17:50 Muhammet pygamber -21: romanyň dowamy | |
SEKIZINJI BÖLÜM 1. Biz seniň Kuranyňy eşitdik we biz boýun bolduk, eý biziň Belent-Terbiýeçimiz, seniň ýalkamagyňy dileýäris we hemmäniň barjak ýeri seniň ýanyňdyr. Gurhan. 2-nji süre. 287-nji aýat. Muhammet Hyra dagyndan gelende, Hatyjanyň gözleri onuň ýolunda galypdy. Titräp, ýüzi ak tam halda gelen Muhammet içeri girdi-de, düşege geçip, az-kem gyşardy. Soň özüni az-kem dürsedi. – Patmanyň ejesi, mümkin bolsa, Waraka doganymyzy çagyrsaňyz... Hatyja «Tizden-tiz gelmegini» sorap, Warakanyň yzyndan adam iberdi. Waraka kän garaşdyrman geldi-de, Muhammediň ýanjagazyna geçip oturdy. Soňra ol ýene-de bir möhüm habara garaşýan ýaly, gulagyny Muhammede garap tutdy. Muhammet içki howsaladan, hem-de kösenmekden ýaňa ýanan ýuka dodaklaryny ýalady. Onuň ullakan gözleri howsalaly balkyldap, nura çaýyldy. – Jebraýyl perişde ýene-de geldi. Onuň ýanyny alyp duranlar doňup galdylar. Ol ýuwaşja gepledi-de, Jebraýyl perişdäniň sözlerini gaýtalady. « – Eý Muhammet, sen Allanyň, pygamberi: Men – Jebraýyl!» – diýdi. Waraka welilik bilen başyny atdy. – Men aýtdym ahyryn! Men bildim ahyryn. Men mundan on bäş ýyl öňem seniň pygamber boljagyňy Hatyja aýdypdym. Ynanmasaňyz, han-a, özünden soraň, şeýle dälmi! Hatyja-da Muhammedi mübärekledi. – Ýöne, entek bu gürrüň üçimiziň aramyzda galsyn! Muhammediň bu sözi pygamberiň sözüdi. Indi oňa boýun egmezlige hiç kimiň haky ýokdy. Muhammet indi pygamberdi. Onuň pygamberligi ýap-ýaňy yglan edilipdi. Emma onuň borjy näme? Ol indi näme iş etmeli? Ony diňe Belent Taňry bilýärdi. Ol diňe garaşmalydygyna düşünýärdi. Ýene-de bir möhüm zat, ol indi özüni geljekdäki gaty uly ýumuşlara taýýarlamalydy. Muhammet özüniň pygamberligi baradaky habary eşidip, onuň agyr azabyny, jogapkärçiligini süňňüne-janyna siňdirenden soň, birden onuň aňynda üýtgeşik bar ýagdaý bolup geçen ýaly boldy. Ol bu uly ýumşuň öňünde özüni juda kiçi duýdy. Şonuň üçin agşam ýatanda gam-gussa batyp ýatdy. Bu jepaly, hasratly düne onuň gözlerine, edil Hyra dagynyň gowagy ýaly, dar, garaňky bolup göründi. Onuň köňli düýnem, edil gaýalaryň arasynda öz gözbaşynyň üstünde gaýnap duran çeşmeler kimin möwç alyp durdy. Emma indi... Ol irden turdy-da, öz bolşuna haýranlar galdy. Ol indi düýnki Muhammet däldi. Onuň hyýalyndaky şol dury çeşmejik, indi tolkunyp ýatan deňiz mysalydy. Bu jahan ony elýetmezligi bilen haýran galdyrýardy. Göz nirä nazar salsa, ýetip durdy, aňy nirä agram salsa, şonuň düýbüne çenli elekden geçirip durdy. Ol bu gije pygamberlik paýhasy bilen özüniň serpaýlanyna düşündi. Ol daşyndan şeýle elýetmez «serpaý» bilen sylaglansa-da, asla bildirenokdy. Gaýta, öňkisinden hem mysapyr, eziz görünýärdi. Ol indi öňküsinden hem az iýýärdi, az uklaýardy. Güni bilen otursa-da, sözlänok diýen ýalydy. Ol indi her bir deminiň, sözüniň, hereketiniň, pikiriniň Belent-Taňrynyň alynda hasapdadygyny bilýärdi. Onuň berk düşünişine görä, oňa dil Belent-Taňra alkyşlar aýtmak üçin berlipdi. Onuň köňlüni Taňra bolan umyt-yhlas eýelemelidi. Muhammet pygamber (a.s.m.) indi: « Ähli belanyň başy gep bilendir» diýip oýlanýardy. Ol gepi halamaýardy. Ol indi gepi gep edip, onuň-munuň ýüregini çişirip ýörenleri, has-da halamaýardy. Indi onuň üçin ähli zadyň başlanyşy hem-de tamamy Beýik Perwerdigär bilendi. – Alladan bidin çöp başy gymyldamaz! Ol ýene oýa batdy. «Beýik Perwerdigär meni näme üçin pygamber etdikän? Onda-da araplara!» Onuň üýtgeşik paýhas bilen balkyldaýan gözleri nura boýalyp, çalaja süzüldi. – Araplar Beýik Ýaradany unutdylar! Olaryň her tiresiniň öz hudaýy bar! Araplaryň köňlüni Belent Taňrynyň ady däl-de, mal-baýlyk, düne ýygnamak höwesi eýeledi. Indi olaryň gözüniň çeşmesi şol yhlas bilen hemişelik gömlendir. Olaryň mal-dünýä yhlasy – kör köňülleri, gözleriniň hem röwşenini aldy. – Araplar göýdük köňülleri, sokur gözleri bilen öz daşdan, agaçdan ýasalan hudaýlaryndan başga, Belent-Taňryny tanamaýarlar! – Mal-baýlyk, düne höwes araplaryň mukaddeslik duýgusyny kör etdi. Olar indi Taňry näme, gul, gyrnak näme, garyp, bende, naçar, ejiz näme, tanamaýarlar. Indi olarda ata ogly, dogan dogany, perzent ata-enäni har etdi. – Araplar üçin barly adam hudaý boldy, olar üçin baýlyk hudaý boldy. – Araplar baýlyga, özleriniň hudaýlaryna sejde edýän halk bolup galdylar. – Araplar indi ar-namysy, sylag-hormaty diňe mal-baýlyk bilen ölçäp başladylar. – Araplar indi öz gyz balalaryny diriligine ýere gömýän halk bolup galdylar. – Araplar Belent-Taňryny äsgermän, onuň guran sanýetmez Käbesini – ynsan köňlüni ýekeje söz bilen weýran edip başladylar. – Araplar Belent-Taňrynyň öýi bolan Käbäniň baýlygyna el urup başladylar. – Araplar o dünýäni unutdylar. – Araplar ahyrýet gününi unutdylar. – Araplar Beýik-Taňrynyň ahyrýet günündäki hasabyny unutdylar. – Araplar Alladan özge hudaýlaryň ýokdugyny unutdylar... Muhammet pygamber bu ýagdaýlary oýundan geçirip oturyşyna, başyny ýaýkanyny duýman galdy. Asyl, görse, onuň özem, bu halky düzýän tire-taýpalar hem agyr günäli, bulanyk, juda porsy suwly kölüň içinde ýaşap ýören bolsa näme. Ol muňa diňe häzir düşündi. Ol bu barada hiç haçan hem pikir etmändi. Ol özüniň araplara Belent-Taňry tarapyndan näme üçin pygamber edilip iberilenine indi düşündi. Ýöne ol bu agyr günäleriň henizem sanardan, ölçärden agdyklygyna düşünýärdi. Ol entek onuň bäri gyrasyny görýärdi. Şonuň üçin ol oýlarynyň arasyndan tisginip özüne geldi. – Adamlary bu bulanyk läheňiň agzyndan nädip almaly! – Olary Ýaradanyň tämiz nura beslenen röwşen ýoluna nädip düşürmeli. – Adamlaryň haram keýpe, mal-dünýä beslenip, kör bolan ynsabynyň gözüni açyp, nädip Hakyň ak nuruny görer ýaly etmeli! – Adamlaryň hapalanan köňlüni nädip arassalamaly! – Araplaryň mal-düne sözünden başga sözi bilmeýän, birwagtlar lal bolan zybanyny Hakyň ady bilen çaýkap, nädip tämizlemeli. – Olaryň dilini Beýik-Taňrynyň adyna tükeniksiz alkyş bilen nädip saýratmaly. – Olaryň köňlünden ynanjyndan daş, agaç hudaýlara bolan ynanjy nädip syryp-süpürip aýyrmaly. – Araplaryň şol daş bulutlara bolan ynanjyny ýeke-täk Taňra bolan ynanja nädip öwürmeli! – Olaryň köňli, ýüregi, gözi, gulagy, dili, eli, niýeti, üsti-başy Hakyň isleýşi ýaly, tämiz, mukaddes bolar ýaly, näme etmeli? – Olaryň mal-dünýä berlen ýüregini nädip Hakyň adyndan, Belent-Taňra bolan umytly owazdan doldurmaly! Muhammet oýlandygyça, özüni agyr hasratyň basýandygyny duýýardy. Ol ýekedi. Dünýäniň ýüzünde Hakyň yhlasyna, söýgüsine zar bolup, Taňrynyň didaryny gözläp ýören ynsan bar bolsa bardyr, ýöne pygamberlik berlip, tutuş bir bozulan, çüýrän, üýtgän halky ýola getirmek borjy boýnuna urlan onuň ýeke özüdi. Ol özüniň beýle juda agyr ýumşa taýýar däldigini duýdy. Onuň göz öňüne indi eşidiljek hapa sözler, sögünçler, igençler, gahar-gazap, agyr igençler, şyltaklar, dökülmeli ganlar geldi. Şol gan derýasyna gark bolup, gözi erbet gorkmasa, bu bozulan adamlaryň meýletinlik bilen Hakyň raýyna düşmejegine onuň gözi ýetýärdi. – Ol çekip-çydardan agyr igençler eşider, ýöne çydar! – Ony il bolup erbet masgaralarlar, ol çydar. – Ony urarlar, ol çydar. – Onuň maňlaýyn ýararlar, dişlerini döwerler, ol çydar. – Ony almaz gylyç bilen paralarlar, ol çydar. – Ony öz öýünden kowarlar, ol çydar. – Ony Käbeden kowarlar, ol çydar. – Ony Mekgeden, öz dogduk diýaryndan kowarlar, ol çydar. – Ol ýekeje zada, Belent-Taňra dil ýetirilse, şoňa çydamaz! Muhammet pygamber oýlanýardy. Oýlandygysaýyn onuň köňlünde umydyň çyrazjyklary ýylp-ýylp edil başlaýardy. Ýöne umyt uçguny lowlap ýanardan heniz irdi. Şonuň üçin onuň göwni çökgündi. Ol şu ýalňyz halyna munça ýüki bu ejizje egninde göterip bilmejegini duýýardy. Ylaýta-da, özüniň iş salyşmaly adamlaryny hyýalynda synlanynda, onuň ýüregine howlaýan otlar düşüberýärdi. Şondan soň onuň tutuş süňňi gagşap başlaýardy. Ol şol oturşyna başyny ýaýkady. – Eger, agam Ebu Talyba, «agam, sen öz hudaýyň bolan Hubaly Käbe aýmançasyndan ýok et» diýeýin?! Ol Meniň kelläme daş bilen urup, ony owratmazmy? Hubal onuň din-imany, şirin jany dälmidir?! Muhammet pygamber ýene-de oýa batdy. – Ýa-da agam Abbasa: «Jan agam, Aby zemzem guýusynyň suwuny pula satyp, haýryny özüň görmek günä bolar» diýsem, ol meniň damagymy pyçak bilen tersine çalar. Bu suwly guýy onuň güzeranynyň döwlet guşy ahyryn. Ol bu mugt gazanja öň nädip ýetdi. Ol Al Walide: – Sen daşdan-ýasalan bulutlara çokunyp ýörme, sen Ýaradanyň ýoluna düş» diýer. Onsoň sen Al Walidiň şerraýlygyny bir synla. Ol bu pygamberi il içinde şeýle bir masgaralar, hoşuňa gelewersin! Ýa-da öz agasy Abdyl Uzza: – Sen haramçylygyňy goý-da, musulman bol, Belent-Taňrynyň ýoluna düş – diýer. Abdyl Uzza onuň dişlerini kül eder. Ol gelnejesi, iki gyzynyň gaýynenesi Umm Jemil Belent-Taňrynyň ýoluna düş diýse, görüň, onuň gözleri näme görer. Ol şerraý sesi bilen ötenleriň görüni ýakjak sözleri aýdar. Häzir agasy Hamza «Sen butparaz ynanjyňdan dän-de, Hakyň ynanjyna geç» diýse, ol äpet ýumruklaryny pygamberiň depesinde oýnamazmy? – Eý, Allam, meniň öz garyndaşlarym şeýle bolýan bolsa, onda kuraýyşlar, Mahsum urugy, Omeýýalar, beýleki onlap arap taýpalary meniň derimi soýup, oňa saman dykmazlarmy?! Muhammet pygamberiň göz öňüne atlaryny tutan, tutmadyk adamlarynyň gazaply, aldajy ýaly ýüzleri geldi. Onuň gulagyna olaryň ahmyr, gazap bilen jygyrdaýan dişleriniň sesi geldi. Ol başyny bürendi-de, bir salym böwrüni diňläp ýatdy. Indi onuň göwnünde hälki yşgalaň görünmeýärdi. Muhammet pygamber oýlanýardy, ýene-de tükeniksiz oýlanýardy-da, ýekeje zada çyny bilen bil baglaýardy. Soň hem az kem köşeşýärdi. Onuň şol bil baglaýany – Beýik-Taňrydy. Ynsany, on sekiz müň älemi, Güni, Ýeri, Gögi, ýyldyzlary, bulutlary ýasap, ynsana akyl-paýhas, söz, dil beren Beýik Ýaradan ony alaçsyz galdyrmaz! Bäbeklikden hossar çykan, ýetimkä ony tapan, ony beýik mertebä eýe eden Ýer ýüzünde çöp-çörden kän halkyň, halaýygyň içinden bir özüni saýlap, özüne ilçi, pygamber eden Taňry ony ýalňyz galdyrmaz!.. – Belent-Taňrynyň gudraty, keremi çäksizdir! Muhammet pygamber ýatyp bilmedi. Ol daş çykdy-da, süňňüni tämizledi. Suw bilen agzyny, burnuny çaýkady. Ýüzüni, elini, aýagyny ýagşy ýuwdy. Soňra metjide bakan ugrady. Dünýe üýtgemändi. Adamlar, ýerler, jaýlar, daglar, asman, zemin üýtgemändi. Ýöne Muhammet pygamberiň nazary üýtgäpdi. Onuň göwnüne bolmasa, adamlaryň ýüzi öňküden mähribanlaşan ýalydy. Onuň pygamber ýüregi adamlaryň kalbynyň mähribanlygyny duýdy. Ol özüniň çäksiz eziz didaryndan olara teperrik berdi. Ol metjitde uzak oturdy. Namazynyň soňundan doga okady, dilegler etdi. Özi-de şol dogalary indi belent ses bilen üýtgeşik owaza garyp okaýardy. Metjidiň içindäki adamlar oňa bakan gaňrylyp– gaňrylyp garaýardylar. Olar bu sesiň özleriniň pygamberleriniň şirinden eziz owazydygyny heniz bilenokdylar. Olar bu owazy bir eşdensoňlar, indi kyýamat-magşara çenli unutmajakdyklaryny heniz bilenokdylar. Olar bu mukaddes owazyň özlerini Beýik Taňrynyň dergähinde ot küpürsäp duran dowzahlardan sag-salamat dyndarjakdygyny hem heniz bilmeýärdiler. Ýöne häzir hem belentden jana tenekar, şirinden pynhan güýje eýe bolan bu owaz olaryň gulagyna juda hoş ýakýardy. Olar şol owaza maýyl bolup, başlaryny gaňryşyp, gulaklaryny gerşip, bu üýtgeşik owaza berlip, ony yhlas bilen diňleýärdiler. Hatyja Muhammediň pygamberligine jany-teni bilen ynandy. Ýöne ol bu täsin ýagdaýlara kän bir düşünip baranokdy. Şonuň üçin ol doganoglany Warakanyň ýanyna ýöriteläp bardy. – Agam ogly, sen maňa pygamber bolanda näme bolýanyny bir düşündir! Waraka batyl gözlerini bir nokada dikdi-de, gojalykdan ap-ak bolan başyny uzak wagtlap sypalady oturdy. Soň ellerini owkalady. – Pygambermi?! – diýdi. Soňra başyny atdy. – Pygamber, ol Alla Tagalanyň ýer ýüzündäki sansyz, sajaksyz adamlaryň arasyndan saýlap alýan ýalňyz adamydyr. Elbet-de, özüniň bir ýumşuny bitirtmek üçin. Alla şonuň üçin olary doglan gününden tä ölýänçä juda päk, ähli günäden tämiz saklaýar. Hatyja oňa güwäçi boldy-da, başyny atdy. Ol Muhammediň juda päkdigini, päkizedigini birinden soramaly däldi. – Olaryň aýdan sözi güwälikdir! Hatyja: – Juda dogrudyr, agam ogly! – diýdi. – Olar hiç haçan ony edibem ýalan sözlemezler! – Juda dogrudyr, agam ogly! – Olar öňden görýän belent akla eýe bolýarlar! Olar älem-jahan paýhasyna akyl ýetirip bilýärler. – Dogry! – Olar Taňrydan alan emirlerini hiç bir üýtgewsiz, bolşy ýaly ynsanlara ýetirýändirler... Hatyja başyny atdy, soň Warakanyň sözlerini soňuna çenli diňledi-de, erksiz sözläp başlady. – Agam ogly, sen bu sözleri Muhammet pygamberiň bolşuny görüp-bilip-hä aýdýan dälsiň-dä. Sen şol barada aýtdyň-a. Men olaryň baryna güwä geçip bilerin! Ol, hakykatdan hem şeýledir. Ýöne sen onuň Belent-Taňra bolan yhlasy barada aýtmadyň-a. Onuň päkizeligi, rehimdarlygy, sahawaty barada, danadan dilewarlygy barada aýtmadyň-a. Men indi onuň bilen on bäş ýyl ýaşaşyp ýörün, emma şunça ýylda onuň darynyň gabygy ýaly kemini gören-bilen däldirin. Onuň ýaly diline, sözüne, nebsine, niýetine berk pygamber bir boldumyka? Waraka ýene-de ellerini owkalady. – Men oňa kepil geçip bilmerin. Ýöne bir zady saňa aýdaýyn: Muhammet pygamber Hatemul Enbiýadyr – iň soňky pygamberdir. Onuň halka girizjek şerigaty kyýamata çenli gider... Hatyjanyň göwni bitdi. Ol doganoglanyndan juda razy boldy. Şondan soň ol öz otagyna geldi-de, iň päkize eşiklerini geýdi. Soňra edil adamsynyň edişi ýaly, tämizlendi. Diňe şondan soň, namaz okap oturan pygamberiň yzyragyndan baryp, jaýly oturdy... Muhammet pygamber namazdan soňky dogalaryny okamagy tamamlady-da, birden gapdalyna garady. Onuň gözleri yzynda çugutdyryp oturan aýalyna düşdi. Ol Hatyja geň galyp seretdi. Ýöne häli Käbede edip oturan oýlaryny soňlap bilmändigi üçin aýalyna kän bir ünsem bermedi. Hudaýa ýakyn bolan kişileriň gyssanmasynyň, aljyramasynyň bolmaýandygyny ol atasy Abdyl Mutalybyň beren gürrüňleri ýadyna düşende-de aňýardy. Muhammet ol wagtlar kiçijekdi. Abdyl Mutalyp ony bagryndan önen perzentlerinden hem juda ezizläp saklaýardy. Öz agzyndakyny alyp, agtygyna berýärdi. Muhammet şol wagtlar uzak-ýakyn illerden Käbä zyýarata gelýän san- sajaksyz adamlara haýran galardy. Olaryň nirelerden näme üçin bu ýere gelýändigini aňyna sygdyryp bilmeýärdi. Şonda ol atasyna: – Ata, bu adamlar nireden gelýär? Abdyl Mutalyp agtygynyň raýyny ýykman, onuň sowallarynyň ählisine çaga diline ýakyn sadalykda jogap berýärdi. – Olar, Ahmedim, juda uzaklardan daglaryň, derýalaryň aňyrsyndan mukaddes Käbä zyýarata gelýärler. – Näme, olaryň öz obasynda ýokmy? Bu ýere geler ýaly... – Ýok, inerim, Belent-Taňry älemde ýeke Käbe gurdurandyr. Muhammet ýene sowala tutýardy. – Ata, ony kime gurdurdy, Beýik Taňry! Abdyl Mutalyp çalaja ýylgyrdy-da, agtygynyň ýüzüne garady. Emma jogaby çynlakaýdy. – Ol seniň ata-babalaryň direg köki bolan Ybraýym pygamber bilen onuň ogly Ysmaýyl jana gurdurandyr. Muhammet barha gyzygýardy. – Ata, aýtsana, adamlar bu daglaryň arasyndaky kiçijik Käbäni nädip bildilerkä? Abdyl Mutalyp agtygyna Ybraýym pygamberiň Käbäni gurup, soňra Taňra arz edişini, Taňrynyň oňa «Adamlary Käbä zyýarata çagyr» diýişini, Ybraýym pygamberiň onuň diýenini edip gygyryşyny, onuň sesine şeýtan bilen Ezraýyl perişdäniň hem ses goşuşyny gürrüň berdi. Şondan soň adamlaryň bu ýere topar-topar bolup, zyýarata gelişlerini aýtdy... Muhammet atasynyň bu gürrüňini demini alman diňleýärdi. Şondan soň ol atasyna: – Ata, Belent-Taňry güýçlimi? – diýip, sowal berdi. – Güýçli, Ahmedim, güýçli! – diýip, Abdyl Mutalyp aýtdy. Muhammet atasyny sypdyrar ýaly däldi. – Ol Taňry näme edeýin diýse, güýji ýetermi? – Ýeter, inerim, ýeter... Ol özüne gerek bolsa, ýene-de telim älemi ýaradybiler. Ýöne nämä gerek? Muhammet atasyna ýene sowal berdi. – Ata şol Taňry güýçlümidir, ýa-da üç ýüz altmyş hudaý? Şonda Abdyl Mutalyp, nämüçindir agtygynyň sowalyna jogap bermäge howlukmady. Oňa çenli olaryň ýanyna birnäçe adam geldi. Ine şeýdibem ol gürrüň tamam bolup, şol ýerde galypdy. Muhammet pygamber şol gürrüňi ýatlap bolandan soň, oýlaryndan açylan ýaly boldy. – Eger, Taňry ýumuş buýurýan bolsa, ol ony bitirmegiň hem bir alajyny tapar. Onuň keremi çäksizdir!.. – diýip oýlandy-da, ýerinden turdy. Namazlygyny ýygnady. Soňra Hatyjanyň ýanyna gelip oturdy. Hatyjanyň ap-ak, päkize ýüzi nuranady. Ol ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy-da, Muhammet pygambere üýtgeşik mähir bilen garady. – Sen menden bir zady-ha sorajak bolýarsyň, Patmanyň ejesi! Hatyja uýaljaňlyk bilen ýüzüni aşak saldy-da, ýuwaşja sözledi. – Resul Alla! Eziz pygamberimiz! – Bu sözler ynsan balasynyň dili bilen Muhammet pygambere ilkinji sapar ýüzlenen sözlerdi. Resul Alla başyny buýsanç bilen göterdi-de, Hatyjanyň aýtjak bolýan sözlerini diňledi. – Eger, razy bolsaňyz, menem beýik Taňrynyň penasyna alyň. Muhammet pygamberiň belent başy egildi. Ol ardynjyrady-da, aýalyna däl-de, Taňrynyň bendesine ýüzlenýän ýaly, hoşamaý sözledi. – Men Taňrynyň adyndan ýalan sözlemeýin. Ikimizem Taňrynyň bendesidiris. Sen meniň islegime garamaly dälsiň. Ol Taňry diňe meniňki däl. Ol seniň hem Taňryňdyr. Sen menden sorama. Taňrynyň alynda men hem özüň ýaly bendedirin. Şonuň üçin näme isleýän bolsaň, onuň özüne ýüzlen. Kim bolsa bolubersin, ony ýalkajagam, gargajagam Hakyň özüdir. Bu ýerde hiç hili zorluk, sütem bolmaly hem däldir, bolmaz hem. Ol seniň öz islegiňdir. Hatyja öňka görä, birneme aýgytly sözledi. – Onda meniň Ýerdäki Taňrym – eziz Resul Alla maňa Beýik-Taňrynyň eradasyna girmäge rugsat berermikä?! – Oňa rugsatdyr! Hatyjanyň ýüzi ter gunçalaryň säher çagy, güneş tyglarynyň höwesine paşyrdap açylyşy ýaly, birden üýtgeşik nura gaplanyp gitdi-de, onuň dilinden baharyň bilbilleriniň üýtgeşik nagmalaryna meňzeş şirin owaz akyp gitdi. – La-ilä-hä il-allah! Muhammet Resul Allah! La-ilä-hä il-allah! Muhammet Resul Allah! La-ilä-hä il-allah! Muhammet Resul Allah! Hatyja bu sözleri aýdandan soň, süňňi ýaňy dünýä inen çagajygyňky ýaly päklenip, özüniň ýeňläp gidenini duýdy. Muhammet pygamber, soňky ýyllarda megerem, ilkinji sapar ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy. Onuň gözlerinden, ýüzünden çyrpynyp gaýdan mähir, nur Hatyjanyň kalbyna kürsäp urdy. – Mübärek bolsun! Alla kabul etsin! – Mübärek bolsun! Alla kabul etsin! Hatyjanyň yslamy, Hudaýa uýmagy duýdansyz kabul etmegi Muhammet pygamber üçin aýdyp-diýip bolmajak şatlykdy. Ol bu mähriban, päk, asylly, pähime ýugrulan aýalyň, Taňra ýakyn bolmagyny uly şowlulygyň başlangyjy hasap etdi. Çünki, Hatyjanyň özüne ynanmagyny, Muhammet pygamber Taňrynyň ýoluny dogry ýöretdigi hasap edýärdi. Muhammet pygamber özüniň görüm-göreldesiniň çirksizligine ynanyşy ýaly, Hatyjanyň hem çirksiz päkligine ynanýardy. Eger yslamyň gözbaşynda arassa, mähriban, mertebeli hem-de akylly adamlar dursa, daglardan gaýdýan joşgunly siller ýaly, onuň eňaşaklygyna yňdarylyp gitjekdigine ynanýardy. Onsoň onuň öňüni saklajak güýç tapylmaly däldi. Elbetde, şol güýji saklajak bolýan, juda ýowuz, gerek bolsa üstüňe böküp, awuly dişleri bilen bokurdagyňy çeýnejek bolup duranlar hem bolmalydy. Ýöne ählisine sabyr etmelidi. Wagty gelende Hakyň özüniň hemmesini ýerbe-ýer etjegine berk ynanmalydy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |