17:58 Muhammet pygamber -27: romanyň dowamy | |
DOKUZYNJY BÖLÜM 1. Sen ýatan ýeriňden tur-da soňra Mekge halky musulman bolmasalar olary belent Taňrynyň azabyndan gorkuz... Gurhan. 74-nji süre 2-nji aýat. – E-eý, Mekgäniň ilaty! Kuraýyşyň ogullary! Abdyl Mutalybyň ogullary! Haşymyň ogullary! Abd Manafyň ogullary!.. Ähliňiz Safa dagyna üýşüň!... Säher bilen şeýle batly ýaňlanyp, iniňi erbet tisgindirýän owaz tutuş Mekgäni gaplap aldy. Adamlar şol pursat aýaga galdylar. Mekgede indi ata-babadan bäri il başana bir musallat inende, ilden çykma iş edilende, juda şatlykly hoş habar gelende edilýän bir däp bardy, şol habary aýtmak üçin säher bilen Safa dagyna çykylyp gygyrylýardy. Mundan sähel ýyl öň, Käbäniň altyn-kümüş hazynasy ogurlanylanda-da Ebu Talyp şu depä çykyp, aldajy sesi bilen tutuş Mekgäniň ýüregini ýarara getirip gygyrypdy. Safa dagyndan şeýle ses eşidildigi, hökman bu iliň garrysy-ýaşy şu ýere ýygnanaýmalydy. Beýik Taňrydan: «Eý, pygamberlik donuna pürengiji, Mekge halky musulman bolmasalar olary Belent-Taňrynyň adyndan azabyndan gorkuz» diýen habar gelenden soň, Resul Alla üçin ähli zat aýan boldy. Ol indi: – Ilki bilen halkyň arasyna çykyp, Beýik Taňryny şöhratlandyrmalydy; – Alladan başga hudaýlaryň ýokdugyny wagyz etmelidi; – Halky Allanyň, ak ýoluna düşmäge çagyrmalydy; – Adamlara Taňrynyň göz öňüne getirip bolmaýan agyr azaplarynyň bardygyny aýtmalydy... Muhammet pygamber üçin indi näme etmelidigi, kime näme diýmelidigi juda aýan bolupdy. Ýöne ony nirede, nähili ýagdaýda diýmeli. Ol oýlandy-oýlandy-da, Safa dagyny saýlap aldy. Çünki, öňde-soňda araplar üçin, Mekge ilaty, kuraýyş ili üçin şu habardan möhüm habar bolanam, boljagam däldi. Muhammet pygamberiň mylaýymdan mähriban sesi tutuş Mekgäniň inini tisgindirdi. Ol misli, beýik daglaryň Hakyň buýrugy bilen ilkinji sapar uçmaga hyýallanýan bürgüdi ýaly bolup, başyny merdem tutup durdy. Mekgäniň tämizden salkyn säheri onuň bilen raýkeş ýaly, pygamberiň nura boýalan näzik, ap-ak, ýöne birneme horlanan ýüzüni mylaýymlyk bilen sypaýardy. Mekgäniň adamlary bu sese duran-duran ýerlerinden bosuşyp gaýtdylar. Şol gelşine, kimler gylyjynyň gynyny guşagyna berkidýärdi, kimsi ýaýyny egninden aşyryp, sagdagyny arkasyna berkidýärdi. Adamlar Safa dagynyň depesinde ýaňy şaha ýaýan ýaş çynar ýaly bolup duran belent başy gök dirän Muhammedi gördüler. Olaryň köpüsi Muhammediň, Hudaýyň pygamberi bolanyny, onuň Belent- Taňrynyň ýoluna düşenini bilýärdi. Indi Mekgede Hudaýy bir bilip, Muhammedi onuň resuly diýip üç ýüz altmyş hudaýdan ýüz öwrüp ýören az däldi. Gelenleriň arasynda araplaryň öz pygamberini ýekeje sapar görmegiň arzuwynda ýörenlerem az däldi. Bu gün olaryň gözi Muhammede düşende, begenen az bolmandy. – Näme hekaýat gopdy! – Näme bela indi? – Näme gerek saňa? – Sen bizi näme üçin ynjalykdan düşürdiň?.. Mekgede Muhammet hakynda hoşgylaw adamlar bilen birlikde, gözünde| oky bar bolsa, ony şol demde awlap aljaklar hem kändi. Ine şolar Muhammet pygamberiň ýagşy gürrüňini etmeýänlerdi. Muhammet pygamberi görenlerinde olaryň myrryhy atlanýardy. Azymly gygyryşýanlaryň köpüsiniň şolardygyny Muhammet pygamber aňlady. Ol Mekgäniň ilatynyň ählisi bu ýere ýygnanan badyna belentden düşnükli ses bilen ýygnananlara ýüzlendi. – Eziz doganlar! Beýik Taňrydan hoş habar-wahyý geldi. Alla Tagala Mekge halkynyň musulman bolmagyny buýurdy. Söýünç we buşluk size bolsun! Siz hem bu habary özüňizden soňkulara ýetiriň. Kimde kim çyn ýüreginden: «Lä-ilähä illallah!» diýip, Allanyň barlygyna we birligine güwälik berse, ol jennete girjekdir. Biliň, Alladan başga hudaýlar ýokdur! Biliň, Muhammet Allanyň pygamberidir! Biliň, kimde-kim daş hudaýlara uýsa, onda oňa Taňrynyň juda agyr azaplary garaşýandyr! Taňry olary o dünýäde dowzah oduna ýakjakdyr!... – Bes et! – diýip, kimdir biri gazap bilen gygyrdy. – Hany, samramaňy bes et ho-ow! – bu ses bolsa onuň hem atasy, hem-de gudasy Abdyl Uzzanyň sesidi. Abdyl Uzzanyň çagalygyndan bäri Muhammet pygambere bolan ahmyry bu gün möwç alyp çykan ýaly boldy. Ol öňden hem özleriniň çöregini iýip ýören ýetim oglanyň tüçjar baý bolmagyna bir ölüp bilenokdy. – Eý, ýetimçe, sen şu samsyk sözleriň üçin bizi azara goýduňmy? Nälet siňen diýsän-i! Muhammet pygamber agasynyň gazaply äheňine ünsem bermedi. – Eziz doganlar, men häzir size: «Şu dagyň aňyrsyna agyr ýagy gelip durdy. Häzir şol ýagy siziň üstüňize çozjak bolup dur!» diýsem, siz ynanardyňyzmy?! – Oňa ynanardyk! – Onda diňläň, men size ol dünýäde Taňrynyň alynda, musulman bolmadyklar üçin şol ýagydan hem müň esse agyr apatlaryň bardygyny aýdýaryn. Siz Allanyň, gazabyndan onuň dowzah atly apatyndan gorkuň. Siz «Lä-ilähi illallah!», «Alladan özge hudaýlar ýokdur!» diýip, musulman boluň! Bu sözler meniň sözlerim däldir. Men size Rahmanyň sözlerini aýdýandyryn, doganlar! Dagyň etegindäki märekäniň içinde diňe Abdyl Uzzanyň ýanynda duran topar bu sözlere keýp edip gülüşýärdi. Abdyl Uzza inisiniň üstünden gülmek bilen hem oňmady. – Adamlar! – diýip, ol töweregindäkilere ýüzlendi. – Ynanmaň şu kezzabyň sözüne. Ol özüni pygamberdirin diýip, aldaýar sizi. Gezip ýören däli-diwanadan hem bir pygamber bolarmy? Men ol adama gaty belet. Ol biziň çöregimizi iýip, işigimizde ulaldy, onsoň nädip, bu gün pygamber bolsun? Kowuň ol ýetimçäni!.. – Kowuň, ony! – diýip, onuň ýanynda duran ýaranlary hem ýerli-ýerden gygyrypdylar. Abdyl Uzza ýene-de durup bilmedi. – Ol Rahman Rahym diýen bolup, indi biziň ata-baba hudaýlarymyza hem dil ýetirip başlady. Siz nädip çydap dursuňyz, onsoň... – Ol ýalan sözleýär! – Ony kowuň! Adamlar tolgunyşyp, gygyryşyp başladylar. Muhammet dagyň üstünden märekä garap düşüp gaýtdy. Ol Abdyl Uzza bilen onuň aýaly Umm Jemile, onuň erkek dogany Ebu Sufýanyň, Ebu Jähiliňdeňine ýetende olar haha-haýlaşyp, gülşüp başladylar. – Görüň, görseňiz-läň, bu kezzaby! Onuň bolup ýörşüne bir garaň. Şondan hem bir pygamber bolarmy. Görüň, ýalançy diwananyň bolup barşyny... Abdyl Uzza Ebu Jähiliňböwrüne dürtüp, ýene gülüp başlady. Birdenem: – Ýok bol, şu ýerden. Bu mukaddes ýerler seniň ýaly kezzabyň gelmeli ýeri däldir!.. – diýip, agzyny köpürjükledip herreldi-de, ýerden daş alyp, oňa tarap zyňdy. Muhammet pygamber mähribandan mukaddes başyny oňa tarap çalaja aýlady-da: – Sen Ebu lehem! – diýdi-de öz ugruna bakan ýuwaşja ýöräp gitdi. Duranlar Resul Allanyň bu sözüne keýp edip gülüşdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |