17:54 Muhammet pygamber -24: romanyň dowamy | |
4. We Ebu-Bekiriň ýanynda (maksady) beren maly üçin bir adama minnet etmek ýa-da beren malynyň öwezine bir zat almak kasdy ýokdur. Diňe özüniň Belent-Taňrysynyň razylygyny kast edendir. We, elbetde, ol bahym özüne berlen sogapdan razy bolar. Gurhan. 92-nji süre. 19-20-21-aýat. Agasynyň agyr oýlary onuň ata-baba ynanjydan dänmejekdigi baradaky sözi, näme diýseňem, Resul Allany oýlandyrdy. Öz öýünde birbada üç adamyň Belent-Taňrynyň ýoluna düşmegi, Muhammet pygamberiň göwnüni has giňeldipdi. Ýöne, näme-de bolsa, Ebu Talyp hem bu habary oňlap, ilki bir oýlanyp, soňra yslam ýoluna düşer diýen inçejik tamasy ýok däldi. Emma ondan bäri ep-esli gün geçse-de, Ebu Talypdan habar gelmedi. Resul Allanyň bu beýik ýola has abraýly adamlary şärik edesi gelýärdi. Beýik-Taňry diňe pukara bendeler däl, abraýly ogullar hem şärik bolmalydy. Şolaryň abraýy bilen Taňrynyň abraýy, yslamyň ýalkymy göterilse, şol has amatly bolaýjak ýalydy. Şu babatda, onuň atasy Ebu Talyp has mynasyp ynsandy. Emma ol hem bu ýoldan ýüzüni sowupdy. Indi Muhammet pygamberiň ähli umydy Ebu Bekirdedi. Ebu Bekir onuň oglanlykdan halaýan ynsanydy. Onuň bilen söhbet eden pursatlary Resul Allanyň ýadyndan çykmaýardy. Ylaýta-da Ebu Bekiriň, salykatlylygy, gaty gurply, çörekli, döwletli adam bolsa-da ynsançylyk göreldelerini saklaýşy Muhammet pygambere öňlerden bäri ýaraýardy. Ýöne Häzir Ebu Bekir Mekgede ýokdy. Şonuň üçin ol bu adam bilen söhbetdeşi bolubam bilenokdy. Ebu Bekir hakykatdan hem döwleti yrylmajak baý adamlaryň biridi. Onuň üstesine-de ol kuraýyşlaryň Taýym urugynyň iň hormatly ýaşulusydy. Ol juda ýatkeşdi, sahydy. Şonuň üçin bu töwereklerde Ebu Bekir diýseň, hormat bilen başyny atmaýan kişi ýokdy. Ol şol ýatkeşlik zehini bilen, mekge tire-taýpalarynyň köküni gowy yzarlamagy başarýardy. Ol ata-babalaryň görüm-göreldelerini berk saklaýardy. Ebu Bekir öz kerweni bilen Ýemenden söwdadan gelipdi. Bu habary eşiden mekgeliler öz ýaşulularyny mübärekläp, gözüň aýdyň diýmäge onuň öýüne gelipdiler. Olaryň arasynda Ebu Jähil , Ukbe b.Ebu Maýt, kuraýyş kethudalary bardy. Ebu Bekir olaryň öňüne saçak ýazdy. Getiren sowgatlary bilen sylaglady. Hezet-hormatyň, süýji söhbetdeşligiň soňy Muhammetli gürrüňe ýazyp gitdi. – Näme, näme? – diýip, Ebu Bekir EbuJehiliň sözüni agzyndan kakyp aldy. – Hany, aýt, men ýokkam näme boldy?! Ebu Jähil ot alan ýaly bolup sözledi. – Ebu Talybyň ýetimegi bar dälmi? – diýdi. – Muhammet eminmi! – diýip, Ebu Bekir anyklady. – Hawa, şol indi pygamberlik dawasyny edýärmişin. Biz-ä eşitmiş welin, ol Taňry meni pygamber belledi. Men Taňrynyň ilçisidirin! – diýip aýdanmyşyn. Asyl, onuň ogullyga alan guly bar-a, Zeýt – diýip, şol bazarda oglanlaryň ýanynda «Men musulman boldum» diýibem öwünenmişin. Ebu Talybyň Muhammediň öýündäki ogly Aly hem musulman bolanmyşyn... Öňden hem Muhammet diýilse, ony başynyň täjine deňäp ýören oňa bolan buýsanjyny çekinmän aýdyp bilýän Ebu Bekir bu habar juda begenip, duýdansyz tisginip gitdi. – Muhammet pygamber bolupdyr – diýdiňizmi? – Ol oturanlardan gaýtalap-gaýtalap sorady. Ebu Jähil birhili, geň galmak bilen aýdanlaryny gaýtalady. Ebu Bekir dyzlarynyň üstüne galdy. – Hä-ä! Araplaryň bagty getiripdir diýsen-e. Ahyr soňunda bize-de abraý, mertebe dolandy diýsen-e? – Ol badyhowalyk bilen gygyrdy. – Ah-ow kuraýyşlar, indi size kyýamata çenli ölme ýokdur. Hudaý bize hiç wagt könelmejek serpaý ýapypdyr. – Ol birden hamsykdy. – Eý, Alla, eý Hudaý, ahyr soňunda bize-de bagtly nazaryňy öwürdiň. Kuraýyş ogluny pygamber etdiň!.. Oturanlar Ebu Bekiriň bolşuna haýran galmak bilen, turuşmaga durdylar. Ebu Bekiriň bolsa şatlygynyň çeni ýokdy. Ol bu habary eşiden badyna Muhammede ynanypdy. Henize çenli Mekgäniň ilatyndan «Muhammet birwagt ýalan sözläpdi» diýeni ýokdy. Onuň pylan hili kemçiligi bar, diýjek adam hem tapyljak däldi. Ebu Bekir ata-babadan gelýän baý adamlaryň kowmundandy. Onuň özüniň hem baýlygy tükener ýaly däldi. Onuň özi esasan, ýüpek matalary alyp-satýan söwdagärdi. Öz kerweni bilen Şama, Ýenene söwda gidende, dolanyp gelende Muhammet bilen gabatlaşardy. Şonda olar ol-by harydy bahaladyp, söwdalaşýardylar. Ebu Bekir Mekgede bir bendäniň başyna bir melamat inende, ýaşulular töwella etmeli bolanda-da Muhammet bilen uçraşýardy. Ol bulardan başga-da, Muhammet bilen kän sapar söhbetdeş bolupdy. Şonda, her görende Muhammet onuň gözleriniň alynda beýgelip barýan ýalydy. Ol ýaşlygynda-da şol Muhammet, indi kyrkyny dolduranda-da şol bir boluşly adamdy. Hemişe çynar boýly, nur ýagyp duran ýüzündäki mähir doly gabaklaryny balkyldap duran goýun gözleriniň üstüne goýberip, ähli güýjüni pähime berip, sarsman oturandyr. Ne onuň bir keýpi-sapa gyzyganyny, ne arak-beýlekä ymsynanyny, ne onuň galkynyp, göterilip gülenini, ýa-da agyr, ýeňil bolup oturanyny gören, bilen ýokdy. Ebu Bekir ýatkeşliginden başga-da, örän synçy adamdy. Ýagşy-ýaman sähel ýürege urýan zada gözlerinden ýaş akdyryp oturandyr. Muhammet welin her hili ýagdaýda-da şol bir bolşuny saklar oturar. Özünden kän üstem bolany üçin, özüniň hiç haçan onuň ýaly bolup bilmejegini aňansoň, onuň elýetmezligi üçin, Ebu Bekir Muhammedi öz ýanyndan sylaýardy. Bu habar ony juda begendirdi. Ol bu habary eşiden badyna Muhammet pygamberiň öýüne bardy. Resul Alla Mekgede, ylaýta-da kuraýyşlaryň arasynda biçak uly abraýa eýe bolan, tüçjar baýlygy bilen ili haýran galdyrýan Ebu Bekiri hoşamaýlyk bilen garşylady. Onuň öňüne saçak ýazdyryp, nan, hurma, düýe süýdini hem– de öýünde bar bolan nygmatlaryň baryndan goýdurdy. – Agam ogly! – diýip, Resul Allanyň eziz didaryny gören Ebu Bekir begenjine gözlerine ýaş aýlady. – Maňa-da seniň eziz didaryňy görmek bar eken... Muhammet pygamber hem Kuraýyşlaryň arasynda Atik (Asylzada) diýlip, hormat bilen ady tutulýan bu adamyň mylakatlylygyna hormat bilen jogap berdi. – Atik, men seni göreýin diýip ýördim. – Ebu Bekir gözleriniň begenç ýaşyny süpürdi-de, başynda jemläp oturan pikirleriniň bady bilen sözläp başlady. – Men şu gün irden Ýenenden geldim. Häli, obadaşlarym, ýaşulular öýe, göz aýdyňa geldiler. Şonda olar bir gep aýtdylar, şol çynmydyr. – Ol nähili habardyr? – diýip, Resul Alla sorady. Ebu Bekiriň ýüregi ýene-de atygsady-da, tolgunmadan ýaňa, gözlerine ýaş aýlandy. – Eger şol habar çyn bolsa, külli arabyň bagty gelipdir. Araplaryň egnine ölmez-ýitmez serpaý ýapylypdyr. Muhammet emin-Resul Alla bolupdyr. Kuraýyş balasy pygamber bolupdyr! – Hawa. – diýip, Muhammet pygamber buýsanç bilen aýtdy. – Men Allanyň saňa we ähli ynsana iberilen Resulydyryn. Oňa şek ýokdur. Men seni hem, ähli ynsanlary-da ýeke-täk Alla tagzym etmäge çagyrýaryn. Ebu Bekir ýekeje salym hem oýlanyp durmady . – Alladan başga hudaýlar ýokdur, Muhammet onuň resulydyr!– Ol bu sözi üç sapar aýtdy. Soň bolsa Resul Allanyň egninden mähribanlyk bilen ýapyşdy-da, gözlerine ýaş aýlady. Emma Resul Alla ony saklady. – Howlukma, Atik, howlukmaň! Bu ýol meniň ýolum däldir, sen şoňa düşün. Ony men döredenem däldirin. Ony döreden Belent-Taňrydyr. Ol ýol täze bir ýolam däldir. Ol Belent-Ýaradandan tä Ybraýym pygambere çenli ýörelen, soň ýitirilen ýodadyr. Ol ýoda indi ak ýola öwrülmeli.Oňa bu gün meniň göwnüm üçin girip, ertir çykylmaly däldir. Şonuň üçin sen howlukma... Ebu Bekir oýlanyp başlady. Onuň häli begenç ýaşlaryny seçen gözleri, indi birneme gussalydy. Ol oturdy-da, ýürek sözüni aýtdy. – Ýok, Resul Alla, men bu ýola bu gün girip, ertir çykanlardan bolmaryn. Men görüme çenli seniň bilen bolaryn. Men seniň üçin Allaňa gul bolaryn. Seni özüne pygamber eden Allanyň sadagasy bolup ýaşaryn. Muhammet pygamber Ebu Bekiriň ýürekden aýdýan sözlerine ynandy. – Sen Allanyň, birligine ynandyňmy? – Ynandym. – Sen Alladan başga hudaýlaryň ýokdugyna ynandyňmy? – Janym bilen ynandym! – Sen Muhammediň Allanyň Resulydygyna ynandyňmy? – Şirin janymy Taňra sadaka edip ynandym. – Onda başky gaýtalan sözleriňi ýene gaýtala! – Janym bilen gaýtalaryn. Ebu Bekir şol sözleri ýene-de üç sapar gaýtalady. Soň oturdy-da aglady. – Bizi tapan, azaşan ýerlerimizden alyp, özüniň päk ýollaryna salan belent Taňra gurban bolaýyn!... Ol Muhammet pygamber bilen agşam namazyny okamaga oturdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |