08:42 Muhammet pygamber -33: romanyň dowamy | |
2. Mynapyklar kerdirler – Haky eşitmezler, güňdirler-dogryny sözlemezler, kördürler-hak zady görmezler, indi olar dogry ýola gaýtmazlar. Gurhan. 1-nji süre. 19-njy aýat. Mekge ilinde Muhammet pygamberiň örüsi barha daralýardy. Mekgäniň serdary al-Walidiň ornuna geçen Ebu Jähil indi bu etraplarda musulmanlara ot ýakdyrmaýardy. Baryp 616-njy ýylda kuraýyşlar tarapyndan musulmanlara garşy yglan edilen «ýüz öwürme» çäresiniň soňy henizem gelenokdy. Bu ýagdaýy ýadyna salanda Resul Allanyň gulagyna Ebu Jähiliňýowuzdan şerraý sesi geliberýärdi. Ebu Jähil näçe söweşse-de, musulmanlaryň garşysyna nähili oýunlary turuzsa-da, musulmanlaryň azalman, gaýta köpelýändigine ol diňe ölüp bilenokdy. Onuň Efiopiýa – Hebeşistana: «Gullarymyzy beriň» diýip iberen wekili Amr ibn al-Assam patyşa Negusyň ýanyndan boş gelipdi. Muhammet pygamber musulmanlaryň Käbede juda ýowuz süteme sezewar edilmesine dözüp bilenokdy. Şonuň üçin geňeş sorap gelen adamlaryň bir toparyna. – Siz Ýer ýüzüne dargaň! – diýip maslahat berdi. Olaryň käbiri bu geňeşi makul bildi. Ýöne olar nirä gitsin. – Siz Efiopiýa gidiň. Ol ýeri arkaýynçylykdyr. – diýip, Resul Alla aýtdy. Şondan soň köp wagt geçmänkä, 615-nji ýylda olaryň bir topary Hebeşistana garşy ýola düşdi. Olaryň arasynda Osman aýaly Rukiýýe, Zubeýr b.Awwam, Ebu Huzeýfe b.Utbe aýaly Sehle bilen, Musab b.Umeýr, Abdurrahman b.Awf, Ebu Seleme aýaly Ummu Seleme, Osman b.Mazin, Amir b.Rabiýa aýaly Leýla, Suheýl b.Beýda, Ebu Sebre b.Ebu Ruhm aýaly Umm Gülsüm dagy bardy. Olara Osman b.Mazin ýolbaşçy bellenipdi. Mekgelileriň belet ýeri hem-de hökümdarynyň juda adalatlylygy üçin musulmanlar bu ýurtda gowy ýerleşipdirler. Emma Ebu Jähiliňadamlarynyň patyşanyň ýanyna baryp, «bulary juda ýaramaz adam hasap ediň, özlerinem bize gaýtaryp beriň» diýip arz etmegi, bularyň hem öňem howsalaly ýüregini oda goýdy. Negus patyşa olary köşgüne çagyrtdy. Soňra olaryň haýsysy gul, haýsysy gul däl, ýagşy seljerip başlady. Musulmanlar Muhammediň ýoly barada juda düşnükli edip gürrüň berdiler. Şonda Negus «gul sorap» gelenleriň ýüzüne köpmanyly garady. – Bu aýdýan zatlaryňyz Musanyň kitabynda bar ahyryn. Ol biziň dinimiz-ä, onsoň ol nähili ýalan bolýar. Onda Muhammediň dini ýalan bolsa, biziň dinimiz hem ýalan-da? Siz bibi Merýemi bilýärsiňizmi? Siz Musa pygamberi, Isa pygamberi bilýärsiňizmi? Ol şondan soň bu ýere ýygnananlara bibi Merýem Isa, Musa pygamberler barada uzak gürrüň beripdi. Ahyr soňunda-da: – Muhammet pygamberiň ýoly hak ýoludyr. Onuň ýoluna düşenler meniň howandarymdyr. Olara biziň ýurdumyzda sütem bolup bilmez.– diýdi. Bu habary eşiden Ebu Jähiliňgazaby ýetjek ýerine ýetipdi. Ol şol gazaby bilenem diňe bir kuraýyşlary däl, tutuş Mekgäniň ýaşulularyny öýüne çagyrdy. Olaryň öňüne nahar çekdirdi. Naharyň başynda janyna jaý bermeýän gepini gozgady. – Ol ýalançy kezzaplar indi dünýäni alyp barýar. Efiopiýada olaryň ýüze golaýy barmyşyn. Şol ýurduň patyşasam «olar meniň hossarym» diýip olaryň gulpagyny sypalap otyrmyşyn. Mekge-hä indi olaryň hakyky öýüne öwrüldi. Bu ýerde olaryň sanynyň näçe bolanynam bilýän ýok. Olary köki-damary bilen ýok etmeseň, gelip aýallaryňy hem musulman edip giderler. – Näme etmeli? – diýip, oturanlardan biri aýtdy. – Olary açlygyna gyrmaly. Mekge ilinde olara ýeke damja suw, bir bölek hurma bereniň başy ölümli, maly talaňly diýip yglan etmeli. Ebu Jähiliňbu teklibini has çökder, ýowuz görenler hem boldy. Emma diýseň ganojak, doňýürek Ebu Jehal üçin bu çäre juda bärden görünýärdi. Şonuň üçin oňa «ýok, munyň bolanok» diýen tapylmady. Eger onuň diýenine bolmaz diýseň, onuň öz üstünden düşüp, masgara etmegi gaty ahmaldy. Şonuň üçin ol sözüni gögertdi. ...Mekge halkyna ganym duşman bolup, musulmançylyk ýoluna düşen dönük, pitneçi, ata-baba hudaýyndan çykan hudaýlara şek ýetirýän näkesleri goldaýandygy üçin tutuş haşymlylar urugyndan ýüz öwürmeli. Mekgede kim-de-kim bazarda, ýollarda, öýde, toýda, ýasda şolar bilen gatnaşyk etse, onuň öýi-maly talanyp, özüne-de gaty agyr jeza beriljekdir. Bu karar kagyza geçirildi. Käbäniň bir burçundan, mähelleleriň görnükli ýerlerinden asylyp goýuldy. Soň käbir jarçylar tarapyndan bazarlarda, kerwensaraýlarda, Käbäniň işiginde gygyrylyp okaldy. Halk bu habary şol günüň özünde eşitdi,. Şol günden soň bu karary ýerine ýetirmändigi, haşamylar bilen aragatnaşyk saklany üçin üç-dört adamyň öýi otlandy. Sebäbi indi bazarlarda-da, ýollarda-da Ebu Jähiliňadamlary gözegçilik edýärdiler. Olar bir musulman bendesi ýa-da haşymylardan birisi göründigi: – Adamlar ha-aw habardar boluň-haw, haşymylardan biri gelýändirle-haw. Şoňa ýüz bereniň öýi otlanjakdyrla-haw – diýip, aldygyna gygyrýardylar. Onsoň gözi gorkan bendeler şeýle adamy gördükleri, zadyny gizlemek bilen bolýardy, ýa-da olaryň ýüzüne gelip, kowup goýberýärdiler. Ebu Jähil munuň bilenem kanagatlanjak adam däldi. Onuň buýrugy bilen ýaragly adamlar musulmanlaryň, namaz okap oturan jaýlaryna kürsäp urýardylar. Olary horlaýardylar. Olaryň öýlerini haýynlyk bilen otlaýardylar. Ýollarda yzlaryndan ötip, daş bilen urýardylar. Şonuň üçin musulman bendelerine öz öýleri, tutuş Mekge zyndan bolup başlady. Muhammet pygamber Ebu Jähiliňgazabyndan hem, şerraý gykylygyndan hem gorkanokdy. Ol diňe Belent-Taňrynyň ýoluna düşenleriň ykbalyndan gorkýardy. Şonuň üçin ol musulmanlary ýygnady-da, olara baş bolup atasy Ebu Talybyň öýüniň ilersindäki deräniň içine siňdi. Bu gaçybatalganyň daş töweregi belent daglardy. Onuň girelgesi hem daşlar bilen berkidildi. Ol ýerde gezek-gezegine garawulçylyk edilip başlandy. Bu ýer näme diýseň hem rahatdy. Musulmanlaryň ählisi bir ýerdedi. Özleriniň hem oduny, suwy ýeterlikdi. Ýöne azyk kemlik edýärdi. Olar şonuň üçin köplenç aç oturmaly bolýardylar. Ýöne bir zat elýeterdi, ol hem Allanyň Resuly bilen Taňrynyň sözi. – Kim Allatagala bilen söhbetleşeýin diýse, Kurany okasyn. Eger bir adam Kuran okasa, pygamberiň hadyslaryny ýagşy öwrense, şolara dogry amal etse, şol kişi göýä, ähli pygamberleriň ornundaky adamdyr. Haýsy ýerde Kuran okalsa, şol ýerde ýaşajak boluň. Elbet-de, Allatagala Kuran okap, şoňa hem amal edeni kyýamatda azap bermez... Resul Allanyň bu sözleri musulman bendeleri Muhammet pygamberiň daşyna berkden-berk jemleýärdi. Olar aç hem bolsalar, gündizlerine Kuranyň aýatlaryny diňläp, agşamlaryna namazlaryny okap, soň gurnama çadyrlaryň astynda rahat uka gidýärdiler. Muhammet bu çadyrlaryň astynda ýatan musulman bendeleri aç-hor etmejek bolup elinden gelenini edýärdi. Ol bu bendelere bol rysgal ber diýip, :gijesi-gündizi ýok Alla-Tagaladan dileýärdi. Şonuň üçin-de Ebu Jähiliňzalym nökerleri musulmanlary bazarlardan, Käbeden, mähellelerden, toýlardan ýaslardan kowsalar-da, Allatagala olary hor edenokdy. Mekgäniň gijesi juda garaňkydy. Deräniň içi juda petişdi. Çadyrlaryň astyndaky çagajyklaryň suw, çörek diýip aglaşýan sesleri uzaklardan eşidilýärdi. Şol gamgyn sesi diňläp, ullakan daşlara bukulyp ýatan garawullaryň gözi Mekge tarapdady. Olar her bir çybşyldyny-da, guş-gumrularyň sesini-de gulaklaryny duşundan geçirmeýärdiler. Çünki Muhammet pygambere şu gije bu ýere Ebu Jähiliňnökerleriniň döküläýmeginiň mümkindigi baradaky habar gowşupdy. Ebu Talyp: – Şolardan her işiň çykmagy mümkindir. Ata-babalar: «Aýawlyny Alla aýar» diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Oglanlara berk tabşyr ahmal galaýmasynlar – diýip, ol inisi Hamza duýdurypdy. Hamza pälwan Resul Allanyň ýanyndan aýrylanokdy. Ol çadyryň astynda oturan musulmanlara ýakar ýaly odun, içer ýaly suw alyp gelýärdi. Muhammet pygamberiň tabşyrygy bilen daglara awa gidip, keýik, guş awlap gelýärdi. Bu ýerde çagaly aýallar köpdi. Özem köpüsiniň öýi Ebu Jähiliňnökerleri tarapyndan otlanandy. Barara gapylary ýokdy. Gözi ýagşy gorkuzylan aýallar, çagalar iki diwary berk gala bolup, başy belent gaýalara direlýän insizje jülgede özlerini nähilem bolsa, howpsuz duýýardylar. Onsoň hem musulman ärleri, kakalary olaryň ýanyndady. Ýöne gaty uzaga çeken gabaw indi adamlary halys irizipdi. Ylaýta-da çagasynyň açlygyny görüp, bagry hasratdan ýaňa ot alara gelýän adamlara has kyn bolýardy. Resul Alla öz agalaryndan örän razydy. Ebu Talyp haşymylaryň ählisini öýüne çagyryp: «Öz başyňyzy beriň welin Muhammedi goraň!» diýip gaty berk sargapdy. Ol öz inileri Hamza bilen Abbasyň Alla-Tagalanyň resuly bolan Muhammet pygamberiň hemaýatçysy bolýandygyna öz ýanyndan begenýärdi. Ýöne welin inisi Abdyl Uzzany halanokdy. Abdyl Uzza haşamylaryň arasynda näletkerde bolup döräpdi. Ebu Talybyň ony halamaýanlygynyň baş sebäbi, Käbäniň altyn-kümüş hazynasy ogurlananda gören aýak yzydy. Ol yzlaryň biri Abdyl Uzzanyňkydy. Ebu Talyp ony ölende-de ýadyndan çykaryp biljek däldi. Ikinjiden hem, inisiniň dosty Ebu Jähil di. Bu iki dostuň ikisem Muhammediň pygamberligine bir ölüp bilmeýärdiler. Olaryň pikiriçe, serdar hem, pygamber hem olaryň özleri bolmalydy. Ebu Talybyň ýene bir inisi üçin namys edýän zady, Resul Allanyň gyzy Rukiýany göwrelikä, urup-sögüp, öýünden kowup goýbermegidi. Onuň aýaly Umm Jemil Abdyl Uzzanyň özünden hem şerhaýady. Bu ýagdaýlar bolsa garrap, indi halys sandan galan Ebu Talybyň derdiniň üstüne dert goşýardy. Ol Muhammet pygamberiň geçirimliligine haýran galýardy. Şonda-da ol Abdyl Uzza hiç zat diýmändi. Talagy berlip, horlanylyp kowlan gyzyny Osman ibn Affana nikalap beripdi. Rukiýa bu musulman ýigide durmuşa çykandan soň gülüp gün görüp başlapdy. Indem, han-a, Abdyl Uzza Muhammet pygamberiň duşmanlarynyň çyrasyna ýag guýýardy. Duşman howplydy. Olary ýekeje pursat hem gözden salar ýaly däldi. Şonuň üçin agasyndan berk sargyt alan Hamza pälwan Resul Alla bilen geňeşip, çadyrly deräniň kese etegine ýaragly musulmanlary garawul goýuşdyryp çykypdy. Onuň özem beýlekiler ýaly, okuny-ýaýyny gurup, Käbä bakan diňşirgenip ýatyrdy. Şol pursat nähilidir bir çybşyldy eşidilen ýaly boldy. Hamza pälwan çalaja üsgürenjiredi. Onuň: «Men çybşyldyny eşitdim» diýip töweregindäkilere duýdurdygydy. Ýöne şol çybşyldy galanokdy. Bu çybşyldyny beýleki sakçylar hem eşidipdi. Olar ýeke-ýekeden Hamza pälwanyň ýanyna gelip, soň öz ýatan ýerlerine gidýärdiler. – Baryň aýallara aýdyň, çagalaryny aglatmajak bolsunlar! – diýip, ol derä adam iberdi. Kimdir biriniň gaçybatalga gelýändigi baradaky habar bu ýerdäkileriň ählisini gaplap aldy. Öňem gözleri ýagşy gorkan aýallar çagalaryny bagyrlaryna basyp, yzaly eňşeýärdiler. Resul Alla olary köşeşdirdi. Emma gorky belasy ynsan kalbyny bir eýelänsoň, ondan dynma ýokdy. Hamza pälwan garaňkynyň içinde bäri garap gelýän düýäni saýgardy. Soň kimdir biriniň ony idip gelýändigini gördi. Ýöne ol sesini çykarmady. Sebäbi bu ýowuz duşmandan her hili pyryldyga garaşaýmaldy. Olar köpleşip, düýä münüp, bu ýere gelensoňlar, birden topulmaklary mümkindi. – Kimsiň? Dur! Hamza pälwanyň gazaply sesi düýe idip gelýäni sakga togtatdy. – Men ýegeniňiz Züheýr! Hamza pälwan öz aýal dogany Atikanyň ogly öz ýegeni Züheýri sesinden tanady. – Näme habar? – Men garşy alyň! – Ýanyňda kim bar? – Bir özüm. Hamza pälwan ýere ýapyrylyp, ýegeniniň ýanyna ýetdi. – Düýäňe näme ýüklenen? Züheýriň sesi begençli, ýöne ýuwaşja çykdy. – Size bir düýe azyk getirdim. Bu habar ymgyr, jöwzaly çölde teşnelikden ölüp barýanyň agzyna suwly meşik tutulan ýaly ýagdaýdy. Adamlaryň begenjiniň çägi ýokdy. Gijäniň içinde çadyrlaryň ýanynda ullakan ot ýakylyp, çörek bişirildi. Her kime iki sany hurma bilen tutuş bir bişirilen gyzzyrma paýlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |