13:45 Muhammet pygamber -56: romanyň dowamy | |
BÄŞINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. We siz Belent-Taňra we onuň pygamberine boýun boluň we özara dawa etmäň, eger dawa etseňiz onda gorkarsyňyz we siziň kuwwatyñyz gider we sabyr ediň. Gurhan. 8-nji süre. 48-nji aýat. Badr ýeňşi Medine halkyna, musulmanlaryň, Serdary, eziz Resul Alla diýseň uly şöhrat getiripdi. Ýöne şol belent şöhrat begenmek gezeginde, ýürekleri ynjaldyp, oňa agram salýan wakalar hem bolupdy. Häzir Muhammet pygamber öz öýünde agyr oýa batyp otyrdy. Metjit üçin guýlan kerpiçlerden salnan, içi-daşy bir sapar suwalyp, üsti hurma, agajynyň şahalary bilen basyrylan pessejik jaý häzir beýik-beýik sütünli köşgi-eýwandan hem artygrak görünýärdi. Resul Allanyň agrasdan ýadaw ýüzünden töwerege ýaýran päkize röwşen, onuň galyň gabaklaryndan syçrap duran nur tutuş içerini eşretli görkezýärdi. Onuň näzikden mähriban ak ýüzi, balkyldap duran ullakan goýun gözleri kalbynyň pynhan aladalaryny äleme jar edýärdi. Umman ýaly giň, asmanyň ýagty ýyldyzlary ýaly sansyz aladalary ynsan kalbynda saklap bilýän Resul Allanyň şeýle gudratly, sahawatly adamdygyna ony ýakyndan tanaýanlaryň ählisi düşünipdiler. Resul Allarda aýaldan bolan ynsandy. Emma Badr söweşinde bolanlar, hatda müşrük kuraýyşlar-da Muhammet pygamberde aýaldan bolan adamyň boluşlaryny tapyp bilmändiler. Bu beýik ynsanyň gepi-sözi, oturyşy-turuşy, pähim-paýhasy juda ezizdi. Ol düýäniň üstünde otyrka-da, çatmanyň töründe dyz epende-de, urşa barýanlaryň arasyndaka-da şeýle ezizdi, elýetmezdi, mähribandy. Onuň bilen bileje oturyp-turan sahabalar, iýip-içişip, bir saçagyň başynda tabakdaş bolanlar, söhbetdeş bolanlar ony ynsan didarynda görseler-de, onuň ynsan ölçeglerinden has beýikligine göz ýetirýärdiler. Hiç haçan ýalan sözlemäni bilmedik, ikýüzlülik etmedik, harama-hylyza asla el urup görmedik, aýaldan bolan ynsanda käte bolaýjak närseleriň, kemçilikleriň, ýetmezçilkleriň ýekejesiniň hem şu ýaşan ömründe gyrasyndan hem garap görmedik, haramylyk diýen zady asla bilmeýän adam, elbetde, ynsan ölçeginden gaty ýokarydy. Älemleriň syryny pähiminde saklaýan, Beýik-Ýaradanyň syrly owazyny zandynny pynhandan-pynhan apalap ýören Hakyň mukaddes didary bilen köňlüni nakgaşlap, Taňrynyň buýrugyna ynsabyny, imanyny ýuwan bu eziz adam ýalançy dünýäniň şasy bolsa-da, bu garypja içeride dünýä baýlygyna taý bolup otyrdy. Hezreti Äşe öz adamsynyň ýanyna gelýän bendeleriň gepini-gürrüňini höwes bilen diňleýärdi. Ýöne aňynda, pikirinde müň-bir sany aladasy bolan bu ynsanyň şol sada adamlaryň her birini aýratynlykda mertebeleýşine, saçakda galan birki sanjak hurma bilen el ýaly gaty arpa çöregini bal dadyşan ýaly edip, olar bilen paýlaşyp iýişlerine haýran galýardy. Hezreti Äşe bol yrsgally ýeriň çagasydy. Hezreti Ebu Bekir öz çagalaryny-ha däl, tutuş dogan-garyndaşlaryny hem yrsgal-döwletden hor eden adam däldi. Beýik-Ýaradan şonuň üçin-de bu adama mal-döwleti sahylyk bilen eçilýärdi. Emma Resul Allanyň öýi başgaçady. Bu ýerde iküç günläp ýekeje hurmanyň tapylmaýan wagtlary hem bolýardy. Ýöne Hezreti Äşe bu mukaddes saçagy kakasynyň öýündäki bol nazy-nygmatdan getirip dolduryp bilenokdy. Muňa, asla hiç kimiň bilmeýän, hezreti Äşäniň hem tä görüne çenli syr edip äkiden bir wakasy sebäp bolupdy. Hezreti Äşe Muhammet pygamberiň öýüne gelin bolup düşenden soň, köp mahallap Resul Alla onuň ýanyna barmandy. Otuz bäş-otuz alty gün geçenden soň bolsa Hezreti Äşe Resul Alla arz etdi. – Eý, älemleriň serweri, Resul Alla, Siz mini halamadyňyzmy, ýa-da göwnüňize bir güman gitdimi? Ýa-da men barada birinden söz, dil ýetdimi? Meniň näme günäm bolsa, siz syr saklaman aýdyň... Bu ýaş gyzyň gözlerinden dökülýän ýaş Resul Allanyň kalbyny birahatlandyrdy. Şondan soň hezreti Äşäni köşeşdirmek bilen boldy. – Siziň päkligiňize şek ýokdur. – diýip, ol saldam bilen sözledi. – Size dil ýetirjek hem ýokdur. Size göwnümiz ýetýändir... – Onda näme? – diýip, munça günläp halyndan habar alynmadyk ýaş gyz howsala bilen sorady. – Onuň sebäbi bardyr, hawa, seniň kakaň Ebu Bekir biziň üçin eziz adamdyr. Ol juda gurply, baý adam. Onuň guly-gyrnagy, mal-dünýesi artykdyr. Baý adamyň yrsgalyna kişi nesibiniň hem, haramyň-halalyň hem goşulmasy bardyr. Senem şonuň gyzysyň. Seniň hem şonuň saçagydan iýip-içeniň gümansyzdyr. Sen indi meniň öýüme geldiň. Meniň yrsgalym, gazanjym, enşalla halaldyr. Sen meniň öýümdäki şol halal yrsgaldan kyrk gün iýeniňden soň, süňňüň päklener. Nebsiň, päliň-niýetiň halallyga ýuwlar. Şonuň üçin men seniň kyrk günläp meniň yrsgalymdan iýeriňe garaşýandyryn. – Resul Alla bu ýaş gyzyň akylly, hem-de ýaşy heniz hem kepemedik gözlerine garady. – Bu ýagdaý ömrümiziň ahyryna çenli şeýle bolmalydyr. Mekge ilinde Resul Allanyň saçagyny tanamaýanlar, bu içeriniň halal kadasyny bilmeýänler ýok diýen ýalydy. Onsoň öz öýünde, saçagynda zat ýok bendeler: – Şükür, saçagymyz Resul Allanyň saçagy ýaly eken – diýip, Alla Tagala şükür etmek bilen aýdýardylar. Bu gün hem saçakda bol-bara nygmat ýokdy. Ýöne Resul Allany ünjä goýýan zat başgady. Hudaýa şükür, mekgeli müşrükleriň, kuraýyşlaryň tekepbirden wawwaly gylawy alyňdy. Olar indi medineli musulmanlaryň, kimdigini aňdylar. Bu gazanylan ýeňşiň ähmiýetiniň az däldigine Muhammet pygamber aňry ýany bilen göz ýetirip otyrdy. Bu ýeňiş musulmanlaryň, döwletliliginiň ilkinji kerpiji bolmalydy. Döwlet – Medine şäheridi. Goý, beýle bir ýaýlyp ýatan patyşalyk ýurt bolmasyn, onda-da ol bir hanlyk ýer, on müň adamy özünde jemleýän uly şäherdi. Bu şäherde uly-uly şalyklara, hanlyklara laýyk köp milletem, dürli halkyň wekillerem bardy. Özem, Medine çet ýurtlar bilen hem, deňizler bilen hem araçäkleşýärdi. Onuň ýaýlyp ýatan, erkana kerwen ýollary bardy. Iň esasysy, Belent-Taňry: «Sen şu ýerde uly döwletiň düýbüni tut» diýip, ony Resul Alla peşgeş beripdi. Döwlet bolmak üçin halkyňy ruhy, ykdysady, syýasy, sosial galkynyş getiren mukaddes idealyň bolmalydygyna Resul Alla göz ýetiripdi. Onuň hiç haçan çirk ýetmejek idealy bardy. Ol Alladan başga taňrynyň ýoklugy, Muhammediň onuň Resulydygy baradaky çyn sözdi. Gurhan – Alla-Tagalanyň mukaddes Kanunlarydy. Ony berjaý etmek üçin tutuş döwletiňe wagz etmeli. Gurhanda buýrulan her aýaty öz döwletiň derejesinde, tutuş halk bolup berjaý etmeli. Iň beýik mukaddeslik, bu ugur-utgasyny ýitiren, päli, gözi, köňli, eli, kalby, gulagy, ady hapalanan halkyň pälini, köňlüni, kalbyny päkizeläp, onuň gözüni, gulagyny açmaly. Olary Allanyň, dogry ýoluna salyp, ahyretde, dowzah belasyndan halas etmeli. Ine, Resul Allanyň esasy aladasy şulardy. Ol Alla-Taglanyň özünden bu musulmanlary dowzah belasyndan halas etmegi köpräk dilemegi talap edýändigini bilýärdi. Alla-Tagala: «Bes, eý Muhammet (a.s.m), sen musulmanlaryň, jennetidigini we kapyrlaryň dowzahydygyny bilen wagtyňda (bileniňden soň), Belent-Taňryny birlemek ylmynyň üstünde dur pugta dur. Çünki Belent-Taňrydan başga ybadata eýe boljak zat ýokdur we öz günäň geçilmegini Taňrydan (t) dile we musulman erkek adamlaryň we musulman aýal adamlaryň güneleriniň geçilmegini dile» (Gurhan. 47-nji süre. 22-nji aýat) – diýip, buýurýardy. Resul Alla Alla-Tagalanyň buýruklaryny alyp, adamlaryň boluşlaryny görüp, howpurgananyny duýman galýardy. Onuň ähli duýgy-düşünjesi, zehini, azaby, başarnygy Hakyň ýeketäkligini adamlary uýduryp, Taňrynyň şerigatynyň kada-kanunyny ynsana düşündirip, olary Allanyň dogry, ýoluna salyp, musulmanlary dowzah belasyndan halas etmekdi. Onuň ähli niýeti diňe, diňe şoldy. Munuň üçin bolsa oňa has düýpli, kuwwatly döwlet gerekdi. Döwlet üçin bolsa inki ýagdaýlaryň sazlaşykly hem-de diýseň asuda bolmagy zerurdy. Guran döwletiňi içinde opuryp gitjek güýçler bolmaly däldi. Resul Alla Badr söweşiniň beýik ýeňşiniň bir ujunyň Medinäniň içindäki başbozar, ikiýüzli tire-taýpalara, mynapyk hristianlara, ýahudilere zarba urjagyny bilýärdi. Näçe ýüz ulagly bolup, ýüzlerçe çakrym ýol geçen zalym duşmany ýeňen musulmanlar, eger baş gadyraýsa özlerini-de aýap goýmajakdygyny şol mynapyklar, beýleki başbozar taýpalar bilerçe bolupdy. Eger olar bilmek islemese-de, olara heran-haçan göz görkezmäge ýagdaý emele gelipdi. Badr söweşi Medinäniň daşky duşmanlaryna-da uly zarba bolupdy. Dogrusy, döwlet bolmak üçin daşyndan seni ýok edip biljek güýçler hem bolmaly däldi. Olary hem dyza çökermek hökmandy. Şonuň üçin, Resul Allanyň, garaýyşyna göre, indi Mekgede onuň musulman döwletiniň üstüne çozup, ony ýok etjek güýç galmandy. Eger Mekge müşrükleri agzyndan ot syçrap duran äpet aždarha bolýan bolsa, indi onuň oňurgasy çapylypdy. Ebu Jähilden dynan mekgeli müşrükleriň – şol zalym aždarhanyň, bolup bilse, ýekeje sapar, ol hem janhowluna silkinip, ähli zäherini, agzyndanky iň soňky oduny gazap bilen Medinä pürkmegi mümkindi. Ýene onuň hem ömri indi uzak däldi. Muhammet pygamber içerki duşman öz döwletiniň üstüne baş galdyranda-da, daşarky duşman Mekgeden öz sülsadyny çekip geläýende-de, olara gowy garşylyk görkezmäge at, düýe, gylyç-galkan, naýza bilen ýagşy üpjün edilen juda berk ynanjy bolan adamlaryň bardygyna ynanýardy. Medineli ansarlar, muhajyrlar, musulman-u-musulman däller indi gan görüpdiler. Olar oljanyň ysyny ýagşy alypdylar. Ýeňiş şatlygyny başdan geçirip görüpdiler. Indi olary şäherde saklamakdan, söweşe alyp gitmek aňsatdy. Öňde sähelçe wagt galypdy. Daşky duşman-mekgeliler bilen hem, içki duşman, medineli mynapyklar bilen hem doly haklaşmagyň wagty indi ýetip gelýärdi. Diňe şondan soň döwlet döwlete meňzemelidi. Muhammet pygamber öz garypja öýünde şu oýlaryň gjrdabynda otyrka, oňa Osman ibn al-Affan hem-de hezreti Omaryň gelendigini aýtdylar. – Gelsinler. Resul Alla hemişe ýüzi gülüp duran hezreti Osmanyň eginleriniň çöküp, gözleriniň hanasynyň gara ýag çalnan ýaly bolandygyny gördi. Ol içki ejiriň, çäksiz hasratyň yzasyny çekýärdi. – Gel, geç, otur! – Ol hezreti Osmana we omara ýanyndan otyr ýaly ýer görekezdi. Hezreti Osmanyň derdi Resul Allanyň bagrynyň ýarasydy. Resul Alla nämedir bir ýagdaýy syzyp, Badyrdan bir gün öňünçä gaýdypdy. Onuň oýlanyşy ýaly-da boldy. Ol Medinä giren badyna, oňa gyzy Rukaýýanyň ýogalandygyny habar berdiler. Resul Alla balasyny öz elleri bilen jaýlamaga-da ýetişmändi. Rukaýýa Osman ibn al-Affanyň aýalydy. Aýalynyň ölümi oňa juda agyr degipdi. Osmany aljyradan başga bir ýar ýagdaý bardy. Rukaýýanyň ölümi oňa gaty köp kynçylygy galdyryp gidipdi. Hezreti Osmany gorkuzýan zat başgady. Ol Resul Allanyň iň wepaly sahabalarynyň biridi. Resul Alla ony her bir ýumuşda ileri tutýardy. Indi Resul Alla bilen Osmanyň arasynda olary baglanyşdyrýan hiç hili baglanyşyk galmadyk ýalydy. Rukaýýanyň ölümi diňe bir bu eziz aýalyň ömrüni däl, şol mukaddes baglanyşygam üzüm-üzüm edipi. Ine, hezreti Osmany gorkuzýan zat şoldy. Ol Resul Allany, onuň keremli sahawatyny görmän ýaşandan, ýatyp jan berenini gowy görjekdi. Ýöne Omaryň ýalňyz, gylyň inçeligi ýaly umydy bardy. Ol hem öz dul galan gyzyny sahabalaryň birine nikalap bermekdi. Ol bu ýere gelmezinden ozal hezreti Ebu Bekiriň ýanyna barypdy. Gyzym Hafsanyň adamsy Badr söweşinde şehit boldy. Şony nikalap, özüňe aýal edinip al! – diýipdi. Ebu Bekir hezretleri sypaýçylyk etdi. – Omar gardaşym, sen maňa aýal alyp öýlen diýenden, gabryssana şaýlan diýseň oňat bolardy. Öňki aýalymy hem näme etjegimi bilemok. Sek iki aýagyny göre sokup oturan gojadan gaty görme, doganym – diýdi, Osman hezretleri hem şeýleräk bir sypalga tapypdy. Bu garaşylmadyk ýagdaý Omar hezretlerine erbet täsir etdi. Onuň biline urlan ýaly boldy. Öňem urgy üstüne urgy gören adam, indi halys ugruny ýitiripdi. Ol ahyr soňunda, barara gapy tapman, derdini aýtmaga, Resul Allanyň işigine maňlaýyny diredi. – Gam çekmäň. Dirilik, şirin günler ýaly, ajal, ölüm hem her bir bendäniň başynda bardyr. Ýöne, Belent-Taňrynyň emrine bakarak, kim öň gider, kim birneme soňrak gider. Ýöne ahyrýeti haýyr bolsun... Resul Alla gama batdy. Onuň göz öňüne Hatyjanyň päkize, gül suwuna ýuwlan ýaly owadan, tämiz didary geldi. Bu bolşa onuň özem haýran galdy. Sebäbi Hatyja aýatdan gideli bäri, ol ony gör, nepe saparlar ýatlasa-da, onuň didaryna suwsap, göz öňüne getirjek bolsa-da, ol islegi başa barmandy. Emma bu gün... Hatyja şo-ol mähriban didelerini balkyldadyp, Resul Allanyň ýüzüne garap otyrdy. Ol: – Agam ogly, eziz balamy aldyrdyňmy?! – diýdi. Resul Alla hezreti onuň ýüzüne garady. Ýöne näme diýjegini bilmedi. Hezreti Hatyja bolsa öňküden hem müň esse näzik, enaýy keşbe giripdi. Ol şeýle aýdyň, şeýle dury görünýärdi. Edil hakykatda, ýalan dünýäde ýanynda oturan ýalydy. – Balalarymyň içinde iň eziz görýänim Rukaýýa dälmidi? «Eje jan!» diýip, boýnumdan asylyşy ýadyňdadyr. Ah, onuň bu ýaş ömründe çeken yzasyna dözer ýalymydy, agam ogly... Hatyja oňa nämedir bir zatlar diýdi. Resul Alla ýanynda adam bolany üçin onuň: «Razy bol!» diýeninem, «arkaýyn bol» diýeninem eşitmän galdy. – Men bir bagtygara boldum, Resul Alla! – diýip, hezreti Osman Resul Allanyň ýagdaýyndan habarsyz halyna, gürläp başlady. – Ýanýoldaşym Rukaýýa dünýäsini täzeledi. Men mundan uly hasratyň bolup biljegine ynanamok. Ýüregim howlap, äleme sygmajak bolýar. Hezreti Osman gussaly gözlerini ýere dikdi. – Indem... Ol soň hamsykdy. Ep-esli pursat sesini çykaryp bilmedi. – Hawa – diýip, Resul Alla oňa hemaýat boldy. – Menem «şol gyza eýe çykyň» diýip Ebu Bekir hezretlerine ýalbardym. Hezreti Osmandan towakga etdim. Olar hem razy bolanoklar. Şeýdibem, il içinde masgara bolup galdym. –diýip, hezreti Omar hem gamlandy. Resul Allanyň öz ýüregi hem köýük-köýük bolup durdy. Perzent derdi şu görülýänleriňkiden hem agyr adat bolup, müň kapyra, kemsitmelere, horluklara, açlyga-suwsuzlyga baş bermedik pygamber hezretleriniň başyndan agyr apat bolup inipdi. Ol ogullaryny Alla tabşyrypdy. Gyzlarynyň ikisini öz agasy Ebu Lähebiň oglanlaryna nika gyýyp beripdi. Ebu Lähebiň uly ogly Rukaýýany urup-sögüp, kowup goýberipdi. Şonda Resul Alla Hatyjanyň juda gowy görýän bu gyzyny ýüzi-gözi ýüpek ýaly, kirsiz, nurana Osman ibn al-Affana nikalap beripdi. Ine, indi Rukaýýa-da ýokdy. Beýleki bir gyzy Zeýnep hem Ebu Lähebiň ogly Abul Asyň aýalydy. Ol Mekgede ýaşaýardy. Abul As Bedr söweşinde ýesir düşüpdi. Resul Alla öz giýewsini- doganoglanyny tanapdy. Şonuň üçin satmakçy bolanlarynda oňa ýören ýokary baha kesipdi. Resul Alla Abul As üçin Ebu Lähebiň gelerine garaşýardy. Emma başga bir araçy geldi. Özem, ol Muhammet pygamberiň öz gyzy Zeýnebiň adyndan geldi. – Resul Alla hezretleri, şuny gyzyňyz Zeýnep iberdi. Ol: «Kakam şuny alsyn-da, adamymy azat eýlesin» diýdi. Resul Alla Zeýnebiň iberen zadyny aldy. Ol özüniň toý güni gelni Hatyja sowgat beren dur monjugydy. Resul Allanyň gözleri garaňkyrap gitdi. Ol dur monjuk oňa geçen günleri, Hatyjanyň ýalyn ýaly yssy, eşretli söýgüsini, sapaly durmuşyny ilkinji oguljyklaryny, ýaňy açylan läle ýaly ýakymly gyzjagazlaryny ýatlatdy. Resul Alla ol monjugy eline alyp, şol süýji günlere gark bolup oturdy. Ol şeýle uly baýlygy bolan adamyň öz ogluny halas etmege ýaramaýşyny, ýumruk ýaly çagasynyň bolsa ejesiniň beren iň mukaddes ýadygärligini, gyzyna ejesinden galan ýalňyz nyşany – dür monjugy iberişinden, şol ejiz naçaryň ýagdaýyna düşündi. Ol Rukaýýa öýüne getirilip, taşlanyp gidilenden soň, baryp, Zeýnebi-de alyp gelmeklerini buýrupdy. Emma şonda Zeýnep, nähili kyn günleri görse-de, nikaly adamsyndan aýrylyp, öz kakasynyň ýüzüni ýere salmajakdygy baradaky habary iberipdi. Resul Alla şonda gyzynyň yzyndan giden adamyň getiren bu habaryny eşidip, bu gyzyny juda mert görüpdi. Ine, bu günki getirilýän dür monjugy bolsa, şol mertligiň dowamydy. Ýöne ol beýle mertligiň gyzy Zeýnebe nähili agyr düşendigini aňlaýardy. Resul Alla Abul Asy ýanyna çagyrtdy. Onuň bilen hoşamaý gürleşdi. Oňa yslama uýup, musulmançylygy kabul etmegi teklip etdi. Emma Abul As gedemlik etdi. Resul Alla giýewsiniň öňünde ikinji şerti goýdy. – Sen Zeýnebi Medinä alyp gelseň, seni azat etdireýin. Bu bendi ýesir Resul Allanyňky däldi. Şonuň üçin Abul As mal-pul harç etmän azat boljagyna begendi-de, razy boldy. Ol gaty baý adamdy. Ol «eger musulmançylygy kabul edip, Allanyň ýekedigini ykrar etsem, Muhammedi onuň resuly diýsem, onda haram-harsdan ýygnap, öňki baýlygymy artdyryp bilmerin» diýip guman edýärdi. Ol bendilikden Mekge gelen badyna Zeýnebi Medinä ugradarman boldy. Zeýnep agyraýakdy. Ol basym çaga garaşýardy. Ol kakasyny, doganlaryny görjegine begense, Rukaýýanyň ýogalanyna bagryny paralap hesret çekýärdi. Çünki, bu basdaşja dogany onuň üçin juda ezizdi. Zeýnebiň Medinä gitjek bolýanyny eşden, öňem Muhammet pygamberden ýaňa içleri ot-bilen ýalyn bolup duran kuraýyş müşrükleri gazap atyna atlandylar. Bu habar şol bada Mekgä doldy. Habbar diýen päli azan kuraýyş bolsa: – Naýzalaryn, damagyny çalaryn. Gidäýse bolýar, öz elim bilen naýzadan geçirerin. – diýip, Zeýnebe haýbat atýardy. Abul As gepe-söze söze gulak asmady. Ýola şaýlanyp oturan agyraýak gelniň daşyna Habbaryň meslekdeşleri, müşrükler gaban aldylar. – Seniň ataňy ýakarys – diýip, olar Resul Allada köýüp ýatan arlaryny gyzy Zeýnepden alaýjak bolýardylar. Habbar gazabyny gaýnadyp onuň üstüne topuldy. Zeýnebi urup-sögüp, keýpden çykan kuraýyş müşrükleri, ol özünden gidenden soň, jyn dagan ýaly bolup, gaçyp gitdiler. Şol gije agyr urgulardan ýaňa, Zeýnep tas ölüpdi. Ýöne näme bolsa-da, onuň çöreginiň, bitin ýeri bar ekeni. Ol ölmän galdy. Emma göwresindäki çagasy welin öli doguldy. Abul As Zeýnebi gaty gizlin ýol bilen Mekgeden çykarmagyň ýoluny gözleýärdi. Emma bu işi boýnuna alyp biljek adam tapylanokdy. Ahyr soňunda bu gürrüňler Resul Alla hezretlerine ýetdi. Ol öz gyzynyň şeýle horlanmagyna namys etdi. Ol: – Eger Zeýnebi şeýle jebre, süteme sezewar edip, onuň, göwresindäki çaganyň öli dogulmagyna öz haram goluny batyran Habbar ele düşäýse, ony oda ýakyp öldürmeli – diýip, buýruk berdi. Emma birneme köşeşensoň, ol buýrugyny goýbolsun etdi. – Elbetde, ol müşrük şeýle jeza mynasypdyr. Ýöne bendesine diňe Alla-Tagala ot bilen jeza berip biler. Ol: «Eger Habbar kapyr ele düşse, onuň başyny almaly» diýip, gaýtadan buýruk berdi. Şeýdip, Resul Allanyň ogullygy Zeýd Zeýnebi gizlin ýollar bilen Medinä alyp gelipdi. Resul Alla gyzyna kapyr adamsyndan aýrylyşmagy teklip edipdi. Emma Zeýnebem, onuň müşrük adamsy hem aýrylyşmak islemändiler. Ýogsa, eýýäm Zeýnebe Medinede söz aýdýan hem az däldi. Şu ýerde, gepiň gerdişine görä aýtsak, şondan alty ýyldan soň Abul As gaty uly kerwen bilen musulmanlaryň, eline ýesir düşüpdi. Şonda hem Zeýnep kakasyndan adamsynyň, bir damja ganyny, onuň kerwenini diledi. Abul Asyň özem musulmançylygy kabul etdi. Diňe şondan soň Resul Alla gyzyna adamsy bilen ýaşaşmaga rugsat berdi. Bu dertler, musulmançylygyň döwletiň, il-günüň ertäniň aladasyny edýän pygamber Serwerimize agyr düşýärdi. Ol Osman ibn al-Affanyň hezreti Omaryň derdine, çekýän hasratyna düşünýärdi. Hezreti Osmarda, Osmanda Resul Alla hezretleriniň belent sahabatyny ýitirerin öýdýärdiler. Olara Resul Allasyz ýaşamak, ölüm bilen barabardy. Resul Allanyň özüne juda wepaly bu ynsanlary ýitirmek islänokdy. Onuň oňat daýanjy emele gelipdi. Ebu Bekiriň mähribanlygy, süýji dili, aňyrysy-bärisi ýok sahabaty, çaganyňky ýaly çirksiz köňli, batyrdan dogry sözlüligi Resul Alla juda ýaraýardy. Käbir musulman bendesi: «Ýa, Resul Alla, sen aýry-başga Ebu Bekir syddyhy özüňe dost tutunyp, oňa aýratyn hormatlar bildirýärsiň?» diýip, Muhammet pygambere arz edýärdi, Resul Alla olardan çekinip duranokdy. – Hawa, Ebu Bekir syddyh maňa dostdur. Çünki siz meni inkär edeniňizde, Ebu Bekir meni tassyk etdi. Soňra siz meni kowduňyz. Ebu Bekir maňa jaý berdi. Soňra siz meni öýkeletdiňiz, ol maňa gamhor boldy. Siz hemmäňiz. maňa: «Ýalan sözleýärsiňiz» diýdiňiz. Ol maňa: «Rast aýdýarsyň» diýdi. Şonuň üçin bu ynsanyň meniň ýanymda belli gadry ýokdur – diýdi. Bularyň üstesine, Ebu Bekir özüniň ýaşajyk gyzyny ýalňyz galan, birneme ruhdan düşen pygamberimize nikalap beripdi. Bu işler diňe mert adamyň işidi. Hezreti Omar bolsa pähimliligiň, batyrlygyň, tejribäniň öýüdi. Bu adamyň köňlem, ýüregem, sözem batyrdy, arassady, wepalydy. Onuň musulman bolmagynyň özem müşrüklere bahasyz haýbatdy. Il içinde Omaryň sözi sözdi. Ondan diňe ansarlar, ýa-da müşrükler däl, ýahudiler hem çekinýärdiler. Mekgeli müşrükler Omaryň adyny eşidip, injiklerini saňňyldadýardy. Olaryň arasynda hezreti Omardan çekinmeýäni ýok diýen ýalydy. Omar hezretleri musulmanlaryň çyn howandarydy. Resul Alla Osmany-da aýratyn gadyr bilen sylaýardy. Diňe bir giýewsi bolany, üçin däl, onuň Belent-Taňra berlenligi Resul Alla diýseň tämiz hormat goýýanlygy, ýumşakdan päkize edep-ekramlylygy, pähim-paýhaslylygy üçin ol Osman hezretlerine hormat goýýardy. Onuň gadyryny bilip, mydama aýratyn hormat bilen sylardy. Mydama bu adamyň edep-ekramyny din, yslam, şerigat üçin ulanmagyň aladasyny edýärdi. Hezreti Aly Ebu Talyp ogly Resul Allanyň bu dünýädäki köňül baýlygydy. Aly onuň öz elinde ösen ogullygydy. Onuň doganydy, dostydy, giýewsidi, howandary, hossarydy. Muhammet pygamber Alynyň ýitisözlüligini, gözsüz batyrlygyny, abyrsyz güýç-kuwwatlylygyny halaýardy. Aly heniz ýaşdy. Emma şonda-da onuň garşysyna çykjak, deňinde durjak ýokdy. Resul Alla Badr söweşinde Alyny Utbanyň däli göhert ýaly oglunyň garşysyna ýöne ýere çykaranokdy. Ol Alyda görýän beýik kuwwatyny uly iliň öňünde açasy gelýärdi. Şu söweş güni, iliň gözüniň alynda onuň mertebesini göteresi gelýärdi. Ýogsa, Aly nire, Hamza pälwan nire? Ol öz agasynyň deňinde göreşip, ýeňiş gazanypdy. Agasy Hamza pälwan «Yslam şiri» diýen belent ada mynasyp bolan bolsa, ýaşajyk Aly «Yslam gylyjy» diýen mukaddes at berlilipdi. Aly hakykatdan hem, yslamyň almaz gylyjydy. Ol yslamyň islendik duşmanynyň kükreginden parran geçip gitjek keramatly okdy. Ine, Resul Alla bu dört sany sahabany diňe bir özüniň däl, tutuş yslamyň berk esasy hasap edýärdi. Ol Ebu Bekir hezretleriniň, mähribanlygyny, çäksiz sahawatyny, danadan wepalylygyny, Omaryň akyl-parasada ýugrulan dogry sözüni, gerek ýerinde tutuş bir leşgere taý geljek söweşjeň mertebesini, Osmanyň edep-ekramlylygyny, çirksiz wepalylygyny, hyzmata gaýymlygyny, Alynyň garadan gaýtmaz güýç-kuwwatyny, yslam işinde edermenligini, namys-ara ýugrulan gaýduwsyzlygyny bir ýumruga bitewileşdirmäge öwrenişipdi. Bu bitewi güýç, özüniň pygamberlik weliligi, ene süýdi kimin halallygy bilen ýugrulanda, yslam mertebesine mertebe goşulýardy. Bu bitewi pähim, halallyk akaba Alla-Tagalanyň gudraty bilen çogup çykyp, älem-jahana akyp gitmelidi. Resul Alla beýle bitewiligiň başga hiç bir ýerde bolup bilmejegini duýýardy. Ony Mukadses-Taňrynyň goldawy bilen diňe onuň eziz Resuly kemala getirip bilipdi. Ine, Muhammet pygamberiň äleme dolup duran gudratynyň, pähim paýhasynyň bir kuwwatly şahasy şoldy. Beýle beýik bitewilik dünýäden ötüp giden beýleki pygamberleriň hiç birinde hem bolmandy Resul Alla şol bitewiligiň bir mäkäm sütüni bolup duran Osmany ýitirmekden gorkman hem duranokdy. Ol Osmanyň wepadarlygyna, özüne tabynlygyna, her bir pursatdaky wepaly boýunsunujylygyna indi ýagşy öwrenişipdi. Osman oňa indi gerekdi. Yslamy äleme ýaýratmalydy. Ine, şonda şeýle wepaly ogullara daýanmasa, ol başga kime daýansyn. Şonuň üçin ol häzir özüniň ähli derdini undup, bu sahabalary köşeşdirmelidi. Bu ýerde yslam öýüni abat saklamakdan özge hiç hili maksat bolup bilmeli däldi. – Sen gam çekme Osman! – diýip, Resul Alla keremli başyny galdyrdy-da, Osmanyň gussaly ýüzüne garady – Men saňa ikinji gyzym Kulsumy nikalap berýärin... Osman ibn al-Affan beýle mertebäni hiç haçan hem göz öňüne getirip biljek däldi. Ol öz abraýyny, belent mertebeli Resul Aýala bilen mukaddes baglanyşygyny aýaly Rukaýýa bilen bilelikde topraga garandyryn öýdüp gussa batyp ýördi. Emma bu gün Alla-Tagalanyň gudraty bilen onuň ýüzüne ýene-de bagt gülüp bakypdy. Ol Resul Alla çäksiz minnetdarlygyny bildirdi. Soňra Resul Alla hezreti Omara garady. – Seniň gyzyň Hafsany men özüme nikalap alaryn... Dünýäden umydyny üzüp, megerem, iň soňky sapar özi üçin taýsyz eziz ynsan bolan Resul Allanyň didaryny görmek üçin, onuň ýanyna eginlerini sallap gelen Osman ibn al-Affan hem bu gün şu darajyk, garypja öýden bagt guşy gonan adamyň şatlygy bilen çykyp gaýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |