Hatyja adamsy ilkinji iki gije öýe gelmän wagty, otly köýnek geýen ýaly boldy. Ol ekabyrrak gullaryny Hyra daga, Mekge jülgesiniň ugruna ideg üçin ugratdy. Muhammet Hyra dagyna gelenden soň hiç zat iýenok diýen ýalydy. Ol öz ýanyndaky külçesini gowurdagyny, suwuny jülgede mal bakyp ýörenlere berýärdi. Mukaddes Remezan aýy gelip ýetipdi. Muhammediň bu agyz beklenilýän aýda ýöne-de Hyra dagyna gitjegini Hatyja anyk bilýärdi. Çünki Muhammet bu aýa aýratyn, yhlas bilen taýýarlanýardy. Bu aý düşdügi semiz düýelerinden öldürip garyp adamlara paýlaýardy. Muhammet Hyra dagyna Remezan aýynyň başyndan gidişinden, on güni geçirip geldi. Onda-da Hatyja, gullaryň birini onuň yzyndan iberen soň öýe dolandy. Onuň agzy beklidi. Ýöne birneme horlanyp, çekilişen ýüzünden bigünä, neresse bäbejigiňki ýaly balkyldap duran goýun gözünden nur seçelenip durdy. Agşam ol agzyny öz öýünde, hurma bilen açdy. Soňra arpa çöregi bilen az-kem peýnir iýdi-de, ellerini ýuwdy. Muhammediň soňky döwürlerde juda ynjalyksyzlanýandygyny Hatyja aňýardy. Şonuň üçin ol gorkup, bu barada Muhammet bilen gepleşesi gelýärdi. Onuň ynjalyksyzlygynyň sebäplerini bilesi gelýärdi. Emma Muhammediň, gözlerine gözi düşdigi, ol öňünden “ony soraryn, muny soraryn» diýip edip oturan oýlaryny unudýardy. Onsoň, Muhammede azar bermänini kem görenokdy. Öýde ýagdaýlar gowudy. Güzeran dolamak üçin harç, harajat ýeterlikdi. Durmuşa çykarylan gyzlar gepsiz-gürrüňsiz ýaşaşyp ýördi. Patma arap gyzlarynyň bolşy ýaly, öýüň-işigiň, keşigine serenjam berýärdi. Tikin-çatyn, biş-düş öwrenýärdi. Ejesiniň ýumuşlaryna ýarap, Aý ýanynyň ýyldyzy ýaly bolup ýördi. Aly bilen Zeýit indi güzeranyň keşigini öz ellerine alyşdylar. Olar gullar, gyrnaklar bilen içeriniň, daşarynyň ýetmezini ýetirip, güzerana goldaw berip ýördiler. Onsoň, öýde alada edere zat ýokdy. Şonuň üçin Hatyja Muhammediň, soňky döwürlerde birneme horlanan ýüzüne zenan dözümsizligi bilen garady-da, oňa habar gatdy. – Başyňa döneýin Kasymyň kakasy. Saglygyň ýagşymydyr. Näme üçin gamgyn hasratly görünýärsiň? Muhammediň bir täsin häsiýeti bardy. Ol söwdanyň düşewündi, mal-halyň hasabyny, güzeranyň ýet-de, gütdeligini-hä däl, adamlar bilen gatnaşygyny, özüniň ruhy hem-de ahlak azaplaryny hem aýalyndan hiç wagt gizlemeýärdi. Onuň Hatyja bilen aralykda süläniň gabygy gizlin syry ýokdy. Şonuň üçin ol özüniň häzirki ýagdaýynam Hatyjadan gizlejek bolmady. Öz ýagdaýym-a özümem düşünemok, Patmanyň ejesi. Saglygymda kemçiligim ýok. Ýöne, düýşümde-de, huşumda-da kimdir biri: «Garaş, Hyra dagyna çyk! Özüňi juda päkize sakla! Köňlüňi giň tut!» diýýän ýaly bolup dur. Bu ýagdaý indi iki ýyldan hem köpe çekdi. Dogrymy aýtsam, men doglan günümden bäri bir merhum habara garaşýan ýaly bolup ýaşadym. Meniň adyma, köňlüme, ykbalyma, durmuşyma kimdir biri berkden-berk gözegçilik edip dur, men şony anyk bilýän, anyk. Ol ýagdaý häzir hem güýçlendi. Kimdir biri gelip, meniň bolşuma berk gözegçilik edip başlady. Ol käte hiç yzymdan aýrylanok. Men bu ýagdaýa çydamok. Käwagt aklymdan azaşarmykam diýibem gorkýan... Hatyjanyň hem meňzi saraldy. Ol adamsynyň bu ýagdaýy ruhy ýarawsyzlyklyk bolaýmasyn diýibem alada edýärdi. Ýeke bolmagy gowy görýän, gaýgyçyl, özünden dünýäden närazy adamlar, göwnüçökgünlige erkini aldyryp, soňam... Hatyja ýuwaşjadan: – Şol ýagdaýlar göwnüňe bolaýmasyn. Belki seni tebibe görkezeris, täleýiňe garadarys – diýdi. Muhammet başyny ýaýkady. – Meniň özümem käte-käte öz-özümi derňäp görýärin. Ýöne göwni çökgünlik ederim ýaly, durmuşdan nadyl bolarym ýaly bahanam ýokdur. Sen Meniň egnime döwletliligiň serpaýy bolup ýapyldy. Emma meniň ruhumda bolýan ýagdaýlar ol kemçiligiň, göwnüçökgünligiň alamaty däl. Şuny düşündirmek kyn. Meniň kalbym, aňym, duýgym häzir başgalarynyň elinde. Oňa häzir meniň güýjüm ýeter ýaly däl. Sen şoňa düşünýärmiň? Özüňem, olar kim? näme üçin meni beýle ýagdaýa salýarlar? Ine, şu sowallar meni horlaýar... Muhammet Hatyjanyň heniz-henizler nury synmajak ak, mapraç, juda owadan ýüzüne, ene maralyňky ýaly, mähribanlyk bilen balkyldap duran kirpikmen gara gözlerine hyrydarlyk bilen garap, başyny buýsançly göterdi. – Meniň Aýym-Günüm, Hatyjam! Sen gaýga batma. Ara-babalarymyz «sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýipdirler. Sabyr bilen garaşaly. Meniň aňyşymça, indi bu uzaga çekmez. Hatyja derdini paýlaşany üçin Muhammetden juda razy boldy. – Gör, Kasymyň kakasy, nirede bolanynda-da, nähili bolanynda-da, özüňe ýagşy bolanyny et. Biz seniň dilegçiň. Sensiz bize dünýäniň hözirem, şirin-şerbetem haram bolsun. Biz seniň başyň sadakasydyrys. Muhammediň pyýala ýaly, mukaddes dideleriniň nury parlap dökülen ýaly boldy. Onuň hälem hor, gussaly görünýän ezizden keramatly ýüzi açylan ýaly boldy. – Ejeňe, kakaňa rehmet bolsun, Patmanyň ejesi. Seniň bu hemaýatyň beýik Taňrynyň maňa nygmatydyr. Ol az-kem saklandy. – Men selällikden soň ýene-de Hyra dagyna gideýin! Maňa azyk, suw taýýarlaberiň! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |