13:49 Muhammet pygamber -58: romanyň dowamy | |
3. Eý pygamber, sen kapyrlara gylyç bilen we mynapyklara (ikidillilere) diliň we günäleriň bilen uruş et we olara gaty gaharly bol. Gurhan. 8-nji süre. 79-njy aýat. 624-nji ýyllaryň mart günleridi. Älemleriň serweri Muhammet pygamber öz ýelmaýasynyň üstünde bu dünýäniň şamçyragy kimiň ak nura çümüp otyrdy. Onuň ýumşak ädimler bilen haýaljak ýöräp gelýän düýesi Resul Allanyň päkize ruhuna artykmaç bir ynjalyksyzlyk salmajak bolýan ýalydy. Ol düýe bolman asmandan bu sähralaryň üstüne asylan rahat sallançaga çalym edýärdi. Şol sallançak salkyn ýaz otlary parlap ýören gülleriň ysy bark urýan seleň sähranyň üstünde üwrelip durdy. Resul Alla düýesiniň üstünde oturan ýerinden ýumşajyk gaňryldy-da, nurana gözlerini töweregine aýlady. Sap-sap bolup, öz yzy bilen gelýän düýeli esgerler, pyýada adamlar onuň göwnüni galkyndyrýardy. Ebu Sufýan din-yslamyň, musulmanlaryň, böwrüne agyryly, indi iriňi ýagşy ýüze çykan başa öwrülipdi. Şol başy ýarmasaň, çekilmeli azaplar aradan aýrylmaly däldi. Indi telim aý bäri bolsa bu başyň azary Medine halkyna azar ýamanyny berýärdi, Resul Alla bu iýji başyň agyrysy bilen hem oňsa, oňardy. Muhammet pygamberiň tebigaty, tutuş ynsaby urşa-dawa garşydy. Ol urşup huruşy iýenden, çöregini uruşman gury iýenini gowy görýärdi. Emma bu sapar jeňe galkmasaň boljak däldi. Medine ot içinde galypdy. Resul Alla öz ýelmaýasynyň üstünde oturan ýerindeň bu bagtly günlere ýetmezinden öňki günleriň wakalaryny başyndan ýyldyrym çaltlygynda aýlap goýberdi. Ol häzir diýseň buýsançlydy, Uhot (Ohot) dagynyň eteginde Ebu Sufýanyň üç müň atlysyny ýeňip gelýärdi. Hudaýa şükür, öňki bili oňrulan, demi dag ýarýan aždarhanyň indi kellesi mynjyradylypdy. Resul Alla özüniň paýhasly çözgütleriniň dogry bolup çykandygyna ýene bir sapar göz ýetiripdi. Bu ýol onuň üçin Belent-Taňra barýan ýoldy, Alla barýan ýol egri, ýa-da galp bolmaly däldi. Taňra barýan ýoluň berkden berk köprüsi bolan din-yslam yrgyldamaly däldi. Ol sap bolmalydy, juda berk, adalatly, dogry bolmalydy. Bu söweşiň başy baryp-ha, geçen ýylyň aýaklarynda başlanypdy... Muhammet pygamber kuraýyş müşrüklerine garşy söweşe Badr jeňinden soň hem goýmandy. Ol mekgelileriň kerweniniň geçjek ýollaryny özüniň berk gözegçiliginde saklaýardy. Ençeme kerwen ele salnypdy. Şolaryň içinde iň ähmiýetlisi Muhammet pygamberiň ogullygy Zeýdiň awlan, kümüş ýükli agyr kerweni bolupdy. Şol kerweniň musulmanlar tarapyndan gabalyp alynmagy Ebu Sufýan üçin Badr söweşinden hem kän esse agyr düşüpdi. Ony Resul Alla bilýärdi. Şondan soň, edil, Resul Allanyň çaklaýşy ýaly boldy. Kuraýyş, müşrükleri gazap bilen ata çykyp başladylar. An-Nadyr taýpasynyň kethudasy Kaab Ibn al-Aşraf Mekgä baryp gelenden soň, onuň ýola garamasy has artypdy. Çünki, Kaab ibn al-Aşrafyň içi Resul Alladan ýada ot bilen ýalyndy. Bu adam ýehudydy. Ol bu ýerleriň özleriniň ata-baba mülküdigini hem gowy bilýärdi. Oňa Resul Allanyň serdarlygyndan, Hazraç taýpasynyň akmak kethudasynyň serdar bolany müň esse ýagşyrakdy. Olar oňa diniňi üýtget diýenokdylar. Mekgeden gelen gelmişek gedaýlar bilen mal-mülküňi bölüş diýenokdylar. Ýa-da biz din-yslam üçin pylan taýpanyň üstüne çozjak, siz hem şolaryň üstüne çowmaly bolarsyňyz diýenokdylar. Ýa-da malyňdan, baýlygyňdan hüşür-zekat bermeli diýenokdylar. Sen özüň azar bermeseň, olar sada azar berenokdylar. Emma ýagy ýaly bolup gelen musulmanlaryň niýeti aňyrdandy. Olaryň özi-de, näçe horlasaň, näçe azar berseň, şonça köpelip, känelip barýardylar. Gitdikleri kerwen-kerwen haryt getirýärdiler. Uruşsalar ýeňýärdiler. Ýeňseler baýaýardylar. Ine, bu gün gelenlerinde ýyrtyk çepeklerini süýräp gelenlerine bir ýyl bolmasa-da, indi olaryň düýesisi ýokdy. Beýle ýowuz adamlaryň bu gün bolmasa, ertir özüniň üstüne sürnüp, mal-mülki bilen ýok etjekdigine Kaab ibn al-Aşrafyň gözleri ýetip durdy. Şonuň üçin Mekgä baryp, Ebu Sufýanyň bu günki hasratyna agladygy, onuň özüniň ertirki hasratlaryna gözýaş dökdügidi. Ol Hindi hatynyň oglunyň derdine perýat çekende, öz oglunyň ertirki perýadyna gözýaş döküpdi. Ol diňe şonuň üçin Mekge baryp, Ebu Sufýanyň yzyna düşüp, tutuş kuraýyşy Muhammet pygamberiň üstüne söweşe galkyndyryp gaýdypdy. Söweş hakynda, namys-ar barada onuň juda täsirli goşgularyny diňlän kuraýyşlar, edil köz gysymlan ýaly boluşdylar. Kuraýşyň ar diýip jan berer bary, Köýdi kerwenleri, namysy-ary, Kim gitmese, talak bolsun aýaly, Ar almaly pursat geldi, doganlar. Bu adam juda zehinlidi, dilewardy. Onuň ar-namys baradaky her bir sözi ynsabyňy eleýärdi. Ol: – Resul Alla diýeniňiz gury töňňe. Alla diýen bolup oturan biweç, lellim, Onuň ýaly gowşak adam aýalyna-da ärlik edip bilmez. Ondan siz gorkýarsyňyz, biziň üçin ol hiç kim! – diýip samraýardy. Ol Resul Allany, onuň sahabalaryny, musulmanlary şeýle bir kiçelip, wejera ýagdaýynda görkezýärdi, ony beýan etmege diliň hem baranokdy. Bu adamyň gepine ynansaň, ýeke atly bolup, baryp, Resul Allanyň, elini-aýagyny daňyp, alyp gaýdybermelidi. Ebu Sufýan Medinäniň gündogaryndan aýlanyp, Yraga barýan kümüş ýükli kerwenini taladan soň, ýüregine daş baglap, iki ýüz atly ýygnady. Soňra Medinä barýan gizlinräk ýollar bilen Kaab ibn al-Aşrafyň Medinäniň bir menzil golaýyndaky galasyna bardy. Ondan ýagşy salgyny alyp, ýerlerini, baglaryny bejermäge çykan ansarlaryň birini, beýleki taýpalaryň adamlaryndan hem birnäçesini çapdylar. Şol baglaryň içine girip, hurma agaçlarynyň birnäçesini ýakdylar. Ýaňy tümmül bolan arpadan haltalaryny doldurdylar. Iki ýüz at bileň ýagşy bejerilen ýerleri torç ediler. Bu habar Muhammet pygambere ertesi gün ýetirildi. Resul Alla hyrçyny dişledi. Ahmal galanynyna gaty ahmyr etdi. Soň bolsa onuň özi bir toplum atly bolup, Ebu Sufýanyň yzyndan kowdy. Ebu Sufýanyň adamlary Resul Allanyň yzlaryndan kowup gelýänini duýupdylar. Olar alan arpalaryny, iýmek-içmeklerini taşlap, zordan özlerini halas edipdiler. Bu waka Resul Alla Medinäniň diňe bir daşyny däl, onuň içini hem berk gorag astynda saklamalydygyny öwretdi. Ol Medine galasynyň içinde, daşynda gözegçiligi ýola goýdy. Gözegçiler indi bu töwerekde nähili ýagdaý bolsa-da, şol bada Muhammet pygamberi habardar edýärdiler. Muhammet pygamberiň, Mekgedäki adamlary kuraýyş müşrükleriniň bu ownuk-uşak çozuşjagazlar bilen oňmak islemeýändigini hem habar berýärdiler. Olar çekinmän: «Geljek ýylyň ýazynda Medinä çozup, Muhammedi-de, onuň ýaranlaryny-da ýok ederis» diýip ýören ýerlerinde öwnüp ýördüler. Olar özlerine Muhammet pygamberiň köne duşmanlarynyň biri, bir wagtlar dowzahdan özüne jaý alan al Walid al Mugyranyň ogly Halid ibn Walidi özlerine serkerdebaşy saýlapdylar. Halid ibn Walid diýseň edermen adamdy. Özem juda güýçli, baý bolup, Mekge ilinde uly abraýy bardy. Halid ibn Walid atly-ýaragly goşun döretmek üçin gylyç, galkan, naýza, at, düýe ýygnamak üçin gijesini gündiz edýärdi. Özüniň sowutly, galkanly goşunyna naýza sançmagyň, gylyç urmagyň ýollaryny öwredýärdi. Olary synlamaga tutuş Mekge halky ýygnanýardy. Şol günler Resul Allany juda birahatlandyrýan günler bolupdy. Musulmanlary bazarlardan kowup başlapdylar. Köçä çykan aýallary, çagalary masgaralaýardylar, adamlaryň üýşen ýerlerinde, bazarlarda Resul Allany masgaralaýan goşgulary aýdýardylar. Medineli adamlaryň köpüsi Kaab ibn al-Aşrafyň Resul Allany wejera edip masgaralaýan goşgularyky ýatdan bilýärdiler. Ol goşgular agyzdan agyza ýel alyp, tutuş töwerege ýaýrap barýardy. Şondan meçew alan Ebu Afak diýen ýüz ýaşly şahyr hem Resul Allany masgara edip, goşgular aýdyp başlapdy. Ol halky «eli gan, özi gandar, bir bendeniň şirin şanyna kast eden bu gelmişegiň öňünde iki bükülip oturmazlyga» çagyrýardy. Munuň bilen hem iş tamam bolaýanokdy. Merwanyň şahyr gyzy özüniň şahyr agalaryndan kem galmady. Ol: «Eý, awsit, eý hazrajit, sen ata-baba wassanyňy unutma. «Men pygamberdirin» diýip gelen gelmişegiň öňünde dyza çökme!» diýen ýaly goşgular goşup, adamlaryň arasynda aýdýardy. Adamlar bolsa şol goşgulary ýat tutup, bazarlarda aýdym edip aýdýardylar. Resul Alla Medineli şahyrlaryň bu goşgy-gazallaryna baş galdyrybam barnokdy. Emma musulmanlar, beýle bihaýaçylyga çydam edip bilenonokdylar. Olar Resul Alla, onuň dinine şek ýetirilmegini özlerine namys bilýärdiler. Şonuň, üçin olaryň käbiri bu şahyrlary yzarlabam başlady. Şeýle günleriň birinde birnäçe çaganyň enesi, goşguçy Asmanyň öz öýünde öldürilendigini aýtdylar. Soň bir gün bolsa şahyr Ebu Afak hem öýünden öli çykdy. Beýle ýagdaýlary eşiden Resul Alla bu bet pişeleri edýän adamlara birneme gatyrgandam. Emma bu ölüm şahyrlary rahatlandyryp bilmedi. Başyna giden medinelileri Taňrynyň özi ýola salaýmasa, ynsan bendesi olary ýola getirip bilmejek ýalydy. Hapa dilli, ýaman köňülli, bet niýetli, kimiňdir ber birleriniň berýän lukmasynyň öwezine wejera goşgulary goşup ýören şahyrlaryň biriniň sesi gapylsa, beýlekisiniň sesi dabara bilen ýaýylyp başlaýardy. Erbet göreldeleriň biriniň öňi alynsa, onuň deregine onusy döreýärdi. Medineliler Mekgeden Ebu Sufýanyň çozup gelerine, bu «dönük» musulmanlary kül-peýekun edip, Ýasrib halkynyň arkasyna ýene-de, öňküleri ýaly ýel çaldyraryna garaşýardylar. Her kim mekgeli müşrükler çozsa, şolara goşulşyp, musulmanlary ýok etmek üçin, söweşe gitmege ýarag-esbabyny taýýarlap ýördi. Indi olar muhajyrlara bolan ýigrenjini çekinmän, islendik ýerlerinde aýdýardylar. Olaryň beýle ýigrenjiniň özeni Resul Alla gönükdirilendi. Şeýle azgynçylyk muhajyrlaryň degnasyna degmek bilen tamamlandy. Günleriň birinde muhajyrlaryň üstündei şeýle bihaýa oýunlary guramaga endik eden kaýnuk ýigidi bazarda zat satyp oturan ýaş, görmegeý musulman gelniniň üstünden gülmek isledi. Ol ýigit oňat zergärdi. Ol kaýnuk bazarynda öz ýasan aýal şaýlaryny satýardy. Musulman aýal bolsa bu ýigidiň gapdalragynda oturyp, oduk-buduk zatlaryny satýardy. Zergär ýigit bu aýal öz söwda işleri bilen gümra mahaly geldi-de, onuň köýneginiň etegini akasiýa agajynyň tikeni bilen ýakasyna çatyp gitdi, Ol aýal oturan wagty bildirmese-de, ýerinden turan wagta tutuş bazaryň adamlary ol ýerinden turanda ala-pakyrdy bolşup gülşüp başladylar. Ol aýal özüniň üstünden gülünmegine erbet namys etdi. Ol bu işi baryp ärine aýtdy. Ol aýalyň ýüwürirleri şol bada ot gysymlan ýaly bolşup, bazara gaýtdylar. Öňler beýle iş ep-eslije jerime salmak bilen ýa-da günäkeriň arkasyna bäş-on sapar çybyk urmak bilen tamamlananýardy. Emma ýerli tire-taýpalaryň üstlerinden gülmesi halys degnalaryna degen musulmanlar bu işi agyr namys bildiler. Beýle masgaraçylykdan gan ysy gelýärdi. Bir ýaş musulman öz garyndaşyny şeýle uly namysa goýan zergäriň janyny jähenneme iberdi. Kaýnuklaryň bazaryna gan çaýkaldy. Şol bada ol zergär ýigidiň garyndaşlary sil ýaly bolşup, akyp geldiler. Olar zergär ýigidi öldireni tike-tike edip taşladylar. Bu habar musulmanlaryň ählisini aýaga galdyrdy. Olar ýer süýşen ýaly bolup geldiler-de, kaýnuklaryň galasynyň daşyny gabadylar. Kaýnuklar öňden bäri dogansyrap, bir zat bolaýsa-da: «siz arkaýyn boluň» diýip özlerine howandarsyrap ýören iki ýüzli-munapyklardan, kuraýza, an-nadyr taýpalarynyň adamlaryndan haraý islediler. Emma kuraýza, an-nadyr taýpalarynyň adamlary ganyň ysy gelip duran bu uly dawadan daş bolanlaryny kem görmediler. Emma ikiýüzliler näme etjeklerini bilmediler. Ara mekgeli Ebu Sufýana bol-bol wadalar beren Abdalla b. Ubeýýa düşmek isledi. Ol göni Resul Allanyň gaşyna bardy. – Ýok et, gedaýlaryňy galanyň daşyndan. Bolmasa-da men ganyňyzy derýa kimin akdyraryn. Häziriň özünde üç ýüz sany atly, sowutly, agyr ýaraglanan goşunlarymy, dört ýüz sany pyýada esgerimi, üstüňize sürerin. Baryňyzy kül ederin. – Ol haýbat atma kemini goýanokdy. Emma Resul Alla oňa jogap berip durmady. Bu adama jogaby hezreti Aly berdi. Ol Abdylla b. Ubeýýanyň ezeneginden, misli bir towşan tutan ýaly etdi-de, südenekledip, Resul Allanyň alyndan alyp, daşary taşlap goýberdi. Soň honda zyňlyp giden täjini gözläp, sermenip barýan Abdylla b. Ubeýýa: – Eşit, Abdylla, siziň musulmanlaryňyzyň özleriniň doganlarynyň biri-birine ýarag çenänini eşidäýsem, ýagşlyk tamasyny etme. – diýdi. Bu söz Resul Allanyň sözüdi. Abdyrla b. Ubeýýanyň özem, onuň nökerlerem, tiresindäki ähli adam musulmançylygy kabul edipdi. Olaryň özleri musulman bolup, musulmanlaryň beýik Serdaryndan gizlin iş görýärdiler. Aly Abdylla b. Ubeýýa muny hem duýduryp goýdy. – Abdylla b. Ubeýýa eşit, Resul Alla seniň musulman bolup Mekgede, Medinede müşrük kuraýyşlar bileň kaýnuklar bilen dil birikdirip, musulmanlara garşy näme niýet bilen gulluk edýäniňi, diýen sözleriňi, kime, nirede, nähili wadalar bereniňi bilýändir. Sen juda dek gezmeseň, kaýnuklaryň galasy başyna düňderilenden soň, seniň öz galada barylar. Emma Abdylla b. Ubeýýa şol wagt pälini üýtgetdi. – Men olar bilen hälki, dil ujundan baryş-gelişdedirin, hezreti Aly jan. Men musulmandyryn. Men musulmanlygyma-da galaryn. Men siziň bilendirin. Ýüregim hemişe siziň ýanyňyzdadyr. Alladan özge taňry ýokdur, Muhammet Allanyň resulydyr. Men siziň bilendirin omyn!.. Abdylla b. Ubeýýa Ala näme söz berse-de, öz goşunyny çekip, kaýnuklaryň galasyna bakan ugrady. Emma kaýnuklaryň galasynyň daşyndaky musulman goşunlarynyň agyr leşgerenden çekinibem, öz toparyny yzyna dolapdy. Kaýnuklar özleriniň galalaryna bir girenlerinden soň, onuň derwezelerini açanokdylar. Hiç hili azyk, suw ot-odun taýýarlygy bolmadyk kaýnuklaryň sabyr-kanagaty diňe on bäş güne ýetdi. Olar on bäşinji gün aman diläp, gepleşige gelip başladylar. Açlyk, suwsuzlyk, ýowuz kynçylyklar galadaky kaýnuklaryň halys eňkamymy alypdy. Olaryň kethudalaryny Muhammet pygamberiň alyna alyp bardylar. – Men başga pikiriňizi, diniňizi, ýoluňyzy bilemok – diýip, Resul Alla juda gutarnykly hem-de kesgitli meseläni keserdip, olaryň öňünde goýdy. – Diňe bir ýol bar, ýa-ha musulmançylygy kabul ediň, ýa-da mal ähli baýlygyňyzy, öýleriňizi musulmanlara goýup, Medineden çykyp gidiň. Özüňize-de oýlanmaga bir gün puryja berilýär. Oýlanyň... Kaýnuklar oýlandylar. Olar özleri üçin kabul ederlik meseläniň ýokdugyna göz ýetirdiler. Şondan soň olar galalaryny, öýlerini, maldaryny, baýlyklarynyň ählisini taşlap, Medineden üç ýüz kilometr uzaklykda ýerleşýän Haýbar jülgesine göçüp gitdiler. Ol ýerde kaýnuklaryň gadymdan bäri ýaşap gelýän ganybir garyndaşlary, arkadaşlary ýaşaýardy. Bu taýpanyň özem birwagtlar Ýasribe şol ýerden göçüp gelenlerdi. Badyr jedinden soňky bir aýlykda bolan bu waka musulmanlar üçin juda uly ýeňişdi. Mekgeden gelen musulmanlar Badr jeňinden soň düýeli bolan bolsalar, bu ýeňişden soň, galaly, mally, hally bolupdylar. Musulmanlara uly, gymmat bahaly oljalar düşüpdi. Iň esasysy bolsa, olaryň abraýy, batyrlygy äleme ýaýrap başlapdy. Bu ýerde Abdylla b. Ubeýýanyň bir-utulany, Resul Alla bilen arasyna tow düşeni galypdy. Kaýnuklar juda uly güýçdi. Abdylla köplenç şolara bil baglaýardy. Çünki, gyssanan çagynda olaryň ýedi ýüzden gowrak esgeri seniň dadyňa ýetip biljekdi. Emma musulmanlar olary hem ýeňensoň, indi Abdylla b. Ubeýýanyň murtlary sallanypdy. Ýöne onuň bir kiçijik umydy ýylp-ýylp edip, janyna aram berýärdi. Ol hem an-nadyr taýpasynyň kethudasy, şu etraplarda pygamberiň bäri ýany görülýän akylly şahyr Kaab ibn al-Aşrafdy. Bu adamyň müňden gowrak ýaragly, gurat enjamly goşuny bardy. Onuň taýpasy diýseň mertdi, söweşjeňdi. Bu şahyryň özem juda baýdy. Geldi bir gelmişek namysyň basyp, Iniňi öldürip, agaňy asyp, Ata-baba çyny ýalana satyp, Ýasrib şäherini weýran eýledi. Kaýnugyň elinden aldy galasyn, Kuraýzyň, Nadyryň aldy senasyn, Gözlerine basmadyňyz günäsin, Dideleriň ýaşyn reýgan eýledi. Galkyn, Ýasrip halky, gylyç al ele, Ýogsam kim sereder binamys sere, Gelmişekleň başyn salalyň ýere, Bu il şeýle ähti-peýman eýledi. Bu goşgusyny kaýnuk bazarynda-da, märekäniň köpräk üýşen beýleki ýerlerinde-de, Kaab ibn al-Aşrafyň özi ören belent owaz bilen okaýardy. Muhammet pygamberiň, musulmanlaryň adyna dile alyp bolmajak sözleri aýdýardy. Bu adamyň töwereginde bir topar esgeri bardy. Olar hem özleriniň kethudalaryny goldap, onuň her bar sözüne hahahaýlaşyp gülýärdiler. Şol şahyr baran güni tutuş bazar oňa galýardy? Adamlaryň gahar-gazaby depelerine urup, olaryň gözleri gyzaryp, şol duran ýerlerinden Muhammet pygamberiň üstüne ugraberjek bolýardylar. – Garaşyň, basym Mekge ilinden sansyz goşun geljek. Şonda gelmişekler doly weýran edilýär. Kaýnuk doganlarymyz öňki jaýlaryna dolanyp gelerler. Öldürilenlerimiz, talanylanlarymyz, horlanylanlarymyz üçin olardan ar alarys. Şoňa taýýar bolup duruň. Gazaply söweşlere, ganly çaknyşyklara taýýar boluň... Eý, doganlar, gelmişege el bermäň, Basym biziň ile döwran dolanar. Çykar gelmişegi ýok etjek perman, Basym biziň ile döwran dolanar.... Kaab şahyryň biweç goşgulary hoş ýakýan gulaklar az däldi. Şeýle sözlerden, şeýle goşgulardan soň mynapyklar hem, kuraýyş, an-nadyr, taýpalary, hristianlar, ýehudylar birneme dikgerenlerini duýman galýardylar. Bu habarlar Resul Allanyň hem gulagyna ýetdi. Ýöne ol sesini çykarmady. Muhammet pygamberiň gaharynyň gelýändigini, gelmeýändigini adamlar bilip bilmediler. Ýene şondan köp wagt geçmänke Belent-Taňra, onuň Resulyna, külli musulman ummatyna bet niýet bilen dil ýetiren, halky aldaw ýoly bilen Alla-Tagala garşy öjükdirip, aýaga galdyrjak bolan bu päliýaman adamyň maslygy şäheriň çetinden, bir hendekden tapyldy. Onuň maslygy çüýräp, porsap galypdy. Şonuň üçin ýaranlary bu päliýamanyň läşini ýerinden gozgap bilmän, üstüne saman-süplük, hapa-hupa atyp gaýdyberipdiler. Resul Alla Belent-Taňra, onuň din-yslam ýoluna şek ýetirenleriň paýynyň hemişe şeýle bolýandygyny göre-göre gelýärdi. Ol şahyrlar, Ebu Jähil ýa-da başgalar barada däl, gaty köp tymsallar onuň ýadyna duşup durdy. Muhammet pygamber Kaab şahyryň ölümini ýatlanda, onuň ýadyna agasy Ebu Lähebiň ölümi düşüpdi. Ebu Läheb Resul Alla hut çagalygyndan bäri azar ýamanyny berip gelipdi. Alla-Tagalanyň birligine, Muhammediň onuň Resulydygyna, Gurhana onuň mukaddes we sürelerine dil ýetirme, şek ýetirme keşni goýmandy. Ol Resul Allany ýok etmek üçin gaty köp azaplar etdi. Resul Allanyň Mekge ilinden çykyp gitmegine diňe şol sebäp bolupdy diýen ýalydy. Ol Medinä gelenden soň hem Ebu Lähebiň dili ýetdi durdy. Atasy Resul Allanyň ogullaryna gelinlige beren gyzlarynyň başyna her hili agyr zulmatlar salypdy. Rukaýýa şol çeken jebri-jepalarynyň yzasyny soň-soňlar hem undup bilmän, ýurdyny täzeledi. Olar urup, horlap, Zeýnebiň çagasyny zulum bilen düşürdiler. Emma Alla-Tagalanyň resuly geçirimlilik etdi. Ol özüne, çagalaryna edilen jebri-jepalar, sütemler barada hiç ýerde sesini çykarmady. Ol kişiniň eden horluklarynyň ählisini Belent-Taňrynyň özüne goýdy. Alla-Tagala Ebu Läheb barada Gurhanda iberen aýatynda gaty gazaply jezany höküm edipdi. «Ebiý-Lähebiň pygamberi urmak üçin daş alan iki eli heläk (şel) bolsun we Ebiý-Läheb heläk boldy. Tiz wagtda Ebuý-Läheb dowzahyň şugla urujy oduna girer. We onuň aýaly Ummu Jemiýle hem Ebu Läheb bilen dowzahyň şugla urdujy oduna girer.» (Gurhan. 3-nji süre. 1-3-4-nji aýatlar). Musulmanlar, ylaýta-da Resul Allanyň özem Alla-Tagala Ebu-Jähile bu dünýäden gaýdansoň jeza berler öýdýärdi. Emma onuň endamyndan agyrysy dowzahyňkydan hem ýaman başlar çykyp başlady. Eli gurap, şel açdy. Endam-jany şol agyryly başlardan ýaňa çüýräp başlady. Bu erbet kesel özlerine-de ýokuşar öýdüp, aýaly, ogly-gyzy Ebu Lähebiň ýeke özüni öýde galdyryp, başda ýere gaçyp gitdiler. Ebu Lähebiň ýeke özi bir tamyň içinde, ýaralarynyň agyrysyna çydaman, uwlap-uwlap gaty köp azaplar çekip jan berdi. Adamlar bu adamyň aglap, uwlap çekýän zaryny eşidip bilmeýärdiler. Her kim onuň töweredinden aýlanyp geçýärdi. Ahyr bir gün onuň sesi sem boldy. Emma sähel gün geçenden soň bu öýden çykýan porsy, hapa ysdan ýaňa, tutuş Mekgede durar ýaly bolmady. Ol öýden dowzahyň ysy gelýärdi. Çünki, ol ses galandan soň hem hiç kim bu öýüň golaýyna baryp bilenokdy. Ahyr sonuňda il-günüň gyjaladyna çydaman onuň ogullary ýüzlerine, agyzlaryna, burunlaryna galyň mata tutup, içeri girdiler. Çüýräp giden maslygy ýuwman, arassalaman, zordan göterişip, Mekgeniň daşyna çykardylar. Soň bolsa ony gabat gelen hendege taşlap, üstüne gum, daş sürüp, yzlaryna garaman gaýtdylar. Dünýäniň baýlygyny ýygnan, Mekge serdar boljak bolup, ahyr soňy niýetine ýeten, «aýalym, ogullarym bol-elin ýaşasyn» diýip, elini, pälini, dilini her hili haramylyklardan saklamadyk adamyň ahyr soňunda bolşy şeýle boldy. Onuň ogullary gabyr gazyp, kakalaryny abraý bilen jaýlamaga-da ýaramadylar, Ogullarynyň şeýle masgaraçylygy tutuş Mekge ulusynda onuň bar-ýok abraýyny hem döküpdi... Bu wakany Resul Alla gürrüň berenlerinde, ol bu tymsalyň hem edil Kaab ibn al-Aşrafyňka juda meňzeşligine haýranlar galdy... Ýelmaýa ýüpek ýaly ýumşajyk bady bilen Medinä tarap gaýyp barýardy. Onuň üstünde äleme nur paýlap oturan Resul Alla, misli agyr jeňden däl-de, hezzetden, serpaýdan ýuki ýetirilip, eziz görýän dostunyň toýundan gaýdyp gelýän ýalydy. Bu hakykatdan hem şeýledi. Uhud jeňi Belent-Taňrynyň din-yslam ýolunyň beýik ýeňşiniň toýy bolupdy. Bu jeň Resul Allanyň ömründäki onuň beýik, mukaddes ýolunyň dabaralanmagynyň iň uly, iň aýgytly söweşi hem-de gutarnykly ýeňşi bolupdy. ...Şol gün Resul Alla çarwalardan gelen atlylary kabul etdi. – Mekgeliler Medinä çozup gelýär. Otda, çöpde san bar, emma olarda san ýok. Biziň çarwalarymyzyň kethudalary size habardar bolmagy tabşyrdy... Resul Alla mekgeli Kuraýyşlaryň goşunynyň sanyny bilenokdy. Ol: «Goý, gelsinler! Henize çenli Alla-Tagala şek ýetirip, oňa garşy gidip aklyk alan ýokdur!» – diýdi. Mekgeli müşrükler howlukman gelýärdiler. Olaryň goşunynyň bir ujunyň Mekgede bolup, beýleki ujunyň bolsa Medinä golaýlap gelýändigini şol töwerekleriň çarwadarynyň adamlary gelip habar berip durdylar. Ýene bir çapar şol agyr goşunyň içinde saç ýolup, dady-perýat edip jynsyz sesi bilen gargyş edip, tutuş goşuny ar almaga çagyrýan otuz-kyrk sany aýalyň hem bardygyny habar berdi. Muhammet pygamber soň anyklap görse, ol Badr jeňinde atasyny, agasyny, ogluny aldyran Hindi hatyn olara baştutanlyk edýärdi. Bu owadan, erkli, agyzly, juda namysjaň aýaly Resul Alla tanaýardy. Ol Ebu Sufýanyň aýalydy. Emma ol Ebu Sufýan ýaly gorkak, pul-mal diýip, balalaryny bazara çykarjak aýal däldi. Ol juda mert aýal bolmadydy. Soň görlüp oturylsa, bu şeýle-de bolup çykdy. Ar üçin Medinä çozulmagynda, tutuş Mekge halkyny Badr söweşinde ömürlik galanlar üçin ar almaga galkyndyrmakda-da bu mert aýalyň , uly goşandy bardy. Onuň özem ýöne oturmandyr. Adamsy, kakasy, dogany, ogly ölen aýallardan kyrk sanysyny ýygnap, olaryň şu goşun bilen söweşe gaýtmagyny gurawdyr. Olary söweşe mertlerçe alyp gidipdir. Ol aýallara gözi düşen adamyň adynda duşmandan ölenleriň ganyny almak gazaby lowlap başlaýardy. Muhammet pygambere Ebu Sufýanyň üç müň düýeli, iki ýüz atly goşunynyň on gün ýol ýeränden soň Medinäniň demirgazygyndaky öleňlige gelip düşendigini habar berdiler. Olar arpasy orulybermeli meýdanlaryň çetinde, bag-bakjrlygyň saýasynda çadyr gurýardylar. Mallaryny oruma gelen arpalyga kowup, hurma agaçlaryny ýeke-ýekeden otlaýardylar. Ýaňy duran baglary çapyp, ojaklaryň astyna odun edýärdiler. Olar şeýdip, musulmanlary öjükdirip, üstlerine getirjek bolýardylar. Mekgelileriň agyr goşun bilen çozup gelendikleri baradaky habar Medinä ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Adamlar dowla düşýärdiler. Ol habary eşdip gorkýan-da, aglaýan-da bardy. Özleriniň orubermeli arpasynyň duşmanyň malyna torç etdirilendigini eşidip bagry ot alýan-da bardy. Hurma agaçlarynyň otlanýandygy, ýaňy miwä duran baglaryň çapylýandygy baradaky habar adamlaryň ählisini gazap atyna atarypdy. – Heý, beýle-de bir ynsapsyzlyk bolarmy? – diýip, topar-topar bolup Muhammet pygamberiň ýanyna gelen adamlar gürrüň edýärdiler. Resul Alla Medinäniň ähli ýaşulysyny geňeşe ýygnady. Ol ýaşulularyň öňünde iki meseläni goýdy. Birinji mesele, duşman hut, Medine galasyna girýänçä garaşmak, ikinji mesele bolsa, duşmanyň üstüne gitmekdi. Maslahat gyzyşdy. Abdylla b. Ubeýýa ilki bolup söz aldy. – Eziz Resul Alla, biz, ine, ansarlar hem, ýahudiler hem, wassan ogullary hem birinji sözüni makul gördük. Ekin owarra gitsin. Her gün görsek hem, Medinäniň içinde, duşman şähere girýänçä garaşmaly. Duşman şähere girerem, baryp, güpbasdy etmeli. Resul Alla ilki bir Abdylla b. Ubeýýanyň gepine gulagam asdy. Emma soňky döwürlerde medineli ýaş-ýetginjekleriň gaty uly topary yslamyň goragçylary bolup, orta çykypdypdy. Resul Allany-da, onuň sahabalaryny-da, olaryň mertebesini hem päkize, belent saklamak üçin hiç bir zatdan gaýtmaýardylar. Resul Allany masgaralajak bolan şahyrlary, bazarda musulman aýalyny masgara eden zergär ýigidi o dünýä iberenem, kaýnuklaryň galasyny başyna ýumran hem şol ýaşardy. Olar mekgeli kuraýyşlaryň Medinä çozup, hurma agaçlaryny, arpaly meýdanlary, miweli baglary weýran edişleri baradaky habary eşidip, oda düşýärdiler. Olar Abdylla b. Ubeýýanyň «duşmanlar Medinä girýänçä garaşmaly diýen teklibini eşidip, has hem örç aldylar. Olar: – Eziz Resul Alla üçin, ýalňyz Alla-Tagala üçin, din-yslam üçin gyrmyzy ganymyzy dökeris, şirin janymyzy bereris. – diýip, Resul Alla arza geldiler. Bizi Mekge müşrükleriniň üstüne iberiň. Biz olaryň ähli zady weýran etmegine çydap, garaşyp oturyp bilmeris. Olaryň gümüni çekeris. Gidip, açyk meýdanda jan alyp, jan bereris... Metjidi Nebewide halk bilen okalan öýle namazynyň soňy ýene-de şol maslahata ýazdy. Bu maslahatda Ebu Bekir, Omar, Osman, Aly hezretleri, ýaşulular, myhmanlar halka gurap, Resul Allanyň sözüne garaşyp otyrdylar. – Adamlar, maslahaty jemläliň. Geliň, haçan duşman üstümize gelsin diýip, bukulyp oturmalyň. Aýgytly söweşe girmäge wagt boldy. Goşuny jemläp, ýola salalyň... Resul Allanyň bu gutarnykly çözgüdini sahabalar hem, beýleki ýaşululardyr myhmanlar hem goldady. Ikindinaralar Muhammet pygamberiň goşuny söweşe tarap ýola düşdi. Resul Alla öz goşunyny gijäniň içinde ters ýollar bilen aýlap, şäherden üç milräkdäki seleňläp duran Ohot dagynyň etegine bakan alyp çykdy. Muhammet pygamberiň söweş baýdagyny Musab ibn Umaýra belent göterip barýardy. Ýola ýaňy düşülende Abdylla b. Ubeýýa özüniň atlylaryny saklady. – Biz Medinäni eýesiz, goragsyz taşlap gidip bilmeris. Dönüň yzyňyza. Öňem zordan müň adama ýetýän goşundan oňat ýaraglanan, boz sowutly, tuwulgaly güne lowurdap duran üç ýüz esgeriň sogrulyp galdyrylmagy, uly goşunyň içini üzen ýaly bolupdy. Resul Alla köpden bäri bulanjyrap ýören Nadyr, Kuraýza taýpalarynyň adamlaryna-da goşunyň sabyndan çykyp gitmegi buýurdy. Ol beýle bölünişige garaýyşyny hiç kime bildirmändi. Muhammet pygamberiň goşuny Ohot dagynynyň etegindäki at çapdyrybermeli tekiz meýdanyň gapdalynda ornaşdy. Ýaýçylar ýeňsedäki pesräk dagyň bilinde ornaşdylar. Pyýada goşun ören berk nyzam bilen hatara durzuldy. 625-nji ýylyň 23-nji marty örän uly gopgunly, aladaly gün boldy. Ol gün mekgeli müşrükleriň üç müň adamdan ybarat goşuny dagyň etegindäki tekiz çöketlikde boýdan-başa seçelenip ýatyrdy. Iki sowudy gatlap geýen Resul Allanyň özi bu söweşe ýolbaşçylyk edip ugrady. Ol Ohot dagynyň bilindäki ýaýçylara, sag böwürdäki kert gaýanyň etegindeki düýeli, atly ýigitlere, dagyň peselip, direlýän kälindäki pyýada urşujyrlara «Gaýrat ediň, Alla biziň bilendir!» diýen manyda hemaýatly başyny atdy. Soň bolsa göm-gök dona bürenip, aşakda seleňläp oturan Medinä nazar aýlady. Mekgeli müşrrükler esasy güýçlerini aýallaryny hem-de «Liwa» atly gadymy baýdaklaryny goramaga goýupdylar. Galan goşunlaryny hem güberçek Aý şekilinde nyzama duruzypdylar. Serkerdeler öňe saýlanyp, söweş köne däpler boýunça başlandy. Orta kuraýyşlaryň gaty güýçli pälwanlarynyň biri çykdy. Medineli musulmanlar onuň garşysyna Hamza pälwany çykardylar. Hamza pälwan orta çykan badyna müşrükleriň wekilini gylyjy bilen çapyp taşlady. Orta Kuraýyşlaryň ýene bir pälwany, Ibn Ebu Talha ylgap çykdy. Ol bokurdagyny dolduryp: – Eh-heý, Muhammediň tarapdarlary, hany, «biziň tarapymyzdan kim ölse, ol jennete düşer» diýip öwünýärdiňiz-le. Hany, ölüp, jennete düşjegiň ýokmy, çykyň orta. Al-Latdan ant içýän, size ýalançy diýerler. Aýdýanyňyz çyn bolsa, çykyň orta... Ibn Ebu Talha bir diýibem, iki diýibem goýmady. Şonuň üçin Aly ibn Ebu Talyp gazap atyna atlanyp orta çykdy. Aly bokurdagyna bat berip gygyrýan bu adamyň boş haýbatdygyny, oňa bir gylyç çalan badyna duýdy. Şondan soň «yslam gylyjy» bu peläket bilen juda dözümli söweşip başlady. Ibn Ebu Talha-da öz dili bilen başyna bela alanyny soň duýup başlady. Emma indi giçdi. Bu adam gaçgaklap başlady. Emma hezreti Aly sypdyrar ýaly däldi. Ibn Ebu Talha gaçyp, özüni märekäniň içine atjak boldy. Aly şol bada gylyjy bilen onuň başyny aldy. Agyr söweş başlandy. Kuraýyşlar ähli goşunyny birýandan sürüp, çar tarapdan hüjüme geçdi. Bu agyr ýygyna, bu günki gazaply söweşe Al-Walid Mugyrynyň ogly Halyd bilen Ebu Jähiliň ogly Ikrim ýolbaşçylyk edýärdiler. Musulmanlary geň galdyran zat, kuraýyş aýallary boldy. Olar: – Abd-ad-Daryň şir ogullary, mart ýöräň, Badrda ölenleriň aryny ýerine salyň! – diýşip, deprek kakyp, saçlaryny ýaýyp galmagallaşyp gygyryşýardylar. Ol aýallaryň hasratly, agy gatyşykly şaňňy sesleri kuraýyş esgerleriniň depesinde özleriniň gadymy «liwa» baýdagy ýaly, owsun atyp durdy. Garşadaşlarynyň erkiň düzgün-nyzamsyz, belli bir tertibi bolmadyk çozuşlary musulmanlara kem ýaramady. Musulmanlar Hemze pälwanyň, hezreti Alynyň, Kuzman pälwanyň baştutanlygynda nirä çozýanyny, nirä barýanyny bilmeýän kuraýyşlaryň goşunlaryny paýhynlap, olaryň ganyny sil kimin akdyryp başladylar. Ibn al-Walid öz goşunynyň asgynlaýandygyny görüp durdy. Ol musulmanlar ähli güýjüni merkeze goýberendir öýdüp çaklady-da, öz atlylaryny olaryň yzyndan aýlap, söweşe salmakçy boldy. Emma Ohot dagynyň kemerinde oturan ýaýçylar, Ibn al-Walidiň atlylaryny peýkama tutup, gyrgyna salyp başladylar. Atlylar doly kimin ýagýan okuň astyndan başlaryny alyp çyksalar, müň kerem razy boldular. Bu üstünlige göwünleri galkan musulmanlar: «Gyryň! Paýhynlaň!» diýip, söweşi uly dabara bilen ýeňşe bakan alyp barýardy. Duşman goşuny aljyraňňylyga düşdi. Kuraýyş goşunlary gaçyp başladylar. Munuň özi uly ýeňişdi. Emma ol gutarnykly ýeňiş däldi. Resul Alla gapdaldan gutarnykly ýeňşe sähelçe wagtyň galandygyny duýup durdy. Musulmanlar duşmany öňdäki baýyrlyga çenli kowalasa, duşan gaýdyp yzyna öwrüljek däldi. Musulmanlar az-kem howlukdy. Her kim «ýeňlen» duşmanyň galan-gaçan zatlaryna, ölüleriň, ýaralylaryň esbaplaryna göz gyzdyrdylar, Olar söweş hatyrjemligini unutdylar-da, aňyrdan gelýän gazaply sil kimiň olja ýygnamaga başladylar. Hatarlar, saplar dargady. Atlylar, düýeliler ulaglaryndan düşdüler. Kemançylar hem kem galyp barýan ýaly, gizlenip oturan ýerlerinden aşak düşdüler-de, olar hem olja topuldylar? Olaryň serdarlary: – Jan doganlar, howlukmaň. Olja siziňki. Ýöne Resul Alladan buýruk bolmasa, ýeriňizden gozganmak bolanok! – diýip, baş-başdaklyga uran esgerlerine ýalbarýardylar. Emma serdarlaryň sesini eşidýän ýokdy. Her kim olja diýip, ýer sermäp ýördi. «Bu gazaply ýagy yzymyzdan häli ýeter, şindi ýeter» diýip, aýagaldygyna gaçyp barýan duşman birden togtady. Olar yzlaryna garasalar, kowup gelýän duşman ýok. Ibn al-Walid şol pursadyň özünde musulmanlaryň ýagdaýyny aňlady. Ol arasy üzülip, hersi bir ýere düşen atlylaryny ýyldyrym çaltlygynda bir ýere çugdamlady-da, özüniň ýolbaşçylygynda olja gyzyşan peýkamçylaryň ýeňsesinden aýlandy-da, olara güýçli zarba urdy. Ebu Jähiliň ogly Ikrim hem üç müňe basalyk-goşuny yzyna öwürmegi başardy. Musulmanlar oljadan başlaryny galdyranlarynda, ajal peýkamynyň uçup gelýädigini görüp galdylar. Aljyraňňylyga düşen ýaýçylar çen-çak bilen oklaryny gabat gelen ýere atyp başladylar. Olaryň oky bolsa kuraýyşlara garşy söweşip ýören musulmanlary paýhynlaýardy. Kuraýyş müşrükleri ýeňşiň ysyny alypdylar. Olaryň howalasy juda belentdi. Emma indi musulmanlar hem az-kem özlerini dürsäp başlapdylar. Hezreti Aly, Omar, Osman, Hamza pälwan, Kuzman pälwan goşuny aljyraňňylykdan alyp duşmanyň garşysyna çykarmaga güýç tapypdylar. Indi olar kuraýyşlara garşy şir-peleň kimin söweşip başlady. Söweş täzeden şeýle bir gyzyşdy weliň daglar-daşlar titräp başlady. Duşman bu söweşde Hamza pälwanyň güjüni-gudratyny görüp, agzyny açyp galdypdy. Hamza pälwan gylyç hem naýza işledip, kuraýyş wassanparaplarynyň başyna bela bolup inipdi. Hebeşi gul ahyr soňunda arslan kimin söweşip ýören Hamza pälwany tapdy. Bu gul Ebu Sufýanyň aýaly Hindiniň guludy. Bu guluň ýekeje hünäri bardy. Ol naýzany bijaý mergen işletmekdi. Onuň salan naýzasynyň sowa geçen ýeri ýokdy. Hindi hatyn bu gulunyň hünärine beletdi. Ol bu guly ýanyna çagyryp, «eger şu söweşde Badr jeňinde ölen kakasynyň, agasynyň, oglunyň aryny alyp berse» oňa azatlyk alyp berjegini wada berdi. Hindi hatynyň gazaby juda ýokarydy. Ol ilki, «Eger adamym Ebu Sufýan kakamyň, doganymyň, oglumyň aryny alyp bermese onda şu gula, ony naýzadan geçirdip, soň hem azatlyk alyp bererin...» diýip, ýüregine berk düwüpdi. Emma ol soň bu pikirini üýtgetdi. Ol söweşe ugraljak bolnup durka bu guly ýene bir sapar ýanyna çagyrdy. – Sen meniň sözümi ýadyňda sakladyňmy? Eger kakamy, agamy, oglumy öldüren Hamzany naýzadan geçirip, onuň maslygyny maňa görkezseň, men seni azat ederin. Ýöne, söz söz bolsun!... Bu şert hebeşi gul Wagşyda ýene-de öýüne, obasyna barmak, özüniň dogan-garyndaşlaryna gowuşmak umydyny oýardy. Ol razylyk berdi. Indi söweşiň başyndan bäri Wagş naýzasyny häzirläp, Hamza pälwany yzarlap ýördi. Hamza pälwan daýawdan gelen merdana, durşuna gujur bilen gaýratdy. Ýaşy bir çene barsa-da, onuň ýüzüniň nury, bedeniniň gurby gowşar ýaly däldi. Wahş bu pälwan adamy ýüzbe-ýüz söweşip alyp bilmejegini duýýardy. Ol mekgelileriň goşuny aljyraňňylyga düşen musulmanlaryň, üstüne gaýtadan çozanda, söweşiň gaýnap duran ýerine aralaşdy. Sebäbi, nirede gyzgyn garpyşma bolsa, Hamza pälwan hem şol ýerdedi. «Yslamyň peleňi» mekgeli kuraýyşlary gyr-paýyr edip, gylyçdan, naýzadan geçirip ýördi. Ol gylyjyny her salanda, men diýen duşmanyň başyny honda togarlaýardy. Naýzasyny salanda bolsa, ot ýaly duşmany ýere ýazýardy. Wahşy şir kimin söweşip ýören pälwanyň arkasyndan bardy-da, naýzasyny onuň ýagyrnysyna saldy. Güýçli urlan naýza pälwanyň ýagyrnysynda gizlendi. Hamza pälwan gyzgyn söweşden doýar ýaly däldi. Ol şol söweşip ýörşüne, özüniň hem gyrmyzy gana boýalanyny duýup galdy. Şonda-da, wassanparazlaryň telimsiniň janyny jähenneme iberdi-de, öz-salan naýzasynyň badyna atdan agdaryldy. Wahş Hamza pälwanyň kebzesine çümen naýzasyny sogrup aldy-da, bu pälwan adamyň jan berendigine ýagşy göz ýetirip, Hindi hatynyň ýanyna ylgady. Hindi hatyn saçlaryny ýaýyp, gan aglap, uwlap gelşine läşi serlip ýatan Hamza pälwany depgiläp başlady. Ol çirkin ses bilen uwlap, şehit bolan pälwanyň gulaklaryny, burnuny gylyç bilen kesdirip, olary ýüpe düzdürip, ýakasyndan asdy. Soň bolsa Wahşa: – Gursagyny ýar-da, ýüregini çykar! – diýdi. – Hebeşi gul şehit pälwanyň gursagyny ýardy–da, onuň äpet ýüregini gylyç bilen kesip, bu aýala alyp berdi. Hindi hatyn atyň kellesi ýaly ýaly äpet ýüregi ilki iýjek boldy. Ony başarmandan soň, ýüregi ýere taşlady-da, hala köwşi bilen depgiläp, samrap başlady: – Atamyň, atamyň, oglumyň ary üçin, me, me, me saňa, meh, meh, meh! Söweş barha gyzyşýardy. Resul Alla hem janynda baryny edip söweşýärdii. Onuň daşyndaky goragy bolan Aly, Ebu Bekir, Omar, Osman hem edil bir ýyldyrym ýaly bolup, duşmana daraýardylar. Özlerinden bäş-alty köp esse duşman birneme aljyraňňylyga düşen musulmanlardan rüstem görünýärdi. Nökerlere suw paýlap ýören aýal Umm Umara Muhammet pygamberiň daşynyň çolaranyny gördi-de, elindäki suwly meşigini başga birine berip, ýerde ýatan gylyçlaryň birini eline aldy-da, oňa bakan ylgady. Ol barybam Resul Allanyň öňünde gaýa ýaly bolup durdy. Umm Umaranyň Resul Alla nebsi agyrdy. Muhammet pygamberiň agzyndan ýüz-gözünden gyrmyzy gan syrygyp akýardy. Ol aýagyny süýräp, zordan ýöreýärdi. – Maňa Muhammedi bir görkeziň! – diýip, aňyrdan gylyjdny süýräp gelen bir müşrük Umm Umara gabat geldi. Umm Umara elindäki gylyjy bilen ýaňky müşrüge topuldy-da, onuň egnine iki sapar ýara saldy. Ol müşrük şol bada gürüm-jürüm bolup gitdi. Birden kimdir biri: – Muhammet öldürildi! Muhammet öldürildi! – diýip, tutuş sährany ýaňlandyryp gygyrdy. Adamlar duýdansyz ýagdaýda basga düşdüler. Başagaýlyk başlandy. Musulmanlar Ohot dagyna bakan çekilip başladylar. Ebu Sufýan bu habary eşden badyna urşy bes etmek barada buýruk berdi. Onuň goşunlarynyň ählisi söweş meýdanynyň bir böwrüne jemlendi. Söweş meýdany boşap galypdy. Giden sährada jesetler, ýaralylar leýis bolup ýatyrdylar. – Hany, Muhammediň, meýdi! Muhammediň meýdi nirede?! – diýip, Ebu Sufýan ölenleriň, ýaralananlaryň arasynda Muhammet pygamberiň jesedini gözläp başlady. Ahyr soňunda gözleýän zadany tapmandan soň, Ohot dagyna bakyp: – Araňyzda Muhammet barmy-how! – diýip, daglary ýaňlandyryp gygyrmaga başlady. Aňyrdan ses çykmady. – Araňyzda Ebu Bekir barmy-how! – Ýene-de ses çykmady. – Araňyzda Omar, Osman barmy-how? – Hiç kimden ses çykmady. Musulmanlar ýeňşiň tersine çöwrülmegine gaty gynandylar. «Muhammet öldi» diýen şum habar bolsa, olaryň zähresini ýarypdy. Emma olaryň gynanjy uzaga çekmedi, Aňyrdan assaja ýöräp, ýaralanan aýagyna agram, salman, Resul Alla älem-jahany nura besläp gelýärdi. Resul Alla ölmändi. Ölen onuň baýdagyny göteren Resul Alla juda meňzeş ýigit, Musabdy. Ýöne baýdak ýere gaçmanka, Aly baryp, Musabyň elinden baýdagy garbap alypdy. Ýaşy bir çene baran halys tapdan düşen Resul Allanyň goltugyna girip, ony düşegiň üstünde oturtdylar. Soň onuň gözlerine düşüp duran tuwulgasyny çykardylar. Ebu Bekir Resul Allanyň keremli başyna özüniň dyzlaryny teke berdi. Muhammet pygamberiň nur seçelenip duran owadan gabaklary az-kem ýellenipdi. Ullakan owadan goýun gözleriniň damarlary çylgam-çylgam bolupdy. Şonuň üçin onuň mähriban didelerinde şapak gizlenip ýatan ýaly, gyrmyzy öwüsgün buldurap, düýpsüz umman ýaly, gaýnap durdy. Emma ol gözler juda mert görünýärdi. Ebu Bekir Resul Allanyň az-kem horluk basan didaryny görüp, özüni saklap bilmedi. – Seni horluga bereniň öýi ýansyn. Enem-atam saňa sadaka bolsun!.. Resul Allanyň bu halyny görüp, töwerege üýşüp duranlaryň ählisiniň iki didesi ýaşlydy. Olar özleriniň ýaralaryny, ýaralylygyny unudypdylar. Häzir Muhammet pygamberiň derdi tutuş ýygynyň derdi bolupdy. Resul Alla sapanyň oky degip dökülen alyn dişlerini görkezende, adamlaryň ählisi aglady. Muhammet pygamberiň agzy, alyn dişleriniň orny ganjaryp durdy. Resul Allanyň alyn dişleri onuň aýasynda deňizden ýaňja çykarylan dür kimin üýtgeşik öwşün atyp, lowurdaýardy. – Eý, Allam, Resul Allanyň alyn dişleri ýokka, maňa alyn diş nämä gerek? – diýip dişlerini daş bilen urup döwýänem, «Resul Alla» diýip aglaşýan hem bardy. Çawup gelen peýkam çümen dulugy çişen Resul Alla, ýarasynyň azaryna zordan çydaýardy. Ýara çişipdi. Ony daňyp hem boljak däldi. Şonuň üçin tebipler bu aldajy yssyda ýarany azdyrmajak bolup, yzly-yzyna däri-derman edýärdiler. Muhammet pygamberiň söweş mahaly berçigen aýagy hem erbet agyryp, azar berýärdi. Aýagynyň güp ýaly çişmegi ony indi bir sowaşanoň, gymyldatmajak bolýardy. Emma Resul Alla ýaralarynyň azaryna çydady. Ol ýerinden turdy-da, aşak, gurban bolanlaryň arasyna ýuwaşja ýöräp gaýtdy. Kuraýyşlar Ohot dagynyň depesine çykan musulmanlara ahmyr bilen seredýärdiler. Emma olaryň yzyndan kowmaga het edip bilenokdylar. – Goşun gelýär! Kömek gelýär! Abdylla b. Ubeýýa gelýär! Musulmanlaryň uly şowhun bilen gygyryşmasy, kuraýyş müşrükleriniň mazasyny aldy. Hakykatda bolsa, goşun-da, Abdylla b. Ubeýýa-da ýokdy. Muny musulmanlar hile üçin gygyryşypdylar. Sebäbi Ebu Sufýan-da, onuň serkerdebaşysy-da Medinäni goramak üçin ol ýerde ep-esli goşunyň galandygyndan habarlydylar. Olar öň hem şol goşunyň ýeňselerinden gelip gabaryndan az gorkanokdylar. Ondan soň hem Ebu Sufýan-da, onuň aýaly Hindi hatyn-da, beýlekiler hem özlerini ýeňen Badr jeňinde gurban bolanlaryň aryny alan hasap edýärdiler. Ylaýta-da Hindi hatyn indi özünden gaty razydy. Ol kakasyny, adamyny, ogluny öldüren adamyň läşini serdirip, ýüregini gursagyndan çykardyp, parçaladypdy. Ol aýal beýleki şehit bolan musulmanlaryň hem jesedini basgylap, öz ýanyndan keýpden çykypdy. Medine şäherinden agyr goşunyň çykyp gelýändigi baradady habar kuraýyş müşrükleriniň inini tisgindirdi? Olar bu habardan soň göz açyp-ýumasy salymda özleriniň sülsatlaryny ýygnadylar-da, şol ýerden hem yzlaryna bakan ugradylar. Muhammet pygamber şol ýöräp gelşine, din-şerigat diýip, Taňrynyň ýoly diýip şehit bolan bendeleriň her biriniň başujyna baryp doga okady. Ol öz mähriban agasy Hamza pälwanyň juda harlanan, çökder masgaralanan ýüzüni, jesedini görüp erbet boldy. – Agam, pälwan agam, peleň agam, eziz agam! – diýip, nurana gözleriniň ýaşyny seçelendirdi. Oňa Belent-Taňrydan jennetden jaý diledi. Soňra Jebraýyl perişdäniň: «Hamza pälwanyň jennetden jaý alandygy baradaky» habaryny eşidip, birneme köşeşdi. Şehitleri ikibir, üçbir jaýladylar. Diňe şowdan soň oljalary ýygnap, Medinä bakan gaýtdylar. Ohot jeňi Resul Allanyň ömründäki iň kyn, iň bir çylşyrymly jeň bolupdy. Namüçindir, ykbal bu agyr ýowda musulmanlara arassa ýeňşi rowa görmändi. Ýöne musulmanlar ýeňlen hasapda hem duranokdylar. Olar güýç taýdan hem, ýarag, ulag taýdan hem bäş-alty esse azdy. Olar şonda-da duşmana agyr zarba urupdylar. Olaryň güýjüni syndyrypdylar. Birbada uly ýeňlişe sezewar edipdiler. Emma duşman bu ýeňişi özüne öwürmek isledi. Ýöne ol hem musulmanlaryň serdarlaryny, tuguny, baýdagyny ýesir alyp, ýeňlişe sezewar edip bilmedi. Duşmanyň dişini ýagşy owradan musulmanlar yza çekilipdi. Yza çekilip, özüňi goramak harby syýasatda ýeňliş däl-de, ýeňiş hasap edilýärdi. Üç müň adamly goşuny bolan ýygyn iki ýüz elli kilometrlik agyr ýoldan gelip, ne-hä bir Medinäni alyp bilipdi ne-de bir Muhammet pygamberi ele salyp bilipdi, ne-de bir olaryň tuguny, baýdagyny ellerinden gaňryp alyp bilipdi. Muňa hiç haçan hem ýeňiş diýip aýdyp boljak däldi. Resul Alla bu işi beýle goýman ony soňuna çenli alyp gitmegi makul bildi. Ol gün 24-nji mart, ýekşenbe günidi. Resul Alla dokuz ýüz adamdan ybarat goşuny taýýarlady-da, ýola düşdi. Ebu Sufýanyň goşuny gaty arkaýyndy. Olaryň demlerini birneme dürsäp Medinä çozaýmak pikirem ýok däldi. Şonuň üçin süýji suwly, salkyn bagy-bossanlykda çadyr gurap, bu uly «ýeňşiň» hatyrasyna toý tutmakçydylar. Olar ýeňji hökmünde özleriniň duşmanlarynyň hurma agaçlaryny ýakýadylar. Ekinleri tozduryp, baglary düýbunden çapyp taşlaýardylar. Düýelerini, atlaryny oruma gelen arpaly meýdanlara boşadyp kowýardylar. – Musulmanlar goşun sürüp gelýär! – diýen aýylganç habar olaryň gurap oturan toýlarynyň mazasyny burunlaryndan aldy. Her kim duran-duran ýerinden basa-bas bolup atlandy. Olaryň bu howlukmaçlykda galdyryp giden nany, baly, gowurmasy bir şähere telim günläp azyk boljakdy. Muhammet pygamber olaryň yzyndan gaty gazap bilen kowdy. Çünki, tozdurylan ýakylyp-ýandyrylan ekinleri, baglary gören musulmanlaryň, gözlerine ýaş aýlanypdy. Medineliler juda gaty gaçypdylar. Olar Medinä tarap gaýdanlarynda on güne gelen bolsalar, yzlaryna üç-dört güne barypdylar. Resul Alla duşman sülsadyny Medineniň serhetlerinden çykaryp taşlandan soň, Hamra al-Asad guýusynyň başynda çadyr dikdirdi. Esgerlerine dem-dynç almaga rugsat berdi... Muhammet pygamber ýelmaýasynyň üstünde älem-jahana nur paýlap, eziz didaryny güjeňläp otyrdy. Düýeli atly esgerleriň hem didesi şuglalydy. Olar duşman sülsadyny öz iliňden öz şäheriňden öz sährasyndan kowup gelýärdiler. Hudaýa şükür, Belent-Taňrynyň erki bilen. Resul Allanyň saýasynda duşman musulmanlaryň, balalaryna, gyzlarynyň, eneleriniň, aýallarynyň namysyna el urup bilmändi. Ojaklar, öýler abadandy. Iň esasysy hem, Belent-Taňrynyň Yslam öýi ýene-de abadandy, Resul Alla şonuň üçin Belent-Taňra köp-köp şükür edip, oňa alkyşlar aýdyp, özem mähribanlygyň päkize nuruna çümüp ýelmaýasynyň üstünde buýsançly garap gelýärdi. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Eger bütin älem saňa duşman bolsa hem, hiç endişe etmegin, amanady goramak üçin juwanamertlik etmekden, rastyňy sözlemekden gorkmagyn.» Rowaýat: Bir gün Resul Alla Serwerimiz özüniň sahabalary bilen söhbetleşip otyrdy. Şol wagt onuň ýanyna bir musulman gelip, özüniň arzyny aýtdy. – Eziz Resul Alla, bir hemaýat etmeseň men-ä halys ugrumy ýitirip ýörendirin. Resul Alla başyny galdyrdy-da, nurana ýüzüni ol bendä öwürdi. – Aýdyň, arzyňyzy! – Hiç günümi görüp bilemok. Çagalarymy ekläp bilemok. Olar öýde aç otyrlar. – Sen näme pişe edýärsiň? – diýip, Resul Alla sorady. – Söwda-satyk eden bolýaryn. Resul Alla oýlandy-da: – Ataň näme pişe eder eken? – diýip sorady. – Atam pahyr köwüş tikerdi. – Onda senem şol işe baş goşup gör. Ol bende razy bolup gitdi. Soň ýarym ýyl geçenden soň bir jübüt oňat ädigi göterip geldi-de, Resul Allanyň öňünde goýdy. – Bu näme? – diýip, Resul Alla sorady. – Eziz Resul Alla, men günümi görüp bilmän ýanyňyza gelipdim. Siz şonda: «Ataňyz näme kär edýärdi?» diýip soradyňyz. Menem aýtdym. Siz maňa kakam pahyryň meşgul bolan işi bilen meşgul bolmagy maslahat berdiňiz. Men hem siziň diýeniňizi etdim. Indi, hudaýa şükür, günümi gowy dolaýan. Kem zadymyz ýok. Bu ädigi hem size minnetdarlyk üçin ýörite tikip getirdim. – diýdi. Resul Alla başyny atdy. – Elbetde, Alla şaýatdyr, «Ata kesbi-ogla halaldyr!» – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |