05:29 Muhammet pygamber -50: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM 1. Eý pygamber, eden ähtiňi pozmakda Belent-Taňrydan gork we maslahatda Mekgedäki kapyrlara we Medinedäki ikiýüzlülere uýma (diýenlerini etme). Gurhan 33-nji süre. 1-nji aýat. We Belent-Taňry wekil halynda seni doly suratda saklar. Gurhan. 33-nji süre. 3-nji aýat. Bu gün, Gün Ýasribiň baýyrlyklarynyň eteginde, tä gözýetime çenli ýaýylyp ýatan hurma baglyklaryny, çig kerpiçden salnan, işigni iki-ýeke hurma agajy telpekläp oturan öýlerini, düýeler öz maýdalyna otlaşyp ýören seleň sähralaryny güneşe çaýkamazyňdan hem has ir, daň ýaňy saz berenden bäri bu iliň ilaty aýak üstündedi. Ýasribiň al-ýaşyl geýnen gelin-gyzlary, begençli jüýgüldeşip arap diliniň owazly eşetini jahana ýaýýan çagajyklar, başy selleli, sellesiz erkek kişiler toý ruhy bilen ýaşaýardylar. Bu gün on müňe golaý ilaty bolan Ýasrib halky uly begenç bilen ukusyndan oýanypdy. Çagalaryň köpüsi eýýäm şady-horram bolşup, köçelerde at salýardylar. – Şu gün Resul Alla gelýär-eý? – Bu gün Muhammat pygamber gelýär-le-how – diýşip, olar öň telim eşden zatlaryny biri-birlerine gaýtadan buşlaýardylar. Diňe bu bereketli iliň adamlary üçin däl, Resul Allanyň özi üçin hem bu gün aýdyp bolmajak derejede gadyrlydy? Ol rabbilowwal aýynyň örän yssy duşenbe güni Ýasribiň çaý içimlik salymrak sagyna ýerleşýän Kuba obajygyna gelipdi. Ol ýolda äpet hurma, agajynyň saýasynda az-kem dynç alandan soň, görlüp-eşdilmedik şatlyk bilen bu ýere ýyganan ýasribli adamlara goşulyp, kubaly Amr b. Awf ogullarynyň dogany Gülsüm b. Hidmiň öýünde düşledi. Bu habar Ýasrib şäherine-de ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Bu şäheriň ilatynyň köpüsi indi telim gün bäri ady dillerden düşmeýän Belent-Taňra resul bolan ynsany görmek üçin ýarag-şaýlaryny dakynyşyp toý lybaslaryny geýip, bu ýere gaýdypdylar. Resul Alla äpet hurma agajynyň saýasynda ýöne ýere düşlemändi. Ol bu iliň adamlarynyň indi telim gün bäri gözleriniň ýolda galandygyny bilýärdi. Ol özüni görmek, salamlaşmak üçin bu ýere geljek adamlaryň hem az bolmajakdygyna düşünýärdi. Şol adamlar bilen dar içerde däl-de, giň sährada duşuşmak gerekdi. Çünki, Resul Allanyň çak edişi boýunça, onça adamy bir ýere, ýa-da bir kiçijiik oba sygdyryp boljak hem däldi. Ýasribiň adamlary Allanyň Resulynyň eziz didary barada indi iki ýyla golaý wagt bäri eşide-eşide gelýärdiler. Onsoň her kimiň ony göresi, mukaddes didaryndan ganasy gelýärdi. Äpet hurma agajynyň saýasy toý mähellesi üýşen ýalydy. Saýada ýer bolmany üçin adamlaryň köpüsi jokrama yssynyň aşagynda sarsman otyrdy. Resul Alla ortada, ýumşajyk düşegiň üstünde, töweregini nura besläp otyrdy, Ebu Bekir onuň arkasynda, sarsman janpenalyk edýärdi. Ýasrib adamlary ortadan belendiräk boýly, ap-ak nurana ýüzüne gelşip duran ak, tämiz selleli, melemtil saçlary ýeňsesine dökülip, maňlaý saçy sellesinden az-kem çykyp duran, owadan gaşlary kirpiklek, mähribanlyk çeşmesi kimin balkyldap duran ullakan nurana gözleriniň depesinde ýaýlyp ýatan owuz süýdüne ýuwlan ýaly ýüpeksi maňlaýy göreniň kalbyna dirilik guýýan bu ynsany görüp, doýup bilenokdylar. Resul Alla uzyn gelinbarmak üzümi ýaly doly, ak ellerini bilen golaýyndaky adamlaryň ellerini gysyp, gadyrdanlyk bilen salamlaşýardy. Olara Beýik-Taňry tarapyndan gadyr edilip ýaradylan şirin ýylgyryşyny peşgeş edip paýlaýardy. Ol bu gün diňe özi üçin, özüniň didaryny görmek üçin gelen adamlaryň ählisine ýylgyryp, özüniň halys ýürekden minnetdarlygyny bildirip ýadanokdy. Bu ýere üýşen adamlar hem juda täsin keramatyň şaýady bolup, öýlerine gaýtdylar. Şol günden soň Ýasrib etraplarynda, Resul Alla barada, onuň görlüp-eşidilmedik eziz didary barada, üýtgeşik pähim-paýhasy barada süýji rowaýat ýaýrap başlady. Muhammet pygamber hurma agajynyň saýsyndaky duşuşykdan soň, Ýasribiň golaýjygyndaky Kuba obajygyna bakan, şol ýerdäki myhman ýerine bakan ugrady. Kubaly Amr b. Awf Resul Allanyň göwnüni tapmak üçin öz hyzmaty bilen onuň razylygyny almak üçin janyny gurban etmege taýýardy. Şeýle aladany, wepalylygy, üýtgeşik hormaty duýan Resul Alla Amr b. Awfyň döwletli öýünde on gün töweregi ýaşapdy. Şol döwürde bu ýerde iki waka boldy. Birinji waka, Resul Allanyň ogullygy Alynyň Mekge şäherinden gelmegidi, Muhammet pygamber Alyny juda alada edýärdi. Şonuň üçin onuň gelenine örän begendi. Aly Resul Alla bilen juda gadyrly görüşdi. – Siziň tabşyran amanatlaryňyzy eýelerine birin-birin gowşurdym. Olaryň ählisiniň sizden razydygy baradaky hoş habary getirdim. Alynyň salykatlylykdan paýhaslylygy Muhammet pygamberiň göwnüne jaý boldy. Ol ogullygyndan mekgeli müşrükleriň işleri barada soraşdyrdy. Alynyň bu baradaky jogaby hem onuň maňzyna damdy. – Ezizimiz, Resul Alla, Siz gaýdanyňyzdan soň tutuş Mekge göçülen ýurt ýaly, haňlap, gugaryp galdy. Meniň üçin ol ýerde indi durmuş ýok. Şonuň üçin ol müşrükleriň arasyndan başymy näçe çalt alyp gaýtsam, şoňa razy boldum. Siz nirede bolsaňyz, meniň ömrüm, ykbalym, durmuşym, bagtym şol ýerde. Resul Alla üçin Alynyň gelmeginiň aýratyn manysy bardy. Aly onuň ogly, giýewsi, geljekki umydydy. Mundan başga-da tutuş Mekgede «emin» adyny alan Resul Alla içinde iň halalhon adam hasaplanylýardy. Şeýle bolansoň, bu iliň baýy-garyby amanatyny, puluny, altyn-kümüş baýlygyny Resul Alla saklamaga berýärdi. Mekge ilinde kuraýyşlar Mekge müşrükleri bilen dilleşip, iliň arasyna köp bulagaýlyklar salandan soň-a, olaryň Resul Alla bolan ynamy köp mertebe artypdy. Oňa ynanylýan amanat has köpelipdi. Beýik Ýaradanyň emrine, ykbalyň ýoluna görä, Resul Alla Mekgeden mejbury çykmaly boldy. Ondaky amanatlar welin şol ýerde galypdy. Muhammet pygamberiň özem şol amanatlary eýelerine gaýtaryp biljekdi. Ýöne ol bu gowgaly günlerde Ýasribe gitmek baradaky syrlarynyň açylaryndan ätiýaç edipdi. Amanatlary eýelerine gowşurmagy bolsa Ala ynanypdy. Onuň Alynyň bu begençli habaryna ähmiýet bermesi ýene ýere däldi. Ol ömrüniň boýuna ile darynyň gabygy ýaly ýamanlyk eden ýa kişiniň hakyny iýen ýa-da kişini ynjydan adam däldi. Sözünde-de hiç haçan galplylyk, çig-çarsylyk, gybat, ýalançylyk bolan däldir. Ýöne şu garma-gürmelikde iliň amanatyny gaýtarmasa, öz düşünşiçe, amanata kast etdigi boljakdy. Onsoň käbir agzy ýelli adamlaryň diline düşüp, töhmet belasyna galmagy mümkindi. Özüniň «emin» adynyň gülkä öwrülip gitmegi mümkindi. Resul Alla öz adynyň-abraýynyň şikesde galjagyndan hem beter, käbir bendeleri töhmet edip, betgümlanlyk günäsine galjagyna gynanýardy. Resul Alla üçin betgümanlyk agyr günädi. Ol Alynyň habaryndan soň bir agyr garamatdan salamat gutulanyna begendi. Ikinji waka, Kuba obajygynda ilkinji musulman metjidiniň gurulmagydy. Bu metjit üçin şu obajykly Gülsüm b. Hidmiň hurma guradýanja tekiz meýdançasy saýlanyp alyndy. Su metjidiň iň bir mukaddes ýeri, adamlar metjide zyýarata gelip, onda iki rekat namaz okar-da, gaýdar. «Takyk, düýbi tutulan gününden başlap, Belent-Taňrynyň birligini we onuň kada-kanunlaryny ýöretmek üçin gurlan metjit – seniň şonda namaz okamaklygyň has laýykdyr (ýaman niýet bilen salnan metjitde okanyňdan (Gurhan. 9-njy süre. 114-aýat.) Şonda Belent Ýaradanyň bu hoşamaý habary Muhammet pygamberiň argyn köňlüne eşrepi kimin melhem bolupdy. Resul Alla Ýasrib şäherinde inen bu süreden soň täzeden täze, ýagşy amallaryň ugruna çykyp başlady. 2. Eý ynsanlar, takyk size Belent-Taňryňyzdan aýdyň ýoluň delili – Muhammet aleýhyssalam geldi we biz size äşgäre Kurany iberdik. Gurhan. 4-nji süre. 174-nji aýat. Resul Alla ýene-de Kaswanyň ýüpek kimin ýumşak arkasyna mündi. Bu gün tutuş Ýasrib iline Alla-Tagalanyň mukaddes hökümini, onuň mukaddes sözi ýazylan Gurhany alyp gelýän eziz pygamberiň şähti açykdy. Çünki, indi on gün bäri onuň mähriban didaryndan doýup bilmän ertir-agşam onuň bilen söhbetdeş bolup, metjidiň gurluşygynda bileje işleşen kubalylara bu keremi egsilmejek ynsandan aýrylyşmak gaty agyr degýärdi. Şonuň üçin tutuş oba bu eziz ynsany ugratmaga gelindi. Resul Alla olar bilen gadyrly hoşlaşdy. Soň bolsa ony Ýasribiň özüne çenli ugratjak bolýan gaty uly märeke bilen ýola düşdi. Ebu Bekir sähranyň ýumşajyk topragyna howlukman basyp, göýä «üstünde oturan adam ynjaýmasyn» diýýän ýaly, assaja gadam urup barýardy. Ebu Bekir Kaswanyň yzy bilen Muhammet pygamberiň buýsançly başyna garap, dözümli ýöräp, Resul Allanyň her bir ýumşuna taýýar görnüşde, ädim urýardy. Kaswanyň çep hem-de sag gapdallarynda Resul Allanyň daýylary, nejjar ogullaryndan ýüz, ýene-de şonçarak ýasribli musulmanlar hatar gurap barýardylar. Ebu Bekir bu görnüşi synlap, gözlerine ýaş aýlanyny duýman galdy. – Ine, indi boldy, ine, indi göwnümdäki ýaly boldy – diýip pyşyrdaýardy. Onuň bu tolgunmasy Resul Allanyň töweregindäkileriň ählisi üçin düşnüklidi. Mekgede ýeke gözip bilmedik pygamberi bu ýerde tutuş il bolup garşy alýardylar. Onda-da nähili gadyr, hormat bilen... Bu adamlaryň ählisiniň dilinde Belent-Taňra şükür, minnetdarlyk, onuň Resulyna bolsa alkyş bary aýdylýardy, Resul Allanyň özem bu hormatyň hözirini görüp otyrdy. Şonuň üçin onuň özüni bu hormata ýetiren Belent-Taňra alkyşynyň çägi ýokdy. Dogrusyny aýtsaň, Resul Allanyň ýüregi Mekgede galan ýalydy. Ol ýolda gelýärkä-de, häzir hem şol barada oýlanýardy. Mekge onuň doglan ýeriňi. Onuň göbegi bolsa Käbe aýmançasynda gömlüpdi. Eger onuň şu daglar, daşlar ýaly tükenmez baýlygy bolsady, Mekgede galmak üçin ählisini ikirjiňlenmän berjekdi. Atasy Abdyl Mutalybyň, agasy Ebu Talybyň, ýüreginiň tenekary, başdaş syrdaşy Hatyjanyň, oguljyklarynyň, ata-babalarynyň mazaryny hasap etmäniňde-de, ol diňe mukaddes Käbe üçinem şirin janyny gurban etmege taýýardy. Ol Ýasribde şa bolandan Mekgede hemişelik gedaý bolmaga taýýardy. Käbe onuň ýüreginiň bagydy. Baryp-ha mana düşmez bebäbekliginden tä şu güne çenli, onuň ýekeje sagady Käbesiz, oňa togapsyz geçmändi. Bu mukaddes öýi ýekeje sagat görmese, onuň ýüreginiň bagy şarta üzülmezmi?! Resul Alla gözlerini ýumdy. Onuň gözüniň öňüne Ýasribiň didary, soň bolsa Käbäniň keramat bilen suwalan sudury geldi. Ol Käbäniň, tara ýapynjasyna altyn harplar bilen tikilen dogalary okady. Ol hyýalynda başyny Käbeniň gündogar burçuna goýdy. Adamlaryň begençli gykylygy, giden mähelläniň şatlygy häzir Resul Alla Käbe göwün bermäge mümkinçilik bermeýärdi. Nämüçindir Resul Allanyň bolsa häzir tutuş ygtybaryny Käbe beresi gelýärdi. Bu isleg onuň ýüregini mynçgylaýardy. Birden hem onuň gulagyna Mekge bilen hoşlaşanda aýdan sözleri ýaňlandy. «Sen Allanyň, ýaradan ýerleriniň iň haýyrlysy. Allanyň, öňünde iň ezizsiň. Mejbury bolmadyk bolsam, Seniň bilen hiç aýrylyşmazdym. Başga bir ýerde mekan tutmazdym. Bu owazdan soň Resul Allanyň röwşen çeşmesi bolup balkyldap duran gözlerinden goşa däne syrygyp gaýtdy. Ol şol göwher dänesi kimin ýagty damjalaryň yzyny süpürmek üçin elini ýumuk gözlerine ýetirende, ýene-de Käbeniň hormatly didary görnüp gitdi. «(Eý, Muhammet!) Kurany okamagy teblig etmegi we oňa tabyn bolmagy saňa parz kylan Alla, elbetde, seni gaýtadan Mekgä dolar. Ahyrýetde-de iň belent sarpaly şepagat derejesine ýetirer.» «Takyk, Belent-Taňry saňa Kurany okamaklygy we onuň hökümlerini halklara ýetişdirmegi parz etdi, elbetde, ol seni Mekgä gaýtaryp eltgijidir (ýakyn wagtlarda seni Mekgä gaýtaryp elter.» (Gurhan. 28-nji süre. 86-njy aýat.) Belent-Perwerdigäriň bu sözleri onuň köňül ýarasyna şypa berdi. Ol az-kem dikeldi-de, özüniň Belent-Taňrysyna, onuň buýruklaryna şükür etdi-de, boýun syndy. Şondan soň ol Allanyň, özi üçin mekan eýlän bu ýurdunyň hem ezizdigini ýatlady. Onuň käbesi, dokuz aýlap garnynda göteren sowra göwsünden ak süýt beren ejesi şu iliň Ebwa diýen obajygynda «ýalňyz balam haçan zyýarata gelerkän» diýip ýatmanmy, näme? Onuň didaryna zar bolup ösen kakasy Abdylla ibn Abdyl Mutalyb Ýasrib şäherinde daýysy Nabiganyň öýüniň gapdalyndaky bagyň içinde ýatyrdy. Käbeleriniň ruhuna garylmak, olaryň Hakyň dergahynda ýatan mülkünde ýaşamak Resul Alla üçin kalbyňy rahatlyga salmakdy. Ol kakasynyň hem-de ejesiniň mukaddes didaryny göz öňüne getirmek-hä beýlede dursun olary indi ýatlamaga-da eli ýetenokdy. Ol iki eziziň köňlüniň umydy, yhlasy, arzuw-armany özüniň gowgaly kalbynda deňiz tolkunlary kimin käte-käte çyrpynyp gidýändigini Resul Alla oňat syzýardy. Ýöne indi kalbyndaky näzik duýgularyň, başyndaky paýhasyň, ýürerindäki isleg-umydyň niresiniň özüniňkidigini, niresiniň ejesiniňkidigini, haýsy bölegiň bolsa kakasynyňkydygyny ol bilip bilenokdy. Olaryň serhedini, başlangyç-ahyryny ýalňyz Taňry kesgitläýmese, başga biri ony başaryp hem biljek däldi. Indi şol bitewiligiň özem tutuşlygyna Alla-Tagala degişli bolup galypdy. Ebu Bekir Resul Allany bu edip oturan çuňňur oýlaryndan açdy. – Eziz Resul Alla, başymyzyň täji, namaz wagty golaýlaşýandyr! Resul Alla oýlaryndan ýagşy açyldy-da, töweregine garady. Golaýda kiçiräk oba görünýärdi. – Ol kimiň ýurdy? – Ol Salim b. Awf ogullarynyňkydyr. – Olardan aramyzda adam barmydyr? Erkek adamlaryň bir topary orta çykdy. – Bizdiris, eziz Resul Alla! Resul Alla düýesiniň başyny Ranuna diýen obajygyna bakan sowdy. Soň bu ýerdäki bir maşgala üçin gurlan metjitde ýygnanan musulmanlara ymam bolup, şu ýerdäki ilkinji juma namazyny okady. Muhammet pygamber Ranuna obasyndaky metjitde okaýan juma namazynda iki gaýta hutba aýtdy. Ol ilkinji hutbasyny: – Eý, ynsanlar! – diýip, diýseň mylaýymdan mähribanlyk bilen ballady. – Onuň ezizden owazly sesi giden sähra buşluk habary kimin at salyp gitdi. Adamlar özleriniň garşysynda dik duran, diňe bir köňüllerini ýa-da darajyk metjidi däl, misli Ýer ýüzüni nurlandyryp duran eziz ynsasy intizar dideleri bilen gujaklaýardylar. Onuň süňňüniň-hä däl, nur buldurap duran galyň gabaklarynyň eteginde maýsalap duran seçek-seçek kirpikleriniň hem biri-biriniň içine gatylyşyny sypdyrmajak bolup jan edýärdiler. Ýöne olar tutuş dünýelerini gaplap alan bu eziz didardan indi hiç haçan aýrylyşyp bilmejekdiklerini heniz bilenokdylar. Resul Allanyň owazy belent ýaňlandy. – Salamatkaňyz ahyryýet üçin taýýarlanyň. Hökman bilmelisiňiz: kyýamat gününde biriniň ýakasyndan tutarlar we goýunlaryny idegsiz bakýan çopandan hasap sorarlar. Soňra Alla-Tagala oňa dilmaçsyz, araçysyz, ýüzbe-ýüz diýer-ki: «Saňa meniň Resulym gelip teblig etdimi? Men saňa mal berdim we lutuf we yhsanlar etdim, özüň üçin näme taýýarladyň?.. Adamlar Resul Allanyň sözüni buýsanç hem-de birneme biçärelik, sadyklyk bilen diňleýärdiler. Resul Alla garşysynda duranlaryň her birine mylaýymlyk bilen garap, sözüni dowam etdi. – Ol adam bolsa sagyna-soluna sereder, gözlerine hiç zat ilmez. Öňüne seredende bolsa jähennemden başga zat görmez. Beýle bolsa her kim, eger özüni bir ýarym hurma bilen bolsun, otdan (jähennemden) halas edip biljek bolsa, derrew ol ýagşylygy etsin. Ony hem tapyp bilmese, ýagşy söz bilen özüni halas etsin. Çünki, onuň eden her bir haýyr işine ondan ýedi ýüze çenli sogap berler. Adamlar bu pähimden-paýhasdan doly eşreti köňüllerine sygdyryp, onuň şirinliginden hem-de ýürek ýaralaryna melhemliginiden lezzet alyp, ýere garap otyrdylar. Resul Alla ömründe beýle edebi, belent Taňrynyň, gürrüňine, o dünýäniň gürrüňine juda teşne adamlary görmändi. Ol olar şeýle gürrüňiň hiç haçan tamamlanmazlygyny isleýärdiler. Resul Alla hem şony isleýärdi. Häzir «adamlary Taňrynyň dowzah belasyndan nähili halas edip bolarka?» diýip, onuň gije-gündiz ýüregini ezýän pikirleriň açary tapylan ýaly boldy, Hakyň, ol dünýäniň, jennetiň, dowzahyň gürrüňini şeýle yhlas bilen diňleýän adamlaryň köňlem, gözi-gulagy hem açylmalydy. Onsoň ol köňle Alla-Tagalanyň mukaddes ýolunyň ruhuny guýup boljakdy. Beýle adamlar bolsa hiç haçan müşrügem, ikiýüzlem bolmaly däldi. Ine, şol adamlar jenneti adamlar bolmalydy. Ine, Resul Allanyň göwnüni birden galkyndyran ýagdaý şol bolupdy. Şonuň üçin ol bu adamlaryň köňlüni ýykyp biljek däldi. Olar üçin näçe gerek bolsa hutba aýdyp biljekdi. Şeýle bolansoň, ol ikinji hutbasyny has dabaraly äheňde aýdyp başlady. – Allaha şükür, Allaha şükür ederin! Ondan kömek islärin. Nebislerimiziň şerlerinden we erbet işlerinden Allaha sygyndym, Allanyň, hidaýat edenini hiç kim ýoldan çykaryp bilmez. Taňrynyň azaşdyranyny hiç kim dogry ýola salyp bilmez. Alladan başga Taňrynyň ýoklugyna şaýatlyk edýärin. Ol birdir! Şärigi ýokdur. Kelamyň iň ajaýyby Kelamylladyr! Alla kimleriň kalbyny Kuran bilen bezäp, ony müşrükkä yslama goşar, ol hem gaýry sözlerden Kurany seçse, ynha, şol adam halas bolar... Kitabullah kelamlaryň iň ajaby we iň beýigidir. Allanyň, söýenini söýüň Allany jan we köňülden söýüň. Allanyň, kelamyllasyndan we zikir kirinden ýadamaň. Allanyň, kelamyndan köňlüňize gaýgy gelmez. Çünki, Kelamullah hemme zadyň iň ajabyny, iň ýagşysyny saýlap seçer. Işleriň haýyrlysyny, gullaryň saýlananlary bolan pygamberleri we kyssalaryň gowusyny zikr eder. Indi Allaha ybadat ediň we oňa hiç bir zady deň tutmaň. Ondan gorkuň. Haýyrly işleri ediň we bu işleri sözleriňiz bilen goldaň. Allanyň, kelamy bilen biri-biriňizi söýüň. Hökman bilmelisiňiz, Alla Tagala ähtini bozanlara gazap eder. Hemmäňize Allanyň, salamy bolsun!.. Metjitde hem-de onuň daş-töwereginde çogup oturanlar Resul Allanyň maňzyňa damyp duran pähim-paýhasyndan ganypdylar. Bu hutba olaryň nebis atynyň jylawyndan çekip, ýanyp duran islegleriniň üstüne salkynlyk seçip, olary birneme goýazylaşdyran bolsa, bu adamlaryň Muhammet pygamberiň öňünde ähtine wepa bermegi hem ýatladýardy. Indi bu adamlaryň ömrüniň soňky nokadyna çenli Resul Alla bilen boljakdygyna şübhe galmandy. Muhammet pygamber hutbasyny tamamlandan soň özüni goraga alan adamlar bilen tirkeşip, daş çykdy. Soňra ýakynyndakylara hoşamaýlyk bildirmek bilen , işige getirilip çökerilen düýesine mündi. 3. We, elbetde, ýakyn wagtlarda seniň Belent-Terbiýeçiň Taňry-Tagala günäkär musulmanlaryň, günälerini diläp almaga saňa doly ygtyýar berer, şonda sen razy bolarsyň. Gurhan. 93-nji süre. 5-nji aýat. Ine, Ýasrib! Muhammet pygamberiň münen düýesi indi Ýasribiň bir çetinden girip ugrady. Resul Alla az-kem egildi-de, düýesiniň owsaryny boýnuna orady. Düýe öz raýyna ýöräp barýardy. Yzyndan Ebu Bekir, Nejjar ogullary, musulmanlar, uly toý mähellesi ýaly bolup, ýylgyryşyp gelýärdiler. Öňde bolsa, tutuş ýasrib halky uly, heniz bu etraplarda görlüp-eşidilmedik toý tutup, tomaşa gurap, Resul Alla bakan owsun atyp gelýärdiler. Resul Allany mübärekleýän, Taňra aýdylýan alkyş sözleri al-asmana galýardy. Aýdym-sazyň owazy tutuş jülgäni gaplap alypdy. Indi näçe gündür, gözleri ýolda galan adamlar Beýik Taňrynyň Resulynyň didaryny görmek isleýärdiler. Her kimiň oňa özüniň söýgüsini, çirksiz wepasyny duýdurasy gelýärdi. Aýallar, çagalar goşgy, gazal aýdyşyp, tutuş töweregi şirin owaza park edýärdiler. Weda depesinde parlap dogan Aý, Şükür, dilegmizi serpaýlan Hudaý, Bize iberilen eziz pygamber, Geldi, Hak emrinden alyp ajap paý... Geldi, geldi, Muhammet, Geldi, Resul Alla! Eziz ömrüňe hümmet, Köňli ak, ýüzi jennet, Geldi Resul Alla! Ýollaryň ak bolsun, Aýagyň düşsün! Müşrükler ýok bolup, Gan aglap geçsin. Geldi, Muhammet! Geldi Resul Alla! Geldi Resul Alla!.. Bu dabaralar, aýdym-saz, özi hakynda alkyş sözleri Resul Allany haýran galdyrýardy. Ol bu iliň sahawatyna, söýgüsine begendi... Muhammet pygamberiň göwnüne bolmasa, bu gün Ýasrib iliniň ählisi bir jan-bir ten bolupdy. Bu ildeki kiçijik toparjyklaryň aralaryndaky ownuk dawalar, misli, itiň içegesi ýaly bolup, aýdan-aýlara, ýyllara, nesillerden-nesillere süýnüp gidýän uruş dawalar hiç haçan bolmadyk ýalydy. Adamlaryň ählisiniň ýüzünde şatlyk, çirksiz ýylgyryş bardy. Muhammet pygamber oýlanýardy. Ol: «Gör, ahyryn, şeýle eziz ynsany, şeýle agzybir halky düzýän adamlary nädip dowzah belasyna duçar etjek. Olara dowzahyň juda zabun oduny nädip dözjek. Bu adamlary nädip halas etmeli. Olara dowzah belasynyň, Taňrynyň gazabynyň juda çökderdigini nädip düşündirmeli...» Resul Allanyň gulagyna şeýle mukaddes owaz geldi: «We, elbetde, ýakyn wagtlarda seniň Belent Terbiýeçiň Taňry-Tagala günäkär musulmanlaryň günälerini diläp almaga saňa doly ygtyýar berer, şonda sen razy bolarsyň». Bu owaz Resul Allanyň tutuş pygamberlik dünýäsine nur çaýdy. Ol köňlüniň galkynanynam duýman galdy. Hawa, Resul Alla Beýik Perwerdigäriň rehiminiň kenarynyň ölçeginiň ýokdugyna düşünýärdi. Ol onuň özüni nirä iberendigini, näme üçin iberýändigine çenli düşünýärdi. Arabystan ýarym adasynda, ylaýta-da Pars aýlagy bilen Gyzyl deňiz arasyndaky halkyň ykdysady ykbalynda möhüm şäherleriň, biri Ýasrib şäheri bolup durdy. Hiç bolmanda, Mekge ili üçin onuň, möhümliginiň ölçegi ýokdy. Çünki, Mekge diňe söwda-satygyň hasabyna ýaşaýardy. Onuň möhüm söwda ýoly bolsa Ýasribiň üstünden geçýärdi. Ýasribiň hanlyklary öz diýenlerine tutsa, Gyzyl deňzi bilen Pars aýlagy aralygyndaky ähli kerwen ýollaryny ömürlik ellerinde saklap biljekdiler. Ýasrib şäheri söwda üçin hem juda amatlydy. Ähli bela-beter Ýasrib bilen Mekgeniň arasyndaky tire-taýpalardady. Kerwenleri talaýan hem, kerwendäkilere azar ýamanyny berýän hem şolardy. Emma, Ýasrib şäherinden geçenlerinden soň, tä Rum iline çenli seniň towugyňa tok diýýän tapylanokdy. Gaýta, Damask ýollarynda kerwen-kerwene, il-ile hemaýat edýärdiler. Şonuň üçin Ýasribiň Damask tarapyndaky kerwen ýoly eşret derwezesi hökmünde gadymlardan bäri bellidi. Alla-Tagalanyň bu eşret derwezesini näme üçin öz eline bermek isleýändigini Resul Alla Mekge halky bilen baglanyşdyrýardy. Eger, Ýasrib elinde bolsa, onda mekgeli müşrükleriň bokurdagy seniň elindedi. Olaryň güzerany açsaň aýanda, ýumsaň, ýumrugyňdady. Resul Alla bu hözirli şäheri päliýaman müşrükleriň eline bermändigi üçin Belent-Taňra alkyş okady. Ýasrib ykdysady taýdan peýdaly bolşy ýaly, tebigy ýerleşişi taýdan hem diýseň hözirlidi. Gyzyl deňzinden hem-de Pars aýlagyndan gelýän ýyly, çygly akymlar, köplenç Ýasribiň üstünde göç ýazdyrýandygy üçiň bu ýerde Mekgä garaňda, ýagyş köp ýagýardy. Ýeri bolsa tä belent daglara çenli sähralykdy. Topragynyň düzümi ekerançylyk üçin diýseň ýaramlydy. Jennet baglarynyň ülňüsi bolan hurma baglyklaryny görüp, Resul Allanyň jany gönenýärdi. Düýbünden dury, sowuk suwlar akyp duran hurma baglary, göm-gök maýsaly, ak, gök ekinler ekilen bossançylyklar oňa Hudaý-Tagalanyň eşetli jennetini ýatladýardy. Muhammet pygamber geljekde bu eşretli sähralyklary özleşdirmegiň aladasyny hem ýanyndan goýanokdy. Ýasrib ilinde esasan musulmanlar, araplar, jöhitler, hem-de hristianlar ýaşaýardylar. Musulman araplar, olar Ews hem-de. Hazraç taýpalarydy. Öň zamanlarda şu etraplarda Ews hem-de Hazreç diýen aga-ini ýaşap geçipdir. Bu kowumlar şol aga-ininiň nesilleridi. Şeýle-de bolsa, bu babadaşlar iki tire bölünip, şolaryň arasynda-da juda uzaga çeken gazaply uruşlar dowam edipdir. Bu iki taýpanyň tutuş nesillerini, men-men diýen ogullaryny, baýlygyny, güýjüni, zehinini, ynsany-ynanjyny gara gana gark eden şol uruş Resul Alla şu ýere gelmeziniň öň ýanynda tamam bolupdyr. Bu gün bolsa şol iki taýpanyň hem çagalary Resul Allany wasp edip, bal dadyşan ýaly bolşup, aýdym aýdyşyp, tans edişip, şahandazlyk görkezýärdiler. Ýasribde ýaşaýan jöhitler hem ep-esli bardy. Olar Kaýnuka ogullary, Kuraýza ogullary hem-de Nadr ogullarydy. Bu taýpanyň okumyş, diýseň akyldar ogullary bolsa-da, köpüsi juda garyp, sowatsyz adamlardy. Olaryň alym ogullary köne, mukaddes kitaplary dörüp, täze bir pygamberiň dünýä geljegini buşlapdylar. Olaryň ilkinji çeni-çaky boýunça, şol pygamber Ýasrib jöhitlerinden bolmalydy. Şonuň üçin özleriniň begenjini, öýke-kinelerini dünýä azym urjak beýik pygamberiň gelerine, onuň özlerine howandar bolaryna goýupdylar. Şonuň üçin olar geljekki pygambere uly umyt bilen garaşyp, onuň gelmeli wagtyny, sagadyny öňünden kesgitläpdiler. Olar şol pygamberiň çaltyrak gelip, özlerini bu agyr zulumly günlerden alyp çykaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, Sebäbi bu üç taýpanyň gaty berk içki düzgüni bardy. Olaryň baýy baý, garyby ülhit gedaýdy. Baýlar zyndana dönüp giden gadymy galypdan çykarmaýardylar. Olaryň süňňüni agardyp, şolaryň hasabyna gurply ýaşap ýördüler. Ýasribde ýaşaýan hristianlaryňky juda kyndy. Bu ili musulmanlaryň, eýelemegi bolsa olaryň sülgüniň çagasy ýaly bolup, dargap gitmegine sebäp bolmalydy. Ýasrib tire-taýpalaryň ýurdudy. Ýöne, bir artykmaç tarapy, olar Alla-Tagalanyň birligini, Alladan başga Taňrynyň ýoklugyny, Muhammediň onuň resulydygyny doly ykrar edýärdiler. Resul Alla Kaswanyň üstünde oýlanyp barşyna, aýdym-saza, şady-horramlyga beslenen halkyň mähriban didaryndan ganyp bilenokdy. Onuň köňli joşdy. Ýene-de hälki oýlaryna gaýdyp geldi-de, pyşyrdap ballady. – Eý, Belent-Taňrym, seniň sahawatyň, seniň keremiň çägi ýokdur. Sen şu eziz bendeleriň günälerini geçip, olary dowzah söwdasyndan halas eder ýaly ýagşy amallar etdirmäge maňa güýç-kuwwat ber!.. Adamlar Resul Allanyň ýüzündeki nuruň çyrpynyp durmasyny, bu eziz adamyň ýüzüniň gülýändigini görüp, öňküden hem joşgunly şahandazlyk edýärdiler... 4. Be haýyr işlere şek-şübhesiz öňürti başlanlar jennete öňürti girgijilerdir. Gurhan. 56-njy süre. 12-nji aýat. Kaswa hem bu şahandazlyga, şadyýanlyga berlen ýaly, märekäniň arasy bilen süýnüp-sarkyp barýardy. Adamlaryň begenjiniň çägi ýokdy. Olar düýe her bir öýüň ýanyna baranda, Kaswanyň owsaryna ýapyşýardylar. – Resul Alla, biziň öýe geliň! – Gözümiziň röwşeni, geliň, bize geliň! Her kim Muhammet pygamberi Ýasrib ilinde ilkinji bolup myhman alyp onuň mähribanlyk sogabyna eýe bolmak isleýärdi. Emma Resul Alla her sapar: – Düýäni öz ugruna goýberiň, oňa nirä barmalydygy buýrulandyr! – diýip, adamlary köşeşdirýärdi. Kaswa bolsa ýumşajyk basyp, saza, şagalaňa aýak goşup, assaja ýöräp barýardy. Ol ahyr soňunda Resul Allanyň daýylary Mälik b. Nejjar ogullarynyň öýleriniň ýanyndaky boş meýdançada edep bilen çökdi. Emma Resul Alla düýesinden düşmäge howlukmady. Çünki, düýe ýene-de ýerinden turup, ep-esli ýere aýlandy. Diňe şondan soň ol ýene-de öňki ýerine gelip çökdi. Resul Alla düýesinden düşmänkä Nejjar ogullarynyň kiçijik gyzjagazlary ylgaşyp onuň ýanyna geldiler. Olar gollaryndaky depreklerini näzik barmajyklary bilen enaýyja kakyp, bilbiliňki ýalyjak çirksiz owaz bilen: – Söýgüli Serwerimiz, hoş geldiňiz! – diýip, saýraşdylar. Soň bolsa adamlary haýrana goýup: – Biz Nejjar ogullarynyň gyzlary, Muhammediň garyndaşy özleri, Bize goňşy geldi Resul Alla, Ne hoşlukda gül açandyr ýazlary, Biz Nejjar ogullarynyň gyzlary... – diýşip, yzyny üzmän deprek kakyşyp, aýdym aýtmaga başladylar. Muhammet pygamber neresseje çagajyklaryň aýdýan enaýyja aýdymlaryna, çirksiz şatlygyna ýylgyryp otyrdy. Soňra ol gyzjagazlardan: – Meni gowy görýärsiňizmi? – diýip, gülüp sorady. Gyzjagazlaryň ählisi birden dilleşen ýaly bolşup: – Seni söýýäris, Resul Alla! – diýip, ala-goh bolup, şatlykly gygyryşdylar. Resul Alla olardan razy boldy. – Alla bilýändir, men hem sizi söýýärin! – Men sizi söýýärin! – Men sizi söýýärin! – Men sizi söýýärin! – diýdi. Resul Allany öz öýünde myhmanlajak bolýanlar heniz-henizler köşeşer ýaly däldi. Adamlaryň köpüsi düýäniň ýene-de ýerinden turaryna, soň öz öýüniň deňinden çökerine umyt bilen garaşýardylar. Emma düýe gaýdyp turmady. Jebbar b. Sahr din diýen birisi düýäniň beýdip çöküp oturmasyna çydap bilmedi-de, Kaswany ýene-de ýerinden turuzmak üçin ony çalarak depip goýberdi. Muny gören Ebu Eýýub el-Ensaryň tas ýüregi ýarylypdy. Ol gözleriniň agyny köpeldip, gyjyrdaýan dişleriniň arasyndan: – Eý, Jebbar! Sen meniň öýümiň öňünde çöken düýäni turuzmak üçin aýagyň bilen depdiň. Allanyň, adyndan ant içýän yslam rugsat berýän bolsady, şu eden işiň üçin seni gylyç bilen kerçelärdim – diýdi. Muhammet pygamber ýelmaýasyndan düşdi. Onuň mübärek gadamy Ýasrib topragyna degdi. Onuň şepagatyna mynasyp bolup, bu eziz ynsany öz öýüne myhman almak bagty ýasribli Nejjar ogullaryndan Ebu Eýýub el-Ensara mynasyp etdi. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Sapar eder bolsaňyz, duşenbe güni ýola düşgül, pygamberler duşenbe güni sapar edendirler.» Rowaýat: Ebu Bekir ýolda gelýärkäler azygyň gutarandygyny Resul Alla aýdyp bilmän kösenýärdi. Içere suw, iýere ýekeje hurma galmandy. Ýol juda agyrdy. Howa örän yssydy. Şol gidip oturyşlaryna olaryň ýoly çölüň içinde ýerleşýän Kudeýd diýen obajyga ýetdiler. Olar bir öýüň deňine geldiler-de, öý eýesini soradylar. Öýüň erkegi Ebu Mabet öýünde ýok bolany üçin onuň aýaly Atike Ummu Mabed olaryň habaryny aldy. – Hurma ýa-da başga bir iýer ýaly zadyňyz ýokmy? – diýip, Ebu Bekir satyn almak üçin sorady. Ol aýal «ýok» diýip jogap berdi. Resul Alla gapdalda dört aýagynyň üstünde zordan duran geçini görkezdi-de: – Ol sagylýan geçimi? – diýip, sorady. Atike Ummu Mabed bolsa: – Onuň endamynda gan ýok, onsoň süýt nireden bolsun – diýdi. Resul Alla bardy-da ol geçiniň ýelnini elledi. Soň ol aýala: – Rugsat berseňiz biz sagaly? – diýdi. Ol aýal ýylgyrdy-da, rugsat berdi. Muhammet pygamber «Bissimillahirrahanyrrahyým» diýip, doga okady-da, bir uly tabaga ol geçini sagyp başlady. Tabak süýtden doldy. Resul Alla ilki bilen Ummu Mabede, ýanyndakylara süýt berdi. Soň galanyny hem öý eýesine goýdy. Ebu Mabet öýüne gelenden soň tabakdaky süýdi gördi-de, bu süýdüň nireden gelendigini sorady. Aýaly bolan wakany aýtdy. Gelen adamyň keşbini gürrüň berdi. Şonda Ebu Mabet: – Wah, ol Kuraýyşlaryň içinden dörän täze pygamberdir. Eger men bar bolan bolsadym, hökman onuň bilen giderdim. – diýip, gynandy. Ol hor geçi bolsa, baryp Omaryň halyf bolan ýyllary hem süýt berýän eken. Şol geçini resul Allanyň sargydyna eýerip, hiç öldürmändirler. Obada ähli goýun-geçi süýtden çykanda-da, ol geçiniň süýdi kesilmändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |