17:57 Muhammet pygamber -26: romanyň dowamy | |
6. Eý pygamberlik donuny pürengiji (ýapyngyjy), sen ýatan ýeriňden tur, soňra Mekge halky musulman bolmasalar olary Belent-Taňrynyň azabyndan gorkuz... Gurhan. 74-nji süre. 1-2-nji aýat. Dünýäde her hili geň-enaýy zatlar hem boluberýär. Muhammet pygamberiň mähriban ejesi hezreti Eminäniň daýysy Waht ibn Sagd Ebu Wakgas daňa golaý bir düýş gördi... Ol ýöräp barýardy. Älem-jahan gözedürtme garaňkylykdy. Ine, birden hem onuň depesinden lowurdap Aý dogdy. Bu Aýyň dury şöhlesi älem-jahany edil gündizlige öwrüp durdy. Sagd Wakgas Aýyň depesine garady welin onuň üstünde aýaklaryny saýalap, Aly bilen Zeýid otyrdy... Sagd Wakgas: «Be, bu oglanlar Aýyň depesine nädip çykdylarka?» diýip, oýlanyp barýardy. – Ah-ow, siz ol ýere haçan çykyp ýörsüňiz! – Aly oňa: – Edil şu wagt çykyp durşumyz. – diýip, gygyryp jogap berýärmiş. Sagd Wakgas tisginip oýansa, Aý-da, ýok, Aly-da. Ol şondan soň hiç irkilip bilmändi, daňdana çenli düşeginde dik oturypdy. Ol ir bilen köne dosty Ebu Bekiriň ýanyna geldi. – Dostum, gowy geldiň! – diýip, ol myhmany gadyrdanlyk bilen kabul etdi. Ýap-ýaňyrak Muhammet pygamberiň dinine giren Ebu Bekiriň keýpi diýseň kökdi. Onuň ýene bir begenýän zady, Omeýýa urugyndan bolan Osman b. Affany yslam ýoluna salmaga hemaýat edipdi. Berdaşly göwresi, ortadan ýokarrak boýuna gelşip duran, juda nazarkerde, gara saçy, sakaly ak, näzik ýüzüne gelşip duran, aragy, beýleki neşeleri oglanlygyndan özüne haram eden arassadan sypaýy, diýseň salykatly häsiýeti bilen özüni ile aldyran Osman ýakynda öz kerweni bilen Damaskdan söwda işinden gaýdyp gelişidi. Ol öz eziz dosty Ebu Bekiriň ýanyna görme-görşe geldi. Şonda Ebu Bekir özüniň Allanyň mukaddes ýoluna düşendigini uly buýsanç bilen gürrüň berdi. Oňa Muhammediň pygamber bolandygyny buşlady. Osman mähriban ýylgyryp oturşyna, dostundan yslam ýolunyň, musulmançylygyň ýagdaýlaryny howlukman sorady. Soňra birden ýerinden turdy. – Ebu Bekir, dostum, meni Resul Allanyň ýanyna eltip bilmersiňmi – diýdi. Ebu Bekir öz dostuny Muhammet pygamberiň öýüne eltdi. Resul Alla Osmanyň gelenine uçursyz begendi. Ol munuň üçin Ebu Bekire minnetdarlyk bildirdi. Soňra Osmana ýüzlendi-de: – Allanyň bize bagş eden jennetinden umydygär bol. Men size ýeke-täk Taňrynyň ýoluny görkezmäge iberildim. – diýip, aýtdy. Muhammet pygamberiň juda eziz didaryny, nura boýalan gözlerini mähribanlykdan doly sözlerini eşidip, Omar özüni unutdy. Ol şol bada: – Eşhedu-en lä ilähä illalah we eşhedu enne Muhammeden Resulallah! – diýip üç sapar gaýtalady. Şondan soň onuň dili açylan ýaly boldy. Ol: – Eý, Resulalla, Men Damaskyň ýolunda Muan bilen Zerkanyň aralygynda düşlegde ýatyrkam biri: «Eý, uka gidenler, oýanyň! Mekgede Ahmet döredi!» diýip gygyrdy. Şondan soň Mekgä gelsem siz barada habar berdiler. – diýip, minnetdarlyk bilen gürrüň berdi. Şol ýagdaý Ebu Bekiri çaksyz begendirýärdi. Ol häzir hem begenjini gizläp bilmedi. – Menem indi musulman bolandyryn! – diýip, ol şol begenjini ýaşyryp bilmän dosty Sagd Wakgasa buşlady. Sagd Wakgas onuň ýüzüne geň galyp garady. – Men seniň bu gürrüňiňe düşünmedim-le! Sen näme boldum diýdiň?! Ebu Bekir oňa ýerbe-ýer edip düşündirdi. – Siziň ýegeniňiz Muhammet ibn Abdyllah ibn Abdyl Mutalyba Taňrydan bir hoş habar gelipdir. Şonda oňa: «Muhammet, sen Allanyň pygamberi!» diýip aýdypdyr. Muhammet indi Resul Alla bolup, Taňrynyň ýoluny açdy, – Ol nädip açanmyşyn? Ebu Bekir oňa janyndan syzdyryp gürrüň berip başlady. – Howlukma, sabr eýle. «Ol Alladan başga hudaýlar ýokdur, Muhammet Allanyň Resulydyr!» diýýär. Kime şony ykrar etse, şonuň belent Taňrynyň ýoluna düşdügidir. Menem Allanyň birligini, Muhammediň onuň Resulydygyny ykrar etdim. Sagd Wakgas ikirjiňlenmek bilen oýa batdy. Bir salymdan hem: – Başga kim musulman bolanmyşyn! – diýdi. Ebu Bekir sanap başlady. – Hatyja banu, Aly ibn Ebu Talyp, Zeýd b. Haris, Osman b. Affan, Men – Ebu Bekir bar... Sagd Wakgas gulagyny sallap diňledi-de, birden kaddyny dikledi. – Olaryň arasynda Aly bilen Zeýdem bar diýdiňmi? – diýip, gören düýşüni ýadyna saldy. – Hawa, olar Hatyjadan soň Hak-Tagalanyň ýoluna düşenlerdir... Sagd Wakgas gören düýşüniň hakyky ýorgudyny tapdy. Ol indi Muhammediň tutuş arap öwladynyň depesinde öçmejek Aý bolup dogandygyna ynandy-da buýsançly hem-de az-kem gussaly gözlerini süzdi. Soňra özbaşyna samrady. – Eý, bagty ýatan arap, arap, sen depäňe gonan döwlet guşuny göterip bir bilermikäň?! Ýa-da gün-günden, aý-aýdan, ýyl-ýyldan ownar gider otyrmykaň? Sen bir wagtlar beýik dag bolan bolsaň, indi jyglym daşjagazlara öwrülip gitdiň-ä... Sagd Wakgas niýetinde şol pursatda Belent-Taňrynyň ýoluny kabul etdi. Ýöne onuň Allanyň Resulyny göresi gelýärdi. Ony jany bilen mübärekläp, ak patasyny alasy gelýärdi. Sagd Wakgas Mekgäniň iň baý, gurply, uly abraýa eýe bolan adamlarynyň biridi. Onuň sözi Mekge ilinde juda berk tutulýardy. Şeýle abraýly adamyň musulman ýolundan ýöremegi Resul Alla üçin uly goltgy boljakdy. – Resul Alla nirede? – diýip, Sagd Wakgas oýa batyp oturyşyna sorady. – Ol Şiab Ajýanda (Mekgäniň eteginde) ýaşaýandyr. – Ýeri, sen maňa bir ýagşylyk et-de, Resul Allanyň ýanyna elt! Olar tirkeşip işikden girende, Muhammet pygamberiň ýüzi öňküden hem açylan ýaly boldy. Ol myhmanlary töre, düşege geçirdi. Sagd Wakgasyň Allanyň birligini, Muhammediň onuň Resulydygyny ykrar etmegi Muhammet pygamberi örän begendirdi. Garaňky gatlyşyp barýardy. Ebu Bekir öz dostlarynyň öýüne aýlanyp, Resul Allanyň ýanynda bolandygyny, Osmanyň, Sagd Wakgasyň musulman bolandygyny jikme-jik gürrüň berýärdi. Adamlary bu mukaddes ýola düşmäge çagyrýardy. Ol özüniň ýakyn dostlarynyň biri, kuraýyşlaryň abraýly ýaşulusy Omeýýa ibn Hafalyň öýüne bakan ugrady. Ol Omeýýanyň howlusyna ýetiberende: – Bilal, Bilal-how! – diýip, içeri bakan gygyrdy. Omeýýanyň hebeşi guly Bilal daşary çykyp, ony garşylady. – Eýgilikmidir, ýaman giçläpsiň-le. Ebu Bekiriň wagty hoşdy. – Bir gowy habarym bar, şony öz dostlaryma, ýagşy görýän adamlaryma aýdyp, şatlygymy paýlamasam, öýüme sygamok... Bilal onuň agzyna aňkarylyp durşuna, gul bilesigelijiligi bilen: – Aga, ol nähili hoş habarka? – diýdi. Ebu Bekir uly buýsanç bilen: – Araplaryň arasyndan pygamber döredi. – diýdi. – Kimkä ol?! – Ebu Bekir Bilala ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. Bilal bu habary eşidip, haýran galdy-da, soň Allanyň ýoluna düşüp, Muhammediň Allanyň Resulydygyny ykrar etdi. Ebu Bekir şondan soň içeri-de girmän öýüne gaýtdy... ...Muhammediň pygamberligi baradaky habar tutuş Mekge iline ýaýrady. Bu habara her hili garaýan bardy. Kimler: «Beý, şol-a gowy bolaýypdyr!» diýse, kimler: « Araplara pygamberem, hudaý hem derkar däl. Onuň hudaýlary özüne ýeterlikdir. Indiki hudaý nämä derkar...» diýýärdi. Käbir geleňsiz adamlar bolsa bu gürrüňi gulagynyň ýele ýanyndan geçirýärdi. Ýöne «Allanyň ýeke-täkligi...» diýen gep mekgelileriň köpüsiniň aňyna syganokdy. Ol söz köp adamyň degnasyna degýärdi. Öz hudaýlary olaryň ömrüniň, rysgal-döwletiniň, ata-baba ynanjynyň, düzgün-däpleriniň gönezligidi. Ol hudaýlar araplary gaty gadymy geçmiş, şu gün bilen bir köke çatýardy. Şol kök bolsa şu günüň, ertiriň şahalary bilen baglanyşyklydy. Taýpadan şaha ýaryp giden uruglar öz taýpasyna dolanmasalar-da, özleriniň hudaýlarynyň alyna dolanýardylar. Şol hudaýlaryň aralarynda dargap, pytyrap giden uruglar ýene-de bitewileşip, birleşip galýardylar. Şonuň üçin bu hudaýlar agzybirligi saklap, aslyňy, şu günüňi, geljegiňi birleşdirip duran gudratly güýç saýylýardy. Araplar özleriniň hudaýlaryna dil ýetirdenlerinden janlaryny berenlerini gowy görýärdiler. Wagt geçýärdi. Hyra dagynyň gowagynda Jebraýyl perişdäniň hoş habar getireninden beri eýýam üç ýyl geçipdi. Emma nämüçindir Jebraýyl perişdeden indi habar ýokdy. Muhammet pygamber näçe sabyrly, kanagatly bolsa-da, nämüçindir saralyp-solup barýardy. Ol gijesi-gündizi ýok, namaz okap, doga dileg etmekden doýmaýardy. Ol şu üç ýylda gizlin habar geleli bäri Belent- Taňrynyň ýoluna düşenleriň ellä golaýyny daşyna üýşüripdi. Olaryň arasynda baý-da, garyp-da, gul-da, begdir, täjir hem bardy. Aýallar, garrylar, ýaşlar hem musulman bolupdylar. Indi Mekgeli musulmanlar ýolda-yzda emgenmän tanasaň boljakdy. Olar sadadan sypaýy geýinşinden, mysapyrdan mertebeli boluşlaryndan bellidi. Egin-eşikleri, sakal-murtlary tämizdi. Ol adamlar birneme hor, emma nurana ýüzlidi. Az iýmek, özlerini kanagatly, sabyrly saklamak olary mysapyr, sagat, gadyrdan görkezýärdi. Musulman bolanlaryň nirede şagalaň, şowhun arak-şeraply meýlis, keýpi-sapa barka diýip, söwedeňläp ýörenini gören ýokdy. Olar hemişe namaz okamak, doga-dilegler etmek bilen güzeranyň kyn aýlawyna ýetişip, öz günlerine kaýyl halda gezip ýördiler. Şonuň üçin olaryň sähelçe-de boş wagty ýokdy. Musulman bolanlaryň kalby buýsançlydy. Olar hemişe dok, dünýäsi düzüw gepleýärdiler. Biri-birleri bilen örän gadyrly, iki ellerini berşip görüşerdiler. Olary toýlarda-da, ýasda-da edebinden, oturyp- turşundan tanap oturmalydy. Emma bIr ýagdaý Resul Allany iňkise goýýardy. Ol adamlara ynsaply- sahy, sahawatly bolmagy ündeýärdi. – Ýoluň üstünde ýatan, adamlaryň arkaýyn geçmegine päsgel berýän daşjagazy alyp, gyra taşlamak ençe maly sadaka bereniňden sogapdyr – diýip, musulmanlary haýyrly işlere çagyrýardy. Ol Hudaý-Tagala sadaka bermegi adamlara elýeterli edýärdi. – Suwsana bir owurt suw bermegiň sogaby köşekli düýäni Alla ýoluna sadaka bereniňden ýagşyrakdyr. – Musulman musulmanyň doganydyr. Gul hem, beg hem Allanyň alynda guldur. – Siziň her biriňiz özüňiziň ýagşy görýän zadyňyzy beýleki musulmana rowa görýänçä musulman bolup bilmez... – Adamlaryň iň haýyrlysy adamlara peýda edýän adamlardyr... Bu sözler adamlara juda hoş ýakýardy. Olaryň ýürekleriniň ýarasyna melhem bolup ýapylýardy. Musulman bolanlar Resul Allanyň täze-täze buýruklaryny tamakinçilik bilen garaşýardylar. Emma Muhammet pygambere welin Belent-Taňrydan indi gaty köp wagt bäri hiç hili hoş habar gelenokdy. Ony horlaýan, iňkise goýýan zat, ine şu ýagdaýdy. Ol bu barada hiç kime aýtmasa-da, öýüne-hä däl, indi dünýä syganokdy. «Men duşman güldüren bolmasam ýagşydyr...» diýip, ol özi barada tutuş Mekge ilatynyň edýän gürrüňlerinden hopugyp, gussaly oýlanýardy. Mekgede bolsa häzir onuň ýagşy gürrüňi edilenokdy. Musulman bolanlar ony uçursyz sylaýardylar. Onuň ynsan balasyna mahsus bolmadyk pähim-paýhasy, adamkärçiligi, ynsana mähribanlygy, haram-halal barada, Allanyň ýeke-täkligi barada aýdýan zatlarynyň keramatlylygy görenleriň, eşidenleriň aklyny haýrana goýýardy. Emma her sapar şol bir diýenini gaýtalap durmasy onuň özüni hem ýadadýardy. Onuň üçinem, onuň hopugýan zady, ol diňe şu sözleri gaýtalamak üçin Hakyň resuly boldumyka? Onuň ýoly şujagaz hoş habar bilen ýapyldymyka? Ol mundan aňry näme etmeli? Näme diýmeli? Özüňi nädip alyp barmalydygy barada kimden maslahat soramaly. Ine , ony horlaýan zatlar şulardy. Muhammet pygamber indi wagtyny Käbäniň gapdalyndaky daglarda geçirmegi çykarypdy. Ol metjitde bolanda-da, ýolda-da, hatda öýdekä-de ýany adamsyz bolanokdy. Şonuň üçin:«Ýanym adamly bolany üçin Jebraýyl perişde gelip bilmeýän bolaýmasyn» diýibem oýlanman duranokdy. Ol daglarda wagtyny ötürýärkä-de süňňi päkizedi. Egin-eşigi juda arassady. Sakal-murty timarlanandy. Iň esasan hem, ol öz köňlüni çirksiz arassa saklaýardy. Çünki, Hakyň hoş habary onuň köňlüne bent edilmelidi. Şol habaryň bent boljak ýeri juda arassa bolmalydy. Sebäbi, köňlünde sähelçe çirk bolsa, ol hoş habaryň kölegesiniň hem şol ýere düşmejegine onuň gözi ýetikdi. Resul Alla bir zada gaty gowy düşünýärdi. Belent-Taňry ynsanyň kalbyna garaýardy. Ol rysgal-döwleti, bagty, şatlygy bendäniň kalbynyň ölçegine laýyklap berýärdi. Kalby päk, arassa adamlaryň rysgal-döwleti mähribanlygy, ynsanperwerligi diňe şonuň üçin artyk bolýardy. Emma kalby, niýeti-päli arassa däl adamlaryň mal-baýlygy näçe artyk bolsa-da, sahawaty, mähribanlygy onça bolmaýardy. Resul Alla öz uýýan zadyny berk tutup, oňa jany-teni bilen gulluk edýärdi. Häzir başy aladalyka-da onuň göwnünde,| niýet-pälinde iňňäň gözi ýaly garalyk ýokundysy ýokdy. Ol öýünden, aýalyndan çagalaryndan il-gününden güzeranyndan diýseň razydy. Özüniň pygamberligini ykrar edýän, ykrar etmeýän adamlara-da onuň kinesi, gahar-gazaby ýokdy. Ony pygamber diýip yglan edenem, onuň ýüregine, kalbyna hoşamaýdan dana pähimleri salýan hem belent Taňrydy. Kim şol ýagdaýa garşy bolsa, ol Muhammede däl-de, Taňra garşydy. Eger Taňry isleýän bolsa, beýle adamlara garşy bol, ýa-da ýagşylary söý diýip höküm ederdi. Emma oňa heniz beýle buýruk ýokdy. Muhammet pygamber daglara çykdygy ýüregi giňäp, paýhasy eline gelýärdi. – Çagalygymdan meni tanap, ýagşy göreldelere ýugrup, öz ýagty ýoluna salan Taňry meni ýene-de, gerek bolsa tapar. Onuň elinde müşgil zat ýokdur. Näme isleýän bolsa, meni her wagtam şoňa boýun eder. Howlukmaly däl. Sabyr etmeli... Bir sapar, 613-nji ýylyň ahyrlarynda, dagda gezip ýören ýerinde ony birhili, üýtgeşik galpyldy basdy. Ol özüni ýitirdi. Erkini kimiňdir biriniň eline berdi. Ýöne bu ýagdaý ýyldyrym çaltlygyndaky ýaly, göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi. Muhammet pygamber gaty gorkdy-da, öýüne bakan haýdap gaýtdy. Şol gelşine-de aýalyna: – Hatyja, meni çaltyrak basyraweri! – diýdi. Emma hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Resul Alla bir ýagdaýy duýdy. Indi onuň Beýik-Taňrynyň ilçisi bilen duşuşjak pursady daşda däldi. Ol indi üç ýyl bäri batyl bolan ýollaryň açyljak pursadynyň daş däldigini aňýardy. Muhammet pygamber indi Käbe daglaryna däl-de, Hyra daga gatnap başlady. Şonda onuň gözleri şo-ol öňki, aýagy ýere direnip, başy göge ýetip duran ägirt uly nurana sudury gördi. Ol asmandaky äpet tagtynyň üstünde otyrdy. Pygamber nirä seretse, öňünde şol nur-läheň durdy. Ol ýene-de gorkdy. Saňňyldaýan bedenini zordan saklap, öýüne geldi-de, Hatyja: – Men teläriň aşagynda pugtarak basyr! – diýdi. Hatyja ony ýapynjasy bilen pugta basyrdy. Muhammet pygamber gaty erbet titreýärdi. Ýuwaşja yňranýardy. Ýylgyrýardy. Soňra bolsa birden ýazylyp gitdi. Onuň gulagyna heniz ynsan balasyna eşidilmedik üýtgeşik owaz geldi. Ol owazyň şirin-nagmalary älem-jahanyň derdine dermandy. Ol nagmalar gulagyňa bir ilse, kyýamat-magşara çenli seniň janyňa başga bir tenekar gerek däldi. Ol owaz Muhammet pygamberiň, çirksiz, päk kalbyna melhem bolup ýazyldy: Bismillähyrrahmänyrrahiými! 1. Ýäää-Eýýuhel-Muddessiru. 2. Kum Fä-Enzir. 3. We Rebbike Fe-Kebbir. 4. We Siýäbeke Fe-Tahhyr. 5. Werrüjze Fehjür. 6. We Lä Temnun Testeksiru. 7. We Li-Rabbike Fasbir... Belent Taňrynyň ady bilen. 1. Eý, pygamberlik donuny pürengiji (ýapynjy). 2. Sen ýatan ýeriňden tur, soňra Mekge halky musulman bolmasalar, olary Belent-Taňrynyň azabyndan gorkuz. 3. We öz Belent-Taňryňy ululygy bilen ýadyňa sal (ýat et). 4. We sen geýimleriňi ýagşy, arassa tut. 5. We hemme günälerden daş bol. 6. We berlen zadyňdan artyk aljak bolup zadyňy illere berme. 7. We öz Belent-Ýaradyjyň razylygy üçin sabyr et... Bu hoş habar Resul Allanyň indi üç ýyl bäri üsti dyrmalyp, juda yza berýän «ýarasyna» melhem bolup ýapyldy. * * * Muhammet pygamber aýdypdyr: – Allatagalanyň beren nygmatlarynda iýip-içip, şükür kylýan adam, roza tutýan sabyrly kişiniňki ýaly sogaba eýe bolar. Rowaýat: Muhammet pygamberiň aýaly hezreti Äşe bu wakany şeýle gürrüň beripdir: – Iki dag aralygynda Resul Allany Ebu Bekiriň musulman bolanlygyndan beter begendiren waka bolan däldir. Ol: – Imana çagyranlarynyň arasynda diňe Ebu Bekirden galan hemmesi birbada çekinip, ikirjiňlenip durdular. Emma welin ol ne oýlanyp durdy, ne-de böwrüni diňledi – diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |