17:56 Muhammet pygamber -25: romanyň dowamy | |
5. Eý Muhammet (a.s.m), sen olara, Belent-Taňry her bir zadyň Taňrysy(t) bolup duran halynda, men başga Taňry gözläýinmi diýgin. Gurhan. 6-njy süre. 166-njy aýat. Resul Allanyň özi bu syry näçe berk saklamak islese-de, ol syr içeriden daşary, ondan şähere, şäherden hem tutuş dünýä ýyldyrym çaltlygynda syçrap gitdi. Muhammet pygamberiň yslam ýoluna düşüp, özüni «Men Allanyň, pygamberidirin» diýmegi dünýäniň iň kiçijik, iň yssy künjegi bolan Mekgede gijäniň ýarynda Gün dogan ýaly, adamlary agyr dowla saldy. Bu wakanyň başlangyjy uzak illerden Käbä zyýarata gelenler bilen baglanyşykly bolupdy. Muhammet pygamber Alyny, Zeýdi ýanyna alyp, Käbäniň ýanynda namaz okap durdylar. Şonda olaryň gapdalynda Käbä zyýarat etmäge gelenler geň galmak bilen saklandylar-da, üşerilişip durdylar. Olar üçin bir topar adamyň Käbäniň gapdalyna geçip, namaz okap durmasy gaty geňdi. Olar birsalym bu ýagdaýa tomaşa edip duransoňlar, töweregindäkilere sowal berip başladylar. – Ah-how, dogan, edil Käbäniň gapdaljygynda beýdip durmalary nämäniň alamatydyr?! Kimdir biri bu ýagdaýy olara düşündirip başlady. – Hol öňde durana Muhammet ibn Abdyllah ibn Abdyl Mutalyp diýerler. Şol adama Alla Tagala: «Sen Meniň pygamberim. Sen araplaryň arasynda Taňrydan başga hudaýlaryň ýokdugy barada meniň ýolumy tutarsyň» diýip habar ýollapdyr. Onuň ýanyndakylar hem yslam ýoluna düşüp, Taňrynyň birligine uýan adamlar. Zyýaratçylar bu ýagdaý bilen has içgin gyzyklanyp başladylar. – Olaryň eglip-galmasy näme üçindir? – Olar Allanyň öz bendelerinden razy bolmagyny diläp, namaz okaýarlar. Bu gürrüňler zyýaratçylara diýseň ýarady. Olar bu wakanyň soňuna çenli garaşmagy makul bildiler-de, namaz okap oturan adamlaryň töweregini gallaşyp, oturdylar. Namaz tamam boldy. Namaz okap duranlar hem oturdy. Emma Resul Alla oturmady. – Eziz doganlar! – diýip, ol mylaýymlyk bilen sözläp başlady. – Biri-biriňizden gatnaşygy kesmäň. Birek-birege duşman bolmaň, göripçilik etmäň. Eý, Allanyň bendeleri! Allanyň, razy bolmagy üçin doganlaşyň! Musulman musulmandan üç günden artyk kine saklamagy dürs däldir, haram işdir... Muhammet pygamber zyýaratçylaryň ýüzüne garady. Olar bolsa toýuň mähellesi ýaly bolşup, tegelenişip otyrdylar. – Hudaýa sygynmak üçin jomart bolmak gerek. Ajygana nan, suwsana-suw, ýalaňaja don beren musulmandyr. Ynsan kazasy dolansoň Allanyň alyna barar. Şonda beýik Perwerdigär öz bendesine: – Eý bende, o dünýede men gaty açdym. Emma sen maňa nan bermediň – diýer. Bende aýdar: – Eý, Beýik Taňrym! Men seni aç mahalyň gören bolsaňym, ähli mal-mülkümi saňa gurban edip, seni doýurardym. Emma men seni görmedim – diýer. Şonda Beýik Perwerdigär oňa aýdar: – Eý, bende seniň baýlygyňa söz ýokdy. Pylan wagt seniň ýanyňa bir gedaý geldi. Emma sen şoňa hiç zat bermediň. Şol mendim. – diýer. Ol ýene birine: – Sen meniň ýüzümi näme üçin görmediň? – diýer. Ol bende bolsa: – Bäh, mähriban Taňrym, men Seni görmek üçin ol dünýäde gazanan ähli baýlygymy harç etmezmidim – diýer. Emma seniň barlygyňa bilýäne duşmadym. – diýer. Alla-Tagala oňa: – Eý bende, seniň pylan ýerdäki garyndaşyň seniň geleriňe gözüni dikip, agyr hassa bolup ýatypdy. Eger sen şony soramaga baran bolsaňam, meni görerdiň! – diýer. Eger bir adam hudaýyň bendelerine rehim etmese, Alla hem oňa rehim etmez. Muhammet pygamber oturanlara ýene birlaý garady. – Aralaryňyzda salamlaşmagy giňeldiň, ýaýradyň. Öz araňyzda birek-birege hormatyňyz artar... Muhammet pygamber soňra uzak ýerlerden Käbä zyýarata gelenler bilen iki elini uzadyp, gadyrdanlyk bilen görüşdi. Bu ýagdaý diňe bir zyýaratçylara däl, Mekgäniň özünde ýaşaýanlara hem geňdi. Çünki bu ýagdaý öňler görlen zat däldi. Zyýaratçylar bu gören zatlaryna haýran galmakdan ýaňa, agyzlaryny açyp galdylar. Olaryň ýaşuly şyhy: – Alla çapsyn, ol hakyky Pygamberdir! – diýip gara çyny bilen aýtdy. Bu habar edil bir ýüwrük taýçanak ýaly bolup, alyslara gidýän ak ýollardan yndarylyp gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |