17:32 Muhammet pygamber -19: romanyň dowamy | |
4. Belent-Taňry özüniň rehmetini (pygamberligini) özüniň islän bendesine laýyk biler. Gurhan. 3-nji süre, 75-nji aýat. Bu gün Hatyja üçinem aladaly gün boldy, Ol güni bilen Muhammediň, geljek ýoluna garady. Muhammediň araky aýdanlary indi onuň hem ýüregine berçinlenipdi. Nähilidir bir kuwwatly güýç oňa: «Sen Muhammede hemaýatçy bol!», «Sen Muhammedi golda!» diýip duran ýalydy. Ol öýländen soň halys oturyp bilmedi. – Kasymyň kakasy gelmedi-le! – diýip, häli-şindi sorady durdy. Patma ejesiniň bu bolşuny geň gördi. – Eje janym, ynjalykdan düşmäň, atam jan öňem gidip daglarda ýatyp gelýärdi ahyryn. – diýdi. Emma Hatyjanyň ýüregine hasrat inen ýalydy. – Ýok, gyzym, bu gün düýbünden başga gün. Gyzyna bu sözi näme üçin aýdanyna Hatyjanyň özem düşünmedi. Kimdir biri «Ol näme üçin başga gün!» diýip soraýanda-da, ol muňa jogap berip bilmezdi. Hatyja agşamara Hyra dagyna adam iberdi. Özi welin gürsüldäp, gursagyndan çykaýara gelýän ýüregini köşeşdirip bilenokdy. Ýarygijeler ol örän agyr duýgulary başyndan geçirdi-de, ylgaşlap daşary çykdy. – Muhammet! – diýip, misli älem-jahana taýlaýan eziz jübti halaly agyr derde sezewar bolan ýaly, gygyrdy. – Muhammet! Şondan gaty köp wagt geçmänkä Muhammedi öýe alyp geldiler. Ol häzir hem doňup galan ýalydy. Hatyja ony gujaklady-da, düşegiň üstüne geçirdi. Soň gözleriniň ýaşyny saklap bilmän aladaly sözledi. – Saňa näme boldy, agam ogly. Başyňa neneňsi apatlar düşdi seniň?! Gorkmaz ýaly däldi. Muhammediň hor, ysgynsyz ýüzi duw akdy. Ol henizem, nähilidir bir gorkudan ýaňa galpyldaýardy. Hatyja şol aljyraňňy halyna kimdir birine doganoglany Warakany çagyrtmak barada buýruk berýärdi. Emma Muhammet ony saklady-da, Hatyja ýalbarýan şekilde ýüzlendi. – Sen meniň ýanymdan aýrylma. Men ölerin. Men gaty gorkýan... Muhammediň dili az-kem dynjyny alandan soň birneme açylyşdy. – Iş harap! – diýip ol ynjyly aýtdy. Soňra özini ýagşy dürsedi-de, ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdi. Ol ýarygijeler adam sypatly äpet nuruň gelşini beýan etdi. – Ukuly-oýaly ýatyrkam ol meniň ýanyma geldi-de, üstüme abandy. Soňra elindäki ýaldyrawyk zady ýüzüme tutdy. Şol ýaldyrawyk zadyň ýüzüne hat bardy. Soňra onuň maňa: – Oka! – diýen buýrugyny eşitdim. Men oňa «okap bilemok» – diýip, jogap berdim. Ol ýüzi hatly, düýrlengi zady döşümiň üstünde goýdy-da, gysdy. Şol zadyň agyrlygyndan, demim tutulyp gitdi. Agyrysyndan bolsa janym çykara geldi. Ol hatly zady döşümden aýyrdy-da, ýene-de gazap bilen: – Oka! – diýip, buýruk berdi. – Men okap bilemok! – diýip, şol agyr zady ýene-de kükregime goýaýmasyn diýen gorky bilen zähräm ýarylan ýaly bolup aýtdym. Ol ikinji sapar hem şol hatly zady döşümden basdy. Ol yza öňkiň-soňkyň çeni däldi. – Oka! – diýip, üçünji gezek aýtdy. Men gorkyma: – Men okap bilemok. Näme okaýyn! – diýdim. Özümem ol şol agyr zady ýene döşüme goýar. Men indi beýle agyra çydap bilmerin. Janym çykar – diýen gorkudan ýaňa titräp aýtdym. Ol: – Oka! – diýdi-de, soň özi gürläp başlady. Men onuň oka diýen sözlerini gaýtalap başladym. Şondan soň ol inimi düýrükdiriji ses bilen: – Eý Muhammet! Sen Allanyň ilçisi! Maňa Jebraýyl diýerler – diýdi. Muhammediň gürrüň berýän zatlary Hatyjany agyr oýa batyrdy. Ol adamsynyň aýdyp beren sözlerini aňyna sygdyryp bilmedi. Ol sözler adam oglunyň aňynda düwüp, onuň diline geljek söz däldi. Şonuň üçin ol adamsyny köşeşdirdi. – Hany, agam ogly, gorkma. Saňa beýik Taňrydan ilçi gelipdir, gözüň aýdyň. Sen beýik Taňrynyň ilçisi bolupsyň. – Ol aýdýanlarym dogry gerek. – diýýän şekilde, ideglenip getirilen Waraka garap garady. Waraka okumyş adamdy. Ol öz wagtynda Injili, Töwrady okap-okap, gözlerini gideripdi. Ol indi garrap, sandan galsa-da, şol mukaddes kitaplaryň manysyna çümüp ýaşap ýören goja adamdy. Ol geçen pygamberleriň Hak-Taňry bilen ilkinji sapar aragatnaşyk açanlarynda nähili hala düşendiklerini şol kitaplardan okapdy. Ol Muhammediň hem nähili adam boljagyny onuň oglan wagtlaryndan bäri, iliň edýän gürrüňlerinden eşidip, bilýärdi. Şonuň üçin birwagtlar durmuşa çykjak bolup Hatyja ol barada soranda: «Ol bu adamlardan üýtgeşik ynsandyr» diýipdi. Ol Muhammediň, bu gürrüňlerini diňledi-de: «Sen indi Hak-Hudaýyň ilçisi – Pygamberi bolduň!» diýdi. – Şeýlemi! Menem şeýlemikä diýdim – diýip, Hatyja begençli sözledi. Waraka b. Newfel şol äpet zadyň sözüni ýene gaýtalatdy-da, azajyk oýlandy. Soň has ynamly, uýasynyň begenjine goşulyp, dabaraly gürledi. – Şol! Şol! Ol Musa pygamberiň ýanyna gelen Ruhul-Kuddusdyr. Ýagny, Namusy Ekberdir. Ol Hudaýyň ruhy şeklidir. Özem Mukaddes Ruh! Ony seniň ýanyňa Hudaý-Tagala iberendir. Başga hiç zat däldir. Ýöne gorkma. Köňlüň açyk bolsun! Hemişe paýhasly, pähimli bol. Ýöne käte onuň Iblis-şeýtan bolup seni oýnaýan wagtlary hem bolýandyr. Waraka b. Newfel tutuş ýaşlygyny, zehinini Musa pygamberiň Bäş kitaplyk wesýetlerini arapça terjime etmäge bagyşlap, şonda gözlerini aldyran adamdy. Ol şol Kitaplarda Hudaýtagalanyň täze, tä kyýamata çenli galjak pygamberiniň geljekdigini okapdy. Ol öňdenem oba arasyndaky gürrüňleri diňläp, oýlanyp, Muhammede şoldur öýdübem pikir edýärdi. Emma onuň hem birhilije ikirjiňlenmesi bardy. Nämüçin diýeniňde, Muhammet düýbünden sowatsyzdy. Ol hat-petek bilýän adam däldi. Musa pygamber, Ysa pygamber gelen-u, gursaklaryna ýazylan haty okap, soň ony halka ýetirýärdiler. Emma Muhammet ony edip biljek däldi. Warakanyň pikiriçe, käte şeýtanyň hem ynsanyň kalbyna girip, onuň ýüregine üýtgeşik was-wasylar salýan pursatlary bolmalydy. Şonuň üçin ol ýene-de Muhammede ýüzlendi. – Sen şol habary ýene bir sapar başdan-aýak aýdyp ber! Muhammet ýadaw aladaly, emma öňküden müň esse owadan eziz gözlerini ýumdy. Onuň gabaklaryndan nur syçyrap gitdi. Soňra az-kem sakyndy. Häzir Muhammediň köňül güzgüsinde üýtgeşik owaz külterleňip durdy. Ol şol gudratly sözleri aýtmagy niýet edinip, agzyny açanda, şol owaz kültemi, misli çöşlenen ýumak ýaly, seslere, sözlere, sözlemlere öwrülip başlady. – Bismillähirrahmänirrahiými! I. Ykra Bismi Rabbikellezi Halaka... Waraka başyny aladaly talawlatdy. – Bi, bi, Hakdan gelen! Hakdan gelen bi! Ony juda aýawly saklamaly! Ony ýazdyrmak gerek! Onuň ýatdan çykmagy mümkin! Onsoňam, howlukma! Ile aýan ediberme, entejik. Ol Hakdan gelen, başga bir zat däl!... Muhammet başyny ýaýkady. – Daglar-daşlar erär, topraklar tozar, meniň özümem eräp giderin emma bu habar ýatdan çykmaz... Onuň gara çynyňy. Şol habaryň ýumagy ýene-de düýrlendi-de, köňül güzgüsinde lowurdap, ýaýylmaga, owaz bolmaga taýýar halda saklandy. Onsoň heý, ony Muhammet undup bilermi?! Ol şu ýerde bir ýagdaýa düşündi. Onuň kalby, köňül aýnasy, dili, sözi äheňi, demi beýik Taňrynyň Sözüni ýaýmak üçin gerek eken. «Gör, men doglan günümden bäri näme üçin goraglanyp gezdim! Gör, meni näme üçin aýaýan ekenler. Ejemi, kakamy, söwer ýarymy, çagalarymy, ogullarymy men näme üçin çyn mähir bilen söýmeýän ekenim?! Meniň kalbym, gör, näme üçin juda arassa bolmaly eken. Haka bolan söýgi bilen ene, ata, aýala, çagalaryňa bolan söýgi bir kalba sygmajak eken! Beýik-Taňry meniň kalbymy juda mukaddes ýumuş üçin aýaýan ekeni...» Ol şeýle oýlardan soň, az-kem köşeşen ýaly boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |