08:43 Muhammet pygamber -34: romanyň dowamy | |
3. Takyk, sen dost tutan adamyňy dogry ýola salyp bilmersiň, we emma Belent-Taňry islän bendesini dogry ýola salar. Gurhan. 28-nji süre. 57-nji aýat. Şol günüň ertesi agşam Muhammet pygambere atasy Ebu Talybyň gyssagly çagyrýandygyny aýtdylar. Resul Alla Hatyjanyň ölüminden soň, edil bili üzülen ýaly bolup, zordan gezip ýördi. Indi onuň agasy Ebu Talyp hem hyk-çok edip başlapdy. Ol bir gije agasynyň halyny soramaga bardy. – Inim, Hatyjanyň ölimi maňa gaty agyr degdi. Onuň ýaly mähriban zenan haşamylaryň arasyndan indi ýa çykar ýa-da çykmaz. Biziň urugymyzyň mertebesini belent göteren aýal şindi bolan däldir. Sen ony hiç haçan ýüregiňden öçürmegin... Resul Alla agasynyň bu ýürekdeş sözüne sesini çykarmasa-da, heniz ýasdan sabamadyk gussaly başyny egdi. – Indi meniň hem ahyrym ýakynlady. Saňa atylýan kesekler meniň ýüregimiň başyna degip, onuň güýjüni aldy. Ölmänkäm, seniň başyň dynç bolanyny bir görsedim. Onsoň görümde arkaýyn ýatardym. Ebu Talyp hamsykdy. Soň az-kem dikelip oturdy. – Meni indi kowumlarym çagyrýar. Halal ýaşadym. Hiç kime kast etmedim. Kakam Abdyl Mutalyp seni maňa tabşyrdy. Barsam ilki bilen ol seni sorar. Ejeň Emine jan, kakaň gardaş Abdyllam, indem Hatyja jan seni sorarlar. Men olara näme jogap bereýin?! Goja çuw ak bolan başyny aşak salyp ep-esli oturdy-da, gussaly gürledi. – Seniň başyň gowgaly boldy. Men saňa hemaýat edip bilmedim. Indi seniň hem, ötenleriň hem alynda ýüzügara bolasym gelenok... Muhammet pygamber gijäniň bir mahaly agasy Hamza bilen tirkeşip, düşelgä gaýtdy. Agasynyň bu çakylygy ony has beter howsala saldy. «Ýa-da haly peseldimikä?» diýip oýlanan Resul Alla bu habary ýetirenden çintgäp sorajak boldy. Emma hiç kim belli zat aýdyp bilmedi. Muhammet ýüzüni garaňka tutup agasynyň öýüne baranda, içeri kuraýyş ýaşulularyndan doludy. Ol hem aýaguçda, ýer tapan ýerinde oturdy. – Ebu Talyp – diýip, Mekgäniň kethudasy Ebu Jähil rüstem ses bilen söze başlady. – Haşymylary kuraýyşlardan kesip aýyrjak ýeriň ýokdur. Biz iki tarap bolup, uruş-sögüş edip ýörmekden irmedikmi? Sen biziň ýaşulymyz indi senem düşege baglandyň. Eýsem, biz näme etmeli? Men size dözemok. Ýöne din imandan ileri dinime şek ýetiren, hudaýlaryma dil ýetiren göründen çykyp gelen atam hem bolsa, men şony sylajak däl. Ol Muhammet pygamberiň nuranadan mähriban ýüzünden ligirdäp duran hileli gözlerini typdyryp goýberdi. – Ine, iniň Muhammediň, ýüzi-gözi. Biz şu horluklary şol sebäpli çekip ýörüs. Ondan bize köp zat gerek däl. Ol biziň bilenem, däbimiz bilenem, hudaýlarymyz bilenem dawalaşmasyn. Onsoňam, ol nämetjekmiş, Taňry diýip, pygamber diýip, gezsin ýörsün öz ugruna. Biz şony ölýänçä hor etmäli. Adam ogly şonuň golaýyna gelse, gel-de meniň ýüzüme tüýküräý, onsoň... Muhammet pygamber bu dar içeride misli, sowuklygyna ýanýan şamçyrag ýaly bolup otyrdy. Häzir oňa gözi düşenler, ony görmedikler, gaýybana tanaýanlar, ýigrenip ýörenler bu päkize adamyň azajyk gussalyrak, ýöne juda ezizden nurana ýüzüne arkaýyn bakyp otyrdylar. Bu öýde häzir Ebu Talybyň bolgusyzja, ýag çyrasy däl-de, Muhammet pygamberiň ýüzüniň nury ýagty saçyp oturan ýalydy. Resul Alla eziz didaryny az-kem göterdi-de, mübärek ýüzüni agasyna garşy öwürdi. – Mähriban agam! – Oturanlaryň ählisi düşegiň üstünde haly harap bolup oturan, bärisinden aňyrysy ýakyn Ebu Talyba tutunyp sözleýärdiler. Resul Alla-da bu däbi bozman gepledi – Meniň hem bu abraýly adamlar bilen paýlaşyp bilmeýän zadym ýok. Olar maňa ýekeje söz aýtsynlar, onsoň men olara dünýe malyny däl, şirin janymy gurban bereýin. – O nähili söz! – diýip, Muhammet pygamberiň abraýynyň şu ýerde-de artyp barýandygyny görübilmezçilik edip, gelen gaharyna bäs gelip bilmedik Ebu Jähil mydyrdady. – Bir söz bolsa... – Hawa, bir söz. Eger şol sözi aýdyp bilseler, olar tutuş arabyň, arap dälleriň häkimi bolarlar. – Kakaňdan ant içýän, diý şol sözüňi. – diýip, Ebu Jähil gyzyp aýtdy. – Men aýdaýyn şony... – Lä-ilähi illallah! (Alladan başga hudaýlar ýokdur!) – diýiň. Öz hudaýlaryňyzdan geçiň! Bu sözi eşden Ebu Jähiliňýüregi ýarylara geldi. Ol dili şol sözi diýip barýan ýaly, eger sähel oturylsa, özi-aýtmasa-da beýlekiler aýdaýjak ýaly, tarsa ýerinden turdy. Soň şerraý ses bilen gygyrdy. – Ol düzelmez, ol düzelmez! – Soň ol oturanlara «turuň» diýen manyda gollaryny galgatdy. – Indi, goý, özünden görsün. Barsyn, öz dawasyny Allasy çözsün. Olar turup gitdiler. Ebu Talypdan hem Resul Alladan hem bir salymlap ses-çykmady. Soň bolsa: – Ah, Ahmet jan, Ahmet janym, seniň olardan talap edýän zadyň gaty çökderdir-ow, juda çökderdir. – diýip, Ebu Talyp ýuwaşja aýtdy. – Seniň aýdýanlaryňy men özüme basyp, indi düşünip otyryn, olaryň janynyň ýanmasyna. Sen olardan juda uly, güýç ýeterden agyr zady talap edýärsiň, jan inim... Muhammet pygamber başyny täzeden ýassyga goýan agasynyň başujyna geçdi-de, onuň gojalyp, horlanyp, süňk bilen ham bolup galan elinden tutdy. – Agam, senem ýeke-täk Allanyň ýoluna düş. Belent-Taňry seniň köňlüňi, enşalla, nurdan doldurar. Gaýtala, hälki sözleri... Ebu Talyp agyr başyny gussaly yrady. – Men indi ony etmäýin, Ahmedim. Kuraýyşlar maňa: «Ölümden gorkup musulman boldy» diýip myjabat atarlar. «Ölüm» hem bir görülmedik zat däldir. Ony meniň ata-babalarym juda-mertlik bilen kabul etdirler. Onsoň men ölümiň öňünde namartlamaýyn. Ýogsa, men ol söziňi gaýtalamagy kyn göremok... Goý, men bu dünýäde şolar ýala hapa gürrüňi goýup gitmäýin. Ebu Talyp Resul Allanyň ýüzüne garady. – Ahmedim. – diýdi. – Olaryň Käbede asyp goýan hatynyň «Alla!» diýen ýerinden başgasyny sarygarynjalar iýip ýok edipdir. Olar indi Alladan gorkup başladylar. Belki, soňy haýyr bolsun. Şol sözden soň Ebu Talybyň haly peselip başlady. Resul Alla agalaryny, Alyny, agasynyň beýleki ogul-gyzlaryny onuň ýanyna çagyrtdy. Il-gün, goňşular üýşüp geldiler. Ebu Talyp jaýyň töründe ýykylan dag bölegi ýaly bolup ýatyrdy. Onuň ogullary, inileri, gelin-gyzlary daşyny alyp, gözlerini ajy ýaşa bulduradyşyp, hasrat çekýärdi. Goja welin her deminde «Ahmedim! Ahmedim!» diýip özelenýärdi. Jan onuň kekirdegine geldi. – Kaka jan, jan kakam, «Alladan başga hudaý ýokdur!» diý.– Alynyň bu çirkin sesini goja eşitdi. Onuň dodaklary çalaja terpendi-de, hemişelik ýumuldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |