10:57 Muhammet pygamber -52: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. We mynapyklar musulmanlara zelel we kapyrlyk we musulmanlaryň arasyna agzalalyk salmak we ozaldan başlap Belent-Taňrynyň we onuň ilçisiniň garşysyna göreş alyp barýan adamyň, gelmegine garaşmak (bermek) üçin bir metjit saldylar. Gurhan. 9-njy süre. 113-nji aýat. Resul Allanyň ýüregi hiç ynjalanokdy. Hudaýa şükür, onuň maşgala durmuşy indi ýagşy ýola düşüpdi. Yslam döwletiniň işleri barha ilerläp ugrapdy. Emma... Resul Alla agşamara al-Dirar metjidinde musulmanlaryň, garşysyna dil düwüşýänleriň uly maslahatynyň boljakdygyny aýtdylar. Ol maslahat örän gizlin ýagdaýda geçmelidi. Muhammet pygamber sesini çykarmady. Öz adamlarynyň ynamdarlaryndan birini çagyryp, şol «gizlin geňeşe» gatnaşmagy tabşyrdy. ...Muhammet pygamber Ýasribe gelenden soň bu şähere Medine şäher, ýagny Allanyň, Resulynyň bolýan şäheri diýlip başlanylypdy. Indi bolsa uly-kiçi oňa Medine diýip ýördi. Hakykatdan hem öz adyna mynasyp bolan Medine şäheri bu gün diýseň imisalalykdy. Howa gündizlerine yssy bolsa-da, Günüň burny ýere degdigi, bir ýerlerden tebil tapan şemaljagaz öwüsýärdi. Keçeler janlanýardy. Ýolda-yzda gelýän-gidýän köpelýärdi. Garaňky ýaňy gatlyşypdy. Medineniň bir çetinde howul-hara gurlan ortasyndan ýyldyzly asman görnüp duran, gyralary hurma agajynyň şahalary bilen emelsizje beklenen al-Dirar metjidiniň töwereginde bäşdir-üçdir adam köwejekläp ýördi. Olar agşam namazyny okamaga däl-de, kimdir bir gadyrly myhmana garaşýana meňzeýärdiler. Salym geçmän, depesinde meňzeş, ýyldyzlaryň şuglasyna lowurdap duran täçli daýaw pyýada, ýanyndaky dört-bäş sany ýoldaşy bilen al-Diraryň işigine geldi. – Giriberiň, gözümiz ýoluňyzda galdy – diýip, duranlaryň biri şelaýyn gürledi. Gelenler mürähede kän bir dahyl bolman, içeri girdiler. Allam salkyny düşse-de, metjit saraýynyň içi petişdi. Onuň depesi açyk bolsa-da, kerpiç diwarlar salkyn akymy entek içeri goýberenokdylar. Şonuň üçin içeri girenleriň göwni ýene-de daşaryny küýsedi. – Abdylla b. Ubeýýa, doganym! – diýip, düşegiň üstünde oturan pyýada ýerinden turup, Abdylla bilen gujaklaşyp görüşdi. – Sag-aman geldiňizmi? Kuraýyş doganlarymyz sag-salamatmy? – diýip, Abdylla b. Ubeýýa soraşdyrdy. Soňra: – Serdarymyzyň hal-ahwaly ýagşymydyr! – diýdi. – Ýagşydyr! – Ol gelmişek ähli habaryny birden aýtmak isleýän ýaly, gyssanýardy. – Ebu Jähil serdar size gaty köp dugaýy salam aýtdy. – Gaty gowy. – diýip, Abdylla b. Ubeýýa razy bolup başyny atdy. Myhman adam Abdylla ýerine geçip, jaýlaşykly oturyp, süýtli gaby eline alandan soň birneme rahatlanan ýaly boldy. Soň oturanlara birlaý garady-da, rahatlyk bilen: – Özüňiz nähilisiňiz? – diýip, sowal berdi. – Mal-başyňyz, oglan-uşak, gün-ahwalyňyz ganymatmydyr. – E-e-eý – diýip, Abdylla b. Ubeýýa närazylyk bilen boş duran goluny salgady. – Sen olary sorama, sorama. – diýdi. Daşarda ähüm-ühüm eşidildi. Abdylla-da, beýlekiler hem hatyrjemlik bilen üşerilişdiler. Içeri ýektaý donunyň syny ýere ýetip duran, başy ýalaňaç, eli hasaly uzyndan hor adam iki kişi bilen içeri girdi. – Geliň, şeýh Ebu Emir – diýip, Abdylla b. Ubeýýa aýtdy. – Hany, jaýlaşykly oturyň bakaly. Maslahat gaty berk bolar. Şu gije ýa almalynyň, ýa ölmeliniň gürrüňi ediljekdir. Ebu Emir töre geçip, jaýlaşykly oturdy. Onuň bilen gelenler aýaguçda ýerleşdiler. Adamlar gelişdi, maslahata başlabermeli diýen çaky bilen, Abdylla b. Ubeýýa ynamly gürläp başlady. – Ine, şu metjit, öz metjidimiz. Il-gün muňa al-Dirar diýýär. – Ýöne käbir gelmişekler «bu metjit halal däl» hem diýýär. Emma olaryň dilini çeýnemesi indi uzak gitmez. Ol janlandy. – Indi men sizi tanyş edeýin. Hol, tördäki oturan gardaş biziň Mekgedäki kuraýyş gardaşlarymyzdan, Ebu Jähil serdaryň bize gönderen ilçisidir. Onuň, bärisindäki hem bir beýik serdar, «muhajyr» öýi köýenleriň süri-süri malyna talaň salýan Kurz al-Fihrm çarwalarynyň ganojak serdary. Onuň bärisindäki, saçy sagrysyna düşüp duran pyýada hristianlaryň ýolbaşçysy, ondan bärdäki kaýnuka, nadirler, kuraýza tireleriniň kethudalary. Ho-ol tördäki hormatly adama bolsa Ýasrib hanafileriniň belent mertebeli şyhy Ebu Emir diýerler. – Ol ýylgyrdy. – Meni-hä hemmäňiz hem tanaýansyňyz. – Wah, – diýip, oturanlaryň biri hamsygyp sözledi. – Başyndaky täjiňe gurban bolaýyn, seni külli älem tanaýar. Abdylla b. Ubeýýa närazylyk bilen gozganjyrady! – He-eý, täç galdymy, at-abraý galdymy, mertebe galdymy? Barysyna gelmişekler güýe degen ýaly etdiler. – Ol birden dikeldi. – Ýöne, howlukmaň, Barysy, barysy düzeler... Nahar çekildi. Adamlar işde bilen iýýärdiler. Çüýşe gaplardaky şerabyň ysy metjidiň içine ýaýrap gitdi. – Biz musulman däl. Goý, musulmanlar agzyny saklasyn. – diýip, Abdylla b. Ubeýýa metjidi ýaňlandyryp güldi. – Içiň, noş bolsun. Iýilip, ýagşy içilenden soň Abdylla b. Ubeýýanyň keýpi kökeldi. Ol işige bakan garady-da, agyr göwresini daşyna teletin tutulan, içine ýüň dykylan ýassyga goýberdi. Ýöne, şonda-da başyndady altyn täjini aýyrmady. – Ol musulmanlaryň däli pil ýaly biri bar-a, Omar diýdimi, nämemi? – Hawa, Omar diýip birler-ä bar, şolaryň. – Ine, şonuň ogly meýhana baraýmazmy. Ýaňky «däli pilem» muny eşdip, yzyndan barypdyr. Onsoň: «Sen meýhana girdiňmi, sen arak-şerap içdiňmi?» diýip, öz ogluny urup-urup öldüripmi, ýa ölüm halyna getiripmi, öz-ä masgara bolupdyrlar. Ine, siziň musulman diýip, adyny arşa göterip ýören peläkediňiz. – Olaryň arasynda Aly diýenem göhert ýaly biri bar. – diýip, Ýasribiň gaty gurply baýlarynyň biri elindäki gapdan «şirp» eden bolup, süýt içip oturyşyna, gep alyp gaçdy. Meniň gullarymyň arasynda güni bilen talabançylyk etdi. Menem oňa on sany mürrük hurma berdirdim. Oturanlar gülüşdiler. – Oňarypsyň, şolara ol hem kändir. – diýip, Abdylla b. Ubeýýa aýtdy. – Olar Mekäniň ýedi gapysynda ýer tapman, kowlup gelen bir topar gedaý ahyryn. Olar «Alla, Alla!» diýen bolup, biziň ýüreklerimiziň bagyndan sallançak uçjak bolýarlar. Men olaryň Allasynam, pygamberinem bilemok. Şolary şu ýerden ýok etmesem, şu dünýäden gözümi açyp giderin. – Wah – diýip, Mekgeden Ebu Jähiliň ýumşy bilen gelen wekil janykdy. – Ýüregimiz bol-a. Men häzir Ýasribde däl-de, Mekgede oturan ýaly boldum. Biziň kuraýyşlarymyzyň gürrüňem şol-da. Ol «pygamberdirin» diýýändir-ä baryp ýatan jadygöý. Bir topar aňkaw adamy öz jadysy bilen aldawa salypdyr. Ol indi siziň bokurdagyňyza hapa elini uzdýar. – Hawa, hawa – diýip, şyh Ebu Emir hem janykma bilen, serhoş sesine bat berip sözledi. – Gaty dogry gürrüň şol. Olam ile goşulýan bolsa, Mekgeden kowulmazdy. Abdylla b. Ubeýýa bu gepleri jemläp, esasy gürrüňe geçmek isledi. – Hawa, oňar ýersize ýer berseň, ýer eýesini ýerinden kowar etjek, sähel ugruna goýberseň. Ol Resul Alla diýenleriniň gyzynyň toýuny tutuşyny gördüňiz dälmi? Ol toýa gelenlere bazaryň çüýräp giden çüýrük hurmasy bilen turşy gatyk hödür edýär. Ýasrib beýle göz-gülbançylygy henize çenli gören däldir. – Onuň gyzyna beren şaý-sepini diýse-e – diýip, başga bir baý gülkini alyp göterdi. Abdylla b. Ubeýýa bu gürrüňleri orta bilinden kesdi. – Garyndaşlar, myhmanlar, olaryň kemçiligini dile getirän olary Ýasribden nähili ýok etmeli. Ine şonuň gürrüňini edeliň. Oturanlaryň ählisiniň sesine suw sepilen ýaly boldy. – Hawa – diýip, Mekgeden gelen wekil söze başlady. – Ebu Jähil serdar size köp salam iberdi. Serdar aýtdy: «Muhammet diýlen jadygöýi Ýasribden kowmak üçin malyny-mülküni, baýlygyny, ýaragymy gaýgyrmaryn» diýdi. Häzir onuň iki ýüz düýeden ybarat kerweni Gyzyl deňziň kenary bilen Damaskdan gaýdyp gelýär. Öň nebir günümiz bardy. Indi şol kerwen Mekgä girýänçe gaýgyda oturmaly. Oturanlaryň hiç birinden ses çykmady. – Ebu Jähil serdar: «Wagtyny aýtsynlar. Özlerem taýýar bolsunlar. Musulmanlaryň, üstüne bir çozalyň-da, bir dynalyň – diýdi. Ol şonuň geňeşini etmäge siziň araňyza geldim. Serdaryň dosty, çöldäki Kurz al-Fihrm çarwalarynyň serdary hem şol pikirde. – Ol gapadalyndaky pyýada garady. – Şeýle dälmi? – Hawa, biz Ebu Jähil serdaryň tüf diýen tüýküligini ýere gaçyrmarys. Abdylla b. Ubeýýa janyýangynlylyk bilen sözledi. – Men külli Ýasribe han saýlandym. Han bolmak üçin näme gerek, mal-mülk, baýlyk. Meniň malym dünýä syganok. Meniň baýlygym müň kerwene ýükleseň hem ýene artyp galar. Han bolmak üçin batyr, akyl-paýhas gerek. Hany, onsoň, şu etrapda menden batyry, menden akyllyny tapyň? Serdar bolmak üçin, gowy, akylly heleý gerek. Aýdyň, meniň heleýlerimden akylly, owadan heleý şu etraplarda barmy? Serdar bolmak üçin tylla täç gerek. – Ol kellesiniň daşyndan elini aýlady. – Ine, täç. Başga sada näme gerek?! Onda men kim boluş galdym. Meni serdar saýladyňyz ahyryn. Men indi kim? – Ol başyny ahmyr bilen ýaýkady. – Meniň başyma serdaryň täjini geýdirmeli bolanda, gedaý musulmanlaryň sülsady çozup geldi. Indem, ansar diýdi, muhajyr diýdi, ýahudy diýdi, musulman diýdi, üýşüpdir bir topar ýal ýagysy! Olar doganmyşyn! Olar musulmanmyşyn! Olaryň ýeketäk Allasy, onuň hem resuly barmyşyn. Onda men kim! Maly-mülki, baýlygy, abraýy dünýä sygmaýan, başy täçli Abdylla b. Ubeýýa kim?! – Ol gazap atyna mündi. – Men hakymy gidermerin. Öz hakymy almak üçin meniň baýlygym hem, paýhasym hem, gaýratym hem ýeterlik. Men häzir hem döwletiň içinde döwletdirin. Öz hakymy gider-me-r-rin. Entejik duruň bakýaly... Ebu Emir aýalyňky ýaly jyňňyldawyk sesi bilen ony goldady. – Dogry aýdýaň, serdar! Biziň hanafy ugrumyz hem seniň tarapyňdadyr. Olar hanafy-da däl, pygamber-de däl, bir topar aç. Olar häzir ýelmen galsalar, şol olaryň ynanjy, messebem şol olaryň... Hristianlaryň ýolbaşçysy egnine düşüp duran saçynyň bir topbagyny eli bilen darap oturyşyna, janagyrly gürledi. – Bizem seniň tarapynda, Abdylla. Ol diýseň, öleris, söweşe çykaly diýseň, söweşe çykarys. Olaryň Gurhan diýýäni Injiliň manysyndan göçürilen bir bolgusyz zat. Olaryň pygamber diýýäni hem, jadygöý. Onda hiç hili keramat ýok. Olar bize-de azar berýärler. Wassanparaz kişi bolsa olara arz edip başlady. – Musulmanlar azgyn, başyna giden birtopar bela. Olar biziň hudaýlarymyzy kül-peýekun edip, handeklere taşlaýarlar. Olara garşy söweşe haçan çykmaly bolsa, biz bar. Biziň dogan-garyndaşlarymyzyň köpüsi Mekgede. Biz Mekgeliler, bilen birlikde haçan söweşe çykmaly bolsa, taýýar durandyrys. Ýöne şolary ýok ediň. Olar bizi ýok etmänkä. – Ebu Jähil serdar söweşi tizleşdirmeli – diýdi – Geliň, indi söweşmeli günüň sähedini belläliň. Biziň pikirimiz hem, bähbidimiz hem bir eken ahyryn. Nähili gazaply derdinse-de, Abdylla b. Ubeýýa beýle batyrlyga aýgyt edip bilmedi. Ol musulmanlaryň, az-küç güýç däldigini bilýärdi. Olar gün-günden, barha köpelibem barýardy. Eger häzir musulmanlaryň üstüne çozmagy öz üstüne alaýsa, birden hem mekgeli kuraýyşlar, hanafylar, hristianlardyr ýehudylar dönüklik etse, onda ol mal-mülkünden, metjidinden, han bolmasa-da, geýip ýören täjinden dynyp, ýurduny taşlap, gidibermelidi. Ol kuraýyşlara bil baglap biljek däldi. Olar gelse-de, gelmese-de, çozsa-da, ýeňse-de, ýeňilse-de öz ýurduna baryp, arkaýyn ýaşap biljekdi. Emma Abdyllanyňky başgady. Şonuň üçin ol başga ýoly teklip etdi. – Garyndaş! – diýip, ol Mekgeden gelen wekile aýtdy. – Sen bardajyk Ebu Jähil serdara aýt. Biz olara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Olar aňyrdan gylyç syryp gelen güni, bizem şolaryň arasynda. Sen barda, biziň hem ýagdaýymyzy gürrüň ber. Çekirtge çozan ýaly-bolup gelenler ýerimiziň, mülkümiziň ýarysyna eýe boldy. Olaryň güýji ýok däl. Özlerem giden yňdarma, däli. Olaryň gazabyna düşen özüň, bolma. Bizem, ine, köňlümiz musulman bolmasa-da, günümiz üçin musulman bolan bolup ýörüs. Olary görsek, «jan agam» diýip, ellerini ogşaýarys. Dagy, günümiz üçin näme edeli. Hut, şeýle. Men bassyr-bussur etjek däl. Boýun alýan... Kaýnuka, kuraiz, nadirler taýpalarynyň serdarlary hem zeýrendi. – Olar bizi dini başga diýip, öz toýlaryna-da çagyranoklar. Biz olaryň metjidine baryp bilemizok. Iň agar ýeri, olar Injili, Töwraty bilmegem islenoklar. Diňe Ýeketäk Taňry, Ybraýym, Muhammet diýip otyrlar. Onsoň biz olar bilen ylalaşyp bilerismi? Olaryň Gurhan diýip okaýan aýatlary, Injiliň aýatlary ahyryn. Onsoň biz olara nädip «lepbeý aga!» diýeli. Mekgeden gelen wekiliň içini it ýyrtýardy. Adamlaryň bu meseläni çöp döwen ýaly çözmän, hersiniň öz agyran ýerini tutup oturmasy, onuň gaharyny ýetjek derejesine ýetiripdi. Emma ony bu ýere iberen adamlaryň welin, umydy başgarakdy. Bu wekil Mekgeden bu ýere gaýtmanka, Ebu Jähiliň öýünde uly geňeş bolupdy. Bu geňeşe gelenleriň ählisiniň agzyndan ot çykýardy. – Her zat etdiňiz, emma şol özbaşyna samrap ýören diwanany gaçyryp goýberdiňiz. Indi ol uçup ýören guşdur. – Guşam bolsa, indi onuň ketegine ýetiler! – diýip, Ebu Jähil gaharly aýtdy. – Gitjek ýeri nire? – Aý, näbileýin-de. – diýip, Welid al Mugire öňki gazabyndan peselmän aýtdy. – Ol gökde gaýyp ýör, sen bolsa ýerde duzak gurýarsyň. Şol jadygöýi mahalynda maňa bermediňiz. «Özümiz, özümiz, ýüz düýe, müň düýe...» diýen bolup. Indi olar Ýasribe, onuň tutuş töweregine eýe boldular. Olar ýüz, iki ýüz düýýäni her günde tapýarlar. – Ýakyn wagtlarda iki ýüz düýeli kerweni Damaskdan gelmeli Ebu Jähiliň ýüregi sarsyp gitdi. – Elbetde, olaryň öňüne çöp atmasaň, gelip, Käbäni şol ýere-de göçürip gitsinler. Gowur başlandy. – Olar Ýasribi bagladylar. – Indi kerwen ýollaryny ählisiniň ygtyýary şolaryň elinde. – Olar Ýasribde musulman döwletini gurýarmyşlar. – Ýasribe, indi olar Medine, Pygamberiň şäheri diýip, öňki adynam üýtgedenmişler. – Göçüp gidenleriň güni çaga pişigiňki ýalymyşyn... Elbetde, gidenlerine indi bir ýyl bolan adamlar, şol ýerdäki gowy günleri üçin, bu ýerdäkileriň gahary gelse-de gelýärdi, emma olara gözleri hem gitmän duranokdy. Olar bu ýerden gedaý bolup giden hem bolsalar, indi ol ýerde mally-mülkli bolup galypdylar. Bu ýerde ertir-agşam şolaryň gürrüňi edilýärdi. Bu ýerdäkileriň bir gulagy Medinededi. Bu habarlar bu ýerdäki adamlarda: «Bizem giden bolsak, şu günki günümizden-hä erbet bolmazdy» diýen bir duýgyny döradýärdi. Sebäbi Mekgäniň ýaşulularynyň musulmanlardan gorkusy. Häzir hem az däldi. Olar her gün, her maslahatda Muhammet bilen göçüp gidenler, onuň ýolbaşçylygynda ähli kerwen ýollaryny baglap kerwenleri talap, indem Mekgä çozaýjak ýaly, howsala bilen gürrüň edýärdiler. Indi şeýle gorky her bir mekgeliniň kalbyna giripdi. – Dide bir ýol bar, halky ýygnal-, Ýasribe duýdansyz çozmaly! – Ol bolmaz – diýip, Resul Allanyň atasy Ebu Läheb aýtdy. – Näme üçin bolmazmyşyn? Ol Ebu Jähiliň ýüzüne garamady. Sebäbi Mekge bilen Ýasribiň arasy gaty gitse on-onki gün ýatymlyk ýol. Bu döwürde olar seniň gelýäniňi eşiderler. Onsoň pugtaja taýýarlanyp, Ýasribiň ähli halky bilen garşyndan çykarlar. Ol ýer olaryň öz obasy. Öýleri ýanlarynda. Sen suwy, azygy, malyň üçin ot-iými, ýakmak üçin oduny şu ýerden alyp gidersiň. Suwuň, azygyň gutarsa, ýaralyň, öleniň bolsa, näme etjek? Olar senden rüstem çykdy diýeli. Şol ýerde seniň külüňi dargatdylar, onsoň näme etjek. Sen yzyňda galanlary olara goýjakmy? Şeýdip, kelesaňlyk etsek, olara aňsatja aw bolarys. Bir ýeňleniňden soň kerwen ýoluň hem, kerweniň hem, Mekgäň hem, Käbäň hem şolaryňky bolar. Munyňa bolsa dönüklik diýerler. Ebu Jähil geplemedi. Ýöne onuň gursagyndaky gahar-gazap parlap, burnundan çykaýjak bolýardy. – Hak gürrüň – diýip, oturanlaryň biri aýtdy. – Munyňky mydama şeýle! – diýip, Welid al Mugire gaharlandy. – Şu ýerde, eliň astynda saňa per bermedik, baryp Ýasribde, bir şähere Serdar bolandan soň el berermi! Ebu Lähebiň sözlerinden howy basylan Ebu Jähil ýuwaşlyk bilen töweregine bigam gözlerini aýlady. Adamlar ýere garap, gazaba münüp otyrdylar. – Ýagşy! – diýip, Ebu Jähil indi birneme ýumşap, sesini peseldip aýtdy. – Indi näme etmeli, onda. Beriň geňeşi, şony bitirmek meniň bilen. Ebu Läheb ýakynlykda düşekden galansoň, hassa ýüzüni eňşidip, halsyz gürledi. – Seniň pikiriň dogry. Olary indi agyr goşun bilen ýok etmeseň, kerweniň hem, Mekgäň hem, Käbäň hem, çagalaryň hem, olaryň üstesine, gulagyň hem dynmaz. Olary ýok etmeli. – Men aýdýan. ahyryn. – diýip, Ebu Jähil arka tapynan ýaly bolup, bozulan kaddyny dikeltdi. – Dur! – Çozmaly, ýöne nädip çozmaly?! – Ebu Läheb barmagyny çommaltdy. – Çozuşy ýasribli arkadaşlar başlasynlar. Şonda biz olara uly güýç bolup goşulmaly-da, olary köpläp heläklemeli. Munuň üçin näme etmeli? Ilki bilen Abdylla b. Ubeýýa, Ebu Emire, Kurz al-Fihri taýpalaryna ilçi ibermeli. Gerek bolsa, bu işi ýola goýmak üçiň para-peşgeş bermeli. Şolaryň öz içinden öz adamlarymyzy tapmaly. Özem gaty gysga wagtda. Howlukmak gerek... Ebu Lähebiň bu sözi Ebu Jähiliň içini it ýyrtdyrýardy. Sebäbi onuň iki ýüz düýeli kerweni ýakyn wagtlarda Gyzyl deňziň kenarlaryndan Ýasrib ýollaryna çykmalydy. Ol aýdylýan pikirleri makul bilse-de, onuň üçin kerwen bar pikirden gymmatlydy. Meger, kerweni bolmadyk bolsady, ol bu meseläni orta atyp, bu adamlaryň agzyna aňkarlyp oturmazdy. – Onda, adamlar, biz ertir irden Ýasribe ugralyň. Şol aýdýan adamlaryňyz bilen geňeşip, basym söweşe başlalyň. Söweş harajadyny özüm çekerin. Bu ýere, geňeşe gelen adamlar bu pikiri makul bildiler. Ebu Jähil säher bilen Ýasrib ýoluna çykdy, Ýene ol Ýasribe barmady. Özüniň ýanyndaky ynamdar adamlaryna: – Siz gyssagly baryň-da, Abdylla b. Ubeýýa hem-de Ebu Amir bilen meniň adymdan gepleşiň-de, çozmaly wagty belläň. Biz bolsa, kerweniň öňünden çykyp, size Kurz al-Fihrimleriň çarwasynda garaşarys. – diýdi. Olaryň ot alan ýaly bolup, gaty gyssanyp bu ýere gelen wekili Abdylla b. Ubeýýanyň-da, Ebu Amiriň-de juda arkaýynlygyna haýran galýardy. Bu adamlar şu eýýamlarda gollaryna ýarag aljak adama asla meňzemeýärdiler. Şonuň üçin gelen wekil birneme gatyrgandy. Ol bu meseläniň yzynyň sowalynyň berk boljagyny bilip durdy. Şonuň üçin ol: – Biz-ä umyt bilen siziň ýanyňyza gelipdik, siz bolsa öz ownujak gep-gürrüňleriňiz bilen başagaý. Siz bir ýagdaýa düşüniň, şu gün aýaga galmasaňyz, ertir giç bolar, gaty giç bolar... Abdylla b. Ubeýýanyň sesi gorkuly çykdy. – Bize şolar gelen gününden bäri hem giç, hem agyr, Biz näme edeliň? Menem musulman. Men özüm-ä «Alladan başga Taňyry ýok, Muhammet onuň resuly» diýýän. Ony görsem, «sen hanafi, menem seniň müridiň» diýýän. Mekgelileri gersem, «menem siziň bilen» diýýän. Şeýdibem, başym täçlikä, mal-baýlygym dünýä sygman durka, aýak ýalap gün görýärin. – Sen pöwhe ýalançy. Sen ikiýüzli binamys. Sen haramzada, heleýçe ýok sen. Ýene-de geplän bolýaň – diýip, Abdyllanyň bu gepine gaty gahary gelen Ebu Amir aýtdy. – Seniň ataň-babaň göri ýansyn. Öňem birneme serhoş bolup, näme gürleýänini, öz syrtyny özüniň açyp oturanynam duýmadyk Abdyllanyň myhmanlaryň ýanynda bu gojanyň özüni masgara etmegine gahary gaýnap joşup başlady. – Wah, öýi köýen maýmyn! Bolup ýörşüň şol, Meniň ýalagymdan ýal iýip, özüňe «hanafy» diýdiren bolup, indi sen maňa at dakýarmyň?! – Ol bilindäki gylyjyny alyp, ony Ebu Amirden saldy. Gylyç metjidiň ýokarsyndan sallam-sajak bolşup, sallanyp duran «hurma şahalaryna degip, saçagyň başynda üýşüp oturan adamlaryň depesinden tozanly, guran ýapraklary ýagdyrdy. – Hany, goýuň – diýip, hristianlaryň baştutany, gorkuly ses bilen aýtdy. Abdyrla b. Ubeýýa oňa-da azgyryldy. – Kapyr haramzada, saçyňy heleýleň saçy ýaly edip, sen kim bolupsyň maňa akyl bererçe? Güm bol metjidiň içinden. Güm boluň!.. Hälki içilen şerap, onuň depesine birden urdy. Ol gylyjyny metjidiň içine aýlap başlady: – Güm boluň güm boluň! Bu ýerde oturanlar musulmanlaryň, üstüne barada bir, çukura tüýkürmeden geçen, ol serhoş zalymyň elinden sag-aman sypsalar razy bolupdylar. Munça bolanyna görä, «pikiri çugdamlaýyn» diýip, metjidiň bir çüňkünde aýak çeken mekgeli myhmanyň güni has hem kyn boldy. Abdylla b. Ubeýýa gözi gyzaran däli öküz ýaly bolup, ony gylyjy bilen gyltyzrak çalyp goýberdi. Onsoň, ol gelen wekil, ganyny sarkdyryp, syrtyna sapan degen mekejin ýaly bolup, yzyna garaman gitmeli bolupdy, Ikiýüzli haýynlaryň geňeşi şeýdip soňlanypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |