18:04 Muhammet pygamber -31: romanyň dowamy | |
5. We Alla-Tagalanyň Kurandaky nesihatyny diňe akyl eýeleri kabul eder, başgalar kabul etmez. Gurhan. 2-nji süre. 272-nji aýat. Hatyja garraýardy. Ýöne onuň bu dünýädäki ýekeje myraty, olam Muhammet pygamberdi. Ol öz syrdaşy üçin janyny bermäge taýýardy. Gijesi- gündizi ýok, namazynyň öňünden, soňundan Muhammet pygambere Hudaýdan abraý, rowaçlyk, jan saglygyny dileýärdi. Ol özi ýarawsyz bolsa-da, «saglyk ber maňa» diýmändi. Onuň bar gaýgysy Muhammet pygamberdi. – Şony şerhaýalaryň biabraýçylygyndan gora, ýeke-täk Taňrym! Ol bolmasa bu dünýäde bize durarlyk ýokdur, Taňrym! – diýip, her namazynyň ahyrynda göz ýaş dökýärdi. Resul Alla al-Akramyň Mekgäniň çetindäki jaýynda gizlenip diýen ýaly ýaşaýardy. Ol öýüne diňe gijäniň garaňkysyna duwlanyp, bolmasa-da daňyň ümüş-tamyşynda, adam aýagy ýagşy çekilensoň gelip bilýärdi. Ol Hatyja, ogullaryna, gyzyna daşaryk çykmazlygy, gijelerine bolsa daşgynrak daýylaryna gidip ýatmagy maslahat berýärdi. Näçe horlansa-da, her näme ejir görse-de, Resul Allanyň wagty hoşdy. Beýik Rahman ony yzyny üzmän diýen ýaly hoş habarlar-wahyý bilen serpaýlaýardy. Indi ol dowzah näme, jennet näme, o dünýe näme, bendeçilik näme, butparazçylyk näme birinden soramaly däldi. Onuň ýene bir razy bolýan ýeri, Mekgäniň belli ganojak pälwany, garadan gaýtmaz Omar ibn al-Hattab Taňrynyň ýoluny kabul edipdi. Bu waka şeýle bolupdy. Omar ibn al-Hattab ýowuz gylyjyny dakynyp barýardy. Bu äpet, edil däli pil ýaly bolup süsenekläp barýan ýowuzdan güýçli adamy görenler ýoldan bir gyra sowlup, ol duşlaryndan geçip gidýänçä, demlerini alman garaşyp durýardylar. Omar ýaly gaharjaň, gazaply adam, keçjaldan dikdüşdi Mekge ilinde ýokdy. Ebu Jähil muny gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol Mekgäniň iň abraýly adamdaryndan bäş-altysyny öýüne, nahara çagyrdy. Soňra şol öňki derdini aýdyp, ýanyp başlady. – Biz şeýdip oturmalymy? Han-a, Hamza-da musulmançylygy kabul edipdir. Ol näkesi ýok etmesek, külli Mekge musulmanlaryň öýjügine öwrüljek. – Ol oturanlaryň ýüzüne birlaý garady. – Kim-de-kim şol adamy öldürse, gyzyl, gara reňkli düýelerimiň ýüzüsini bereýin. Ýene-de şonçarak altyn-kümüş bereýin. Ýöne, meni şondan dyndaryň! Bu habar süýji tagamlardan gerk-gäbe doýan Omaryň gulagyna juda hoş ýakdy. Ol äpet ýumrugyny gütledip orta goýdy. – Gepiň, çyn bolsa, şol ýumşuňy men bitireýin! Oturanlar hakykatdan hem Omaryň şol ýumşy bitirip biljegine ynandylar. – Mekgede şol ýumşy diňe Hattabyň ogly Omar bitirer! Omar bu işi boýun alandan soň az-kem böwrüni diňläp durdy. – Hawa, men ony näme üçin öldürmeli! – Bu sowala Ebu Jähil taýýardy. Ol ýene-de ýanyp başlady. – Şol ýetimçe özüni Taňrynyň pygamberi diýip yglan etdi. Bize pygamberiň geregi ýok, ine, şonuň üçin ony öldürmeli. Omar sesini çykarmady. – Ol ähli tire-taýpalaryň arasyna agzalalyk saldy. Şonuň üçin Mekgeden rysgal-döwlet gitdi. Ine, şonuň üçin ony öldürmeli! – diýip, Ebu Jähil delillerini Omaryň depesinden guýup başlady. Omar sesini çykarmady. – Ol adam indi biziň ata-baba däplerimize dil ýetirip, abraýly adamlaryň mertebesini basgylap başlady. Biziň abraýymyza şek ýetiren kişiniň ýaşamaga haky ýokdur. Ony şonuň üçin ýok etmeli. Omar ýene-de sesini çykarmady. Ebu Jähil iň soňky delilini orta atdy. – Ol ýetimçe biziň hudaýlarymyza şek ýetirip başlady. Omar gazaply gobsundy. – Näm-me? – Ol:«Siziň hudaýlaryňyz bir gury daş. Olary Käbe aýmançasyndan ýok edip taşlamaly. Siziň ähliňiz meniň ýeke-täk Hudaýyma uýuň. Men şol Hudaýyň pygamberi, maňa uýuň!» diýýär.«Eger hudaýlaryňyzy ýok edip, meniň tarapyma geçmeseňiz, men sizi ýok ederin» diýýär. Şeýdibem, adam baryny, gorkuzyp, oda salyp ýör... Omar şol gazaby bilen: – Onuň biziň hudaýlarymyz bilen näme işi bar? – diýdi. Ebu Jähil oňa meçew berdi. Biziň hem diýenimiz şol-da, onuň, dogrusyny aýtsaň, gözi gyzarypdyr. Ony ýok etmeseň, ol möwç alyp gidip barýar. Iň erbet ýerem, ýamanyň ýoldaşy köpelýär. Şonuň üçin özüň ýaly bir batyr, özüňden rüstem äriň gazabyny görmese, ol Kuraýyşlaryň mertebesini ýere çaldy, indi. Omar gaty gazap bilen ýerinden turdy-da, öýüne gaýtdy. Gylyjyny dakynybam ýola düşdi. Oňa ýolda Nuaým b.Abdylla gabat geldi. – Weý, Omar, bolup barşyň nähili seniň. Sen beýle gazap bilen nirä şaýlandyň? Omar öz ýaramaz pyglyny ýaşyrjagam bolmady. Ol häzir hakykatdan hem içini dökmese, ýaryljakdy. – Mekge halkynyň arasyna azgynçylyk salýan, hudaýlarymyza dil ýetirýän bir dönük döräpdir. Men şonuň bilen bellisini etmäge barýaryn. Men şol näkesiň janyny jähenneme ibermesem, ynjalmaryn... Nuaým b.Abdylla ýylgyrdy. – Eý, ho, Hattabyň ogly Omar, sen näme, baryp öldürip gaýdyberer ýaly, meýdanda öz peýwagtyna gezip ýören adam bardyr öýdýäňmi? Bar, şoňa bir eliňi degir, onsoň Abdyl Mutalybyň kowumy seniň öz läşiňi sermezmikä?! Sen Abd Manafyň ogullaryny ýöne saýma, gowsy, bar, öz uýaň bilen giýewiňi ýola sal. Omar Nuaým b. Abdylla gözlerini alardyp garady. – Siz gowsy, meniň gözüme görünmejek boluň. Onsoňam, meniň uýam bilen giýewime näme bolanmyşyn? Nuaým b.Abdylla gep alyp galmady. – Uýaň Patma, giýewiň, doganoglan iniň Said bireýýäm musulman bolup, Muhammet pygamberiň görkezen ýoly bilen gitdiler. Omar oňa ynanmady. Ýöne gaty gazaba münüp, uýasy Patmanyň öýüne bakan ugrady. Bu wagt Sait bilen Patma Habbab b.Erete «Gurhanyň» «Ta Ha» süresini okatdyryp otyrdylar. Omar gazap bilen içeri girende Patma agasyny derrew tanady-da, Gurhanyň süresiniň üstüni etegi bilen ýapdy. Habbab b.Eret bolsa ýüküň gapdalynda gizlendi. Omar kürsäp töre geçdi. Soňra damagyny ýyrtara getirip, gygyryp başlady. – Beýdişip, bukulyşyp, näme işleýärsiňiz? Oturanlaryň hiç birinden ses çykmady. – Ýaňky okanyňyz näme, men bir hümürdi eşitdim-de?! Patma-da, Sait-de, duýdansyzlykda üstlerini basdyransoňlar gaty gorkupdylar. – Aý, ýok-la, göwnüňedir. Biz-ä şu ýerde hümürdi eşidemizok. – diýip, Said aýtdy. Omar aýylganç gygyrdy. – Bes ediň. Men näme, bilemokmy, siziň Muhammediň ýalan-ýaşryk gepine gidip, ata-baba ýollary terk edeniňizi? Ol gazabyna çydaman giýewsi Saýidiň ýüzüne bar güýji bilen ýumruk çaldy. Patma agasyny saklajak bolup, adamsy bilen Omaryň arasyna düşdi. Omar onam sylap goýmady. Patmanyň ýüzi gara gana ýuwuldy. Şondan soň Patma agyly sesi bilen: – Ur, öldür, ýöne bizi düşen ýolumyzdan gaýtaryp bilmersiň. Hawa, biz musulman bolduk. Ýeke-täk Taňrynyň ýoluna düşdük. Hudaýa-da onuň pygamberine-de uýduk. Eliňden näme gelýän bolsa, aýama, ur, öldür!.. Omar uýasynyň ýüzünden akýan gara gany görensoň az-kem köşeşdi. Ol ganly gözýaşa gark bolan uýasyna dözmezçilik bilen: – Bolýar, bolýar! – diýdi. – Hany, ýaňky okanyňyz menem bir okaýyn – diýip, ýumşaklyk bilen aýtdy. Omar diýlen adam gyzmalygyndan, garadan gaýtmazlygyndan başga-da, ol aýal-gyza gezek gelende juda zalym, rehimsizdi. Ýakynda ol körpe gyzyny äkidip, diriligine ýere gömüp gelendi. Häzir hem Gurhanyň süresiniň başyna näme oýun getirjegi gümanady. – Biz ony saňa berip bilmeris. – diýip, giýewsi Said aýtdy. – Näme, men ony iýer öýdýäňmi? – Gorkýarys. – Gorkma, getir. Omar Gurhanyň süresine kast etmejegi barada öz hudaýyndan ant içdi. Patma onda-da Beýik-Ýaradanyň sözüni agasyna dözmedi. – Indi näme gerek? Patma şol öňki boýny buruklygyna, ýüzüniň gany, gözüniň ýaşy kepemän durşuna: – Bu bir Beýik Taňrynyň ynsana iberen habary. Ony kalbyň, süňňüň päk bolmasa, elläp bolmaz. Siz butparaz ahyryn. Süňňüňiz arassa däl. Omar hüňür-hüňür edip, daşary çykyp, inini arassalap geldi. Diňe şondan soň Patma agasynyň eline «Te Hä» süresiniň aýatlaryny berdi. Omar ony garbap aldy-da, üns bilen okap başlady... Mekgäniň belli dikdüşdi, şerhaýasy, şerap içip, şer sorap, däli öküz ýaly, kimiň ýakasyndan ýapyşsa, şony üzmän aýrylmaýan Omar bu aýatlary okady-da, doňup galdy. Patma gorkujygyna süre ýazylan kagyzy onuň elinden sogrup aldy. – Bu sözler nähili gözel! – diýip, Omar boýnysunujylyk bilen pyşyrdady. – Nähili gudratly! Nähili adalatly! Eý-ho-oý! – Ol başyny ýaýkady-da, ýuwaşja sözledi. Onuň bu sözlerini eşiden, ýöne häli gorkujygyna gizlenen Habbab b.Eret hem onuň ýanyna geldi. – Omar Hudaý çapsyn, Muhammediň dogasy seni päkläp, dogry ýola salar. Omar başyny galdyrdy. – Sen näme diýmek isleýärsiň? Habbab b.Eret onuň ýüzüne garady. – Öten agşam Resul Allanyň: «Eý Allam, Ebu al-Hakim ibn Hişam ýa-da Omar ibn al Hattab bilen yslamyň güýjüne kuwwat ber» diýip dileg edenini öz gulagym bilen eşitdim. Sen Alla ynan, Omar! Omar başyny atdy-da, ýene ümzükdi. – Hany, meni Muhammediň, ýanyna eltiň! – diýdi. Habbab b.Abdyl Eret Omary al-Akramyň öýüne alyp bardy. Emma Omary içeri goýbermediler. Sebäbi, soňky döwürlerde Resul Allanyň duşmany juda köpelipdi. Şonuň üçin-de musulmanlar ony özleriniň goragyna alypdylar. Goragyň başynda Hamza pälwan durýardy. Adamlar Omardan çekinýärdiler. Şonuň üçin onuň gelenini Hamza pälwana aýtdylar. – Habbab Omary yzyna tirkäp getiripdir. Bili gylyçly. Ýüzi-gözi diýseň gazaply. Hamzany adam oglunyň haýbaty eýmendirip biljek däldi. Ol arkaýyndy: – Getiriň şony meniň ýanyma. Ýagşy niýet bilen gelse-hä, bagty geldi. Bolmasa, şonuň öz gylyjy bilen damagyny çalaýyn... Olar gürleşdiler-de, Muhammet pygamberiň oturan otagyna girdiler. Resul Alla Omary gördi-de, ýerinden turdy. Soňra işikde ýüzüniň ganyny gaçyryp duran Omara garady. Olar Omaryň: «Men Muhammedi öldürjek» diýip barýanyndan habarlydylar. Şonuň üçin: – Omar, sen näme niýet bilen geldiň? Elbetde, Allanyň özi saňa göz görkezmese, hiç ynjalyp bilmersiň?! Omar başyny aşak sallady. – Eziz Resul Alla! Alla eýýam maňa göz görkezdi. Men eýýam mugyra geldim. Men seniň ýanyňa Allanyň ýekedigine, ondan başga hudaýlaryň ýokdugyna, Muhammediň onuň Resulydygana uýmak üçin geldim. Men şolary ykrar edýärin. Ol bu sözleri üç sapar gaýtalady. Soňra yzyna garaman çykyp gitdi. Omary ugradan pygamber, gözlerini ýaşlap, beýik Ýaradana alkyş okady. ...Kuraýyşlaryň serdary Ebu Jähiliňbar umydy agasynyň ogly, garadan gaýtmaz Omardady. Ol Omaryň boş gelmejegine, Muhammet pygamberiň başyny alyp, ýeňiş bilen dolanjagyna ynanýardy. Eger Muhammediň gana bulaşan başy getirilse, Ebu Jähiliňhem bir etjek zady bardy. Ol tutuş Mekge ilatyny, ýaşululary ýygnap, uly toý bermekçidi. Şonda ol özüni hakyky halk hossary diýip yglan etmekçidi. Şondan soň Käbe-de, halkyň ähli baýlygy-da özüniňki boljakdy. Şonuň üçin bu ýowuz duşmany, Muhammet pygamberi ýoldan aýyrmalydy. Özünem köki-şahasy bilen aýyrmalydy. Ebu Jähil öz güýjine ynanýardy. Häzir hem öz adyny eşidende, diňe bir Mekge halky däl, Muhammet pygamberiň özüniň hem titreýändigine ynanýardy. Ol öz garadan gaýtmaz topary bilen musulmanlara gün görkezenokdy. Musulmanlaryň bir toparynyň ondan gorkuşyna Efiopiýa gaçyp gideninem bilýärdi. Olaryň arasynda Muhammet pygamberiň gyzy Rukaýýanyň ikinji äri Osman ibn Affan, al Zubaýr ibn al-Awwam dagam bardy. Ebu Jähil olara şol ýerde-de ganalga berdilmezlik üçin Amr ibn al-Assy hem-de Umar ibn al-Walidi bir kerwen zat bilen Efiopiýanyň patyşasy Negusyň üstüne iberipdi. – Baryň-da sowgatlary beriň. Soňra «Biziň gaçyp gelen gullarymyzy gaýtaryň» diýip arz ediň. Şol näkesler eliňize düşse-de, ýolda kerçem-kerçem edip, gylyçdan geçiriň... Ebu Jähil musulmanlary gysaja salmak üçin Mekgede guraýan pirimlerinden hem razydy. Ol şu ýerde özünden üýtgeşik guramaçylyk ukybynyň bardygyny-da duýýardy. Oňa ynanýardy. Omar henizem gelenokdy. Ebu Jähil ynjalykdan düşüp, Käbäniň töwereklerine aýlanmaga gitdi. Soň birsalymdan soň gaýdyp gelenden badyna: – Omary gördüňizmi? – diýip, nökerleriniň birinden sorady. – Gördük! Ebu Talyp agasynyň oglunyň beýle arkaýynlaşmasynyň sebäbine düşünmedi. Ol şu töwerekde musulmanlaryň yzarlamak, gerek bolsa olara göz görkezmek üçin goýan toparynyň serdaryny ýanyna çagyrtdy. – Omar serhoşmydy, elinde üýtgeşik zat ýokmydy, hiç zat aýtmadymy? – diýip, birhili howsala düşüp sorady. Serdaryň ýüzi üýtgäp gitdi. – Aýtdy, özem serhoş däl, Hubal çapsyn, aýtdy. – Näme diýdi? Serdar başyny ýaýkady. – Ol adam ogly agzyna alar ýaly söz aýdanok. – Näme diýdi? – Lä-ilähe illallah, Muhammet Resulallah! – diýdi. Özünem üç sapar aýtdy. Ebu Jähil atylyp ýerinden turdy. – Goý, bidöwlet! Heý, Omar hem bir beý diýermi? Hälki ýigit elini damagyna goýdy. – Eger ýalan sözlesem, Hubal damagymy çapsyn. Iki gulagym bilen eşidip, gözlerim bilen gördüm... Ebu Jähil gahar-gazapdan ýaňa ýarylara gelen ýüregini tutdy. Ol oturyp Omaryň ata-babasyna, hudaýyna çenli elhenç sözler bilen sögüp çykdy. Şonuň öz kellesini alyp geliň, meniň ýanyma. Ýöne Ebu Jähiliňol diýenem bolmady.Ertesi gün batyp barýarka Omaryň özi onuň öýüne bardy. Gany sarkyp duran kellesine garaşylýan adamyň özüniň gelmegi, Ebu Jähiliňgazabyny ýetjek pellesine ýetirdi. «Bu dönügi näme üçin öldirmedilerkä?» diýip ol öz nökerlerine gargady. Kuraýyşlar onuň ähli aýdanyny şol bada jaýba-jaý ýerine ýetirýärdiler. Onuň Omar baradaky aýdanlaryny hem berjaý edipdiler. Ebu Jähiliňadamlary Omary bir ahmal ýerde köpläp ele salypdylar.Ony köpläp, basyp, elinem arkasyna daňdylar. Boýnuny gazap bilen gaňyrdylar. Gezek onuň damagyny çalmaga gelende, Omar bir söz aýtdy. – Men öldüriň, «wah» diýmäýin.Ýöne ýeke-täk Alla şaýatdyr. Bizi ýeňip bilmersiňiz. Meniň başyma saljak bolýan oýnuňyzy Resul Alla siziň hem başyňyza salar. Ýekäni köpläp horlamak kuraýyşlaryň däbi bolýan bolsa, men siziň araňyzda bolanymdan Alla sygynyp ölenim gowy... Bu söz ony güpbasdy edenleriň namysyny silterledi. Olaryň arasynda As ibn Wail saklanyp bilmedi. – Duruň, ony öldürmäň, öldürseňiz-dä, onsoň gulagyňyz dynarmy? Siz haşamylar urugyny näme edersiňiz. Adi urugyny nädersiňiz? Beýleki musulmanlary nädersiňiz? Ýok ediň, ony... Omar olardan boşansoň öz atasy, musulmanlaryň ganym duşmany Ebu Jähiliň kä gelipdi. – Näme iş bitirdiň? Omar agasynyň ýüzüne göni garady. – Bitiren işimi bilesiň gelse, musulman boldum. – Onda meniň ýanyma näme üçin geldiň? – Ebu Jähil gazap bilen oňa garady. – Hudýa, onuň resulyna uýandygymy saňa aýdaýaýyn diýip geldim. Ebu Jähil inisiniň ýüzüne bir tüýkürmedi. Ýöne dişlerini çalyp, ýüzüniň ähli deşigini bir ýere jemledi-de, erbet gagşady. – Senem, getiren habaryň hem gurap geçsedi. Seniň ýaly inini ýer hopsun... Bu habar kuraýyşlary, atasyny öldüren ýaly, guduzladan bolsa, Resul Allany juda begendiripdi. Ol musulmanlary Käbä namaz okamaga goýbermeýändiklerini bilýärdi. Efiopiýanyň patyşasy Negusyň ýanyna ar alyjy toparyň iberilendiginden hem habary bardy. Musulmanlary Mekgäniň bazarlaryndan daşlap kowup başlandyklaryny hem oňa aýdypdylar. Ýöne Resul Allanyň ol ýagdaýlara etjek alajy ýokdy. Öňde has elhenç günler garaşýardy, Resul Alla ony duýýardy. * * * Muhammet pygamber aýdypdyr: Sabyrlynyň alamaty üçdür: her işde howlukmaz, eger betbagtlyk bolsa, Allanyň, hökümlerine sabyr eder, Allatagaladan her näme ýetse, razy bolar, şükür eder. Rowaýat: Bir Gün Resul Alla Ala ýüzlendi: – Oglum, sen bir adamlyk et gowur, bir adamlyk hem süýt taýýarla-da, soň Abdyl Mutalybyň ogullaryny öýe çagyr. Men olara Allanyň, habaryny aýtjak. – diýdi. Aly Muhammet pygamberiň aýdanlaryny eşitdi-de, nahar, süýt taýýarlap, adamlary çagyrdy. Resul Alla gelenleriň öňüne saçak ýazyp, «Bissimilläh, alyberiň!» diýdi. Oturanlar gowurlan etden iýip, süýt içseler-de, ol tükener ýaly däldi. Bu nahar kyrk-elli adama ýagşy ýetip, ýöne artybam galdy. Muny gören Ebu Lähem: «Bu adam jadygöý bolupdyr» diýip, Resul Allany masgaralady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |