10:58 Muhammet pygamber -53: romanyň dowamy | |
2. Eý iman getiren jemagatlar, özüňize ýakyn ýerlerde ýaşaýan kapyrlardan bolan jemagatlar bilen urşuň we uruşda olar sizde gaýratyň we gytlygyň barlygyny görsünler. Gurhan. 9-njy süre. 129-njy aýat. Bu ýaramaz habary eşiden Resul Alla agyr oýa batdy. Ol öz Belent- Taňrysyndan müň kerem razy boldy. Alla-Tagala öz resulyna garşy gidýänleri görüpdi, olaryň it masgarasy bolup, ile peçan bolmagyna hemaýat edipdi. Muhammet pygamber öz sahabalaryny ýanyna çagyrdy. Ebu Bekir, Omar, Osman, Aly onuň ýanyna geldiler. Bu çakylygyň üstüne şol wagt Hamza pälwan-da geldi. Resul Alla oturanlara öten agşam mynapyklaryň al-Dirar metjidinde bolan masgaraçylykly wakany gürrüň berdi. Soň ol oturanlara ýüzlendi. – Siz nähili maslahat berýärsiňiz? Ebu Bekir sesini çykarmady. Emma Omar özüniň dagyň gaýasy ýaly pälwan kaddyny dikläp, gazaply gürledi. – Şu gijäniň özünde şu maslahata gatnaşanlary ýeke-ýekeden... – Hawa, olardan bize dost bolmaz. Olary ýok edeniň gowudyr. Gowusy, biz hezreti Omaryň diýenini edeliň. Resul Alla Hamza pälwanyň sözüne-de başyny ýaýkady. – Bize Medine iliniň içine bulagaýlyk salmaga rugsat berlen däldir. – Onda näme, üýşüp şol gelýän kerweniň öňünden çykalyň. Iki ýüz düýelik kerwen ähli muhajyri bir ýyl eklemäge ýeter. Onsuz hem Mekge müşrükleri muhajyr bendeleriň ähli mülküne, eýe çykyp otyrlar ahyryn. «Mirasdan ýumruk ýetse-de alyň» diýipdirler. Ol kerwen bize uly mirasdan tepärrik bolar-da... Hamza pälwanyň bu sözi oturanlaryň gulagyna kem ýaramady. Resul Alla agyr oýa batdy. – Wah, ol dogry-la, ýöne Alla-Tagala entejik bize uruşmaga rugsat berenok-da... Ýöne, bu pikiriň Muhammet pygamberiň hem göwnüne laýykdygy aýan bolupdy. Mekge müşrükleri musulman bendeleriň telim ýyllap kemsitdiler. Olar musulmanlaryň, iýenlerini-içenlerini burunlaryndan getirdiler. Her hili masgaraçylykly yzarlamalar bilen horlap, öýlerini otlamaga çenli baryp ýetdiler. Köçe çyksalar, üstlerine daş ýagdyrdylar. Ne öýlerinde, ne-de, beýleki ýerlerde oturtdylar. Ýygnanyşyklaryny bozup, urup-horlap gezdiler. Olaryň ýeketäk Alla uýmagyny, Muhammediň onuň Resulyňygyny dälilikden aýdylan samrama hasap etdiler. Olar Gurhanyň sürelerine ýalan-ýaşryk samrama diýdiler. Musulmanlara Käbe zyýaraty gadagan etdiler. Olar üçin bazarlary, Mekgeni zyndan etdiler. Olary toýdan-ýasdan kowdylar. Ahyr soňunda bolsa, olary özleriniň dogduk mekanlaryndan hiç zatsyz, çykyp gitmäge mejbur etdiler. Olaryň yzynda-galan ähli emlägine eýe çykdylar. Bu gün bolsa olar uly horluk bilen ýeten ýerlerinde hem goýman, bu bendeleriň ýetde-gütde görýän güzeranyny hem köp görüp, musulman bendeleriň üstlerine çozjak bolýarlar. Onuň üçin olara nähilidir bir göz görkezmek gerekdi. Muhammet pygamber mekgeli müşrükleriň meçew almasynyň, sebäbine düşünýärdi. Olara Mekgede garşylyk görkezmäge Alla tarapyndan rugsat berilmändi. Şonuň üçin, olaryň dişlerinde et galypdy. Hut häzir hem Ebu Jähil, onuň hemşerleri Muhammet pygamberiň, beýleki musulmanlaryň, el gaýtarman, öňküleri ýaly, gol gowşuryp oturjakdyklaryna ynanýardylar. Olardan hiç hili garaw bolmaz öýdýärdiler. Sebäbi olar Muhammet pygamberiň Belent-Taňrynyň buýrugy bilen iş görýändigi-ne, Alla-Tagalanyň bolsa uruş-sögüşe ýol bermejegine oňat göz ýetirýärdiler. Onuň üçin ol müşrüklerden her hili zuluma, süteme garaşybermelidi. Muhammet pygamber goşun çekip, olaryň alyndan çykmak meselesinde bir oňaýly ýagdaýy görýärdi. – Olaryň öňünden ýaragly çykmak, öz barlygyňy bildirmekdi; – olara öz güýjüň-kuwwatyň barlygyny görkezmekdi; – islän mahalyň garşylyk görkezip biljekdigiňi duýdurmakdy; – halk, döwlet baradaky gürrüňleriň ýalan däldigini aýan etmekdi; – geljekde şu ýoldan kerwen geçirmegiň aňsat bolmajakdygyny duýdurmakdy; – muhajyrlaryň aňynda olja diýen düşünjäni emele getirmekdi; – söweşe, uly garşylyga, duşmanyň çozmagyna taýýar bolup durmakdy. – diňe bir Mekgäniň däl, Medinäniň hem käbir hanlaryna, kethudalaryna haýbatdy. Şol iň esasysy, hawa, Resul Alla üçin häzirki wagtda, esasy zat şoldy; – öz güýjüňi jemlemekdi; – güzeran üçin täze ýollary gözlemekdi; – muhajyrlary täze bir pişe, täze talap bilen üpjün etmegiň ýollaryny gözlemekdi. Resul Alla, oýlandygyça, gelýän kerweniň garşysyndan ýaragly adamlary çykarmagyň ähmiýetiniň öran uludygynyň syrlaryna aralaşýardy. Ol sähelçejik adam bilen şol gelýän kerweniň alyndan çykylaýsa, goý, ol ýeňişli, oljaly, ýa-da aýdaly söweşli bolmasa-da, juda uly syýasatynyň bardygyny aňlady. Ýöne, Belent-Taňrynyň bu işe rugsat bermezligi onuň elini-aýagyny baglaýardy. Çünki, Resul Alla şu güne çenli Allanyň, demini, güýjüni, gudratyny, özüne çäksiz keramatyny, hemaýatyny duýa-duýa gelýärdi. Ol şu güne çenli Alla-Tagaladan bidin ýekeje ädim hem ätmändi, Indem, edip biljek däldi. Şonuň üçin ol ýene-de Belent-Taňra dileg saldy. – Eý, Rebbim! Seniň ugrunda şu kuraýyş kowmy bilen uruşmakdan gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. Seniň uruş-dawanyň tarapyny tutmaýanyňy hem bilýärin, eziz Taňrym! Ol kuraýyşlar Allanyň, ýeketekligine şek ýetirdiler. Olar Seniň Resulyň pygamberligine şek ýetirdiler. Ahyr soňunda ony ýurdundan çykaryp kowdylar. Olar indi seniň Resulyňy, onuň ummatlaryny, Seniň din-şerigatyňa uýan musulmanlary bu ýurtdan hem çykyp gitmäge mejbur etjek bolup dalaş edýärler. – Eý, Allahym! Biziň bilen olaryň arasynda urşa çykmaga, rugsat berersiň diýip Saňa ýalbarýaryn. Resul Alla gijeler ýatmady. Ol Alla-Tagaladan müşrükler bilen söweş etmäge idin sorady. Beýik Ýaradan ahyr soňunda Resul Allanyň raýyny ýykmady. Ol müşrüklere garşy söweşe çykmaga rugsat berdi. Ýöne, diňe «duşmanlaryň hüjümine duçar bolan mükminlere edilen zulum üçin garşy çykyp söweşmäge» rugsat beripdi. Bu söweş diýseň çäkli bolmalydy. Oňa Mekgede zulum edilen, öz ilinden mejbury çykarylan musulmanlardan başga adam gatnaşmaly däldi. 623-nji ýylyň mart aýlarynyň bir günüdi. Medine sährasynyň bahara ten berip, indi ir açylan meýdan gülleriniň iň soňky möwritinde janynda baryny edip, müşki-anbaryny saçýan döwridi. Bu ýerleriň bahary, Mekge töwereklerine garanyňda, birneme dowamlydy. Çygly howa, deňizden öwüsýän ýagyşly ýeller bu sähralaryň baharyna az-kem ömür berýärdi. Şonuň üçin bu sähralaryň howasynda ömre-ömür berýän şypa bardy. Medineden çykyp, günorta-gündogardaky baýyrlary gabatlap barýan otuz çemesi adamyň süňňi juda ýeňil görünýärdi. Olar baharyň şerbet ýaly gujagynda özlerini jahyl ýetginjek ýaly duýýana meňzeýärdiler. Bu adamlaryň iň öňündäki düýäniň üstündäki merdana adamyň sag elinde tutup oturan naýzasynyň ujunda ap-ak atlaz baýdak «ahyr soňy maňa-da dünýä çykmak bar eken-ow» diýýän ýaly, elden aýakdan çykyp, şemala pasyrdaýardy. Özüni merdana tutup oturan bolsa Hamza pälwandy. Hamza pälwanyň her tarapyndan bir at barýardy. Atlaryň birinde al-Zübeýra ibn al-Awwama, beýlekisine bolsa al-Mikdada ibn al-Aswad münüp barýardy. Bu ikisine Hamza pälwanyň janpenalary diýseň hem boljakdy. Bu toparda bir düýe üç bolup münenler-de, paý-u-pyýada barýanlar-da bardy. Bu adamlar Gyzyl deňziniň golaýragyna, kuraýyş kerweniniň geçjek ugurlaryna tarap barýardylar. Bu töwerekler öň parslaryň eýelik edýän ýerleridi. Emma olar hem bu ýerleri birwagtlar taşlap gidipdiler. Indi bu sähralarda guraksy çapgyn ýeller hojaýynçylyk edýärdi. Çünki, bu ýerler Mekgeden iki ýüz elli, Medineden bolsa ýüz elli kilomerlik uzaklykda ýerleşýärdi. Şonuň üçin indi bu ýerler eýesizdi. Hamza pälwan yzarlaýan ýoluny tapdy-da, Ebu Jähilii, kerwenini gapyllykda sajlap bolaýjak ýere gelip ýük ýazdyrdy. Medineden ýörite toparyň öz üstlerine gaýdanyny ýaranlary Ebu Jähile eýýäm habar beripdiler. Şonuň üçin bu adam guduzlan gurt kimin, kime agyz saljagyny bilenokdy. – Men siziň ataňyzyň görüni ýakyp, çöl ýerlerde läşiňizi sererin – diýip, ol özüniň üç ýüz atlysyna buýsanyp, dişlerini gazap bilen çarhlaýardy. Hamza pälwan aňyrdan agyr goşunyň ugratmagynda agyr kerweniň gelýändigini gördi-de, toparyny ýola çykardy. Ebu Jähil oglanlykda gözleriniň ody alnansoň, Hamza pälwany gördi-de, injikleriniň zygyrdaýandygyny duýdy. Ebu Jähiliň hem, onuň töweregindäkileriň hem baryp, çagalykdan bäri saly Hamza pälwanyňkydan pesdi. Bir sapar Hamza pälwan Ebu Jähili ýaý bilen atyp, tas gözlerini çykarypdy, soň hem onuň kellesine ýaý bilen ýagşy ýelmäpdi. Ýöne, kerwen Ebu Jähiliň özüniňkidi. Ol kerweni elinden gidereninden, janyny berenini gowy görjekdi. Onsoň hem ol ýeke däldi. Yzynda üç ýüz adamlyk ýaragly goşuny bardy. Taraplar biri-biriniň üstüne at goýmaga taýýarlandylar. Hamza pälwan elindäki ujy ak baýdakly naýzasyny ýokary göterdi. – Musulmanlar, bizi ýurdumyzdan çykmaga mejbur eden müşrük bigaýratlaryň üstüne at goýalyň! Ol düýesiniň böwrüne dependen, bir geň ýagdaý ýüze çykdy. Şu töwereklerde göçüp-gonup ýören juhany taýpasynyň baştutany Mejdiý b. Amr söweşe girmeli aralyga girdi. – Doganlar, saklanyň! – ol iki elini asmana tutdy. Hudaýyň haky üçin bu ak ýollarda dogan-doganyň ganyny dökmäň. Onsuz hem bu ýollar durşuna gan, durşuna mazardyr. Saklanyň, hany, heriňiz öz ýoluňyza ugraň!.. Ebu Jähil sähranyň üstünden taýyp gelýän agyr kerweniniň yzyna tutuş goşunyny tirkäp, geçip gitdi. Hezreti Hamza pälwan hem töwellany aldy-da, toparyny yzyna tirkäp, Medinä bakan gaýtdy. Bu ýeňişiň gürrüňi uly boldy. Onuň bir ujy Mekgeden çyksa, bir ujy beýleki çarwalara ýetdi. Şonuň üçin Muhammet pygamber Mekge müşrüklerini ykdysady gabaw howpy bilen gorkuzmak üçin, hem-de uzak-ýakyndaky duşmana abaý-syýasat bolsun diýip, bu hili ýörişi yzygiderli geçirmegi ýüregine düwdi. Indi muhajyrleriň özlerem «men gitjek-de, men gitjek» bolşup, söweş meýlini bildirýärdiler. Urşa girmäge Alla-Tagalanyň idin bermegi, özüňi goramak, mertebäňi, döwletiň abraýyny saklamak, adamlary ertirki günlere gyzyklandyrmak, şeýle çözgüdi talap edýärdi. Resuly Kerim serwerimiz Hamza pälwan ýörişden dolanyp gelenden soň köp wagt geçmänkä Ubeýde b. Harisi altmyş adama baş edip, ýörişe iberdi. Resul Alla Ubeýdäniň eline ak baýdakly naýzany gowşuryp, oňa pata berdi, Ubeýde b. Haris hem Hijaz daglanyny nazarlap, Gyzyl deňziniň kenarlaryna, ýöne Hamza pälwanyň giden ugrundan birneme demirgazyga bakan ugrady. Olar kerwen ýolunyň bardylar-da, ony saklap başladylar. Aňyrdan agyr kerwen göründi. Onuň başyny Ebu Jähiliň ogly Ikrim özüniň üç ýüz atlysy bilen çekip gelýärdi. Toparlar ýaý atym aralyga gelip saklandylar. Ýöne nämüçindir, Ubeýde b. Haris altmyş adamy bilen yza çekildi. Bu toparyň içinde Ebu Bekir bilen Saad ibn Wakgas hem bardy. Saad ibn Wakgas Mekgede musulmanlaryň namaz okamagyna päsgel berjek bolan müşrügi düýäniň çakyr süňki bilen urup, onuň başyny gara gan bilen ýuwupdy. Ol häzir hem dek oturyp bilmedi. Kuraýyşlara bakan ýaýyndan bir oky parladyp, atyp goýberdi. Onuň atan peýkamy hiç kime degmese-de, ol kuraýyş müşrüklerine musulmanlaryň atan ilkinji oky bolupdy. Iki sapar bäri toparlar ýöne gitdim, geldim bolsalar-da, Resul Alla bu toparlaryň ýörişinden diýseň razydy. Duşman öz garşydaşynyň bardygyny, onuň güýjüni göründi. Goý, az bolsun, ýene güýç bardy. Bu ýere geleni şonça bolsa, onuň yzyndakylar näçekä? Duşman üçin oýlanara zat galypdy. Şol güýç islän wagtyň ýoludy kesip biljekdi. Al salyp, hil edip, söweşip seniň kerweniň öňüni kesip biljekdi. Muhammet pygamber Saad ibn Wakgasyň «Wah., boş geçdi-dä» diýip ahmyr edýän peýkamynyň gaty köp nyşana degendigini bilýärdi. Medineden giden ilkinji otuz, soňky altmyş düýeliniň sany Mekgä barýança çişe-çişe müň atla dagy ýetipdi. Medinä bolsa Muhammet pygamberiň goşuny müşrükleriň atlylaryny kül-peýekun etdi diýen habar ýaýrapdy. Öň ýeketäk Alla, Gurhana, pygambere dil ýetirýänler indi dillerini gysmaly bolupdylar. Resul Alla barha meçew alyp barýan söweş meýlini indi togtatmak islänokdy. Ol 623-nji ýylyň jöwzaly maý günleri Saad ibn Wakgasy indi üçünji ýörişe baş edip iberdi. Ýöne bu ýöriş hem netijesiz tamamlanypdy. Şol ýylyň awgust hem-de dekabr aýlaryndaky ýörişlere Resul Allanyň hut özi serdarlyk edipdi. Onuň ak, ýöriş baýdagyny agasy Hamza pälwan buýsanç bilen göterýärdi. Ýöne ol ýörişler wagtynda ýolda-yzda hiç kime gabat gelinmändi. Muhammet pygamber aslynda-da uruş-dawany isläp ýören adam däldi. Bu saparlarda-da onuň göwnüne görä bolupdy. Şol ýeňşi wagtynda ony Müdlij al Damara taýpasynyň adamlary örän uly hormat gaýmak bileň özleriniň çarwalaryna çagyrypdylar. Resul Alla olaryň sözüni ýykmady. Bu çakylyk peýdaly bolup çykdy. Resul Alla ilkinji sapar arap çarwalarynyňka baryp, olar bilen birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada, esasy üç meseläni içine alýan şertmama baglaşypdy. Bu çarwada on bäş gün bolandan soň, Resul Alla özüniň topary bilen Medinä gaýdypdy. Bu şertmama Resul Allanyň ýüreginde täze bir işe yhlas döretdi. Ol Medinede ýene oturanyňdan, çarwalara gidip, olar bilen gepleşik geçirmegiň uly peýdasynyň boljakdygyny duýupdy. Şonuň üçin ol şu ýylyň sentýabrynda Kurz al Fihrim taýpasynyň çarwalaryna bakan ýöriş gurady. Bu taýpalar tüýs tüýkesmeden zannyýaman diýilýänlerdendi. Olar ýeri gelende kuraýyşlar bilenem, müşrükler bilenem, munapyklardyr beýleki ikiýüzliler bilen hem dil birikdirip, musulmanlaryň düýe, dowar sürülerini sürüp gitmegi hiç zatça görmeýärdiler. Olar özleriniň günäsini bilýärdiler. Şonuň üçin Muhammet pygamberiň toparynyň gelýändigini eşiden batlaryna, ýok bolşup, ýeriň deşigine giren ýaly bolupdylar. Ýöne şondan soň olar musulmanlaryň, mal-garasyna gyýa göz bilen garamandylar. Bu ýöriş döwründe täsin bir ýagdaý bolup geçdi. Howa juda yssydy. Içimlik suw juda azalýardy. Adamlar şol içimlik suwdan täret kylmaly bolýardylar. Täret kylman namaz okamak bolsa juda haramdy. Onsoň adamlar Resul Alla arz edip başladylar. Resul Alla oýlanýardy. Näme etmeli? Ol Jebraýyl perişdäniň gelerine garaşdy. O gelen badyna adamlaryň arzyny aýtdy. Jebraýyl perişde oňa Hakyň buýrugyny ýetirdi. Şondan soň Resul Alla namaz okaljak mahaly kylynýan tärede düýpli üýtgetme girizdi. Suwsuz çöllerde täredi suw bilen däl-de, arassa gum bilen kylmagy buýurdy. Ondan başga-da, öýle, ikindi namazlaryny jokrama yssynyň içinden agşam salkynyna geçirmäge rugsat berdi. Ol ýöriş wagtynda agyz beklemegi gadagan etdi. Mundan başga-da sapary namazyny – namazy saparda bolanyň üçin gysgaldyp okamagy kada etdi. Mundan başga-da, Resul Alla duşmanlar ýakynlaşanda namazy gezek- gezegine, juda seresap bolup okamagy ýola goýdy. Ine, şu sapar mahalynda Muhammet pygamberiň ýola goýan bu düzgünleri külli musulman üçin nesiller boýy, asyrlar boýy berjaý edilýän mukaddes kada öwrülipdi. Şeýle günleriň birinde, öňki üç ýörişe gatnaşan Abdylla ibn Jahş özüniň ýaranlaryndan sekiz adamy alyp, öň gidilen ýol bilen Gyzyl deňzine bakan ugrady. Abdylla ibn Jahş diýseň agyzly, ören batyr adamdy. Ol kişiden minnet çekjek kişi däldi. Ol ýola düşülen badyna adamlary bir ýere çugdamlady-da: – Adamlar! – diýdi. – Meni bu sapara Resul Alla iberdi. Kim yslama, Resul Alla wepaly bolsa, kim yslam üçin öz başyny «wah» diýmän goýup biljek bolsa, şol meniň bilen ýola düşsün. Eger, kimiň göwnünde yrgalyk, ikigöwünlilik, gorky ýok bolsa, meniň yzyma düşsün. Eger kimiň ýüreginde gorkusy bar bolsa, onda, galsyn. – diýip aýtdy. Bu toparda şir ýürekli Saad ibn Wakgas hem bardy. Bu topar birnäçe gün ýol ýörenden Soň Nahl jülgesine ýetdiler. Ýoldaky gürrüňlerden Saad ibn Wakgas bu ýörişe hiç kimiň rugsat bermändigine, onuň haramdygyna göz ýetirdi. Ol gijäniň bir wagty, «ýiten düýesini» gözlemäge gidip, ediň ýoldaşlaryndan «azaşdy». Şeýdibem bularyň arasyna bölünişik düşdi. Resul Alla Rejep aýynda ýörişleri, çozuşlary, uruş-dawalary ýatyrypdy. Sebäbi gadym döwürlerden bäri bu aýda Arabystan ýarym adasynyň adamlary Käbä zyýarata gidýärdiler. Bu aýda adamlaryň arasyndaky günäler bagyşlanylyp, umumy ýaraşyk başlanýardy. Soňra sadakalar berilýärdi. Şonuň üçin bu aýda söwdadan gelýän kerwenler juda arkaýyndy. Olar ýollarda özlerine goşulan zyýaratçylar bilen goşulyşyp, howlukman ýol alýardylar. Saad ibn Wakgas şoňa göz ýetiripdi. Emma Abdylla ibn Jahş ýoldaşlaryna özüni bu işe Resul Allanyň ýörite tabşyryp iberendigini aýdyp, hiç hili ýeň bermeýärdi. Ýol boýy ant içýärdi. Bu topar Nahl jülgesiniň geçelgesine baryp ýetdi. Olaryň bagtyna, Şam tarapdan üsti kişmiş, kişdeli, azyk-owkatly hem-de eýlenen deri ýüklenen alty sany düýeli kerwen gelýärdi. Rejep aýy bolansoň, kerweni alyp barýan dört adam juda arkaýyndy. Olar bu mukaddes aýda bu töwereklerde çapawulçylyk ediler öýdüp, güman hem edenokdylar. Abdylla ibn Jahşyň beýleki ýoldaşlary hem bu mukaddes aýda günä etmek islänokdylar. Ýöne olar Abdylladan çekinmän hem duranokdylar. Abdylla ibn Jahş bolsa ýoldaşlarynyň ýagdaýyna garap duranokdy. Ol gijäniň bir mahaly arkaýyn ýatan kerweniň üstüne çozdy. Duýdansyz üsti basylan kuraýyşlar juda gorkdylar. Aljyraňňylyga düşen kuraýyşlaryň biriniň içinden ok parran geçdi. Ol şol bada jan berdi. Beýleki biri özüni gijäniň garaňkylygyna urup sypdy. Iki sany müşrük bolsa ýesir düşdi. Muhajrylar kerweni Medinä ýetirmän sakladylar. Abdylla ibn Jahş oljanyň bäşden bir bölegini Resul Alla üçin aýryp goýdy. Galan bäş düýe ýükem ýedi adamyň arasynda paýlady. Mukaddes aýdaky bu eden-etdilik Resul Allanyň gaty gaharyny getirdi. Ol oljadan ýüz öwürdi. Öz ýanyna barmak islän Abdylla ibn Jahşyň ýüzüni görmek hem islemedi. Tutuş Medine halky bu sekiz adamy itden beter pisledi. Olaryň mukaddes aýynda haramylyk eden adamlara gahar-gazaby örän ulydy. Şonuň üçin olar Resul Alladan bu sekiz kişä berk jeza berilmegini talap edip başladylar. Resul Alla pikire batdy. Ol bu adamlara nähili çäre görjegini bilenokdy. Ol oýlanýardy. Alla-Tagala ony ýalkady. «We müşrükler bilen hemme aýda urşuň, (sebäbi) şonuň ýaly-da olar hemme aýlarda siziň bilen urşarlar.» (Gurhan 9-njy süre. 39-njy aýat) Belent Taňrynyň bu aýaty Resul Allanyň ýarasyna melhem bolup ýapylan ýaly boldy. Ol adamlary agzalaçylykdan, günä iş etmekden, Allanyň alynda günäkär bolmakdan musulman bendeleriň nähak jeza çekmeginden alyp galypdy. Resul Alla şondan soň öz olja paýyny aldy. Ýöne onuň ählisini muhajyrlaryň, ansarlaryň garyp-gasarlaryna paýlaşdyrdy. Bu wahyý Abdylla ibn Jahşy, onuň ýoldaşlaryny agyr jezadan halas edipdi. Şu ýerde başga bir ýagdaý ýüze çykdy, Abdylla ibn Jahş, onuň ýaranlary il içinde batyr gahrymana öwrüldiler. Indi olara uly iliň gözi gidýärdi. Şundan soň olja almaga gitjekleriň sany juda köpeldi. Her özüne ýetýän oljanyň ýoluna çykmaga taýýardy. Indi diňe bir muhajyrlar däl, ansarlaryň hem köpüsi jeňe gidip, olja getirmegiň arzuwy bilen ýaşaýardy. Muhammet pygamber indi özüniň umydyna ýetipdi. Özlerini dogduk diýaryndan kowup çykarar kuraýyş müşrüklerini ykdysady gabawa salmagyň wagty ýetiberipdi. Oňa Alla-Tagaladan rugsat bardy. Adamlar şeýle kerwenleriň ýoluny kesmäge her haçan ugramaga-da taýýardy. Olar olja üçin diýmek, ýeňiş üçin janlaryny gurban etmäge taýýardylar. Resul Allanyň öň ýekeje gorkusy bardy, ol hem Alla-Tagala bu işe rugsat bermez öýdýärdi. Indi bolsa Belent-Taňry ähli ýoly olaryň öňünde açyp goýupdy. Muhammet pygamberiň ikinji çekinýän zady, halky bu iş üçin yzyna düşürip bilmerin öýdýärdi. Emma bu halk Resul Allanyň özi rugsat bermänkä bu işe höwesek bolup, gidip, olja alyp gelip başlapdy. Resul Alla olja meselesini juda garaňky görýärdi. Bu ýerleriň ilaty ylaýtada muhajyrlar, ansarlar talanyp alnan oljany haram görerler öýdýärdi. Emma ol indi bu adamlaryň talanyp alnan oljany özleriniň köýen mirasy hökmünde görýändiklerine düşündi. Alla-Tagala bolsa: «We şol wagta ýadyňyza salyň, Belent-Taňry size iki taýpanyň birini (ýa-ha kerweni, ýa-da kapyr leşgerini) oljalamagy wada berdi, takyk, ol bir taýpa siziňkidir we hakykatda siz ýaragsyz we az goragly kerweniň özüňiziňki bolmagyny isleýärsiňiz (Gurhan. 8-nji süre. 7-nji aýat) – diýýärdi. Muhammet pygamber öňde bolup geçen ýörişlere diňe muhajyrlary goşupdy. Onuň Mekgäni taşlap gelen musulmanlar baýasyn, ýa-da «olar özleriniň ýitirilen mirasyna eýe bolsun» diýen niýeti hem ýokdy. Ol soň bir gün ansarlaryň dilinden çekinýärdi. Bu seleň sährada mal-mülki, ekin-tikini bilen gowy günde ýaşaýan adamlar bu işleri musulmançylyga gelişmeýän, Alla-Tagalanyň ýoluna ters gelýän iş edilen ýaly, hemişe ýazgarar ýörerler öýdýärdi. Emma bu gün olja tamasy bilen jeňe atlanjak medinelileriň hetdi-hasaby ýokdy. Resul Alla adamlary bir ýere jemlemekde, bir ugra gönükdirmekde, olary Allanyň, din-şerigatyň ganym duşmanlaryna garşy juda gazaply bolmaga, birek-birege rehimdar bolmaga, mert, kanagatly bolmaga, ertire umydygär bolmaga taýýarlamakda beýle ýörişleriň uly ähmiýetiniň bardygyny göz öňüne getiribem bilenokdy. Alla-Taglanyň rähmeti bilen bu iş çak edişinden hem köp haýyrly bolup çykdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |