08:46 Muhammet pygamber -36: romanyň dowamy | |
5. Eý Muhammet, sen adamlara, takyk, Mekge bilen Taýyfyň aralygynda, Nahle oýunda meniň ertir namazynda okan Kuranymy (aýatlarymy) jynlardan ýedi ýa-da dokuz sany jynyň eşidendiklerini maňa Belent-Taňrydan gizlin habar edildi, diýip aýt, soňra olar öz kowumlaryna baryp, biz adamzadyň kelamyna meňzemeýän ajaýyp Kurany eşitdik diýdiler. Gurhan. 72-nji süre. 1-nji aýat. Muhammet pygamber obalaryň çetindäki baglaryň arasyndan akýan dury suwly salmajygyň boýunda aýak çekdi. Ol akar suw bilen ýaralaryny ýuwdy. Üst-başyny ýagşy tämizledi. Synja kylyp, bedenine tämizlik berdi. Şondan soň, gün batyp-batmanka Mekgä tarap ýola düşdi. Indi onuň Mekgä tarap aýagy çekenokdy. Bu mekan onuň doglan ýeridi. Emma şonda-da onuň üçin indi Mekgäniň gyzygy ýokdy. Adamlaryň azgynçylygy, birek-biregi masgaralap, biri-birine kast edip ýörmegi, ony halys irizipdi. Resul Allanyň ýüregi mert, ynsaply, Taňrynyň nuruna suwsan päk niýetli adamlary küýseýärdi. Ebu Jähiliňgedem, ganhor, şerraý toparynyň eden-etdiligi, bazarlarda, öýünde, ýollarda, mähellede kast edýän adamlarynyň arz-şikaýaty Resul Allany halys ýadadypdy. Bu bag-bakjaly, saýaly baglaryň astyndan sowuk, dury suwlar akyp duran arpaly, bugdaýly meýdanlary, gök ekilen bossançylykly, baglary bulut ýaly saýa berip oturan Taif jülgesinden Resul Allanyň tamasy uludy. Ol ilki bu ýerdäki tanşy Abd Jalaýl ibn Amryň öýünde düşläpdi. Soň onuň doganlary Masud, Habyp bilen gepleşip görüpdi. Olar Muhammet pygamberiň «Alladan başga hudaýlar ýokdur, Muhammet Allanyň Resulydyr» diýen sözlerine beýle bir ünsem berip durmandyrlar. Olar gidensoňlar, gijäniň bir wagty sakif taýpasynyň adamlary Ebu Jalaýlyň öýüne duýdansyz döküldiler. Soň bu üýtgeşik myhmany daşary kowdurdylar. Ine, şondan soň Resul Alla sakifleriň mülküne bakan ugrady. Ol ýerde-de ony masgaralap kowupdylar. ...Şol wakalary ýatlap barýan Resul Alla aýagynyň agyrysyna çydaman agsaklap, zordan ýol alýardy. Ol gijäniň bir mahaly Nahle oýuna ýetdi. Bu oý yssy jöwzadan ýanyp galandy. Bu oýdaky Nahl obajyklarynyň adamlary juda garyp ýaşaýardylar. Olaryň güzerany ýok diýen ýalydy. Olary halas edýän ýekeje zat, ol hem alys ýollardan gelýän üsti harytly kerwenlerdi. Ýöne olar hem bu ýyllarda juda seýrek gelýärdi. Resul Alla birwagtlar bu ýerde bolup geçen söweşe gatnaşandygyny ýatlady. Agyr kerwen bilen Şamdan gelýärkä, bu ýerde düşläpdi. Häzir hem ol kerwensaraýyň bir hüjresine girdi-de, namaz okady. Beýik-Ýaradana alkyşlar aýtdy. Ol bir salym irkildi-de, tä daňdana çenli Gurhandan bölekleri okamaga başlady. Daňa golaý ol bu hüjrede ýeke däldigini duýdy. Ol ertir namazyny okady-da, namazlygyny ýygnady. Soň özüni merdana tutdy-da seslendi. – Kim bar! Onuň gözleri görmese-de, gulagyna hümürdi eşidildi. – Hany, görnüň! Ol heniz ýagtylmadyk hüjräni, bir burçunyň jagul-juguldan dolanyny gördi. – Kim bolarsyňyz? Onuň alyna bir garry sudur gelip çökdi. – Essalowmaleýkim, Resul Alla. – Waleýkim essalam! Ol gap-gara sudur ynsan dilinde gepläp başlady. – Bize jynlar, arwahlar diýerler. Biz hem Beýik Ýaradanyň mahluklarydyrys. Muhammet pygamber ol suduryň ýüzüne geň galyp garady. – Beýle mahluklar hem bolýanmydyr. Gara sudur aňyrda gaty uly mähelle bolup, wagyrdaşýanlara gatyrgandy. – Jynlar, arwahlar ýuwaş boluň! Hüjräniň içine suw sepilen ýaly boldy. – Eziz Resul Alla öz aýagy bilen gelipdir. Şonuň eziz didaryny görsek diýip, baryp Benijandan bäri garaşyp ýörsüňiz-ä. Eger şu günem görmeseňiz, onuň mübärek didaryny kyýamat-magşara çenli görüp bilmersiňiz-ä. Ol Resul Alladan uzur ötündi. – Eziz Resul, biz ýagşy niýetli jyn-arwahlardyrys. Sizi bize-de Pygamber eden Rahmana müň kerem alkyş bolsun! Resul Alla başyny atdy. Ol beýik ýaradanyň özüni ynsanlaryň hem-de jynlaryň Pygamberi edip ýaradanyny hem bilýärdi. Şonuň üçin bu gün jyn-arwahlara duşanynam kem görmedi. Gap-gara sudur ýene sözläp başlady. – Ynsan ogly bizden gorkýar. «Arwah-jyn diýip» bizi halamaýarlar. Bize erbet dogalar okaýarlar. Şol erbet dogalar bize kän zyýan berýär. Biziň kalbymyzy çüýredýär. Şonuň üçin biziň neberelerimiz kem-kemden göýdükleşip, kümsükleşip barýar. Öň adamlar bize meňzäp, zaýalanýardy. Indi bolsa biziň arwah-jynlarymyz adamlardan erbet görelde alyp, olardan hem beter hapa pälli bolup ýörler. – Sen kim bolarsyň? – diýip, Resul Alla onuň bu gürrüňini halaman aýtdy. Gara sudur ilk-ä bir dymdy. Sebäbi şol wagt müňlerçe aglaşýan aýal sesine meňzeş owaz geldi. Ýöne gara sudur oňa kän bir ünsem bermedi. – Men dünýäniň Maşryk böleginiň arwah-jynlarynyň serdarydyryn. Özüm hem Adam aleýhyssalam Behiştden kowlaly bäri bardyryn. Resul Alla ýene-de gyzyklanma bilen: – Araňyzda gelmedikleriňiz hem barmy? – diýip sorady. – Bardyr! – Biz siziň bu ýere geleniňizi duýup, ýedi-dokuz jyn bolup geldik. Soňra siziň Kuran okan sesiňizi eşitdik-de, baryp öz kowumlarymyza gürrüň berdik. Şonda olar :«Bizem Resul Allanyň mübärek jemalyny jemalyny ýekeje sapar göreliň» diýip ýalbaryp, aglaşyp başladylar. Onsoň biz olaryň bäri gelmegine ejaza berdik. Ýöne, biziň aramyzda Iblis diýen birimiz bardyr. Ol hergiz mukaddesligiň bar ýerinde görünmez. Ol, şonuň ugruna giden päliýamanlardan ýüz müňüsi nirede şer barka diýip entäp ýörendir. – Olar häzir nirede? Ýene-de aýalyňky ýaly agyly sesler gelip başlady. Gap-gara sudur bu sapar hem olara üns bermedi. – Ah, Belent-Taňrym, ah, Resul Alla! Häzir Mekge ili bulaşdy. Tutuş Mekge halky eziz Perwerdigäriň ýoluna düşen musulmanlaryň garşysyna göterildi. Nälet siňen Iblis, onuň ýoluna gidenler Ebu Jähil diýen, Iblisiň özünden hem beterräk näkesiň ýardamçysy boldular. – Siz näme üçin olaryň ýardamçysy däl? Aglaşýan aýallaryň sesine meňzeş owaz has möwjedi. Gara sudur gazaba mündi. – Näme bold-ow? Size näme bolýar. Serkerdäniň kömekçileriniň biri geldi. – Serdarlar serdary! – Ol egildi-de, gap-gara suduryň eşegiňki ýaly gulagynyň düýbüne düşnüksiz-düşnüksiz bögürdi. Gara sudur ýene-de uzur ötündi. – Eziz Resul, biz gowy niýetli jynlardyrys. Biz olar ýaly bet pygylara goşulmarys. Şonuň üçin men ähli jyny-arwaha siziň mübärek jemalyňyzy görkezmäge alyp geldim. Siz Kuran okasaňyz, olar hem siziň sesiňizi eşitseler, biziň kalbymyz päklener. Men olary şol niýet bilen alyp geldim. Resul Alla mübärek kamatyny dikledi-de, ol sudura ýüzlendi. – Aýdyň, ol Iblise, meniň ýanyma gelsin – diýdi. Soň ol: – Olar näme üçin aglaşýarlar? – diýip sorady. Gara sudur buýtar-suýtar etjek boldy. Ýöne öňünde oturanyň Allanyň Resulydygy ýadyna düşdi-de, gaty geňelip gepledi. – Eý, Resul Alla, biziň arwah-jynlarymyzyň sanýetmezi erkek bolup, sanýetmezi hem aýaldyr. Şol aýallardan bir leki: «Biz Resul Allanyň eziz didaryna aşyk bolduk» diýip aglaşýarlar. Resul Alla, sesini çykarmady-da, Gurhan okap başlady. Gurhanyň aýatlaryny diňläp, arwah-jynlaryň ählisi aglaşmaga başlady. Resul Allanyň özem, häzir özüne mähriban bolmaly adamlaryň ony ýekirip, arwah-jynlaryň bolsa onuň daşyna üýşüp, özüniň sahawatyna sygynyp oturyşyna tolgundy. Ol Gurhan okamasyny bes etdi. Gara sudur şondan soň iki elini ýokary göterdi. – Eý, arwah-jynlar! Siz Musadan soň iberilen Kitaby diňlediňiz. Ondan bizi Ýaradanyň pähimini, onuň eziz Resulynyň owazyny eşitdiňiz. Indi hemişe Haka sygynjagymyza kasam edeliň. Hakyň eziz Resulyna boýun boljagymyza kasam edeliň. Şeýtsek, beýik Ýaradan biziň günälerimizi öter. Ol gara sudur Muhammet pygambere tutundy. – Eziz Resul Alla, Siz biziň kirläp, hapa bolan göwünlerimize Hakyň röwşen çyragynyň ýagtysyny çaýdyňyz. Röwşen çyragyň bar ýerinde gap-gara ýarganatlar köwlenmez. Biz hemişe Hakyň, Ýerde bolsa siziň ýardamçyňyz bolaryn. – Omyn! Resul Alla olar bilen hoşlaşdy. Çünki eýýäm daň atyp gelýärdi. Arwah-jynlar Resul Allanyň didaryndan binesip edilipdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |