05:32 Muhammet pygamber -51: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM 1. Seniň şol namaz okajak metjidiňde Belent-Taňrynyň razylygy üçin päkligi isleýän adamlar bardyr. We Belent-Taňry has artyk päk bolgujylary söýýändir. Gurhan. 9-njy süre. 114-nji aýat. Alla-Tagalanyň eziz resulynyň gelmegi bileň Ýasrib halkynyň ýüzüne nur sepilen ýaly baldy. Şäheriň durmuşy birden joş alyp başlady. Resul Allany öýünde myhman alan Ebu Eýýub el-Ensaryň bolsa depesi gök diräpdi. Muhammet pygamberiň taýsyz hormaty onuň öýüni yrsgally edipdi. Bu öýe gelýän yrsgal-döwletiň yzy üzülenokdy. Älemleriň serweri Resul Allany görüp, ony ýüzülerine togap etmäge gelýänleriň yzy üzülenokdy. Emma öý eýesi olar üçin ýeke sapar hem gypynç edip, gynanyp duranokdy. Muhammet pygamber bu öýde birnäçe gün bolandan soň, bir gün töwerege aýlanmaga çykdy. Ýelmaýasynyň çöken ýerine onuň syny oturdy. Bu ýer ekin-tikine ýaramaýan çöket, tekiz meýdançady. Bu ýerde öňler diňe hurma serilýän eken. – Bu ýer kimiň ýeri – diýip, Resul Alla öý eýesinden sorady. Oňa bu ýeriň Sehl hem-de Suheýl diýen iki sany ýetim oglanyň ýeridigini aýtdylar. Resul Alla şol oglanlary ýanyna çagyrtdy. Sehl bilen Suheýl gelip, indi ady-abraýy il aşan bu mähriban adamyň alynda utanyşyp, ýere garap durdylar. – Bu ýer siziňkimi? – diýip, Resul Alla olardan sorady. – Biziňki! – Ýeriňizi satarmysyňyz – diýip, Muhammet pygamber bu iki dogana mähribanlyk bilen ýüzlenip, sorady. Oglanlaryň ekabyrragy Sehl Resul Allanyň özüne sowal berdi. – Ýer gerekmidi? – Hawa, ýer gerek. Eger, razylyk berip, ýeriňizi satsaňyz, biz bu ýerde metjit gurarys. Sehl ýylgyrdy. – Ýok, bize hiç hili hak gerek däl. Onuň bahasyny Alladan garaşýarys. Siz şu ýeri özüňiziňki hasap ediň-de, näme gurmak isleseňiz, arkaýyn gurberiň. Bu ýeri size bagyşladyk. Resul Alla doganlaryň bu teklibine razy bolmady. Diňe bu ýetim oglanlar özleriniň ýeriniň bahasyny aýdandan soň, olaryň ýerini on gram altyna satyn alyp, onuň haky bilen doly üzlüşenden soň, bu ýerde metjit gurdurmak isleýändigini adamlara habar berdi. Bu ýer doly arassalandy. Adamlar Resul Allanyň bu sözünden soň, bu ýerde palçyk eýläp, kerpiç guýup başladylar. Muhammet pygamber bu metjidiň esasy üçin ilkinji daşy goýdy. Onuň yzy bilen hezreti Ebu Bekir, Omar, Osman hem-de Aly ýeke-ýekeden bu esasa daş goýdylar. Bu waka tomaşa edip duran adamlar heniz hiç zada düşünenokdylar. Resul Alla bolsa buýsançly ýylgyrdy-da, bu dört kişä garady. – Bular menden soň bu işi dowam etdirjeklerdir. – diýip, märekä ýüzlenip aýtdy. Metjidi Nebewi adyny alan bu metjidiň gurluşygynda Resul Allanyň özi dynman işleýärdi. Şonuň üçin onuň töweregindäkiler hem arman-ýadaman gijelerini gündiz edip işleýärdiler. Ylaýta-da eli kerpiçli pygamberimiziň: Eý, Rebbim, bu göteren ýükümiz, Haýber ýükünden hem päkdir, rehmet! Ahyretde haýyr bolsun hakymyz, Ýa Reb Ensar, muhajyre rehm et! – diýip, üýtgeşik labyz, şirin owaz bilen aýdýan aýdymyny eşidip, olaryň güýçlerine güýç goşulan ýaly bolýardy. Bu metjidiň gurluşygy birden haýallady. Güýzüň düşmegi, duýdansyz başlan ýagyş, sowuk, çygly günler adamlaryň ellerini işden sowadypdy. Bu gurluşyga gatnaşýanlar indi güzeran aladalary, gyşa taýýarlyk bilen başagaýdylar. Resul Alla juma namazyny köplenç Kuba metjidine gidip, şol ýerde okaýardy. Ol yzyna uly mähelle bolup düşüp barýan adamlara: – Kuba metjidine umra sogaby berlendir. Mümkinçilik tapan wagtyňyz gelip, bu metjitde iki rekat namaz okap gidiň – diýip, nesihat berýärdi. Muhammet pygamber özüni myhman alan öýden diýseň razydy. Bu öýüň eýesi Ebu Eýýub el-Ensar yrsgally, döwletli adamdy. Onuň öýi diýseň päkizeden arassady. Onuň aýaly Ummu Eýýub hem diýseň edenli, nahara-şora eli örän tagamly maşgalady. Iň bir täsin ýeri bu aýal Alla-Tagalanyň eziz Resulyna biçak uly hormat goýýardy. Onuň geýimlerini höwes bilen ýuwýardy. Naharyny tiz-tizden gijikdirmän bişirýärdi. Onuň öňüne dürli-dürli nygmatlary goýýardy. Resul Allanyň agzyndan galan nahary, arpa çöreginiň bölejiklerini eşrepi ýaly tutup, hem özi iýýärdi, hem adamsyna iýdirýärdi. Eger şol wagt öýünde adam bolsa: – Alyň, eziz Pygamberimizden teperrik – diýip, olara hem dadyrýardy. Emma Ummu Eýýubyň bir geň görýän ýeri, ol hem Resul Allanyň sogan bilen sarymsak iýmeýänligidi. Ol bu wakany geň galmak bileň öz adamsyna-da aýdypdy. Ebu Eýýub bu ýagdaýyň sebäbini Resul Alladan sorady. – Men sogany, sarymsagy erbet göremok. Ýöne, ýanymyza juda köp adam gelýär. Sogan sarymsak iýýän adamyň agzyndan ýakamsyz ys ýaýraýar. Görüp, bilip, adamlar bilen agzyň ýakymsyz ysly gürleşmek, olary sylamazlyk bolar – diýip, ol bu ýagdaýyň sebäbini öý eýesine düşündirdi. Resul Allanyň, özüni alyp barşy, pähim-paýhasy, her bir işde görüm-göreldesi, aýdýan sözleri öý eýelerini haýran galdyrýardy. Hemişe diýen ýaly, Beýik Ýaradana nalyş edip, ondan ile-güne abraý, agzybirlik ol dünýede jennet sogabyny diläp oturan bu mähriban adamyň diňe eziz didary üçin hem janyny gurban etmege taýýar adamlar köpdi. Ýasrib iline, esasan Resul Allanyň mukaddes görüm-göreldesi baradaky hoş habarlar şu öýden ýaýraýardy. Resul Alla her gün diýen ýaly, bolýan ýeriniň golaýjygynda metjidiň gurluşygyndan habar tutýardy. Ol säher bilen daş çykanda bu öýüň töwereginiň özüne garaşýan adamlardan ýaňa hümer bolup duranyny görüp, Alla şükür edýärdi. Ol adamlar Resul Alla bilen elleşip, gadyrly görşenlerinden soň, onuň mukaddesden dürdäne sözlerini, ajaýyp söhbetini ganýançalar diňläp, onuň bilen tirkeşip, metjidiň gurluşygyna ugraýardylar. Muhammet pygamberiň görkezmesi, düýbüni tutmasy bilen başlanan bu metjit edil Kuba metjidiniňki bilen bir ölçegdedi. Olaryň ikisiniň hem ölçegi her tarapyna altmyş alty gary, ýa-da otuz dört metrdi. Ýöne Kuba metjidiniň gyralary hurma ýapraklary bilen basyrylyp, ortaky meýdançasy açyk bolsa-da, bu metjidiň üsti tutuş ýapyk bolmalydy! Resul Alla bu metjidiň günbatar, gündogar hem-de demirgazyk taraplarynda, jemi üç işik goýmagy buýurdy. Gurluşyga aýlanan adamlaryň köpüsi Resul Allanyň yzyna düşüp, onuň ýaşaýan ýerine, Ebu Eýýubyň öýüne gelýärdiler. Şonda Ebu Eýýubyň aýaly Ummu Eýýub olaryň ählisiniň öňüne saçak ýazyp, öýde bar nygmatlar bilen gelenleri hezzetleýärdi. Ýöne Ummu Eýýubyň bir zat göwnüne hiç batanondy. Resul Alla gelen gününden bäri bu öýüň birinji gatynda ýaşaýardy. Bu ýagdaý gelen-gidenlere hem-de täret kylmak üçin daş çykmaga, namaz okamaga amatlydy. Ýagdaýdan Resul Allanyň özem razydy. Emma Ummu Eýýubyň özi bu ýagdaýy juda çig görýädi. Ol Resul Allanyň nahary örän az iýmesidi, gijelerini ýatman diýen ýaly geçirmesini, sözlände, edep saklap, çekinýän ýaly, az sözlemesinem nähilidir bir närazylyk bilen baglanyşyklydyr öýdýärdi. Onsoň, şeýle beýik ynsany, juda beýik hormata mynasyp resuly, Allanyň ýer ýüzündäki adamlardan mährem görüp saýlan pygamberini aşaky gatda galdyryp, özüniň, onuň depesinde ýaşamagyny, bu ýagşyzadany depelän ýaly bir zat hasap edýärdi. Ol bu pikirini öz adamsyna hem aýdypdy. Ebu Eýýub aýalynyň bu hormatyny Resul Aýala ýetirdi. Emma Muhammet pygamber muňa hiç bir taýdan ähmiýet hem berip durmady. Bir gije är-aýal ikinji gatda süýji ukuda ýatyrdy. Ýasribiň topragynda güýz ýagşy tutaşdy. Jaýyň depesinden geçen sowuk damjalar ikinji gaty öl-suw edip taşlapdy. Ummu Eýýub aýagyna ot basylan ýaly bolup ukudan oýandy. Soňra şol howsalasy bilen adamsyny oýardy. – Masgara bolduk, ýagşyň damjalary bu gatdan geçip indi Resul Allanyň üstüne damýar. Olar üstlerine örtünýän ýekeje ýorganlaryny suwdan ýaňa kölçe bolup ýatan yzgaryň üstüne basdylar. Soňra tä daňdana çenli uklaman çykdylar. Ertesi agşam olar ýatyp bimediler. Resul Alla daňdan täret kylmak üçin daş çykanynda, är-aýalyň salkyn daşarda oturanlaryny gördüler. – Siz näme üçin daşarda otyrsyňyz? – diýip, ol oturanlardan sorady. Ebu Eýýub utançly gürledi. – Eý, gözümiň nury. Janymyz saňa gurban bolsun. Sen birinji gatdakaň, biz ikinji gatda ýaşap bilmeýäris. Bizde edil siziň üstüňizi depeläp duran ýaly duýgy döreýär. – diýdi. Diňe şondan soň Resul Alla är-aýaly jaýyň ikinji gatyndan birinji gatyna düşürip, özi ýokarky gata geçdi. Metjidi Nebewiniň gurluşygy barha azalýardy. Ylaýtada, Resul Allanyň özi gollaryny çermäp işe girişende, iş juda gyzykly hem-de öndümli gidýärdi. Adamlar Allanyň Resulynyň öz şirin janyny aýaman işleýşine haýran galýardylar! Muhammet pygamber bu ýerde bolsa, adamlara gaty köp ýeňil düşýärdi. Onuň bilen maslahatlaşylyp edilen iş göwnüňe makuldy. Onsoň hem her kim indi gelejegiň nähili boljagyny, mekgeli müşrükler bilen musulmandaryň gatnaşygy hakynda, bu ýerde nähili döwletiň boljakdygy barada, şol döwletiň nähili dolandyryljakdygy barada, Resul Allanyň işi nirede, nähili alyp gitjekdigi hakynda, onuň maşgala ýagdaýynyň nähili boljagy barada geň-taň sowallary berýärdiler. Resul Alla bu adamlaryň sowallaryna ýüzleýje, şu sada adamlar düşüner ýaly jogap berse-dek öz-özi galanda, öýde-ýekekä juda agyr oýlara gark bolanyny duýman gaýaýardy. «Dogrudan hem iş nähili guramaly, nähili dolandyrmaly?» Bu sowal ony öz erkine goýmaýardy. Oňa şu sowallaryň içinde artyk hereket etmäge bolsa, Alla-Tagaladan rugsat ýokdy. Onuň özbaşyna bir iş etmäge-de hukugy ýokdy. Çünki, bu uly ýol, uly iş diýseň garaňkydy. Bu agyr ýolda sähel ýalňyşlyk gitse, tutuş yslama zeper ýetmegi mümkindi. Şonuň üçin-de heniz-henizler sabyr etmelidi. Sabyr Rahmandan diýlenidi. Resul Alla «sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip, arkaýyn oturmaga taýýardy. Emma durmuş, gün-güzeran ýeňil däldi. Ol öz yzyna düşüp, öý-öwzaryny, malyny-baýlygyny, goşuny, ähli serişdesini Mekgede taşlap gelen musulmanlaryň gaty hor bolýanyny görüp durdy. Söwda edeýin diýse, olaryň maly-harydy ýokdy. Ekeýin diýse, ýeri ýokdy. Ylaýtada, has gorkulýan zat, musulmanlar bilen ýasriblileriň arasyndaky sazlaşyga zeper ýetiler, öýdülmegidi. Ýerli ilat indi näçe aý bäri olar bilen yrsgalyny bölüşip, bu musulmanlary iýdirip-içirip ýaşap ýördi. Elinde maly, puly, harydy, ýeri bolmadyk musulmanaryň özlerem beýle bikärligi utanç hasap edýärdiler. Olar ýat ýurtda, ýat adamlaryň alynda minnetli ýaşamak islemeýärdiler. Gelenleriň arasynda Mekge ýurduny undup bilmeýänleri hem az däldi. Olar «towşana dogduk depe» diýip, yzlaryna gaýtmanyň hem pikirini etmän oňanokdylar. Bu ýagdaý Mekgeli müşrükler olara ýüzlenip, iki sapar hat ýazandan soň has hem möwjäpdi. Mekgeli müşrükler Muhammet pygamberi ellerinden çykanlaryna puşman etmeklerini häli-häzir hem goýanokdylar. Olar: «Biz Ýasribe çozarys, onsoň siziň külüňizi çykararys. Kim Muhammedi goldaýan bolsa, onuň jezasy ölümdir!» diýip, bet pygylly hatlary ýazýardylar. «Muhammediň ýalan sözlerine aldanyp gidenleriň» yzyna dolanmaklaryny sargap, nama gönderýärdiler. Bu hatlar Mekgede gülüp gün görmedik, dört-bäş ýyllap salyň üstünde ýaly, jebri-jepaly günlerde ýaşan musulmanlaryň kalbyna rahatlyk berenokdy. Olar sähel söze, sähel igenji tisginişip durdylar. Gijeleriň birinde juda gorkunç ses eşiden musulmanlaryň ählisi ýaraglaryny dakynyşyp, köçä çykdylar. Onsoň Resul Allanyň öz köňli hem bu meselelerde rahat däldi. Sähel agyrrak ses eşitdigi, onuň özem gylyjyny dakynyp, daşary çykýardy. Ol müşrükler, olaryň raýyna gidip, Ýasribi musulmanlardan öler ýaly gabanýan arap taýpalary bilen birleşip, islendik mahaly üstlerine çozup biler» diýip pikir edýärdi. Onuň pikiri dogrudy. Mekge müşrükleri, alajyny tapsa, olaryň üstüne duýdansyz çozup, olaryň ählisini ýok etjekdi. Ýöne olaryň hem musulmanlardan gorkusy az däldi. Mekgeden Ýasribe geçen musulmanlar özleriniň ýalňyz Allasyna, onuň Resulyna diýseň wepalydy. Onuň üstesine-de olar Mekgeni gowy günleri üçin meslikden taşlap gaýtmandylar. Olaryň hem şol müşrüklere bolan gahar-gazaby egsiler ýaly däldi. Şol gazap ýaraga geçäýse, müşrükler özlerine aňsat bolmajagyny gaty gowy bilýärdiler. Mekge müşrükleriniň ýene bir gaty gorkýan zady, Ýasrib ili olaryň yrsgalynyň ýaşaýşynyň göbegini kesýän ýerdi. Olaryň ähli söwda kerweni şu ýol bilen geçýärdi. Eger söweş şowsuz gutaryp, ýeňiş ýasribli musulmanlaryň eline geçäýse, olar özleriniň güzeranynyň dat gününe boljagyna oňat düşünýärdiler. Şonuň üçin Ebu Läheb hem, Ebu Sufýan hem, Ebu Jähil-de juda pynhan ýol bilen söweş alyp barmalydygyny aňlaýardylar. Olar Ýasribde ýaşaýan histianlardan, ýahudilerden hem-de musulmanlardan göwni suw içmeýän ýasriblilerden haraý isleýärdiler. Zyýarata baranlar bilen dilleşip, musulmanlaryň, arasyna gizlin ilçileri iberip, gelmişekliler bilen oturymly halkyň arasyna çöp atmak isleýärdiler. Olar: «Basym mekgeliler çozjakmyşyn» diýip, ýalan habarlar ýaýradyp, musulmanlaryň, ýüregine hemişelik sarsgyn salmak isleýärdiler. Olaryň ýuwaşlyk bilen urýan sarsgynly pahnasy az-kem duýlubam başlapdy. Käbir ýasribliniň eýle-beýle gürrüňler edip, «musulmanlaryň, diňe ýatyp-iýmäni başarýandygy» baradaky närazy gepleri Resul Allanyň hem gulagyna ýetipdi. Bu ýerde, bazar, ekin-tikin üýtgeşik talap bolmany üçiň Mekgeden gelen musulmanlar mejbury işsiz gezýärdiler. Olaryň köpüsiniň ýekeje gaýgysy bardy, ol hem garynlaryny doýurmakdy. Ine, şu meseleler çözülmese, onda bu ownuk-uşak gepleriň juda ula gitmegi-de mümkindi. Şonuň üçin Resul Alla bu ýere göçülip gelnenden bäş aý soň, Mekgeden göçüp gelenlerden, ýagny muhajyr adyny alanlardan kyrk bäş adamy, ensar adyny alan ýasribli musulmanlardan hem kyrk bäş adamy öz ýanyna çagyrdy. Onuň çakylygyny almadyk adamlar hem edil, toý mähellesi ýaly bolup gelipdiler. – Eziz doganlar! – diýip, Resul Alla adamlara ýüzlendi – on sekiz müň älemi ýokdan bar eden Alla bu gün bizi bir diniň saýasyna mynasyp etdi. Indi biz musulman bolduk. Allany bir bilen her bir musulman ýeriň ýüzündäki ähli musulman bilen dogandyr. Ýöne, biz şol mukaddes doganlygy Belent-Taňrynyň dergähinde berkitmeli. Bu doganlyk kiçi dilden bärki, ýa-da garnyň doýanyndan soň, mesligiňden dil ujundan edilen bolmaly däldir. Beýik Taňry şaýatdyr, bu doganlyk her bir musulmany jennet buşlugy bilen bendirer. Her bir muhajyr, her bir ansar, enşalla, ýakyn wagtlarda bu doganlygyň şirin miwesini görer. Ol eşretli miwe Alla-Taglanyň bize beren nygmatydyr. Resul Alla, gelip oturanlary birlaý gözden geçirdi-de, uly begenç bilen buşlap başlady. – Selman Farsy, men sada Ebud Derdany dogan berýärin. Amman, men saňa Huzeýfäni dogan berýärin. Musap, sen Ebu Eýýub bilen Belent-Taňrynyň dergähinde dogan bolduňyz... Şol gün Resul Alla kyrk bäş ensar bilen kyrk bäş muhajyri dogan etdi. Geň galmaly ýeri, Resul Allanyň «siz dogan» diýip çigin düwen ynsanlary düşünjeleri, akyl-paýhaslary tarapyndan şeýle bir meňzeşdi, ýakyndy, beýle gabat gelmäni, müň gün oýlansaň hem talyp boljak däldi. Doganlaşmanyň soňy has ýaýrap gitdi. Indi göçüp gelenleriň köpüsi ýerli ensarlar bilen doganlaşypdy. Ensarlar özleriniň doganlaryna göz öňüne getirip bolmajak ýagdaýda wepaly bolup çykypdylar. Her bir ensar muhajyr doganyna öýüniň töründen orun beripdi. Soňra mal-mülküni onuň bilen deňje-derman bölüşipdi. Resul Allanyň doganlyk düwünçegini düwenleriniň arasynda muhajyr Abdyrahman b. Awf bilen ensar Sad b. Reb hem bardy. Sad b. Reb diýseň tüçjar baýdy. Ol Abdyrahmany gujaklap: – Eziz doganym, men mal-mülk taýdan ýasriblileriň iň baýydyryn. Allanyň dergähinde, Resul Allanyň şaýatlygynda mal-mülküniň deň ýarysyny doganym bolan saňa bagyş edýärin – diýdi. Abdyrahman b. Awf ony bagryna basdy. – Gadyrly doganym, Alla seniň malyňy özüňe haýyrly etsin, men indi oňa matäç däl. Maňa ýagşylyk etjek bolsaň, söwda bazarynyň ýoluny görkez. – diýdi. Sad b. Reb ony ertesi gün kaýnuka bazaryna alyp bardy, Abdyrahman b. Awf ol ýerden haryt alyp, olary satyp başlady. Muhammet pygamberiň ak patasyny alan bu söwdagär soňra görlüp-eşidilmedik ýagdaýda baýap gitdi. Bir gün Abdyrahman b. Awf ertir namazyny okap otyrdy. Şol wagt şeýtan onuň aňyna agyr kerweniň aladasyny saldy. Ol şol namaz okap oturyşyna: «Beý, kerwenim nirä ýetdikä?» diýip oýlandy. Soň birden gaty günä iş edip, namazyny bozanyny duýup galdy. Abdyrahman b. Awf pähimi durlanandan soň, namaz okap otyrka şeýtanyň alyna gidenine gaty utandy-da, başyny belent galdyrdy. – Eý, Biribar, günämi öt. Şol ýedi ýüz düýe ýükli agyr kerweni durşuna Alla ýoluna sadaka berýärin. – diýdi. Doganlaşmanyň soňy, Resul Allanyň aýdyşy ýaly, juda haýyrly boldy. Doganlaryň mal-baýlygy barha köpelýärdi. Ensarlar diňe bir mallaryny däl, hurma, zeýtun ekilen ýerlerinem doganlary bilen bölüşýärdiler. Emma muhajyrler ýer işlerinden habarsyzdylar. Şonuň üçin olaryň doganlary Resul Allanyň maslahaty bilen ýer depmek, suw tutmak işlerini özleri edip, hasyl ýygnamagy olara tabşyrýardylar. Ýygnalan hasyly bolsa deňje-derman paýlaşýardylar. Bu bolsa iki tarapa-da ýeňildi. Soň-soňlar muhajyrler hem ýer işlerine ökdeläp başlapdylar. Resul Allanyň bu paýhasly ýörelgesi iki tarap üçin-de diýseň peýdaly bolmakdan başga-da, Belent-Taňrynyň razylygyna-da mynasyp bolupdy. Alla Tagala özüniň Resul Alla iberen sürelerinde doganlaşanlaryň bu işlerini jennet buşlugy bilen mübärekläpdi. Bu haýyrly işini Muhammet pygamber Mekgeden göçüp gelen musulmanlaryň arasynda-da ýaýradypdy. Şondan soň hezreti Ebu Bekir bilen hezreti Omar dogan boldy. Olaryň mähribanlygyny synlan Resul Alla: pygamberlerden başga öňde-soňda jenneti bolanlaryň kämilligine ýetenleriniň iki sany ägirdini görmek islän adam şu gelýänleri synlasyn...» diýip buýsanç bilen aýtdy. Ýeke-ýekeden dogan bolan musulmanlardan bagtly adam ýokdy. Emma Resul Allany haýrana goýan bir ýagdaý bolup geçipdi, Muhammet pygamberiň bolýan öýüne Aly Ebu Talyp geldi. Onuň keýpi ýokdy. Dogrusy, hemişe mähir bilen balkyldaýan käse ýaly dogumly gözlerinde gussaly ýaş bulak bolup akyp durdy. Resul Alla onuň bolşuny görüp, tisginip gitdi. – Aly, jan oglum, bolup gelşis nähili, eýgilikmidir! Aly: – Eziz Resul Alla Serwerimiz, sen sahabalary biri-birine dogan etdiň. Emma meni hiç kim bilen dogan etmediň! Pygamber serwerimiz ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy. – Eý, Aly, şu dünýäde-de, ahyretde-de men seniň bilen dogandyryn. Alynyň gözlerine şol pursadyň özünde bagtlylygyň ýalkymly röwşeni çaýylyp gitdi. 2. We munawyklardan birnäçeleri musulmanlara zelel we kapyrlyk we musulmanlaryň, arasyna agzalalyk salmak we ozaldan başlap Belent-Taňrynyň we onuň ilçisiniň garşysyna göreş alyp barýan adamyň gelmegine garaşmak (bermek) üçin bir metjit saldylar. We biz şu metjidi ýagşylyk üçin gurduk, başga niýet bilen gurmadyk diýip, elbetde, ant içerler (içdiler). We Belent-Taňry güwälik berýär, takyk, olar elbetde, kezzaplardyr. Gurhan. 9-njy süre. 113-nji aýat. Muhammet pygamber kä gijeler kirpigini kirpigine gatman oýlanýardy. Ýasribe gelenine indi, bir ýyla golaý wagt bolup barýardy. Emma onuň isleg-arzuwlary heniz bitiberenokdy. «Hudaýa müň kerem şükür, muhajyrler, ensarlar bal bilen gaýmak kimin gatyşyp, garyşyp gitdi. Ýöne...» Resul Allany agyr oýlara batyrýan ýene-de Mekge wakalarynyň, agzalaçylygyň başlanmagyna alyp barjak ýagdaýlaryň öňde durmagydy. Ýasribde Muhammet pygamberiň musulmançylyk dinini kabul eden, Alladan özge Taňrynyň ýoklugyna, Muhammediň onuň Resulydygyna uýýanlar az däldi. Olaryň ählisi Resul Allany goldaýardylar. Oňa ähli meselede diýen ýaly, gol ýapýardylar. Emma ensarlar bilen muhajyrleriň doganlaşmagy, olaryň öz aralarynda mallaryny, ýerini, malyny deňje paýlaşmaga, muhajyrleriň Ýasribde orun alyp, baýap, örňäp barmagy ýerli, aňyrdan gelýän gaty gurply, baý adamlaryň göwnüne ýarap baranokdy. Olar ençeme ýyllap azap edip, der döküp ýygnan mal-mülküni yslamyň hatyrasyna, ýele sowrup goýberibermegi islänokdylar. Şonuň üçin olar kiçi dilden berde Muhammet pygambere uýýan bolsalar-da, hakykatda bu ýagdaýy köneje düzgüne gaýtaryp getirmegiň aladasy bilen ýaşaýardylar. Muhammet pygamber özüne şeýle talap bilen ýüzlenen adamlara «munafyklar» – ikiýüzliler diýip at beripdi. Ikiýüzlüleriň ýolbaşçysy Abdylla ibn Ubaýýa ansarlaryň güýçli toparyna ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň özüniň öňe sürýän talaplary bardy. Ibn Ubeýýa juda täsin adamdy. Ol baýlygyndan başga-da, diýseň hökümli, daýaw, sözlerini gerek ýerinde höküm edijilik bilen ulanyp bilýän adamdy. Dilewarlygy, hilegärligini gizläp. bilýänligi bilen adamlaryň erkini öz eline alyp başarýardy. Onuň sypaýy ýüzüni, şeýle şelaýyn sözüni eşidenler oňa maýyl bolanlaryny duýman galýardylar. Ol Resul Allany görende-de ylgap öňünden çykýardy-da, oňa heniz görülmedik hormatlary edip, eşdilmedik hoşamaý sözleri aýdýardy. Adamlary Resul Allanyň ýolundan sowup, Muhammet pygamberi arzylap, oňa iň hormatly ýeri hödürleýärdi. Resul Alla sözläp durka oňa kimdir biri sowal bermek isläýse, onuň sesini şol wagt kesýärdi. Resul Alla namazdan soň öýüne gaýdanda-da ony hormat bileň tä işigine çenli ugradýardy. Oňa juda hormatly sözleri aýdyp, hoşlaşýardy. Emma... Emma ol Resul Alla «Men saňa iman getirdim» diýip, näçe şelaýyn sözlese-de, öz hemşerleriniň, arasyna baranda: «Etmelisi şeýledir, entäk biz ýüzümizi açmaly däl, men siziň bilendirin» diýip, olaryň tarapyna geçýädi. Onuň dilinde bir zat, ýüreginde başga bir zatdygyna Resul Allanyň hem gözi ýetikdi. Bu adamlaryň ýüreginiň kuwwaty, bar umydy baýlykdy. Özleriniň baýlygyny saklamak üçiň olar kime iman getirmeli bolsa taýýardy. Mynapyklaryň ýalançylygy Resul Allanyň gaharyny getirýärdi. Ylaýta-da, olar Metjidi Nebewi gurulýarka, onuň gapdalyndan görene göz edip, al-Dirar atly metjitlerini gurupdylar. Muhammet pygamber olary ýanyna çagyryp: «Bu metjit halal däl» diýip aýdypdy. Soňra ol: – Eýsem olar (ikiýüzlüler) Alla-Tagalanyň we onuň resulynyň garşysyna gitmegiň müdimilik jähennem oduna galmak bilen barabardygyny bilmeýärlermikä? – diýipdi. Mynapyklaryň özbaşlaryna metjit gurmaklary, olaryň ony görse onluk, muny görse, munluk bolşup ýörmegi, mal-mülk hakynda ansarlar bilen muhajyrleriň arasyna çöp atmak baradaky hyşy-wyşy gürrüňler edip ýörmegi, diňe özleriniň metjidinde döşlerini gaýşardyp, namaz okan bolmaklary, Resul Allanyň pikiriçe, ýaňy başlaýan yslam döwletini opurmakdan başga-da, Ýasrib iliniň agzyny alartmakdan özge hiç zat däldi. Çünki, wepaly musulmanlar bilen «ikiýüzlileriň» arasynda ýumruklaşyp uruşma, ganjaryşma hem bolman duranokdy. Muhammet pygamber çekinmän, ikiýüzli mynapyklaryň bu gylygyny paş etdi. Ol her bir juma namazynda olara juda berk gaýtawul berýärdi. Ýöne Resul Allany ikiýüzlülerden hem beterräk alada goýýan başga bir ýagdaý bardy. Ýasribli ýehudylar, nasarlar Ebu Amiriň baştutanlygynda yslamy we Gurhany doly inkär edýärdiler. Olar öz dinlerini, özleriniň kitabyny öňe sürýärdiler. Muhammet pygamberiň özi geçen pygamberleriň ählisini, Alla-Tagallanyň iberen kitaplarynyň ählisini ykrar edýärdi. Olara juda uly hormat goýýardy. Şonuň üçin ol bu ýerdeki tire-taýpalaryň ählisiniň yslamy-da, Gurhany-da ykrar etmegini isleýärdi. Ýehudylaryň, nasarlaryň içinde ençeme adam Allanyň, ýeketekligini, Muhammediň onuň resulydygyny ykrar edip, musulman bolupdy. Emma nasarlaryň hem-de ýehudileriň has uly bölegi ýerli şyhlar bilen birigip, Muhammediň pygamberliginiň, Gurhanyň üstünden gülýärdiler. Olar çem gelen ýerde, gabat gelen ýerde özleriniň pygamberlerini mahabatlandyryp özleriniň kitaplaryny öwýärdiler. Olar özleriniň kitaplaryndan süreleri getirip, soň hem Gurhandan aýatlar okap, Gurhana at dakýardylar. Olar juda gaty gidip: «Gurhan gökden inen kitap däl. Muhammetden Allanyň, pygamberi bolmaz» diýýärdiler. Şeýdip olar musulmanlara, yslama, Resul Alla garşy açykdan-açyk wagyza geçipdiler. Emma Resul Alla Ybraýym pygamberiň eteninden berk ýapyşyp, olara berk gaýtawul berýärdi. Ybraýymyň dininiň ähli dinlerden gadymylygyny, Injiliň, Töwratyň ondan kän soň gökden inendigini howlukman adamlara düşündirýärdi. Ebu Amiriň topary Muhammet pygamberiň dinini Ybraýym pygamberden gözbaş alyp gelýen din hökmünde-de ykrar etmeýärdiler. Olar, asyl, Muhammet pygamberiň özüniň-de, onuň din-şerigatynyň-da Ýasribde bolmagyna elleri, aýaklary bilen garşydylar. Sebäbi olara sapak berýänler az däldi. Şonuň üçin olar bu dini, Resul Allany ýok etmek üçin özleriniň mugallymy hem-de gizlin howandarlary Mekge müşrükleri, ikiýüzli mynapyklar, şu töwereklerdäki kapyra öwrülip giden ganojak taýpalar bilen dilleşip, birleşip, musulmanlary aradan aýyrmak üçin her hili geleşige taýýardylar. Resul Alla şu ýerde bir ýagdaýa göz ýetirdi. Onuň ýerli taýpalar bilen birleşip, metjitler gurup, birek-birek bilen doganlaşyp, gurply, döwletli baýlary garyp-gasara haýyr-sahawat etdirip, gullary azatlyga çykaryp, kir-kimirsiz, azat- erkin ýoly ýöremek niýeti şindi-şindiler başa barjak däldi. Ol «ahyr bir gün şol umytlaryma-da gowşaryn-da» diýip gol gowşuryp oturmaly däldigine-de düşünýärdi» Şonuň üçin ol her güni wagyz bilen tekrarlaýardy. Alladan gelýän, edil şu gün üçin garaňky gijäniň dolan Aýy ýaly aýdyň aýatlary adamlara ýetirýärdi. Ol soňa baka Alladan gelýän wahiýleriň ruhuna gapanýardy. Şonuň bilen hem «Alla Taglanyň ähli Kitaby mukaddes. Kim Alla-Tagala ynanýan bolsa, haýyr-yhsan edýän bolsa, şolary Alla ýalkar...» diýip aýdylýan düşünjäniň üstünde, bir depen ýeriňi depip oturmaly däldigine-de düşünipdi. Adamlaryň adynyň, düşünjesiniň, dünýäni görşüniň deň däldigini Resul Allla gowy bilýärdi. Her kim özüniň agyran ýerini tutýardy. Her kim özüne ýakyn tanyş zady magtaýardy. Olar özlerine öňden ata-baba gelýän kitaba uýýardylar. Şondan başga kitaby-da, pygamberri-de doly ret edýärdiler. Muhammet pygamber şonuň üçin ýasrib musulmanlarynyň arasynda-da, ikiýüzlileriň, ýehudidir nasarlaryň wekilleri bilen duşuşanda-da, yslamyň şerigaty, bu diniň täzeligi, indi onuň ahyrzamana çenli könelmejek taglymatdygy baradaky pikirlere agram salýardy. Ol şol tekrarlamalarynyň dowamynda «Kitap inenler» deň bolsun olar öz aralarynda dogan bolsunlar, olaryň arasynda berk doganlyk gatnaşyklary bolsun diýen tekrarlamalarynyň indi ýol almaýandygyna düşünipdi. Öňde uly işler, uly azaplar garaşýardy. Beýik Yslam döwleti gurulmalydy. Musulmançylyk taglymaty, şerigat ýollary işlenip düzülmelidi. Tire-taýpalaryň ählisiniň jemlenmeli Yslam döwletini goramak, bu döwletiň ykdysady, syýasy, sosial ugurlaryny gurnamak hem-de ýöretmek meselesi indiki juda möhüm wezipe bolup, öňde durýardy. Geljekde bu yslam ýurdy uly göreşleriň, köne bilen täzäniň berk çaknyşyklarynyň ýurdy bolmalydy. Emma häzir welin howlukman şujagaz gazananlary hem dargatman ýaşamalydy. Resul Alla öz boýnunda juda agyr ýüküň asylyp durandygyny duýýardy. Ýol agyrdy, edilmeli iş kändi, özem olar juda çökderdi. Şonuň üçin ol häzir özi hakynda, özüniň Allanyň Resulyňygy hakynda, öz mertebesi hakynda gürrüňdeşikde dil ýarylmagyny asla islemeýärdi. Häzirki wagtda onuň öz mertebesini magtamagy Alla-Tagalanyň buýrugy bilen bina bolýan Yslam ymaratyna şikes ýetirmegi gaty ahmaldy. Şonuň üçin ol hemişe her bir gürrüňde, wagyz-nesihatda esasy agramy yslamyň berkemegine berýärdi. Şolaryň ählisini bir ýere çugdamlap, ýasrib musulmanlarynyň bir çukura tüýkürenini göresi gelýärdi. Ýasribe göçülip gelnenine bäş-alty aý bolupdy. Resul Alla töweregindäki ýagdaýlaryň ösüşini görüp, mynapyklaryň, ýehudylaryň, nasarlaryň bulanyşyny synlap, nähilidir bir güýçli çäräniň görülmelidigini barada oýlananyny duýman galýardy. Ol indi öňe gitme barada-ha pikir hem edip bilenokdy. Gaýta, şujagaz gazanylanlary gorap saklamagyň aladasyny küýünden çykaryp bilmeýärdi. Çünki, bu azgynçylyk, bölünişik, baş-başdaklyk gün-günden ýaýrap, güýçli ýaýbaňlanyp barýardy. Munuň özi Resul Allanyň pikiri boýunça, sözüň doly manysyndaky opurylyşykdy. Muhammet pygamber bu juda howply opurylyşygyň yslam mülküni hopmagyny islenokdy. Ol Ebu Bekiri, Omary, Osmany hem-de Alyny ýanyna çagyrdy. Olara özüniň edýän pikirlerini aýtdy. Töwerekdäki ýagdaýy düşündirdi. Olaryň barysynyň pikirini bir ýere çugdamlady. – Musulmanlaryň, maslahatyny çagyrmaly!.. Şondan köp wagt geçmänke Resul Alla musulmanlaryň, muhajyrlaryň, ansarlaryň hem-de din meselesinde bular bilen pikirdeşleriň maslahatyny çagyrdy. Bu geňeş Enes b. Meligiň öýünde bolup geçdi. Muhammet pygamber bu geňşiň tire-taýpalaryň ownuk dawalarynyň derejesinde galmagyny islänokdy. Ol bu geňeşi ilkinji yslam döwletini döretmegiň derejesine çenli ýokary galdyrdy. Geňeşiň gelen netijesini Resul Allanyň maslahaty bilen kagyza geçirdiler. Şol ýazga geňeşe gatnaşýan taraplaryň kethudalarynyň makullaýjy gollary goýuldy. Şonuň üçin bu resmi Kanuna: «Kuraýyş tiresiniň dindarlary (muhajyrlar) bilen Ýasribiň dindarlarynyň (ansarlaryň), şeýle hem olaryň yzyna eýerjek we olara goşuljaklaryň özara ylalaşygynyň ýazuwy» diýlip, sadaja aýdylsa-da, onda döwlet derejesindeki meseleler gozgalýardy. Bu Kanunda döwlet gurluşygynyň pirinsipleri, ykdysady, esasan hem jebisleşmek meseleleri göz öňünde tutulýardy. «Medine Kanunnamasy» adyny alan bu Esasy Kanun 52 maddadan ybarat bolupdy. Onuň birinji hem-de ikinji; maddasynda şeýle diýilýärdi: «1. Bu Kitap (ýazgy) Resul Alla Muhammet sallallahy aleýhiwesselem tarapyndan Kuraýş we ýasribli mükminler hem musulmanlar, bulara tabyn bolanlar bilen olara goşulanlar we olar bilen birlikde jihad edenler üçin ýazylandyr. 2. Ynha, bular beýleki ynsanlardan aýry bir topardan durýarlar.. .» Resul Allanyň pikirine görä, bu Kanun medineli musulmanlardan täze bir «millet», özbaşdak halk, aýry döwleti emele getirýärdi. Şu «milletiň», şu döwletiň beýleki tire-taýpalar bilen gatnaşygyny Muhammet pygamberiň hut özüniň talaby boýunça, şu Kanunnamada aýyl-saýyl görkezilipdi. Resul Allanyň pikriçe, bu Kanunnama geljekde gaty köp meselede şertmamalar düzülmeginiň, döwlet işini ýöretmegiň, döwleti dolandyrmagyň esasy bolmalydy. Resul Alla Ýasrib-Damask aralygyndaky söwda ýollarynda ýaşaýan taýpalar bilen hoşniýetli gatnaşygy ýola goýmak barada şu Kanunnamanyň esasynda şertnama baglaşdy. Bu Kanunnama Ýasrib şäherinde ýaşaýan ýahudilerden, hristianlardan we beýleki milletlerden bolan taýpalaryň wekilleri bilen agzybir gatnaşykda bolmak barada bölümler girizildi. Olaryň täze musulman döwletiniň doly hukukly graždany bolmaga hakynyň bardygy bu Kanunnamada ýörite nygtalýardy. Resul Alla bu Kanunnamada ýahudiler bilen musulmanlaryň gatnaşygy, dawalary, düşünişmezlikleri, uruşlary çözmegiň anyk ýollaryny hem kesgitlenýärdi. Şol kesgitnama göre, bu meselelleri Muhammet pygamberiň dide özi çözmelidi. Eger uruş turup, şäher howp astynda galan ýagdaýynda, owda ýahudileriň orny, etmeli işeri hem bu Kanunnamada anyk görkezilýärdi. Bu Kanunnama hukuk meselesiniň, ýer alyp-satmak meselesiniň, tire- taýpalaryň içerki meseleleriniň, uruş-parahatçylyk meseleleriniň, beýleki ähli meseleniň diňe Resul Alla tarapyndan çözülýändigini tekrarlaýardy. Bu Kanunnamada Muhammet pygamber ýeketäk Allanyň, pygamberi we resuly diýlip, ilkinji sapar hat üsti bilen tekrarlanypdy we kanunlaşdyrylypdy. Ol şu geňeşde hat üsti bilen «ähli muhajyrlaryň Serdary saýlandy» diýilip ykrar edilýärdi. Heniz hakyky häkimlik, hakyky döwlet dolandyryşy bolmasa-da, bu Kanunnama özüniň agramy, möhümligi bilen az-küş zady wada berenokdy. Bu geňeşe ýygnananlar beýle bir üns berip durmasalar hem Resul Alla şäher döwletini ýola goýmaga, ony hukuk, harby, ykdysady, syýasy we sosial hem-de dini tarapdan ýöretmäge doly hukuk alypdy. Bu Kanunnama taraplaryň ählisi razylygyny bildirip, gol goýuldylar. Indi ýurt kanun boýunça Resul Allanyň eline geçipdi. Emma bu Kanunnama kabul edilse-de, oňa boýun bolmajak bolýanlar, ony äsgermeýänler, ondan çekinmeýänler, ony ýatlamaýanlar kändi. Ýasribde adamlar heniz hem öz durmuşy bilen ýaşaýardylar. Ähli ýagdaý öňki-öňkülikdi. Köp adam öňki maslahatlarda, geňeşlerde bolşy ýaly, bu Kanunnamada ýazylanlar hem undular gider diýip oýlanýardy. Olar bu Kanunnamany äsgermek hem islemeýärdiler. Şonuň üçin şäherde ýahudiler, nasarlar, wassanparazlar, mynapyklar öz aralarynda birleşip başlapdylar. Olar eýýäm Resul Allanyň toparyna-da agzalalyk salmaga ýetişipdiler. Olaryň kuraýyşlary, çöldäki ownuk taýpalary, göçüp-gonup ýören çarwalary özlerine birleşdirýändikleri baradaky howsalaly habary Resul Alla ýetiripdiler. Indi muhajyrlar bilen ansarlar hem biri-birlerine gyýa göz bilen garaýardylar. Muhajyrlaryň özleri hem sadakalaryň, bu emeli doganlaşmanyň hasabyna uzak ýaşap bilmejekdiklerine göz ýetiripdiler. Bu ýagdaýlar Resul Allanyň özüne, yslama, bu ugurda gazanylan iň mukaddes zatlara juda uly howp salýardy. 4. Eý Muhammet (a.s.m), sen onuň emrine boýun bolmagyn, namazyňy taşlamagyn we Taňra dowamat namaz okagyn we Belent-Taňra tagat etmek bilen ýakyn bolgun. Gurhan. 96-njy süre. 20-nji aýat. Metjidi Nebewiniň gurluşygy tamamlandy. Onuň içini-daşyny ören oňat timarladylar. Üstüni hurma agajanyň şahalary bilen endigan basyrdylar. Üç işikli, her tarapy otuz iki metr, ýagny altmyş dört gary bolan metjidiň ortasynda täret kylmak üçin dury suwly howuz gurdular. Metjidi Nebewiniň bir bölegi aýallar, ikinji bölegi bolsa erkekler namaz okamak üçin kesgitli bellenildi. Resul Alla namaz okalanda hiç kimiň göwnüne galp pikir gelmesin diýip, olary aýry toparlarda namaza durmagy buýurdy. Din-ymmatynyň kem-kemden kämilleşip barşy ýaly, indi namaz okamak hem kämilleşýärdi. Indi ilkinji Yslam döwletiniň deňli-derejeli metjidi bardy. Onuň pygamberi, Serdary, wepaly ummaty bardy. Musulmançylyk, ynsap, adamkärçilik, sahylyk, iman getirmek, arassalyk däpderi kem-kemden kemala gelip barýardy. Muhammet pygamber halallyk bolsun, ynsanperwerlik bolsun, her bir meseläni ýagşy bişirmän orta atmaýardy. Mesele bir orta atylandan soň, ony onuň özi-de bozmaýardy, beýlekilere-de bozduranokdy. Namaz, baryp gadym zamanlardan Ybraýym pygamberiň döwründen bäri iki rekatdan günde iki sapar, agşamyna hem-de ertirine okalardy. Muhammet pygamberiň Beýik-Ýaradandan öz ummaty üçin her biri on sogapdan durýan bäş wagt namazy diläp alandan soň, olary näwagt, haçan okamalydygy baradaky mesele orta atylypdy. Bu mesele Resul Allany birneme aljyradypdy. Çünki, ol namazy Belent-Taňry musulman bendesinden razy bolar ýaly, haçan okalanda gowy boljagyny bilenokdy. Ony Belent-Taňrydan özge biljek hem ýokdy. Şonuň üçin Resul Alla Alla-Taglanyň belent Ruhy bolan Jebraýyl perişdä ýüz tutmagy makul bilipdi. Çünki, Jebraýyl perişde Alla-Tagalanyň islegini duýup bilýärdi. Haçan-da, namaz üçin täret kylmaly bolanda-da Muhammet pygamber Jebraýyl perişdeden kömek sorapdy. Oňa täreti nähili kylmalydygyny hem öwreden şoldy. Onsoň ol namazy bäş wagtyna bölmegi hem Jebraýyl perişdeden haýyş edipdi. Jebraýyl perişde baryp Adam aleýhyssalamdan başlap, namaz okan pederleri sanap berdi. Asyl, görlüp oturylsa, bäş wagtyň öz ýeri, orny, wagty hem bar ekeni. Jebraýyl perişde gürrüň berdi: – Ertir namazyna – Namazbamdat – diýerler! Ol Adam aleýhyssalamdan galandyr! Adam aleýhyssalam Behiştde günäkär bolansoň, Alla-Tagala ony Ýer ýüzüne düşürdi. Onuň Ýere düşen wagty ýary gijedi. Adam aleýhyssalam: «Bu garaňkylykda nädip ýaşarkam?» diýip gaty köp aglady. Birnäçe wagtdan soň daň atyp başlady. Adam aleýhyssalam seredip görse, gaýra ýagtylyp, ileri garaňkyrap dur. Ol derrew: «Häk, bu iki gapyly dünýä eken-ow. Gaýradan girilip, ileriden çykylýan eken. Biz bu ýere synag üçin iberilen ekenik» diýip, onuň şükrünnasyna iki rekat namaz okady. Şeýdibem ertir namazy Adam aleýhyssalamdan galypdy. – Öýle namazyna – Namazpeýşi – diýerler! Ol Ybraýym aleýhyssalamdan gadandyr... Ybraýym pygamber Nemrud patyşanyň ýanyna baryp, oňa: «Ýeketäk Taňra iman getir!» diýip emr etdi. Muňa gaty gahary gelen Nemrud patyşa uly ot ýakdyryp, Ybraýym aleýhyssalamy şol oda atdyrdy. Ybraýym pygamber «Meni otda ýandyrma!» diýip, Alla arz etdi. Alla-Tagla bu oda emr etdi. Şondan soň bu ot gül-gülzarlyga öwrüldi. Jebraýyl perişde bolsa Ybraýym pygambere Behiştden namazlyk alyp berdi we onuň daňylgy gollaryny çözdi. Şonuň şükrünasyna namaz okamagy öwretdi. Ybraýym Halilulla dört rekat namaz okady. Şol wagt öýledi. Şeýdibem, öýle namazy Ybraýym aleýhyssalamdan galdy. – Ikindi namazyna – Namazäser – diýerler. Ol Ýunus aleýhyssalamdan galandyr. Ýunus aleýhyssalam patşasyna we ummatlaryna «Alla iman getiriň!» diýip emr etdi. Emma olar oňa boýun bolmadylar. Şonda şeýtan: «Olar seni ýok etjek bolup, gözläp ýörler» diýip habar berdi. Ýunus aleýhyssalam çölden Nil derýasynyň boýuna gaçyp bardy. Ol gäminiň içindeki adamlardan sorap, gämä mündi. Ýolda erbet gaý turup başlady. Äpet tolkunlar gämini ýuwdup barýardy. Gämiçiler derýa ýüz tyllany taşlap, ondan özlerini aman goýmagyny towakga etdiler. Sebäbi, öň şeýle edilende tolkun şol b da ýatýardy. Emma bu sapar gaý barha güýjeýärdi. Şeýle bolansoň, gämiçiler: «Aramyzda bir günäkär bar» diýip gäminiň içini gözläp başladylar. Olar şol ýerde Ýunusa sataşdylar! Oňa «Sen kim?» diýip sowal berdiler. Men: «Men Alla-Taglanyň pygamberi Ýunusdyryn!» Olar Ýunusy goýberdiler-de, kimdir birini derýa atmakçy boldular. Emma Ýunus: «Iň uly günäkär mendirin!» diýdi. Olar näme üçindigini soradylar. Ýunus aleýhyssalam aýtdy: «Indi bildim, men şeýtanyň, sözüne aldanyp, Alla-Tagaladan towakga etmän bu ýere öz kowumlarymdan gaçyp gaýtdym...» Şondan soň olar Ýunus aleýhyssalamy derýa atdylar. Şol wagt Belent-Taňry Zowalarş atly balyga: «Bar, sen Ýunusy ýuwutgyl» diýip emr etdi. Ol balyk Ýunusy suwa degirmän ýuwutdy-da, kyrk günläp kellesini suwdan çykaryp gezdi. Soň hem bir dagyň etegine eltip, suwuň gyrasyna çykaryp goýdy. Ýunus balygyň, garnyndan çykan wagty Gün ikindi bolupdy. Ol balygyň içinden sag-salamat çykmagynyň şükrünnasyna dört rekat namaz okady. Şeýdibem, ikindi namazy Ýunus aleýhyssalamdan galdy. – Agşam namazyna – Namazşam – diýerler... Ol Isa aleýhysalamdan galandyr... Isa aleýhyssalam öz ummatlaryna «Alla-Tagala iman getiriň!» diýip emr etdi. Emma adamlar ony ret etdiler. Gaýta: «Seň haramzada, atasyz doglan halyňa, bize buýruk bererçe kim bolupsyň, seniň janyňy jähenneme ibereliň-le!» diýşip, ony öldürjek bolup, kowalap başladylar. Isa aleýhyssalam olardan gorkunjyna baryp metjide girdi. Adamlar metjidiň işigini döwüp, ony öldürjek bolup dyzap başladylar. Şol pursat Alla-Tagala Jebraýyl perişdä: «Bar, Isany alyp gel!» diýip höküm etdi. Jebraýyl perişde Isa: «Hany, şu deşikden eliňi uzat» diýdi. Isa ilki kellesini görkezdi, «Meniň kelläm bu deşikden çykmaz» diýdi. Jebraýyl perişde: «Sygar» diýdi. Onda Isa aleýyssalam: «Sag egnim sygmaz» diýip, sag egnini görkezdi. Jebraýyl perişde: «Sygar» diýdi. Isa aleýhyssalam: «Sag egnim sygsa-da çep egnim sygmaz» diýip, çep egnini görkezdi. Jebraýyl perişde: «Sygar» diýdi. Şondan soň Isa aleýhyssalam: «Eginlerim sygsa-da, tutuş durkum sygmaz» diýip aýtdy. Onda Jebraýyl perişde: «Kelle sygýan ýere iki egniň hem sygýandyr, eger ýüregiň sagat bolsa» diýip, onuň elinden çekdi-de, asmanyň dördünji gatyna eltdi. Isa aleýhyssalam ummatlarynyň gazabyndan sag-salamat sypyp, dördünji gat asmanda ýer tutunanynyň şükrünnasyna üç rekat namaz okady. Bu wagt agşam çagydy. Agşam namazy Isa alýeýhyssalamdan galdy. – Ýassy namazyna – Namazhuftan – diýerler. Ol Musa alýeýhyssalamdan galandyr... Musa aleýhyssalam Pyrygun patyşanyň alyna baryp: «Sen Belent-Taňra iman getir!» diýip emr etdi. Pyrygun patyşa muny ret etdi, gaharyna-da Musa Müsürden çykmady buýruk berdi. Ol: «Eger, Müsürden çykmasaň ummatyňy gyraryn» diýdi. Musa aleýhyssalam öz ummatyny gyrdyrmajak bolup, Müsürden Şama göçdi. Öňi gijedi. Juda garaňkydy. Emma olar ýöräp barýardylar. Birden Musa aleýhyssalamyň aýalynyň burgusy tutup başlady. Aýaly-dady-perýat edip aglaýardy? Bu ses adamlary howsala saldy. Birden hem çabga tutaşdy-da, älem-jahan sowuk çabganyň astynda galdy? Muňa göhi gelen aç gurtlar bu çabgaly tupanda çar-tarapa tazygan goýunlaryň üstüne çozdular. Musa, aleýhyssalam juda aljyrady. Ol bu ýakynlardan ot tapyp bolmazmyka diýip, töwerege aýlanyp başlady. Ol bir dagyň üstünde ýanýan ody gördi-de, şoňa bakan ugrady? Ol daga Tur dagy diýýärdiler. Tur dagynyň üstündäki ot birden çyra öwrüldi. Soň ol çyra-da bir agaja siňip gitdi. Şonda aljyrap, ýadap lüti çykan Musa: «Eý, Perwerdigärim, bu waka boldy?» diýip, özbaşyna hüňürdedi. Birden hem ol agaja dil bitdi-de: «Eý, Musa, sen gamgyn bolmagyn? Sen maňa ynandyň. Indi bar zat ýerbe-ýer bolar. Men seni goraryn!» diýdi. Soň: ol: «Näme maksadyň bolsa, maňa diýgil» diýdi. Alla-Tagala soňra Musa: «Haç etgil? Ummatlaryňa iman getirgil!» diýdi. Musa aleýhyssalam bu gürrüňňen soň Tur dagyndan düşüp, Gerwen diýen ýerde galan ummatynyň ýanyna geldi. Görse, goýunlar möjekler bilen bilelikde gäwüş gurap ýatyr. Ummaty sag-salamat. Aýaly ogul bäbek dogrupdyr. Musa aleýhyssalam şonuň şükrünnasyna dört rekat namaz okady. Şeýdibem, ýasy namazy şondan galdy? Resul Alla bäş wagt namazyň wagtyny, haçandygyny, ony nähili okamalydygyny Jebraýyl perişdäniň öwredişi ýaly edip bölüşdirdi we şony tutuş musulman ummaty üçin parz bolup galar ýaly ýagdaýda berkitdi. Bäş wagt namaz okamak ýola salyndy. Ýene namazy öňler iki wagtyna okap ýören musulmanlara bu ýagdaý ýeňil düşenokdy. Ylaýta-da, Mekgeden gelen musulmanlara aňsat düşenokdy. Mekgäniň guraksy howasyna süňňi ýagşy öwrenişen Aby-zemzemiň ýüpek ýaly suwunyň hözirine eýlenen ýüregi ýuka musulmanlar bu ýeriniň çyglyk howasyna, adaty suwuna hiç öwrenişip bilenokdylar. Onuň üstesine-de öň, gyzzyrma, içagyry diýen bela-beterler olary halys usurgadyp, ysgyn-mydardan aýyrýardy. Ýaraly göwün, halsyz beden, ysgynsyz göwre namaz okamaga-da ýaramaýardy. Şonda Resul Alla olaryň her biriniň halyndan habar alyp, olara göwünlik berýärdi. Ýöne ol hiç kişä namazy täretsiz ýa-da oturyp okamaga ýol bermeýärdi. – Oturylyp okalan namaz Alla dergähinde kabul bolýan däldir. Oňa gury azap edeniň galar. Namazy dik durup okaň! – diýip, juda berk aýdýardy. Şonuň üçin halsyz musulmanlary garyndaşlary goltugyna girip metjide alyp gelýärdiler. Ol şeýdibem, täret kyldyryp, namaz okadýardy. Namazy bäş wagtyna okamagyň meseleleri, ownujak şertlerine çenli işlenilse-de, Resul Alla henize çenli namaza çagyrmagyň şertini doly kesgitläp bilenokdy. Ol gözleýärdi. Paýhasyny jemläp, öten-geçenleriň namaz okaýşy, azan aýdyşy barada oýlanýardy. Oňa gadymlardan bäri gelýän deprek kakyp, tambur çalyp, surnaý gygyrdyp, sygyryp, topar-tutup köçeme-köçe aýlanyp, namaza çagyrmak däpleri bellidi. Resul Alla ol azan aýdylyşyny juda ýüzleý, ýympyk, hem-de ýeňles görýärdi. Musulmanlaryň, azany salyhatly, agras, özem üýtgeşik keramaty özünde jemlemelidi. Resul Alla üçin azan gysgadan düşnükli, keremli, täsirli çakylyk bolmalydy. Şu aralykda şeýle azan barada Resul Allanyň ýadyna bir ýagdaý düşjegem bolýardy, emma Älemleriň Serweri bu gyssagarada ony seljerip oturmaga boş wagt tapanokdy. Iş gyssagdy. Mesele kändi. Ol azan meselesi boýunça, namaza açyk, erkana çagyrmak barada öz egindeşlerini, gezenderäk, pähimli ýaşululary ýanyna çagyryp, telim gaýta geňeşem edipdi. Emma olaryň biri hristianyňky ýaly jaň kakmagy, biri deprek taňkyldatmagy, ýene birisi lagara oýnatmagy, beýlekisi ýewreýleriňki ýaly tüýdük, surnaý çalmagy, käbirisi bolsa otparazlaryňky ýaly, namazyň öňünden ullakan ot ýakmagy maslahat beripdi. Bu maslahatlaryň biri-de Muhammet pygambere ýaramady. Hezreti Omar Resul Alladan namaza çagyrýan ýörite adam bellemegi sorady. Dogrudan hem, Muhammet pygamberiň öz göwni hem şony isleýärdi. Bu iş üçin ol ozalyndan Bilaly göz öňünde tutup ýördi. Çünki Ebu Bekir tarapyndan eýesinden satyn alnyp, azatlyga çykarylan Bilal tüýs musulmandy. Mundan başga-da, Bilalyň päkizeden ýakymly, içi duýgudan hem-de owazdan burjy baglap duran belentden owadan sesi bardy. Şonuň üçin Resul Alla şol bada: – Tur, Bilal, musulmanlary namaza çagyr! – diýdi. Bilal daş çykyp, ýüreklere melhem bolýan juda şirin owazy bilen: – Essala! Essala! Essala! (Namaza geliň) – diýip üç sapar gygyrdy. Şondan köp wagt geçmänkä, Resul Allanyň ýanyna Abdylla b. Zeýd aldyrany bar ýaly bolup, tasap geldi. Ol bir ýagşy habar buşlajaga meňzeýärdi. – Resul Alla, men bir düýş gördüm. – diýip, ol begençli gürläp başlady. Resul Alla oňa gören düýşüni aýtmaga rugsat berdi, – Düýşümde elimde bir jaňjagaz barmyşyn, şony jyňňyrdadyp, Siziň ýanyňyza gelýän ekenim. Şol wagt alnymdan bir mähriban adam çykýar. Ol: – Ýeri, Abdylla, beýle nirä alňasap barýarsyň? – diýip sorady. Menem: «Resul Alla namaza nähili çagyrmalydygy barada geňeş edýär. Men şol giňeşe şu jaňy alyp barýaryn. Eger razy bolsa, şu jaňy jyňňyrdadyp, halky namaza çagyr» diýip, Resul Alla maslahat berjek. Jaňy şonuň üçin alyp barýaryn» diýdim. Ol adam onda: – Ýok, onyň bolma. Sen bar-da Resul Alla aýt. Namaza şeýe çagyrsyn! Ol adam belent ses bilen, janyňy alyp barýan şirin owaza ýugrup: – Aguzibillahi mineşeýtan errajim – bismillähi rahman rahym – diýdi. Soňra: 4 – gezek – Allahi ekber! 2 – gezek – Eşhedi ellä la ilähi illallow? 2 – gezek – Eşhedi enn Muhammet resulallow! 2 – gezek – Haýýalessala (boýnuňy çep tarada çala öwrüp)! 2 – gezek – Haýýalelfelah (boýnuňy sag tarada çalaja öwrüp)! 2 – gezek – Essalatu haýrymmineneowum (diňe ertir namazynda)! 2 – gezek – Allahi ekber! 1 – gezek – Lä ilahä illallow! – diýip gygyrdy. Abdylla b. Zeid şu sözleri aýdan badyna Resul Alla başyny begençli galdyrdy. Indi, birki gün bäri böwrüne dürtülip duran zat hem onuň ýadyna düşdi. Ol: – Enşallah, seniň bu düýşüň oraşandyr – diýdi. Soňra bir wakany gürrüň berdi. – Men Magraja çykanymda, asmanda bir perişdäniň ine, şeýle şeýle owaz bilen azana çagyranyny görüpdim... Ol Abdylla b. Zeýde azan aýtmagyň bu zerur sözlerini Bilala öwretmegi tabşyrdy. Olar metjitden çykan batlaryna Resul Allanyň alyna Omar ylgap geldi. – Eziz Resul Alla, öten agşam men bir oraşan düýş gördüm! – diýip, ýaňy söze başlanda, Bilalyň namaza çagyrýan şeýle şirin owazy tutuş Ýasrib iliniň säherini ýaňlandyryp goýberdi. Ol halky üýtgeşik manyly azan aýdyp, namaza çagyrýardy. Bu owazy eşden hezreti Omar: – Eziz Resul Alla, Seni hak din bilen mübäreklän Allanyň, adyndan kasam edýärin. Öten agşam menem hut şeýle düýş gördüm! – diýip, tolgunmakdan ýaňa gözlerine ýaş aýlady. Muhammet pygamber iki adama bir düýşi görkezip, şol bir habary tekrarlany üçiň Beýik Ýaradana köp-köp alkyşlar, şükürnamalar aýtdy. 5. Bes, siz halal nika bilen haýsy aýaldan peýdalansaňyz, onda olar üçin parz edilen mähir gymmatyny olara beriň. Gurhan. 4-nji süre. 24-nji aýat. Durmuş dowam edip, günler öz kynçylygy bilen geçip durdy. Muhammet pygamber özüne Alla-Tagala tarapyndan berlen rugsadyň çäginde, edilmeli işleri edip, il-güne Gurhany wagz edip, howlukman güzeran dolap ýördi. Onuň, Mekgeli musulmanlar bilen Ýasribe gelenine indi bir ýyl bolupdy. Indi durmuşyň özi şu geçen döwürlerde bitirilen işleriň nä derejede dogrulygyny, nä derejede nädogrudygyny eliň aýasyndaky ýaly, görkezip durdy. Resul Allanyň şu döwürdäki bitiren işlerinde, döwlet gurluşygynda, metjit saldyrylyp, azanyň ýola goýluşynda, doganlaşma meselesinde çigidiň gabygy ýaly-da yrgalyk ýa-da kemçilik ýokdy. Taryhyň ujypsyzja bir ýyly onuň giden asyrlara çenläp eden her bir işiniň şu gün dogrudygyny, ertir bolsa has uly gymmata öwrüljek tapyndy boljakdygyny tekrarlaýardy. Ony şu döwürde bir ýagdaý alada goýýardy, Ol indi bir ýyla golaý wagt bäri Ebu Eýýub el-Ensaryň öýünde ýaşaýardy. Bu maşgala diýseň ynamdar, diýseň ezizdi. Bu ýerde ol hiç bir babatda kynçylyk çekenokdy. Ýöne halkyň Serdary bolup, täze döwlet döretjek bolsaň, öz öýüň, ynamdar maşgalaň bolmalydy. Resul Alla uly uruşlarda, agyr işlerde ýeňmek üçin yzynda berk galaň wepaly öýüň, berk maşgalaň bolmalydygyny bilýärdi. Onuň maşgala-ha däl, özbaşyna öýi-de ýokdy. Metjit üçin guýlan kerpiçleriň köp bölegi artyp galypdy. Resul Alla özüniň egindeşleri Ebu Bekir, Omar, Osman, Aly bilen maslahatlaşyp, özi üçin metjidiň dowamyndan ýönekeýje jaý gurmagy towakga etdi. Şondan soň, kän bir uzaga çekdirilmän Metjidi Nebewiniň gapdalyndan Muhammet pygamber üçin dört sany jaý guruldy. Olaryň her biri bir otag bolup, üsti hurma şahalary bilen ýapylan adaty kerpiç jaýjagazydy. Resul Alla öz jaýy sanlnyp gutarylandan soň, bu ýere Ebu Eýýub el-Ensaryňkydan göçüp geldi. Diňe şondan soň onuň öz maşgala ýagdaýy barada oýlanmaga eli degipdi. Resul Alla ýene-de öz egindeşleri bilen maslahatlaşyp, Ebu Rafiniň ýanyna ogullygy Zeýdi goşup, Mekgä, öz maşgalasyny alyp gelmek üçin iberdi. Zeýid bilen Ebu Rafi Mekgeden Resul Allanyň aýaly Sewdäni, gyzlary Ummu Gülsümi, Patmany alyp geldiler. Muhammet pygamberiň gyzy Zeýnebi bolsa, musulman bolmadyk adamsy rugsat bermändigi üçin alyp gaýdyp bilmändiler. Ol aýalyny we gyzlaryny ýörite bellenilen otaglarda ýerleşdirdi. Diňe hezreti Äşe atasynyň öýüne gitdi. Muhammet pygamber indi 56 ýaşynyň içindedi. Ol Ebu Bekiriň gyzy hezreti Äşe bilen adaglanypdy. Emma göçmek bilen baglanyşykly aladalar ellerini-aýaklaryny baglany üçin olar toý tutup bilmändiler. Muhammet pygamber Şewwel aýynyň içinde hezreti Äşe bilen nika toýuny tutdy. Şonda, ol araplaryň däbine göra, gelnine elli dirhem sowgat berdi. Äşe toýdan soň, öz däplerine görä, birnäçe aýlap atasynyň öýünde ýaşady. Hezreti Äşe diýseň owadandy. Juda düşbidi, alçakdy. Şonuň üçin indi gör, näçe wagtlap zenan mährine zar bolan Resul Allanyň ýüreginden ýagşy orun alypdy. Hezreti Äşäniň ruhy kämilligi, Resul Allanyň mertebesine, onuň abraýyna abraý goşmaga çalyşyşy, işeňňirligi görenleriň aklyny haýran edýärdi. Şonuň üçin Resul Alla hiç mahal öýüň, içeriniň, gün-güzeranyň aladasyny etmändi. Amr b. As bir gün Resul Alladan: – Resuly Kerim, ýakyn adamlaryň arasynda iň eý görýäniňiz kimdir? – diýip sorapdy. Şonda Muhammet pygamber: – Äşe! – diýip, jogap beripdi. – Erkekleriň içinde kim! – Äşäniň kakasy! Resul Allanyň bu sözi ýöne ýere aýdylan däldi. Hezreti Hatyja ýalançy dünýäden öteli bäri, Resul Alla halys ýalňyzdy. Ol zenan mährine, zenan hoşamaýlygyna, çyn zenanyň söýgüsine zardy. Gury-gurakdyk, gaty durmuşa, kyn güzerana çydamak, çakdan aşa resmilikde gün geçirmek ony halys ýorupdy. Emma hezreti Äşäniň öýe gelin bolup gelmegi bilen, oňa täze bir öwüsgin gülüp bakypdy. Äşäniň bar aladasy Resul Allady. Ony, onuň sahabalaryny, dostlaryny, gyzlaryny, beýleki aýalyny Äşe şeýle gowy görüp sylaýardy. Olaryň ählisine gülüp hyzmat edýärdi. Onuň üstesine-de ol Resul Allany ölüp-öçüp söýýärdi. Onuň işini, her bir aýdan sözüni, boluşlaryny, oturyp-turşuny gyzylyň gyryndysy ýaly edip, ezizläp saklaýardy. Bu ýaş gelniň juda akyllylygy onuň bilen ýekeje sapar söhbetleşenleriň ýadyndan ömür baky çykanokdy. Hezreti Äşe şeýle pähimi, ýatkeşligi, yhlasy bilen diňe bir Resul Allanyň aýdan sözlerini däl, äheňinden köňlüniň ynjalyksyzlygyndan, didarynyň, durkunyň bolşundan takyk many çykaryp bilýärdi. Resul Allany görenleriň, onuň bilen söhbetdeş bolanlaryň, oňa uýanlaryň, onuň keremine, sahawatyna şaýat bolanlaryň içinde bu eziz aýaldan özge ony köňlüne tylla bent edeni bolmandy. Muhammet pygamberiň her bir sözi hezreti Äşe üçin hadysdy. Her bir begenji buşluk, gynanjy çekip çydardan agyr hasratdy. Muhammet pygamber juda az gürleýän ynsanlardandy. Onuň her bir sözi, sözlemi dünýä malyna degýärdi. Hezreti Äşe şol söz gytçylygynda Resul Allanyň hadyslarynyň 2210 sanysyny älem musulmanlarynyň hazynasyna tutuş harmany bilen bagyşlap bilipdi. Bu aýalyň hukuk, şerigat meselelerine düşünişine Resul Allanyň özem haýran galýardy. Ol özüne sowal bilen ýüzlenýän adamlara, ylaýta-da sahabalaryna: – Diniňiziň ýarysyny bu aýaldan (Äşeden) öwreniň – diýýärdi. Resul Alla juda az iýýärdi. Hezreti Äşe dünýäniň iň şirin nygmatlaryny bişirip, adamsy garbanyp bolýança, onuň alynda hyzmata taýýar bolup, galman oturýardy. Muhammet pygamber juda az uklaýardy. Ol irkilip, ukusyndan ganýança, hezreti Äşe onuň ýüzüni gorap, ýerinden galman, oňa hiç kime päsgel bermejek bolup oturýardy. Resul Alla aýaly Äşäniň bu hyzmatlaryndan razy bolup, oňa hoşamaý sözleri aýdýardy. Şeýle günleriň birinde olar ikiçäk otyrkalar hezreti Äşe: – Resul Alla hezretleri, men Hatyjanyň ornuny tutup bildimmikäm? – diýip, sorady. Resul Allanyň gaşlary gussaly çytyldy. Ol: – Hatyjanyň ornuny hiç kim tutup bilmez – diýdi. Hezreti Äşe bütin ömründe Resul Allany bir wagt dünýäden öten hezreti Hatyjadan gabanyp geçipdi. Çünki, Resul Alla üçin Hatyja mukaddes söýginiň, zenan mukaddesliginiň ajaýyp nusgasy bolup galypdy. Hezreti Äşe hem Belent-Taňrynyň öz Resulyna ýapan iň gymmatly serpaýydy. Bu aýal durşy, bilen Resul Allanyň mertebesi jemlenen hazynady. Muhammet pygamber öz toýy sowlan badyna, öz gyzy Patma bilen ogullygy Alynyň toýuny tutdy. Şol döwürlerde Resul Allanyň eli halys ýukalypdy. Şonuň üçin-de bu toýa gelerlere diňe hurma, zeýtun gatyk, süýt hödür edip bilipdi. Aly bilen Patma-da nika gijesi düşege derek, goýun derisiniň üstünde ýatmaly bolupdylar. Resul Alla özüniňiň söýgüli gyzyna bir jübüt köýnek, bir jübüt bilezik, bir başatgyç, gaýyş ýassyk, jam, el degirmenini, iki sany toýun küýze, mis gazan beripdi. Dogrusy, şondan kän zat onuň özünde-de ýokdy. Resul Alla şeýdip, iki sany päkize aýalyň, gyzy Patma bilen hezreti Äşäniň aýasyna geçipdi. Bu iki zenan onuň mertebesini hemişe belent saklapdy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Gelin toýuňyz mübärek bolsun. Nikalaşanyňyzda toý ediň, eger bir goýun bilen bolsa-da.» Rowaýat: Resul Alla Serwerimiz hemişe hezreti Hatyjany hasrat bilen ýatlardy. Onuň adyny juda näziklik, uly söýgi, çäksiz hormat bilen gaýtalardy. Resul Alla Hyra dagyna gidýän wagtlary Hatyja oňa iýer-içer ýaly zatlary elterdi. Bir gün Jebraýyl perişde gowaga geldi. Ol: – Eý, Resul Alla! – diýdi – Görýärmiň, şol uzakdan gelýän Hatyjadyr. Onuň elindäki düwünçekde sen iýer-içer ýaly azyk bardyr. Ýanyňa gelen wagty oňa Rebbiňden we menden salam aýt. Jennetde hünji bilen bezelen bir köşgüň özüne berlenini buşlagyn! – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |