17:53 Muhammet pygamber -23: romanyň dowamy | |
3. Bes, Belent-Taňry her kimi dogry ýola salmaklygy islese, onuň ýüregini yslam üçin açar we ýüregini nurlandyrar. Gurhan. 6-njy süre. 127-nji aýat. Resul Allanyň öýüne nur ýagan ýalydy. Ol indi bir içerä syganokdy. Muhammet pygamber özüne berlen bu mukaddes paýy Käbä aýlamak isleýärdi. Ol indi ýeke däldi. Ogluny ýanyna alyp, öz inisiniň Käbe aýmançasyna girip gidenini Ebu Talyp görüpdi. Ol aga-ininiň, misli bir garyndan doglup, bir göwüsden emşen ýaly bolşupjyk baryşlaryna çäksiz buýsanýardy. Ebu Talybyň Muhammede diýseň göwni ýetýärdi. Ony baran ýerinde mertebeläp, öwýärdi. Arassalykda, akyl-paýhasda, sahawatlylykda oňa deňär ýaly taý tapyp bilenokdy. Muhammet onuň öz elinde ösüp, bu gün şeýle salykatlylygy bilen il içinde belent mertebä eýe bolupdy. Indi Mekgede Muhammediň ady tutulsa, adamlar misli bir mukaddes zadyň gürrüňini edýän ýaly, başlaryny buýsanç bilen göterýärdiler. Soň hem: – Kuraýyş-da ol! – diýýärdiler. – Kuraýyşlar adam çykýan taýpadyr. – diýerdiler. Ebu Talybyň garaýşyça, inisiniň bagty çüwüpdi. Ol baý, gurply öýe eýe boldy. Ýöne inisi akylly bolup çykdy. Käbirleri ýaly, garny doýan güni açka garnyny doýranlary unutmady. Elbetde baryndan agalaryna, dogan-garyndaşlaryna paýlady. Ylaýta-da, Ebu Talyp inisiniň öz diýenine gulak asyp, iki gyzyna Abdyl Uzzanyň ogullaryna bermeginden razy boldy. Onuň pikiriçe, Muhammet Abdyl Mutalybyň ýörelgesini unutmady. Oňa her ýagdaýda-da wepaly bolup galdy. Muhammediň özem Ebu Talyby aýratyn gowy görýärdi. Wagtal-wagtal agasynyň halyndan habar alyp durýardy. Oňa mal, pul, haryt kömegini edýärdi. Nirede görse-de: – Agam! – diýip, gujaklap görüşýärdi. Öz garyndaşyna beýle hormat-sylag edýän, onda-da tükeniksiz baýlyga eýe bolandan soň garyndaşyna beýle sarpa goýýan Mekge ilinde görlen zat däldi. Ebu Talybyň ýene bir haýran galýan zady, Muhammediň, al-Abbasy-da yryp çagalaryny ogullyga almagydy. Oglanlarynyň iýjek, geýjek wagty, gowy edep-terbiýä mätäç wagty, Muhammediň bu ýagşylygy güzeranyň agyr ýükünden maýrylara gelen ger- denine melhem çalynan ýaly edipdi. Onuň eginleri, sähelçejik bolsa-da, ýazylan ýaly bolupdy. Görenler Alyny öwýärdiler. – Seniň şol ogluň tüýs Muhammediň göreldesini alypdyr. Ynha, görersiň, ol adam bolar. – diýýärdiler. Bu sözler Ebu Talyby buýsandyrýardy. Ol ertir-agşam Käbeden, Käbe aýmançasynda ýatan üç ýüz altmyş hudaýdan oglunyň Muhammet ýaly akylly, abraýly, edepli bolmagyny dileýärdi. Inisi bilen oglunyň säher bilen bileje tirkeşip, Käbä garap geçip gitmesi ony has hem buýsandyrdy. «Gel, menem olaryň ýanyna baraýyn. Bir salym, hal-ahwallaryny soraýyn...» diýip, oýlandy-da, ol ýapynjasyny sekiniň üstünde goýdy-da, ýuwaşja ýöräp, Käbä bakan ugrady. Bu gün Mekgäniň säheri salkyndy, diýseň seleňden tämizdi. Dört tarapyňy gabsalap, üsti ot-çöpsüz, kesmek-kesmek daş bolup ýatan daglaryň hem süňňi sowan ýalydy. Beýle salkynlyk Mekge ilinde käwagtjyk bir sapar bolup, ol günler Taňrynyň Käbe iline gadyr edip beren gymmatly peşgeşi ýaly bir zatdy. Bu zamanlarda howa juda gurakdy. Jöwza ýeriň damaryna çenli kepedip taşlapdy. Iň bärkisi, bu ýerlerde garynja, siňek, beýleki mör-möjejikler bir görünsin-le. Beýle gurakçylyk ertirki gahatçylygyň alamatydy. Tire-taýpalar halys hor düşen düýerini, goýun-geçilerini Mekgä getirip, özleriniň hudaýlaryna sadaka berýärdiler. Mallarynyň damak ganlaryny hudaýlarynyň ýüzüne çalyp, ondan ygal, rysgal-döwlet, bagt dileýärdiler. Ebu Talyp, hudaýlaryň deňine ýetende, Hubalyň dyzlarynyň üstünde bir tabak damak ganynyň buldurap duranyny gördi. Ol: «Kuraýyşlar gysylýar-ow» diýip oýlandy-da, şol ýerden geçip gitdi. Onuň gözi agtarýan ýerinde inisi bilen ogluna düşmedi. «Be, olar nirä gitdilerkä? Aýmançadan çykan bolsalar-a, olar maňa hökman gabat gelmeli!» Ebu Talyp olary Käbäniň günorta tarapyndaky çagyllak meýdançadan tapdy. Ol haýran galmak bilen olara seretdi. Donlaryny aşaklaryna ýazan Muhammet hem-de Aly aldygyna eglip-galýardylar. Muhammet bolsa nämedir bir zada hiňlenýän ýalydy. – Weý, weý! – diýip, Ebu Talyp ilk-ä aňkarylyp durdy, soňam özüni birneme dürsedi-de, olaryň ýanyna bardy. Olar bir salymdan soň ýerlerinden turdylar-da, donlaryny alyp, ony kakyşdyryp, eginlerine geýdiler. – Ah-ow, haşym ogullary, bu bolup ýörşüňiz näme boldugy?! Muhammet gollaryny gördi-de, gelip agasyny gujaklady. Soň ol Ala ýol berip, bir gapdala çekildi. Aly-da kakasy bilen gujaklaşyp görüşdi. Olar köçä çekildiler. Şondan soň Muhammet pygamber agasyna mähribanlyk bilen garady-da, söze başlady. – Eziz agam! Beýik Taňry meni özüne ilçi belledi. Maňa Alladan habar geldi. Men indi Allanyň pygamberi boldum. Men indi Beýik-Taňrydan özge hudaýyň ýoklugyna ynandym. Şol ynanjymy hiç kime ýaýamok. Eger kim özüne Allany ýeke-täk Hudaý bilse, öz hudaýlaryndan ýüz öwürse, şol adam hem Allanyň söýenidir. Eger, siziň hem göwnüňizde bar bolsa, Taňrydan özge allalaryň ýokdugyna kepil geçiň. Şonda siz hem yslam donuny serpaý alarsyňyz. Siziň hakyky howandaryňyz Beýik-Perwerdigär bolar. Men şu sözlerimiň dogrudygyna Allanyň adyndan kepil geçýärin. Lä-ilahy il-allah!.. Ebu Talybyň depesinden dünýe düňderilen ýaly boldy. Ol agyr oýa batdy. «Häk, inim-inim, oňarmadyň-ow, sen ýaşlyk edýärsiň, ýaşlyk edýärsiň. Heý, beýle-de bir gabahat iş bolarmy?! Araplar gör, näçe kyýam, näçe eýýam bäri öz hudaýlaryna sygynyp gelýär ahyryn. Heý, munça hudaýy terk edip, kim seniň Taňryňa gitsin. Her kimiň öz allasy özüne ýakyn dälmidir. Olar özleriniň şol allalarynyň penasynda dogulýarlar, ösüp-ulalýarlar, rysgal-döwleti olara şol hudaýlar berýär. Olar ölenlerinde-de, özleriniň şol hudaýlaryna sygynyp, janlaryny şol hudaýlarynyň keremine tabşyrýarlar. Sen özüň Hubalyň keremi bilen dogulmadyňmy diýsen-e? Sen özüň Hubalyň keremi bilen deňli-derejeli bolmadyňmy? Ataň, Abdyl Mutalyp pahyr seniň üçin bu hudaýlara näçe sadaka beripdi, olardan näçe sahawat diläpdi. Meniň özüm: «Seni myratyna ýetir» diýip, bu hudaýlara näçe düýe sadaka berdim?! Şu hudaýlaryň keremi bolmadyk bolsa, sen bu derejelere ýetermidiň? Indi, uly abraýa ýetdim diýip, bu hudaýlara dil ýetirmek adamçylykdan däldir...» Ol bu sözleri açyk aýdyp bilmedi. Ýöne Muhammet pygamber agasynyň gark bolan oýlaryndaky pikirleri onuň gamaşyp duran ýüzünden okady. Bolsa-da, ol sypaýçylygyny elden bermedi. – Oýlanyň, agam. Belent-Taňry bilen baglanyşykly gepde zulum, zorluk ýokdur. Bu işde hapaçylyk, hile bolmaly däldir... Ebu Talyp indi ýagşy garrandygyny bildirip duran, ýyllaryň ajysy- süýjüsi gazaply yzyny galdyran ýadaw gussaly ýüzüni galdyrdy-da, ýukajyk bulutlar tazygyp barýan asmana garady. Soň, miweli suwa gark bolup barýan ýaly, uly alada bilen berk ýapynja bilen ýagşy basyrylan Käbä tarap garady. Ondan ynjyly gözlerini üç ýüz altmyş hudaýyň ýykylyp-sürşüp, ýüz-gözi çyrşak bolup ýatan meýdançasyna aýlady-da, agyr-howsala bilen: – Ýok,ýok-la! – diýip goýberdi. – Beýle zat bolup bilmez. Maňa degmäň. Öňki ynanjyndan gozgan diýme, maňa. Men atam-babam nähili güzeran gören bolsa, şonuň ýaly işläp, şolaryň edişi ýaly-da ederin. Şolar nämä ynanan bolsa, tä bu dünýäden abraýym bilen gidýänçäm, meniň hem ynamym şol bolar. Muhammet pygamber hem agasyny dürtgüläp durmady. Ol agasyna düşündi. Ýöne gapdalynda duran Alynyň gozgalaň tapýanyny duýdy. Onuň ýüzi agaran ýaly boldy. Birden hem Aly öz kakasyna bakan ymtyldy. – Ata jan, men senden soraman Belent-Taňrynyň ýoluna düşendirin. Razy bolgun! Ebu Talyp gussaly ýüzünem galdyrmady. Ol elindäki uzyn taýagyna söýenip durşuna: – Erbetligiň ýolundan gitmeseň bolar. – diýdi. Soňra şol duran ýerinde doňup galana döndi. Ol birsalymdan oýlaryndan açyldy-da: – Muhammediň yzyna düşseň erbed-ä bolmaly dälsiň! – diýip, pyşyrdady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |