13:54 Muhammet pygamber -61: romanyň dowamy | |
3. Eý musulmanlar, ol ähdini bozan kowumlara garşy näme üçin uruşmaýarsyňyz, urşuň ahyry, we olar Muhammedi Mekgeden çykarmaga kast etdiler we olar siziň garşyňyza sizden öňürti uruş başladylar. Gurhan. 9-njy süre. 15-nji aýat. «Kuraýyşlar ýer süýşen ýaly bolup gelýärmiş...» diýen habar Medinä doldy. Resul Alla Medinäniň töwereklerini ýaňy bir tertibe salypdy. Medineden kowlan, şäheriň eteginde Aus taýpasynyň hemaýatyna baran an-Nadir taýpasynyň adamlary ýene-de musulmanlaryň maňlaýynyň gara daşy bolup döräpdi. Olaryň özleri söweşmese-de, ondan-oňa göçüp ýören arap taýpalaryny musulmanlaryň üstüne öjükdirýärdiler. Mekgä baryp kuraýyş müşrüklerini ar almaga, aýaga galmaga yrýardylar. «Şolaryň täsiri bilen Ebu Sufýan ýene-de sansyz goşun ýygnaýar» diýlen gürrüň häli-şindi gelip durdy. Özleriniň kethudasy, abraýly şahyry Kaab aýa-Aşrafyň yzyny alyp, göteren serdarlar an-Nadyrlary öz erkine goýanokdylar. Muhammet pygamber öz janyna kast eden an-Nadyrlar bilen bellisini etmese, Medine halkyna-da, musulmanlara-da rahatlygyň bolmajagyny adýardy. Şonuň üçin ol an-Nadyrlara: – Eger janlaryndan irmedik bolsaňyz, on gün puryja berýän, Medine etrabyndan göçüň! – diýip, berk talap bildirdi. Bu habar an-Nadirlere erbet täsir ýetdi. Olar öňem Medinäni, galalaryny, baglaryny, mallaryny, ähli baýlyklaryny, öý-öwzarlaryny taşlap gaýdanlaryna bir ölüp bilenokdylar. Olar bu ýowuz habary özleriniň çyn howandary Abdylla b. Ubeýýa ýetirdiler. – Şolar oturan ýerlerinden gymyldamasynlar. Muhammet pygamber şolary ynjytsa, menem şu abraýym bilen başymy göterip gezmerin. Abdylla b. Ubeýýanyň bu habary an-Nadyrlary birneme köşeşdirdi. Olar bu adamyň heran-haçan musulmanlara agyr zarba urmaga kuwwatynyň bardygyny, öz ýanlaryndan ykrar ediýärdiler. – Şolar üstüne çozaýdygy, Muhammet pygamberiňi edişime bir seret? – diýip, Abdylla b. Ubeýýa syrtyny goýan ýerinde öwünýärdi. – Çozaryn menem, ähli musulmany kül-peýekun ederin. Ýeňilsemem, an-Nadyrlar bilen birlikde, ýokk bolup göçer giderin. Goňşulykdaky göçme taýpalardan hem şeýleräk habarlar gelýärdi. Resul Allanyň, beren on günlük möhleti tamam boldy. Emma an-Nadyrlar «Muhammedem, onuň musulmanlaryny hem tanamaýarys» diýip, habar iberipdiler. – Muhammet diýeniň kim? Bar, ol süýdüni asmana sagyp, asman paýyny çeksin-le... Bu habar öňem jany ýanyp duran musulmanlary erbet öjükdirdi. Olar şol gün baryp, an-Nadyrlaryň obasyna çozup, ony juda berk gabawa saldylar. An-Nadyrlar umydygär bolşup, her näçe garaşsalar-da, ne goňşy taýpalardan, ne-de Abdylla b. Ubeýýadan habar bardy. Gaýta, gün-günden ýagdaýlar agyrlaşyp, suwsuzlyk, azyksyzlyk adamlaryň haýyny alýardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, musulmanlar olaryň hurma agaçlaryny otlaýardylar. Ekinlerini tozdurýardylar. An-Nadyrlar umyt bilen ýene-de birki gün Abdylla b. Ubeýýa garaşydylar. Emma ol adamyň, edil öňki saparkysy ýaly, özlerini it oýnan ýaly oýnap, aldap goýberendiklerine düşünip galdylar. Şondan soň, olar nalaç öňki şertleşişleri ýaly, obany terk etmäge nalaç razy boldular. Muhammet pygamber öň, eger an-Nadyrlar obany diýlen mahaly terk etseler, onda hurma baglaryny ellerinden almajakdygyny aýdypdy. Emma an-Nadyrlar olaryň zarbyny görýänçäler olara boýun bolmadylar. Şonuň üçin-de Resul Alla indi has gazaply perman çykardy. Şol sebäpli an-Nadyr taýpasynyň aty-ýaragy, mülki, hurma baglary musulmanlara galmalydy. An-Nadyr taýpasynyň adamlaryna bu permany berjaý edäýmekden başga çäre galmandy. Olar çagalaryny, aýallaryny, öý goşlaryny düýelerine ýükleşip, obalaryndan çykyp ugradylar. Özlerem täze lybaslaryny geýnip, deprek kakyp, tüýdük çalyp, sesleriniň baryndan ata-baba aýdymlaryny aýdyşyp, Şama bakan rowana boldular. Muhammet pygamber bu wakany ýatlap, beýleki uly çozuşyň an-Nadyr taýpasynyň iň soňky haramzadaçylyk işidigini, olaryň her edip, hesip edip, kuraýyş müşrüklerini Medinedäki musulmanlaryň, üstüne aýaga galdyrandygyny aňlaýardy. Ýene barysy bähbidedi. An-Nadyrlaryň Medine etraplaryndan çykarylyp kowulmagy, beýleki dälibaş taýpalaryň ählisini burny deşilen ýaly edindi. An-Nadyrlardan galan at-ýaraglar musulmanlara deň paýlanyp berildi. Olardan galan jaýlar hem jaýy bolmadyk musulmanlara berildi. Ýersizlere ýer, hurma baglygyndan paý paýlanyldy. Resul Alla ele salnan oljany garyp bendelere sadaka hökmünde paýlady. Sebäbi ol olja söweşilip gan dökülip gazanylmandy. Ol Alla-Tagalanyň bendelerine beren peşgeşidi. Indi musulmanlaryň köpüsi Medinede oňat ýerleşipdi. Atly-ýaragly, öýli, mally, bag-bakjaly adamlar Resul Allanyň ýeke sözüni ýere gaçyrmajak bolup jan edýärdiler. – Adamlar aty-ýaragy bilen ýygnansyn! Duşman Badra tarap süýşüp gelýär. Enşalla, Alla-Tagala ugruna etse, ýeňiş biziňkidir... Resul Allanyň bu sözüni şol bada tutuş Medine eşitdi. Badr jülgesi, ilerki, gaýraky baýyrlyklara çenli, durşuna musulman goşuny bolup durdy. Ebu Sufýanyň üç müňe basalyk goşuny Resul Allanyň ýere-göge sygmaýan goşunynyň öňünde, şeýle ejiz, şeýle garyp görünýärdi. Şonda-da bu iki goşun ep-esli aralykdan ýüzbe-ýüz bolup durdy. Kuraýyşlaryň goşunyna Ebu Sufýanyň özi ýolbaşçylyk edýärdi. Ol geçen Ohot urşunda hezreti Omara: – Geljrk ýyl Badrda duşuşarys! – diýeni ýadyna düşüp durdy. Ol bu ýere an-Nadyrlaryň gepine gidip gelse-de, indi eden işine puşmany az däldi. Ol bir zada haýran galýardy. « – Eý-hoý, Muhammet munça goşuny, bu ýere-göge sygmaýan adamlary nireden aldyka? Onuň bary-ýogy iki müň bäş ýüz goşuny bar diýdiler-ä. Bu ýerde ondan ýüz esse köp goşun bar ahyryn. Ol hem oýlanýardy, hem haýran galýardy, hem-de gaty gorkýardy. Çünki Muhammet pygamberiň älemi tutup ýatan goşuny onuň sülsadyny iýsede, doýjak däldi. Çarwa taýpalarynyň ählisi, Abdylla b. Ubeýýanyň müň adamlyk goşuny siziň geleriňize garaşyp durlar – diýip, an-Nadyrlar öňki-soňky jeňleri, ondaky köýen ömürlerini ýatlap, olaryň pälini olja, ýeňşe dikip, kuraýyşlary aýaga galdyrypdylar. Emma Ebu Sufýan özüne goşulýan çarwa taýpalaryny-da, «geler» diýip, iki gözlerini özüniň ýoluna garadyp ýatan Abdylla b. Ubeýýany-da, beýlekileri-de görmedi. Gaýta, Badrdan tä Medinä çenli sap-sap bolup duran musulman goşunlaryny görüp, akly başyndan uçdy. – Bularyň ýanynda meniň bujagaz goşunym sähelçe san. Gury masgara bollanym galdy. – diýip, gorkuly oýlanyp başlady. Soňra bolsa, eglenmän yza dolanmaga agyr goşuna buýruk berdi. Muhammet pygamber Ebu Sufýanyň söweşe girmäge het edip bilmänini gowulyga ýordy. – Hudaýa şükür, bir damja-da gan dökülmedi.– diýip, Resul Alla buýsançly aýtdy. Agyr söweşi synlamaga Mekgeden, Medineden, Yrakdan, Şamdan kerwen-kerwen bolşup gelen adamlar bu ýerde juda uly, heniz görlüp-eşidilmedik bazar gurdular. Aýdym-sazdan, şagalaň-gülküden, üýtgeşik-üýtgeşik harytdan, nazy-nygmatlardan ýaňa, Badr jülgesi görmedigini görüp galdy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Elbetde, arak hemme şer işleriň açarydyr. Şondan saklanyň.» Rowaýat An-Nadyrlaryň obasyna gabap ýatan musulmanlar çakyr gizlenip ýatan uly humlary tapdylar. Şondan soň olaryň arasynda içh-ä-içlik başlanypdy. Serhoş bolan adamlar ary-namysy, nirede, näme üçin durandyklaryny unudýardylar. Hatda, biri-birleri bilen hem gyzyl ýumruga girişip, wejera hallaryna gelýärdiler. Şol gije Resul Alla wahyý geldi. Olara arak içmegiň külli günädigi aýdylýardy. Şonuň üçin Muhammet pygamber musulmanlar üçin aragy haram etdi. Ol: «Men öz ummatymy arak belasyndan azat edýärin!» diýip yglan etdi. Resul Allanyň bu mukaddes sözi bilen kalbyny çaýkap, Badr jülgesindäki bazary görmege barýan musulmanlaryň, süňňüni juda ýeňletdi. Her kim agyr bir ýük egninden düşürilen ýaly, ýeňilik bilen gadam goýýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |