08:40 Muhammet pygamber -32: romanyň dowamy | |
ONUNJY BÖLÜM 1. Takyk, Belent-Taňry iman getiren we ýagşy amallary eden jemagatlary baglarynyň aşagyndan aryklar akyp duran bossançylyga salar. Gurhan. 22-nji süre. 14-nji aýat. 610-njy ýyl ýaly juda hasratly ýyl Resul Allanyň ömründe az-az bolupdy. Şol güne çenli oňa belent Taňrydan kyrka golaý wahyý-hoş habar gelipdi... ...Hatyja Muhammet pygamberi çagyrdyp getirtdi. Resul Alla gijäniň ýarynda özüniň çagyrylmagyny geň görmedi. Hatyjanyň halynyň harapdygyny bilýärdi. Asyl, çagyrmanlarynda-da, ol agzyny açyp, namazyny okap bolandan soň öýünden habar alyp geleýin diýip oýlanyp otyrdy. Hatyja otagyň töründe, düşege baglanyp ýatyrdy. Resul Alla indi ýigrimi bäş ýyllap bileje ýaşan, özüne ogul yzyna ogul, gyz yzyna gyz dogrup beren, Allanyň beren mertebesini ýerden göterip, asmana çykaran eziz syrdaşynyň bolup ýatyşyny halamady. – Agam ogly! – diýip, Hatyja, ýedi ýuwlan ak ýüpek mata ýaly ýüzüne süzülip duran hasratly gözlerini giňden açdy. – Geldiňmi?! – Men geldim! – diýip, Allanyň Resuly onuň başujyna geçip, ýüzüne garap oturdy. – Sen geldiň, men bolsa, gidip barýaryn. – diýip, Hatyja ýuwaşja, ýöne juda eziz owaz bilen aýtdy. Muhammet pygamber agyr ýuwdundy. – Bu zatlar Allanyň emridir, Kasymyň kakasy. Gelenleriň ählisi Taňrynyň alyna barmalydyr. – diýip, kynlyk bilen aýtdy. Hatyja hor, ýöne ýüpek seçek ýaly uzyndan owadan, akja ellerini adamsynyň eline goýdy. – Sen meni bagtly etdiň, Kasymyň kakasy. Emma men seni bagtly edip bilmedim. – Ýok, ýok – diýip, Resul Alla tolgunyp aýtdy. – Men senden müň mertebe razydyryn. Senden, enşalla, Beýik Ýaradan hem razy bolar! – Ogul galmady-da, ogul! – Balkyldap duran owadan gözlerinden gaýdan dury däneleri süpürmäge Hatyjanyň mejaly bolmasa-da, dili dür saçýardy. – Köp-köp ýyllar geçer. Älemde köp musulmanlar bolar. Ine, şol wagt adamlar seni ýatlar-da: «Ah, eziz Pygamberimiz dünýäden ogulsyz ötdi-de» diýerler. Men şol günler üçin hyjalat çekýän. Men seniň şejeräňi baglan akdaban boldum-da... Muhammet pygamber mübärek başyny gussaly ýaýkady. – Kasymyň ejesi! Älemde tötänleýin hiç zat bolýan däldir. Allasyz çöp başy gymyldamaz. Bularyň hem bir hasaby bardyr. Onuň üçin sen günäkär dälsiň. «Oglum ýok» diýip örtenmegin. Ogluň bolandyr. Ýöne ol ogullar Alla gerek boldy. Sen Allanyň söýen ogullaryny dogurdyň. Ol ogullar indi Allanyň ogullary boldular. Onsoň hem sen gynanma. Sen diňe jennetiň akja guşy bolup uçup giden üç ogluň ejesi dälsiň. Sen ähli musulmanlaryň enesisiň. Bu dünýäde hemmämiz amanatdyrys. Seniň gitjek ýeriňe biziň hemmämiz barmalydyrys. Ýöne, biriň irräk, biriň gijiräkdir... Hatyja köşeşdi-de, Resul Allanyň keremli golundan mäkäm tutdy. Soň onuň nurdan doly, mähribanlyk gaýnap duran eziz didaryna garap, okaýan şirinden eşretli dogalaryna gark bolup, gözlerini baky ýumdy. Ol misli ýetip gelýän ýowuz açlyk, gahatçylyk, kemsitmeler belasyny ýüreginde göterjek beýik Resulyň hasratly ýüzüni görmäýin diýip, dünýesini täzelän ýaly boldy. Bu ajy ölüm Resul Alla gaty agyr degdi. Ejäniň, mamanyň, aýal doganynyň, uýanyň mähribanlygynyň öwezini tutan, öýüni öý edip, bagtyny ýaýyp, ýamanyny ýaşyryp, güzeranyň nämedigini bildirmän, özüni hemişe ezizläp gelen bu aýalyň mährem didaryny, doga dolanan adyny ol tä ýagty jahandan gidýänçä ýüreginden çykarmaz... – Sen maňa tüýs gerek wagty gitdiň-dä! – diýip, Resul Alla aýalynyň ýeri boşap galan öýüne surnugyplar gelende, gussa batyp aýdýardy. Birdenem ol: «Agam ogly!» diýip, içerden Hatyja çykaýjak ýaly, töweregine delminip bakanyny duýman galýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |