11:01 Muhammet pygamber -55: romanyň dowamy | |
4. We eger-de biz size duşmanlary köp edip görkezenimizde, elbetde, siz gorkardyňyz we elbetde, uruş barasyndaky emrde dawa ederdiňiz we emma weli Belent-Taňry sizi ölümden we dawadan aman saklady. Gurhan. 8-nji süre. 45-nji aýat. Resul Alla tarapyndan hakyky dogana öwrülen Ebud-Derda bilen Selman Farsynyň iýeni indi aýry gidenokdy. Olar biri-birleri üçin şirin janlaryny bermäge taýýardylar. Soňky döwürlerde göz boldumy, dil boldumy, Ebud-Derda bir dert tapyndy-da, ýaraman başlady. Selman Farsy diňe bir onuň öýüni, maşgalasyny eklemän dogany Ebud-Derda üçin tebip çagyrdyp, her dürlije otlar bilen hem ony bejerdýärdi. Emma Ýasrib gyzzyrmasy Ebud-Derdanyň eňkamyny halda alypdy. Aslynda Ebud-Derda diýseň mert, namysjaň adamdy. Ol Allanyň eziz Resuly üçin başyny goýmaga taýýardy. Ol Resul Allanyň buýrugy bilen köp işler edýärdi. Mesjidi Nebewiniň gurluşygynda Resul Allanyň alkyşyny alypdy. Onuň diýenini edip, Selman Farsy bilen dogan bolupdy. Soň bolsa bu mähriban adamy ezizläp ýördi. – Eý, doganym. – diýip, Ebud-Derda ysgynsyz, hor ellerini Selman Farsiniň eline goýdy. – Men şeýdip, namysa gadyp, gam ýuwdup ýatmaly bolarmykam?.. Selman Farsy äpet kellesini iki baka çaýkady. – Beý diýme, beý diýme. Ol nämäniň namysymyş. Ol nämäniň gussasymyş. – Ol ullakan aýasy bilen Ebud-Derdanyň içine çöken gözlerinden akýan ýaş syldy. – Men dirikäm, seni namysa goýmaryn şony ýadyndan çykarma. Meniň başym dikkä, sen näme üçin gama batýarsyň? Ebud-Derda öňki daýaw göwresini indi birgysym edip, düşege çümdürip ýatyşyna, ahmyrly sözledi. – Resul Alla külli musulmanlary, ansary, muhajyry ýok, ählisine baş bolup kuraýyş müşrüklerine garşy din söweşine ugraýarmyşyn. Men bolsam, şu dert sebäpli ondan galmaly boldum. Ol ýene bozuldy. Gözlerinden akýan ýaş ýakasyny ezere getirdi. – Wah, eziz Resul Allanyň goşunyny hiç bolmanda daşyndan bir synlan bolsam, janym ynjalardy. Arman, ine, şeýdip düşege baglanyp galdym-da... Selman Farsy begençli ýylgyrdy. – Enşalla, meniň özüm şol söweşe gidip barýan, doganym. Ölmän galsam-a şu dünýede, öläýsemem o dünýede şol söweş barada saňa anyk gürrüň bererin. Şol gürrüňden soň sen: «Wah, men şol söweşde bolmadym-ow» diýmersiň, enşalla. – Wah, sen bir ölmäweri, doganym. Sen ölseň, men sensiz neneň ýaşaryn!.. Ebud-Derdanyň dogany Selman Farsyny jeňe ugradanyna ýedi-sekiz gün geçipdi. Onuň gözleri ýolda galypdy. Doganynyň, beýleki gidenleriň ylaýta-da, älemleriň Serweri Muhammet pygamberiň gelmezligi Ebud Derdanyň ýüreginiň başyna köz basylan ýaly edýärdi. Ol indi öz derdini ýadyndan çykarypdy. «Gidenler gelýär! Gidenler ýeňiş bilen dolanyp gelýär!» diýen habar tutuş Medine ilini-aýaga galdyrdy. Il-gün indi ikinji sapar Resul Allany uly dabara bilen garşy alýardy. Ýadaw yssa-ýalna ýüzleri çawlanan gury-gurakçylyga az-kem çekilişen emma diýseň buýsançly görünýän adamlar ak ýelmaýanyň üstünde aýdyň asmanyň dolan Aýy ýaly, lowurdap oturan Resul Allanyň töweregini gallap, howlukman gelýärdiler. Aňyrysy-bärisi görünmeýän düýe kerweniniň üsti oljadan doludy. Düýeleriň yzyndan eşikleri sal-sal, ýüzleri köýük, bedenleri gan-gabarçak ýesirler zordan gybyrdyklaşyp gelýärdiler. – Resul Alla, mübärek bolsun! – Resul Alla, gözüňiz aýdyň, sag-aman dolandyňyz! – diýşip, uly seňňer bolup, iki gapdaldan uzalyp gidýän zolagy emele getiren adamlar dabara bilen gygyryşýardylar. Resul Alla bolsa ap-ak eşigiň içinde, perişde kimin lowurdap, nura beslenip oturan ýerinden mylaýymlyk bilen başyny atýardy. Gidenleriň ýeňiş bilen dolanyp gelýänini eşden Ebud Derda düşeginden turdy-da, tämiz eşiklerini geýdi. Soňra ýuwaşlyk bilen daş çykdy. Ol öz maýdaljygy bileň assaja ýöräp, gelýänleri garşylamaga ugranlara goşuldy. Ýöne, ol näçe agtarsa-da, gözleri dogany Selman Farsa düşmedi. Düýeleriň üstündäki ýaralylardan habar almak isledi. Emma ysgynsyzlyk, lapykeçlik, «doganymyň läşi bir ýerlerde galan bolaýmasyn» diýen gorky ony dik durmaga goýmady. Ol öýüne geldi-de, bir gysym bolup, ýene-de düşegine geçdi. Ýagşy salkyn düşenden soň, kimdir biri içeri girdi. Ebud Derda Selman Farsynyň aýagynyň sesini tanady-da, ýerinden turdy. – Eziz doganym! – diýip, Selman Farsy içi azyk-owkatdan, hurmadyr täzeje çörekden doly torbasyny dula doýup, Ebud Derda bakan ylgady. Gelibem ony gujaklady-da, bagryna basyp, ep-esli saklady. – Saglygyň nähili? Ebud Derdanyň gözlerinde ot ýakylan ýalydy. Ol uly ýeňiş bilen, iş bitirip gelen doganyna buýsanç bilen garady. – Sag-aman geldiňmi, dogan? – Gelendiris, eşalla. Olar täret kylyp, namaz okadylar. Soňra giňden ýazylan saçagyň başyna geçdiler. Ebud Derdanyň içini it ýyrtyp barýardy. Onuň bolan wakalar hakynda, söweş barada, Resul Allanyň ýagdaýy hakynda birin-birin bil gelýärdi. Emma «ýadaw adamy azara goýmaýyn» diýen niýet bil soraşdyrybermäge batyrlyk edip bilenokdy. – Gözüňiz aýdyň, duşmany ýeňipsisiz! – diýip, Ebud Derda gepi daşyndan aýlap, doganyny çyn ýürekden mübärekledi... – Görýän welin juda uly söweş bolana meňzeýär. Ýesir, olja gaty köp düşüpdir. Selman Farsy garbanyp oturyşyna başyny atdy. Olar nahardan bolansoňlar, doga-dileg etdiler. Diňe şondan soň Selman Farsy janlanan ýaly boldy. – Şeýle bir söweş bolandyr, doganym, sen ýöne goýaý! Selman Farsynyň gözleri awuna topuljak barsyňky ýaly, üýtgeşik röwşen bilen ýandy. Ýüzi birden hyrsyzlandy. Soňra ol aýratyn bir keşbe girdi-de, şol söweşi öz duýgy-düşünjesi bilen göz öňüne getirdi. – Biz Resul Allanyň serdarlygynda gara bulut ýaly bolup gidip otyrys. Düýeli, atly, paý-pyýada adamlaryň sany-sajagy ýok. Her kimiň elinde gylyç, serdesse, ok-ýaý, naýza. Şol gidip otyrys, gidip otyrys. Eziz Resuly Kerim öňümizde, alnymyzdan dogan ak Gün ýaly bolup, gijelerimize ýolumyza nur çaýyp, gündizlerine ýüreklermize buýsanç berip, ýelmaýanyň üstünde gidip otyr. Adamlar Resul Alla uly umyt bilen garaýarlar. Şol ýöräp barşymyza Badr diýen jülgä indik. Bu jülgede süýji suwlar buz ýaly bolup, edil bir ertekilerdäki ýaly, akyp ýatyr. Töwerek diýseň jana şypaly, misli biziň illeriň eşretli sähralary ýaly. Käkilikler, bedeneler säher bilen şeýle bir saýraşýarlar, olaryň owazyna janyň gönenip galýar. Biziň illeriň salkyn ýüpek ýaly ýumşak howaly dereleri kimiň Badr jülgesem, gözelligi bilen aklyňy haýran galdyrýardy. Şol ýerleri synlap: «Näme üçin adamlar şu ýerleri goýup, baryp Ýasribde ýurt tutundy-ka?» diýýärsiň. Özem, deňze ýakyň kerwen ýoly edil üstünden geçýär. Suwy bol, ýeri boz, howasy salkyndan eşretli... Ol oýa batdy-da, az-kem dymdy. – Bardyk, kerwen biziň gözümize çöp atyp, geçip gidipdir... Ýöne, biziň üstümize Mekge tarapdan müň adamlyk agyr goşunyň süýşüp gelýäni belli boldy. Şol pursat Resul Alla ezizimiz özümiziň ot-çöpden guran çatmamyzda harby geňeş etdi. Oňa menem bardym. Şonda ol: – Doganlar, biz olja üçin gelen däldiris. Biz Belent-Taňrynyň duşmanlaryna göz görkezmek üçin gelendiris. Siz biziň bu goşunymyzy az görmäň. Alla-Tagala biziň bilendir. Ine, görersiňiz, Alla-Tagala bizi beýik ýeňiş bilen serpaýlar – diýdi. Resul Allanyň bu sözleri biziň köňlümize ganat berdi. Resul Alla söz sözlemän misli biziň ýüregimize güýç berip, daşymyza demir gala guran ýaly boldy. Indi gorkyny, ürkini bilýän ýokdy. Iň atarman çaparman batyr ýigitler öň hatara geçirildi. Suwly köller berk goraga alyndy. Diňe biziň özümiziň gazan suwly howzumyz, durnanyň gözi ýaly dury suwuny güjeňläp, buldurap ýatyrdy. Tutuş gije garaşdyk. Çünki, müşrükler biziň günbatar ýüzümizde, çäge alaňlarynyň aňyrsynda goş basyp ýatyrdylar. Olar gijesi bilen laňňara kakyp, aýdym aýdyp, loly kemçin aýallaryny bagyrdyp, tomaşa, meýlis edýärdiler. Olaryň sesi tutuş sährany ýaňlandyryp durdy. Ýöne, soň biz olary suwsuzlygyň horlap başlandygyny aňladyk. Suwuň ysy olary ýatyrmaýardy. Olaryň her birisiniň: «Wah, şol suwdan tanyp bolsady» diýip, biziň günümizi arzuw edýäni bellidi. Biziň ýerleşişimiz hem, ýagdaýymyz hem gowudy. Bal ýaly suwumyz, nanymyz näçe diýseň, ýeterlikdi. Säher bilen müşrükleriň gymyldaşyp başlandygy belli boldy. Olaryň ýagdaýyny synlap durdyk. Men Resul Allanyň çatmasyny saklaýardym. Çünki şol geňeşde, Resul Allany berk goraga almaly diýlip, äht edilipdi. Eziz Serwerimiz gijesi bilen çirim hem etmedi. Ol doga-dileg edip çykdy. Duşman leşgeri suwuň ysyny alyp, baýyrlyklardan derä inip başlady. Resul Alla ony görüp otyrdy. Ol: – Ýaradan Biribar, kuraýyş atlylary-ha ýetip gelýändir? Olar Seniň birligiňi, Seniň barlygydy inkär edýärler. Seniň Resulyňy ýalançylykda aýyplaýarlar. Eziz Alla, «Sen ýeňersiň!» diýip wada beripdiň. Bu gün şol wadaňy berjaý eder günüňdir... Ol gollaryny asmana göterdi. – Eý, Rebbim, şu gün köp hudaýly, müşrüklerden dyndar, Ýer ýüzi saňa hemişelik tagzym eder. Eziz Alla jan, bize beren wadady berjaý et! Bu bagry gaty duşmany ýeňmäge bize kömek et! Muhammet pygamberiň juda mähriban owazy tutuş töwerege ýaýrap gitdi. Ätiýaçdan birden ýeňilmeli bolaýsa, Resul Allany alyp gaçmak üçin onuň çatmasynyň ýanynda çökerilip goýlan howudy aýrylmadyk düýelere çenli bu owaza galkynyp gitdi. Kuraýyşlar düýeleriniň aýagyny duşan, özleri suwly howza bakan gaýtdylar. Kuraýyşlardan biri: – Men şolaryň howzundan suw içip, soň şol howzy ýumurmaga söz berýärin. Ýa öleriň ýa alaryn! – Ol howza bakan eňip gaýtdy. Ol ýetip gelýärdi. Emma Hamza pälwan onuň öňünden dag ýaly bolup çykdy. Pälwan elindäki gyljyny bir salanda, ol müşrügi bir aýagyndan dyndardy. Soňra howzuň başynda onuň başyny kesip taşlady. Şondan soň howza tarap ýönelen bolmady. Indi söweş kadasy boýunça başa-baş söweşe girişmelidi. Orta Taif jülgesinden bolan Utba bilen Şeýba hemem Utbanyň göherde meňzäp duran ogly çykdy. Orta biz tarapdan hem üç sany ansar pälwany çykdy. Emma müşrükler: «Ýok, biz razy däl, orta şol dönükleriň özleri çyksyn!» diýip, ýerli-ýerden gygyryşyp başladylar. «Olar syrtyny ansarlara diräp oturmasyn!» diýip, gyjalat berýärdiler. Şondan soň olaryň garşysyna biziň üç sany şirimiz – Hamza pälwan, Aly Ebu Talyp, Ubeýda ibn Harys çykdy. Agyr, juda agyr söweş başlandy. Biziň barja üstünligimiz şulara baglydy. Orta çykan batlaryna Utba öz garşydaşy Ubaýdanyň aýagyny gylyç bilen çapyp taşlady. Ubeýdanyň aýagynyň gany şabyrdap akýardy. Töwerek durşuna gan boldy. Biz Ubeýda ýykylar öýtdük. Ol bolsa «aýagym çapyld-ow» diýenokdy. Misli, aýy kimin topuldy-da, ýykyldy. Emma onuň ýoldaşlary baryp, öňem agyr ýaralanan Utbanyň läşini serdiler. Hamza pälwan misli bir aç arslan ýaly bolup, Şeýbanyň üstüne döküldi. Şaýba diýseň daýawdy. Onuň berk bedenine, çeýe göwresine gylyç kär eder ýaly däldi. Ol gylyjyny diýseň çalt işledýärdi. Ol agasynyň läşini serlenini görensoň-a, has hem guduz açyp başlady. Ol garşysynda duran Hamza pälwany para-para edäýjek bolýardy. Emma Hamza pälwan olar ýalylara eýgerder ýaly däldi. Ol batyrdy, güýçlidi. Özem örän akylly söweşýärdi. Şaýbanyň ýyldyrym ýaly bolup inýän gylyjynyň öňünden sypmany başarýardy. Şol barmana-da, ol Şeýbanyň edil depesinden gylyjyny inderdi. Soňra onuň başyny dabara bilen kesdi-de, gapdala togarlap goýberdi. Aly Utbanyň göherde meňzäp duran ogly bilen başa-baş söweşe çykdy. Bu tutluşykda, daşyndan seredeniňde «Aý, şundan-a zat çykmasa gerek» diýdirýän Aly söweşde ediljek ot ýaly eken. Ol öňündäki «däli göherde» aýlap-aýlap bir gylyç salýar welin misli şol derede gündiziň güni ýyldyrym çakan ýaly boluberýärdi. Utbawyň ogly dünýäde gorky, ürki, bardyr öýdýän adam däl bolara çemeli. Ol kakasynyň, agasynyň läşiniň serlenini görüp, bir arlady welin duşalyp meýdana kowlan düýeleriň hem endamy syzlaşyberdi. Ol janawarlar hem gaňrylyşyp-gaňrylyşyp, bärilerine garnyberdi. Ol arlap gelşine, Alyny iki üzüp, bir ýalmaýjaga meňzedi. Emma Aly ibn Ebu Talyp biziň diýenimiz däl eken. Ol «Ýa, Alla!» diýip, özüne garşy patanaklap gelýän «däli göherdiň» depesinden gylyjyny saldy welin Utbanyň ogly boýdan başa ikä bölünäýdi. Biziň ýigitlerimiz bu ýeňişe juda begendiler. Ýöne, arman köp gan gideni sebäpli, Ubeýda demini sanap başlady. Resul Alla onuň başujyna bardy. Gözlerini balkyldadyp, nämedir bir zat soraýan bu pälwan jigidiň başyny sypalady. – Hawa, sen şehitsiň jaýyň jennetdir! – diýip, Resuly Kerim öz keremli aýasyny onuň ýüzüne goýdy. Utba razylyk bilen başyny egdi-de, jan berdi. Ol edil, oýalygyndaky ýaly ýylgyryp, iki jahandan razy bolup ýatyrdy. Kuraýyş müşrükleri bu ýagdaýy görüp, erbet aljyradylar. Olar yza çekilip, biziň toparymyza bakan ýaýlaryndan ok atmaga başladylar. Menem «Uruň, doganlar!» diýip, olara bakan ok atyp başladym. Meniň yzym bilen biziň oglanlarymyz olaryň üstüne çabga kimin ok atyp başladylar. Iki tarapdan hem ýaralanýan ok degip ölýän az däldi. Emma hiç kim janyny aýanokdy. Resul Allanyň tarapdarlaryndan bir, ýarym ölýän bolaýmasa, özüniň ýaralananyna bakýan ýokdy. Her kimiň ýüzi duşmana bakandy. Her kim Resul Allanyň berekellasyny almak isleýärdi. Çünki, Resul Alla her nimi görüp durdy. Bizem ony görüp durduk. Ol ap-ak nura beslenip: «Gaýrat ediň, Alla biziň bilerdir! Biz hökman ýederis!» diýip, her kime güýç-kuwwat paýlap durdy. Atyşyga sabyr-takady ýetmedik adamlar, gylyçlaryny bulaýlaşyp, biri-birleriniň toparyna kürsäp urdular. Soňra biri-birlerini kerçäp başladylar. Ine, şu ýerde boldy bir gan-da-pyçaklyk, boldy bir goh-galmagal. Her kim bir duşmanyň ýakasyndan tutup, ýa oňa gylyç salýardy, ýa-da onuň bokurdagyny dişi bilen çeýneýärdi... Başda Kuraýyşlaryň demi daş ýarýardy. Olar bizden iki-üç esse köpdi. Şonuň üçin biziň her birimizdiň daşymyzda iküç müşrük bardy. Sowuk suwuň, oljalyja ýeňşiň ysyny alan näkesler, asyl bizi tary-mar edip barýardylar. Olar suwly köle edip, suwdan ganyp, täzeden bir üstümize eňýärdiler. Onsoň öňlerinde düýe dursun. «Ýa, Alla! Ýa, Biribar, Ýa, Biribar?» diýip, birden bir çozuşlyk başlandy – Selman Farsy agzyny açyp, gözlerini mölerdip, haýran galmak bilen başyny ýaýkady – Eý, Gardaşym, saňa ýalan, maňa çyn daglaryň, depeleriň ýüzi durşuna goşun bolup, özlerem müşrükleriň üstüne şeýle bir çozandyrlar. Beýle, dünýäni tutup duran goşunyň nireden çykanyna bize, haýran galandyrys. Muny gören müşrükleriň zähresi ýaryldy. Şol pursadam Muad ibn Amr Ebu Jähiliň alkymyna bardy-da, gylyjyny onuň dik depesinden saldy. Emma ol haram tilki sap atyp ýetişensoň, gylyç onuň depesinden däl-de, injirinden degdi. Ebu Jähil çapylan injigini gujaklap, çagylyň üstüne ýykyldy. Emma bir dem ahmal galdyk. Şol wagt Ebu Jähiliň ogly gelip, Muad ibn Amryň çep golundan gylyç saldy. Muad çapylan çep eliniň ganyny sarkdyryp, sag elindäki gylyjy bilen duşmany şeýle bir kerçeläp başlady. Ahyr soňunda ol öz çapylan eliniň päsgel berýänini duýdy. Muad ap-ak dişlerini gaharly gyjyrdadyp, çapylyp, indem sallanyp duran goluny az-kem eglip, aýagy bilen basyp gopardy-da, eliniň tersine zyňyp goýberip, ýene-de arslan kimin arlap söweşe girdi. Ol baryp, özüni oňarman ýatan Ebu Jähiliň başyny kesjek boldy. Emma ýetişmedi. Ebu Jähiliň başy göwresinden beýlede, gana bulaşyp, tot-tozanyň içinde weýrana bolup ýatyrdy. Ebu Jähiliň ölenini eşidip, musulmanlaryň munça goşunyny, olaryň gazabyny gören, öňem halys tapdan duşup, suw diýip ýykylyşyp ýatan müşrükler çep gollaryny geterip, ýerli-ýerden aman dileşýärdiler. Olardan ýaňa içleri ot bilen ýalyn bolup duran musulmanlar gyzgynlaryna baryp, ýesir düşenleri hem kerçeläp başladylar. Emma şol pursat Resul Alla ara düşdi. Diňe şondan soň musulmanlar özlerine gelen ýaly boldular. Ölen kapyrlary sanadyk. Olar elli adam dagy bardy. Özlerem Mekgäniň belli uruglarynyň kethudalarydy. Olaryň bäş-alty sanysy bolsa, ilki musulman bolup, soňra ondan ýüz öwrenlerdi. Biz öz ölülerimizi ýygandyk. Bizden alty muhajyr, alty sany hem ansar şehit bolupdy, Resul Alla ölen müşrükleriň arasyna aýlandy. Ol özüne kast eden haýynlyk bilen üstünden gülen duşmanlaryny tanady. Şolaryň arasynda Ebu Sufýanyň oglunyň jesedi hem bardy. Resul Alla oňa garap, başyny ýaýkady. Şol arada Resul Allanyň aýagynyň astyna Ebu Jähiliň kesilen kellesini getirip taşladylar. – Tanadyňmy, eziz Resul Alla! – diýip, soradyk. – Tanamadym! – diýip, ol jogap berdi. – Kelle Ebu Jähiliň kellesidir! Resul Alla başyny yrady. Ol onuň «tä göwresini tapyp gelýänçäňiz ynanmaryn» diýdigidi. – Biz Ebu Jähiliň göwresini tapyp getirdik. Resul Alla onuň injigini açdy-da, ondan ýara yzyny gördi. – Indi ynandym! – diýdi. Şol ýarany çaga wagtynda Resul Allanyň özi bilmezlikde salan ekeni. Salman Farsy az-kem özüni dürsedi. – Eý, doganym, adam ölmese, her hili zat görjek ekeni. Ölen müşrükleri birwagtlar gurdap giden, içinden porsy dem gelýän gurruk guýa taşlap başladyk. Şonda iki bolup bir gojanyň maslygyny getirdik. Meniň ýoldaşym, saçy ýeňsesine düşüp duran ýüzi çörek ýaly tegelek, pälwansypat ýigitdi. Şol gojanyň jesedini gören badyna ol «hih» diýip, içini çekdi. Geň galyp seretsem, ýaňky ýigidiň gap-gara saçy çuw ak bolaýypdyr. Dogrusy, gaty gorkdum. Gözlerime ynanmajak boldum. – Näme boldy? – diýip soradym. Ol-ýigit: – Şu adam meniň kakam – diýdi-de, arkasyny öwüräýdi. Adamlar köne guýyny taşlap gitdi. Emma Resul Alla welin gitmedi. Ol kapyrlaryň jesedi ýatan guýynyň edil alkymyna geldi-de, gygyrdy. – Eý, gabrystanyň jemendeleri! Eý, Utba bilen Şeýba! Eý, Omeýýa! Eý, Ebu Jähil! Ine, bu gün Beýik Taňrynyň size beren wadasyna ýetdisiz. Menem öz eýämiň maňa beren wadasyna ýetdim – diýdi. Men Resul, Allanyň, bu bolşuny geň gördüm. – Ýa, Resul Alla! Siz ölülere ýüzlenip gürleýärsiňiz-le! – diýdim. Muhammet pygamber nurana başyny buýsançly göterdi-de: – Hawa, Selman Farsy, bular meniň sözümi edil siziň eşidişiňiz ýaly eşidýändirler – diýdi. – Men şu Bilaly gaty mert gördüm – diýip, Selman Farsy doganyny gyzykdyrdy. – Näme boldy? – Ýesirleri jemledik. Ine, şonda onuň gözleri bir adama düşdi. Ol meniň ýanymda duran ýerinden syçrap turdy-da, baryp Resul Allanyň aýagyna başyny goýdy. – Mähribanymyz, Resul Alla Serwerimiz! – diýdi. Resul Alla onuň habaryny aldy. – Han-a, ýesirleriň arasynda Omeýýa ibn Halaf bar. Şony maňa bagş ediň. Resul Alla bu ýesiri oňa bagş etdi. Bilal elindäki gylyjy bilen ol adamy çapym-çapym etdi-de, soň bolsa ýüzüni iki eli bilen tutup oturdy. Men onuň ýanyna baryp, Bilaly ýerinden galdyrdym. – Bu adam kim? – diýip, soňra soradym. Bilal: – Men bir wagt bu adamyň guludym. Men Belent-Taňrynyň raýy bilen musulman boldum. Allany bir, Alladan başga hudaý ýok, Muhammet onuň resuly diýip lebz etdim. Ony şu adam duýupdy. Ol maňa: «Lebziňden dän» diýip, gaty köp azar berdi. Emma men lebzimden dänmedim. Soň ol adam özüniň ýaranlary bilen meni çöle alyp çykdy. Şol ýerde meniň garnymdan äpet daş basyp, ýakyp barýan jöwzada aç-suwsuz saklady. Maňa ynsan ogluna dözüp bolmajak jebirleri etdi. Bolsa-da, Hudaý kömege ýetişdi. Şol ýerlerden geçip barýan Ebu Bekir üstümden geldi. Ol meni şol kapyrdan satyn alyp, şol ýeriň özünde azat etdi. – Ine, Bilalyň öldüren şol adamy Badyr söweşinde ölen iň soňky müşrük boldy. Şonuň öň ýanynda Resul Alla bir adamy öz ýanyna çagyrtdy. – Eý, doganlar. Ine, şu adama Ukba diýýärler. Ol Käbäniň, ýanynda meniň, janyma kast etjek bolupdy. Ol adam bolsa An-Nadiridir. Bir wagtlar Mekgedekäk: «Muhammet ýalançy! Hudaýyň Gurhany diýip, pars ertekilerini hem-de rowaýatlaryny gürrüň berýär» diýip töhmet atan adamdyr. – diýip, ýene bir adamy ýanyna çagyrtdy. – Şonuň üçin bularyň ikisi-de jeza mynasypdyr. Şondan soň hezreti Aly olaryň ikisinem gylyçdan geçirdi. Hezreti Omar hem Mekgede Resul Allanyň üstünden gülen peläketi tanap, ony gylyçdan geçirdi... Ebud Derda öz doganyndan juda razy boldy. – Onsoň näçe olja düşdi? – diýip, ol uly gyzyklanma bilen sorady. Selman Farsy ýylgyrdy. – Bir ýüz on bäş düýe, on dört at, ýarag-enjam, goş-golam, azyk-owkat... Aý, garaz, düşen oljanyň sany ýok... – Saňa-da ýetdimi, doganym? – Ýetdi, hemmämize deň-derman ýetdi. Tüweleme, ezizimiz Resul Alla ähli oljany bir ýere üýşürmegi buýurdy. Soňam olary deňje paýlady. Hudaýa şükür, göwni galan öýkelän bolmady. Doganynyň bu gürrüňi Ebud Derdany derdinden dyndardy. Ol agyr hassalyk sebäpli bu ýowa gatnaşyp bilmese-de, bitirilen işe monça boldy. – Ine, bu torbadaky azyk-owkat, at esbaby, kemer seniň paýyň... Ebu Derdanyň gözlerine ýaş aýlandy. – Ylahym, ýeňşiňiz mübärek bolsun! Resul Allanyň iki dünýäsi abat bolsun! – diýip, begençli gygyrdy» Selman Farsy Badr jülgesindäki bu jeňiň gylyny gymyldatman doganyna gürrüň berse-de, bir zady bilmeýärdi. Olja meselesi ezizimiz Resul Allanyň ezberlik bilen baş alyp çykan juda ynjyk, çylşyrymly meselesidi. Ýeňiş gazanan adamlar oljanyň üstünde tasdan hem biri-birleri bilen gyrlyşyp, masgara bolupdylar. Emma Resul Alla Serwerimiz ähli oljany bir ýere üýşürdip, berk gorag astyna alypdy. Ine, şol gije hem Mähriban Rebbisinden oňa ýalkymly aýat inipdi. «We oljadan pygamber size näme berse, bes, alyň we näme zatdan sizi saklasa, ondan saklanyň. (Gurhan. 59-njy süre. 7-nji aýat.) Ine, şu möhüm aýat hem öňňde-soňda oljaly meseleni çözüpdi. Resul Alla bu uly söweş döwründe inen aýatlardan belent Taňrynyň özüne nähili gadyr goýýandygyny duýupdy. Onuň indi ýekeje maksady bardy. Ol hem ähli musulman bendelerini dowzah belasyndan alyp çykmakdy. Munuň üçin ol ömründen geçmäge, Belent-Perwerdigäre gijesi-gündizi ýatman ýaltanman, iýmän-içmän ýalbarmaga taýýardy. Ol şony hem edýärdi. * * * Muhammet pygamber aýdypdyr: Musulmanlar üçin howply-hatarly wagtlarda, halka, ile-güne bir gije sakçy-garawul bolmak, müň gije namaz okandan we müň gündiz roza tutandan ýagşyrakdyr, sogaplyrakdyr. Rowaýat: Resul Alla Serwerimiz Mekgeli müşrükleriň musulman-lardan üç-dört esse köplügini eşiden badyna agyr oýa batdy. Şondan Soň Alla-Tagala öz arzyny aýtdy. Alla-Tagla onuň sesini eşitdi. Dogrudan hem uruş gyzan mahaly müşrükleriň sanynyň juda agdyk bolandygyny Resul Alla gördi. Emma birden iň aýgytly pursatda baýyrlaryň, daglaryň ýüzi, dereleriň içi goşundan doldy duruberdi, Resul Alla haýran galma bilen: «Bu kimiň goşunyka?» diýip, töweregine garady. Birden hem ol Alla-Tagalanyň öz sözüni ýerde goýmandygyny duýdy. Ol goşun perişdelerden ybarat bolup, olary Alla-Tagala duşmanyň üstüne iberipdi. Diňe şondan soň Badr ýeňşi hasyl bolupdy. Bu güýçli goşuny gören duşman sülsady, derrew aman dileme bilen bolupdy. Şondan köp wagt geçmänkä: «We eger biz size duşmanlary köp edip görkezenimizde, elbetde, siz gorkardyňyz we elbetde, uruş barasyndaky emirde dawa ederdiňiz we emma welin Belent-Taňry sizi ölümden we dawwadan aman saklady. Takyk, Belent-Taňry siziň synalaryňyzdaky sabyry we gorkyny bilgijidir.» – diýen wahyý inderipdir. (Gurhan. 8-nji süre. 45-nji aýat.) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |