13:47 Muhammet pygamber -57: romanyň dowamy | |
2. Olar Belent-Taňrynyň olaryň ýüreklerindäki bet pygyllaryny we olaryň gizlin maslahatlaryny bilýändigini bilmeýärlermikä, we takyk, Belent-Taňry hemme gizlin zatlary bilgijidir. Gurhan. 9-njy süre. 84-nji aýat. Ýakynda Badr söweşinde masgara bolup ölen Ebu Jähiliň ornuna, tutuş Mekgäniň, ähli kuraýyşyň serdary bolan Ebu Sufýanyň kimdir birini göresi gelip, gursagy gijäp durdy. Ol aýaly Hindi hatyna-da bu barada aýtdy. Emma adamsynyň tutuş kuraýyşyň serdary bolmagy bu hesretli aýaly beýle bir begendirip hem baranokdy. Depseň deprenmez içeri, aňyrysy-bärisi görünmeýän baýlyk, gul-gyrnaklaryň, kenizleriň hyzmaty, «tüf» diýende tüýküligini ýere gaçyrmaýan är onda öňem bardy. Ýöne adamsy Ebu Sufýan serdarlyk diýip ölüp-öçüp ýatansoň, Hindi hatyn hem hemişe oňa raýkeş bolýardy. Indi bu eşretleriň ählisiniň düýbi deşilen ýaly bolupdy. Onuň eziz dogany Ebu Jähil Badr jeňinde galypdy. Doganynyň, oglunyň beýleki adamlaryň jesedi bilen birlikde gurruk guýa atylanyny eşiden bu aýalyň bagryna otlar tutaşyberýärdi. Oýa gijeler ýatman agasynyň, oglunyň ýasyny tutup, eňreýärdi. – Hany, hany, bes et! – diýip, Ebu Sufýan ony şunça köşeşdirjek – bolýardy. – Diňe biziň oglumyzyň däl-ä, gör, näçe adamyň ganyny dökdüler, ol dönükler. Ebu Sufýan bu jeňdäki dökülen ganlary, kesilen başlary, olaryň günäsini diňe Muhammet pygamberiň üstüne atýardy. Ol şeýdibem tutuş Mekge halkynda Resul Alla bolan uly ýigrenji emele getirjek bolýardy. – Indi ähli kuraýş bolup ýas tutup oturmaly däl-de, üýşüp arymyzy almaly. Şol jeňiň ýasy bize haram. Biz diňe ar almaly, ar... Ebu Sufýan tutuş kuraýyşda ar almak hyjuwyny döretdi. Özi bolsa uly iliň içinde: – Men jeňde wepat bolanlarymyzyň aryny alýançam, gülap suwuny sepinmerin, täret kylmaryn – diýip kasam etdi. Mekgelileriň köpüsi şeýle kasam bilen ýaşaýardy. Indi olar ukuda ýatyrkalar hem: «Tur, ar almaga ýörüň» diýseň, turup duşmanynyň üstüne atlanjakdylar. Ebu Sufýan musulmanlaryň üstünden gazanjak beýik ýeňşini görýärdi. Ol Muhammet pygamberiň gana bulaşyp, ýerde ýatanyny hem görýärdi. Ol özüniň şol «ýeňşine» ynanýardy. Eger ol şeýdip, uly söweş eýläp, Ýasribi hem basyp alaýsa, onda tutuş ýurt özüniňki boljakdy. Ýöne... Ýöne, ol bir zady görüp bilenokdy. Ýasribiň uly hanlarynyň biri Abdylla b. Ubeýýanyň pikir-hyýalynyň nähilidigini aňyp bilenokdy. Ol Abdylla b. Ubeýýa bilen köneden gelýän dostdy. Ýöne ol Abdyllanyň hem uly şowsuzlyga sezewar bolandygyny, musulmanlaryň, ony it masgarasy edip, abraýdan düşürendigini eşidipdi. Ol birden kuraýyşlar Ýasribe çozsa, Abdylla b. Ubeýýanyň kimiň tarapynda boljagyny bilenokdy. Eger şol ýagdaýy hem aýan etse, Ebu Sufýanyň bagtynyň getirdigidi Ýasrib onuňkydy. Munuň üçin soň öz dosty, Abdylla b. Ubeýýa gaty görmeli däldi. Ebu Sufýana şu wagt iki sany atly myhmanyň gelendigini aýtdylar. – Öýe çagyryň. Ebu Sufýan öz gözlerine ynanmajak boldy. – Eý-ho-oý! Eý-ho-oý! – diýip, ol Ýasribdäki an-Nadyr taýpasynyň kethudasy, juda täsirli goşgulary bilen tutuş Mekge-Medine ilinde tanalýan şahyr Kaab ibn al-Aşrafy gujrklady. Soňra onuň gözleri Ýasribiň soltany bolmaly adam, Hazreç taýpasynyň serdary Abdylla b. Ubeýýa düşüp, has tolgundy. – Eý, doganlar, bulara bir serediň, kimler gelipdir. Görüň-ä, görüň, eziz doganlarym gelipdir. Bulary göresim gelip, bagyrlarym gijäp durdy ahyryn. Görüň, bular meniň göresimiň gelendigini bilip gelendirler.. Kaab ibn al-Aşraf öý eýesiniň beýle tolgunmasyna, özlerini gaty gadyrly garşylamasyna birden göterilip başlady. Soňra şol dik duran ýerinden goşgy aýdyp ugrady. – Mekgäniň üstünde dogan Aýsyň sen, Sahawaty egsilmejek baýsyň sen, Adyň Ebu Sufýan, aýalyň Hindi, Bu illerde çyn serdarsyň, taýsyz sen. Balaňy aldyran serweriň hany, Duşmana urduran kerweniň hany, Badryň üstünde gany dökülip, Ýatan ýalňyz weled-enweriň hany. Dostun ýatlamaga dostuň gelendir, Seniň ýürek hasratyňy bilendir, Ýalňyz oglyň ganly jeňde galanyn, Eşidip agladym, erbet elendim. Hany, tur ýeriňden, eý, külli Mekge, Rahat, ar ýoluňda dönüklik etme, Ata-babaň mertdir, sen şonuň ogly, Namart muslymlaryň minnetin çekme.... Sufýanyň ähli derdini gozgady. Ol gözlerine ýaş aýlady-da, onuň der ysly kükregine başyny goýdy. – Eý, doganym, ogul gitdi, ogul, kerweni beýlekisi owarram-la. Men indi onuň ejesi Hindi hatynyň gözüne görünip bilmän otyryn. Olar salkyn içerä girip, düşege geçdiler. Ýasribden köne tanyşlarynyň gelenini eşidip, başy ýasly, gözi ýaşly Hindi hatyn hem bularyň ýanyna salama geldi. Başyda döneýin Hindi hatynym, Ýalňyz balaň, çyn dikraryň nirede? Saňa gurban bolsun bu janym, tenim, Eziz balaň, nowjuwanyň nirede?. Badr guýusynda eşitdim ahyň, Boýlary serwidir, didesi mahym, Aryn almak nesip etsin ylahym, Ýalňyz bala, şirin janyň nirede. Ogluň ýokdur ol deý ogul deregne, Awylar gatyldy aş-u, çöregňe, Ah, indi bir derman barmy ýüregňe, Eziz zürýat, mähribanyň nirede. Ynsan çydap bilmez, Hindim, zaryňa, Hasrat ýetmez, hassa ýürek taryňa, Külli kuraýş, galkyň ogluň aryna, Ýat ildäki bendiwanyň nirede... Hindi hatyn Kaab şahyryň bu ýürek gyýyjy bentlerini eşidip, onuň aýagyna ýykylyp, erbet bozlady. – Ýalňyz balamdan aýryldym-leý! – diýip, samrady. Bu aýalyň hasraty içerdäkilere-de täsir etdi, Ebu Sufýanyň özem iki elini ýüzüne tutup, horkuldap aglady. Ol birneme köşeşensoň, Hindi hatyn çykyp gitdi-de, soň ýene gaýdyp geldi. Ol Kaaf ibn al-Aşrafyň egnine üýtgeşik serpaý ýapdy. Dyzlarynyň üstüne içi altyn dinardan doly teletin halta taşlady. Bu sylag-serpaýa Kaab ibn al-Aşraf hem erbet bozuldy. Ol ýöräp barýan Hindi hatynyň aýaklaryna ellerini goýdy-da, başyny ýere ýetirdi. Bu boluş onuň «Men siziň sadyk guluňyzdyryn» diýip, minnetdarlyk bildirmegidi. Olar orta giňden saçak ýazylyp, üstüne nazy-nygmatlar goýlan tama geçdiler. Ortadaky rum çüýşeleri, onuň içindäki akly-gyzylly suwlar, naharyň, tagamly ysy alys ýoldan aryp gelen bu iki myhmanyň janyna eşrepi bolup ýapylýardy. Nahar iýlip, ajy-süýji suwlardan içilenden soň, Ebu Sufýanyň maly sähra ýaýran ýaly boldy. – Ertirden bäri, gaşym çekip, bagrym gijäp durdy, doganym. Asyl, sizi görjek ekenim. – diýip, ol şerabyň zarbyna ýagşy gyzaran bürgüt gözlerini şahyra aýlady. – Siz gelmedik bolsaňyz, belki, ýüregim ýarylardy. Ogul gitdi, namys-ary maňa galdy. Mekgede durarlyk galmady – Ýasribde-de durarlyk galmady – diýip, birneme serhoşlyk hetdine ýeten Abdylla b. Ubeýýa janagyrly aýtdy – Gelmişekler depämize çykdy. Abdylla b. Ubeýýanyň bu gepi Kaab şahyra ýaramady. Ol başyny ýaýkap oturşyna: – Haý, goýsan-aýt. – diýip goýberdi. – Ýasrib ýaly ýurt bolmaz. Özüň namart bolsaň, dagy näme... Ol: Başynda täç – ýada salar tawusy, Egniňde il-günüň ary-namysy, Mertliginde bolsun ömrüň, namysy, Tylla täjiň gutly bolsun, Abdylla! Duşmana mert urgun eziz bol halka, Ýagşyda-ýamanda arka dur, arka, Ýasrib illerini Gün kibi ýalka, Serdarlygyň gutly bolsun, Abdylla! – diýip, agzynyň ugruna iki bent goşgy aýtdy-da, elindeki şeraply jamy saçagyň üstünde goýdy. – Serdarlygyňy elinden aldyrdyň. Halk seni tutuş Ýasribe Serdar etjek boldy. Sen bolsa, zordan öz urugyňa han bolup galdyň. Il-gün seniň başyňa şalaryň täjini geýdirdi, sen bolsa ony diňe Abdylla b. Ubeýýanyň başynyň sopbajyna öwurdiň. Eliňde atly-ýaragly uly goşun. Mal-mülküň ýere-göge syganok. Halkyň bolsa seniň: «Ýöriň doganlar, gelmişekleriň üstüne çozaýlyň» diýeriňe garaşyp ýör. Emma sen Muhammedi görseň, «men musulman, seniň bilendirin» diýýäň. Ebu Sufýany görseň, «men seniň bilen» diýýäň, meni görseň, menlik, jöhidi görseň jöhitlik, hrisiany gören hem şonluk... Abdylla b. Ubeýýa sesini çykarman diňläp otyr. Ol hem ahyr sonuňda, gezegi gelende dil açdy. – Dogry, seniň aýdýanyň dogry. Aýt, indi men näme etmeli?! Men Badr jeňine gitmedim. Şol jeňde musulmanlara goşulamok. Emma olara garşy söweşibem bilemok. Öz güýjüm az, hezreçlere ynamym az. Olaryň köpüsi satlyk. Men ony billip otyryn ahyryn. Ebu Sufýan hem gürrüňe goşuldy. – Doganlarym, eşidip otyryn welin, biziň barymyzyň maňlaýymyz şor çykdy. Biziň kerwen ýollarymyz ýapyldy. Indi ähli kuraýyşyň bokurdagy şol «dönük» musulmanlaryň ýumrugynyň içinde. Kerwenimizi halas edeli diýip barsak, öňümizde agzyndan ot sowurýan aždarha ýaly bolup otyr, olar. Ýogsa, müň atly bolup, şolaryň merkini bermäge gitdiler. Olar tutuş Mekgäniň serdary Ebu Jähili çapym-çapym etdiler. Meniň ýalňyz balamyň başyna ýetdiler. Indem, bu-gün erte üstümize çozmasalar ýagşy. – diýip, gorky astynda otyrys. – Ýok, – diýip, Kaab ibn al-Aşraf ellerini daldalatdy. – Gorkmak-da gerek däl, oturmak-da gerek däl. Bu ýerde gorkar ýaly zat ýok ahyryn. Ol ýalançylaryň serdary özüne meňzeşleri ýygnap çozsa-çozdy welin, sizem juda gowşak durduňyz. Bolmasa, olaryň küli kakylmalydy. Ebu Sufýan başyny ahmyr bilen atdy. – Indi nätmelidigini bilýän, öň men Abdylladan çekinýärdim. Abdalla b. Ubeýýa arkaýyn gepledi. – Men seniň bilendirin. Olar gijäniň bir mahalyna çenli oturdylar. – Hawa, biz üç ýerden hüjüm etmeli. Bazarlary ýapmaly. Adamlary azdyrmaly. Birek-birege kömek bermeli. Senem, – ol Ebu Sufýanyň serhoş ýüzüne garady. – Her bäş-alty günden Ýasribe çozuş gurap durmaly. – Kaab ibn al-Aşraf bu gijäniň gürüňini çugdamlady. Ertesi Kaab ibn al-Aşraf bilen Ebu Sufýan Abdylla b. Ubeýýany ýola çenli ugratdylar. Men Mekgeli kuraýyşlaryň namysyny oýararyn. Ine, görersiňiz, olar şol «dönük» musulmanlaryň derisine saman dykarlar. Şonuň üçin men bäş-üç gün Mekgede galjak – diýip, Kaab ibn al-Aşraf aýtdy. Abdylla b. Ubeýýa özüniň atlylary bilen Medinä tarap ýola düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |