10:59 Muhammet pygamber -54: romanyň dowamy | |
3. Eger-de siz bilseňiz, urşa gitmeklik we uruşmaklyk siziň üçin köp peýdalydyr. Gurhan. 9-njy süre. 45-nji aýat. We emma Belent-Taňry siz duşman bilen wadasyz uruşdyrar we yslam dinini äşgär etmek we onuň duşmanlaryny ýok etmek üçin öz ýanynda bolmagy hökmany bolan emri höküm eder. Gurhan. 8-nji süre. 43-nji aýat. 624-nji ýylyň ýanwarynyň ortalarydy. Medinäniň mylaýym günleri göwünlere ganat berýärdi. Şeýle mylaýym säherde birden galkan adamlaryň gohy tutuş Medinäni aýaga galdyrdy. Şäher halky baryp Muhammet pygamber Medinä gelen gününden bäri, beýle şowhuny görmändi. Hatar-hatar düýeler, atlar, elleri okly, ýaýly, naýzaly adamlar-uly tolgunma bilen ýola şaýlanmaga taýýar bolup durdylar. Her kimiň çaltyrak ugrasy, ýetmeli ýere çaltyrak ýetip, iş bitirip dolanyp gelesi gelýärdi. Resul Alla bu gije bir salym hem irkilmedi diýen ýalydy. Belent-Taňra Resul bolup, älem syrlaryna aralaşyp, ynsanlaryň bilmedigini bilip, görmedigini görüp, olaryň eşitmedigini eşidip, Eziz Taňry bilen didarlaşyp, onuň owazyny eşidip gelen Resuly Kerim serwerimiz bu bolýan işleri, indi bolmaly wakalary seljerip otyrdy. Ol wada eden Medine halkynyň galkynan işleriniň bähbitleri barada pikir edýärdi. Bu galkynyş, onuň oýlanyşyça, Belent Taňrynyň öz bendelerine eýlän ýalkawynyň miwesidi. Bu günki galkynmagyň ertir müň günlük eşreti bardy. Ol rahatlykdy, yrsgal-döwletdi. Ol döwlet bolmakda, şol döwleti dolandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak rowaçlykdy. Şonuň üçin bu galkynyşyň öňüne böwet bolmak, ony saklajak bolmak, ol yslamyň rowaçlygyny saklamaga synanyşykdy. Muhammet pygamber säher bilen öýden çykdy. Onuň buşluk habary bar ýalydy. Ýola rowana boljaklar, olary ugradýanlar, aýallar, çagalar atly, düýeli adamlardan saýlanyp, bir gyrada toý mähellesi ýaly bolup durdylar. Resul Allany görenleriň gowry ýatdy. – Eziz doganlar! Kuraýyşlaryň kerweni ýola çykdy. Enşalla, «Alla» diýip, at goýsak, ol kerwen bize nesip edäýedi-dä!... Ebu Jähiliň agyr kerweniniň Şamdan Mekgä gaýdýan ýolda, Gyzyl deňiziň kenary bilen gelýändiginden Resul Allanyň habary bardy. Ol halkyň bu galkynyşyny şol kerweni awlamakdan başlamagy niýet edinipdi. Resul Alla bu gün bir zada göz ýetirdi. Indi onuň özem bu galkynmanyň öňüni alyp bilerin bilenokdy. Adamlar gazandan çogan süýdüň köpügi ýaly, bu ýerini saklasaň, ol ýeri elden aýakdan çykyp barýardy. Muhammet pygamberiň ak patasyny alan adamlar, edil bulut ýaly bolup süýşüp ugradylar. Bu ýörişiň başyny Muhammet pygamberiň özi çekip başlady. Ýörişiň naýzanyň ujuna dakylan ak baýdagyny Ýasribde ilkinji bolup musulmançylygy ýaýradan Musab göterip gelýärdi. Muhajyrlariň gara baýdagy Ala ynanylypdy. Ýygyn şol öňki ýol bilen süýji suwly, salkyn öleňli Badr jülgesine bakan barýardy. Musulmanlar paý-u-pyýada bolsalar-da, ulagly barýanlar ýaly, keýpleri kökdi. Olar misli, toýa barýan ýaly, şadyýan degşip-gülüşýärdiler. Ýörişe çykanlaryň üç ýabysy, ýetmiş howutly düýesi bardy. Munuň özi her dört-bäş adama bir düýeden ýetýär diýen ýalydy. Resul Alla özüniň ýelmaýasyny Aly hem-de ýene bir ulagsyz bende bilen gezekleşip münýärdi. Gyzyl deňziniň kenarlaryndan çykyp, Badyr jülgesine giren agyr kerweniň başyny Ebu Sufýan çekip gelýärdi. Bu gün bu adamyň gorkusy az däldi. Töwereginde ýetmişe golaý atly-ýaragly kuraýyş bolsa-da, jany aram tapanokdy. Ýoluň gyrasynda üç-dört atly görenden-ä onuň dünýesi düňderilen ýaly boldy. Olaryň üstüne çozmak islänlere-de ol rugsat bermedi. Ol bu atlylar Muhammet pygamberiň goşunynyň aňtawçylarydyr öýtdi. Atlylar gyssanyp salamlaşdylar. Soň habarlaryny oda gelen ýaly bolşup, gaty gyssagly aýtdylar. – Bizi Ýasribden Abdylla b. Ubeýýa siziň ýanyňyza iberdi. Musulmanlar bäş-alty ýüz adam bolup, siziň kerweniňizi talamaga barýar. Olar Badyrda öňüňizden çykar. Serdarymyz size: «Seresaplylygy elden bermesinler» diýdi. Bu habar öňem injigi sandyrap duran Ebu Sufýanyň ähli ysgynyny aldy. Onuň ýüreginiň bagy üzülen ýaly boldy. Ol kerweni az-kem togtatdy-da, iki atlyny Mekgä ugratdy. – Musulmanlar bäş-alty ýüz atly bolup, kerweni talamaga çykdy. Juda gyssagly ýagdaýda goşun ibersinler. Baryň gyssagyňyz özüňiz bilen... Resul Allanyň goşuny Badyr jülgesine gelip girdi. Salkyn, süýji suwly çeşmeleriň başyna düýelerini duşaklap goýberip, özleri dynç alýan adamlaryň keýpi kökdi, ruhy diýseň belentdi. Olar agyr kerweniň özleriniň üstünden geljegine ynanýardylar. Ol jülgeden bu jülge geçip, ýol aňtaýardylar. Ebu Sufýan kerweni juda seresap sürýärdi. Ol ýoldaky her bir yzdan many çykaryp bilýärdi. Olar Badr jülgesiniň bir oýuna inenlerinde takyr meýdanda düýäniň täzeje gumalaklarynyň, ownuk hurma şänikleriniň paýrap ýatandygyny gördüler. – Beýle hurma diňe Ýasribde bar, bular hem şolaryň düýesiniňki. Özlerem yza bakan, biziň barýan ýolumyza gidipdirler. – diýip, Ebu Sufýan ýagdaýy aýan etdi. Soňra hiç kime geňeşmän, kerweni Badr jülgesine däl-de, Gyzyl deňziň kenarlaryna bakan öwürdi. Ebu Sufýanyň atlylary Mekgä daňdanlar bardy. Olaryň bu howsalaly habary tutuş Mekge halkyny aýak üstüne galdyrdy. Bar umydy şol kerwene baglanan mekgeliler birden aýaga galyp, duran duran ýerlerinden ýola şaýlandylar, Mekgäniň halkynyň gününi it görse, gözi agarjakdy. Gurakçylyk adamlaryň eňkamyny halys alypdyr. Indi öňki ýaly, Ýasrib tarapdan azyk-suwlukly kerwenler geliberenokdy. Musulmanlar göçüp gideli bäri Mekgäniň öz derdi özüne ýetikdi. Mekgeli baýlar hem öňki ýaly, her kim öz kerwenini Şama, Yraga, Damaska, Ruma iberip bilenokdy. Olaryň ýagdaýy ýokdy. Onsoň hem Muhammet pygamberiň Ýasribde oturmagy, olaryň harydyna, mal-baýlygyna kiçi howp däldi. Bu ýerde Muhammet pygamberiň atlylarynyň, ýaragly goşunlarynyň Badrda kerwen aňtap ýörendigi barada juda uly howsala bilen gürrüň edýärdiler. Baýlar ellerinde barja maýasyny şol garakçylaryň ellerine berip, barja baýlygyndan el ýuwup oturmakdan gorkýardylar. Şonuň üçin olar soňky wagtlarda baýlyklarynyň baryny bir kerwene jemläp, ony hem tutuş il bolup goramagy ýola goýupdylar. Şeýdibem, Şam bilen Mekänniň aralygynda altmyş-ýetmiş, käte bolsa ýüz atlynyň ugratmagynda ýüz-ýüz elli, iki ýüz düýeli kerweni gatnadýardylar. Muhammet pygamberiň goşunynyň iki ýüz düýeden ybarat kerweniň alyndan çykmagy, alty düýeli bir kerweniň bolsa mukaddes Rejep aýynyň içinde talanmagy mekgelileriň ýüregine oýun salýardy. Olar indi Muhammetli mesele birýanlyk edilmese, özlerine tä ölýänçäler rahatlygyň ýoklugyna düşünýärdiler. Şol döwürde ýene bir ýagdaý emele geldi. Söwda giden kerwen gelmese- de, dowar sürüleri sürülse-de, düýe sürüsi talansa-da, başga bir ýaramaz işler ediläýe-de, ony oýlanmazdan ýasribli musulmanlaryň, boýnuna atýardylar. Şonuň üçin Mekge halkynda bu ýerden göçüp gidenlere juda uly ýigrenç hem-de uly gorky bardy. Şeýle ýagdaýda bu howsalaly habaryň gelip düşmegi, öňem olardan ýaňa ýürekleri endiräp duran mekgelileri aýaklaryna ot basylan ýaly etjegi ikuçsyzdy. Şonuň üçin sähel salymda Ebu Jähiliň ýolbaşçylygynda Badr jülgesine bakan ugran düýeli, atly adamlaryň sany dokuz ýüzden hem köpdi. Olaryň arasynda şu ýerde hakyna tutma gulluk edýän nökerler hem bardy. Müşrükler öz ýanlary bilen gijelerine meýlishanaharda aýdym aýdyp, tans edýän aýallaryň hem birnäçesini alyp gaýtdylar. Ol aýallar her düşelgede tamburin çalyp, mertlik hakynda, duşmany ýeňmek hakynda gadymy aýdymlary aýdyp, giden çöli ýaňlandyrýardylar. Olaryň: Eý, boo-oý, eý-bo-oý, Haý-haý, haý-haý – diýip, haýkyryşýan sesleri alyslara akyp gidýärdi. Emma Resul Allanyň seňňeri diýseň asudady. Süýji suwly öleňleriň boýunda adamlar rahat dynç alýardylar, Aňtawçylar öňe gidip, ýollary barlaýanlar bolaýmasa, iç-daş çykyp ýören ýokdy. Salkyn gijeler adamlar ýyldyzlary ýere degäýjek bolup duran açyk asmanyň astynda sakçylaryň yşaratyna garaşyp, süýji ukuda ýatyrdylar. Resul Alla Ebu Sufýanyň kerweniniň bu ýerlere gelmelidigini bilse-de, onuň gelmeli çakynyň bolandygyny aňlasa-da, kerweniň Badr jülgesiniň daşyndan aýlanyp gidendigini bilenokdy. Şol günleriň birinde musulmanlar Badr jülgesini syryp barýan adamlary ele saldylar. Olar: «Biz Ebu Sufýanyň kerweninden» diýip, boýun aldylar. Emma musulmanlar olara ynanman, olar: «Dogrynyňzy aýdyň» diýip ýenjip başladylar. Bu bolsa tersine boldy. Olar indi: «Biz hiç zat bilemizok» diýip, urulsa-da, horlansa-da, seslerini çykarmadylar. Bu ýesirleriň gykylygy Resul Alla ýetdi, Resul Alla ol bendileri sütemden halas etdi. Diňe şondan soň olar Ebu Sufýanyň kerweniniň Badryň etegi bilen aýlanyp geçip gidendigini, Mekgeden Ebu Jähiliň ýolbaşçylygynda uly goşunyň ýetip gelýändigini habar berdiler. Bu habar Resul Allany agyr oýa batyrdy. Mekgeliler çaparyň alyp gelen habaryna çäksiz begendiler. Çapar: – Ebu Sufýanyň kerweni Badr jülgesinde sag-aman çykyp, Mekge ýoluna düşdi. – diýip aýtdy. Kerweniň sag-aman gelýändigini, gandökülişigiň bolmanydygyny eşiden, Muhammedi sylap ýören mekgelileriň üç ýüze golaýy yzlaryna gaýdarman boldy. – Adamlar! – diýip, bu ýygynyň garamatyny öz boýnuna alyp gelýän, Mekgeniň kethudasy Ebu Jähil kiçeňräk bir çagylly baýryň üstüne çykyp gygyryp aýtdy. – Siz beýdip, gelip indi ýoluň ýarysyndan gaýdyjy bolmaň. Şu baýyrlaryň adyrsynda siziň din hem-de gan duşmanysyz bolan Muhammet sähelçejik leşgeri bilen siziň kerweniňiziň gelerine garaşyp ýatyr. Iň mukaddes aýda kerwen talan, özüniň arkadaşarynyň yrsgyna göz dikip, olaryň ganyna el gatan adam bize hiç haçan hem dost bolmaz. Ony ýok etmeli. Ine, şu gün şol pursat geldi. Şu gün agzybirlik bilen olaryň başyny alyp, naýzalarymyzyň ujunda Mekgä alyp gideliň. Eger olary şu gün kerçem-kerçem etmesek, onda tä ölýänçäk, asyl ölenimizden soň hem arkaba-arka, ähli neslimiz şolaryň sütemine çydap, olaryň zulmuny çekip geçmeli bolar. Şonuň üçin kim meniň bilen duşmany kül-peýekun etmäge gitjek bolsa, meniň tarapyma geçsin... Alty ýüzden hem gowrak adam Ebu Jähiliň duran depesine taran süýşdi, Galan üç ýüz töweregi adam Mekgä tarap ugrady. Muhammet pygamber gijräk hem bolsa, Ebu Jähiliň müň adama golaý goşun bilen süýşüp gelýändigi baradaky habary aldy. Ol şol bada ýanyna Omary, Alyny alyp, Ebu Bekir bilen bilelikde, muhajyrlar bilen ansarlaryň bilelikdäki geňeşni geçirdi. – Eziz doganlarym! – diýip, Resul Alla adamlara ýüzlendi. – Biz şu gün Belent-Taňrynyň rugsat bermegi bileň Beýik-Ýaradana, onuň, dinine, mukaddes Gurhan kitabyna dil ýetirip, musulman doganlarymyzy öýünden, ýurdundan, malyndan-mülkünden aýra salan müşrükleriň alynda durus. Olar musulman bendeleri bu gelen ýurdundan hem kowup, özleriniň ansar doganlaryndan aýra salmak üçin, biziň her birimiziň başymyza ölüm lagnatyny indermek üçin gan küýsäp gelýärler. Häzir olar şu baýyrlaryň aňyrsynda dişlerini çarhlaşyp durlar. Kim bu söweşe girmek islemeýän bolsa, oňa rugsatdyr. Emma galanlaryňyz Belent-Taňrynyň haky üçin, mert durup söweşmelidir. Alla biziň bilendir. Bu söweşde biziň bähbidimiz ýokdur. Biz Allanyň tarapynda durup söweşýändiris, Omyn! Bu geňeşde ansarlaryň ýaşulylary, muhajyrlar: «gerek bolsa başymyzy goýup, janymyzy gurban ederis» diýip kasam etdiler. Soňra: – Suwly guýylary gömmek. – Suwly kölleri berk gözegçilige almak; – Ýygyny tutuş Badr jülgesinde, söweş üçin amatly ýerlerde bölüp goýmak. – Bölümleriň arasynda berk aragatnaşygy ýola goýmak. – Söweş üçin amatly ýerlerde süýji suw ýygnanar ýaly emeli köl gazmak; – Müşrükleri suwsuz goýmak. – Resul Allany juda berk gorap saklamak barada karara gelidi. 624-nji ýylyň on ikinji we on altynjy martynda harby geňeşiň kararyny doly ýerine ýetirmek bileň Ebu Jähiliň goşunyna ygtybarly gözegçilik edilýärdi. Ol goşunyň, her günde näçe çakrym ýol geçýändigini, haýsy topara kimiň ýolbaşçylyk edýändigi, olaryň näça atynyň, näçe düýesiniň bardygy gözegçilige alnypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |