17:23 Muhammet pygamber -5: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM 1. Eý, Muhammet (s.a.w), Seniň belent terbiýeçiň bolan belent Taňry seni taşlan däldir we seni duşman hem hasaplan däldir. Seniň belent Taňryň seni ýetim ýagdaýynda tapmadymy... Gurhan. 93-nji süre. 3-6-njy aýat. Banu Saad taýpasyndan ugran kiçeňräk kerwen Mekgä barha golaýlap gelýärdi. Semiz, ak maýanyň üstünde gujagyna dört ýaşlyja oglanjygy alyp oturan garaýagyzdan dolmaç, görmägeý aýal bady-baran bolup aglap gelýärdi. Indi telim gündür aýalynyň gözýaşynyň kepemeýändigine ýüregi awap gelýän al Haris kerweniň başyny çekip barşyna, gaýta-gaýta yzyna gaňrylýardy. Ahyrsoňy ol kerweniň ygtyýaryny öz kömekçisine berdi-de, ak maýanyň gapdalyndan dözmezçilik bilen ýöräp başlady. – Halyma, daýym gyzy besdir, şunça gözýaş dökdüň, aglamakdan doýmadyňmy?! Ikimize soňam Banu Saad taýpasynyň içinde ýaşamak gerek ahyryn. Il-gün kör däl-ä, seniň öz çagalaryňa etmeýän halyňa, bu ýetim çaga beýle jan çekişiňe il bir gülmesin. Halymanyň derdi täzelenen ýaly boldy. Ol eňräp başlady. – Jan doganlar, göwsümden ak süýt berip, alty aýlyjak wagtyndan bäri bakyp-bejerip, mährimden mähir berip, köňül dünýämden jaý berip, indi men ony nädip yzyna gaýtaraýyn. Onuň «eje jan» diýip jennet owazy bilen saýraýan dilini haýsy bagdan tapaýyn. Onuň mübärek ýüzündäki päkize nury haýsy gijäniň Aýyndan alaýyn. Onuň mähribanlygyny haýsy ilden soraýyn. Öz çagaň diýýäň men muňa öz göwsümden süýt berip eklänimden soň, näme, öz çagam saýmaýynmy. Munuň mährini berjek çaga bir barmyka dünýäde... Ol eňreýärdi. Banu Saad taýpasynyň beýleki aýallary hem başlaryny yraşyp, Halyma duýgudaşlyk bildirýärdiler. Olar hem bujagaz oglanjygyň nähili mähribandygyndan habarlydylar. Olar Halymanyň derdine düşünip, oňa duýgudaşlyk bilen başlaryny yrap otyrdylar. Özlerem al-Harisiň Halyma iňirdemesine dözmän: – Wah, bular bir erkek kişid-ä. Bularyň ýüregi daşdan hem gaty-da. Ýogsa olaram düşünerd-ä. Heý, beýle mähriban çagany elden giderärsiňiz-dä, aglamazmyň. – Wah, hawa-la, bu çagajygyň ýüzüniň nury hem bir obanyň rysgalyna degýär ahyryn. Indi iki ýüz kilometre golaý ýoly paý-u-pyýada geçip, halys surnugyp gelýän Al-Harisi bu igençler halys edýärdi. Ol özüniň degnasyna deglenine çydaman: – Men Ahmet jany (Muhammedi) gaty gowy görenim üçin jan guzymsyz adyny tutan däldirin. Ony şirin janymdan artyk görýändirin. Soraň ejesinden men dört ýyl bäri ony boýnumdan düşürdimmi?! Nähili gowy görende-de araplarda: «Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram» diýýändirler. Ol bize amanat. Haky üçin dört ýyla golaý wagt sakladyk. Gözümiziň ýagyny gaýmak edip iýdirdik. Ýüregimiziň bagynda sallançak gurup, şoňa salyp üwredik. Nätjek! Şeýtmeli boldy-da ...Al-Harisiň aýdýanlarynyň ýalan ýeri ýokdy. Barysy dogrudy. Ýöne Halyma Muhammede halys göwün beripdi. Onuň özüniň hem iki ogly bilen iki gyzy bardy. Ýöne soň çagasy bolmandy. Şonuň üçin kiçi ogly Abdyllany hamraklygy üçin emdirip ýördi. Muhammet öýüne gelenden soň ol kiçi ogly Abdyllany süýtden aýyrdy. Soňra bu bäbejigi emdirip başlapdy. Bu bäbejik onuň göwsünden ak süýdüni sorup alyp, onuň ýerine ynsan ogluna henize çenli ýat bolan bir üýtgeşik mähri guýupdy. Ol mähir onuň tutuş bedenini däl, duýgularyny, aklyny hem özüne bendi edip taşlapdy. Şeýdibem bu bäbejik onuň älem-jahan yşkyna öwrülip galypdy. Ol geçi sagyp oturan ýerinden hem, sen ýok, men ýok, turýardy-da, öýüne bakan ýüwürýärdi. Uly gyzynyň gadyr bilen göterip ýören çagajygyny ur-tut alýardy-da, süýtden dolup, dyňzap duran göwsüni bäbejigiň ýaňy dogan Aýyň şekli ýaly näzijek dodajyklarynyň arasyna salýardy. Soň bolsa bu bäbejige tüýs ýürekden aşyk bolup, ýüzüne sereder-sereder oturardy-da: «Wah, menem bu çagajygyň mährinden bir ganarmykam?!» diýip samraýardy. Şol oturyşyna-da ýadawlygy, gaýgy-gussany, güzeran azaplary birsalym unudýardy. Göwni süýjiden-süýji hüwdülere atygsaýardy. Nury didäm Muhammet! Nurly gijäm Muhammet! Saýrak şeýdam Muhammet! Toýlarda atyň ozsun! Illerde bagtyň ozsun! Obaň Aý dek gyzlary! Balama hatyn bolsun! Aýdan assam badyňy, Ile ýazsam adyňy, Nurdan gandyr ejeňi, Soňra ýakyn-ýadyňy... Hüwdüleri onuň özi düzýärdi. Ýogsa bu çagajygyň mähribanlyga beýleki hüwdülere sygar ýaly däldi. Ol hüwdüleriň derkary-da ýokdy. Asyl, bu bäbejigi gujagyna aldygy, gursagy mähirdenmi, hüwdüden dolup daşýardy. Bäbejigi onuň göwsüni emdigi saýyň onuň öwezine gursagyna üýtgeşik bir süýjülik ornap gidýärdi. Onuň nämedigine ol düşünenokdam, ony ile-güne düşündirjegem bolanokdy. Ony düşündirip biljegem däldi. Halyma şo-ol gyş aýynda adamsy bilen Mekgä gidişlerini ýatlady. ...Ol ýylyň gyşy agyr gelipdi. Öňem tomsuny, güýzüni gurakçylyk belasyna gark eden tebigat, gyşyny gazaba tutupdy. Sowuk ýagyşlar, şatylama aýazlar Banu Saad taýpasynyň gününe gar ýagdyrypdy. Ol ýyl bu ýerleriň ilatynyň hemmesi-de ýaýnap gün görenokdy welin Mekgäniň halkynyň ýagdaýy has agyrdy. Kuraýyşlar bilen arap çarwa taýpalarynyň arasynda söwda gitmek, kerwen gatnatmak, çapawulçylyk meselelerinde ýüze çykan agzalalyklar, Ýemen şasy Amrahanyň goşun sürüp gelmegi, bu töwerekleriň süri-süri düýesini olja almagy, onam asman Şasynyň bir salymyň içinde weýran edip taşlamagy, bu iliň rysgalyna juda uly zarba bolup urlupdy. Mekge bilen Ýasrip aralygynyň obalarynda, çarwalarynda bolan görlüp-eşidilmedik gurakçylykdan özüni zordan gyşa atan mallar hem beýle gazaply gyşa çydap bilenokdy. Olar süri-süri bolup gyrylýardy. Söwdanyň hem ugry ýokdy. Kuraýyşlar bilen aradaky dawa arap çarwalaryny söwda etmäge Mekgä gelmäge çekindirýärdi. Olar geläýin diýende-de mallaryň sowukdan ýaňa bagrynyň eräp, gyrlyp gutaryp barmagy, il-günüň beýle zabun gyşa gabat gelmegi, olaryň elini has ýukaldypdy. Onsoň adamlar bazara haryt çykarmakdan geçen güzeranlaryny dolap bilseler han bolduklaryd. Emma şel hem her bendä ýetdirip duranokdy. Mekgä bazarlary hiç haçan hem şu ýylky ýaly, takyrap galanokdy. Mekgelileriň gury, peýnir, gatyk, süýt, ýüň, deri satyn almak üçin ýyllar boýy taýýarlap ýören harytlary şol durşuna durdy. Olara bu ýakynda hyrydaryň tapyljagam gümanady. Emine bu gahatçylygy öz bagtyndan gördi. «Bah, başymyň şamçyragy Abdylla, sen diri bolan bolsaň, bizi hor edermidiň...» Ol Abdyllany ýatlap, bu kynçylykly günlere bes gelip bilmäň zar-zelil eňreýärdi. Abdyllanyň ölümi juwan ýaşly, gözeller içiniň serweri, Aý ýüzli mähriban gelin Emine üçin çensiz-çaksyz agyr urgy bolupdy. Abdylla ony nähili eziz görýärdi. Olar biri-biriniň mährinden hiç haçan ganyp bilmeýärdiler. Ýogsa, durmuş gurmalaryndan ozal olar biri-birini hiç haçan hem görmändiler. Abdyl Mutalyp eziz görýän ogly Abdyllany öýerermen boldy. Bu ogluny gojanyň eziz görmesi ýöne ýere däldi. Abdylla juda işeňňirdi. Oňa bir işi buýur-da, gaýdyber. Ol şol işiň kemini-kössüni goýmaýardy. Şonuň üçin mekgelileriň Abdylla bilen iş salyşýanlarynyň ondan razy däli ýokdy. Gojanyň özem bu dilsiz, agyzsyz oglundan juda razydy. Çünki, Abdyllanyň kakasyna «ýok, «etjek däl» diýen wagtyna, ýa-da oňa söz gaýtaryp duranyna gabat gelen adam ýokdy. Abdylla tebigaty boýunça juda asyllydy. Ol az sözlärdi, az iýerdi, az uklardy. Onuň üstesine-de, Abdylla juda görmegeýdi. Bu etraplarda onuň ýaly nuranadan hoşsyrat ýigit ýokdy. Onuň ýüzüniň nury görenleriň aklyny haýrana goýýardy. Ylaýta-da, Mekgäniň juda gurply baýlarynyň ýetişip, özüne göwni ýetýän gyzlarynyň ählisi diýen ýaly Abdyllanyň aşygyňy. Bir sapar, Abdylla ýüz düýe hun tölenip, onuň jany halas edilen wagtlarydy. Baraka B.Nefweliň uýasy Rukiýe ony saklady. – Abdylla, sen az salym aýak çeksen-e – diýdi. Abdylla sesini çykarmady-da, aýak çekdi. Bu görmegeýden näzik zenan uýala-uýala habaryny aýtdy. – Abdylla, sen maňa öýlenmersiňmi! Abdylla onuň ýüzüne geň galyp garady. – Ýok-la, men saňa öýlenip bilmerin. Ol gyz özelendi. – Abdylla, men saňa aşyk. Sen maňa öýlen. Eger maňa öýlenseň seniň üçin gurban edilenje düýäm bar. Men şolary saňa bereýin. Abdylla oňa ýeke sapar «ýok» diýdi-de, öz ugruna gitdi. Çünki, ol juda akyllydy. Öz ýüzündäki nuruň amanatdygyna ol gowy düşünýärdi. Abdyl Mutalybyň ogly, heý, amanada kast edermi?! Ine, goja Abdyl Mutalyp Abdyllany şonuň üçin gowy görýärdi. Ogly juda arassady, päkdi, halalzadady. Abdyllanyň bu etraplaryň gyzlaryna gabagynam galdyrman ýörenini bilensoň, Abdyl Mutalybyň özi ogluna gyz saýlamagy ýüregine düwdi. Ol kän oýlandy. Şu mähriban ogluna alar ýaly gyz bar ýerini kellesine hiç getirip bilenokdy. Telim gün oýlanandan soň onuň niýeti daşgynrak garyndaşy, babadaşy bolan abraýly kuraýyş Wahab ibn Abd Manaf ibn Zühräniň üstünde saklandy. Ol günleriň birinde, aýaly Patmany ýanyna aldy-da Wehabyň öýüne bardy. Wehab ibn Abd Manaf öz babadaşyny gaty gadyrly garşylady. Ony töre geçirip, öňüne saçak ýazyp, baryny-ýoguny çykaryp, olara hödür etdi. Soňra olar uzak mahallap söhbetleşip oturdylar-da, ahyr soňunda Abdyl Mutalyp özüniň gadyr goýup gelmeginiň sebäbini aýtdy. – Babam ogly, men-ä oglum Abdylla üçin seniň aý ýaly gyzyň Emine jany gelinlik soramaga gedim. Nädersiň, gyzyňy meniň ogluma gelinlige berermiň?! Wehab juda mert adam eken. Ol ýeke sapar ýüzünem çytmady. Gaýta gül bolup açyldy. Bir diýen sözi: – Kemi ýok! – diýdi. Wahabyň begenji ýöne ýere däldi. Abdyl Mutalyp tutuş Mekgäniň iň bir sözi diňlenýän aksakalydy. Tutuş Käbe aýmançasynyň ygtyýary hem şonuň elindedi. On-on iki ogully bu kişi bilen garyndaş bolsaň, diňe bular däl, tutuş haşamylar seniň arkaňda dag ýaly bolup durjakdylar. Wehabyň özem kiçi-girim adam däldi. Ol Beni Zühre taýpasynyň kethudasydy. Onsoň şeýle hossaryň bolsa, tutuş tiräň bilen ýalkandygyňdy. Onuň üstesine giýew boljak ýigit hem bu etraplarda nuranadan görmegeýligi, edepliligi, juda namysjaňlygy, halalhonlygy bilen özüni tanadan adamdy. Onsoň beýle adamlara gyzyňy bermäň eýsem, kime berjek. Wehab arzuw edende-de şundan gowyny tapmajagyny bilip durdy. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, Emine-de Mekge ilinde däl, tutuş Arabystanda iň eziz, mähriban iň owadan gyzlaryň biridi. Şonuň üçin Wahab ibn Abd Manafyň gyzyna bijaý göwni ýetýärdi. Diňe ol däl, tutuş il-gün «jelegaýlarda akyllylykda, owadanlykda, näziklikde, edep-ekramlylykda Eminä taý geljek gyz ýokdur» diýip gürrüň edýärdiler. Abraýy arşa çykan Abdyl Mutalybyň iň asylly, iň owadan ogly Abdylla üçin Eminäni sorap gelinmeginiň özem şony tassyklaýardy. Hakykatdan hem Emine owadandy. Onuň üstüni näzikden enaýy kirpikleri gallap duran käse ýaly gara gözlerinden mähir çogup durdy. Owuz ýaly ak, dolan aý ýaly tegelek ýüzünde melemtilden gara, ýüpek kimin ýumşajyk, lowurdap duran gara saçlary onuň gözelligini has hem artdyrýardy. Gyzyň uzyn boýy, inçe bili, meýdanly gursagy ýüzüniň mähribanlygy bilen utgaşyp gidýärdi-de görenleriň aklyny haýrana goýýardy. Dile çeper arap aýallary: – Ýaz bolmasa bolmasyň Emine jan bir ýylgyrsa, tutuş Mekge iline bahar geler, ýaz geler. – diýýärdiler. «Bu gyzyp bi her ýylgyrşy bir ömür-le» diýip aýtmaklary hem şonuň üçindi. Ine, goja Abdyl Mutalyp öz söwer ogly Abdylla şeýle gyzy saýlap-seçip, aldy-da, gyzyň kakasy Wahab ibn Abd Manafyň öýünde toý tutdy. Abdylla toýdan soň öz gelnini kakasynyň Käbeden dört ýüz-baş ýüz ädim gaýradaky pagsadan salnan penjiresi howlynyň içine garap duran jaýyna alyp geldi. Oňa ýaňy ýakynlarda öýi, rysgaly aýrylan Ebu Talybyň otagyny berdiler. Abdylla Eminäniň mähribanlygyny öz öýüne getirenden soň bilip galdy. Sary ýag ýaly ýumşak, ýüpek ýaly mylaýym, ajaýypdan owadan diýseň näzik didaryndan başga üýtgeşik mähre eýe häsiýetli bolup çykdy. Onuň pähimliden aýdyň sözlerinden janyna tenekar bolup barýan owazyndan ganma ýokdy. Şonuň üçin Abdylla ony çyn ýürekden söýdi. Öýünden çykanda hakyky erkek adama mahsus buýsanç bilen gadam urdy. Asyl, öň her sözüni dilinden çekip almaly Abdylla indi dilem açdy. Bir gün ol özi ýaly oglanlar bilen bir gurply söwdagäriň gurýan jaýynda günlükçilik edip, halys ýadap, sütüni süýnen halynda gaýdyp gelýärdi. Şonda Mekgäniň köçeleriniň bir öwrüminde onuň öňünden pete-pet çykan Rukiýedi. Emma bu sapar ol gyz diýseň sowukdy. Abdylla ýylgyrdy. – Rukiýe gyz, sen ýaman sowuk görünýäň-le. Öň-ä beýle däl ýalydyň. Rukiýe-de çekinip durmady. – Oň seniň maňlaýyňda bir üýtgeşik nur bardy. Emma indi şol nur seniň ýüzüňde ýalkym saçanok. Men seniň şol nurly ýüzüňe aşykdym – diýdi. Hakykatdan hem şol lowurdap duran nur indi Abdyllanyň ýüzünde ýokdy. Ol bu gyzyň aýdan jaýdar sözüne ýylgyrdy-da, öz ugruna gitdi. Çünki, onuň ezizi öz öýünde otyrdy. Oňa bu dünýäniň ýüzünde şondan başga zenan gerek däldi. Eminä öýlenenden soň Abdyllanyň häsiýeti üýtgedi. Onuň indi birneme gurplanasy, ýeter-ýetmez durmuşdan çykyp, gelni bilen özbaşdak, bagtly, döwletli ýaşasy gelýärdi. Şonuň üçin ol mekgeli käbir işýakmazlar ýaly, hiç wagt bikär gezmeýärdi. Mekgäniň içinde öz güýji ýetäýjek iş bolsa, hiç bir talapdan gaçmaýardy. Ýöne ol işleriň azaby ýeterlik hem bolsa, haky juda ujypsyzdy. Şonuň üçin ol Şama, Ruma gitjek kerwenlere goşulyp, söwda gidesi gelýärdi. «Mekgeliniň maňlaýyny söwda açar» diýişleri ýaly, söwda, uzak ýurtlara gidýän kerwenlere goşulmasaň, bagtyň açyljak gumany ýokdy. Muny onuň kakasam, agalary hem, arkadaşlarynyň ählisem gaty gowy bilýärdi. Söwda bu ýerde diňe bir rysgalyň däl, bagtyň mertebäniň hem açary hasaplanýardy. Özem söwda juda halal närsedi. Diýseň düşewüntlidi. «Çarwa çarwanyň yzyndan ýüz ýylda ýetmez, täjir täjiriň yzyndan bir saparda ýeter» diýipdirler. Şonuň üçin ol Şama söwda gidýänlere goşulsam diýip arzuw edýärdi. Ol bu arzuwyny gelnine-de aýtdy. – Emine, aý Emine jan! – Jaň agam ogly! – Abdylla öýlenen gijesi özüniň ýüzündäki nuruň aýalyna geçip, indi Eminäniň ýüzüniň şol nurdan ýaňa has mähribanlaşyp, lowurdap, öňki taýsyz gözelliginiň üstüne ýöne-de müň bir reňkli gözellige beslenen Emine işden aryp gelen adamsynyň öňüne ýazan saçagynyň üstüne öýde bar zatlardan: arpa çöregini, hurma, peýnir, düýe çalyny goýuşdyryp ýörşüne, jogap berdi. Abdylla her görende müň mertebe gözelleşýäň bu gün düýnküsinden müň esse gözelleşýän ezizleşýän gelniniň şirin janyna melhem ýaly bolup eşdilýän owazyna gark bolasy geldi. – Emine janym! – Janym, agam ogly! Abdylla durup bilmedi-de, baryp gelnini mähir bilen gujaklady. – Men indi hiç haçan ölmerin Eminäm. Ilk-ä kakam ýüz düýe berip, janymy satyn aldy. Indem sen maňa müň ýyllyk ömür berdiň. Ýöne bir zat bolar, men şony bilýän... – Aýdyň näme bolar, agam ogly?! Abdylla Eminäniň çäksiz owadan nur dökülip duran ýüzüne bagtyýarlykdan balkyldap duran misli ýaz çabgasyndan soň älemi tutup ýatan älemgoşar çogup duran ýaly, bigünä gözlerine garady. – Men seniň eziz gözleriňde eräp giderin-de, tutuş dünýäňi eýelärin... Emine bagtyýarlykdan ýaňa diňe bir gadymy Mekge ýurduny däl-de, älem jahany çirksiz bahara öwrüp, owadan ýylgyrdy. – Meniň ýürek-bagrymy eýeläp oturan synamda bar-a – diýip, ol elini gülgüne köýneginiň öň ýüzüni sypalady. – Sen meniň köňül dünýämiň eýesisiň. Daşymyň köşgi, başymyň täji arkamyň dagysyň... Abdylla bu hoşamaý sözlere, mähriban owaza eredi-de, gelnini gujagyndan goýberdi. Soň gelnine nähilidir bir süýji sözler aýdasy geldi. – Men şu gün şeýle bir ýadadym, ajykdym. Öýe gelsem dünýäni ýuwdaryn öýtdüm. Ýöne geldim-de ýüzüňdäki nury görüp, doýanja, guş ýalyja bolup galaýdym. Bir gün Abdylla işden gelip, gelniniň şeýle owadanlygyny, ezizligini, gözleriniň mähirden doludygyny aýdyň, onuň göwnüni götermek isledi. – Wah, agam ogly, bular sen bolansoň, seniň gözleriňe şeýledir, dünýä şirin-şeker bolanda, sen bolmasaň, men ony neýläýin. Indi sensiz maňa ykbal ýokdur, agam ogly. Meniň owadanlygym, süýji ömrüm seniň barlygyňdadyr. Çogly tomus ýaňy başlananda Abdylla keýpsiz halda öýe geldi. Emine ony ýylgyryp, begençli ýaly garşy aldy. Asyl, Abdyllanyň asylly, görmägeý didary Emine üçin ähli bagtyň şamçyragyňy. Ol hiç haçan hem böwrüni diňläp, ham-hyýallara batyp oturan maşgala däldi. Açykdy, ezizdi, ýöne Abdylla öýe geldigi onuň zenan dünýesi parlap güllerini açýan ýaza öwrülip, boz bulaklar çyrpynyp akyp, bossanynda şeýda bilbiller saýraşýan ýalydy. Ol häzir hem şeýle boldy. – Janym, agam ogly, aryp geldiňmi? Gel, eliňe suw akydaýyn aýagyňy ýuwup bereýin. Geç saçagyň başyna... Abdyllanyň pikiri agyrdy. Ol Eminäniň mukaddes didaryna garady-da agyr ýuwdundy. – Emine janym, sen meni diňle... Emine öýde bar nygmatdan saçagyň üstünde goýuşdyryp ýörşüne, birden elini böwrüne ýetirenini duýman galdy. – Janym, agam ogly, sizi biz iki bolup diňläris. – diýip degişdi. Soň tirsildäp duran böwrüni ýumşajykdan tutdy. – Jan-a! – Ol kimdir biri bilen gepleşýän ýaly boldy. – Kakaň janyň gelenini biläýdiňmi? Kakasy her sapar işden gelende içimden çykaýjak-çykaýjak bolýan ýaly. Gör, begenip, tirs-tirs edişini... Abdylla habaryny aýtdy. – Oglanlar üýşüp kerwen düzdiler. Maňa-da paý böldüler. Şama baryp, söwda edip gaýtjaklar. Kakama geňeşdim. «Git, bagtyňy syna» diýýär. Emma seni, ýeke goýup gitmäge ynsabym çatanok; Emine ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy. – Biz indi ik-ä! Indi Eminäniň ikigatlygy alty aýa barabardy. Çagajyga jan giripdi. Ýöne geň ýeri, Emine şu döwürde beýleki aýallaryň göwreli mahaly başyndan geçirýän azaplaryny ýekejesinem görmändi. Ne aş saýlady, ne-de ýüregi bulandy. Gaýta, gün-günden keýpi kökelýärdi. Çagajygyň agramy näçe artsa-da, ol ne agyry, ne-de agram duýýardy. Ilkinji sapar göwreli bolýan gelinler çekip çydap bolmaýjy yzalary, jepalary çekýärdiler, Emma ne baş aýlanma, ne ýürek bulanma diýen zady gördi. Ýöne onuň ýekeje alamaty, gün saýyn däl-de, sagat saýyn nuranalaşýardy. Onuň owadanlygy bu dünýäniň alamatlaryndan däl ýalydy. Bu ýerlerde, bu illerde görlen owadanlyk däldi, onuňky. Juda üýtgeşik owadandy. Ýüzüne sereden adamyny eredip barýardy. Ýöne-de bir alamat, Eminäniň göwnüne bolmasa, onuň içindäki çagajyk, onuň bilen gepleşjek bolýan ýalydy. Ol Emine näme diýse düşünip duran ýalydy. Kakasynyň gelenini, onuň keýpiniň nähilidigini bilipjik durana çalym edýärdi. Abdylla ýöne-de ýuwdundy. – Gel, Emine janym, maslahatlaşaly, men seniň sözüňe görä bolaýyn. Göwnündäkini çekinmän aýt, gal diýseň galaýyn... Emine ýöne-de ýylgyrdy-da, hoşamaý gepledi. – Özüň bil, agam ogly. Men bir aýal adamdyryn. Elbet-de, heý seniň didaryňdan doýup bolarmy!? Elbet-de, galsaň maňa gowy. Ýöne çyn arap ýigitleri özleriniň etjek işlerini özlerini gowy bilýändirler. Seniň eziz didaryň, seniň mertebäň meniň üçin ähli zatdan gymmatlydyr. Soň saňa: «Aýalynyň gepi bilen gepli boldy» diýmesinler. Seniň abraýyňa şikes ýetenden her hili kynçylyga dözenim gowudyr... Abdylla başyny atdy. – Emine janym, dogry aýtdyň. Gideýin bagtymy synap göreýin. Bu ýerde galanymda men saňa näme kömek edip biljek. Seniň özüň gaýratlysyň. Soň bir gün hezreti Emine: «Wah, dillerim gurasyň şonda näme üçin gitme diýip aýtmadym» diýip bagryny paralar. Kerwen ýola düşjek güni Abdylla gaty ir oýandy. Ol zeýtun ýagy bilen ýanýan öçügsije çyranyň ýalkymyna Eminäniň ýüzüne garady ýatdy. Soňam aýalyny ýumşajyk, «ynjytmanjyk» gujaklady. – Janym, hiç gidesim gelenok. Senden ýekeje salym hem aýrylasym gelenok. – Ol hamsykdy. Dogrudan hem Abdyllanyň ýola rowana bolasy gelenokdy. Ol ýola gitse, yzynda Eminä bir zat bolup, ony gaýdyp, hiç haçan görüp bilmejek ýaly duýgyny başyndan geçirýärdi. – Saňa seredip, hiç doýup bilemok. Men seniň gözleriňde eräp galsadym... Emine-de bozuldy. Muňa onuň içindäki bäbejik-de ynjalykdan gaçan ýaly boldy. Emine Abdyllanyň elinden tutdy-da, ony çagajygyň çalaja tirpildeýän ýerinde goýdy. – Bossanymyň daragtysyň, daglarymyň sütünisiň, diriliginde aýym-günüm, ölen günüm umydymsyň. Sag gidip, aman gelgeý sen. Hudaýlar ýoldaşyň bolsun!.. Abdylla gitdi. Onuň ähli çyragy şol pursat öçdi. Ol çyrag şol mähriban adam uzak ýoldan gaýdyp gelende lowurdap ýanmalydy. Ol çyraglar indi içerini däl-de, ýaş gelniň köňül dünýäsini röwşen nura öwrüp başlapdy. Abdylla gitdi. Jaňjagazyny jyňňyrdadyp ugran agyr kerweniň her basan ädimi Eminäniň ýüreginiň urgusyna öwrüldi. Onuň ýüregi kerwen ýörese, ýöräp, kerwen dursa durýan ýalydy. Abdylla gitdi. Ýaş gelniň ähli arzuw-umydy, ömri, ykbaly, şirin söýgüsi, şirin jany hem onuň bilen bile gitdi. Olary gaýtaryp, diňe Abdyllanyň özi getirip biljekdi. Abdylla bolsa gelenokdy. Bir aý geçdi, Abdylla gelmedi. Iki aý geçdi, Abdylla gelmedi. Üçünji aýyň içinde Şama söwda giden kerwen gaýdyp gelýärmiş diýen habar geldi. ...Emine şol agşam birhili begendi. Ol öz dildaryny eziz didaryny görjegine begendi. Onuň umyt-arzuwy, süýji ykbaly, şirin jany ertir gaýdyp gelmelidi. Onuň öýüne ýöne-de döwlet guşy gonup, şirin-şerbetli durmuş alyp gelmelidi. Ertir onuň sönen bagt çyraglarynyň ählisi gaýtadan röwşene gark bolmalydy. Abdylla kerwenden ozup gaýdyp, ýary gije öýe gelýärmişin. – Wah, şirin janym, agam ogly, sag-aman geldiňmi?! – diýip, Emine ony gujaklajak boldy. Abdylla ellerini daldalatdyrdy. – Dur, janym, ertir kerwen gelende meni ýoklap, gussa batma – diýip, men kerwenden ozup gaýtdym. Men Ýasribde jaý tutundym. Muhammedimem alyp, özüň bararsyň! – diýip aýtmaga gaýtdym. Emine oňa bakan özüni oklady. – Dur, agam ogly, ýadap gelensiň, geç töre, dynjyňy al. Men seniň eliňe suw akydaýyn. Aýagyňy ýuwaýyn. Çykar çokaýyňy, dolagyňy aýyr. Abdylla gussaly başyny ýaýkady-da, daş çykdy. Onuň gözleriniň ýaşy üzülen monjuklar ýaly bolup, bosaga pytyrap gitdi. – Dur, sen nirä barýarsyň, agam ogly. Bizi ýalňyz goýup nirä barýarsyň. Seniň Muhammet diýýäniň kim?! Emine Abdyllanyň yzyndan daşary okduryldy. Emma bosaga büdräp erbet ýykyldy-da, otagyň içine zyňlyp gitdi. Ol tisginip oýandy. Göwnüne bolmasa, bu düýş bolman hakykatdan hem bolup geçen ýagdaý ýalydy. Emine ýerinden turdy-da, çyrany ýakdy. Ol işige seretdi. Asyl Abdyllanyň gözlerinden paýrap giden bagy üzülen monjuk ýaly gözýaş damjalary heniz ýere siňibem ýetişmändir. Olar bu bosagada besse-besse bolup durdy. Emine ylgap daş çykdy. Göwnüne bolmasa, kimdir biri aňry-da gidip bilmän jaýyň burçunda horkuldap aglap duran ýalydy. – Abdyl-la-a! – diýip, Emine ýüregi ýarylan ýaly bolup gygyrdy. Onuň sesi ad-Dar ar Raktaa mähellesinden tä al-Hazwar bazaryna çenli bar jemendäni oýardy. Gaýnenesi Patma banu ýüregi ýarylan ýaly bolup gelende gelni Emine öýüň ortasynda özünden gidip ýatyrdy. Ýüwürjileri, gaýyn agalary içeri girip bilmeseler-de, goňşy gelinler ylgaşyp gelip onuň daşyny aldylar. Ertesi garaşylan kerwen ýetip geldi. Mekge adamlary sag-aman sapardan gelen adamlary uly söýünji bilen garşylaýardylar. – Hany, biziň Abdyllamyz görnenok-la?! – diýip, daňdanky bu şum habardan soň ýüregine ot düşen goja Abdyl Mutalyp göwnüne az-kem giňlik berip, çekine-çekine sorady. – Abdylla, şükür, oňat. Ol ýolda birazajyk näsaglady. Onsoň ýolda «Men Ýasribde daýymlarda birazajyk galaýyn-da, birneme özümi dürsäp baraýyn» diýdi – diýip – kerwendäkiler hiç hili howsalasyz zatsyz aýtdylar. Abdyl Mutalyp öýüne keýpsiz gaýtdy. Dogrusy, bu ýerde beýle bir howsala düşer ýaly zat hem ýok ýalydy. Emma gelniniň daňdan gören düýşi ony otdan alyp oňa salýardy. Şonuň üçin ol ogluny görmese ýüreginiň ynjalmajagyny duýdy. Şol günüň özünde uly ogly Harsini iň ýyndam düýederiniň birine mündirip, gyssagly Ýasribe ugratdy. Abdylla Şamdan gaýdanynda begenjinden iki bolup bilenokdy. Ol gelni Eminä, basym dünýä injek bäbejige sowgat baryny alypdy. Kakasynyň, ejesiniň, agalarynyň, uýalarynyň ýekän-ýekän atlaryny tutupdy. Ýöne, onuň göwnüne bolmasa, kerwen juda haýal ýöreýärdi. Onuň göwni bolsa, guş bol-da uçup, ezizleriň ýanyna şu günüň özünde ýetiş diýýärdi. Yssy howa, düşür, ýükle, ony daşa, muny daşa diýen ýaly agyr işler ýaş ýigidiň howuny basyp bilenokdy. Kerwendäkiler öň ulygyz ýaly ýuwaşja gezip ýören Abdyllanyň beýle işeňňirligine haýran galýardylar. Ol turmany, ýadamany, ýaltanmany bilenokdy. Janyny gaýgyrman işleýärdi. Göz boldumy, dil boldumy, bir gün irden turup, ýükleri düýelere urmaly bolanda ol özüniň, öňki Abdylla däldigini aňdy. Her dem saýyn ysgyny gaçyp, ähli deramaty aýaklarynyň astyna dökülip barýardy. – Meniň ýarawlygymyň ugry ýok – diýip, ol näçe boýun almajak hem bolsa, ahyr soňunda kerwenbaşa duýdurmaly boldy. Ol barha beterleýärdi. Ýüregi ýanyp durdy. Näçe suw içse-de, ol onuň teşne damarlaryna ýetenokdy. Kerwende bolsa sanlyja meşik bardy. Ýola çykylanda iň gymmat zat suwdy. Her owurt suw ölçeglidi. Şonda-da kerwendäkiler garaşyk edip, öz paýlaryny hem Abdyllanyň agzyna tutýardylar. Emma her zadyň öz ýagdaýy bardy. Kerweni suwsuz goýup boljak däldi. Şonuň üçin Abdylla berilýän suw hem çäklendirilipdi. Abdyllanyň bolsa ýüregine otlar tutaşyp barýardy. Bu gurak sähralaryň ähli yssysy oňa öwrülip, onuň ýüregine gapgarylan ýalydy. Ol oly öçürmek üçin tereň derýalar azlyk etjege meňzeýärdi. Bu ýagdaý birneme güne çekdi. Agyr kerwen Ýasribiň deňine geldi. Kerwenbaşy kerwendäki ýigitleriň iki sanysyna boşan meşikleri berdi-de, Ýasribden suw alyp gelmegi buýurdy. Abdylla-da özelenip başlady. – Menem alyp gidiň. Barybir size ýük bolup gelýän. Mundan aňry meni heläk etmäň. Bu bolşum bilen men Mekgä aşyp bilmerin. Ölsemem suwdan bir ganyp öleýin. Iliň içine alyp gidiň meni. Läşim çöl ýerlerde galmasyn... Kerwenbaşy näçe razy bolmasa-da kerwendäki ýigitler Abdyllanyň zarlap, ýalbaryp ýatmasyna dözmäň ony Ýasribe alyp gidip, daýylarynyňka aşyrdylar. Abdyllanyň haly harapdy. Ol daýylarynyňka getirileni bäri şol samyrdap ýatyrdy. – Emine jaň Muhammet jaň geliň! Geliň janlarym, geliň! – diýip, ol daýysy, daýzasy üçin düýbünden düşnüksiz zatlary samraýardy. Soň hem tiz-tizden özünden gidýärdi. Özüne gelende-de: – Emine jana ýetdikmi?! – diýip, ullakan owadan gözlerini delmindirip, töweregine garaýardy. – Hany, Muhammet jan – diýip soraýardy-da, jogaba-da garaşman ýöne gözlerini ýumýardy. Abdylla Mekgeden ýola rowana bolmanka, ýöne ýere gelni bilen geňeşmändi. Göwnüne bolmasa, ol şu sapar gitse, gaýdyp hiç haçan öz gelnini görmejek ýaly, alasarmyk duýgulary ýüreginiň gatlaryndan geçiripdi. Ol özüne: «Men seni görmejek bolsam, bu dünýäde näme işim bar, sensiz meniň ýüregim çatlamazmy...» diýip telim sapar aýdypdy. Ol öz howsalasyna basalyk berýärdi. Özüni köşeşdirýärdi. Ýöne ýüregi welin aglap durdy. – Men hökman gaýdyp gelerin. Emine jany-da, dünýä injek eziz çagamyň-da gül ýüzüni hökman görerin... – diýip, özüne gaýta-gaýta söz berýärdi. Häzir hem ol ýanar oduň içindekä, ömür bilen ölümiň tutluşygynyň aralygynda şol beren sözlerini, Mekgede başyndan geçiren duýgularyny undup bilmeýärdi. «Ezizim, Eminäm, seniň gözleriň ýoldadyr. Kerwen barsa, menem ýok bolsam, sen nädersiň janym. Abdylla, sen söz berdiň ahyryn» diýip zarlarsyň. Janym, Eminäm men baraýyň men baraýyn. Hiç bolmanda baryp ýagdaýymy bir aýdyp gaýdaýyň janym... Ol: – Kerwenden ozal barmaly! – diýip bir tisgindi-de, soň özünden gitdi. Soň bolsa gaýdyp özüne gelmedi. Ony daýylary, tutuş Ýasribiň adamlary üýşüp, daýylarynyň mülkindäki bagyň içinde jaýladylar. Harsy inisiniň üstüne ýetişmedi. Ol daýylarynyň öýüne ýetip barýarka, Abdyllanyň gölegçileri orlaşyp, işige gelipdiler. Ol diňe şol gölegçilere goşulmaga ýetişdi. Ol inisi üçin ýalňyz aglamaly bolupdy. Özüniň ähli garyndaş-doganlary, goja kakasy, uýalary, ejesi üçin Abdyllanyň mazarynyň ýanyna baryp, ýalňyz aglapdy. Ol şonda gaýgy-hasrata gark bolup oturyşyna öz eziz dogany Abdyllany ter ruhunyň öz daşynda pelpelläp: «Meniň Eminäm nähili, bäbejegimiz nähili?» diýip, zarlaýanyny duýup bilmändi. Ölümiň öz kanunlaryna baglanan ýigidiň ruhy bolsa şondan başga zada güýji ýetmän öz mazarynyň başyna baglanaň hesrete boýalyp galypdy. Abdylla diýip giden Harsy, Abdyllasyz dolanyp geldi. Tutuş Mekgä agyr ýasa batdy. Oglunyň ölümi goja Mutalyba juda agyr degdi. Onuň bili şol bada bükülip, çynar boýy omrulan ýaly boldy. Patma banu bolsa bir gysym bolup eredi gitdi. Gara dagym ýykyldyň, gaýaňy kime goýduň, Däl çynarym çapyldyň, şahaňy kime goýduň. Ganatlarym gyryldy, taýyňy kime goýduň, Nurly Günüm ýaşyrdyň, Aýyňy kime goýduň. Nury diýdäm kör boldy, zaryňy kime goýduň... Abdyllanyň aýal doganlary Safiýýa, Barra, Atika, Umm Hakim, Umaýma, Arwa, agalary Harsi, Ebu Talyp, Abdyl Uzza, Abbas, Hamza dagynyň çeken zary, döken gözýaşlary diňe bir Mekge ilini däl, asman-zemini lerzana getirdi. Bu habary eşiden Emine ne öli, ne-de diri haldady. Onuň köňül çyragy ömürlik öçüpdi. Onuň indiki ýalňyz umydy bagryny ýassanyp ýatan perzendidi. Eger dünýäde bir ölini agy-hasrat bilen getirip bolýan bolsady, onda Abdylla bireýýäm gelmelidi. Emma bir giden hiç haçan gaýdyp gelmejek eken. Diňe goja Abdyl Mutalybyň şahyr ogly Ebu Talybyň kalbynyň ähli hesretine ýugrup aýdan şu bendi dogry bolup galypdy. Gözden akan bulaklar, bulaklar, Derdiň aýdyp bolmaýar, bolmaýar. Gül ömürler soluplap, soluplap, Giden gaýdyp gelmeýär, gelmeýär, gelmeýär. Nälet bolsun ajala, ajala, Gam iýdirdi, gülen ýok, gülen ýok. Mündürseler salaja, salaja, Giden bar-da, gelen ýok, gelen ýok, gelen ýok... Şeýle hasratly günler, Eminäniň hem ne öli, ne-de diri halda ýatmasy haşamylara agyr urgy boldy. ...Grigorýan kalendary bilen 570-nji ýylyň, 29-njy awgustynda, Käbäniň, üç ýüz-dört ýüz ädim gaýrasynda, Ad-dar ar-Raktaa mähellesindäki pagsa howlujygyň penjiresi howla bakyp duran iň çetkije jaýjagazynda Abdyl Mutalybyň ogly Abdyllanyň öýünde älem-jahana nurly ýalkymy bilen üýtgeşik şöhle saçjak şamçyrag ýandy. Ogly Ebu Talyp buşluk habary bilen gelende, goja Abdyl Mutalyp dünýäni unutdy. Ol misli, heniz mazarynyň gyzyl gumy-da solmadyk eziz balasy Abdylla jan gaýdyp, direlip geläýene döndi. Ol ylgap baryp, ýaňy dünýä inen bäbegi aýalyna daşary çykartdy-da, gujagyna aldy. – Goý, adyň Ebu al-Haris bolsun! – diýip, heniz bäbejikkä aradan çykanja oglunyň adyny tutdy. Ýöne, aýaly Patma ony saklady. – Daýym ogly, howlukmaň! Gelniňiz Emine jan düýş görüpdir. Düýşünde oňa: «Oglana Muhammet diýip at goýuň!» diýipdirler. Balaň öz ady bilen gelipdir. Goja göwni ýarym Eminäniň, sözüni ýykmazlyk üçinmi, ýa-da ol görlen düýşe ynandymy, soň sesini çykarmady. Ol Abdyllanyň ölen gününi ilki belledi-de, soň bäş-alty gün geçenden soň, Mekgäniň ilatyny çagyryp, uly toý berdi. Ol bu toýda özüniň düýesini, dowarlaryny gysganmady. Toýuň, gyzan mahaly aýallar bäbejigi Abdyl Mutalybyň gujagyna berdiler. Däp boýunça çaganyň ady toýda, ýaşulular bilen geňeşip dakylýardy. Ol öz agtyjagyny märekäniň içinde aýlap ýörşüne, bagtlylykdan ýaňa erni bir ýere gelenokdy. – Indi, çaganyň ady Ebu al-Haris boldumy?! – diýip, ýaşulularyň biri gürrüňi çaga at dakmak baradaky däbiň üstünde eltip, aýtdy. – Ady, Muhammet boldy! – diýip, Abdyl Mutalyp birhili galkynjyrap buýsançly aýtdy. Adamlar oturan ýerlerinden geň galma bilen gygyrypdylar. – Beýle öwgüli ady goýara, näme sebäp bolupdyr. Mekge halky Muhammet diýen ady goýguç däldir-ä. – Haşamylaryň tohumynda-da beýle at ýokdur. – Ýa senem ýaşyň ahyrynda şöhrata el bulap başladyňmy, goja Abdyl Mutalyp! – Kuraýyşda-da beýle howaýy at dakan ýokdur-la, how, gaty gala bolýan bolaýmasyn! Abdyl Mutalyp adamlaryň gowry köşeşýänçä sesini çykarmady. Soň olara ýagdaýy düşündirdi. – Maňa galsa bäbejikkä ýere duwlanan ilkinji oglumyň adyny goýjak. Şol görgüliniň ady tutulman gelýär. Emma gelnimiz Emine düýş görüpdir. Düýşünde «Oglanyň ady Muhammet bolmalydyr» diýlipdir. Bizem şoňa boýun bolmaly bolduk-da, nädeli. Şondan soň gojalar hem köşeşdi. Hemmeler bäbege Muhammet diýip at dakmagy makul bildiler. Abdyl Mutalyp gujagy bäbekli ýöne-de märekäniň arasyna aýlandy. Özem sesiniň ýetdiginden: – Ady Muhammetdir-le how! Ady Muhammet! Ady Muhammet! – diýip gygyrdy. Soň bäbejigi enesine berdi. Ap-akja ýüzlije, meleje saçy nurdan ýaňa lowurdap duran maňlaýyna seçelenip duran bäbejik telim aýdyr şatlyk küýsäp gelýän bu öýüň ynsan balasy çekip-çydap bolmajak agyr ýüküni egninden aýrana döndi. Ýöne ýene-de dert tapyldy. Eziz ýary beýle bolup, agyr hasrata uçrap, ölümiň agyr zarbasyny ýüregine sygdyryp bilmän ýas tutup oturan Eminäniň göwsüne inen süýt kem-kemden çekildi duruberdi. Bäbejik ejesiniň diňe owuz süýdüni datmaly bolupdy. Emine öň hem ýüregi ýaraly bolansoň, bu ýagdaýa gaty gorkdy. Ol daýysy Ebu Lähebiň Suwaýba atly ýaş çagaly gyrnagy bilen gepleşdi. Gaýynlarynyň razyçylygy bilen Suwaýbany ogluna eneke tutundy. Garynjygy süýtden doýan balajyk atasynyň ýasap beren sallançagynda ýylgyrypjyk ýatyrdy. Onuň ýüzüniň ýalkymy yssy howa gelmesin diýlip az-kem garaňkyradylan öýi ýagty nura besläp durdy. Bu ýagdaý görenleriň aklyny haýran edýärdi. Öýde misli, gündiziň güni çyra ýakylan ýalydy. Emine gelin ogluna göwüs süýdüni bermese-de, ýüreginiň mährini emdirýärdi. Ol balajygyny gujagyna alyp, onuň päkize nuruna gark bolup, telim sagatlap oturýardy. Şonda onuň ýüreginiň derdi, köňül hasraty el bilen aýrylan ýaly bolýardy. Bäbejigiň ýüzüniň rehmet nury diňe bir ejesiniň ýüzüni däl, köňül dünýäsinem ýagtyldýardy. Şonda Eminäniň adamsynyň zaryny çeke-çeke horlanan sargaran ýüzi, ganly ýaşlar döküp şöhlesi kemelen balkyldap duran gözleri öňküden müň esse owadanlaşýardy. Kiçijik Muhammet ajyksa-da, suwsasa-da, güni bilen «jyňk» edip sesini çykaranokdy. Gözjagazlaryny ejesiniň didelerine dikip, ony tanap, habar gatyp, özboluşlyja owsun atyp ýatyrdy. Emine Suwaýbanyň ogluna eneke bolşundan närazy däldi. Ýöne ol bir kişiniň gyrnagyňy. Onuň köňlem, ruham, duýgularam erkana däldi. Eminäniň bolsa öz söwer ýary Abdyllanyň nowbahar ogluny Käbe daglarynyň algyr bürgüdi kimin erkin ösdüresi gelýärdi. Onuň üstesine, bu ýylyň tomsunyň, juda jöwzaly bolşy ýaly, gyşynyň hem gazaply bolmagyna garaşýardylar. Sebäbi şu ýyl Mekgä birden öň görlüp-eşidilmedik gahatçylyk düşüpdi. Mekgäni azyk önümleri bilen üpjün edýäň onuň töwereklerinde ýaşap ýören Hawazin taýpasynyň ýaýlaglary gurap galypdy. Olar Mekgäniň bazarlaryna azyk getirmeden geçen indi özleri Mekgäniň köçelerinde gedaýçylyk edip ýördiler. Şonuň üçin bu ýerde indi uly adamlar iýmäge zat tapanokdy, onsoň çagajyklaryň gününe gar ýagypdy. Şonda Eminäniň ýadyna alys ildeň Ýasribiň, Hijazyň golaýlaryndaky jülgelerden hakyna alyp, bäbek saklaýan eneke aýallar düşdi. Oba arasynda bolsa «şol aýallar tapgyr-tapgyr Mekgä gelýärmişler» diýen gürrüň bardy. Emine bu niýetini gaýynenesi Patma banu aýtdy. Goja Abdyl Mutalyp ýagdaýa düşünýärdi. Haçanda ýyl gazap gelende, açlyk, horluk düşende ähli agram çagalaryň boýnundan düşýärdi. Şolar hor bolýardy. Şonuň üçin aýalynyň geňeşini diňlän goja ezizläp, adyna Muhammet dakan agtygynyň iliň başyna düşen açlyk belasynyň getiren agyr külpetlerinden uzagragyna gidenini kem görmändi. Ol aýalynyň Muhammedi haky hem-de haýry-sogaby üçin alyp gidip, bäş-alty ýyldan gaýdyp getirýän adamlar barada aýdanlaryny makul gördi. Ol ondan-mundan sorap, şeýle aýallaryň gelýändigini, özleriniň hem Al-Hawzar bazarynyň ýanynda üýşüşip durýandyklaryny bildi. Ol aýallar bilen baryp, özüň söwdalaşmalydy. Ol bazarda oturýan tanyşlarynyň birine şol aýallar gelse, özüne habar ýetirmegini tabşyryp goýdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |