05:26 Muhammet pygamber -49: romanyň dowamy | |
II KITAP
Taryhy proza
BIRINJI BÖLÜM 1. Köp şäherleriň halklary bardyr, olaryň halklary kuwwat jähetinden Seniň şäheriň halkyndan has artykdylar, Mekge kapyrlary seni ondan çykardylar. Gurhan. 47-nji süre. 15-nji aýat Ebu Bekir gowakdan ätiýaçly garanjaklap çykdy-da, töweregine seretdi. Gowagyň kyrk-elli ädimliginde otlap ýören gurgun düýeden soň hem gowaga bakan telwas bilen garap duran dört adamdan başga hiç kim görnenokdy. Ol ynjalykly görnüşde, ýene-de yzyna bakan girip gitdi. Bir salymdan Ebu Bekiriň ogly Abdylla gowagyň hoňkaryp duran garaňky girelgesine üýtgeşik ýalkymyň çaýylyp gidenini gördi. Sähel salymdan bolsa, tutuş Sewr dagynyň aýtymy röwşenli nura çümen ýaly boldy. Onuň ýigit gözleri bu üýtgeşik nury saýgaryp ýetişmänkä, dideleri gowakdan çykyp gelýän Resul Allanyň mübärek jemalyna düşdi. Ýigit birhili aljyrady. Ol ýüzüni gowaga baka, tutup, gäwüş agdaryp duran düýeleri öňe sürjeginem, duranlaryň öňüne, düşüp, Resul Alla bilen salamlaşjagynam bilmedi. Muhammet pygamber Sewr dagynyň tegelenip duran aýtymyna, hol ilerde seleňläp görünýän Mekgä bakan hoşamaýlyk bilen garady-da, argyn emma mähir şerbetine ýuwlana meňzeýän nurana ýüzüni ýaňja içinden çykan gowagyna bakan aýlady. Diňe şondan soň ep-esli aralykda duran adamlara bakan gadam goýdy, Abdylla ömründe beýle duýgyny başyndan geçirmändi. Onuň ähli yhlasy, ylhamy, söýgüsi özünden hem öňe düşüp, Resul Alla bakan uçup barýan ýalydy. Bu beýik ynsanyň eziz didarynyň mähribanlygy tutuş süňňüne ornap, ony öz dünýäsine sorup alana döndi. Abdyllanyň, oglan dünýäsi bir üýtgeşik şirinlige gark bolan ýalydy. Ol özüni unutdy-da, ylgap baryp Resul Allanyň, ap-ak ellerini aýalaryna aldy. Soň ony hiç goýberesi gelmedi. Ebu Bekir ogly Abdylladan, ýaş Esmadan hem juda razy boldy. Olar Ebu Bekiriň öz köňlündäki edep, yhlas bilen bu mähriban ynsana gadyr goýdular. – Seniň ýüküň ýaman agyr-la, Esma! – diýip, Muhammet pygamber Ebu Bekiriň gyzy Esma aýtdy. Esma enaýyja ýylgyrdy. – Bir goýny öldürip, gowurdyk. Soň bir meşik suw, arpa unundan bişirilen çörek, barja ýüküm şujagaz zatlar-da... Resul Alla mähribanlyk bilen ýylgyrdy-da, mübärek başyny makullamak bilen atdy. – Münüň, eý, gözlerimiň röwşeni! – Ebu Bekir owadaň owadan görnükli, gözleri käse ýaly ak maýany çökerensoň, Muhammet pygambere ýene ýüzdendi. – Enem-atam size gurban bolsun, münüň! Bu ak maýanyň Resul Alla ýarandygy bildirip durdy. Ol şonda-da ýaýdanç bilen Ebu Bekiriň ýüzüne garady. – Atik, düýäniň bahasyny aýdyň! Ebu Bekiriň ýüregi tas agzyndan çykypdy. – Eý, gözlerimiň nury, aýdýanyňyz näme? Bir düýe däl, ähli düýäm size sadakadyr. Resul Allanyň mähriban didary öňküden hem salyhatlandy. – Ýok, men amanat düýe münüp bilmerin. Düýäňiziň bahasyny aýdyň. Ebu Bekir Muhammet pygamberiň niýetine düşündi. Soň bu ak maýa öz kesen bahasyny aýtdy. Resul Alla diňe şondan soň düýä münmäge razy boldy. Ol töweregindäki adamlara hoşamaýlyk bilen garady-da, çöküp oturan ak maýanyň üstüne sag aýagyny atdy. – Bismilla! Enşalla, Ýasrib şäherine bakan ugralyň! 2. Bes, eý Mekge adamlary men sizi ýalyny belent ot bilen gorkuzdym. Gurhan. 92-nji süre. 14-nji aýat. We hakyky musulmany /Ebu Bekir Syddyky/ ol otdan ýakynda daş ediler. Gurhan. 92-nji süre. 17-nji aýat. Kaswa atly ak maýa, misli ýap-ýaşyl asmanda ýumşajyk akyp barýan Aý ýaly bolup, Mekge sähralarynyň içinden gaýyp barýardy. Onuň üsti juda rahatdy. Resul Alla bu rahatlyk üçin Alla-Tagala şükür edip, Gurhanyň mukaddes aýatlaryny heniz ynsyň-jynsyň gulagyna eşidilmedik, örän şirin owaz bilen okap barýardy. Şeýle üýtgeşik owaz Resul Allanyň düýesiniň üzeňňisinden ýapyşyp, paý-u-pyýada gelýän Ebu Bekiriň köňül dünýesini lerzana getirýärdi. Onuň jany, ýüregi bu şirin owaza eräp, indem iki gözünden gaýnap, dökülýän ýalydy. Ebu Bekir Resul Allanyň deň-duşy bolsa-da, Muhammet pygamber onuň üçin atasyndan hem hormatly ýalydy. Ol Resul Alla bolan beýle beýik hormatyň öz köňlüne nireden gelip girenini bilenokdy. Ýöne ol bir zady bilýärdi. Resul Alla onuň älem-jahanydy. Resul Alla üçin, onuň ýeke sözi üçin ol öz şirin janyny bermäge taýýardy. Taňrynyň oňa beren bol mal-mülki hakynda-ha gürrüňem ýokdy. Dogrusy, Ebu Bekir diýilen adama bir zady ynandyrmakdan, ony raýyndan gaýtarmakdan Sewr dagyndan Mekgä arkaň bilen daş daşanyň müň paý ýagşydy. Emma bu adam ol sagatdan bu sagada, ol günden bu güne, ol aýdan bu aýa Muhammet pygambere örän üýtgeşik kämilligi, aýdyp, ynandyryp bolmajak ynsap, ynsançylyk, akyl-paýhas şirinligini görkezýärdi. Ony Resul Allanyň sözem, didaram, paýhas-pikirem, ynsap, ahlak gözelliklerem aýdyp bolmajak derejede haýrana goýýardy. Ol Resul Alla, şu işi şu ýerde şeýle eder diýip garaşsa, bu eziz ynsan ony garaşylandan hem müň mertebe beýik edip görkezýärdi. Olar Sewr gowagyna girip, ýagşy ýerleşenlerinden soň, indi näçe gündir, ýadaw Muhammet pygamber eziz görýän dostunyň dyzlaryna başyny goýdy-da, azajyk irkildi. Ebu Bekir gowagyň içindäki kiçeňräk deşigi gördi-de, ynjalykdan düşdi. Ol Resul Alla üçin gorkýardy. Şol deşikde nähili belanyň gizlenip ýatanyny hiç kim bilenokdy. Bir salymdan soň bolsa, ol öz aýagyna köz basylan ýaly bolup gidenini duýdy. Şondan soň hem bir gara ýylanyň suwlup gidenini gördi. Ebu Bekir özüni çakan ýylanyň Resul Alla-da zeper ýetirmeginden gaty gorkdy-da, bir aýagyny ýylanyň geläýjek ugrunda keserdip goýdy. Indi ýylan gelse-de, ýene Ebu Bekiriň öz aýagyna zeper ýetirmelidi. Çekip-çydap bolmajak agyry barha ýokary süýşýärdi. Ebu Bekir janyny alyp barýan agyra zordan çydajak bolýardy. Emma damarlara düşüp, indem ýüregiňi kerçem-kerçem edip barýan agyry, onuň akyl-huşuna agyr urgy bolup ýapyşýardy. Ebu Bekir şu halynda-da ýekeje ýagdaýdan gorkýardy, eger ol tisginse, ýa-da huşundan gitse, öz dyzyny ýassanyp ýatan Resul Allanyň ukusy bimaza boljakdy. Ol häzir süýji ukuda ýatan Resul Allanyň ukusyny bimaza edenden, janyny gurban edenini ýagşy görjekdi. Ýylan zäheriniň jan algyç awusy kellä urdy. Ebu Bekiriň aýagy indi hiç zat duýanokdy. Onuň gazap bilen gysylan dişleri biri-biriniň içinden geçip gidipdi. Birden hem onuň gözlerinden gyzgyn ýaş pürkülip gitdi. Resul Alla ýüzüne daman ýyly damja oýandy. – Atik, näme boldy? Ebu Bekir özüni saklap bilmän, erbet yňrandy. Soň ýagdaýy aýtdy. Muhammet pygamber haýran galmaly çaltlyk bilen Ebu Bekiriň ýarasyny tapdy-da, onuň agyryly aýagyny ellerine aldy. Ebu Bekiriň tas jany çykypdy. Ol nämäniň nämedigine düşünmedi. Garaňkynyň içinde, Resul Allanyň älem-jahany eşrete gark edýän owazy bilen doga okaýandygyny eşitdi. Baryp, beýnä uran jebrini aýdyp bolmajak agyry birden yzyna bakan zogdurylyp gaýtdy-da, giren ýerinden daşyna çykdy. Beýle gudraty göz öňüne getirip hem bilmedik Ebu Bekiriň jany gönenip galdy. Ol dünýä täzeden inene döndi. Resul Alla doga okamasyny goýdy-da, birküç gaýta tüýkürindi. Ine, şonda bu eziz ynsan ýetişmedik bolsa, şol gowakda özüniň ömürlik galmaly boljak ekenligini Ebu Bekir duýdy. Indi onuň galan ömri Resul Alladandy. Ebu Bekir başyny galdyrdy. Eziz Resuly alyp barýan Kaswa, misli älem-jahanyň ähli haýwanynyň serweri ýaly, juda buýsançly görünýärdi. Resul Allanyň özi bolsa üýtgeşik bir buşluk habaryny alan ýaly, ýüzüni gündogara tutup, ýagşy umytlara beslenip otyrdy. Özi kuraýyş müşrüklerinden bolsa-da, Ebu Bekir ýeke sapar aýdanda Resul Allanyň ýolbeledi bolmaga razy bolan Abdylla b.Ureýkit hem misli ýaş ýigit kimiň ak maýanyň, boýnuna daňlan ýüpden tutup, ýeňillik bilen haýdap barýardy. Eziz Resul Allanyň depesinde gaýyp barýan, häli-şindi ýagaýjak-ýagaýjak ýaly görünýän bulut bolsa, jöwzanyň içinden barýan bu dört adamyň golaýyna epgek getirenokdy. Yzdaky, üsti azyk-suwlukly düýäni idip gelýän ýakynda Ebu Bekirden azatlyk alan Amr Fuheýre bolsa bu täsinlige haýran galyp gelýärdi. Resul Alla ak maýanyň gandalyndan ýöräp gelýän Ebu Bekire dözmezçilik bilen garady. – Atik, sen düýä münäýseň, niçik bolar?! Ýadadyň ahyryn... Ebu Bekiriň öňem Resul Alla ýoldaş bolup barýanyna begençden ýaňa, ersip duran ýüregi, Muhammet pygamberiň bu hoşamaý sözlerine çydamady. Onuň balkyldap duran gözleri ýaşa doldy. – Wah, gözlerimiň nury, eziz Resul Alla, heý menem seniň hyzmatyňda ýadarynmy! Käşge, men Siziň mähriban didaryňyzy arkama göterip barýan bolsadym! Diňe şonda başym gök dirärdi. Belent-Taňry kabul etse, bizem onuň Resulynyň gullugynda ýadasak... Muhammet pygamber Beýik-Taňrynyň gudratyndan razy boldy. Bu maly- mülki, baýlygy Mekge sähralaryna sygmaýan kuraýyşlaryň iň sylagly, juda sarpaly ýaşulysy bolan Ebu Bekiriň özüne gudrat bilen imrikmesine haýran galýardy. Munuň şeýle bolmagynyň Belent-Taňrynyň özüne çyn hemaýatydygyna ol gowy akyl ýetirýärdi. Bu adam Alla-Tagalanyň ýeke-täkligini, Muhammediň onuň resulydygyny gaty gurply baýlaryň içinde hiç hili ikirjiňlemesiz ykrar eden päkize musulmandy. «Hawa, imana çagyranlarymyň içinde diňe Ebu Bekirden galany bir-bada çekinişip, ikirjiňlenip durdular. Emma bu adam welin ne oýlanyp durdy, ne-de böwrüni diňledi...» Bu iki dagyň aralygynda Resul Allany Ebu Bekiriň musulman bolmagyndan beter begendiren zat bolmandy. Ebu Bekir öňräk bir düýş görüpdi. Düýşünde bir Aý dogýarmyşyn. Ol hem bölek-bölek bolup, Mekgeniň öýleriniň ählisine dargap gidýärmişin. Ol şonda Aý ýaly parlak bir elýetmez gudratyň Mekgede dörejegine ynanypdy. Şonuň üçin ol her sapar uzak illerden sapardan gaýdyp gelende «Il içinde näme gep-gürrüň bar?» diýip, «sag-aman geldiňmi?» diýip, gözaýdşa gelýän kuraýyş kethudalaryndan soraşdyrýardy. Bu sapar hem Ýemenden, agyr kerwen bilen söwdadan dolanyp gelenden soň, oba kethudalary onuň ýanyna gelipdi. Ol şonda ýene-de bu sowaly beripdi. Olar Ebu Bekire tutunmak bilen, Muhammediň pygamberlik dawasyny edýändigini, ata-baba hudaýlaryna derek, bir Alla diýip ýapyşyp ýatandygyny jany ýangynlylyk bilen ýanjapdylar. Olaryň niýeti Ebu Bekire Muhammediň bu işlerini ýazgartmakdy. Şeýdibem, Mekgede Muhammedi ýigrenýän ýene-de bir baýy öz taraplaryna çekmekdi. Emma olaryň garaşmadyk bir ýagdaýy ýüze çykypdy. Ebu Bekir olary taşlady-da, göni Resul Allanyň öýüne gaýtdy. Gelip, bu habaryň çyndygyny Muhammet pygamberiň öz agzyndan eşidibem, şol ýerde Taňra iman getirdi. Şoldur-da, şoldur, Ebu Bekir Resul Allanyň köňlüniň, ýüreginiň, umyt-myratlarynyň daýanjyna öwrüldi. Resul Allanyň Ebu Bekiri eziz görmeginiň esasy sebäbi, onuň özüne wepalylygy däl-de, ýalňyz Taňra wepalylygydy. Onuň ýüregi Taňra bolan söýgüden imandan doly bolandan soň, ol Allanyň, ýerdäki Resulyna hem wepaly bolýardy. Resul Alla Ebu Bekiri ynsap, ahlak, adamkärçilik tarapyndan örän kämil görýärdi. Bu adamyň gözi, göwni, päli mal-baýlykdan aş-nandan bu dünýäniň beýleki ýympyk eşretlerinden dokdy. Onuň ýekeje ýetmeýän zady Alla-Tagala bolan mähribanlykdy. Ol şol mähribanlygy hem Resul Allanyň sözüniň, lebziniň, ynsanperwerliginiň, beýik kämilliginiň jemlenmesinden tapýardy. Indi bu adama mal-mülk, baýlyk, müşrük kowumlary hiç babatda derkar däldi. Indi onuň ýeketäk buýsanjy, ýalňyz Alla daýanýan Muhammet pygamberi bardy. Ol Alla-Tagala, onuň eziz Resulyna kämil pähim-paýhasy bilen ynanýardy. Resul Alla bu adamyň üýtgeşik wepalylygyna ýeň hem ýagşy göz ýetiripdi, ýene soňky üç-dört günde, ol muňa has hem ynandy. Ýogsa, Ebu Bekir özüne nähili jebri-jepalaryň, agyr jezanyň garaşýandygyny bilmez ýaly, ýaş-ýeleň däldi. Resul Alla gezelen gylyç, onuň ýüregine çümmelidi. Resul Alla atylan peýkam onuň hem bagryny kerçemelidi. Bu ýowuz synagy Resul Alla alada bilen göz öňüne getirdi. 3. Ebu Jähil bilmedimikä, takyk, Alla-Tagala onuň eden pygyllaryny, maksadyny görer. Gurhan. 96-njy süre. 14-nji aýat. Jebraýyl perişde Muhammet pygambere Alla Tagalanyň Ýasrib şäherine geçmäge rugsat berendigi baradaky habary ýetirdi. Ýöne, häzir geçeýin diýeniň bileň şaýyňy tutup, ýola düşübermeli zamana däldi. Resul Alla kuraýyş müşrükleriniň öz başy üçin ýüz düýe baýrak goýandyklaryny, ol-a ýüz sany düýe ekeni, bäş-on düýäň üçin hem adam başyny kakmaga taýýar, kelesaň, harsydünýä adamlaryň Mekgede azlyk etmeýändigini bilýärdi. Häzir onuň kastynda atly-ýaragly adamlaryň onlarçasynyň gezip ýörendiginden hem ol habarlydy. Ol Jebraýyl perişdeden bu habary alan badyna, öýläniň janyňy alyp barýan yssysynda Ebu Bekiriň öýüne barypdy. Ebu Bekir Resul Allanyň öz öýüne gelendigi baradaky habary eşidip, geň, galdy. Çünki, örän aýgytly waka bolmasa, ol kişiniň öýüne baryp, ony, maşgalasyny bimaza etjek adam däldi. Ebu Bekir Resul Allany aýdyp bolmajak üýtgeşik begenje gaplanyp garşy aldy. – Geliň, eziz Resul Alla! Muhammet pygamber özüne Mekgeden Ýasrib şäherine geçmäge rugsadyň berilendigini aýtdy. – Men size ýoldaş bolup bilerinmi? Resul Alla Ebu Bekire özüne ýoldaş bolmaga rugsat berdi. Şonda Ebu Bekiriň owadan gözleri ýaşdan doldy. – Enem-atam sada sadaka bolsun, gözlerimiň röwşeni! Resul Alla oňa ugramaly wagty aýtdy-da, öýüne geldi. Jebraýyl perişde Muhammet pygambere bu gije öz öýünde ýatmaly däldigini ýatlatdy. Resul Alla oýa batdy. Çünki, onda Resul Allany has ynamdar, emin görüp, özleriniň gymmat bahaly zatlaryny amanat goýan kişileriň baýlygy saklanýardy. Ol şol baýlygy ýöne taşlap gidip biljek däldi. Resul Alla il-günüň gymmatly baýlygyny saklamagy ogullygy Ala ynandy. Soňam gije öz düşeginde ýatmagy oňa nesihat etdi. Muhammet pygamber seresaplylyk bilen daş çykdy-da, Ýasin süresinden başky aýatlary okap, öýüniň daşyny gabap ýatan sülsadyň arasyndan bilniksizje sogruldy-da, göni Ebu Bekiriň öýüne bakan ugrady. Olar öňden beleşip goýuşlary ýaly, bir torbajykda azyk-suwluk alyp, Mekgäniň günorta-günbatarynda seleňläp görünýän Sewr dagyna bakan ugradylar. Bir sagat çemesi ýöränlerinden soň, bu dagyň düýbündäki garaňky gowaga girip gitdiler. Daňdanlar töwereginde oýanan Aly öz üstüne abanyşyp duran eli gylyçly adamlary geň galma bilen synlady. Olar ukudan ýagşy açylmadyk Ala: – Sen kim? – diýip, gahar-gazap bilen sowal berýärdiler. – Meň Aly! – Hany, Muhammet! – Muhammet nirede? Aly özüne tabşyrylyşy ýaly gürledi. – Muhammet pygamber ýok. Ol gitdi. Nirä gidenini aýtmady. Bu habar onuň töweregini alyp duran sülsadyň ýüregini ýarara getirdi. Indi Olaryň gazabynyň çeni-çaky ýokdy. – Gaçypdyr! – Ýere girenem bolsa, asmana uçan bolsa-da, tapmaly! Ýa özüni, ýa-da kellesini getiriň maňa! – diýip, gözleri gazapdan ýaňa ganguýma gyzaran Ebu Jähil jabjynyp aýtdy. Onuň bolşuna zähresi ýarylara gelen adamlar çar tarapa pytyrap gitdiler. Ebu Jähil hiç ynjalyp bilenokdy. Ol öz mertebesini ýere çalan ata-babasynyň hudaýyna kast eden bu gün hem tutuş töwerekde eden işi örç alan Muhammedi ýok etmek üçin mal-mülküni, baýlygyny gaýgyrjak däldi. Muhammet pygamberiň öýünden başyny alyp gidendigi aýan bolandan soň, ol tutuş Mekgäniň köçelerini elek edip elendirdi. Onuň baraýjak öýüne nöker iberdi. Ahyr soňunda, paltasy daşa degenden soň, tutuş Mekgä jar çekdirdi. – Aý-ho-ow! Muhammet ibn Abdyllahy tutup getireniň, ýa-da onuň, nirededigini habar bereniň ýüz düýe baýragy bardyr-la, how! Jarçylaryň sesi guşluga çenli ýatmasa-da, olaryň gözleýän adamyndan gördüm-bildim habary ýokdy. Ebu Jähiliň gazaby ýetjek ýerine bardy. Ol iki nökerini iberip Müdlij ogullaryny ikisini getirtdi. Olar şu etraplarda öňüne adam geçirmeýän belli yzçylardy. Yzçylar Resul Allanyň Ebu Bekir bilen bileleşip, ters tarapa, Sewr dagyna bakan gidendiklerini bildiler. Soň bolsa, ýüzden gowrak atlyny yzlaryna tirkäp, Sewr gowagynyň agzyna geldiler. – Ine, olaryň şu garaňky gowakdan başga gitjek ýerleri ýoky. Olar şu gowakda... Resul Alla bilen Ebu Bekir kuraýyş müşrükleriniň ezraýyl ýaly bolup gelendiklerini görüp ýatyrdylar. – Eý, gözlerimiň nury – diýip, Ebu Bekir gaýgy-gussa ýuwulan owadan gözlerini balkyldadyp, Resul Allanyň aladaly ýüzüne garady. – Maňa näme bolsa bolsun owarram, emma Size hiç zat bolmasyn!.. Muhammet pygamberiň nur dökülip duran eziz didarynda, mübärek ýüzünde howsala duýulmaýardy. Gaýta, onuň ýüzüne gorky bilen garan Ebu Bekiriň hem ýüregi suwly howdan ýaly giňäp gitdi. – Gyssanma, Alla biziň bilendir! – diýip, Resul Alla juda arkaýyn gürläp, oňa göwünlik berdi. Müşrükler gowagyň agzyna geldiler. Indi olaryň wagyrdaşyp aýdýan gepleri eşidilip durdy. – Şu gowakda bolmaly. Giriň-de, elini-aýagyny güýlüp, çykaryň! – diýip, olaryň baştutany Umeýiýe b. Halef ýoldaşlaryna jabjyndy. – Giriň gowaga... Emma gowaga girmäge olaryň biri hem het edip bilmedi. Çünki, gowagyň agzyndaky möý kerebi, onuň üstünde ýumurtga basyp oturan gumry, bu eýýamlarda şu gowaga adam aýagynyň sekmändigini alamatlandyrýardy. Ony synlan müşrükleriň biri: – Şu kerepler-ä heniz Muhammet enesinden dogmanka örülene meňzeýär – diýdi. Onuň sözüni bu ýerde galpyldaşyp duranlaryň ählisi makullady. Şondan soň bu gowaga girmäge milt eden tapylmady. Müşrükler şowdan soň hem bu gowagyň agzynda galmagallaşyp durdular-da, soňra yzlaryna bakan gitdiler. Ebu Bekiriň dünýesi giňäp galdy. 4. Hemme aýyplardan päk Taňry-Tagala gijäniň bir böleginde Mekgedäki hormatly metjitden öz bendesi Muhammedi Iýersalymdaky Aksa metjidine çenli seýr etdirdi (äkitdi), biz gudratymyzyň nyşanlaryny oňa görkezmek üçin ol metjidiň töweregine din we dünýä bereketini berdik. Gurhan 17-nji süre. 1-nji aýat. Resul Allanyň Ebu Bekiri eziz görmeginiň ýene bir sebäbi, ony musulmançylykda, Allanyň, onuň şerigatynyň ýolunda çirksiz nusgalyk ynsan hasap etmegidi. Bu adamyň kalbynyň ýaňy dünýä inen çaganyňky ýaly, päkizeligi, eliniň, diliniň arassalygy, amanata, dosta wepalylygy, Allanyň alynda imanlylygy külli musulmana görelde bolup biljekdi. Musulmançylyga şeýle halal, arassa adamlar gerekdi. Muhammet pygamberiň Belent-Taňrynyň buýruklaryny berjaý etmek üçin aladaly gözlegleri, ukusyz gijeleri gaty köp bolupdy. Ol musulman bendesiniň edebi, borjy, hukugy, görüm-göreldesi, berjaý etmeli, etmeli däl işleri, haram, gadagan, rugsat berilýän ýagdaýlar barada gaty köp kelle döwýärdi. Şonda ýaňy musulmançylygy kabul eden bendeler diňe Resul Allanyň görüm-göreldesine, sözüne, edep-ekramyna garap, musulmançylygy ýöredýärdiler. Gurhanyň mukaddes aýatlary köp kişi üçin heniz düşnüksiz görünýärdi. Köp adam Resul Allanyň şirin janyňa melhem boljak sesini, onuň pähim-paýhasyny diňläp bilenokdy. Şerigatyň musulmançylyk ýolunyň taglymatyny olara Resul Allanyň özi ýaly düşündirip bilýän bende-de häzir ýokdy. Dogry, musulmanlaryň, arasynda tutuş Gurhanyň häzire çenli inen sürelerini ýatdan bilýänler köpdi. Emma köp meselede, rugsadyň ýoklugy üçiň Resul Allanyň özem aýgytly sözüni aýdyp bilenokdy. Ine, şeýle döwürlerde, ol Ebu Bekiriň edebini, görüm-göreldesini nusga manysynda adamlara düşündiren pursatlary hem bolupdy. Ol garry Iblis-şeýtan bilen söhbetleşip, onuň içki syryny bilenden soň Magraç gijesinde gören, duýan, düşünen ýagdaýlaryny pähim-paýhasyndan geçirenden soň, öz oýlarynyň dogrudygyna göz ýetiripdi. Resul Alla Kaswa atly düýesiniň üstünde oturan ýerinden Magraç gijesini ýatlan badyna, köňlüne üýtgeşik joşgun guýlan ýaly boldy. Indi öňde Gyzyl deňziň şypaly kenary ýakynlaşýardy. Käte-käte deňiz tarapdan öwüsýän salkynjak şemalyň lezzeti onuň ýüzüne degip gidýärdi. Ýöne beýle joşun ruhy galkynyş deňziň ýakynlygy ýa-da, şemalyň, salkynlyk aramyny alyp gelýäni üçin däldi. Resul Alla Magraç gijesinde gören eşretini, syrdan doly gudratlaryny bu dünýäniň şirin-şeker kimin müň ýylyna berip biljek däldi. Muhammet pygamber nur buldurap duran owadan gabaklaryny eşret ýalkymy çogup duran mukaddes çeşme kimin ullakan eziz dideleriniň üstüne goýberdi-de, şol ajaýyp gijäni teşnelik bilen ýatlap başlady. Resul Alla ol gije Käbeniň Hatyým böleginde oýaly-ukuly ýatyrdy. Ol Jebraýyl perişdäniň öz ýanyna gelenini duýdy, – Tur, Muhammet aleýhyssalam! Jebraýyl perişde Resul Allany alyp gitdi-de, Aby-zemzem çeşmesiniň ýanyna bardy. Şol ýerde ony ýatyrdy-da, garnyny açyp, içini Aby-zemzem suwy bilen üç mertebe ýuwdy. Resul Alla bu ýagdaýy görüp dursa-da, sesini çykaryn bilenokdy. Ýöne ol hiç hili agyryny-ynjyny hem bilenokdy. Jebraýyl perişde onuň içini ýagşy tämizländen soň, ol ýere ap-ak, lowurdap duran nura çalymdaş bir zatlary goýuşdyrdy, soňra bolsa ýarylan garnyny öňküsi ýaly oňardy. Elleri bilen ýeňiljek sypalap goýberdi. Muhammet pygamber öz garnynyň indi ikinji sapar açylyp, ikinji sapar tämizlenýändigini ýatlady. Birinji sapar ol çagady. Iki sany ak sakal kişi ony tutup, garnyny ýaryp, kükreginiň içlerini tämizläpdiler. Bu sapar hut Jebraýyl perişdeniň özi onuň kükregini tämizleýärdi. Işler tamam bolandan soň, Jebraýyl perişde ony ýerinden turuzdy-da, aňyrdan gelen täsin jandaryň üstüne mündirdi. Bu täsin jandaryň ýüzi adamzada meňzeşdi. Boýny uzyndy, göwsi ýasydy, reňki ap-akdy, özem juda tämiz akdy. Bu jandar arap dilinde sözleşýärdi. Ol ýukajyk doňaklaryny çalaja gymyldadyp: – Men Byrakdyryn! – diýdi. Resul Alla bu sözi eşitdem, oňa düşündem. Byragyň gyzyl ýakutdan ýasalan alyn saçy, sygryňka çalym edýän guýruk tarapy, ýumşajyk, tagta arkasy, ýaşyl zeberjet gulaklary, alnynyň agynyň garaňky gijäni parran böwsüp, äleme röwşen berip durmasy Resul Allanyň göwnüne juda hoş ýakýardy. Jerbraýyl perişde Muhammet pygamberi Byragyň arkasyna mündirdi. Bu gudratly jandaryň üstüniň eşreti-rahatlygyny beýan etmek üçin heniz arap didiniň baýlygy ýeterlik däldi. Resul Alla özüni bäbejikkä mähriban ejesiniň gujagynda üwrelişi ýaly rahat duýdy. Bu eşekden uly, gatyrdan kiçi jandar şol rahatlygyň şirin eşretini bozman daň ýyldyzy ýaly ýalkymly gözlerini töweregine bir aýlap, bat alyp galanda, olar eýýäm barmaly ýerlerine barypdylar. – Metjidi Aksa! – diýip, Jebraýyl perişde aýtdy. Muhammet pygamber Byragy Aksa metjidiniň işiginde baglady. Soňra ol Jebraýyl perişde bilen Aksa metjidiniň, içine girdi. Onuň bagty çüwdi. Eziz Ýardanyň pygamberleriniň ählisi şu ýerdedi. Resul Alla olaryň ählisi bilen görşüp çykdy. Olar: – Ahmet jan gelipdir! – diýip, ony diýseň, hoşamat garşyladylar. Oňa özleriniň mähribanlyklaryny bildirdiler. Pygamberleriň ählisi Aksa metjidinde namaza durdy. Olar Resul Allany bu namaz wagty özlerine ymam saýladylar. Resul Allanyň buýsançly başyny merdana tutup, Belent Taňrynyň emirlerine kaýyl görnüşde ymam durşy, jennet bilbilleriniňki ýaly, näzikden mähriban sesi pygamberleriň ählisine hoş ýakdy. Namazdan soň Resul Allanyň huzuryna doly käseleriň, üçüsini alyp geldiler. Ol käseleriň birinde şerap, birinde süýt, birinde-de suw bardy. Bu käseleriň öz syry bardy. Resul Alla şeraply käsäni eline alsa, onuň özem, ymmatam mahrumlyga uçramalydy. Eger ol suwly käsä gol uzatsa, onda özi-de, ymmaty-da sabyrly bolmalydy. Eger-de ol süýtli käsäni alyp, ony başyna çekse, onda özi-de, ymmaty-da isleýän hakykatyny tapmalydy. Resul Alla eline süýtli käseni aldy-da, ony başyna çekdi, Muhammet pygamberiň süýtli käsäni almagy bu ýerdäkileriň ählisini şat eýledi. Olar: – Myradyna ýetdi-de, myradyna ýetdi! – diýşip, şat bolup aýtdylar. Şondan soň Aksa metjidiniň üçeginden Älem Asmanyna merduwan guraldy. Ol Jebraýyl perişde bilen bilelikde göge galyp barýanyny duýdy. Jebraýyl perişde asmana çykylandan soň gögüň işigini kakdy. Asmandan: – Kimsiň? – diýýän güňlenç sowal eşdildi. Resul Alla bu sowala haýran galdy. Ol juda gorkdy. – Meň Jebraýyldyryn? – Ýanyňdaky kimdir? – Muhammet! Ol täsin owaz bir salym kesildi-de, täzeden batly ýaňlandy. – Ony çagyrdylarmy? – Hawa, oňa gelsin diýip habar iberdiler. Resul Alla öň Jebraýyl perişdäni älemleriň Serwerinden bärdäki, ähli syry eline alyp bilen gudratly ruh hökmünde görýärdi. Emma häzir onuň hem erksiz halda durşuna haýran galdy. Ol bu ýerdeki gudrata, üýtgeşik syrlara birbada akyl ýetirip bilmedi. Çünki, bu işler şeýle bir täsin çaltlykda bolup geçýärdi. Ony aklyňa aýlap ýetişmek birbada mümkin däl ýalydy. Gögüň işigi açyldy. Olar tirkeşip, Dünýä asmanynyň, üstüne çykdylar. – Bu Dünýä asmanynyň birinji gatydyr! Resul Alla bu gatdaky Älemi tutup oturan adama haýran galmak bilen seredip durşuna, Jebraýyl perişdäniň bu habaryna çalaja baş atdy. Bu adamyň geň galmaly ýeri, onuň sag tarapy giden sudur, sol tarapy bulam-bujar kölege bolup durdy. Ol kişi bolsa täsinden-täsin sudurlara garap ýylgyrýardy-da, şol wagt hem bulam-bujar kölegelere garap, hasrat bilen aglaýardy. Ol Resul Allany gördi-de örän şatlandy. – Hoş geldiň, sapa geldiň, salyh pygamber! Gel, salyh Ogul! Bu adamyň hoşamaý owazy, mähribanlygy, gadyrlylygy ýüregine juda ýakyn hem bolsa, Resul Alla ony tanamady. Ylaýta-da bu adamyň Asmanyň çür başynda sagyna bakyp gülüp, soluna bakyp aglap durmasy Muhammet pygambere düşnüksizdi. Jebraýyl perişde muny duýdy. – Ol seniň ataň – Adam aleýhyssalamdyr! – diýdi. Muhammet pygamber başyny atdy, – Dostum! – diýip, ol Jebraýyl perişdä ýüzlendi. – Adam aleýhyssalamyň, bir tarapyna bakyp aglap, beýleki tarapyna seredibem, gülüp oturmasy nämüçindir? Jebraýyl perişde: – Ol: görünýän sudrurlar, kölegeler, salgymlar onuň çagalarynyň ruhudyr. Sagyndakylar jennete giren perzentleridir, şonuň üçin ol sagyna bakyp, razylyk bilen ýylgyrýar, solundakylar bolsa dowzahy perzentleridir, olara bakyp, Adam aleýhyssalam gan ýyglaýandyr. Resul Alla birnäçe mertebe toba etdi. Soňra özüni ýokdan bar eden Belent-Taňra alkyşlar aýtdy. Soň bolsa Jebraýyl perişdäniň yzyna düşdi. Olar baryp, Gögüň ikinji gatynyň işigini kakdylar. Soňra ýene-de hälki owaz sowal berdi. Jebraýyl perişde oňa jogap berdi. Gögüň ikinji gaty has eşretlidi, gözeldi. Bu ýerde oturan iki kişiniň didary juda mähribandy. Jebraýyl perişde: – Bar, salamlaş, olar Ýahýa bilen Isa pygamberdir! – diýdi Muhammet pygamber bu iki eziz bilen gadyrly salamlaşdy. Olar hem Resul Allanyň nowjuwandan mähriban didaryna söýgi bilen garadylar-da: – Hoş geldisiz, salyh pygamber, salyh gardaş, sapa geldiňiz! – diýip, hoşamaýlyk bildirdiler. Şondan soň Jebraýyl perişde Resul Allany üçünji gata alyp çykdy. Muhammet pygamber bu gatda ynsan mähribanlygynyň üýtgeşik eşretini duýdy, Bu gatda oturan ynsanyň ýüzüniň nury tutuş töwerege ýalkym salýardy. Çünki, Alla-Tagala oňa ynsan gözelliginiň deň ýaryny serpaý edip ýapypdy. – Bu otran hezreti Ýusupdyr, bar, salamlaş! – diýip, Erbraýyl perişde Resul Alla aýtdy. Resul Alla birwagtlar öz jebri-jepalara duçar bolan halkyny ýüzüniň nury bilen telim ýyllap gandyryp, horluk-zarlyklardan aman-sag alyp çykan bu eziz pygamber bilen gabatlaşanyna örän begendi. Ol Belent Taňrynyň Gurhanda bu ynsany eziz tutup, hoşamaýlyklar bilen serpaýlaýandygyny bilýärdi. Resul Alla bu ynsany ezizläniňe degýändigini bu ýerde aňlady. Şonuň üçin oňa gadyrdanlyk bilen sadam berdi. – Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz, eziz doganym – diýip, hezreti Ýusup onuň salamyny güler ýüz, süýji söz bilen kabul etdi. Jebraýyl perişde Resul Allany dördünji gata alyp çykdy. Ol bu ýerde hezreti Idris bilen bäşinji gatda bolsa hezreti Harun altynjy gatda hezreti Musa bilen duşuşdy. Olaryň ählisi Resul Allanyň salamyny juda gadyrdanlyk bilen aldylar, oňa: «Hoş gelipsiň, salyh Pygamber!» diýip aýtdylar. Resul Alla Belent-Taňrynyň Ýeriň ýüzündäki ynsanlardan saýlap, özüne dost – pygamber tutunan mertebeli pygamberleri bilen özüni duşurmagynyň ýöne ýere däldigine düşünýärdi. Bu pygamberleriň ýalan dünýäde Belent-Taňrynyň buýruklaryny berjaý etmek üçin nähili kynçylyklara, jebri-jepalara duçar bolandygyny ol Gurhany Kerim boýunça oňat bilýärdi. – Belent-Perwerdigär meni ýene-de synaglara salmakçy bolýandyr! – diýip, ol buýsançly oýlandy. Ol ýedinji gata çykyp barýarkalar, bu synaglaryň nämeler bolup biljekdigi barada-da ýeňiljek oýlandy. Resul Alla onsuz hem Hak-Taňrynyň islendik ýumşuna taýýardy. Alla-Tagala üçin şirin janyny gurban bermäge mydama häzirdi. Ýedinji gatda Jebraýyl perişde ony Ybraýym halylylla bilen duşurdy. Resul Alla Ybraýym pygamberi görüp, juda üýtgeşik duýgulary başdan geçirdi. Onuň ýüregi täsin duýgular bilen galkyndy. Çünki, Muhammet pygamberiň kökleriniň bir ujy baryp bu ynsana direlýärdi. Ybraýym pygamber onuň kyrkynjy arkasydy. Onuň ýöredýän din-şerigaty, Ybraýym pygamberiň şerigat ýollaryndan nur alyp gaýtmaýarmy näme?! Ol özüni bu ýolda Ybraym pygamberiň mirasdüşeri hasaplaýardy. Häzir Muhammet pygamberiň ymmaty ähli göreldäni, ýörelgäni bu eziz adamyň, onuň kowumlarynyň, ýörelgelerinden alyp gaýdýardy ahyryn. Alla-Tagalanyň eziz görýän dosty Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýyl jan bilen «Mukaddes öýi» – Resul Alla üçin ýer ýüzünde iň uly öwlüýädi. Onuň ata-babasy, indi bolsa özi, onuň dinine girýän musulmanlaryň, ählisi Belent-Taňrynyň nazary düşen onuň hut özüniň buýrugy bilen bina edilen dostunyň elleri bilen gurlan bu mukaddes öýüň hyzmatkäridi. Şony Muhammet pygamberiň Ybraýym aleýhyssalama bolan hormatynyň çeni-çaky ýokdy. Ol Belent-Taňrynyň eziz dostunyň ellerini aýalaryna aldy. Bu mähriban ynsanyň ýürek mähri Resul Allanyň ýüregine ornap gitdi. – Hoş geldiň, salyh pygamber, hoş geldiň, eziz Ogul! Ybraýym pygamber kowmundan bolan ahyret pygamberini tanady. Oňa hoşamaý sözler aýdyp, güler ýüz bilen ýola saldy, Jebraýyl perişde Resul Allany ýedinji gatyň, ýokarsyndaky gudratly işige getirdi. Olar şol ýerden üýtgeşik bir äleme, ap-ak nura beslenip duran mülke girdiler. Ýöne, nämüçindir Jebraýyl perişde juda ätiýaçlydy. Ol indi Resul Allanyň öňünden däl-de, yzyndan ýöreýärdi. Resul Alla onuň ýüzüne garady. – Bu nähili mülkdür! Jebraýyl perişde azajyk galpyldady-da: – Bu mülke Sidrei Münteha diýerler. Mundan aňry, seniň ýeke özüň gitmeli bolarsyň! Resul Alla onuň ýüzüne geň galyp garanda, Jebraýyl perişdäni ikinji sapar asyl durkunda gerdi. Ol tutuş asmany gaplap duran sergin ganatlaryny gerip, uçmaga taýýar bolup durdy. Özem howsalalydy. – Men mundan aňry barmak boýy gidäýsem, ýanaryn!.. Resul Alla onuň näme diýmek isleýänine düşündi. Soňra ol akyp ýatan dört sany derýanyň aralygy bilen, «Kaby Kawseýne» jaýyna bardy. Şol ýerde-de on sekiz müň elemi ýaradan ähli mukaddesligiň mukaddesi, eneden dogulmaýan, hiç haçan ölmeýän Eziz Perwerdigäriň mukaddes jemaly bilen sanýetmez perde arkaly ýüzbe-ýüz boldy. Belent Taňry eziz görýän Resuly bilen mähribanlykda sözleşdi. Ol Isa pygamber bilen duşuşanda: «Sen öz ymmatyňa namaz okatmagyň şertini soragyn» diýen sargydy hem ýadyna düşdi. Belent Taňry Muhammet pygambere bu gije üýtgeşik paýhasy, üýtgeşik erki, üýtgeşik kanagaty, şirin dili serpaý berdi. Resul Alla ähli mähribanlaryň mähribany Belent-Taňrynyň jennet owazyndan hem million esse eziz sesini eşidip, onuň öz sowallaryna berýän juda dana jogaplaryny diňländen soň, namaz okamagyň parzlaryny hem sorady. – Seniň ymmatyň her gije gündizde elli wagtyna namaz okasyn! Bu parz Resul Alla üçin kanundy. Ol bu mukaddes buýrugy kabul edip, yzyna gaýtdy. Onuň didaryny gören hezreti Musa Resul Allany saklady. – Alla-Tagala seniň ymmatyňa näme parz etdi? Resul Alla öz ymmatyna Taňrynyň her gije-gündizde elli sapar namaz okamagy parz kylandygyny aýtdy. Hezreti Musa başyny ýaýkady. – Sen belent Ýaradanyň alyna dolan. Namaz parzyny azaltmagyny ondan towakga et. Seniň ymmatyň munça namazy okap başarmaz. Resul Alla mähriban Taňrynyň eziz didaryna dolanyp, öz arzyny aýtdy. Belent Taňry onuň on namazyny kemeltdi. Muhammet pygamber ýene-de hezreti Musanyň ýanyna gelip, oňa bolan wakany aýtdy. Hezreti Musa ony ýene-de yzyna iberdi: – Heý, günde-de bir munça namaz okap boljakmy? Bar, Alla-Tagaladadan namaz parzyny ýen-de azaltmagy towakga et! Resul Alla ýene-de Belent-Perwerdigäriň alyna baryp, ondan namaz parzyny azaltmagy towakga etdi. Namaz parzynyň ýene-de onusy aýryldy. Şondan soň Resul Alla ýene-de hezreti Musanyň ýanyna bardy. Hezreti Musa şondan soň hem ony üç sapar Alla-Taglanyň alyna arza iberdi. – Eý Muhammet, meniň ýanyňda höküm üýtgemez. Seniň ymmatyň üçin her gije-gündizde bäş wagt namaz parzdyr. Her namaz üçin on sogap bardyr-ki, ine, şol hem elli sogap bolar! Resul Alla belent Perwerdigäre alkyşlar aýdyp, ýene-de Musa pygamberiň alyna bardy. Oňa bolan ýagdaýy doly gürrüň berdi, Hezreti Musa ýene-de närazylygyny bildirdi: – Seniň ymmatyň bäş wagt namaza güýji ýetmez. Men senden öň ysraýyl ogullaryny kän synadym. Şonuň üçin ony gaty gowy bilýärin. Sen häzir, giç dälkä yzyda bar-da, Rebbiňe ýalbar, namazyň parzyny azaltsyn. Resul Alla mähribanlyk bilen ýylgyrdy. – Hezreti Musa, men Rebbime juda kän ýalbardym, ol meniň dileglerimi kabul etdi. Indi onuň alyna dileg bilen barmaga utanýaryn! Resul Alla her namaza on sogabyň berilmegine köp şükür etdi. Munuň özi Belent-Perwerdigäriň musulman bendelerine aňyrsy-bärisi görünmeýän ýalkawydy. Resul Alla şondan soň hälki aýrylyşyp giden ýerinde ýene-de Jebraýyl perişde duşdy. – Dostum, sen maňa Beýik Rebbimiň jennetini hem-de dowzahyny görkez! – diýdi. Jebraýyl perişde ony Alla-Tagalanyň bendeleri üçin şirin eşretleriniň jem edilen ýerine, jennete aýlady. Resul Alla özüniň tobaly, kanagatly, şükürli, päkizeden halal, Taňra boýun sunýan ymmatlaryna nähili eşretleriň garaşýandygyny gördi. Ol eşretleriň sapasy görlüp-eşidilmedik ýagdaýda şirindi. Onuň şirinligine ynsan ogly ýaşap ýörkä akyl ýetiribem biljek däldi. – Enşalla, meniň päkize ymmatym bu eşretleriň hözirini görer! – diýip, Resul Alla buýsanç bilen aýtdy. – Men olary jennet ýoluna atalaryň olaryň barja günäsini Alla-Tagaladan dilärin. Muhammet pygamber jennet jaýyndan çykyp barýarkalar, onuň işigine ýazylan mukaddes ýazgynyň nämedigini Jebraýyl perişdeden sorady. Jebraýyl perişde: – Bu ýerde: «Sadakanyň on, karzyň on ýedi sogaby bardyr!» diýilip ýazylandyr. – diýdi. – Ol näme üçin beýle geň-le, dostum? – Jebraýyl perişde bu hatyň manysyny düşündirdi. Sadakadan baý-da, gedaý-da, dok-da, aç-da iýer, emma karzy juda mätäç bolýanlar alýarlar. Şonuň üçin Alla-Tagala karzyň sogabyny artyk edendir. Jebrapyl perişde Resul Allany Belent-Taňrynyň dowzah atly aýylganç mülküne aýlady. «Eý, Taňrym, seniň gazabyndan dowzahyň özi dat edýär-ä!» Resul Alla dowzahyň jebri-jepaly gatlaryndaky ahy-nalany, dady-perýady, iriň-gan derýalaryny, düýbi ýok, ägirt, aldajy ot-ýalny, Hakyň gazabyna duçar bolanlaryň çekip bolmajak perýadygyny, olaryň tükeniksiz puşeýmanyny görüp, eşidip, dodaklaryny ahmyr bilen dişlänini duýman galdy. Bu jebirli, jepaly zulmat, şondan soň, tä gözleri baky ýumulýança, onuň gözlerinden gitmedi. Hakyň gazabyna duçar bolan bendeleriň ahy-nalasy onuň gulaklaryndan gitmedi. «Eý, rebbim, öz ummatym şu bela-beterlere sataşmaz ýaly, olaryň başyna dowzah belasy inmez ýaly, olary päkize musulman etmäge, maňa tükeniksiz güýç kuwwat ber. Olaryň ählisiniň köňlüni päkizele, gözlerini, gulaklaryny tämizle, eger, seniň adyl sahabatyň bolmasa, ol bendeleri musulmançylygyň ýoluna düşürmek mümkin däldir, eziz Allam. Şonuň üçin şol bendeleri kämil musulman etmäge, maňa özüň hemaýat ber...» Resul Alla Jebraýyl perişde bilen tä öz öýüne gelýänçe, ine, şu oýlardan çykyp bilmän geldi. – Ah, ynsanlar, ynsanlar, siz meniň gören şol zulumly ýagdaýlarymyň ýarysyny gören bolsaňyz hem öz ýaman päliňizden gaýdardyňyz – diýip, ol hemişe gussaly pyşyrdaýardy. Bu syrdan, gudratdan doly ýöriş, täsin gezim Resul Alla üçin aýdyp bolmajak derejede sapakdy. Bu gijäniň täsinden täsin duýgulary, Beýik Rebbimiň eziz didary, onuň janyňa tenekar bolup galan owazy, şol owaz bilen süňňüne garylyp galan eşretli duýgular häzir çöl-beýewanyň içi bilen Kaswa atly düýäniň üstünde barýan Resul Allanyň tutuş dünýäsine eşret ýakymyny çaýýardy. Kaswany idip barýan ýolbelet. Abdylla b.Ureýkit hem, Resul Allanyň düýesiniň üzeňisinden tutup gelýän Ebu Bekir-de, yzdaky azyk-suwlukly düýäni idip gelýän Air Fuheýre hem häzir iki dünýäniň serweri – Muhammet pygamber irkilip barýandyr öýtdüler. Emma Resul Allanyň ýadyna irkilmek düşenokdy. Ol Magraç gijesi gören gudratlaryny saldarlap, ýene-de şol agyr pikirleriň üstünde oýlanýardy. «Nädip bu halky musulman etmeli? Nädip öz ummatymy dowzah belasyndan halas etmeli!» Bu oýlar Resul Allany ýatsa-tursa-da öz erkine goýmaýardy. Onuň geljekde bina etmeli Yslam döwleti, ine, öz ýoly-ýodasy, kanun-kadasy, ulgam-ýörelgesi bilen ine, şu juda kyn meseläniň üstünde gurulmalydy. Bu ýolda bolsa, müşrükleriň içinden ilkinjileriň biri bolup aýrylyp, Taňrynyň ýoluna düşen, çyn musulman, hakyky halal imanly ynsan bolan Ebu Bekir ajaýyp nusga bolup biljekdi. «Ebu Bekir hem özüm ýaly aýaldan doglandyr. Emma onuň mähribanlygyndan özge hiç bir kemi ýok. Onuň akly dury, paýhasy giň. Eli, köňli, gözi, dili arassa. Ary-namysy çirksiz. Ol şalaryň arasynda şalardan artyk, gedaýlaryň arasynda ülhit gedaý bolup biljek. Belki, Belent-Taňry meni pygamber saýlamadyk bolsa, onda hökman Ebu Bekiri saýlardy». Resul Alla pygamber bolsa-da, Hakyň dosty bolsa-da, oňa ynsan hemaýaty juda zerurdy.Ona dil goldawy, el goldawy, maddy hemaýat gerek bolup durdy. Ol Jebraýyl perişde bilen Magraç seýlinden gelenden soň, Resul Alla bu habary ile äşger etmek buýrulypdy. Şonda oňa öz-dogan garyndaşlaryndan: «Bu habary ile ýaýma, olar seniň üstüňden gülerler» diýen hem bolupdy. Emma bu mugjyzany ile habar bermese, Resul Allanyň başga alajy ýokdy. Ol bu habary ile ýaýdy. Resul Allanyň bu gepini ýalana çykarmak üçin ters dawa tapanlar kän bolupdy. Oňa gözüni-başyny aýlajak sowallary berýärdiler. Şolaryň arasynda Iýersalymda bolup, Aksa metjidini ýagşy synlanlar hem bardy. Olar Aksa metjidini suratlandyrmagy talap edýärdiler. Dogry, Resul Alla Aksa metjidinde boldy, gördi. Emma bu wakalar ýyldyrym çaltlygynda bolupdy ahyryn. Şonuň üçin ol wakalary jikme-jik gürrüň bermek mümkin däldi. Emma Hudaý tarapyn Jebraýyl perişdäniň habar bermeginde Resul Alla şol tizlikde-de görüp bilen zatlaryny, ýadynda saklap bilipdi. Şonuň üçin ol Aksa metjidiniň durkuny, içki gurluşyny birin-birini beýan edende, oturanlar onuň dogry aýdýandygyna haýran galdylar. Şondan soň ol ýolda gelýän kerwenler barada, bir kerwen goşunda suw içişi barada hem täsin gürrüň berdi. Oturanlar bu gepe-de ynanmadylar. Onuň sözüni ýalana çykarmak üçin şol kerwen gelýänçe garaşdylar. Resul Allanyň ýolda gördüm diýen kerweni, edil gelmeli wagtynda Mekgä geldi. Şondan çen tutulanda, Muhammet pygamberiň gördüm diýýän kerweni, onuň aýdýan oýunda bolmalydy. Bu gep dogry çykdy. Soňra adamlar suwy içilen kerweniň kerwenbaşysynyň ýanyna bardylar. – Aý-how ýolda saňa näme gudrat sataşdy? – diýip, olar kerwenbaşydan osmakladyp soradylar. – Bir gije ýatyrkak kimdir birleri gelip, ähli suwumyzy içip gidipdir diýmeseň, bolan gudrat ýok – diýip, ol hem Resul Allanyň sözüne özi duýmazdan kepil geçipdi. Müşrükler Resul Allanyň Magraç gijesiniň wakasy baradaky sözlerine diri şaýat soradylar. Şonda Ebu Bekir Allanyň, birligine, Muhammediň onuň Resulydygyna, Resul Allanyň Magraç baradaky aýdýanlarynyň ählisiniň dogrudygyna kepil geçipdi. Şondan soň bu meselede Resul Alla dil ýetiren hem, oňa ynanmazçylyk edenem bolmandy. Çünki, Ebu Bekiriň her bir aýdan sözi güwälikdi. «Eý, Rebbim, eý Biribar, bu ynsanlary nädip Ebu Bekir ýaly imanly, ynsaply, namysly, wepaly musulman edip bolarka?» diýip, Resul Alla Haka nalyş edýärdi. – Bu günäni-sogaby bilmeýän gözleri, köňulleri kör adamlary dowzah söwdasyndan nädip azat edip bolarka?» Resul Alla ýadaw başyny agyr oýlaryň girdabyndan çykardy-da, töweregine syn saldy. Onuň mübäräk jemaly yssysy birneme kiparlap, süňňi Gyzyl deňzi tarapdan akyp gelýän salkyn şemala berilsemmikäm, berilmesemmikäm diýýän çagyllak baýyrlara, bu eýýamlarda kerwen yzyny görmedik ýodalara, kä ýerde, kä ýerde somalyşyp duran gurak ösümlikli sähralyklara ýalkym salyp giden ýaly boldy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Haçan-da Allatagala bir bendesini ýagşy görse, onuň pes-pällilik we kiçi Göwünliklik bilen aýdan hamdu-senalaryny eşitmek üçiň ony muşakgatlyklara duş eder hem-de ol bendäniň ähli günälerinden päklär.» Rowaýat: Muhammet pygamberiň Magraç wakasyna kepil geçen Ebu Bekir şol ýerden Resul Allanyň öýüne gaýtdy. Gelibem: – Resul Alla, sen adamlara Aksa metjidine baryp-geldim – diýip aýtdyňmy? – diýip sorady. Resul Alla: – Aýtdym! – diýip jogap berdi. Ebu Bekir; – Sen Allanyň pygamberisiň, seniň sözleriňde ýalan ýokdur. Men şoňa hemişe şaýatdyryn! – diýdi. Muhammet pygamber oňa: – Eý, Atik, seniň syddyhlygyň aýandyr! – diýip aýtdy. Çünki, bir gün Resul Allanyň ýanyna Şeýtan gelipdi. Şonda Resul Alla Şeýtana: – Eý lagyn Ebu Bekir hakynda näme diýersiň? – diýip sorapdy. – Ol maňa jahyllyk döwründe hem etagat etmedi... Yslama girenden soň nädip maňa etagat etsin! – diýip, Şeýtan zeýrenipdi. Şondan soň Resul Alla Ebu Bekiriň syddyhlygyna kepil geçipdi. Ol şu sözi aýdandan soň Ebu Bekiriň ady Ebu Bekir – syddyh (dogruçyl, her bir hakykata dogry kepil geçiji) galypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |