17:11 Muhammet pygamber -3: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM 1. We kitap eýeleri bolan jemagatlar (jöhitler, nasarlar) öz kitaplarynda görkezilişi ýaly, Muhammet (s.a.w) Muhammet hakynda biragyzdan dogrudyr diýip birleşipdiler, meger, äşgäre deliller bilen olara Muhammet (s.a.w) gelenden soň içigaraçylykdan oňa garşy bolarlar. Gurhan. 98. Beýýineti süresi. 4-nji aýat. Bu eýýamlarda Basra şäheri ýa has gelim-gidimli şähere mekana öwrülipdi. Wizantiýada hristian dininiň prawoslaw ugrunyň tutuş döwletde oňa rowaçlyk beripdiler. Prawoslaw dini häzir bu ýerde döwlet dinine öwrülipdi. Özem ýurduň korolynyň berk görkezmesi bilen ýurtda diňe şu din höküm sürýärdi. Eger kim-de, kim şu dinden boýun gaçyrýan bolsa, onuň başy ölümli, maly talaňly diýlip yglan edilipdi. Dinsiz bendeleriň, butparazlaryň onlarçasy öz dini ynanjy üçin başlaryny çapgy ýassygynyň üstüne goýmaly bolupdylar. Gözi gorkan bendeler bolsa bu ýurtdan bosup-bosup, gözleriniň gören ýurtlaryna, ülkelerine bakan ýük ýazdyrman göçüp gidýärdiler. Olaryň köpüsi ertire ynam bilen Wizantiýanyň serhetleriniň gyrak-bujaklarynda mekan tutypdylar. Günorta Şam, has takygy, Basra şäheri hem bosgunlaryň çogdam-çogdam bolup gelýän ýerleridi. Bu ýerlerde sen hristian bol, butparaz bol, dinsiz bol, asyl adyňy tutýan adam ýokdy. Bagira ata-da şolaryň biridi. Ol juda okumyş, diýseň takwa ynsan ozal Wizantiýadaky hristian buthanalarynyň birinde gulluk edip, ölmez-ödi gününi zordan görüp ýördi. Emma prawoslawlar onuň hem yzyndan ýetipdiler. Bagira ata Isanyň Injil kitabynyň gaty gadymy nusgasyny okap otyrka Muhammet atly Ahmediň dünýä injegi, pygamber bolup dünýä erk etjegi, onuň getirjek dininiň ynsana juda uly täsir etjegi bardaky üýtgeşik sözleri okapdy. Ony okan başga-da bolmalydy. Emma hiç kim jyňkyny çykarmaga milt edip bilenokdy. Indi dünýä inmeli şol pygamberiň nuranadan güler ýüzi barada, adamlaryň janyna şypa boljak juda üýtgeşik owazly sesi, beýleki hoşroý kamaty barada ata-babasyndan galan bu kitapda aýdylýan hoş habary ol ýüregine sygdyryp bilenokdy. Ol bu hoş habara juda begendi. Dünýä musulmançylyk dinini getirjek. Özem ahyryýete çenli pygamber bolup galjak bu ynsan barada onuň tutuş dünýä buşlasy gelýärdi. Şeýdibem, bu habar baradaky gürrüňi telim ýerde dilinden sypdyranyňy duýman galypdy. Çünki, ýüregine sygmaýan bu habary aýtmasa ol ynjalyp hem bilenokdy. Ol aýtsa-da aýtdy weliň bu habar tas onuň başyna-da ýetipdi. Ony «agzy hapa, prawoslaw dininiň mertebesini peseldýän gepleri wagz edýän beýleki dinleri mahabatlandyrýan adam» hökmünde ýurduň korolyna ýamanlapdylar. Şol günden soň Bagira atany gazap atyna münen korolyň adamlary agtaryp başlapdylar. Bu habary onuň dostlary Bagira ata ýetirdiler. Onuň ýurtdan çykyp gitmegini maslahat berdiler. Soň bolsa goşy-golamyny, kitaplaryny göterişip, Şam bilen Wizantiýanyň serhedine getirip gidipdiler. Onuň öýi, garypja mülki öz ilinde galypdy. Indi bolsa sopbaş özi Basra şäheriniň eteginde, uly kerwen ýolunyň boýunda bir arabyň kiçijik hüjresini kireýine alyp ýaşap ýördi. Onuň ýoldaşam, güýmenjesem Wizantiýadan alyp gaýdan gadymy kitaplaryňy. Onuň başga bir syrdaşam ýokdy. Ol bu günem öňüne ýassyk ýaly kitaplaryň birini alyp, onuň Adamatadan bärki wakalary gürrüň berýän bölümlerini seljerip otyrdy. Ahmet-Muhammet pygamber baradaky waka onuň halys ýüregine düşüp barýardy. Ol bu wakany bilmezlikdenmi, ýa-da ýüregine sygdyryp bilmänmi, öýüň eýesi, tüçjar baý araba gürrüň beripdi. Ol arap geň galdy, soň hem hahahaýlap güldi. – Eý, işini gutaran nasar1, araplara pygamber nämä gerek, hudaý nämä gerek. Sen näme, bilenokmy, bizde her urugyň her tiräni, öz hudaýy bar ahyryn. Şonuň üçin-de her bir arap özüni pygamber saýýandyr. Sen aýtjak gepiňi gaty saldarlap aýtgyn. Sen meniň öýümde ýaşaýansyň, ol gepiň üçin başyňy aldyranyň-a owarram weliň maňa kösüň degmesin... Bagira ata bu gürrüňden soň gaty gorkdy. Şondan soň bu barada dilinden sypdyrmak-ha beýlede dursun ol hojaýyn arabyň gözüne-de görünmejek bolýardy. Ol häzir hem gaty galyň kitabyny waraklap oturyşyna, işikden kimdir biri geläýmesin üstümi basdyraýmaýyn diýen ätiýajy hem undup bilenokdy. Kitap Bagira atanyň birwagtdan bäri aýdanlaryny tassyklaman, şol diýilýän ynsanyň geljek wagtyny aýy-güni bilen habar berýärdi. Ol dünýäniň hem-de asman ýyldyzlarynyň belgisi çyzylan kitaby açdy. Ol ýyldyzlaryň hereketi, heňňamyň aýlanyşy, aýyň-günüň utgaşmasy bilen häzirki wagty gabatlaşdyryp, Muhammet pygamberiň dünýä inmeli ýerini, takyk gününi tapdy. – Ahmet, Ahmet! – diýip, ol ýuwaşja seslendi. – Eý, iki dünýäniň serwer ogly, sen Gyzyl deňiz bilen Pars aýlagynyň aralygynda kakap ýatan sähralykda dogulmaly! Üç tarapy suw bir tarapy jygyrap ýatan çöllük ýer – Mekge-Ýasrib ili bolmaly! Basra bilen şol ýurduň aralygynda häli-şindi kerwenler gatnap durdy. Şol kerwenler, asyl Basradaky bazarlara-da sowulýardy. Bagira atanyň ýüregi ýylap gitdi. Göwnüne bolmasa, ol pygamberiň dünýä inmegine özi-de öz goşandam bar ýaly duýga batdy. Wagt-wagt ýaşap oturan hüjrejiginiň depesine çykyp. – Adamlar, gözüňiz aýdyň, ýöne-de sähel wagtdan täze bir pygamber dünýä inýär – diýip, gygyryberesi gelýärdi. Ýüregi şol eziz adam barada has köpräk bilmäge telwas edýärdi. Ol kitaplaryň gatlaryny gijede-gündizde telim sapar waraklap çykýardy. Şeýdibem, ahyr soňunda Muhammet pygambere barýan ujy tapdy. – Eý, hoý, diýip, ol gaýta-gaýta çokundy. – Asyl, beýle diýsene. Ol kitaplaryny birinde Adam atanyň ogly Şis aleýhessalama beren öwütlerine gabat gelipdi. Ol görüp otursa, Alla Tagala Adam atanyň Şis diýen oglunyň ýüzüne: «Bu meniň dostum hem-de resulym Muhammet üçin...» diýip üýtgeşik bir nury çaýan eken. Ol bu ýazgyny bir demde okap çykdy. «...Adam aleýhyssalam ýöne-de aýtdy. – Oglum, Şis! Sen hezreti Muhammet mustapa/s/ ertir-agşam, elmydama alkyş aýtgyn. Ol meniň iňňän gadyrly we belent mertebeli perzendimdir. Şeýle perzendiň bizden dörejegine begengin we şükür etgin. – Eý, atam, ol belent mertebelini şeýle bir öwdüňiz weliň onuň akyl-huşy artykmy ýa siziňki? – diýip, Şis alehyssalam şu sowaly üç sapar gaýtalandan soň, Adam alaýhyssalam şeýle diýipdir: – Eý, oglum, Muhammediň mertebesi gaty uludyr, ýaradylan zatlaryň hiç birisiniň mertebesi onuň derejesine ýetip bilmez. Hudaýtagala onuň ummatyna alty zady eçilipdir. Şolaryň birinem bize bermedi. Birinjiden ol meni bir günä iş edenim üçin behiştden çykardy, emma hezreti Muhammediň ummatlarynyň günäsi kän bolsa-da, behişde salar... Ikinjiden meni bir günäm üçin älem-jahana yryswa etdi. Ony bilmedik, eşitmedik zat galmady. Emma onuň ummatlary ýüz-müň günä günä etseler hem, ony gizlär, hiç kime bildirmez. Üçünjiden bir günä sebäpli meni How eneden aýyrdy. Emma olary ýüz-müň günäleri üçinem bala-çagalaryndan aýyrmaz. Dördünjiden men bir günä üçin-de üç ýüz ýyl aglap gezdim. Käbäni towap edip, Muhammet resulallany ýatlap, rehim-şepagat diledi. Günämi ötdi. Ýöne Muhammet ummaty üç mertebe, ýa üç sagat: «Hudaý-a, bilmändirin. Ýalňyş iş edipdirin. Eden günälerime toba etdim» diýip säher wagty bir ah ursa, ýa bir göz ýaş dökse, onuň günäsini derrew geçer. Bäşinjiden men bir günä iş üçin gözümden ganly ýaş dökýänçäm, Arafat dagyna baryp bilmedim. Emma olar üçin beýle däldir. Altynjydan men şol günä sebäpli çyp ýalaňaç halda goýdy. Olary näçe günä etse-de ýalaňaç galdyrmaz. Oglum, saňa ýöne bir nesihat bereýin: «La-ilaha illa-l-lah, Muhammet resulallah» kelemesini köp gaýtalagyn. Hak Tagalanyň perwerdigärdigini adamlara aýtgyn. Hezreti Resul Allany belent hasaplap, ony ile-güne aýan etgin». «...Hezreti Şis alaýhyssalam Muhammet pygamberiň/s/ nuruny örän ätiýaçly saklaýardy. Ýetişip, öýlener wagty gelende, Hak tagalanyň emri bilen Jebraýyl aleýhyssalam oňa Mahwaýla atly hüýr gyzy getirip beripdir. Şis aleýhysealam ol hüýr gyzy nikalap alypdyr. Ol hamyla bolup, wagty dolandan soň bir ogly bolupdyr. Ol oglanjygyň maňlaýynda Muhammet pygamberiň /s/ nury röwşen bolup, ýagty salyp dur eken. Oglanyň adyna Anuş goýupdyrlar...» Bagira ata Alla Tagalanyň Muhammet pygamber üçin beren nuruny tä Ybraýym pygambere çenli yzarlady. Soňra ol mukaddes Injil kitabynyň gatlaryny waraklady-da, öňki kitaplarda gören ýazgylaryny bu kitapdan tapyp bilmedi. Onuň ýüregi tas ýarylypdy. Başy aýlanyp, gözi garaňkyrap gitdi. Kitap şol, emma Ahmet-Muhammet pygamberiň geljekdigi baradaky jümleler galdyrylyp çap edilendi. Ol kitaplaryň arasyndan ýöne-de şol gadymy Injili tapdy. – Eý, Allam! – diýip, ol gözleriniňen paýrap inen ýaşy Injil kitabynyň açyk sahypalaryna seçelendirip goýberdi. – Heý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy, hudaýym, Indi mukaddes kitaba kast etmäge adam eli barýan bolsa, onda ahyrzaman golaýlaşandyr... Täzeräk basylan Injil kitabynda Muhammet pygamberiň dünýä injekdigi baradaky habaryň ýoklugy baradaky pikir Bagira atanyň tutuş dünýäsini lerzana getirdi. – Ah, janlarym, kimiň eli barýarka bu işlere... Ol gazap atyna atlandy-da Zebur kitabyny hem waraklaşdyryp çykdy. Onda-da şol mukaddes habar ýok edilipdi. Diňe «Bizden soň has akyllylar geler...» diýen ýaly jümleler galypdyr. Diňe şu jümläniň özem Muhammet pygamberiň has akyllydygyny aňladyp durdy. Olardan soň başga akylly kim gelsin!.. Bagira ata gözlerinden ýaş döküp ep-esli oturdy. Soň ýüregi bilen zeýrenip başlady. – Eý naýynsaplar, nädip beýle kitaba kast edip bildiňiz. Siz beýik Pygamberiň dünýä injekdigi baradaky habary «Injilden», «Töwratdan», «Zeburdan» aýyrdyňyz. Ony «Al-Lowh-el Mahfuzdan»1 nädip aýrarsyňyz! Wah, dowzahylar diýsäni!.. Ol gahar-gazabyna çydaman ot ýaly hüjreden daş çykdy. Daşary hem içeriden salkyn däldi. Ýöne eýýäm gün batyp barýardy. Ol batyp barýan solaksy Güne garap, birsellem böwrüni diňläp oturdy. Özüniň ömri, ykbaly barada, bu dünýä gelip gören zadynyň ýoklugy barada oýlandy. Onuň ömrüniň maýasy, begenji, buýsanjy, ömrini bagş eden işi Alla Tagala eden gullugyňy. Ol hiç haçan hem ikiýüzleli bolmandy. Taňra halal, arassa hyzmat edipdi. Onuň guwanjy, buýsanjy, ýüreginiň bar baýlygy Alla Tagalanyň Al-Lowh-el Mahfuzdan bölüp, zire-zire edip ynsan balasyna gowşuran kitaplaryny. Onuň üçin dünýä ýüzünde şondan gymmatly baýlyk, şondan mukaddes hazyna ýokdy. Sebäbi ol kitaplar Ýeriň-gögüň diregi bilen ynsan balasynyň gatnaşygyndan ýeke-täk delildi. Ol kitaplar belent Taňrynyň gadra gaplanan mukaddes sözüdi. Indi şol kitaplar hem ýoýulýan bolsa, ol kitaplarda özüňe gerek däl, seniň maksadyň bilen gabat gelmeýän hoş habarlar aýrylýan bolsa, diňe öz bähbidiňe ylaýyk gelýän hoş habarlar galdyrylýan bolsa, onda ýeriň ýüzünde şol mukaddes kitap hem bigadyr bolup galypdy. – Wah, Ýeriň ýüzünde näçe adam bolsa şonça-da isleg bar ahyryn. Sen ädip olaryň ählisine ýaranyp bilersiň. Ynsan balasy öz islegi üçin Taňrynyň alynda beýle jenaýata baş goşup bilermi!. – Bolmaz! Bolmaz! Biz ol Kitaplary öz ham-hyýallarymyza gulluk etdirmän ähli isleg-arzuwlarymyzy şol mukaddes Kitaplara, olaryň dürdäne manysyna boýun egdirmeli ahyryň eý, ynsan balasy!.. – Allatagalanyň sözüni ýoýdugyň, geljekki nesilleri şol hoş habarlardan binesip etdigiň dälmi, eý, hudaýsyz! – diýip, olary aýdasy geldi. Ol şu niýet bilen ýerinden turdy-da, belent Taňrynyň mülküne baknan garady. Birdenem... Ol gözlerine ynanmajak boldy. – Eý, Allam, eý, Allam! – diýip gygyrdy. – Täze pygammeriň mübärek bolsun! Mubärek, mü-bä-re-ek! Hoş geldiň, eý mukaddes Ynsan! – diýip janynda baryny edip gygyrdy. Bagira ata şol başagaýlap ýörşüne, Wizantiýa tarap ýumrugyny bulaýlady. – Siz entejik bir duruň bakaly! Ol Alla Tagalanyň kimdigini size görkezer!.. Bagira ata şol gije çirim etmän daňa çenli oturdy. Hudaý Tagalany mübärekledi. Özüniň täze bir mukaddes pygamberiň gelmegine şaýatlygy üçin özüni bu günlere ýetirendigi üçin öz Taňrysyna şükür etdi. Ol inçejik şemjagazynyň ýagtysyna ýüzüni sargardyp, mukaddes kitaplary birin-birin agdarypdyrdy. Şol okap oturyşyna daňa golaý Muhammet pygamber, ýap-ýaňy doglan resul Alla barada gadymdan bäri aýdylyp gelinýän üýtgeşik-üýtgeşik pikirleriň üstünden bardy. Ol şonda jahanda, açylman galjak syryň ýoklugyna düşündi. Heniz dogulmadyk pygamberiň habary bilnen bolsa, ol barada juda hormatly, dana pikirler aýdylýan bolsa, ol syry açyjynyň Alla Tagaladan özge hiç kim bolmaly däldigine Bagira ata düşündi. Indi dogulmaly pygamberiň ady, şöhraty edil ýaz aýlarynyň ýyldyrymlary ýaly, tutuş adamzady, onuň paýhasyny sarsdyran bolsa, ol pygamber ýöne-möne bolmaly däldi. Ol şonda bu doglan pygamberiň beýleki pygamberden tapawudyny seljermäge durdy. «Muhammet pygamberiň beýleki pygamberlerden parhy şulardyr: 1. Ol ähli pygamberden efdäldir (üstündir). 2. Ol bitin Ynsanýete we jynlara pygamber edilip iberilendir. 3. Ol pygamberler zynjyrynyň iň soňky halkasy, jennet daragtynyň altyn ýyldyzy (hatemu el Enbiýa) ýagny iň soňky pygamberdir. Ondan soň pygamber geljek däldir. 4. Ol bütin älemlere pygamber hökmünde goýberilendir. 5. Onuň şerigaty kyýamata çenli dowam etdiriler...» Bagira ata bu sözlere okap süňňüni saklap bilmän sandyrady. – Eý, Allam, şeýle beýik pygamber meniň ýaşap ýören zamanamda dünýä indi. Meni onuň doglan zamanasynda ýaradanyň üçin saňa şükrüm bardyr, eziz Taňrym! Eger, mümkin bolsa, ölmänkäm şol pygamberiň didaryny hem görsedim. Onsoň-a bu dünýäde göreň indi gerjek jepalarym üçin senden razydyryn eziz Allam! Maňa şunça jepa berdiň, şunça hasrat berdiň, şolary ýüzümi çytman çekändirin. Şonuň hatyrasyna bu pygamberiň didaryny görmägem maňa miýesser et! Ol irden turup, buthana baryp çokundy-da, agzyna ýeke damja suw hem alman niredesiň Basra diýip ýola düşdi. Basra şäheri häzir gyzan bazara öwrülipdi. Bu ýere dünýäniň dört künjünden kerwenler, söwdägärler dökülipdiler. Bagira atanyň gözi uzyn köýnek araplardady. Ol arap gördügi: «Sen nirelisiň?» diýip çekine-çekine soraýardy. Ol sorag-ideg edip aýlanyp ýörşüne, kimdir biriniň egnine kakanyny duýdy-da, tisginip yzyna garady. Ol öz gözlerine ynanmajak boldy. – Dawut ata! – Ol garşysynda ýüzüni-gözüni saç-sakala basdyran adam bilen gadyrly göreşdi. Bu adam birwagtlar Wizantiýada bir buthanada telim ýyllap gulluk eden tanşydy. Döwrüň, diniň üýtgemegi bilen Dawut atanyň hem başyndan zulum bary inipdi. Bagira ata ony birwagtlar tutup öldürendirler öýdüp ýördi. Herne ony bu dünýäde ýöne-de görmek nesibesi bar ekeni. – Men özümi Ýasrib şäherine, daýy ugurlarymyň arasyna atdym – diýip, Dawut ata wagtyhoşluk bilen aýtdy. Soňra ol birden begençli habary bar ýaly, galkyjaklady. – Eý, doganym, sen bilýäňmi!.. Bagira atanyň gözi daşyndady. Ol henizem Mekgeli arap agtarýardy. – Eşidýärmiň, täze bir pygamber dünýä injekmişin. Özem ýehudylardanmyşyn, düşünýäňmi! Jöhitlerden. Ýöne biziň günümiz geler! Bagira ata başyny atdy. – Şol pygamber öten agşam dünýä indi. Özem arap! – Näme, ar-ap! – Hawa, arap, şol öten agşam dünýä indi. Ady Muhammet! Ahmet hem diýiljekmişin... Dawut ata başyny ýumruklady. – Ah, wah, başyma toprak bolsun! Näme üçin ol jehit bolmady. Näme üçin ol biziň öz pygamberimiz däl. Näme üçin Alla Tagala bize hossar iberenok. Näme üçin bizi kösenje goýýar ol... Bagira ata içki begenjini gizläp durmady. – Muhammet-Mustapa alehyssalam indi hemmämiziň pygamberimiz boldy. Ol indi hemmämize hossar çykar. Dawut ata köne ýoldaşynyň, birwagtky pikirdeşiniň bolşuny halamady. Onuň bilen jedelleşjegem bolmady. Bagir ata hem Dawut atanyň Alla Tagalanyň bu beýik peşgeşine begenmeIşine hiç düşünip bilmedi. Soň ondan nädip aýrylyşanyny hem bilmän galdy. Ol köneje torbasyna satyn alan çörekdir peýnirini, hurmasyny saldy-da, öýüne bakan boýnuny sallap gaýtdy. Onuň lapy keç görünýärdi. Emma Allatagala onuň raýyny gaýtarmandy. Ol öz ýaşaýan hüjresiniň garşysyndaky tekizlikde ýazlyp-ýaýnap, çöküp oturan kerwene gözi düşdi. Ol ähli ýadawlygyny undup, ylgap diýen ýaly şol kerweniň düşelgesine bardy. – Byradarlar, siz nireden bolarsyňyz? Kerwenbaşy bu eleşanja takwa, bendeden özlerine ýamanlygyň gelmejigini anyk aňdy. – Biz bolup bilsek, Mekge ilinden bolaryn. Sen özüň nireden bolarsyň? Bagira ata öz ýaşaýan jaýyna elini uzatdy. – Men şu jaýyň bir hüjresinde ýaşaýandyryn. Adyma-da Bagira diýýändirler. Kerwendäkiler indi has hem arkaýyn boldular. Olaryň käbiri Bagira ata bilen salamlaşdam. – Gözüňiz aýdyň, doganlar! – Kerwen düşelgesindäkiler aňka-taňka boldular. Olaryň ählisi bu söze bir ýere çugdamlaşdylar. – Gözüňiz aýdyň. Öten agşam siziň iliňizde Taňrynyň bir mukaddes pygamberi dünýä indi. Onuň ady Muhammet bolmaly! Adamlar biri-birleriniň ýüzüne haýran galmak bilen seredişdiler. – Be, pygamber – diýdiňmi? – Ol heniz dogmanka pygamber boljagyny näbilýäň diýsene-how şoňa! – Wah, şony diýsen-e özi bu ýerde, Mekgedäki ýaňy doglan çaganyň ady Muhammet diýip durmy? – Aý şunyň jadygöý bolaýmasa, bilmedim... – Sypat-a ýalança meňzeýär. Hany goňy-golamlaryňyzdan bir habardar boluň bakaly. Kerwenbaşy onuň alkymyna dykylyp geldi. – Hany, mysapyr bende, sen aýt, ýaňy doglan çaganyň pygamberdigini, adynyň hem Muhammetdigini nireden bilýäň?! Bagira ata ýylgyrdy. – Bu begençli habar Allatagalanyň iberen Kitabynda bar. – diýip çaga ýaly mylaýym ýylgyrdy. – Öten agşam ýylgyrdy, doguldy. Bagira ata olaryň özüne ynamsyzlyk bilen garaýandygyny gördi-de, elini asmana uzatdy. – Görüň, şol ýyldyzy, gündizem görnüp durandyr. Diňe dogýandyr, hiç haçan öçmez indi. Gün saýyň aý saýyň ýyl saýyn asmanlara, Ýer ýüzüne ýagty salar durar gider oturar. Oňa indi hiç haçan öçme ýokdur. Ine, şol ýyldyz hem siziň pygamberiňiz Muhammet-Mustapa aleýhyssalamyň ýyldyzydyr. Özem öten agşam, daňa golaý dogandyr. Kerwendäkileriň biri oňa bir goşawuç Ýasrib hurmasyny hödür etdi. Beýleki biri bolsa ýasrib arpasyndan bişirilen bir bitin çöregi onuň köneje torbasyna saldy. Kerwenbaşy onuň elinden tutdy. – Eý, takwa bende. Pygamber bolanda kim bolýar. Biz onuň doglanyna näme üçin begenmeli? Onuň beýleki adamlardan näme tapawudy bar... Sen bize şolary bir düşündir. Ýogsa, biz bir sähraýy adamlar seniň pygamberiňi näbileli, beýlekiňi... Bagira ata hödür edilen iýer-içer ýaly zatlary torbasyna saldy-da, olaryň edil garşysyna geçip, çugutdyryp oturdy. – Pygamberleriň beýleki ynsanlardan parhy juda köpdür. Birinjiden, olar ismetdir, ýagny Alla Tagala olary ähli günä işleri etmekden gorandyr. Olar hiç wagt hiç hili güna iş etmezler. Ikinjiden, Olar emanatdyr, ýagny olar her bir işde, her bir tarapdan emin ynamdar, aýdanlarynyň güwäliginde mäkäm durýan adamlardyr. Üçünjiden, Olar sadykdyr, ýagny her bir işde, her hili ýagdaýda dogruçyldyrlar. Olar ýalandan, ýalançylykdan juda daşdadyr. Olar hatda oýun edibem ýalan söz aýtmazlar. Dördünjiden, Olar fetapatdyrlar, ýagny iň ýokary derejedäki aňlaýyşa, öňden görüjilige eýedirler. Bäşinjiden, olar tebligdirler (ündewçidirler), ýagny ki Alla Tagaladan alan ähli ilahy wahyýlaryny, ilahy emirlerini hiç hili üýtgetmezden bolşy ýaly edip ynsanlara ýetirerler. Altynjydan, Pygamberleri baýyň, garybyň içinden diňe Alla Tagalanyň özi saýlap belleýändir. Bu ýere üýşen mekgeliler agyzlaryny açyp galdylar. – Öz-ä gaty ägirt kişi bolmal-ow! – Pygamber boljak bolsaň dagy näme, Alla Tagala sen ýöne ýere ibermez-ä. Kerwenbaşy henizem kanagatlananokdy. Ol ýöne-de Bagira ata ýüzlendi. – Hany, aýtsan-a, mysapyr bende, biziň pygamberimiz dünýä gelip näme iş bitirmeli? Ýa, diňe ýaňky aýdanlaryň bilen ýaşap ýörmelimi? Bagira ata başyny ýaýkady. – Muhammet-Mustapa alehyssalam dünýäniň ynsabyny, ynanjyny, ynsanyň kalbyny tämizlemeli. Ol adamzada Alla Taglanyň täze bir mukaddes dinini peşgeş getirer. Eger ölmesek, ony göreris... Ol mundan aňry ätlemäni artyk bildi. Özüniň edip oturan şujagaz gürrüňiniň hem bu adamlara nähili ýarajagymy bilip bilmedi. Ertir olaryň bu gepi-gürrüňi nirelere alyp gidip, oňa nähili baha beriljegini öz ýanyndan ölçäp bilmedi. Bu habar, sözüň doly manysynda onuň aslyna ýetip bilmeselerde mekgelilere diýseň ýarady. Bularyň söwda diýip ýola çykanlaryna indi ýigrimi-otuz gün boluberipdi. Özleriniň hem köpüsiniň yzynda hamyla aýaly galypdy. Onsoň olaryň her biri aýalynyň pygamber ogul dogurmagyny tama edýärdi. Olar begençlerini biri-birlerinden gizleseler-de, birden eçilişip, bu mysapyr takwanyň torbasyny iýmek-içmekden dolduryp öýüne ugratdylar. Bu gün ýegşerilip, buşluk nygmatlaryndan torbasyny doluryp öýüne barýan Bagira atanyň hem begenjiniň çägi ýokdy. Muhammet-Mustapa aleýhyssalam doglan gününiň özünde ony sahawaty bilen ýalkapdy. Dünýä gelip, dünýäden ynsanyň ýüreginde ömürlik galjak bu beýik pygamberiň aýagy ilki bilen Bagira ata düşüpdi. Onuň özem diňe şujagaz nyşandan hem Muhammet-Mustala aleýhyssalamyň sahy, sahawatly külli ynsany ýalkajak ogul boljagyna ýüregi bilen ynandy. Özüne eziz pygamberiniň ilkinji buşlyk ýalkawyny eçileni üçin ol öz Taňrysyna müň bir gezek şükür etdi. Şol begenç bilen öýüne gelensoň hem Bagira ata ýöne oturmady. Ol ýöne-de şol gadymy kitaplaryna güýmenip, Allanyň resuly-Muhammet pygamberiň köklerini yzarlap başlady. __________ 1 Nasar – hristian. 2 Al-Lowh-el Mahfuz – mukaddes kitaplaryň asmanda saklanýan asyl nusgasynyň ady. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |