08:47 Muhammet pygamber -37: romanyň dowamy | |
6. Eý Muhammet, sen müşriklere, eger-de siz dawaňyzda dogry aýtgyjy bolsaňyz, siz deliliňizi getiriň diýip aýt (ýagny) şu zatlary ýaratmaga gudraty ýetýän zadyňyz bolsa getiriň diýip aýt. Gurhan. 27-nji süre. 65-nji aýat. 619-njy ýylyň ahyry Mekgäniň halky üçin zulumly günleriň biri boldy. Gurakçylyk, adamlarynyň päliniň azmagy, Kuraýyşlaryň bet pygly, ýeke-täk rysgal çeşmesi bolan söwda işindäki birek-birege kast etmeler ahyr soňunda öz ajy miwelerini berip başlady. Söwda işleri indi ýöremesini goýupdy. Öň ýagyşdan soň, agzy iýmli-iýmsiz, garynjalaryň öz hinine gatnaýşy ýaly, gelip-gidýän kerwenleriň üznüksiz kerweni indi göýä, zynjyry üzülene meňzeýärdi. Öň Mekge bazarlaryna gatyk, süýt, peýnir, çekize, arpa uny, et getirýän beduan çarwalarynyň ählisiniň jülgä eňip, Mekgäniň gyrak-bujaklarynda malsyz, sümsünişip ýörmegi, ogurlygyň, talaňçylygyň has artmagy adamlaryň halys degnasyna degýärdi. – Eý, kuraýyşlar, siziň başyňyzda bir ýaman päl bardyr. Bu gahatçylyk siziň päliýamanlygyňyzyň getiren ajy miwesidir. – diýip, tutuş Mekgäniň ýaşulusy Ebu Talybyň ölmänkä aýdan sözleri bu gün aňry ýany bilen dogry gelipdi. Mekgäniň içinden bir wagtky döwletli döwranlar göçüpdi. Kuraýyşlar indi: «Nirede musulman barka!» diýip, syňryraklap ýörmeden iripdiler. Olaryň ähli gaýgysy garabokurdak bolup galypdy. Olaryň öz daş hudaýlaryna gaýgyrman berýän sadakalaryndan hem netije çykanokdy. Kuraýyşlar indi: «Bu nälet siňen Ebu Jähiliňaýagy düşmedi» diýip, öz aralarynda hümür-sümür edýärdiler. Bu gepler Ebu Jähiliňhem gulagyna ýetmän duranokdy. Ebu Jähiliňhem indi bu söze şol wagt gaýtargy berere, agzy ölli adamlary bada-bat jezalandyrmaga güýji ýetip duranokdy. Sebäbi onuň öz tiredeşleriniň öňünde beren bol-bol sözi, ähli niýeti puç bolupdy. Ol: «Haşymylara gabaw gursak, olary bazara goýbermesek, ýolda-yzda musulmanlary güpbasdy etsek, olary Käbe aýmançasyndan kowsak, zemzem suwundan binesip etsek, gyz alyp-gyz bermesek, söwdada utsak, onda olar ajyndan gyrlar. Galanlary biziň alnymyzda dyzlaryna çöküp, puşman eder.Bu bolsa diňe bir bu günkilere däl, ertirkilere hem gowja sapak bolar» diýip oýlanýardy. Ondan bäri üç ýyl geçdi. Muhammet pygamberiň: – Adama rysgaly kuraýyş begzadalary däl-de, Beýik-Taňry berýändir. Alla bokurdagyny deşeni aç goýmaz – diýen sözüni indi tutuş Mekge halky alyp göteripdi. Adamlaryň käbiri:«Hudaýyň gahary gelipdir. Ol başymyza mundan hem beter zulum saljakmyşyn...» diýip, was-wasa galyp ýördi. Musulman bendeler bolsa, henizem: «Kimdir biri gijede-girimde bir döwüm nan getirip beräýmezmikä?» diýşip, şol birwagtky çadyrlaryndan Mekgä düşüp bilmän otyrdylar. Mekge halky indi bölek-bölek bolupdy. Musulmanlar Muhammet pygamberiň daşyny gurşap alypdylar. Mekge garyplary özbaşlaryna bir topardy. Ebu Jähiliňýolbaşçylygyndaky uly, häkimlik edijiler-de özbaşyna bir topardy. Bu toparlar biri-birlerinden şeýle bir üzňedi, indi olary birikdiräýmägem aňsat boljak däldi. Musulmanlary indi her näçe zulum eýleseň-de, Muhammet pygamberiň ganatynyň astyndan aýryp boljak däldi. Olar öläýseler-de Ebu Jähiliňtoparyna goşulyp biljek däldiler. Bularyň kalbam, ryskam Taňra baglanandy. Garyp bendeler bir döwüm nanyň zarydy. Bu topara Mekgäniň gaty garyp maşgalalary, şol döwürlerdäki has köpelen kemçinler, güzerany batan ownuk söwdagärler, tozan çarwalar, işsiz, girdejisiz bendeler girýärdiler. Olaryň ählisi üçin ýekeje baýlyk, olam el ýaly arpa çöregidi. Kuraýyş begzadalary bolsa ne garyp biçäreleri doýrup, özlerine çekip bilýärdiler. Ne-de musulmanlara goşulyp bilýärdiler. Bu bölünişik olaryň hem güýjüne berk zarba urupdy. Gurakçylyk, gahatçylyk olary maldan, baýlykdan el ýuwduryp barýardy. Indi bu agyr ýagdaýdan çykmak gerekdi. Ebu Jähil kuraýyş aksakallaryny ýene-de öýüne çagyrdy. Olaryň öňüne nahar, dürli nygmatlar çekdi. Soňra bolsa zeýrenip başlady. – Bu dönükleri her zat etmeli welin Mekgeden çykarmaly! – diýibem ahyr sözüni aýtdy. Öňem şeýle haýbatly, düýbi boş sözlerden bizar bolan aksakallaryň biri ilkinji gezek oňa garşy çykdy. – Näme üçin olary Mekgeden çykaryp kowjak? Içi kinelije bu sowala Ebu Jähil ünsem berip durmady-da, özüniň şol bir wagtky endik eden äheňine başlady. – Olar halky böldüler. Olar agzybir... – Dur! – diýip, bu maslahata gatnaşýan Zuheýr – Atikanyň, ogly Ebu Jähiliňsözüni agzyndan kakyp aldy. – Öň şeýle eken. Indi üç ýyl bäri ol bendeleri gabawda saklap otyrsyňyz-a. Olar şunuň ýaly maslahat edip: «Kuraýyşlary ýok edeliň, olary gabawda saklalyň!» diýip aýdanoklar ahyryn.Olar hiç kime degenok. Siziň ýaly adamlaryň öýüni otlanok. Adamlary hiç zat ýok ýerden bazarlardan, öz öýünden, mukaddes Käbeden kowanoklar. Olaryň öz ynanjy bar. Ebu Jähiliňbolmajysy boldy. – Sen näme diýmek isleýäň? Abdyl Mutalybyň agtygy! Belkem, indi siz şol dönükleri öýümiziň törüne geçirip:« Aramyza agzalalyk saldyňyz, hudaýlarymyza dil ýetirdiňiz, ata-baba däplerimize şek ýetirdiňiz, şonuň üçin, ataňyza rehmet bolsun!» diýmelidiris. Ýo-ok, ony edip bilmeris. Olar indi biziň din duşmanlarymyzdyr. Arada indi ýaraşyk ýokdur. Oturan adamlar ýerli-ýerden gowur turzup başladylar. – Bölünişigi biz saldyk. – diýip, Zuheýr gaty berk durup aýtdy. – Öz eden işimizi özümiz hem düzetmeli bolaryn.. Ol bendeleri indi berin zulumdan azat etmeli. – Indi olaryň özlerem «Ýeke-täk Alla uýuň!» diýip ýapyşyp ýatan däldirler. – Ýok – how, ol bendelere bir döwüm çörek gaýgy ahyryn. Zuheýir şu ýerde bir täsin wakany orta saldy. Siz «Musulmanlary gabawda saklamak barada» hat ýazyp, ony Mekgäniň diwaryndan asyp goýduňyz. Baryň, görüň şol hatyňyzy. – Näme bolanmyşyn. – diýip, Ebu Jähil gözleriniň agyny köpeltdi. – Şol hatyňyzyň diňe: «Alla!» diýen ýerinden başgasyny sarygarynja iýip, ýok edipdir. Ine, şol gowy zatmy?! – Indi näme etsem diýýärsiňiz? Şu ýerde Ebu Jähiliňikirjiňlenmesi gowşan ýaly boldy. Muny Züheýr aňlapdy. Ol: – Adamlar, basym mukaddes aýlar başlanýar. Mekge ýene-de zyýaratçylardan dolar. Il-ä deňiz-derýalardan aşyp bu ýere zyýarata geler, bizem olara gürrüň-gep bolup ýörsek, ýagşy däl. Onsoňam, pikir ediň, biziň etmek islän niýetimiz başa barmady. Mundan aňry gitsek, has masgara boljagymyz görnüp dur, şonuň üçin geliň, «ýüz öwürmäni» şu günden bes edeliň. – Ýoo-ok! Ebu Jähiliňşerraý sesine hiç kim ünsem bermedi. Sahawatly adamlaryň birleşiginde durýan aksakallar ýerli-ýerden gygyryşdylar. Amir urugynyň adamlary hem, Azadalar hem, Naufallar hem, kuraýyş ýaşulularynyň köpüsem Zuheýriň bu pikirini goldadylar. Bize agzalalyk gerek däl. Agzalalykdan çörek bolýan bolsa, bu wagta çenli tutuş Mekge halkynyň garny doýardy. Olar hem adamdyr. Özümiz hem şu ynanjymyz üçin, şeýdip bendi etseler ýakjakmy! – diýip, Azad urugynyň serdary aýtdy. Zuheýr ikirjiňlenýän adamlaryň pikirini bir ýere jemlemegi başardy. – Onda, biz, adamlar: «Ýüz öwürme bes edilýär» diýen karary çykarmaly. Kim şoňa razy bolsa, aýtsyn... Ebu Jähil geçiniň öň aýagy ýaly bolup, ýaşululara gep berýän bu adama ýigrenç bilen garady. «Ýüz öwürmäni bes ediberiň, ýöne meniň hem bir etjek işim bardyr» diýip, ol içini hümledip galdy. Bu waka 619-njy ýylyň başlarynda bolupdy. Adamlar uly umytlar bilen sahawatly ýaza garaşýardylar. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: – Eý, dili bilen musulman bolan bolup, kalbyna iman ornaşdyrmadyk jemagat! Musulmanlara her hili ýollar bilen azar berip ýörmäň. Olaryň aýyplaryny agtaryp, şyltak atjak bolman. Her kim bir musulmanyň aýybyny açyp, ony masgaralasa Haktagala onuň özüni hem il şermendesi eder. Eger öýden çykman otursa-da, bir sebäp bilen masgaraçylyga duçar bolar. Rowaýat: Muhammet pygamber bir gün ýol bilen gelýärdi. Ony gören Müşrükleriň bir topary üýşdüler-de, her hili hapa sözleri aýdyp, daşlap, soňam Resul Allanyň üstüne gum sepdiler.. Emma Muhammet pygamber olara «barmysyňyz» hem diýmän öýüne geldi. Ol hem ejesi ýogalyp, göwni gamdan açylmadyk Patma kakasynyň üstüniň gumuny görüp, ony aldy-da arassalamaga başlady. Kakasynyň bu horlugy hem onuň ýüregine dert boldy-da, ol gözleriniň hasratly ýaşlaryny monjuk-monjuk edip döküp başlady. Muhammet pygamber gyzynyň aglap duranyny gördi-de, oňa derrew düşündi. Soň gyzyny köşeşdirmäge durdy. – Goý, gyzym, kakaňy adamlar horlasa-da, Alla aýajakdyr. – Resul Alla soňra. – Agam Ebu Talyp dirikä müşrükler meni beýle horlamaga gaýraty çatanokdy. Agam ölensoň, olar hem şir boldy – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |