18:00 Muhammet pygamber -28: romanyň dowamy | |
2. Ebu Lehebiň pygamberi urmak üçin daş alan iki eli heläk (şel) bolsun... Gurhan. 3-nji süre. 1-nji aýat. Muhammet pygamberiň göwni derýa ýaly giňdi. Emma şonda-da Mekgedäki ýagdaýlar özi ynsan bolan adamyň degnasyna degerçe bardy. Safa dagynda bolan wakadan soň musulmanlaryň güni has kynlaşypdy. Ebu Jähiliň ýolbaşçylygynda mekgeli kuraýyşlar, beýleki taýpalaryň adamlary topar-topar bolşup, Allanyň ýoluna düşen adamlary yzarlaýardylar. Olaryň namaz okap oturan ýerlerine baryp, olaryň üstlerinden gülýärdiler. Olara masgaralaýjy sözler aýdyp, agyzlaryna gelenlerini sögýärdiler. Muhammet pygamber Beýik-Perwerdigärden hem, özünden hem diýseň razydy. Ony şunça halklardan saýlap alyp, özüne pygamber bellän Taňry ony ak ýollara-da salypdy. Resul Allanyň özünden razylygy, ol Belent-Taňrynyň ilkinji ýumşuny bitiripdi. Ol Safa dagyna çykyp, birinji bilen, tutuş Mekge halkyny bu ýere çagyryp, Alla Tagalany şöhratlandyrypdy. Olara: «Alladan başga hudaýlaryň ýokdugyny» aýdypdy. Ikinji bilen, bu halka: «Öz daş hudaýlaryňyzy terk edip, ýeke-täk Allanyň ak ýoluna düşüň» diýip wagyz etdi. Üçünji bilen, olara kimde-kim belent Taňrynyň mukaddes ýoluna düşmese, olara Allanyň, tükeniksiz ýowuz azaplarynyň bardygyny aýtdy. Olara:« Siz ýeke-täk Taňra ynanmasaňyz, ahyrýetde Alla Tagala sizi dowzah oduna duçar eder. Bu meniň sözüm däldir, Taňrynyň sözidir... » diýip aýtdy. Ahyr soňunda bolsa, «Lä-ilähe illallah» diýibem aýtdy. Onuň bu sözlerini Mekgäniň tutuş halky eşitdi. Emma şondan soň hem olaryň, ýekejesi-de musulmançylygy kabul etmedi. Indi bolsa olar ak ýürekli musulmanlary Mekgä sygdyrmajak bolýardylar. Muhammet pygamberi gynandyrýan zat, indi Ebu Jähiliňtopary bilen musulman bolan adamlaryň arasynda ganly çaknyşyklar, uruş-dawalar bolup durdy. Ýakynda Sagd Wakgas bir topar musulman ýoldaşlary bilen Käbäniň gapdalyndaky dereleriň birinde, gizlinje ýerde namaz okaýardylar. Kuraýyşlaryň biri olaryň yzyna düşüp, olaryň nirede namaz okaýandygyny bilip, soňra Ebu Jähile habar beripdi. Ebu Jähil ýanyna on-on bäş sany kuraýyşy alyp, bularyň üstüne eňipdi. Herne, olar baranda Sagd Wakgas dagy namazlaryny okap bolupdylar. Şol wagtam Ebu Jähiliňtopary olaryň üstüne döküldiler . – Eý, haramzada tentekler. Bu ýerde näme işleýärsiňiz? Däli-diwanaçylyk etjek bolsaňyz, başga ýer tapmadyňyzmy? Ýok boluň, şu ýerden, ýogsa... Ebu Jähil has gaty gidýärdi. Ol Allanyň özüne, namaza, Hakyň Resulyna dil ýetirip, erbet sögünip başlady. Onuň ýanyndakylar bolsa, keýp edip gülüşýärdiler. Sagd Wakgas çydamady. Ol ýerden güne kak bolup ýatan düýe süňkleriniň birini aldy-da, ýakynyndaky masgaralap, üstünden gülüp duranyň ýüzüne ýelmäp goýberdi. Gelenler hem musulmanlary sylap durmadylar. Sagd Wakgasyň, beýlekileriň depesinden ýumruk ýagdyryp başladylar. Şu gyzyl ýumruklaşma bolanynda Sagd Wakgasyň gulagynyň düýbi sypjyrylyp, ondan gan akyp başlady. Bu wakadan soň, olar şu ýagdaýy Muhammet pygambere gürrüň berdiler. Resul Alla Sagd Wakgasyň ýara bolan gulagyny gördi-de: – Sagd, sen ýeke-täk Taňra gulluk edip, gan dökenleriň ilkinjisisiň – bu ýolda gan döken ilkinji musulmansyň – diýdi. Indi kuraýyşlar Muhammet pygamberiň hut öz ýüzüne-de sögüp, agyzlaryna gelen hapa sözleri gaýgyrman aýdýardylar. «Eger bu samsyk pişesini goýmasa, janyna kast etjekdiklerinem duýdurýardylar». Bir sapar musulmanlar al-Arkamyň öýünden Muhammet pygamber bilen bilelikde namaz okap, ýaňy daşary çykypdylar. Şonda olary Ebu Jähiliňýolbaşçylygyndaky topar gabap aldy. Muhammet pygamber Ebu Jähiliňgap-gara ýüzüne, dykyzdan daýaw orta boýuna, kiçijik süýri kellesine gyşardybyrak geýen sellesine, çakgynyň çüýi ýaly bolup, ýeserlik bilen ýyldyraýan gözlerine birlaý garady-da geçip gaýtdy. Emma Ebu Jähil muny Muhammet pygamberiň özünden çekinmesi diýip düşündi. Ol oňa elini uzatdy-da, gygyryp başlady. – Eý, sen näletkerde, beýdip, özüň ýaly işsizleri yzyňa tirkäp, ili üstüňden güldürip ýörmäge utanaňokmy? Beýdenden-ä... Ol juda hapa sözleri üstüne pürkýärdi. Emma Resul Alla oňa başynam galdyrmady-da, öz ugruna bakan gitdi. Muhammet pygamberiň geçirimliligi, parasatlylygy musulmanlary haýran galdyrýardy. Emma bu ýagdaýy ýüregine siňdirip bilmedikler hem boldy. Şol ýerde daşyndan synlap duran adamlaryň biri bu wakany Muhammet pygamberiň agasy Hamza aýtdy. ...Hamza pälwan bu wagt dagdan aw awlap gelýärdi. Awy oňansoň, onuň keýpi kökdi. – Aw ganly bolsun, Hamza pälwan! – diýip, Abdyllah b.Judanyň gyrnagy aýtdy. – Näme diýdiň? – diýip, Hamza bu aýalyň ýüzüne garady. – Näme diýdiň? Ol gyrnak aljyrady. – Eý, Umereniň kakasy, sen hiňlenip gelýärmiň? – diýdim. Hamza bu aýalyň näme diýmek isleýänine düşünmedi-de: – Men hiňlenmän näme edeýin. – diýip, ol bilguşagyna düzülen dag guşlaryny görkezdi. – Aý, bolýar-la, hiňleniň. Il-ä haşymylaryň namysyna çirk ýetirsin. Siziň mertebäňize şek ýetirsin. Sizem hiňleniň-de geziberiň... Hamza pälwan bu gepi inine siňdirip bilmedi. – Dur-aýt, gyrnak, kimmişin ol haşymylaryň namysyna çirk ýetirip biljek?! Aýt şony... Ol aýal hem gep alyp galmady. – Külli arap öwladynyň içinde diňe seniň emşen iniň Muhammede pygamberlik berildi. Onam hol Ebu Jähil diýilýän Ebul-Hakem b.Hişam Resul-Allany uly iliň içinde masgaralap, dil ýetirip ýör. Sen bolsa... Hamza pälwan Muhammet pygamberi juda gowy görýärdi. Onuň bilen emşeni üçin onuň damarjygy Muhammet diýip, çekip durdy. Inisi Muhammediň dogruçyllygy, halalhonlygy Hamza pälwanyň ýüregine rahatlyk berýärdi. Ol Muhammet Allanyň ýoluna düşmegine, onuň Hakyň Resuly bolmagyna beýle bir ünsem berenokdy. Ony nirede gezse-de, nirede bolsa-da, hapaçylygyň gyrasynda görünmejegini bilýärdi. Ol agasy Ebu Talybyň: «Muhammediň dyrnagyna çümen tiken, meniň ýüregime batýandyr» diýen sözüni halaýardy. Ol özüne hemişe Muhammedi goramaga söz beripdi. – Henize çenli haşamylaryň namysyna şek ýetirip aklyk alan ýokdur – diýdi-de, hyrra yzyna öwrülip gitdi. – Hamza pälwan ölmändir, häli... Hamzanyň gahary gaty gelip. Ol Ebu Jähiliňbolaýjak ýerini aňýardy. Ahyrynda-da ony Käbäniň golaýyndan tapdy. Ebu Jähil öz garyndaşlary, başga-da bir topar adamyň arasynda güberilip otyrdy. Olar nämedir bir zada gülüşýärdiler. Hamza pälwan olaryň golaýyna bardy-da, sagdagyndan ok alyp, ýaýyna saldy-da, Ebu Jähile çenäp atyp goýberdi. Ok Ebu Jähile jaýdar degdi. Onuň depesinden gan-çüwdürilip gaýtdy. Onuň garyndaşlary atylyp ýerlerinden turdylar. Emma olaryň öňünde Hamza pälwan durdy. – Näme üçin? – diýip, kellesinden akýan gany sylyp durşuna, aglamjyrap sorady. – Muhammet pygamber üçin! – Hamzanyň jogaby gysga boldy. Ebu Jähiliňtöweregindäkiler öjükdiler. – Ol iniň başyna gitdi. Ol biziň hudaýlarymyzy masgaralap ýör. Halkyň arasyna bozgakçylyk salýar. Hudaý ýekedir diýen bolup, ili azdyrýar... Başga biri bolsa Hamza-da şek ýetirjek bolup başlady. – Belki senem şonuň ýoluna düşensiň? Belki senem hudaýlarymyzdan daş düşensiň, beýle iniň arkasyny tutýarsyň. Hamza çekinip durmady. – Eý, bisyratlar! Men Alladan başga hudaýlaryň ýokdugyny Muhammediň onuň Resulydygyny bireýýäm ykrar eden bolsam, siz maňa näme edip bilersiňiz?! Hiç zat edip bilmersiňiz, sebäbi meniň inim ýalan sözlemeýär. Onuň aýdanlary hak. Onuň edýän işleri dogry. Çünki siziň han-a, sallam-sajak bolup ýatan daş hudaýlaryňyzdan näme çykýar? Şonuň üçinem ýene bir sapar Muhammet pygamberiň ýanyna geleniňizi eşideýin, läşiňizi sererin... Hamza pälwan buýsançly başyny belent tutup, şol ýerden göni Muhammediň öýüne gaýtdy. Muhammet pygamber emşen agasy Hamza pälwany güler ýüz bilen garşylady. Oňa öýe girip töre geçmegi mürehet etdi. Emma Hamza oturmady. – Inim, Muhammet. – diýdi-de – Seniň tutan ýoluň hakdyr. Menem seniň diniňi kabul edýän. Lä-ilähä illallah, Muhammet Resul Allah! Ol bu sözleri üç gezek gaýtalady. – Men bu uýýan dinime janym-tenim bilen ynanýan. Käbedäki şowsuzlyklardan, bu günki ynjyly aladalardan soň, bu tolgundyryjy waka, mertebeli, garadan gaýtmaz pälwan agasynyň Taňrynyň ýoluna düşmegi diňe bir Muhammet pygamberiň ýüregine kuwwat bolman, Belent-Taňrynyň ýoluna-da juda kuwwatly hemaýatdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |