13:52 Muhammet pygamber -60: romanyň dowamy | |
2. We eý Muhammet, sen şol wagty ýadyňa sal, kapyrlyk eden jemagatlar seni zyndana salmak üçin ýa-da öldürmek üçin, ýa-da Mekgeden çykarmak üçin mekirlik etdiler. Gurhan. 8-nji süre. 30-njy aýat. Howa juda yssydy, Medinäniň töwerekleri ýalynly howadan ýaña tebil alyp durdy. Hurma baglyklarynyň gaýrasyndaky bossançylykda başlaryna ak selle geýip, günüň aşagynda gara gowurdak bolup işleşip ýören adamlaryň biri kätmenine söýendi-de, gündogarlygyna garady. Töwerek durşuna salgym bolup durdy. Ýöne şol salgym ummanynyň içinde bir kiçijik gämi-bäriligine ýüzüp gelýän ýalydy. Şol gämiden älemgoşar mysaly bir ýalkym töwerege ýaýylyp gidýärdi. Göwnüňe bolmasa, şol ýalkymyň içinde jadyly tawus guşy müň öwüşgünli ganatlaryny gerip gelýän ýalydy. – Oňa serediň-eý. – diýip, eli kätmenli ýigit işläp ýören ýoldaşlarynyň ünsüni özüne çekdi. Adamlar bu täsin gudrata haýran galyp-seredişýärdiler. Haýran galdyrýan zat, şol ýalkym işläp ýörenleriň özlerine bakan golaýlap gelýärdi. Işleşip ýörenler ilki gorkup, gaçmaga taýýarlanyp başladylar. Soňra, näme-de bolsa ahyryna çenli görmegi karar etdiler. Şol jadyly ýalkym salgym deňziniň kenaryna gelip saklandy. Misli, kimiňdir biri şol ýalkymyň içinden çykdy-da, pyýadalap bäri gaýtdy. Ol gudrat özleriniň deňlerine gelende, adamlar özleriniň gözüne ynanmajak boldular. – Resul Alla serwerimiz-le! – Muhammet pygamber ýaly-la! – diýip, adamlar duran-duran ýerlerinden oňa bakan ýöneldiler Ol gelen, hakykatdan hem Muhammet pygamberdi. Ansarlar ylgaşyp, baryp, Resul Alla bilen salamlaşdylar. Soňra ony göter-göter edip diýen ýaly, äpet hurma agajynyň goýy saýasyna alyp geldiler. Aşagyna iküç gatlap düşek ýazdylar-da, şonuň üstünde oturtdylar. Eline suw akyzdylar. Resul Alla salkyn saýada oturyp, birneme sowuşyp, demini dürsänsoň, elini ýuwdy, agzyny-burnuny çaýkady. Öýle namazany okady. Soňra bilindäki guşagyny, aýagynyň gabyny aýryp, düşekde jaýlaşykly oturdy. Özüne hödür edilen düýe çalyndan içdi, az-kem arpa çöregini hurş edindi. Resul Alla serwerimiziň örän ýadawdygy bildirip durdy. Ol az-kem garbanandan soň, tagamyň haky üçin Taňra alkyş okady. Soňra egnindäki çöregini başujyna goýdy-da, soňa kelleini ýaplap, birneme irkildi. Ansarlar beýle howply günlerde, bu jöwzadan ýaňa älemiň ot alyp barýan mahalynda Muhammet pygamberiň goragsyz, ýoldaşsyz bu ýollarda beýle heläk bolup ýörmesine düşünmediler. Ýöne Resul Allany görensoň, adamlaryň eli işe barmady. Olar bu mähriban ynsanyň daşyna üýşüpdirler-de, onuň külli ummatyna juda eziz, nura beslenip duran didaryna garap oturdylar. Resul Alla Medine göçüp gelip, adamlaryň musulmançylygy doly kabul edip, bu belent mertebeli pygambere ummat bolup başlaly bäri, olaryň gaty gorkýan zatlary bardy. Ol Muhammet pygamberi ýitirmekdi. Şonuň üçin Badr söweşinde-de, Ohot jeňinde-de, beýleki ýörişlerde-de, söweşlerde-de, metjitde, şäher arasyndaky işlerde-de tutuş Medine halky onuň goragyndady. Ohot jeňinde ýanyndaky janpenalary seýreklen mahaly Resul Allany ençeme aýalyň, soňra musulmanlaryň ählisiniň bileleşip gorandygy hemme mälimdi. «Mekgeliler Medine çozjakmyşyn» diýlen gijesi-de Resul Allanyň öýüniň daşy ýaragly adamlaryň gat-gat galasyna öwrülipdi. Emma bu ýalynly, epgekli gün, çarwa tire-taýpa kethudalarynyň öz düýeleriniň, ýelnini kesmäge taýýar halda, çarp urýan mahallary Resul Allanyň ýalňyz gezip ýörmegi ören geňdi. Bu sowala ansarlar näçe kelle döwseler-de, jogap tapyp bilmeýärdiler. Resul Alla ikindä golaý oýandy. Soňra ol täret kylyp, bu ýerdäki adamlar bilen ikindi namazyny okady. Soňra ýene-de düşegiň üstüne geçdi. – Ezizimiz, Resul Alla, başyňyza näme iş düşdi? – diýip, oturanlaryň birisi jandurmazlyk bilen sorady. Resul Alla daşyny gabsalap oturan musulmanlara mähriban nazaryny aýlady. Az-kem dynç alany üçin kalbynyň nury çeşme bolup gaýnaýan, töweregine nur seçýän Muhammet pygamber ýagdaýy düşündirdi. – Alla-Tagalanyň emri bilen ynsanyň başyna kyn, agyr synaglar gelýändir. Belent-Taňry olary öz bendelerini synamak üçin onuň başyna salýandyr. Bu dünýe Taňry bendesi üçin synag meýdanydyr... 625-nji ýylyň jowzaly iş günleridi. Resul Alla serwerimiz öz sahabalary bilen metjidi Nebewiniň salkyn kölegesinde, düşegiň üstünde otyrdylar. Şol wagt onuň ýanyna göçme çarwa taýpalarynyň aksakallarynyň gelendigini aýtdylar. – Biz örän uzakdan, ýörite Muhammet diýip geldik diýýärler – diýip, hyzmatkärleriň biri aýtdy. – Olar nirede? – Garaşyp otyrlar. Resul Alla sahabalary bilen ýerinden turdy. Soň olara bakan ýöneldi. Güne, jöwza kesewi kimin garalan, doňaklary yssydan ýaňa kepäp, gözleri argynlykdan ýada zordan açylýan adamlar Resul Allany görüp, ýerlerinden böküp turdylar. Muhammet pygamber bu adamlary uly hormat bilen kabul etdi. Bu adamlary özüniň myhman otagyna alyp geldi. Saçak ýazdyryp, bularyň öňlerine arpa nanyny, düýe süýdüni hem-de Medine hurmasyny goýdy. Diňe şondan soň olaryň habaryny aldy. – Biz Adal hem-de al-Kara çarwalarynyň aksakallarydyrys. – diýip, olaryň ekabyry, iýip-içip oturyşyna aýtdy. Biz gaty köplükdiris. Ählimiz musulman bolmak isleýäris. Resul Alla bu habara örän begendi. Olaryň jemi näçeräk adamdygyny sorady. – Biz gaty köplük, diňe erkeklerimiz däl, aýallarymyz, gyzlarymyz hem musulman bolmagy niýet edinýär. Ýöne biziň ählimiz ne din-şerigaty bilýäris, ne-de bir Gurhany... Muhammet pygamber bu adamlaryň ýagşy niýetini, maksadyny mübärekledi. Salkyn düşenden soň Ashaby suffalardan iki sany kämillige ýeten adamy alyp, beýleki musulmanlardan hem üç sanysyny alyp, Murhadyň baştutanlygynda, bu aksakallara goşup iberdi. Bu adamlar Mekgeniň gündogar töwereklerine ýetýänçä bäş-alty gün ýörediler, barybam ar-Raji guýusynda düşlediler. Murhat hem, onuň ýoldaşlary hem bu agyr ýolda juda ýadapdylar. Ylaýta-da, indi telim aýlap bassyrmanyň astyndan çykman oturan Ashaby suffalary ýol juda halys edipdi. Olar öran ýadawdy. Şonuň ar-Raji guýusynyň başynda salkyn tama girilensoň, olar gut kaýsy, kybla kaýsy bilmän agyr uka gidipdiler. Olary haýbatly, gazaply sesler oýardy. – E-eý, dönükler, hany, ýaraglaryňyzy taşlap, ýesir düşüň. Eger hyk-çoksuz ýesir düşseňiz, demiňize degmeris, bolmasa-da janyňyzy jähenneme ibereris... Murhat diňe şonda erbet aldawa düşendiklerini duýup galdy. Adal hem-de al-Kara taýpalarynyň aksakallary bulary taşlap gidipdiler. Murhat olar bilen gepleşmek isledi. – Siz kim bolarsyňyz? – Biz mekgeli kuraýyşlar, siziň duşmanlaryňyz. Badrda galan doganlarymyzyň gany üçiň siziň ganyňyzy gotura derman etmäge geldik. Murhat olaryň ýüregini ýumşatmak üçin: – Biz Adal hem-de al-Kara taýpalarynyň myhmanlarydyrys. Olar siziň bu haýbatyňyzy eşitse, size eýgilik bolmaz. Biz ýalňyz Alla-Tagalanyň ýolunda, ýagşy niýetler bilen geldik... Olar erbet sögündiler. – Gepiňizi köpeltmäň. Aksakallar öz adamlarymyz. Sizi öz arymyzy almak üçin ýörite getirtdik. Çykyň jaýdan, ýesir düşüň. Murhat başyny ýaýkady. – Siziň ýaly kapyra ýesir düşenimizden, Allanyň ýolunda şehit ölenimiz müň paý ýagşydyr. Daşardakylar köplük bolara çemeli. Içerä birbada telim ýaýdan peýkam atyldy. Eger içerde beýdip, busulyp otursaň, olaryň okuny aýap goýmajagy düşnüklidi, Murhat ýoldaşlaryna garady. – Men-ä olara ýesir düşenimden, gylyjymy parladyp, Allanyň ýolunda şirin janymy mertlik bilen Alla tabşyranymy ýagşy görjek. Kim meniň bilen gitse, ýörsün... – Menem seniň bilen. – Menem. – Olar üç bolup, böküşip daşary çykdylar-da, meýdanda hüşerilişip duran müşrükler bilen gylyçlaşmaga başladylar. Murhat güýçlüdi, batyrdy. Ol garşydaşlarynyň kuraýyşlaryň huzaýyl taýpasynyň adamlarydygyny, göreninden tanady. Ol müşrükler bilen gurt kimin gemrişip, olaryň telimsiniň janyny jähenneme iberdi. Huzaýl taýpasynyň adamlary köplükdi. Olar ellerindäki ýaýdan ok baryny gaýgyrman atýardylar. Olaryň atan Murhady agyr ýaralady. Ol yzyna gaňrylanda, iki ýoldaşynyň läşiniň serlip ýatanyny gördi-de, elindäki gylyjyny aňyrdan gelýän duşmanyň depesinden gazap bilen eňterdi, soň gylyjynyň badyna özem zyňlyp gitdi. Galan üç musulman huzaýlara ýesir düşdi. Ol musulmanlar bolsa ýoldaşlary ýaly, din-yslam üçin şehit bolup bilmändiklerine bir ölüp bilenokdylar. Olaryň ahmyr bilen ýanýan gözlerinden ýalyn çabyraýardy. Şonuň üçin üçüň biri gaty berk ýüp bilen daňlan elini çözüp, kapyrlaryň birisiniň gylyjyny bilinden sogrup aldy-da, onuň başyny kesdi. Soňra beýlekileri gylyç bilen parçalap başlady. Emma huzaýlar eýgerder ýaly däldi. Olar bu musulmany köplük bilen gabap, gylyçdan geçirdiler. Olar galan iki musulmany-da urup, horlap, öňlerine salyp, Mekgä getirdiler. Soň telim günläp söwdalaşyp, Ohot dagynyň eteginde wepat bolanlaryň hossarlaryna gaty gymmat bahadan satdylar. Satyn alnan musulmanlary özlerinden gidinçä urup, ýören horlaýardylar. – Musulmançylygydyzdan ýüz öwrüň! – diýip, olaryň depesinde taýak döwýärdiler. Gamçy bilen ýalaňaç ýagyrnylaryny gan-gabarçak edýärdiler. Emma musulmanlar her näçe zabun ejirleri çekseler-de, oňaryň diýänlerine razy bolar ýaly däldi. Ertesi tutuş Mekge halky Käbeniň golaýyna üýşdi. Ýesir musulmanlary hem şol ýere alyp geldiler. Olary satyn alanlar: – Musulmançylykdan ýüz öwrüň ýogsa janyňyny jähenneme ibereris – diýip, haýbat atýardylar. Musulmanlaryň biri dözümli gygyrdy. – Alladan başga Taňry ýokdur, Muhammet onuň Resulydyr. Müň janym bolsa ählisi Alla ýoluna, Resul Alla, din-yslama gurbandyr. Bir jan dagy näme. Haýyn müşrükler çakmak daşyndan ýasalan kütek pyçak bilen onuň damagyny çaldylar. Wassanparazlar gadym zamanlarda özleriniň hudaýlaryna sadaka berlen mallaryň damagyny şeýdip çalýan ekenler. Ikinji musulman hem Ebu Sufýany, beýleki mekgeli kuraýyşlary haýran galdyrdy. – Alladan başga Taňry ýokdur. Muhammet onuň Resulydyr. – diýip, damagy çalnyp, tenindäki soňky damja gany damaryndan çykýança pyşyrdady. – Ol ölmänkä: – Ölenimden soň hem dodagym, tenim titrese, «Alladan başga Taňry ýokdur, Muhammet onuň, Resulydyr!» diýdigimdir – diýip aýtdy. Edil onuň aýdany ýaly-da boldy. Ol musulman öleninden soň hem bedeniniň, käbir ýerleri titir-titir etdi durdy. Bu ganly tomaşa, musulmanlaryň şeýle mertligi, merdanalygy mekgeli müşrükleri haýran galdyrdy. Ölümiň öýünde, damagy çalnyp durka Alla, Muhammede, onuň mukaddes ýoluna şeýle wepalylyk diňe, diňe musulmanlarda – Muhammet ummatynda bolup biljekdi. Bu wakadan, şeýle wepaly ogullaryň ölüminden Muhamet pygamberiň habary bardy. Ol beýle söýgini, iman baýlygyny şol musulman bendeleriniň ýüregine Alla-Taglanyň hut özüniň guýandygyna ynanýardy. Şeýle wepa bilen janyny gurban edip biljek musulmanlaryň öz ummatynyň içinde gaty köpdügine Resul Alla ynanýardy. Bu wakadan köp wagt geçmänkä Muhammet pygamberiň ýanyna Nejd dagynyň eteginde, Medinäniň günbatarsynda, göçüp-gonup ýören Amir taýpasynyň şyhy geldi. Ol adam amirleriň tutuşlygyna musulman bolmak isleýändigini, şolara musulmançylygyň şertlerini, öwretmäge, öwüt-nesihat üçin sowatly adamlardan ibermegi haýyş etdi. – Biz olary öz janymyzdan hem eziz saklarys. Olardan gaty arkaýyn boluň – diýip, ol adam wada etdi. Diňe şondan soň Resul Alla Eshaby suffadan kämil mugallymlaryň birnäçesiniň ýaragly ýigitleriň bir toparynyň gözegçiligi astynda ýola saldy. Olar bir Mamun guýusynda düşlän mahallary üstlerine ýagy çozdy. Dökülenler Sulaým taýpasynyň adamlarydy. Olary amirleriň özleri musulmanlaryň üstüne küşgüripdi. Çünki, amirleriň özleri medineli musulmanlar bilen gatnaşyklaryny bozmajak bolup, bu işe Suleým taýpasynyň, ganojak adamlaryny öjükdiripdiler. Bu galtamanlar musulmanlaryň, ählisini gylyçdan geçiripdiler. Olardan diňe ikisi, bir-ä agyr ýaralanan, ikinjisi hem düýelere gözegçilik edýän adam galypdy. Olar düýelere gözegçilik edýäni hem soňra ele saldylar, ýöne ony öldürmediler. Ýöne oňa ýaňy gulçulykdan azat edileniň tagmasyny basyp, ýagny ýeňsinden bir penje çokulyny syryp, kowup goýberipdiler. Bu elhenç masgaraçylyga çydamadyk ol musulman ýolda iki adama sataşdy. Ol öz masgaraçylygyny ýuwmak, bir Muan guýusynda şehit bolan ýoldaşlarynyň aryny almak üçiň bu iki adamy öldürip taşlady. Bu wakalaryň düýp teýkarynda Medineden kowlan an-Nadyr taýpasynyň adamlarynyň durýandygyny Resul Alla duýup otyrdy. Ot dürli taýlalaryň wekilleri gelip munuň hut şeýledigini aýdyp gidipdiler. Ýagdaý kynlaşypdy. Amirler özleriniň günäsizdigini aýtdylar. Olar öldürilen bigünä adamlar üçin ýa uruşmagy, ýa-da olaryň huny üçin agyr jerime tölemegi talap edýärdiler. Resul Alla Amirler bilen uruş etmek islemedi. Onuň bu taýpanyň adamlary bilen bölüşip bilmeýän zady ýokdy. Gaýta, olary musulman edip, an-Nadirleriň elinden alsa, külli musulman üçin bähbitli boljakdy. – Biz hun töläris – diýip, Muhammet pygamber Amirleriň kethudasyna aýtdy. – Ýöne, şol huny sizi bu işe öjükdiren an-Nadyr taýpasyna tölederis. Şondan soň Resul Alla Ebu Bekiri, Alyny ýanyna alyp, gepleşik geçirmek üçin Amirleriň çarwasyna gitdi. Bu çarwanyň şyhlary özara maslahat edýänçe, olar bir tamyň kölegesinde, diwara arkalaryny berip, garaşyp otyrdylar. – Muhammet, yzyda garama, gaýt! Tiz bol! – diýen owaz Resul Allany tisgindirdi – Seniň depäňden degirmen daşyny oklajak bolýarlar. Bu owaz Jebraýyl perişdäniň owazydy. – Men şondan soň yzyma garaman gaýtdym – diýip, hurma agajynyň saýasynda dynç alyp oturan Resul Alla, bu gürrüňleri jemläp aýtdy. Gün gijigipdi. Resul Alla ansarlaryň goragy astynda öýüne geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |