18:01 Muhammet pygamber -29: romanyň dowamy | |
3. We özüňe has ýakyn garyndaşlaryňy Taňrynyň (t) gazabyndan gorkuz, We sen musulmanlardan özüňe ýakyn bolanlara mähribanlyk et. Gurhan. 26-njy süre. 216-217-nji aýat. Ebu Jähil indi Ebu Läheb (dowzahy) adyny alan Abdyl Uzza dek ýatanokdylar. Olaryň ikisi-de biri-birlerinden gurply, Mekge ili üçin abraýly adamlardy. Şonuň üçin olaryň sözüni diňläp, yzlaryna düşýänler az däldi. Bu adamlaryň musulmanlaryň garşysyna täzeden täze bolgusyzlyklary tapýandygyny adamlar gelip Resul Alla aýdýardylar. Muhammet pygambere Safa dagyndaky şowsuzlyk agyr degenem bolsa, özüniň indi ile arkaýyn çykyp, wagyz edip biljekdigine ýagşy göz ýetiripdi. Şonuň üçin ol Mekgäniň iň baý, gurply adamlaryny, öz ýakynlaryny öýüne çagyrmagy makul bildi. Öýde ol dürli-dümen naharlary, miwe, süýji nygmatlar, içgiler taýýarlatdy. Onuň öýüne diýen wagty agalary Ebu Talyp, Hamza, al-Abbas, Ebu Hahaby, kuraýyş ýaşululary bardy. Olar iýip-içip, ýagşy keýplerini köklänlerinden soň Muhammet pygamber olara ýüzlendi. – Eziz doganlarym! Maňa Beýik-Taňrydan wahyý-hoş habar geldi. Ol maňa: «Sen meniň pygamberimsiň!» diýip aýtdy. Mekge ilatyny ýeke-täk Taňrynyň ýoluna çagyr diýip buýurdy. Siziň ähliňiziň Taňrynyň ýoluna düşmegini sargady.–Ol ýuwaşlyk bilen adamlaryň ýüzüne garady. Şonda olaryň ýüzünde ynamsyzlyk alamatynyň bardygyny duýup galdy. Şonuň üçin ol şol ynamsyzlygy ýok etjek deliller aýtdy. – Siz pikir etmäň, bu sözler Muhammediň öz tapýan sözleridir diýip. Meniň henize çenli ýalan sözlänimi, galp zady aýdanymy eşidenem, bilýänem ýokdur. Maňa buýrulmadyk zady aýtmagyň zerurlygam ýok. Emma men bu sözleri aýtmasam, Taňrydan, onuň gazabyndan, o dünýädäki dowzah odundan gaty gorkýaryn. Men Allanyň ilçisi. Allanyň buýrugyny size aýtmasam menem Hakyň gazabyna galaryn... Hiç kimden ses çykanokdy. Muhammet pygamber sözüni ýene-de dowam etdirdi. – Eziz doganlarym, meniň arap kowmuna ýamanlygym ýokdur. Arap kowmunda soňky zamanlarda Hak eýämiziň şepagatyny getiren ogul hem bolan däldir. Hak Tagala sizi tanady. Özüniň ýagşy sahawatlaryny sylag-serpaý etjek günlerine sizi çagyrdy. Men size şony buşladym. Meniň başga günäm ýokdur. Indi bu mukaddes ýolda kim menň bilen bile bolar. Meniň beýik Eýäme bolan yhlasyma kim eýe bolmaly. Hiç kimden ses çykmady. Diňe Aly ýerinden turdy-da, Resul Allanyň synyndan ýapyşyp aglady. – Eziz Hak Resuly, tenimde janym barka, seniň kömekçiňem, goragçyňam men bolaryn – diýdi. Muhammet pygamber onuň başyny emaý bilen galdyrdy-da, öz kükregine goýdy. – Adamlar, synlaň, meniň hakyky doganym, wesýetlerimi galdyrjagym, ine, şu ogul bolar... Kuraýyşlar Resul Allanyň öýünden gaýdyp baryşlaryna Ebu Talybyň üstünden gülýärdiler. – Beý- bä, Ebu Talyp, sen indi oglyň eline suw akyzmaly bolaýmasaň hem ýagşydyr. Nähili-de bolsa, Resul Allanyň aýdan sözleri olaryň köpüsiniň ýüregini ýumşadypdy. – Resul Alla şek ýetiren, bize kesek atdygydyr. Ony adam ogluna horlatmarys! – diýip, olar öz aralaryndan gepleşipdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |