18:03 Muhammet pygamber -30: romanyň dowamy | |
4. Eý, Muhammet (s.a.w) size kapyrlary dogry ýola salmak wajyp däldir, saňa wagyz-nesihat wajypdyr, we emma Belent-Taňry islän bendesini dogry ýola salar (musulman eder). Muhammet pygamberiň goragçysy köpelse-de, beýleki musulmanlaryň duşmanlary azalanokdy. Olar indi namazlaryny arkaýyn okap bilenokdylar. Şonuň üçin olar täzeräk Hakyň ýoluna düşen Al Arkamyň Mekgäniň çeträginde ýerleşýän öýünde üýşüp namaz okaýardylar. Şonda Resul Alla Käbe aýmançasynda bulaşyp ýatan hudaýlar barada aýdypdy. – Hudaýdan başga hudaýlar bolup bilmez. Ol üç ýüz altmyş sany daşa tagzym edeniň jaýy dowzahdyr. Öň siz kördüňiz. Şonuň üçin şol daşlary hudaýdyr öýtdüňiz. Indi Rahman siziň gözüňizi açyp, size oňa röwşen çaýdy. Şundan beýläk şol hudaýlara uýmak, külli günädir. Kim günä eýesi bolsa, ol o dünýäde, Hak jaýynda onuň görjegi sakar dowzahdyr. Bu söz şol günüň özünde Mekge iline ýaýrady. Mekgäniň ýaşululary bu habara juda erbet boldular. – Ol adam gaty gidýär. – diýip, Ebu Jähil dişlerini çarhlap aýtdy. Onuň ýoluna böwet basylmasa, bu gün hudaýlarymyza dil ýetirse, ertir heleýlerimize bir zat diýer. Biz näme üçin agzymyzy öweldip ýörüs, biz näme üçin ony ýok edemizok. Kuraýyş ýaşululary bu ýoly dogry hasap etseler-de, başga bir ugry saýlap aldylar. Utba ibn Rabia, Şeýba ibn Radia, Ebu Jähil ibn Hişam, Al-ass ibn Wail, beýleki kuraýyş ýaşululary üýşüp, Ebu Talybyň ýanyna Käbe aýmançasynyň öňündäki üsti bassyrmaly sekiniň ýanyna geldiler. Ebu Jähil öňe çykdy. – Ebu Talyp, Mekgäniň atly-abraýly ýaşululary seniň bilen gepleşmek isleýärler. Bu adamyň äheňini halamasa-da, göwnüne hiç zat getirmedik Ebu Talyp olara mürehet etdi. – Geliň. Ebu Talyp olary yzyna düşürip, öýüne alyp gitdi. Olar oturdylar. Ýene-de Ebu Jähil ýuwuksyz çemçe ýaly bolup, öňe sokjaryldy? – Biz indi siziň iniňizden bizar bolduk, Ebu Talyp. Ol indi biziň hudaýlarymyza dil ýetirip başlady. «Üç ýüz altmyş hudaýy ýok etmeli. Şol hudaýlara uýan dowzahy» diýipdir. Onuň hudaýlarymyz bilen näme işi bar? Gezsin ýörsün öz ugruna. – Ol gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup, Ebu Talybyň ýüzüne çiňňerilip seretdi. – Sen oňa juda berkden berk tabşyr. – Sen biziň serdarymyz, ýaşulymyz, arzymyzy başga kime aýdaly. – diýip, ýaşulularyň biri aýtdy. Hudaýlarymyza çylkasyz gep aýtmasyn... – Bolmasa, sen ony bize ber, onsoň bir etjegimiz bardyr! – diýip, Ebu Jähil möwjäp aýtdy. Ebu Talyp olary ugradyp bilmänsoň, inisiniň yzyndan adam iberdip, ony alyp geldi. Resul Alla nämäniň nämedigine şol bada göz ýetirdi. – Inim, olaryň hudaýyny näme üçin ýazgarýarsyň. Olar seni: «Bize ber diýip gelip otyrlar» Resul Alla ýaşulularyň ýüzüne göni garady. – Size bu dünýäde-de, o dünýäde-de eşret nuruny eçiljek Beýik-Allanyň näme kemi bar?! Meniň wagyz edýän Hudaýymyň taýy ýokdur. Onuň gudratynyň, sahawatynyň çägi ýokdur. Aý, Gün, daglar, deňizler, älemler, yns-jyns, asman-zemin şonuňkydyr. Siziň şol daşlaryňyzyň nämesi bar? Eger häzir siz meniň diýenimi gaýtalasaňyz, onda şol Beýik Eýe siziň bilen bolar. Ebu Jähil kiçijik kellesini titretdi. – Biz näme diýmelimişik? – Siz: «Alladan başga, hudaý ýok» diýiň. Oturanlar ör-gökden geldiler. Ebu Talyp bolsa has ejizledi. – Inim, seniň maňa rehimiň insin. Sen olaryň hudaýlaryna degme. Maňa etmejegimi etdirme... – Hany, biziň hudaýlarymyza indi bir dil ýetiribem bir görsün, göz näme görýär, onsoň... – Ýok, ol düzelmez. Ony bize bersen-e – diýip, Ebu Jähil dişlerini gyjyrdadyp aýtdy. Soňra has hem gazaba münüp, Ebu Talyba ýüzlendi. – Onuň ajaly golaýlapdyr. Resul Alla diýseň arkaýyndy. Ol: – Agam, goý, olar meni öldürseler öldürsinler. Emma men Eýämiň salgy beren ýolundan dänmerin. Eşidiň, eşidiň! Lä-ilähä illallah, Muhammet Resul allah. Kulhu Allahu Ahad!.. Resul Alla bu sözleri aýtdy-da, nämüçindir gözlerine ýaş aýlady. Soň: «Lä-ilähä illallah!» diýip ýene birnäçe sapar gaýtalady. Soňra yzyna garaman çykyp gitdi. Ebu Talyp inisine dözmedi. Ony çagyrdyp getirdi-de, ýanynda oturtdy. – Inim. – diýdi. – Sen nämäni dogry diýseň, şoňa gulluk et. Alladan kasam edýärin, seni bulara bermäýin. Kuraýyş ýaşululary Ebu Talybyň öýünden lapykeç halda gaýtdylar. Ebu Jähil içiniň ýangyjyna gaharyny ýaşulularyň ýüzüne basdy. – Gördüňiz dälmi, onuň bihaýadygyny. Ol şol sözi indi siziň ýüzüňize aýtdy. Ölüň, ölüp bilýän bolsaňyz, kuraýyşlar! Ol siziň namysyňyzy depelesin, siz hem garşysyna geçip, agzyňyz suw alan ýaly bolup oturyň. Hudaýlaryňyz ata-baba size rysgal berdi. Sizi ýyllar boýy bela-beterlerden gorady. Siz welin olary bir bihaýadan gorap bilmediňiz. Ony ertire çykarman öldürmek gerek. Ony hökman öz elimize almaly. Onsoňam bir etjegim bardy... Ebu Jähil aýdany bilen goýanokdy. Ol öz dostlaryndan ýygnap, täze garadan gaýtmaz topar döretdi. Şol toparyň adamlaryna bölek-bölekden goýup, Mekgäniň mähelleleriniň burçlaryndan nobatçylyk çekdirýärdi. Olar Resul Allany gördükleri, Ebu Jähile habar bermelidiler. Ebu Jähiliňadamlary güni bilen Resul Allanyň öýüniň ýanynda garawulçylyk çekip, onuň nirä gidýänini berk yzarlaýardylar. Olar üçin indi pygamberiň her bir ädimi, agzyndan çykýan her bir sözi aýandy. Onuň töweregine üýşen, Allanyň ýoluna düşen musulmanlaryň hem ählisiniň ady aýandy. Olar bolsa indi elli-altmyş adam bardy. Ebu Jähil täze dörän pygamberi ýok etmegiň ugruna çyny bilen çykypdy. Ol indi kuraýyş ýaşulularynyň ählisine diýen ýaly öz diýenini etdirmegi başarýardy. Hudaýlar meselesindäki oňuşmazlyk kuraýyş ýaşulularyny onuň daşyna birleşmäge mejbur edipdi. Ebu Jähil bolsa ýagdaýdan oňat peýdalanmagy başarypdy. Ol bu gün hem ýaşulularyň on-on bäş sanagyny öýüne çagyrdy. Olaryň öňüne bol nygmatly saçak ýazdy. Soň hem olary gyssap başlady. – Siz näme aňkarylyşyp ýörsüňiz? Göreňizokmy, bileňizokmy? Tutuş Mekgäni şol başyna giden kelesaňyň ýoluna gidenler eýelediler! Indi diňe siziň hudaýlaryňyz galdy. Olar ertir şonam ýok etsinler, onsoň bilersiňiz nämäniň nämedigine. Hudaýlar meniň düýşüme girip, arz etdiler. Olaryň ählisi şol dönügi ýok etmegi menden talap edýärler. Onuňky bir hudaý bolsa, biziňki üç ýüz altmyş hudaý. Onuňky, hany, aýdyň, nirede. Ol salgyma çapýar. Biziň hudaýlarymyz, gözümiziň alynda. Biz onuň ýaly, ýok zada ymsynamyzok... Ol ýaşululary ýene-de Ebu Talybyň öýüne ugratdy. Olaryň ýanyna bolsa Umar ibn al-Walit atly ýigidi hem goşup goýberdi. Ebu Talyp olary Abdyl Mutalybyň görüm-göreldesine görä, güler ýüz, duz-çörek bilen garşy aldy. Emma olar gaty gyssanmaçdylar. – Ine, Ebu Talyp, Mekge ilinde şu ýigitden asylly, akylly, görmegeý adam ýok. Ol seniň akly çaşan iniňe müň degýär. Biz şu ýigidi saňa ogullyga berýäris. Senem bize täze pygamber bolan iniňi ber... Olar Umar ibn al-Walidi öňe bakan itip goýberdiler. – Ine, alyň ogluňyzy, synlaň, kemi bolsa-da aýt. Bolmasa-da alyp gal. Ata-babalarymyzyň däbinden, dininden çykan, Hudaýlarymyza şek ýetiren iniňem biz alyp gidýäris... Ebu Talyp belent başyny geň galmak bilen ýaýkady. – Adamlar, aklyňyza aýlanyň. Öz aýdýan sözleriňizi gulagyňyz bir eşidýärmi?! Siz-ä maňa bir maňkasyny sallap ýöreni getirmeli, men ony bakyp-bejerip adam etmeli. Men bolsa size Allanyň pygamberligine ýetişen, iliň iň eziz görýän ogluny bermeli. Sizem ony alyp öldürmeli. Hudaý bar, men siziň bu gabahat gepiňize hä diýmen... Beýle şowsuzlyk, Taňrynyň ýolunyň rowaç alyp, barha örňäp barmagy bu Jehili otdan alyp, oňa salýardy. Ol bu diniň, halkyň arasynda hudaýlar baradaky ynanja opurylyşyk salanyny eýýäm görüp durdy. Ýagdaý mundan beýläk-de şeýleligine gitse, Mekgäniň halky ýakyn wagtlarda bu ýerdäki aksakallaryň emrinden çykyp, Muhammediň ganatynyň astyna barjakdy. Onsoň seniň hudaýlara bolan ynanjynam, köneden gelýän däpleriň hem, ýaşululyk mertebäň hem, ahyr soňunda ähli baýlygyň hem galjak däldi. Eger Muhammet Mekgäniň ýaşulusy bolsa, bulara kethudalyk ýetmejegi köre hasa, bildirip durdy. – Wah, şony ýok etmeli! – diýip, Ebu Jähil gijelerine gurt bolup uwlaýardy. Emma Resul Alla olaryň girisine düşenokdy. Eger onda-munda käte bir duşaýanda-da, onuň golaýyna barar ýaly däldi. Ebu Jähil kuraýyşlaryň arasynda özüne göwni ýetýän , özini sylaýan adam hasap edilýänleriň ählisiniň öýüne aýlanyp, kimiň öýünde musulman bolsa, şolaryň ählisini öýüni otlajagyny aýdyp çykdy. Adamlar indi bu adamdan gaty eýmenýärdiler. Sebäbi Ebu Jähil juda gurply adamdy. Onuň üstesine-de, öýünde ep-esli nöker saklaýardy. Şol garadan gaýtmaz nökerleri onuň tüf diýen tüýküligini ýere gaçyrman, diýen sözüni şol pursat ýerine ýetirýärdiler. Çünki, Ebu Jähil olaryň hakyny gaýgyrman berýärdi. Eden işleri üçin sylag-serpaý hem eçilip durdy. Şonuň üçin ol öz nökerlerine biriniň kellesini alyp gel diýse, olar şol adamyň sellesi bilen birlikde, kellesinem alyp gelýärdiler. Muny halk birnäçe musulmanyň öýi otlananda görüpdi. Allanyň ýoluna düşenleriň ençemesi maşgalasy bilen köçede galypdy. Beýle howpuň her bendäniň başyna düşmegi gaty ahmaldy. Sebäbi Mekgede ýygynçakly, gamçysyndan gan damyp duran , nökerleri iliň içinde ot ýakdyrmaýan, eli uzadan ýerine ýetýän adam ýokdy. Halkyň has gorkýan ýeri, öýi otlanan musulmanlaryň gürüm-jirim ýitirim bolmagydy. Bu adam indi atyşmadan, tutuşmadan gerek bolsa, gyzyl ýumruga girişmeden gorkýan kişi däldi. Beýle garadan gaýtmaz bolansoň, onuň diýeni kuraýyşlaryň arasynda kanun bolup barýardy. Asyl-ha, onuň garşysyna çykyp, «diýeniň däl» diýip biljek adam bu etraplarda häzir ýokdam. – Musulmany öldürmedigiň başy ölümli, maly talaňly! – Ebu Jähiliňbu sözi indi tutuş Mekge halkynyň ýüregine howply gorky salýardy. Ol sözden musulmanlardan beter, musulman däller gorkýardylar. Bu sözi Mekgäniň belli ýaşulusy Omeýýa ibn Halaf eşidip, erbet sandyrady. Bu ýaşuly Ebu Jähil den her zadyň çykmagyny geň görenokdy. Ol ganojakdan daşrakda bolanyny kem görenokdy. Ýöne onuň gorkmagyna uly sebäbem bardy. Çünki, onuň guly Bilal Ebu Bekiriň aýdan bir sözüne güp ynanyp, musulman bolupdy. Onam Ebu Jähil bilýärdi. Ol Omeýýa ibn Halaf bilen gep çagaladyp oturmady. – Menden saňa dogry gep Omeýýa, sen ýa guluňdan dynarsyň, ýa-da mal-başyndan. Saňa başga ýol ýok! Omeýýa Bilaly şol günüň özünde çöle alyp çykdy-da, onuň ýüzüne erbet urdy. – Haram gul, indi men seniň üçin mal-başymdan bolmalymy? – Ol çakmak daşyndan ýasalan pyçagyny gynyndan çykardy. Soň Bilaly ýatyrdy-da, onuň kükregine ullakan daşy goýdy. Soň onuň üstüne dübläp başlady. – Eger Muhammediň salgy beren dininden ýüz öwrüp, Al-Lat bilen Al-Uzza uýmasaň, janyňy jähenneme ibererin. Bol, aýt, Al-Latdan ant içýärin diý, ýogsa, şu agyr daşyň astynda kak bolup galarsyň... Bilal gorkudan, jebirli horlukdan, teşnelikden darka-darka ýarylan galyň dodaklaryny çişip giden gury dili bilen ýalady-da üýtgeşik owaz bilen: – Alla birdir! Alla ýekedir! – diýdi. Bilal başga söz aýtmady. Şu owaz hem Omeýýanyň, onuň ýanynda bu bolşa tomaşa edip duranlaryň süňňüni sarsdyrdy. Bu owazda üýtgeşik gudrat bar ýalydy. Omeýýa öz diýeni bolmandan soň, Bilaly depip başlady. Onuň ýanyndakylar hem ony gaýgyrman depýärdiler. – Duruň! – Bu gelen Ebu Bekirdi. Ol Bilaly gynamaga alyp gaýdanlaryny tötänden eşidip, olaryň yzyndan çöle gaýdypdy. – Duruň, ony horlamaň! Men bu guly satyn alýaryn! Ol Bilaly şol ýeriň özünde satyn aldy-da, haly harap bolup ýatan gula ýüzlendi. – Inim, men seni azat edýärin! Bilal ysgynsyz göwresini zordan galdyrdy-da, süsenekläp Ebu Bekiriň ýanyna bardy. Soňra gözlerine ýaş aýlap: – Alla birdir. Alladan başga alla ýokdur. Muhammet onuň Resulydyr! – diýip samrady ... ...Şeýle zulumy Mahzum taýpasyndan Omar ibn Ýasiri hem musulman bolan kakasynyň, ejesiniň başyna saldy. Omar Ebu Jähil den gorkusyna ejesi bilen kakasyny çöle alyp çykdy. Ebu Jahyl hem olar bilen bile gaýtdy. Olar çöle çykansoňlar: «Musulmançylykdan el göteriň!» diýip bu iki garryny erbet gynap başladylar. Bu gabahat ýagdaýy adamlar bilen geçip barýan Resul Alla gördi. Ol birneme sägindi-de: – Ýasiri tohumy, berk duruň! Siziň jaýyňyz jennetdir! – diýdi. Şondan soň bu iki garry näme jepa çekse-de, çydady. Omar olaryň bolşuna çydaman, Ebu Jähiliňgazabyndan gorkuşyna bilindäki hanjary alyp, ejesini para-para edip öldirdi. Omaryň ejesi: – Beýdip öňki garaňkylyga gaýdyp baranymdan Allanyň, ak ýolunda müň janym bolsa, ählisi gurban bolsun! – diýip jan berdi. Ebu Jähil musulman ýoluna düşenleriň şeýle mert, çydamly duruşlaryna agzyny açyp galdy. Ebu Jähil gurban bolan bendäniň aýagyna depip goýberdi-de, onuň oglunyň ýüzüne tüýkürdi. – Haramzada! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |