13:51 Muhammet pygamber -59: romanyň dowamy | |
ALTYNJY BÖLÜM
Taryhy proza
1. Şu sadaka bermeklik, kyýamat güni Taňrynyň (t) razylygyny niýet edýän jemagatlar üçin örän peýdalydyr we şu jemagatlar dowzahdan gutulmaga nejat tapgyjylardyr. Gurhan. 30-njy süre. 39-njy aýat. Resul Allla bu gün has ir oýanypdy. Heniz jahan ýagtylmandy. Namaz wagtyna çenli ep-esli pursat bardy. Resul Alla ýerinden turdy-da, täret kyldy. Soňra gelip, öz jaýynda ynjalykly oturdy, Aýallary, hyzmatkärler, garawullar heniz ýatyrdy. Daşarda hurma agaçlarynyň guraşan ýapraklary şemalyň badyna birneme şybyrdaşýardy. Säheriň şypaly howasy bolsa, Resul Allanyň göwnüne görä boljak bolýan ýaly, şeýle terdi, misli, käsä guýup, başyňa çekibermeli şirin-şerbet ýalydy. Indi eller birneme boşaşypdy. Içerden hem, daşardan hem yslama-da, din-şerigata-da, yslam döwletine-de uly howp görnenokdy. Resul Alla ýene-de şol wawwaly oýlaryna dolanyp geldi. – Sen maňa musulman bendeleriň günälerini dile diýip, buýurduň, eziz Biribar. Ynsanlary Seniň dowzah belandan nädip dyndarmaly, eziz Taňrym! Ol ýuwaşja pyşyrdady, Muhammet pygamber özüne Beýik eýesi taradyndan din-yslamy wagz etmek buýrulaly bäri bitirilen işleri göz öňüne getirmek isledi. – Allanyň, birligini, Alladan başga Taňrynyň ýoklugyny, Muhammediň onuň, Resulydygyny köp ynsan ykrar edip, musulman bolupdy. – Musulmanlar indi Hudaý-Tagalanyň perişdelerine ynanýardylar. – Olar Gurhana diňe bir ynanman, ony ýürekleriniň ýarasyna derman eýläp ýapýardylar. – Musulmanlar indi o dünýäniň barlygyna, Taňrynyň jennetine, dowzahyna ynanýardylar. – Olar o dünýäde Taňrynyň her bir musulmandan sorag edip, şonuň netijesinde ýalkanjakdygyna, gargajakdygyna ynanýardylar. – Olar ölen adamynyň Alla-Tagalanyň Magşar gününde gaýtadan direldip, ondan hasap sorajakdygyna ynanýardylar. Olaryň köpüsi Alla-Tagala ýüregi bilen iman getiripdi. Resul Alla musulmanlara şerigatyň ähli şertini Alla-Tagalanyň buýruşy ýaly berjaý etmegi öwredipdi. – Adamlar bäş wagdyna namaz okaýardylar. – Olar hüşür-zekat berýärdiler. – Remezan aýynda ähli musulman agyz bekleýärdi. – Olar mallaryndan gurbanlyk kesýärdiler. – Musulmanlar Käbe-haja gidip gelýärdiler. – Olar din-yslamy goramak üçin söweşde janlaryny, gaýgyrmaýardylar. Resul Alla şerigady – musulmanlaryň yslam tarapyndan buýrulan hökmi-düzgünlerini arman-irmän düşündirýärdi. Ol musulmanlara parzy – hökman bolan amallary ýerine ýetirmegi buýurýardy. – Olar şulardyr! – diýip, aýdýardy. – Alla-Tagalanyň barlygyna we birligine hem-de taýsyz gözel sypatlaryna ynanyň. – Muhammediň onuň Resulydygyna ynanyň. – Yslam dininiň dogrulygyna ynanyň. – Özüňiziň musulmanlygyňyzy we yslam dininiň hakdygyny dil bilen ykrar ediň. – Her gije-gündizde baş wagt namaz okaň. – Remezan aýynda her gün roza tutuň. – Barly adam malyndan her ýyl zekat bermelidir. – Daýhançylykdan her ýylda ondan bir mukdarda hüşür bermeli. – Juma – namazyny okamaly. – Alla-Tagalanyň gazabyndan gorkup, günä işleri etmekden saklanmaly. – Eden günäleriň üçin toba etmeli. – Beren nygmatlary üçin Alla-Tagaladan şükür etmeli. – Nebis höwesine gidip, günä etmekden özüňi saklamaly. – Sözüňde, her bir işde dogruçyl bolmaly. – Güwä geçeniňde gören-eşidenleriňi dogry beýan etmeli. – Zerur mukdarda iýmeli, içmeli, geýinmeli. – Kesekiniň hakyny iýmeli däl. – Aýalyňa özbaşyna öý berip, zulum etmän, adalatly, dogry saklamaly. – Aýalyňa ortaça azyk-owkat, geýim bermeli. – Atada-eneňe hormat goýup, gulak asyp, olary razy etmeli. – Perzentleriňi ýeterlik ýagdaýda ekläp-saklamaly. – Kurany Kerimiň okalýanyny eşiden ýagdaýyňda, ümsüm diňlemeli. – Aýal bilen jynsy gatnaşykdan soň, gusul-boý täretini etmeli. – Şerigatda gadagan edilen işlerden saklanmaly. – Parz işleriň doly berjaý etmeli, meselem, täretiň dört parzyny, teýimiň dört parzyny, gusulyň üç parzyny, namazyň on iki parzyny, orazanyň üç parzyny, hajyň üç parzyny berjaý etmeli. Resul Alla sünnet amallaryny, ýagny Alla-Tagalanyň özüne buýran amallaryny, özüniň görüm-göreldesini, özi berjaý etse-de, beýlekilere düşündirip oturmaýan amallaryny ähli musulmanlara halal edýärdi. Şonuň üçin şol amallary berjaý etmek hökman diýýärdi. Ol amallar şulardy: – Oňat, haýyrly işleri «bismillah» diýip başlamaly. – Asgyranyňda «Alhamdu lilloh» diýmeli. – Nahardan öň we soň iki goluňy ýuwmaly. – Nahara «bismillah» diýip başlamaly. – Nahardan soň «Alhamdu lilloh» diýmeli. – Oturyp, sag eliň bilen naharlanmaly. – Içimlik gaby sag eliň bilen tutmaly. – Nahary çüýşe, laýdan edilen käsede, agaç gaplarda iýmeli. – Saçaga gaçan nan ownutyklaryny, nahardan gaçanlary çöpläp almaly. – Arpa höreklerini köpräk iýmeli. – Aýalyň, çagalaryň bilen bir saçagyň başynda naharlanmaly. – Süýt, zemzem suwy, hoşboý närseler hödürlense, ondan boýun gaçyrmaly däl. – Ak, ýaşyl, gara matalary geýmedi. – Geýimiňi päkize saklamaly. – Geýimleriňi könelýänçe geýmeli. – Könelen geýimiňi pakyr-pukaralara bermeli. – Namaz okalanda aýratyn täze geýim geýmeli. – Ýatanyňda täretli ýatmaly. – Ýatmazyndan öňürti agzyňy myswak bilen ýuwmaly. – Daň atmanka ukudan oýanmaly. – Namaz okamazdan öň azan aýtmaly. – Parz namazlary jemagat bilen okamaly. – Parz namazlary okamazdan öňürti azan we tekbir aýtmaly. – Namazy mähelle metjidinde okamaly. – Ertir, ýasy namazlarynyň sünnetini okamaly. – Remezan aýlarynda tarawa namazlaryny okamaly. – Tarawa namazlarynda Gurhany Kerimi bir gezek hatym etmeli. – Remezan aýynda agşam namazyndan öňürti agzyňy açmaly. – Remezan aýynda daňdandan öňürti selällik-säherlik iýmeli. – Remezan aýynda nahar-owkat taýýarlap, agzaçara garaşmaly. – At-baýramçylyk günleri gowy eşikleri geýmeli. – Agzyňy ýakymsyz ysdan, tagam galyndylaryndan, arassa saklamaly. – Murtuňy agzyda düşürmän gysgaldyp durmaly. – Ösen dyrnaklaryňy alyp durmaly. – Goltuk we kinnik üsti gyllaryňy aýryp durmaly. – Ogul perzentleriň on ýaşa çenli elini halallatmaly. – Ululara, kiçilere sarpaly, rehim-şepagatly bolmaly. – Ýakyn garyndaşlaryňy, goňşularyňy, dostlarydy çagyryp, myhman gaýtarmaly. – Gelen myhmany gowy garşylamaly. – Her kimiň derejesine laýyk hormatlamaly. – Biriniň öýüne rugsat sorap girmeli. – Adamlar bilen gol berip görüşmeli. – Gurby, mümkinçiligi ýeten adam öýlenmeli. – Kämillige ýeten gyzy durmuşa çykarmaly. – Nika toýuny halka yglan edip tutmaly. – Nika toýy üçin zyýapat bermeli. – Imansyz bendeleriň ýola gelmegi üçin doga-dileg etmeli. – Tersleşen adamlary ylalaşyga getirip, ýaraşdyrmaly. – Özüňe rowa gören zadyňy özgelere rowa görmeli. – Özüňe rowa görmeýän zadyňy özgelere-de rowa görmeli däl. – Karz soran ynançly, mätäç kişilere karz bermeli. – Aýal-gyzlara her ýerde hormat-sylag, ýardam etmeli. – Öz diliňi gowy öwrenmeli. – Öz güzeran işleridi aýalyň bilen maslahatlaşmaly. – Sapara hemraly çykmaly. – Ybadat almak niýeti bilen gabrystana zyýarat edip durmaly. – Keselläniňde tebibe görünmeli. – Her ybadaty sünnetleri bilen, meselem, täretde 20, teýimde 6, gusulda 10, namazda 25, orazada 6, haçda 10 sünnet bolşy ýaly, berjaý etmeli... Muhammet pygamber oýlanýardy. Ol musulmanlar üçin wajyp sünnet amallaryny, zulumy haram bolan, zulmy bolmadyk amallary, tahrimi makrular, gümany haram işler, ýeňil makrular, olary adamlaryň kalbyna salmak barada oýlanýardy. Soň bolsa, ýene-de Belent-Taňra dileg bilen ýalbaryplar başlaýardy. – Eý, Rebbim, öz musulman bendeleriňi dowzah belalaryndan dyndarmaga, seniň eşreti egsilmejek jennetiňe girmäge höweslendirmäge maňa hemaýat et... Resul Alla oýlanýardy. Onuň ýalňyz boş wagty säher namazynyň öňündäki sähelçejik pursatdy. Emma Resul Alla ýekedi, özi welin hemmelere gerekdi. – Sahabalar onuň bilen din-döwlet işlerini geňeşjekdiler. – Aýallary onuň bilen köpräk bolmak isleýärdiler. – Çagalary onuň didaryna zardy. – Ashaby suffada oturan bendeler onuň sözüne, sesine gadamyna zardy. – Musulmanlar onuň maslahatyna, goldawyna zardy. – Köp bendeler diňe Resul Allanyň didaryny görüp, soň musulman bolmak isleýärdiler. – Garyp biçäreler Resul Allanyň berjek sadakasyna zardy. – Adamlaryň köpüsi onuň agzyndan çykan gürrüňi diňlemegi zaryndady. Munuň üstesine, köpçülik bilen metjitde okalmaly bäş wagt namaz, ilçiler, myhmanlary kabul etmek, sadakalary, sowgatlary kabul edip, olary degişli ýerlerine ibermek, gün-güzeran, içerki-daşarky ýagdaýlara serenjam bermek onuň tutuş gününi alýardy. Resul Alla juda az iýip, az sözläp, az uklasa-da, barybir, bu işlere ýetişer ýaly däldi. Ol şu gününi Ashaba suffada oturan musulmanlar bilen söhbetdeş bolmagy wada beripdi. Emma onuň aýallary hem öz aralarynda gyrlyşara gelýärdi. Olara-da abaý-syýasat etmek gerekdi. Aýal, elbetde, aýal bolýar. Olar, misli, saman-süplügiň ody ýalydy. Birden möwç alyp, pöwhe ýalny bilen töweregi gabsalaýardy. Soňra garap görseň hem, hiç zat bolmadyk ýalydyr. Emma ol möwç alyp tutaşan badyna, ony ekabyrrak durup, öçürmek gerekdi. Emma oňa geleňsizräk seretseň, geçegçi şemal hem oňa meçew berse, onda onuň dat gününe, baryp harmanlara, öýlere tutaşyp, älemi küle öwürmegem mümkindir. Resul Alla dört aýalynyň gylyk-häsiýetini gowy bilýärdi. Olaryň her biriniň öz jaýy bardy. Uly aýaly Sewdäni Hatyja ýogalandan soň alypdy. Bir topar ýetim çagaly, yhlasyny, mährini, ýüreginiň ýagtysyny ýetim çagalaryna, olary kyn günlerden alyp çykmaga harç eden, ýaşy indi bir çene baran aýala Resul Allanyň nebsi agyraýmasa, ondan erkek adama yssylyk ýokdy. Henize-bu güne çenlem onuň bar aladasy, çagalarydy. Onuň ady aýaldy. Hezreti Äşe owadandy, akyllydy, näzikden mähribandy. Ol üýtgeşik hyzmaty, hormaty, hoşamaý sözleri bilen Resul Allanyň ömrüne şirin sahawat çaýýardy. Bu maşgalada kakasy Ebu Bekiriň pähimliligi, rehimdarlygy, jomartlygy hem-de dözümsizligi we arap gyzlarynyň näzikligi jemlenipdi. Hezreti Hafsa bolsa tersinedi. Ol gyňyrdy. Birneme garasöýmezden özdiýenlidi. Bu gelin juda owadandy, ýaşdy. Onuň eşret çeşmeleriniň gözi ýaňy açylyp, ol durmuşyň eşretli hözirini ýaňy dadan maşgalady. Şonuň üçin onuň Resul Allany gabanyşy ýaly, aýal ärini gabanmazdy... Muhammet pygamber Ohot jeňinden gaýdyp gelenden soň, döwlet dolandyrylyşyndaky göze görünmeýän tilsimleri berkitmek, garyndaşlyk ýoluny açmak niýeti bilen Mahzum taýpasyndan Ebu Sufýanyň ýakyn garyndaşy, adamsy Hebeşistanda wepat bolaň ýigrimi bäş ýaşly Hindä öýlenipdi. Hinde örän owadandy. Onuň gözelligi, edep-ekramy baradaky habar tutuş etraba dolupdy. Şonuň üçin bu gelne hezreti Ebu Bekir-de, hezreti Omar-da söz aýdypdylar. Emma bu gelin: «Meniň ýaşym bir çene bardy» diýip, razylyk bermändi. Resul Alla bu owadan aýalyna ýalňyz ogly Salama bolany üçin Umm Salama diýýärdi. Bu aýalynda-da özüne bolan adaty däl yşky-söýginiň tutaşýandygyny görüp, bu zenanyň ýüreginde gabanjaňlyk derdiniň bolmazlygyny diläp, gije-gündiz Belent-Taňra ýalbarýardy. Muhammet pygamber hezreti Äşäni öýüniň baş bikesi hasap edýärdi. Bu aýalyň mähribanlygyna, näzikden inçe hyzmatyna höwrügýärdi. Hezreti Hafsa Gurhanyň sürelerine ynanýardy. Umm Salamanyň yşk eşretiniň hözirini görýärdi. Ýöne, aýallar meselesinde Resul Allanyň hiç mahal garaşmaýan bir wakasy ýüze çykypdy. Ol hezreti Äşä monjugyny sowgat beripdi. Şol monjuk hem onuň aýallarynyň Resul Allany her biriniň özüniňki etmek, ony gabanyp-gabanyp bez-bez bolan pikir-duýgularynyň partlamasy bolupdy. Diňe hezreti Äşe Resul Alla gözi ýumuklygyna, ýagny boý gyzlygyna durmuşa çykypdy. Beýlekiler, hezreti Sewde-de, Hafsa-da, Umm Salama-da öň özge işik, özge keşik görendi. Olar ýanýoldaşyň hözirinem, ony ýitirip, bagryda gan öýmänem, ýaryň eziz didaryny küýsemegiň jebirli günlerinem görüpdiler. Olaryň üçüsiniň hem ýanýoldaşy jeňde wepat bolandy. Olar şeýle hasratdan soň bir mähriban ynsana, düýşlerinde-de ýatlaryna düşmejek eziz adama durmuşa çykypdylar. Oň hersiniň öz öýi, öz äri, öz durmuşy bolan aýallara bir öýi, bir äri, bir söýgini dört bolup bölüşmek juda agyr düşýärdi. Ýogsa, Resul Alla aýallaryny eziz görşi ýaly, olaryň arasyndaky tertip-düzgünem gaty berk tutýardy. Ol her gijesini bir aýalynyň ýanynda geçirýärdi. Aýallarynyň eşigi, azyk-owkady deňje üleşilýärdi. Resul Alla bir ýere gideninde, onuň ýany bilen aýallarynyň haýsysy gitmelidigi, olaryň arasynda bije atyşylmak arkaly çözülýärdi. Şondan soň gürrüň gutarýardy. Hezreti Äşe berlen dür monjügy öň diňe güzeran aladasy bolup, indi bol-elinlige, erkinlige çykan, eli boş, işsiz aýallaryň ahyr sonuňda ýarylmagyna sebäp boldy. Bu dawa diňe bir aýallar däl, olaryň garyndaşlary hem goşulyşypdylar. Olar bu maşgalalara deň gez bilen garamak barada «goh» edýärdiler. Resul Alla olary höre-köşeläp köşeşdirse-de, göwnünde aýal meselesinde çiglik galypdy... Muhammet pygamber Bilalyň namaza çagyrýan sesini eşitdi-de, oýundan açyldy. Ol ýerinden turdy-da, öz otagyndaky içki işikden göni metjide girip gitdi. Sahabalar, musulman bendeler bu işigiň agzynda mähriban ynsanyň didaryna suwsap otyrdylar. Işik açylan badyna, aňyrdan Abdylla b. Ubeýýa ylgap gaýtdy. Ol onuň, ýolunda duranlary iki ýana itişdirip: – Ýol beriň, aýrylyň ýoldan, hany, hany, aýrylyň! – diýip, duranlaryň zähresini ýarara getiriji ses bilen gygyryp, Resul Allanyň, elinden tutup, onuň, öňünde iki büküdip barýardy. Resul Alla bu adamy gowy tanany üçiň oňa kän bir mylakatlylyk görkezjek hem bolup duranokdy. Ýöne hezreti Ebu Bekir ýanyna ylgap gelende, birneme sägindi-de, oňa mähribanlyk bilen garady. Ebu Bekir syddyh Muhammet pygamberiň, keremli goluny eline aldy-da: – Janym saňa gurban bolsun, Resul Alla, sag-aman ördüňizmi? – diýip, onuň hal-ýagdaýyny sorady. Şondan soň öz nobaty boýunça, hezreti Omar, Osman, Aly Resul Allanyň keramatdy goluny ellerine aldylar. Oňa hoşamaý sözleri aýtdylar. Resul Allanyň nazary hoşamaýdy, Didary ak nura batyp durdy. Onuň elini eline alan adamyň ýüregi ýüpek ýaly bolup, köňlüne çaganyň päkligi ýaly näzik duýgular kürsäp urýardy. Muhammet pygamber her gün säherde bolşy ýady, metjitdäkileriň ählisi bilen elleşip, salamlaşyp çykdy. Olaryň ýüzüne mähribanlyk bilen garap, adamlaryň didelerinden mähir susup, öz gurbatyna gelen ýaly boldy. Ol Ashaby suffanyň baş talybynyň salamyny hormat bilen aldy. – Eziz Resul Alla serwerimiz! – diýip, Ashaby suffanyň baş talyby başy ullakan selleli, garaýagyz ýüzüne gelşip duran mäşbürünç, gür sakally döşüni ýapyp duran Ebu Hüreýre aýtdy. – Siziň sadyk nökerleriňiziň gözleri ýoldadyr, Olar menden: «Resul Alla serwerimiz bu gün biziň bilen duşuşyp bilermikä, şony sorap beriň» diýip, köp towakga etdiler. Eger mümkinçiligiňiz bolsa... Resul Alla baş atdy. – Enşalla, şu gün olaryň gözlerini ýolda goýmarys. Bu habary metjidiň işige golaý ýerinde dik durup, diňläp, umydygär nazar bilen garap duran suffaly sahabalar hem eşidip otyrdylar. Olar bu habara juda şat boldular. Hakykatdan hem Ashaby suffada ýaşaýanlaryň ýokarda Hudaýy, Ýerde bolsa Resul Alladan özge hiç kimi ýokdy. Olaryň ýeketäk umydy, gökde Taňrynyň ýalkawy, Ýerde onuň Resulynyň sahawatydy. Bu adamlar Resul Alla bilen Mekgeden bu ýere göçüp gelen adamlaryň bir bölegidi. Mekgeden ilki bada göçülip gelnende, ähli musulmany öýlerde, otaglarda, myhman jaýlarda ýerleşdirmäge hiç hili mümkinçilik bolmandy. Açyk asmanyň astynda bolmaga-da, Ýasrib diýlen ýerde günde, günaşa ýagyş ýagyp durdy. Şonuň üçin Resul Allanyň buýrugy bilen metjidi Nebewiniň demirgazyk tarapyndan belent-belent agaç sütünler dikilip, onuň üsti hurma agajynyň şahalary bilen ykjam basyrylypdy. Bu uzyndan giň, seleň rahat, aşagy düşeklenen bassyrma Suffa diýerdiler. Ol döwürde Käbe heniz kybla öwrülmändi. Adamlar ýüzlerini Iýersalime bakan öwrüp, namaza durardylar. Emma hristianlaryň, ýahudileriň, musulmanlary, olaryň resulyny, Gurhany äsgermezligi Resul Allanyň janyna ýakmandy. Şol arada Alla-Tagala: – «We siz ýeriň üstünde haýsy ýerde bolsaňyz-da (ýere degişli howada-da suwda-da bolsaňyz) namaz okan wagtyňyzda ýüzüňizi Mesjidi-Haram tarapyna öwrüň (Gurhan 1-nji süre. 150-nji aýat) – diýip, höküm edipdi. Muhammet pygamber Alla-Tagalanyň hökümi bilen soňra Käbäni kybla öwrüpdi. Şondan öňler musulmanlar metjidi Nebewide islendik tarapyňa garap namaz okaýardylar. Bir gün Resul Allanyň buýrugy bilen owadan gyr ata münen adam atyny aýagaldygyna çapyp gelýärdi. Ine, şol adam: – Adamlar-how Käbe kybla bolandyr-la-ho-ow – diýip, gygyryp geçip gitdi. Şol wagtam edil öýle namazynyň wagtydy. Adamlar öýle namazyny okap otyrdylar. Bu mukaddes habary eşiden adamlar bada-bat ýüzlerini kybla öwürdiler. Şolary, köpüsi Ashaby suffalardy. Bu adamlaryň hemmesi diýen ýaly heniz öýlenmedik, öý-işik edinmedik musulmanlardy. Olaryň ýüregi durky bilen Alla-Tagala, onuň din-şerigatyna, Resul Alla, onuň päkize ýoluna berlendi. Olar Mekgeden Medine göçülensoň, Alla-Tagalanyň din-şerigatyna, yslam ýoluna wepaly bolup galypdylar. Bäş wagtyna namaz okal, huw-hak diýip oturan, agyzlary orazaly bu bendelere Resul Allanyň özem tüýs ýüregi bilen aşyk bolupdy. Ol bu bendeleri janyndan eziz gerýärdi. Olary juda lälik saklaýardy. Bu adamlaryň Taňra, Resul Alla, Gurhana, din-şerigata wepasy ýüreginde, mähri gözündedi. Bu adamlar Resul Allanyň ýüreginiň kuwwatydy. Çünki, bularyň şu mukaddes wepalylygyndan özge aýby ýokdy. Olar Alla-Tagalanyň mukaddes ýoly, din-yslam üçin söweşe ugrasaň, alty ýüz sany taýýar esgeriň bardy. Olar bilen metjitde namaz okasaň, älem-jahan musulman bolup duran ýaly duýgy döredýärdi. Bu adamlaryň yhlasyny görüp, Resul Allanyň ruhy ynjalýardy. Olaryň Belent-Taňra, özüne bolan yhlasyny, wepalylygyny görüp, duýup, diýseň buýsanýardy-da, eziz Rebbisine alkyş aýdýardy. Muhammet pygamber özüni Allanyň, ýoluna bagş eden bu adamlaryň mertebesini hemişe belent saklaýardy. Olaryň has kämil bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin ol Ashaby suffa Gurhany okap, düşündirip bilýän adamlardan ýörite mugallym belledi. Bu adamlar Gurhany boýdan-başa öwrenýärdiler. Şondan soň Resul Allanyň sünnetini ýat bekläp, ony doly berjaý edýärdiler. Indi, olar üçin Resul Allanyň görüm-göreldesi, agzyndan çykýan her bir söz hem keramata öwrülipdi. Resul Allanyň begenýän ýeri, bu adamlar sähel salymdan bahasyna ýetip bolmajak alymlar bolup ýetşýärdiler. Muhammet pygamber bu adamlaryň has zehinlilerini, ýetişenlerini, Gurhany ýatdan bilýän, onuň sürelerini, aýatlaryny düşündirip bilýänlerini musulman bolan taýpalaryň arasyna, halk içine din-şerigaty, yslam ýoluny wagyz etmek üçin iberýärdi. Olar bolsa uly höwes bilen bu mukaddes ýola gadam goýýardylar. Şeýlelikde, Ashaby suffa «Darül-Kurra» (Gurhan okaýanlaryň öýi) adyna eýe bolup galdy. Sany boýunça dört-bäş ýüzden artyk bolan bu topar gerek wagty esgerdi, zerur wagty taýýar işçi güýjüdi. Iň bir bellemeli ýeri, bu adamlar islendik mähelläni, uly märekäni bezäp, Belent-Taňrynyň ýoly bolan din-yslamy, Resul Allanyň sünnetini äleme ýaýyp bilýän gory gutarmajak ruhy hazynady. Bu adamlar indi belent alymlyk derejesine ýetipdiler. Asyl, bu ugurdan olara taý geljek adam ýokdy. Bu adamlar şerigat ýollaryny, Resul Allanyň sünnetini Gurhanyň, süreleri, aýatlary, Muhammet pygamberiň öz sözleri – hadyslary bilen degşirip düşündirende, adamlar agyzlaryny açyp galýardylar. Bu adamlaryň şondan özge gazanjy-da, eklenji-de ýokdy. – Biz köňlümizi, elimizi, gözümizi, pälimizi arassa saklamalydyrys. – diýip, olar haram-halal gazanja, söwda-satyga gitmeýärdiler – Bizi Ýaradan Alla horam etmez. Ol: «Sizden iman, menden yrsgal» diýendir – diýýärdiler. Olaryň baş talyby Ebu Hureýre-de olary juda berk saklaýardy. Gurhan okamak boýunça, Resul Allanyň, sünnetini düşündirmekde, şerigat ýollaryny açmakda bu adamlary edil gyl-syrat köprüsinden geçen ýaly edýärdi. Ol dana, örän ýatkeş, paýhasa baý suffalardan mugallymlar belleýärdi. Olaryň mertebesini talyplaryň arasynda-da, sahabalaryň, musulmanlarýň arasynda-da örän belent saklaýardy. Ashaby suffada azyk-owkada zar bolup, iýmekden-geýmekden horluk çekýän ýokdy. Sadakalarda, söweşlerde alynýan oljalarda, hüşür-zekat-da olaryň paýy bardy. On müň ilat ýaşaýan Medine şäherinde munça ýagşyzadany ýag iýdirip, ýüpek geýdirip saklamaga ähli mümkinçilik yrsgal-döwlet bardy. Ashaby suffanyň, çyn howandary Resul Allanyň özüdi. Medine halky Resul Allany indi azyk bilen hem, egin-eşik, et, un, nan bilen ýeterlik üpjün edýärdi. Indi Muhammet pygamberiň, özüniň hem süri-süri dowary, düýesi bardy. Şonuň üçin ol özüne bir zat getirilse: «Bu sowgatmy, ýa-da sadaka?» diýip soraýardy-da, eger sadaka bolsa, şonuň başyny bozman Ashaby suffa iberýärdi. Diňe şol sadakalaryň özem günde müň adamy doýurarlyk bardy. Onuň üstesine, her günde birnäçe tamdyr çörek, köp mukdarda hurma, süýt, gatyk, goýun, düýe etini hut özüniň yrsgalyndan bölüp, şolara berdirýärdi. Bir gün Resul Alla agtyjagy Hasan jan bilen otyrdy. Şol wagt oňa bir ullakan çelegi dolduryp hurma getirdiler. Resul Alla serwerimiz: – Munyňyz sadakamy, ýa-da sowgat? – diýip, ol adamdan sorady. – Sadakadyr, Resul Alla serwerimiz! Hasan jan eýýäm gapdaky hurmadan birini alyp, agzyna atypdy. Resul Alla hurmany agtygynyň agzyndan çykartdy-da, gaba atdy. Soňra: – Bize sadaka halal däldir – diýip dözümli aýtdy. – Hurmany gaby bilen Ashaby Suffa eltiň. Sadaka şolara halaldyr. Resul Allanyň ýene-de bir buýsanýan ýeri, Ashaby suffalar onuň agzyndan çykan her bir sözi, sözlemi, pikiri, paýhasy hata ýazyp edil bir gyzylyň gyryndysy ýaly edip toplaýardylar. Şonuň üçin olar Resul Alla bilen oturyşmaga, söhbetdeş bolmaga köp isleg bildirýärdiler. Olaryň mala, pula, iýmite, geýim-gejime islegem, talabam ýokdy. Olara Resul Allanyň eziz didary, mähriban sesi, sözi, pikiri, paýhasy ähli zatdan gymmatlydy. Olar özlerini Muhammet pygamberiň, onuň yslam ýolunyň mirasdüşerleri hasap edýärdiler. Din-yslam, şerigat, Taňrynyň keremi olaryň ýüreginde eräp gitmelidi. Olar bu mukaddes ýoluň ertirini alada edip ýaşaýardylar. Din-şerigaty, Resul Allanyň mukaddes sünnetini, Gurhany-Kerim baradaky hakykaty, Resul Alla baradaky hakykaty ertire alyp gitmeli özleri hasap edýärdiler. Çünki, Resul Alla olar bilen bir sapar söhbetdeş bolanynda: – Eý, Ashaby suffa, eger Allanyň, siziň üçin näme taýýarlandygyny bilsediňiz, garyplygyňyzy, mätäçligiňizi has hem artdyrmak islärdiňiz – diýipdi. Soňky sapar bolsa ol: – Eý, Ashaby suffa! Size buşlaýaryn! Siziň hal-ýagdaýyňyzda bolan her kes durmuşyndan razy bolup, maňa baglansa, ol meniň diýip, olary özüniň derejesine belente göteripdi. Bu sözleriň astynda Resul Allanyň juda uly ynamy ýatyrdy. Beýle uly ynamy Belent-Taňrynyň Resulynyň özünden sowgat alyp ýaşamak, ölmek Ashaby suffa üçin juda belent mertebedi. Resul Allanyň sahabalary, gelýän ilçiler, käbir musulmanlar iş-beýleki etmän, güni bilen goş basyp ýatan bu adamlara geň galyp seredýärdiler. Şonda Resul Alla özüne gelen sowgatlara garap: Bular Allanyň, ýolunda (ylma, jihada) özüni bagş eden pakyrlaryň paýydyr. Bulary eltip, şolara beriň. Eýläk-beýläk çykman, dilegçilikden gaça duranlary üçin, her kim olara baýdyr öýder. Olary ýüz keşplerinden tanarsyňyz, hiç kimi ynjytmazlar. Olar her işe ýarar, näme berseňiz, Alla-Tagala ony biler – diýip, olaryň mertebesine mertebe goşupdy. Häzir hem ol ertir namazyna üýşen bu uly märekäniň içinde bu adamlary aýratyn mertebelemek üçin: – Nesip bolsa bu gün öz sahabalarym bilen Ashaby suffa bararyn! – diýip, Ebu Hüreýräniň başyny gök diredipdi. Namaza duruldy. Muhammet pygamber musulmanlaryň öňünde, hurma agajynynyň mährap ornuna goýlan töňňesine ýaplanyp, ymam bolup durdy, Ol häzir misli bu pany dünýäniň şamçyragy kimiň bu dünýä gelenleriň we bu dünýäden gidenleriň ýoluny ýüzüniň nury, kalbynyň mähribanlygy bilen ýagtyldyp duran ýalydy. Musulman bendeler onuň her bir hereketini, näzik dodaklarynyň çalaja terpenmesini, ap-ak, sahawatly elleriniň uzyn barmaklaryny ak sellesini, juda owadan, syrdamdan eziz boýuny, tutuş didaryny-durkuny didelerine bent edäýjek bolýan ýalydylar. Muhammet pygamber nämüçindir, bu metjitde münber dikdirmändi. Orta- da hurma agajynyň ullakan töňňesini goýdurypdy. Ol käte şol töňňä ýaplanardy. Käte oňa elini degrip durardy. Şonuň üçin adamlar bu töňňä-de mähribanlyk bilen garaýardylar. Adamlar diňe bir bu metjitde, Resul Allanyň öýüne däl, tutuş Medine şäherine keramatly saçak hökmünde garaýardylar. Resul Alla bu şähere göçüp geleli bäri, bu mukaddes ýere gelip çapawulçylyk, talaňçylyk eden ýokdy. Bu şäher gün-günden mukaddesleşip gidip otyrdy. Namaz tamam boldy. Resul Alla serwerimiz açyk asmanda sansyz ýaldyrawuk ýyldyzlaryň arasyndaky dolan Aý kimiň hoşamatlyk bilen ýerinden turdy. Sahabalar, musulmanlar Ashaby suffa tarap assaja ýöräp, özara söhbetleşip gaýtdylar. Bu gün Resul Alla serwerimiziň özleriniňkä geljekdigi buşlanan talyplar giden meýdany tutup ýatan päkize bassyrmanyň aşagyny ýagşy suwlap, süpüripdiler. Boýra düşekleri kakyp, gaýtadan tämizläp düşäpdiler. Şonuň üçin bu bassyrmanyň astyndan ýazy solup, samana öwrülen näzik otlarynyň üstüne ýagşyň ýagýan pursatyndaky ýaly, ýakymly ys burk urýardy. Şeýle ysly salkyn kölege bolsa janyňy juda hoş ýakýardy. Boýra, gülsüz düşegiň üstüne ýazylan saçaga goýlan hurma, arpa nany, gaplardaky gatyk, süýt juda ýakymly görünýärdi. Gazanlarda bişip duran naharyň tagamly ysy tutuş töwerege ýaýrap, işdä açyjy ys bilen göwnüňi göterýärdi. Resul Alla hemişeki oturýan ýerinde, törde, astyna hurma ýapraklary düşelip, az-kem belente galdyrylan, soňra gülli boýra ýazylan daşyna teletin çekilen ýassyk goýlan düşege geçip oturdy. Onuň gapdalyndaky düşeklere sahabalar, musulmanlar, tire-taýpa aksakallary geçdiler. Ashaba sufýanyň talyplarynyň ýolbaşçysy Ebu Hureýre özüne beýle uly hormat edilmegine juda tolgundy. – Eý, gözümiziň nury, başymyzyň täji Resul Alla serwerimiz! Gadamyňyz mübärek bolsun! Resul Alla Ashaby suffalaryň sözüni diňläp oturyşyna, mübärek jemalyny göterdi. – Bular meniň ýoldaşlarymdyr. Men bulardan aýra däldirin! – diýdi. Sahabalar hem ýerli-ýerden baş atyşdylar. Resul Alla juda owadan, ýüregiňi lerzana getirýän şirinden eşretli owazy bilen Gurhan okap başlady. Oturanlar bu juda kuwwatly üç birleşmäniň – Taňrynyň many-mazmuny hiç haçan egsilmejek, hiç haçan syryna aralaşyp bolmajak, paýhasly sözüniň – Gurhany Kerimiň süreleriniň eziz Resul Allanyň tämiz kalbyndan çykýan owaza garylyp, bu ýalançy dünýäde jennet owazy bolup ýaňlanýan sesiň güýjüne eräp barýardylar. Olar bu keramatly owazy ilkinji sapar eşidýän ýaly, özlerini saklap bilmän gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdiler. Hezreti Ebu Bekir, Ebu Hurreýre, Ashaby suffalar, musulmanlar Resul Allanyň owazyna ýumşajyk yranyşyp, gözlerinden akýan ýaşy süpürip bilmän otyrdylar. Resul Alla ezizimiz Gurhan okamasyny goýdy-da, başyny göterdi. – Gurhan okanyňyzda, hergiz gamgynrajyk okaň, Gurhan gamganlyk bilen gelendir – diýdi. Soňara ol doga-dilegler etdi. Soňra gezegi Ashaby suffa berdi. Bu bassyrmanyň astynda din-yslam diýip ömürlerini bendi edip oturan bendeler indi birnäçe gün beri içlerini berç alan sowallary daşyna çykaraslary gelýärdi. – Eziz Resul Alla serwerimiz! Biz bir ýagdaýa ýüzleý düşünýäris. Şony soramak mümkinmidir? – diýip, Ashaba suffanyň indi alymlyga ýetişen talyplarynyň biri aýtdy. – Soraň! – Eziz ResuLy Kerim! Uhud söweşinde Kuzman batyr wepat, boldy. Ol Alla-Tagalanyň ýoluny gorap, din-şerigatyň ganym duşmanlary bolan Mekge müşrükleriniň garşysyna mertlerçe söweşip, on sany kapyryň janyny jähenneme iberdi. Onuň özem kapyrlaryň elinde agyr ýaraly boldy. Iň soňunda-da: «Mundan artyk ejir çekmäýin-le» diýip, özüni özi dertden gutardy. Indi, eziz serwerimiz, «Kuzman dowzahydyr» diýip, siz aýtdyňyz. Biz şoňa kän bir düşünmedik... – Nämesine düşünmediňiz? – diýip, Resul Alla serwerimiz onuň özüne sowal berdi. – Kuzman pälwan men diýen musulmanlardan hem köp duşman gyrdy ahyryn. Eger Alla, kömek etse, ol jenneti bolmazmyka? Çünki, Alla-Tagala: «Meniň öz bendelerime sahawatymyň, ýalkawymyň çägi bolmaz, möçberi ýowdur» diýmeýärmi näme?! Resul Alla ezizimiz mukaddes didaryny göterdi-de, mähribanlyk bilen töweregine garady. Ol töwereginde hurma agajynyň gabygyna ýuwuş galamy bilen hat ýazjak bolup, diňe gulaga öwrülip, diň salyp oturanlary gördi. Resul Allanyň indi aýtmaly sözleri hata geçip, soňra nesilden-nesile, dilden-dile geçip gitmelidi. – Eý, Eshaby suffa! Saz Uhut jeňinde mertlik görkezen Kuzman batyr barada sowal berdiňiz. Kuzman wassanparazdy. Wassanparaz her näçe söweşse-de, «men Allanyň, ýoluny goraýandyryn» diýip, her näçe söweşip jan berse-de, ol wassanparazdyr. «Hudaýy ýeke bilmeýänň jaýy dowzahdyr. Ol Hudaýy gowy görýän bolsa, Alladan başga taňrynyň ýoklugyny, Muhammediň onuň Resulyňygyny ykrar ederdi. Onuň kalby, lebzi, ynanjy kapyrdyr. Şonuň üçin kapyrlygyna-da ölüp gitdi. Bu bir».. Resul Alla az-kem dikeldi-de, sözüni dowam etdi. – Kuzman batyryň ikinji betbagtlygy, ol agyr ýaradar bolup ýatyrka öz damaryny kesip, öz janyna kast etdi. Ynsanyň kalby, onuň jany Allanyňkydyr. Öz janyna kast eden adamyň günäsi çökder uludyr. Birinjiden, ol Alla-Taglanyň öz bendesine beren amanadyna kast etdi. Amanada kast etmek dowzahdandyr. Ikinjiden, ol Alla-Tagalanyň erkine garşy gitdi. Alla-Tagala öz bendesine jany amanat berip, soň ony haçan yzyna almalydygyny gowy bilýändir. Onsoň hem her bir dert, agyr kynçylyk, hasrat Belent-Taňrydan öz bendesine synagdyr. Bendesi, Allaha şükür ýediň şol kynçylyga sabyr etse, oňa döz gelse, Beýik Ýaradanyň oňa çäksiz ýalkawy bardy. Emma Kuzman şol synaga döz gelip bilmedi. Her bir kapyr, her bir Taňryny bir bilmedik ynsan Allanaň, beýik synaglarynyň öňünde namartlyk edýändir. Oňa diňe çyn musulman dözüm edip biler. Ine, şu ýagdaýlar üçin hem Kuzmanyň, jaýy dowzahdyr. Beýle ýaramaz ölümiň ýakymsyz göreldesi hem bolýandyr. Ýarawsyz, ejiz, gorkak, namart adamlar ýowuz synag bilen ýüzbe-ýüz gelende namartlyk edip, Allanyň mülküne kast edýändirler! Olaryň jaýy dowzahdyr. Guşluk wagty bolupdy. Ýaşlar Resul Allanyň eline suw akyzdylar. Şondan soň beýlekiler hem gollaryna suw aldylar. Orta toýlan nygmatlar, tabaklarda çekilen naharlar, Resul Allanyň nazarkerde didary bu gün toýy ýadyňa salýardy. Umuman-a, diňe bir Ashaby suffalar üçin däl, külli musulman üçin Muhammet pygamberiň mübärek didaryny görlen gün, onuň ellerini eliňe alan pursadyň, toýdy. Eshaby suffalar bu gün şu diýara myhman adamlardy. Olar Gurhany ýat bekländen soň, Resul Allanyň sünnetini, şerigat amallaryny gursaklaryna ýagşy guýanlaryndan soň, Muhammet pygamber olaryň iň pähimlisini, danadan wepalysyny ýakyn-u-daş ýurda, çarwa obalaryna, Mekge, Efiopiýa, şu töwerekleriň obalaryna din-yslamy wagz etmek, Gurhany düşündirmek üçin iberjekdi. Gidenleriň ýerine bolsa öz nobatyna duranlardan täzelerini almalydy. Şonuň üçin Resul Alla bu adamlary özüne juda ýakyn tutup, olara maslahatlar berýärdi, sargytlar edýärdi. Şeýdip, älem illerine Gurhany-Kerimi, din-şerigaty ýaýmaga gidenlere, «Resul Allanyň özüni gördüm, ol pylan meselede pylan diýdi» diýmekden uly şaýatnama gerek däldi. Şonuň üçin Eshaba suffalar birneme howlugýardylar. Olar şerigat, Gurhan meselelerinde gaty köp zatlary bilmek, düşünmek isleýärdiler. Saçak ýygnalandan soň, Muhammet pygamber eline suw aldy. Ol: – Tagamyň berekedi, öňünden hem-de soňundan eliňi ýuwmakdyr – diýdi. Eshaby suffalar bu sözleri şol bada hata geçirdiler. – Resul Alla serwerimiz! – diýip, maşgalasyz, öýsüz, öwzarsyz, indi Medinä gelneni bäri şu bassyrmanyň astynda gün görüp ýören, danalygy, Gurhany Kerimi ýatdan bilýänligi, Resul Alla wepalylygy üçin mugallymçylyga geçirilen goja kişi söz sorady. – Bir mesele bar, mümkin bolsa, soraýsak!.. – Soraň! Ol goja edep bilen iki dyzyna galdy. – Resul Alla serwerimiz, zulmy haramlar nämelerdir? Zulmy bolmadyk haramlar nämedir, şolaryň bir arasyny açyp berseňiz... Resul Alla şeýle sowallaryň berlenine begendi. Bu sowal musulman bendesiniň päkize kämilligini nyşanydy. Onuň bu dünýäniň-haramyny, halalyny saýgarmak, olary biri-biri bilen garyşdyrmazlyk baradaky ruhy gözlegleriniň nyşanydy. Ol birwagtlar Iblis-Şeýtany ýanyna çagyryp, onuň bilen söhbetdeş bolanyny ýatlady. Şonda Iblisiň jogaplaryny seljeripdi. – Eý, lagyn, oturanyňda dostuň kimlerdir? Şeýtan: – Peýda görüji. – Dostuň kim? – Zyna kylyjy. – Ýatanynda dostuň kim? – Mes, serhoş, arak içiji. – Myhmanyň kim? – Ogry. – Ilçiň kim? – Gözboýagçy. – Gözüň nury kim? – Talak. – Söýgüliň kim? – Juma namazyny taşlanlar. Resul Alla Şeýtany has beter gyssap başady. – Eý, lagyň seni näme hapa edýär? – Din ugrundaky söweşde atlaryň kişňeýşi. – Göwnüňi näme eredýär? – Toba edenleriň tobasy. – Bagryňy näme dilýär? – Gije-gündiz Alla edilen dilegler. – Ýüzüňi näme bürüşdirýär? – Gizlin berlen sadaka. – Gözleriňi näme ker edýär? – Gije ýarymynda okalan namaz. Resul Aýala bu lagyny diňläp-diňläp, ahyrynda bir pähime gelipdi. «Ynsany musulman dinine salyp, ony dowzah belasyndan halas etmek üçin, ilki bilen zulmy hem-de zulmy boýamadyk haramylyklardan päklenmeli...» Ol bu möhüm meseläni il geňeşinde açmak isleýärdi. Ine, bu gün Alla tarapyn, enşalla, bu gürrüňi açmagyň ýeri gelipdi. – Eziz musulmanlar! Zulmy haram, ine, şulardyr! – Sizi ölüme kast etmedigi öldürmäň. – Birini urup, kesip, beden agzalaryny aýyply etmäň. – Hiç bir janawary oda ýakyp öldürmäň. – Haýwanlaryň ýüzüne urmaň. – Ynsana haýwana hergiz zulum etmäň. – Hiç kimiň malyny ogurlamaň. – Hiç kimiň malyny talap almaň. – Amanat alan zatlaryňyzy uzak saklamaň gaýtaryň. – Ýetimleriň malyna hyýanat etmäň. – Suwy hiç kimden gysganmaň. – Ýalan sözläp, hiç kime zelel ýetirmäň. – Biriniň üstünden gülmäň. – Birine töhmet we myjabatlar atmaň. – Ýogalyp giden adamlaryň aýyplaryny aýtmaň. – Mömün kişä kapyr diýip sögünmäň. – Birini ata-enesi, asly sebäpli kemsitmäň. – Zyna edeni dogry bolmadyk kişige «zynahor» diýmäň. – Şübhe edip, öz aýalyňyzdan dogan çaga meniňki däl diýmäň. – Birewiň gepini birewe getirip, öjükdirmäň. – Iki duşman tarapyň arasynda gezip, ikiýüzlilik etmäň. – Biriniň sözüni bölüp, öz sözüňizi geçirjek bolmaň. – Sadaka sorap gelen gedaýa jabjynmaň. – Resul Allanyň şanlaryna gelşiksiz söz aýtmaň. – Ata-eneňizi hiç haçan ynjytmaň. – Alym kişilere agyr söz aýtmaň, hormatlaň. – Birini gyjalat berip, gorkuzmaň. – Gyz çagany öz halanyndan başga birine zorlap berjek bolmaň. – Bir kişide ýok häsiýetleri aýdyp, öwüp, ýaranjaňlyk etmäň. – Aýalyňyzy taşlap, dört aýlap sapara gitmäň. – Bigünä, arassa aýalyňyza zynahor (ahlaksyz), diýip töhmet atmaň. – Beren ähtiňizi bozmaň. – Häkim ýa-da ýolbaşçylar öz gol astyndakylara zulum etmesinler. – Adyl patyşa we möminler emiriniň buýruklaryna garşy çykyp, boýun egmezlik etmäň. – Halk arasynda uruş, duşmançylyk we dawa-jenjele sebäp bolýan pitne salmaň. Muhammet pygamber soňra zulmy bolmadyk, ynsany imandan aýyrýan haramlary düşündirdi. – Imansyz bolmaň. – Alla-Tagala her hili sözleri aýtmaň. – Alla-Tagaladan başga gurban bermäň. – Palçy bolmaň. – Jady, gözbaglaýjy işler bilen meşgul bolmaň. – Günä işlere ýardam bermäň. – Süýthorluk etmeň. – Öz janyňyza kast etmäň. – Üç günden artyk kine saklamaň. – Gurhana özüňizçe many berip, teswir etmeň. – Erkekler tylla ýüzük, tylla zynatlar dakynmasyn. – Zynanyň golaýyna barmaň. – Adalat bilen üpjün edip almasaňyz, iki aýal almaň. – Aýalyňyza bir gezekde üç sapar talak bermäň. – Tagamy harlamaň. – Arak içmeli däl. – Keýp beriji närseleri ulanmaň... – Resul Alla haýran galdyryjy ýatkeşlik hem-de juda dürslük bilen sanaýardy. Onuň janyňa derman bolup eşidilýän owazy edepden, päklikden, päkizelikden doludy. Şol mukaddes pähimler ýüreklere galyp bolup galýardy. Muhammet pygamberiň haram edýän, gadagan edýän närsesi, mukaddes jennet umydydy. Olar şeýtanyň gözüniň ýaşlarydy. Ol ynsanlary dostlaşdyryjy, arassalaýjy, päkizeleýji buşlukdy. Oturanlar Resul Allanyň pähim-paýhasyna gulak asyp oturanlaryna bu mukaddes sözleriň Alla tarapyndan onuň gursagyna guýulýandygyna ynanýardylar. Oňa uçursyz haýran galmak bileň tükeniksiz hormat goýýardylar. «Ýok, munça paýhas, munça edep, munça sahawat bir beýnä, bir gursaga sygyp bilmez...» diýip, oturanlaryň käbiri haýran galmak bilen oýlanýardy. Resul Alla bu sowala jogabyny tamamlap-tamamlamanka, Ashaby suffalaryň onusy birden ornundan turdy. Resuly Kerim serwerimiň biziň hem bir sowalymyz bardy... – Eziz pygamberimiz, biziň hem bir sowalymyz bar. – Mende-de bir, sowal bar. – Mende-de... Olaryň birtopar bolup, özelenişip durmasy diňe bir Resul Allany däl, sahabalary, beýleki musulmanlary hem geň galdyrdy. – Aýdyň! – Ýeke-ýekeden aýdyberiň! – diýip, Resul Allany bu adamlaryň ýadadýanyna dözmedik hezreti Omar oturyp bilmän aýtdy – Gözümiziň röwşeni Resul Allany ýadatmalyň... – Resul Aýala serwerimiz – diýip, otuz ýaşlaryndaky, heniz öý-işikli, aýally-çagaly bolmadyk ýigit ilkinji bolup söz aldy. Ol: – Köp aýal almak meselesi barada aýtsaňyz. Kän aýal almak dürsmidir. Ony Belent-Taňry halarmy, halamazmy... Bu sowal şu bassyrmanyň astynda oturanlaryň köpüsiniň köňlüni biynjalyk edýän sowaldy. Çünki, Mekgede, Medinede, beýleki arap ýurtlarynda köp aýal alyp, onuň üstesine-de birtopar gyrnagy bilen ýaşaşyp ýörenler bardy. Hezreti Ebu Bekiriň, Omaryň, Osmanyň, galyberse-de Resul Allanyň özem birnäçe aýal alypdy. – Eger köp aýal alyp bolýan bolsa, Taňry näçe aýal almaga rugsat eder? – diýip başga biri sorady. – Ýetimiň hakyny iýmek näme? Onuň günäsi näme bolar? – Talak barada aýdyp beriň. Resul Alla bu sowallaryň ählisiniň bir çugdamyny gördi. Bu sowallar ýene ýere berlenokdy. Resul Allanyň dört aýalynyň dawasy tutuş Medine ýaýrapdy. Şonda adamlaryň ýadyna köp aýal almagyň peýda-sogaby, talak, ýetim gyza, dul aýala, gyrnaga öýlenmek meseleleri düşüp başlapdy. Ýakynda, has dogrusy, 625-nji ýylyň aprelinde Resul Alla Biribaryň «Aýallar» süresi inip başlapdy. Resul Alla şol süräniň bölekleri barada geçen juma namazlarynyň birinde agzapdy. Ýöne ony musulmanlara doly açmaga onuň öz ýagdaýy-da bolmandy. Sebäbi entek bu süre doly inmändi. Alla-Tagaladan wahyý gelende, onuň tutuş many-mazmuny, belli-belli süreleri aýan bolsa-da, heniz dolylygyna gelmeýän pursatlar bolýardy. Şonda Resul Alla tä açmaga rugsat bolýança, ol süreni ile aýan etmeýärdi. «Aýallar» süresiniň aýanlygyna ýaňy-ýaňy ejaza berlipdi. Şonuň üçin ony indi açmalydy, işi aýan etmelidi. Özüni hem tutuş halka günübirin aýan etmelidi. Sebäbi häzir Medine halky juda çylşyrymly suratlary başyndan geçirýärdi. – Eziz doganlarym! – diýip, Resul Alla ýuwaşja sözläp başlady. Ýöne ol häzir ýuwaşja sözlese-de, onuň mübärek owazyny külli älem eşdýärdi. Perişdeleriň, yns-jynslaryň gulagy häzir bu eziz ynsanyň owazyndady. Ol häzir Belent-Taňrynyň keramatly sözüni ynsana buşlamalydy. – Badr jeňi, Uhut urşy musulman bendeleriniň alynda köp kynçylyklary goýdy. Bu uruşlarda men-men diýen eziz doganlarmyz şehit boldy. Olaryň aýallary, gyzlary, ýaş çagalary ýetim galdy. On müň ilatly Medine şäherinde iki ýüze golaý aýalyň, olaryň bala-çagalarynyň ykbalyny nähili çözmeli? Biz bu işleriň çözgüdini açyp bilmeris. Ony diňe bir Ýaradanyň özi aýan edip biler. Indi, biziň dilegimiz kabul boldy. Beýik Rebbim bu kyn işleri bize çözüp berdi. Ýakynda gelen aýatlarda aýallaryň meselesi-de, talak-da, ýetimleriň haly-da, halal-da, haram-da öz çözgüdi bilen bar... Resul Alla şu sözleri aýdandan soň, jaýlaşykly oturdy. Soň ap-ak, ýüpek seçek kimin barmaklaryny ýygnady-da, gollaryny galdyrdy. Ol Gurhanyň «Aýallar» süresinden mukaddes aýatlary howlukman okap başlady. – «We ýetimlere olaryň öz mallaryny beriň we siz haram maly öz halal mallaryňyzyň öwezine çalyşmaň. – We siz ýetimleriň malyny öz mallaryňyza goşup iýmäň. Çünki zähmet hakyňyzdan artygy haramdyr... (Gurhan. 4-nji süre. 2-nji aýat).» Resul Alla Gurhany Kerimi okamasyny birden kesdi. – Ýetimleriň maly beýlekiler üçin haramdyr. – diýdi. Ol soňra ýene-de okap başlady. – «We eger siz ýetim gyzlary öz nikaňyza alanyňyzda «olara dogrulyk bilen garap bilmeris» diýip gorksaňyz, bes, siz olardan başga halan aýalyňyzdan ikiden, ikiden (ikisini), we üçden, üçden (üçüsini), we dörtden, dörtden (dördüsini) nikalap alyň...» Muhammet pygamber ýene-de okamasyny goýdy. – Eý, musulmanlar, biliň, Alla-Tagala size dört aýal almaga rugsat berdi. Erer nikalap alsaňyz, size dört aýal halaldyr. Resul Alla ýene-de okap başlady. – «Bes, eger-de siz ol köp aýallary deň tutup bilmeris diýip gorksaňyz, bes, bir azat aýaly nikalap alarsyňyz ýa-da malym-nikam (bazardan satyn alan gyrnagyňyzy) ýoly bilen ýa-da başga bilen eýe bolan gyrnagyňyzy alarsyňyz. – Şu bir aýal bilen ýa-da gyrnak bilen çäklenmegiňiz siziň dogrulykdan dänmezligiňize golaýdyr. (Gurhan. 4-nji süre. 11-nji aýat).» Muhammet pygamber gollaryny göge uzadyp, mähriban didelerini çalaja ýumup, gussaly halda okap otyrdy. Onuň owazyna garylyp, Alla-Tagalanyň äleme taý gelýän parasatly sözi umydygär köňüllere dolýardy. – «Belent-Taňry perzentleriňiz hakynda size höküm eder. Bir adam wepat bolup, yzynda çagalary galanda, şol çagalardan bir erkek adama iki aýalyň hakydyr... (Gurhan. 4-nji süre. 11-nji aýat).» Resul Alla ýene-de azajyk sägindi. – Musulman bendeleri! Siz şu sözlere berk gulak goýuň. Size öz ejeleriňizi we gyzlaryňyzy we aýal doganlaryňyzy we kakaňyzyň aýal doganlaryny we daýzalarňyzy, erkek doganlaryňyň gyzlaryny we aýal doganlaryňyň gyzlaryny size süýt beren (emişmek bilen) ejeňizi we emşen aýal doganyňyzy we aýallaryňyzyň ejesini we siziň bilen ýatan aýallaryňyzyň siziň garamagyňyzda terbiýe alýan gyzlaryny aýal edinmek haram edildi. – «We siz öz biliňizden emele gelen ogullaryňyzyň aýallaryny we siziň iki aýal doganyň arasyny birleşdirip olary aýal etmegiňizi size haram edildi, megerem bu bihaýaçylyklar ozalky wagşyçylyk zamanyndan geçdi. (Gurhan. 4-nji süre. 23-nji aýat).» Resul Alla aýallar barasynda sowal berip, özlerem iki dyzlaryna galyp, hem diňläp, hem ýazyp başlaryna gaý bolup oturanlara garap, ýene-de okap başlady. – «Eý Muhammet (a.s.m), aýallaryň nikasy hakynda saňa sowal berýärler. – Eý Muhammet (a.s.m), sen ol sowal berýänlere Alla-Tagala size aýallar hakynda öz hökümini beýan eder diýip aýt. (Gurhan. 4-nji süre. 127-nji aýat).» Oturanlar haýran galyp, töwerege garanjakladylar. – «We siz aýallaryň arasynda hergiz adyllyk edin bilmersiňiz we eger-de siz barabarlygy nepe isleseňiz-de (Gurhan. 4-nji süre. 129-njy aýat).» – «We är-aýal biri-birlerinden aýrylyşsalar Belent-Taňry özüniň gudratynyň giňigi bilen erkek adama aýaly we aýala täze äri nesip etdirer (Gurhan. 4-nji süre. 130-njy aýat).» Resul Alla bu süräni şeýle takyk, şeýle zaryn hem-de keramatly owaza ýugrup okady. Şonuň üçin bu bassyrmanyň astynda oturanlaryň süňňüniň lagşap, bir-ä ýanar otlara, birem gagşadyjy buzlara düşmedigi ýokdy. – Onda, Resul Alla serwerimiz, Alla-Tagala talaga rugsat berdi-dä – diýip, başga biri sorady. – Alla-Tagalanyň rugsat berenleriniň içinde, onuň iň halamaýany talakdyr – diýip, Resul Alla öz pikirini daşyna çykardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |