17:51 Muhammet pygamber -22: romanyň dowamy | |
2. Allatagala – ol birdir, ondan başga Taňry ýokdur, hemişe diridir, mahlukatyň diriligi hem Alla-tagalanyň diriligi bilendir. Gurhan. 3-nji süre. 2-nji aýat. Muhammet pygamber Taňrydan habar gelenden soň köp wagt geçmänkä özüni unutdy. Ol indi birneme arkaýynlaşypdy. Şonuň üçin metjitden gaýdanynda gyzlaryndan habar tutup başlady. – Hudaýa şükür, Zeýnebimiziň gün-ahwaly ýagly – diýip, Hatyja daýylaryna çykaran gyzynyň güzeranyndan razy bolup aýtdy. Ýöne Muhammet pygamberiň atasy Abdyl Uzzanyň ogluna beren gyzy Rukaýýa gün-günden saralyp-solup barýardy. Abdyl Uzzanyň kiçi ogluna berlen gyzy Umm Gülsüm hem öz uly aýal dogany barada bir syr saklaýan ýalydy. – Balam, kepderim, saňa näme bolýar. – diýip, Resul Alla gyzyndan gaýtalap-gaýtalap soraýardy. Emma kakalarynyň eziz didaryny görüp, dünýäni undan goşa gumry ýalyjak balalary gözlerine ýaş aýlaşyp: – Kemimiz ýokdur, kaka jan. Siziň başyňyz dik bolsa, biz oňarys – diýýärdiler. Resul Alla Patmany bijaý gowy görýärdi. Onuň üçin bazardan saç daralýan darak, enaýyja şaý-sepler, süýji nygmatlar alyp gelýärdi. Hatyja hem Resul Allanyň özüne, gyzyna getirýän sowgatlaryndan monça bolýardy. Muhammet pygamber Hatyja bilen ýaşaşan ýyllarynda gowy är, oňat ata, sahawatly öý eýesi bolupdy. Ýöne pygamber diýip, Alla höküm edenden soň, ol maşgalasyna aýratyn üns berýärdi. Ol içeriniň ähli keşigi, güzeran aladalary Alynyň, Zeýdiň, Hatyjanyň iki guly bilen iki gyrnagynyň egnindedi. Indi Resul Allanyň özi güzeran aladalary bilen hem gyzyklanyp başlapdy. Näçe düýesi, näçe goýun-geçisi bar?! Puly, maly, harydy näçe? Barysy ony gyzyklandyrýardy. Onuň pikiriçe, Muhammet pygamber Belent-Taňrynyň alynda açyk-aýdyň bolmalydy. Oňa hemişe hasabaty bolmalydy. Ebtini agdyryp, özüňi, öňüňi, güzeranyňy oňarman maşgalaň, çagalaryň ýagdaýyny bilmän, olaryň edep-terbiýesinden bihabar bolup, malyňa eýelik etmän, sen nädip Hakyň Resuly boljak?! Ilden çykyp, özüňi oňarmaýandan il bizar dälmidir. Il bizardan Hudaý hem bizardyr. Ol güzeranynyň, içeriniň ýagdaýlaryny maslahatlaşmak üçin Alyny öz ýanyna çagyrtdy. Emma şol wagt ony tapman geldiler. Namaz wagty golaýlapdy. Resul Alla namazlygyny ýazdy-da, namaz okap başlady. Hatyja hem onuň yzyragynda namaza durdy. Agasynyň soraýanyny aýdanlarynda, güzeran aladasy bilen bazardan gelen Aly içeri ylgady. Olaryň otagyna duýdansyz giren ýetginjek, sakga durdy-da, öz görýän zatlaryna ynanmajak boldy. Ol Agasy bilen gelnejesiniň bolup oturyşyny görüp, haýran galmakdan ýaňa, yzyna tesdi. Agasynyň, gelnejesiniň, her haýsynyň bir bölek matanyň üstünde eglip oturyşy, nämedir bir zatlary pyşyrdap aýdyşlary, juda geňdi. Olar bu hereketlerini soňlap, agasy seslenip, doga okap bolýança, Aly bir çüňkde çugutdyryp oturdy. Olar ýerlerinden turansoňlar, Aly agasynyň ýanyna geldi. Resul Alla Alynyň ers-mers bolup barýandygyna, wepalylykdan hem-de mähribanlykdan ýanyp duran haşamylara çekendigi bildirýän kirpikmen ullakan gözlerine höwes bilen garady. – Aly, oglum! – diýdi. Aly indi essinde däldi. Ol agasynyň sözüni aýtmaga goýmady. – Agam, men Hubaldan, al-Lat bilen al-Uzzadan ant içýän siziň bu ýagdaýyňyza hiç düşünmedim. Muhammet pygamber bu beýik syry aýaly Hatyja bilen özünden özge kişiniň bilmegini islemeýärdi. On-on bäş ýaşly, öýüne getirip, şirin janyndan eziz görüp, öz perzentlerinden artyk saýýany üçin Resul Allanyň bu oglany umytsyz goýasy gelmedi. Iň kyn ýerem, Alynyň kalby daş Hudaýlara bolan ynamdan doludy. Ýöne ol ýagdaýa Alynyň özi günäkär hem däldi. Onuň dogup-döräp göreni şol Käbe aýmançasyndaky daş hudaýlardy. Onuň kakasy Ebu Talyp bolsa şol aýmançanyň gözegçisi, onuň açaryny saklaýan adam bolandansoň, Aly-da, beýleki oglanlar-da şol hudaýlary özleriniňki hasap edip, olara eýemsiräp ýördiler. Onuň baryp çagalykdan şol butlar bilen gaplanan kalbyny başgaça ynam bilen päklemek aňsat bolmaly däldi. – Aly, balam! – Muhammet pygamber ony gapdaljygynda oturtdy. – Seniň göreniň Beýik-Taňrynyň dinidir, Beýik Taňry meni pygamber diýip yglan etdi. Hatyja ikimiz Alla-Tagalanyň täze dinini kabul etdik. – Ol belent başyny az-kem egdi. Ony kabul etmek aňsat däldir. Sen ol diniň syryny sorama... Alynyň gözleri namys oly bilen ýandy. – Şol dine girmek üçin näme etmeli?! Muhammet pygamber ýere garap oturyşyna: – Sen öň ynanýan hudaýlaryňy unut. Olardan hudaý bolmaz. Alladan – özge Alla bolup bilmez. – Onda men näme etmeli? – Eger isleseň, uýsaň, onda şuny belle, Taňrynyň ýekätäkligine, Taňrydan özge hudaýlaryň ýoklugyna, Muhammediň Taňrynyň Resulydygyna ýüregiň bilen juda berk ynanmaly... Aly birhili aljyrady. Ol mundan öň beýle dinem, ynanjam bilenokdy. Ata-babasynda, ýakyn-u-ýat ýurtlarda beýle diniň barlygynam eşitmändi. Agasynyň, gelnejesiniň ýaňky hereketleri bolsa, oňa diýseň geňdi. Muhammet pygamber Alynyň ýagdaýyna düşündi. – Oglum, sen ýaşsyň, çekinme, oýlan. Howlugyp alynýan zat ýokdur bu ýerde. Sen bu dine diňe Belent-Taňryň hormaty, oňa bolan yhlasyň bilen, juda erkin meýletin girmelisiň. Eger arada galplyk, bähbit ýa-da gorky bolsa, ol bolmaz. Aly başyny atdy. Bu onuň oýlanaýyn diýdigidi. Ol oýlanman hem bu dine girip biljekdi. Çünki, Muhammet onuň üçin Aý-Gün hakyky durmuşdy, ömürdi. Bu çynar boýly, ýüzünden-gözünden nur damyp duran hiç haçan çigidiň gabygy ýaly ters, bozulan göreldesi bolmadyk, sözi, äheňi, niýeti şerbet deý süýjüden ýakymly adam onuň hiç haçan ýetip bilmejek myradydy. Ol häzir, on-on bäş ýaşly oglanka-ha däl, dünýäde belent-belent ykballara ýetensoň hem köp-köp ömürler sürüp, gör, näçe, edil Mekge daglarynyň çagyl daşlarynyň sany ýaly köp adamy synlansoň hem beýle päk, mukaddes, arassa, mähribandan sahawatly ynsana hiç haçan gabat gelmez... Ol birden howlukdy-da, Resul Allanyň eziz didaryna garady. Şol didara garadygyça onuň dünýesi dolýardy. Bu sapar hem şeýle boldy. – Atam! – diýip, ol sakyndy. – Aýt, balam! Alynyň gözleri sowally ýandy. – Men kakam bilen hem bir maslahatlaşyp göreýin. Resul Alla başyny çalaja atdy. – Hawa, eziz balam, sen howlukma. Bu syr wagty gelýänçä açylmaly syr däldir. Ol entek-entek bize amanatdyr. Amanata kast etmek, oňa hyýanat etmek zalymlykdyr. Men saňa ýene bir sapar aýdaýyn, howlukma. Sabyrly gul tiz ýetermiş myrada diýendirler. Biz hemmämiz Beýik-Taňrynyň gullarydyrys. Sabyr etgin... Aly agasynyň aýdanlaryna oňat düşündi. Oňa mundan aňry gep çeýneme gerek däldi. Ýöne onuň bu mukaddes niýetden gaçyp gitjek ýerem ýokdy. bu din onuň ykbalydy. Ol agşamara ýuwnup, tämizlenip, eşiklerini tämizläp, Muhammet pygamberiň ýanyna geldi. – Atam, meniň hem musulman bolasym gelýär. Maňa kömek ediň... Muhammet pygamber aýaly Hatyjanyň ýanynda Ala «ak pata» berdi. – Lä-ilä-hä il-allah! Muhammet Resul Allah! – Aly bu sözleri üç sapar gaýtaladyda, tolgunmadan ýaňa Resul Allanyň synyndan ýapyşyp aglady. Pygamber hem ýaşly gözleri bilen Hatyja garady-da, Alynyň başyny sypalady. – Megerem, Belent-Taňra iň mähribanlysy şudur! – diýdi. Aly bu wakadan soň özüni juda ýeňil duýýardy. Agşam namazynda bolsa Resul Allanyň yzynda, Hatyjanyň öňünde durýardy. Bu namaz okalyşyk onuň üçin janyna lezzet berýän üýtgeşik şerbet ýalydy. Alynyň musulman bolandygy baradaky habar şol bada Zeýdiň hem gulagyna degdi. Nämäniň nämedigine göz ýetiren Zeýit Resul Allanyň ýanyna ylgap geldi. – Ata jan menem yslama girmek isleýärin. Şeýdip, olar säher namazyny okan wagtlary dörtdiler... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |