15:32 Muhammet pygamber -62: romanyň dowamy | |
ÝEDINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. We Belent-Taňry olardan maly-mülki uruşsyz öz pygamberine berdi, bes, olaryň obasy Medineden iki mil bolansoň, siz oljany hasyl etmek üçin oňa atly we düýeli gitmän pyýada gitdiňiz, we emma Belent-Taňry islän bendesiniň üstüne pygamberini mussallat eder. Gurhan. 59-njy süre. 6-njy aýat. – Getiriň! – diýip, Resul Alla sahabalaryna buýruk berdi. Ak çadyryň içinde ýazylyp-ýaýnap oturan hezreti Äşäniň ýüregi jigläp gitdi. Bir salymdan «Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar» diýilýän ajaýyp bir gözeli Resul Allanyň çadyryna getirip saldylar. Onuň ýany bilen iki sany dawagäri hem alyp geldiler. – Resul Alla serwerimiz, bu gyz meniň oljam bolmaly! – Ýok, eziz Resul Alla, meniň ýaşym hem, derejäm hem inimiňkiden ýokarydyr. Şonuň üçin gyz meniňki bolmalydyr... Muhammet pygamber dawagärleriň ýüzüne garady. – Bu maşgalanyň özi näme diýýär? – Resul Alla, mümkin bolsa, meni boşadyň. Meniň kakamyň maly-baýlygy ýere-göge sygýan däldir. Siz maňa näme baha kesseňiz hem ol şony tölär. Eger, isleseňiz, men dilhaty goýup bilerin... Ansarlardan bolan aga-ini muňa razy bolmady. – Ýok, ýok, ol bizi aldar. Bize bahasyny deňje bölüp, häzir beriň. Resul Alla bu maşgalany arkaýyn synlady. Gyz ýetişipdi. Onuň meýdanly göwüsleri, gürden näzik zülpleri, ap-ak, juda owadan ýüzünde söýgi höwesi bilen näzik balkyldaýan çyrazy egsilmejek dideleri, serwi kamat boýy Resul Alla diýseň hoş ýakdy. Resul Alla öň özüne bäşinji aýal edinip, Ohot jeňinde wepat bolan wassanparaz Kuzman pälwanyň otuz ýaşlaryndaky gyzy, adamsy jeňde wepat bolan Zeýnebi alypdy. Ol görgüli nika toýundan sähel gün geçenden soň, wepat bolupdy. Onuň otagy boş durdy. – Eger, bahasy häzir töläp, maňa aýal bolmagyňy sorasam, razy bolarmysyň? – diýip. Resul Alla baý şyhyň gyzy Barra ýüzlendi. Barra beýle bir göwünjeň bolmasa-da, beýle bir garşy däldi. Ol enesini-atasynyň razy edilmegini duýdurdy. Beýle nikany Resul Allanyň, töweregindäkileriň birem oňlamady. Sebäbi hezreti Äşe beýle barlyşyga kes-kelläm, garşydy. Ýöne bu çözgüde hiç kim sesini çykaryp bilmedi. Muhammet pygamberiň yzly-yzyna aýal alyp, toý tutmasyna adamlar düşünip bilmeýärdiler. Ol gözelden gözel, ezizden mähriban gelinleri, gyzlary özüne aýal edinip alýardy. Aslynda-da, Resul Allanyň aýallarynyň ählisi-de, Hudaý tarapyn bijaý owadandy. «Muhammet pygamber bu aýallary diňe öz keýp üçin alýar» diýseň, juda günä boljakdy. Resul Alla isledigiçe aýal almak, bu Alla-Tagalanyň buýrugydy. Ýöne, Resul Alla şol buýrugy berjaý etmek bilen, äden her bir ädiminiň, şol sanda nikasynyň hem Beýik-Taňrynyň din-yslam ýoluna, musulmanlara, galyberse-de, külli ummata köp-köp bähbit getirmegini isleýärdi. Ol aýal aljak bolsa, mekgede, Medinede-de gözelden gözel, baýdan gurply gyzlar az däldi. Olaryň özleri hem: «Meni Muhammet pygamber özüne aýal edip almazmyka?» diýip, habar iberýärdiler. Ýöne, Resul Alla olaryň birine-de gabagyny galdyranokdy. Hatyja onuň başdan aýalydy. Ol özünden on bäş ýaş uly bolsa-da, Resul Alla özüniň başdaş aýalyny onuň soňky demine çenli söýüpdi. Oňa uçursyz hormat hem goýupdy. Ol bu dünýäden gidensoň hem, onuň mukaddes hatyrasyny saklaýardy. Muhammet pygamber üçin özüniň pygamberligini, Alla-Tagalanyň birligini, din-yslam ýoluny ikinji bolup ykrar eden bu mähriban zenanyň ornuny tutjak aýal bu dünýäde ýokdy. Soňra ol 619-njy ýylda birnäçe ýetim çagasy bilen dul galyp, uly horluga sezewar bolan Söwda öýlenipdi. Bu aýal juda garyp, görmeksiz, ejizdi. Resul Alla-da şol döwürlerde Mekge müşrükleri tarapyndan örän ejizledilipdi. Muhammet pygamber şonda-da özüne baý, ýaş, görmekli aýal alyp biljekdi. Emma ol Taňrynyň resulynyň mähribanlygyny, pespälligini ile aýan etmek üçin özünden ýaşy uly, garyp-biçärä öýlenipdi. Onuň ýetim çagalaryna howandar bolupdy. Ol hezreti Äşäni dosty Ebu Bekir bilen öz gatnaşygyny, din-şerigatyň hatyrasyna berkitmek üçin aýallyga alypdy. Çünki, Ebu Bekir goly, köňli giň, ýüregi päkize, Belent-Taňrynyň dergähinde çirksiz arassa, onuň resulyna başyndan aýagyna çenli wepaly adamdy. Onuň pähimi, göreldesi, batyrlylygy, ynsaplylygy külli musulman ummaty üçin göreldedi. Bu adamy ýitirmek, beýik nusgalygydy ýitirmekdi. Şonuň üçin Resul Alla bu adamy garyndaşlyk guşagy bilen özüne berk zynjyrlamagy başarypdy. Bagtyndan, hezreti Äşe hem Resul Allanyň çeken jebri-jepalarynyň öwezine, Alla-Tagalanyň oňa ýapan päkize serpaýy bolup çykdy. Ol hezreti Hafsa hezreti Omar bilen gatnaşygyny berkitmek üçin öýlenipdi. Onuň üstesine-de, Badr, Ohot jeňlerinde, beýleki söweşlerde wepat bolan ýigitleriň ýetim galan aýallaryna, çagalaryna eýe çykmalydy. Resul Alla şolaryň biri bolan Hafsa eýe çykypdy. Onuň dördünji aýaly Hinde bolsa Mekge kuraýyşlarynyň serdary Ebu Sufýanyň garyndaşy, kuraýyşyň mahzum tiresindendi. Ol Hindä öýlenmek bilen Ebu Sufýanyň uýanyny ele alypdy. Çünki arap kowumlarynda nika, aýal tarapyndan gudaçylyk müň ýyla ýetýän gudratly baglanyşyk hasap edilýärdi. Onsoň hem Hinde Ohot jeňinde şehit bolan musulmanyň yzynda gadan ýalňyz aýaldy. Ony kimdir biri öz ganatynyň astyna almalydy. Resul Allanyň Badrda öýlenmeginiň hem juda uly manysy bardy. Onuň birinji emmasy, Kuzman batyryň gyzy Zeýnebiň öýi boşap galypdy. Ol öýe eýe gerekdi. Ikinjiden hem, Barra Gyzyl deňziň kenaryndaky kerwen ýollaryny talamakda ýakasyny tanadan musulmanlaryň şu töwereklerdäki mallaryna, çopanlaryna, atly-ýaragly toparlaryna gün bermeýän, göçüp-gonup ýören mustalyk taýpasynyň täsirli, abraýly şyhynyň gyzydy. Şol şyhyň sözi diňe bir mustalyk taýpasynda däl, şu töwereklerdäki Gatafan, kaýnuk, an-nadyr taýpalarynyň arasynda-da ýer alýan, demi daş ýarýan batyr serkerdedi. Ine, şu taýpalar Mekgeli kuraýyşlar bilen birigip, «medineli musulmanlaryň gözünde ot ýakdyrarys» diýip haýbat atýardylar. Bular şu ýerlerde sag-salamat gezip ýörse, medineli musulmanlara gülüp-oýnap, şirin durmuşyň hözirini görmek ýokdy. Resul Alla şonuň üçin-de dört ýüz esgerden durýan goşun bilen gaftan taýpasynyň üstüne barypdy. Gaftanlar hem bu habary öňünden eşdip, «kim musulmanlara garşy söweşip, olary kül-peýekun etse, şu ýylky hurma hasylymyzyň ýarysyny berjek, ol söweşe özümiz hem gatnaşjak» diýip ýören, Haýbarda mekan tutan kaýnuklara, an-nadyrlara çapar gönderipdi. Ownuk taýpalar birleşip, sansyz goşun bolup Resul Allananyň dört ýüz atlysynyň alyndan çykypdylar. Emma iki tarap hem boljak agyr, ganly söweşe girmege ýürek etmändi. Muhammet pygamber 626-njy ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda kuraýyşlaryň Mekge – Şam aralygynda gatnaýan kerwenini goramaga razylyk beren, Gyzyl deňziň kenarynda ýaýnap ýören ownuk çarwalaryň üstüne çozmagy niýet edinipdi. Ol şeýdibem mustalyk taýpasynyň üstünden agyr goşun bilen dökülipdi. Mustalyk taýpasynyň sana geçýän erkek adamlary duýdansyz çozan ýagydan howp alyp, garşylyk görkezip bilmän, tgçyp gidipdiler. Olardan ep-esli mal, aýal oglan-uşak olja galypdy... Muhammet pyramber bu aga-ininiň diýen puluny berip, Barra öýlenensoň ýagdaý düýpli özgeripdi. Banu Mustalyk taýpasynyň adamlary diýseň garadan gaýtmazdy. Ahmal galyp üstlerini basdyrany üçin gaçyp gidendikleri, olaryň musulmanlaryň, öňünde dyzlaryna çökdükderi däldi. Olaryň tä Medine barýançaň, yzyndan garama-garama gidip, bir öwrümde güpbasdy edip, baryny gylyçdan geçirmegi gaty mümkindi. Indi, Banu mustalyk taýpasynyň adamlary Muhammet pygamberiň gaýyn ugurlarydy. Olaryň giýewlerine, onuň kowumlaryna barmaklaryny batyrmaga haklary ýokdy. Ine, şonuň özem uly ýeňişdi. Resul Alla bu ýörişden uly buýsanç bilen dolanyp gelse-de, onuň ýüregindäki gaty düwün ta Medinä gelýänçe oňa ynjalyk bermändi. Hudaýa şükür, musulmanlaryň, onuň eziz serweri Resul Allanyň, abraýy gün-günden belende göterilýärdi. Mekge, Medine, onuň töweregindäki çarwalar Gyzyl deňziniň kenary bilen, Ruma, Şama gidýän kerwen ýollar, Haýbardaky hurmaly baglar, giden sähralardaky süri-süri düýeler, dowarlar musulmanlaryňkydy. Şo töwereklerde Muhammet pygambere açykdan açyk, ýa-da pynhanlyk bilen gadyr goýmaýan adamy tapaýmak juda kyndy. Indi bu töwerekler-de musulmanlara garşy durup biljek güýjem ýokdy. Bu ýagdaý şu gün şeýledi. Ertir musulmanlaryň Ruma, Şama, Efiopiýa azy urmajagyna hiç kim güwä geçip bilenokdy. Olar samandan tutaşyp, soň harmanlara düşen, ot ýaly, älemi gaplap barýardylar. Muhammet pygamber Medinäniň içindäki duşmanlaryň sesini gapypdy. Onuň daşyndaky duşmanlary bilen hem güýjüniň deňleşendigini soňky Badr duşuşygy-da, uly-uly çarwalaryň ýygyndy goşunlarydyr, göçme taýpalaryň üstüne barlandaky ýagdaýlar hem görkezipdi. Indi ähli güýji yslamy, din-şerigaty, onuň ýollaryny berkitmege bermelidi. Resul Alla diňe şonuň aladasyny edip ýaşaýardy. Emma bir ýagdaý, Resul Allany uly ynja goýup, ähli gazanylan, üstünligi, abraý-şöhraty ýere çalmaga taýýar bolup durdy. Ol hem haram nebis meselesidi. Ansarlar hem, muhajyrlar hem bu meselde öz çenini-çakyny bilenokdylar. Indi üçünji sapar, tutuş din-yslamyň oňurgasyny owratjak juda uly howpy bolan ýagdaýyň öňi alnypdy. Adamlar: «Olja, Olja!» diýşip, ähli zatdan geçmäge taýýardylar. ...Resul Alla başyny ýaýkady. Ohot söweşini göz öňüne getirdi. Bu söweşde bary-ýogy ýedi ýüz adam bilen Ebu Sufýanyň üç müň adamlyk goşunyna garşy nähili söweşildi. Bu söweşde nähili ýeňiş gazanyldy. Emma musulmanlar sabyr, kanagat etmän gutarmadyk söweş, ahyryna ýetirilmedik ýeňşi puja çykardylar. Olar duşmany taşlap olja ýapyşmadyk bolsadylar, onda onçakly köp adamyň ömür tanapy üzülmeli däldi. Şol jeňde altmyş musulman şehit boldy. Iki ýüzden gowrak adam agyr ýaradar boldy. Olja, üçin, adamlaryň öz nebsine buýrup bilmezligi üçin nebir ýeňiş reýgan boldy. Bagt duşmana döndi. Resul Alla üçin bu tymsal uly sapakdy. Indi adamlaryň nebis belasynyň öňüni almasaň, bu ýagdaý seniň din-yslam ýoludy däl, tutuş döwletiňi duşmana peşgeş berip biljekdi. Musulmanlaryň şol söweşiň kyssasyny ýüreklerinde eretmeýşine, ony özlerine sapak etmeýişlerine Resul Allanyň jany ýanýardy. Bu gün musulmanlary, söweşe atarýan zat din-şerigat ýolunyň uçursyz sogaby, Belent-Taňrynyň ýalkawy däl-de, köpräk olja ýygnamak höwesi ýaly bolup durdy. Kaýnuklar, an-Nadyr taýpalary galasyny, öýüni, at-ýaragyny, bagyny, mülküni galdyryp, Medinedäki galalaryndan çykyp gidenlerinde-de musulmanlaryň olja, diýip, elden-aýakdan çykmasy köpleri haýran galdyrypdy. Diňe Resul Allanyň: – Bu söweşde hiç kim eline ýarag alyp ganly jeňe girmedem, jan hem bermedi, gan hem dökmedi, azap hem çekmedi – diýip, olja el degrilmesiz etmegi musulman bilen musulmanyň, muhajyr bilen ansaryň ganynyň derýa bolup akmagynyň öňüni alyndy. Resul Alla öz yzyna düşüp, bu ýere gelen öýsüz-öwzasyz, malsyz-baýlyksyz mekgeli musulmanlar indi depseň deprenmez baýlara öwürdi. Ilki olary ansarlar bilen dogan etdi. Soňra olara öý berdi, mal berdi, hurma baglyklaryndan mülk berdi. Her söweşde düşen olja paýlanyşygynda olary «ýurduny taşlap gaýdanlar» diýip, ileri tutup, paýlaryny artdyrypdy. Ansarlar hem gurplanyp, etine-ganyna gelip gidipdi. Resul Allanyň pikiriçe, olar kanagat edip, Belent-Taňrynyň beren yrsgal-döwletine şükür edip, Alla sygynyp ýörmelidiler. Emma düýnki bolan waka emele gelen ýagdaýlary örän inçe paýhas bilen çözmegiň gerekdigini aýan edipdi. Bu ýagdaý şeýle bolupdy. Bany Mustalyklaryň üstüne duýdansyz çozulmagy, olaryň söweşmän duran-duran ýerlerinden çar tarana gaçyp gitmesi, musulmanlara aňsatja ýerden köp ýesiriň, lommaýja oljanyň, malyň düşmegine. sebäp bolupdy. Ýöne Muhammet pygamber banu Mustalyk taýpasynyň abraýly şyhynyň gyzyna öýlenensoň ýagdaý düýpgöter özgeripdi. Bu duşman taýpa, birden Muhammet pygamberiň iň ýakyn garyndaşyna öwrüldi duruberdi. Şonuň üçin olja alnan müňe golaý ýesir indi azatlyga çykarylmalydy. Bu ýagdaý oljasy ansarlara gaty agyr degdi. Olaryň ählisi özlerini talanan ýaly ýagdaýda duýdular. Gany gaýnap başlan adamlar özleriniň gaharyny kimden çykarjakdygyny bilenokdy. Gaýdyşyn, bir suwly guýynyň başynda, mallar suwa ýakylmaly bolanda, olar ýaryldylar. Ansarlaryň birnäçesi malyny suwa ýakjak bolup gelen muhajyrlary masgaralap başladylar. Muhajyr hem sözüni aýap durmady. Ol hem sesini gataldyp, olaryň üstüne çöwjäp ugrady. Soň bolsa gazaply ses bilen gygyryp, beýleki muhajyrlary kömege çagyrdy. Öňem Resul Allanyň bu çözgüdine jany ýanyp duran muhajyrlar hem, ansarlar hem çozuşyp geldiler. Olar iki tarap bolup, ýaraga ýapyşdylar. San taýdan dört esseden hem köp bolan ansarlar muhajyrlaryň etini çigligine çeýnemäge taýýardylar. Emma Resul Allanyň ýetişip gelmegi bilen, bu dawanyň üstüne suw sepilen ýaly boldy. Olar guýynyň başyndan dagaşyp gitdiler. Emma içi ýanyp duran ansarlar, Ýasribiň hany boljak bolup çytraşýan Abdylla b. Ubeýýanyň daşyna jemlendiler. Abdylla b. Ubeýýa dişlerini şakyrdadyp, muhajyrlaryň üýşüp oturan tarapyna gözlerini alardyp garaýardy. Soň bolsa çyn hossarsyrap, başyny puşmanly ýaýkady. – Zyýany ýok, duruň bakaly, biz entejik bular bilen ýagşyja haklaşarys. Medinä bir baralyň, soň kimiň kimdigini gözlerine görkezeris bularyň. Şonda Allanyň, haky üçin, güýçlüler güýçsüzi ýurtdan çykaryp kowar – diýip, töweregindäkilere tutunýardy. Ol şondan soň hem töweregindäkileri özüniň çyn hossary hasap edip, olara içini döküp başlady. – Dogry-da, haçana çenli biz beýle-beýle zulma kaýyl bolup gezmeli. Özüňiz günäkär, özüňiz. Ýurdy öz eliňiz bilen muhajyrlara berdiňiz. Ýerleriňizi eliňizden aldyrdyňyz. Mally-mülkli etdiňiz olary. Indi olar sizden gurplam, baý hem, batyr hem. Olary bege, özüňizi bolsa gula öwürdiňiz. Haçana çenli beýdip ýaşarkaňyz? Aýaga galyň, ähli ýerleriňizi, mülkleriňizi olaryň ellerinden gaňryp alyň. Olaryň ählisini Medineden güm edip kowmaga birwagt pursat boldy. Mundan giç bolsa, onda olar depäňize ýagşy çykar. – Ol howsala bilen töweregine garady. – Arkaňyzda özüm bardyryn... Bu gürrüňi şol bada Resul Alla ýetirdiler. Muhammet pygamberiň ýanynda oturan sahabalary bu gürrüňe ot alşyp, ýerlerinden galşyp başladylar. – Eziz Resul Alla, şol iki ýüzliniň kellesini almaga bir rugsat beriň! – diýip, hezreti Omar gözlerinden gazabyny seçelendirip, janyýangynlylyk bilen aýtdy. Beýleki sahabalar hem, batyrlar hem bu ikiýüzli haýynyň – Abdylla b. Ubeýýanyň başyny almaga rugsat sorady. – Işiňiz bolmasyn. – diýip, Resul Alla olara rugsat bermedi. Muhammet pygamber agyr goşuna ýola taýýarlanmagy buýurdy. Aňsatja ýeňişleriň, bol oljalaryň, dynçlygyň, bol azyk-owkatdan güni bilen iýip oturmagyň adamlary sandan çykarýandygyna Resul Alla düşündi. Ol şol günüň gijesini, ertesini hiç ýerde ýük ýazdyrman, ýoly dowam etdirtdi. Halys ýorlan goşuna ikinji gije dynç almaga rugsat berdi. Ýöne, salym geçmänkä, goşuny uly howsala bilen ýola saldy. Ýene-de hiç ýerde dyz epilmän, iki gün ýol ýöreldi. Soňra, halys eňkamy giden goşuna dem-dynç almaga rugsat berildi. Sähel salymdan bolsa, ýene-de gaty gyssagly ýola düşüldi. Agyr ýol, erbet ýadawlyk özara dawalaryň gaty çalt ýatdan çykmagyna sebäp boldy. Adamlar indi öz janlaryny oňarsalar şükür edişip, zordan özlerini öýlerine atdylar. Şeýle horluga, ýorulma duçar bolan ansarlar indi telim günläp Abdylla b. Ubeýýanyň yzyna düşüp, muhajyrlara garşy söweşe galkyp biljek däldiler. Şu döwürde Resul Allanyň özem birnäçe iş görüp biljekdi. Medinä gelnensoň Abdylla b. Ubeýýanyň ýolda, guýynyň başynda ansarlaryň arasynda aýdan sözi dilden-dile, agyzdan agza geçdi. Bir gün bolsa Abdylla b. Ubeýýanyň oglunyň Resul Allany görmek üçin gelendigini aýtdylar. Muhammet pygamber öz sahabalary bilen otyrdy. – Abdylla b. Ubeýýanyň uly ogly gelipdir! Sahabalaryň dördüsem Resul Allanyň ýüzüne geň galyp garadylar. Emma Resul Alla göwnüne hiç zat getirmän otyrdy. – Gelsiň gelsin!.. Içeri giren ýaş ýigidiň ýüzünde adam ruhy ýokdy. Onuň namys oduna çirkezilen ýüzi tutuş ruhunyň ynjalyksyzdygyndan habar berýärdi. – Gel, geç, otur! – Salam berip, dyz epmän, ýene işikde duran ýigide mürähet etdiler. – Gözümiziň röwşeni Resul Alla! – diýip, ýaş ýigit agyr-agyr ýuwdundy. – Aýdyberiň, çekinmäň, tolgunmaň. – Men kakamyň ikiýüzliligi üçin juda utanýan. Resul Alla sesini çykarman, ýere garap, bu ýigidiň sözüniň jemlemesini eşitmek üçin garaşyp otyrdy. – Eger siziň buýrugyňyz bilen kimdir biri meniň kakamy öldürse, onda men gan algyly bolýaryn. Eger ony meniň özüm öldürsem, owdan hiç kim gan algyly bolmaz. Bu ýaş ýigit öz kakasy Abdylla b. Ubeýýany öldürmäge rugsat soraýardy. Resul Alla sahabatly başyny ýaýkady. – Ýok, ýok, ol bolmaz, perzendiň öz kakasyna el galdyrmagy, külli günädir. Gargyşa galma... Ýaş ýigit gitdi. Resul Alla sahabalarynyň ýüzüne garady. Sahabalary Resul Allanyň bu çözgüdine geň galyşyp otyrdylar. – Ýa, Resul Alla serwerimiz, ol ýoldan çykandan aňsatja dynjak bolup durkak, muny beýle goýduňyz otryberdiňiz... Omar gahary her näçe içini ýyrtyp barsa-da, sypaýy sözledi. – Hawa adamy öldürmek aňsatdyr, ýöne ony musulmançylygyň ýoluna salmak kyndyr. Abdyllany başda-da öldürip bolardy, onda iller: «Muhammet pygamber oňa kast etdi» diýerdi. Resul Alla ony makullady. – Dogry, indi Abdyllany köpçüligiň özi ýok eder. Men onuň bilen ylalaşmaryn. Çünki, onuň günäsini bireýýäm geçipdim. Şondan kän mahal geçmänkä, Abdylla b. Ubeýanyň özi ýüzüni ýedi ýuwlan esgi ýaly edip, resul allanyň gaşyna geldi. Ol Muhammet pygamberiň aýagyna ýykylyp aglady. – Ynanyň. Enem-atam, oglum-gyzym, mal-baýlygym saňa gurban bolsun, Resul Alla, heý menem bir beýle sözleri aýdarynmy. Gaýta, men ansarlary köşeşdirjek bolup: «Güýçlüler asgynlary kowar» diýdim ahyryn. Siz güýçli, musulmanlar köplük. Olar bulagaýçylyk salýan asgynlary kowup ýör ahyryn. Pygambere garşy bolýanlar Allanyň duşmanlarydyr. Men şeýle diýip aýtdym... Hazrajylaryň kethudasynyň iliň öňünde toba gelmegi, din-şerigatyň bähbidinedi. Şondan soň Abdylla b. Ubeýa Muhammet pygamberiň aýagyna çolaşmady. 2. Alla-Tagalanyň we onuň pygamberleriniň hökümlerini kabul edenlere tüjjarlar: takyk, Mekgeli kapyrlar leşger jemläp siziň üstüňize gelýärler, bes siz olardan gorkuň diýdiler. Bes, bu habar musulmanlaryň ynançlaryny pugtalady we uruş serenjamyny gördüler (taýynlyk gördüler). Gurhan. 3-nji süre. 174-nji aýat. 626-njy ýylyň alabaharynda Medinede ili abadançylykly günleri başdan geçirýärdi. Bu töwereklerde din-yslama, musulmanlara päsgel berip, azap çekdirjek bolup ýören adam galmandy. Öň il içinde bulagaýlyk salyp ýören Abdalla b. Ubeýýa indi Resul Allanyň buýrugy bilen din-yslam ýolunda başyny bermäge taýýardy. Ol häzir bir topar atlysy bilen Haýbar jülgesinde gözip ýördi. Ol şol ýerde musulmanlara kast eden sulaýymlaryň üstüne gapyllykda çozup, olaryň bir şyhyny öldüripdi. Soň ol musulmanlara gyýa göz bilen garaýan ýene bir taýpalaň üstüne çozup, olaryň hem bir şyhyny öldüripdi. An-Nadyrlaryň, sulaýymaryň beýleki ownuk taýpalaryň baştutanlary Abdalla b. Ubeýýanyň zarbyna çydaman, üýşüp Mekgä, Ebu Sufýanyň ýanyna geldiler. Olar şu amatly pursatda Medinä çozmagy ondan talap etdiler. Şeýdibem., Ebu Sufýanyň daşyna on müň adam ýygnandy. Bu on müň adamlyk goşuna Ebu Sufýanyň özi ýolbaşçylyk edermen boldy. Ol şu maksat bilen harby geňeş çagyrdy. – Esasy zarba Medinä urulmaly. – diýip, ol özi üçin gurlan uly, giň çadyrda iki hatar bolup oturan serkerdelerine düşündirdi. Ýöne bize on müň adamlyk goşuny bir ugur bilen alyp gitmek aňsat düşmez. Şonuň üçin men esasy güýji bolan goşuny göni Medinä alyp giderin. Emma Halid ibn Walid bolsa üç müň adamlyk goşuny Uhot jülgesiniň üsti bilen alyp gider-de, göni Medinäniň deňinden çykar. Gaftanlar, sulaýymlar, beýleki çarwa taýpalary bolsa birleşip, Medinäniň gündogaryndan ham-de demirgazyk gündogaryndan gelip, şähere zarba urarlar. Ol gazaply sözleýärdi. – Medinede ýekeje-de dikelip duran çöp, janly-jandar goýman, barysyny gyryp, ýok edip, külüni göge sowurmaly. Bu töwereklerde hiç haçan görülmedik beýle gazaply goşun Medinä bakan ýola düşdi. Resul Alla bu habary bada-bat eşitdi-de, sahabadaryny, batyr serkerdelerini, mert, pähimdar adamlary geňeşe çagyrdy. – Be, on müň adamlyk goşun bolsa, köp eken, gaty köp eken. – Hawa, olar gaty köplü-gow galadan çykarlygymyz ýok biziň. Galanyň içinde ýatyp, galany goramak gerek. – Olaryň alyndan çykyp söweşilse, nähili bolarka? Resul Alla serwerimiz ap-ak nura çümüp, Belent-Taňrydan duşmanlaryň köňlüne rehim salmagy diläp oýa batyp otyrdy. – Resul Alla – diýip, bu töwereklerde batyrlygy, halalzadadan pähimliligi bilen gysga wagtyň içinde özüni aldyran Selman Farsy goşa dyzyna galyp, edep bilen ýüzlendi. Mümkin bolsa, meniň hem birki agyz sözüm bar. – Aýdyň, aýdyň, Selman Farsy! Selman Farsy ýuwaşja sözläp başlady. – Ýalňyz Taňrynyň eziz Resuly, adamlar dowla düşmesinler. Enşalla, Alla kömek berse, siziň janyňyz sag bolsa, duşmanyň öz küli göge sowrular. – Ol az-kem dymdy. Soň ýene-de täze güýje giren ýaly bolup, sözläp başlady. – Pars halky munça-munça söweşleri köp görendir. Halky agyr goşun gyrmaz, agyr dowul gyrar. Dowul uly ýeňişleriň, abadançylygyň duşmanydyr. Bu pursatdan peýdalanmaly. Gije-gündiz ýatman, arpa hasylyny ýygnamaly. Onsoň... – Hawa, onsoň näme? – Onsoň, Jemşit şa zamanynda onuň galasynyň üstüne ýüz müň adamlyk goşunyň çozup gelýändigini aýdypdyrlar, Jemşit şa-da ur-tut öz galasynyň tutuş töweregine giň hem-de, çuňňur garym gazdyrypdyr. Ony hem suwdan doldurypdyr. Özem suwly garymyň bäri tarapynda ýatyp, geleni kaklap ýatypdyr. Eger meniň diýenimi eteseňiz, tutuş Medinäniň daşyna garym gazdyryp, onam suwdan doldurmaly. Selman Farsynyň bu teklibi kabul edildi. Ebu Sufýanyň agyr goşuny Mekgeden Medinä gelýänçä, ilkä ähli arpa ýygnalyp, görer gözden gizlenildi. Soň bolsa gijesi-gündizi ýok, adamlaryň ählisi garym gazmaga çykaryldy. Garym gazmaga çykýanlaryň arasynnda diňe kuraýzlar ýokdy. Sal dagy bilen Medinäniň aralygynda tutuş galanyň daşyna guşak bolup gidýän garym gün-gündeň barha çuňlaşýardy. Resul Allanyň gije-gündiz diýmän janyny orta goýup işleýşini gören adamlaryň agşam öýüne gaýtmaga ynsaby çatmaýardy. Bahar aýy bolansoň, ýer ýumşakdy, howa juda mylaýymdy. Näçe işleseň, işläsiň gelýärdi. Adamlar şonuň üçin ýadamany, ýaltanmany bilmeýärdiler. – Doganlar, gaýrat ediň, basym çabgaly günler başlanar. – diýip hezreti Ebu Bekir sal dagynyň gerşine çykyp gygyrýardy. Muhammet pygamber sahabalary, gullary, ýakyn-ýatlary bilen bilelikde işlemek bilen, ilata gazan-gazan etli naharlary sadaka berýärdi. Ebu Bekiriň, Omaryň, Osmanyň, Alynyň gije-gündiz çekýän azaby özüniň miwesini berýärdi. Adamlar gün-günden olara jebisleşýärdiler. Olaryň barysy säher turup okalan namazdan soň bileje iýip-içýärdiler. Paltanyň, piliň, külüňiň sesi, adamlaryň şadyýan gülkisi, gazanlarda bugarýan tagamly naharyň ysy bu ýerdäki işleriň gyzygyny barha artdyrýardy. Garym gazylyp gutaryldy. Her ýyl hem mart aýynyň ahyrlarynda bu sähralarda çarp urýan ýyldyrymlardan soň, ýagýan güýçli ýagyş sebäpli gelen siller bu garymy tutuşlygyna läbik suwdan dolduryp goýdy. Indi näçe gündir jebislige, bir ýerde ýatyp-turup, bir ýerde iýip-içip, deň işläp, bile dynç alyp ýagşy öwrenişen adamlara birden aýrylyşyp gidibermek aňsat däldi. Olaryň çagalary, aýallary hem bu ýerlere gatnap, kakalaryna, ärlerine azyk-suwluk getirmäge halys öwrenişipdi. Käbir adama: «Sen az işleýäň, ýa-da pylan hilli kemçiligiň bar. Men seni şu ýerden güm edip kowaryn.» diýmek, bu ýerde uly jeza bolup galypdy. Bu ýerde tertip-düzgün görülip-eşidilmedik ýagdaýda berkäpdi. Adamlar bu ýerde duşmandan hem gorkýardylar hem-de oňa garaşýardylar. Ahyr soňunda, 626-njy ýylyň 31-nji martynda garymyň gazuwynyň tamamlanyp, agyr silleriň ony dolduran gününden birki gün geçenden soň, mekgeli kuraýyşlar Medinäniň demirgazygyndan şähere indiler. Garymyň bäri ýüzünden seredenler gelýän goşuna garap haýran galdylar. Asyl, çöp-çörde san bardy, emma bu gelýän goşunda san ýokdy. Ebu Sufýanyň ýolbaşçylygyndaky agar goşun badyny saklap bilmän çuň garymyň gyrasyna gelip togtady. Olar läbik suwdan ýaňa çaýpanyp ýatan, bu çuň garymy görüp, haýran galyşyp durdylar. Bu aňyrysy-bärisi görünmeýän agyr ýygyny görüp, ýüregine ýel düşen käbir Medineliler ökje ogurlap öýlerine bakan gaçmaga häzirlenip başaladylar. – Siz nirä barýarsyňyz? – diýip, hezreti Omar olaryň bir toparyny saklap, haýbat bilen sorady. Gaçmaga ýüreklerine düwenler, ardurja tutulanlaryna ýüzlerini garört edip, burunlaryny sykyp durdylar. – Biz çagalardan habar tutup gaýtjakdyk! – diýip, olar aljyraňňy halda jogap berdiler. Omaryň gazaply sesi tutuş sährany ýaňlandyrdy. – Siziň çagalaryňyzyň ömri, ykbaly, olaryň ölüligi-diriligi şu ýerde durşuňyza baglydyr. Şu ýeri berk saklasaňyz, çagalaryňyzy Allanyň özi saklar. Bu çuň garymy, onuň aňyrsynda naýzalaryny lowurdadyşyp, kemanlaryna tir ötürişip oturan gazaply adamlary gören goşun böwür berenini duýman galdy. Agyr goşunyň serdary Ebu Sufýan musulmanlardan beýle berk gaýtawula garaşmandy. Ol öz çadyryny garymyň garasyndaky sahraýy ýerde gerdirdi-de, harby geňeş çagyrdy. Harby geňeş Ebu Sufýanyň niýetini puja çykardy. – Bize Medine näme gerek? Bize Kerwen ýollarymyz azat edilse, şol ýeterlik. Owarra gitsin Medinesem, garymam, onuň ilatam – diýip, Mekgäniň uly baýlarynyň biri aýtdy. – Baý-buw, şu uly garyş gazan halk seniň bujagaz goşunyňy kül edip taşlamazmy? Onsoň seniň söwdaň hem galmaz, kerweniň hem, üstesine, Mekgäp hem... – Wah, biz-ä olja bolar diýip gelipdik. Görýän welin, indi özümiz olja bolaýmasak ýagşymyka diýýän – diýip, birneme baýlyk toplarys diýip kuraýyşlara goşulan göçme taýpalaryň kethudalary-da ýüzlerini kese-kese sowup otyrdylar. – Gan döküp, jan berip söweşmek kime gerek? Biz nämäniň hatyrasyna janymyzy gurban etmeli. – diýip, mekgeli şyhlaryň, biri has içýakgyç sowaly orta atdy. – Biz, aslynda näme üçin geldik şu ýere. – Wah, şony diýsen-e, düýäňe, atyňa ýeke dişlem saman hem ýok ahyryn bu ýerde. Munça oty-iými nireden aljak? – Adamlar, näme, gum ýalamalymy? – Ol diýdiňiz, eşret diýdiňiz, Medinede agyz suwardýardyňyz, hany, wadalaryňyz... Bu harby geňeş Ebu Sufýanyň süňňüni lerzana getirdi. Ol bu ýere gelen gijesi utulanyna düşünip galdy. Ýöne hiç kime syr bermedi. Hakykatdan hem miwesi ýyglan hurma baglary, arpasy orlup, samanyna çenli ýygnalan meýdanlar boşap galypdy. Ol ýerlerde diş synçgara çöp ýokdy. Dogrudan hem munça düýäni, munça ýabyny ot bilen nädip üpjün etmeli? Bu adamlar azyk-owka-da beýlede dursun, bu sowuk, salkyn günlerde çigrekli gijelerde ýakmak üçin oduny, içimlik suwy nireden almaly. Ebu Sufýan uly alada, agyrdan-agyr oýlar bilen ertire çykdy. Ol özüni şeýle ýowuz gabawa salan adamy – Resul Allany gözünde oky bolsa atmaga taýýardy. Ýöne, gözünde oky bolaýanda-da, ataýyn diýende-de, näme, Resul Alla oňa tapdyryp durmy? Ýene-de harby geňeş çagyrman Ebu Sufýanyň demi düşüp, ýüregi giňän ýalydy. Ol umydygär nazar bilen oturanlara – Mekgäniň abraýly baýlaryna, söwdagärlere, göçüp-gonup ýören çarwa taýpalarynyň serdarlaryna, özüniň dogan-garyndaşlaryna nazar saldy. – Geliň, adamlar, birek-biregi söz bilen dalap, göwne degişip oturmalyň. Agyr goşun bilen geldik, indem duşmany kül-peýekun etmäniň alajyny edeliň. Şähere çozmalymy, ýa-da ony gabap saklamalymy, ýa-da bar zady taşlap, masgara bolup yzymyza gaýtmalymy? – Indi, getiripsiň munça sülsady, yza gaýdyb-a bolmaz – diýip, abraýly kethudalaryň biri aýtdy. Yza gaýtmanyň gürrüňini etjek bolsaň, onda bizi azaba goýup, başga getirmeli däl ekeniň... Ine, bu gürrüň Ebu Sufýana ýarady, Ol arka tapynan ýaly boldy. – Hawa, bize häzir şähere çozmak amatly däl. Biz musulmalaryň içinden urmaly. Ebu Sufýanyň ýalňyşýan ýeri, ol Abdalla b. Ubeýýanyň toba edenine ynanmaýardy. Ol Abdalla özüniň on müňe golaý atlysy bilen, kuraýzalar, üç-dört, gatafanlar üç-dört ýüz atlasy bilen musulmanlaryň ýeňsesinden ursalar, bizem on müň atly bilen «haý, bol» diýip, bärden barsak, medineliler girere deşik tapman, «aman» dilär. Bizem olja baryş toplap, ýeňiş bilen yzymyza gaýdarys öýdýärdi. Ebu Sufýan özleriniň azyk, ot-iým bilen üpjünçiliginde-de, esasan Abdylla b. Ubeýýa bil baglaýardy. Emma onuň ähli umydy puç bolupdy. Ol bu ýerde ýatyp galandan, atyp galmagy ýüregine düwüp, bu ýerden kowlan an-Nadyr taýpasynyň ýaşulularynyň biri, olaryň abraýly şyhyny kuraýyzlaryň üstüne ilçi edip iberdi. – Olara aýt, biz Mekgeden on müň atly goşun bolup geldik. Häzir galany gabap ýatyrys. Näçe gün bolmaly bolsa-da bolarys, emma musulmanlary kül-peýekun etmän gitmeris. Bulary boýun egdirenimizden soň, kim musulmanlara hemaýat eden bolsa, olaryň hem külüni göge sowrarys. – Ebu Sufýan an-Nadyrlardan bolan abraýly şyhy şeýdip ýagşy ynandyrdy. – Olar biziň bilen hyzmatdaşlyk etseler, onda olara olja alnan ýerleri, baglary goýup gideris. Soň olar tutuş Medinäniň eýesi bolup galarlar. Eger, biziň diýenimize «hä» diýseler, onda eglenmän musulmanlaryň ýeňsesinden ursunlar... Ol şyh bu habary olara gylyny gymyldatman ýetirdi. Bu şert kuraýzlara diýseň bähbitlidi. Ýöne olar musulmanlaryň ýeňsesinden nädip zarba urmaly. Muhammet pygamber mekgeli müşrükleriň kuraýzlar bilen şertnama baglanşanyny şol bada eşitdi. Bu habar onuň bar ynjalygyny, aldy. Musulmanlardan hiç haçan hem içi bitmedik kuraýzlaryň olara bolan gahar-gazaby azlyk eder ýaş däldi. Şonuň üçin oňar musulmanlar bilen söweşe-de gitmän, garym gazmaga-da gatnaşman, içlerini hümledip ýördüler. Bu gün bolsa olar musulmanlaryň arkasyndan, mekgeliler bilen gepleşik geçirýärdiler. Resul Alla gaftanlaryň arasyndan ýaňy-ýakynlarda musulmançylygy kabul eden Nuaým ibn Musady ýanyna çagyrdy. Onuň musulman bolanyny entäk köp kişi bilenokdy. Şonuň üçin-de bu dana ýigidi islendik ýere ilçi edip boljakdy. Resul Alla Nuaým ibn Musad bilen ikiçäk gepleşdi. – Sen Kuraýz aksakallarynyň ýanyna bar. Olara aýt: «Mekgeliler bilen gaftanlar zamunyna adam bermese, owda kuraýzlar musulmanlar bilen uruşmasynlar. Sebäbi kuraýzlar mekgelileriň, gatafanlaryň gepine gidip musulmanlar bilen urşaýsa, häzir juda agyr ýagdaýa düşen mekgeliler hem: «Aý bu musulmanlary ýeňip boljak däl-läý» diýiň birden yzlaryna gidäýseler, onda kuraýzlar ýene-de musulmanlaryň eline düşer. Şonda mekgelilere gahary gelen musulmanlar olary kül-peýekun ederler. Onsoň olaryň barysy gyrlar. Sen şolara şuny gowy düşündir. Muhammet pygamberiň kuraýzlar üçin ynjalykdan düşmeginiň bir sebäbi bardy. Eger tutuş Medine şäherine: «Şähere kuraýzlar çozjakmyş» diýen habar ýaýraýsa, onda garmyň boýundaky on müň atalynyň öňünde bir adam hem galjak däldi. Her kim «öýüm, çagam» diýip, şähere siňjekdi. Şonuň üçin Resul Alla bu syry pynhan saklady. Muhammet pygamberiň möhüm tabşyrygyny alan Nuaým ibn Masudyň başy asmana ýetipdi. Ol kuraýzlary oňat tanaýardy. Ilki olaryň nädip mekgelileriň gepine gidenini anyklady. Kuraýzlar Ebu Sufýanyň Medinä agyr goşun bilen çozun gelýändigini eşidipdirler. Olar kuraýşlaryň gelen batlaryna özlerini bu söweşe goşulmaga çagyrjakdyklaryny aňýardylar. Sebäbi olar birwagt Abdylla b. Ubeýýa dagy bilen Mekgä gidip, Ebu Sufýan bilen ähti-peýman edip gaýdypdylar. Şonuň üçin olara özleriniň galalarynyň derwezesini hiç kime açmaly däl diýlen buýruk berlipdi. Olaryň garaşyşy ýaly hem boldy... Gijäniň bir mahaly galanyň agyr derwezesi kakylyp başlandy. – Kimsiň, näme gerek? – Bize kethudalaryňyz gerek. Olar serdarlaryny alyp geldiler. – Näme gerek? – Başyňyza belany satyn almajak bolsaňyz, galany, derwezäni açyň. Bolmasa, galaňyzy başyňyza ýumrarys. Biz mekgeli kuraýyşlar... Jöhit kuraýzlar erbet çekindiler. Çekinseler hem özleriniň ýagdaýlaryny aýtdylar. – Bize mekgeli boldy, ýa musulman boldy, tapawudy ýok. Biz iki tarapada deňdiris. Muhammet pygamber bilen birek-birege hyýanat etmezlik, birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada hata ýazylyp, möhür basylan şertnamamyz bar. Biz eden ähtimizi bozup bilmeris. Muhammet adyl, ynsaply hem-de hakykatçyl adamdyr. Emma kuraýyşlar haýbat atyşyp, zomaşyp gala girdiler. – Muhammediň hem, musulmanlaryň hem, olara gol ýanýanlaryň hem tepbedi okaldy. Siz öň eden wadaňyzy goýuň-da, bize gulak asyň. Biziň goşunymyz ýere-göge syganog-a. Kuraýz jöhitleri Resul Alla bilen eden lebizlerini ýuwtdylar. Olar kuraýşlar bilen bilelikde söweşmäge wada berdiler. Nuaým ibn Musad bu hakykaty bileninden soň kuraýzlaryň serdarynyň ýanyna bardy. – Git, git, men musulmanyňdan hem, Muhammetden hem tä kekirdegime gelýänçäm dok. Bizarymyz çykdy, şolardan ýaňa. Nuaým Musad Resul Allanyň tabşyryşy ýaly gürledi. – Kuraýyşlar size zamuna adam bermese, olara ynanmaň. Olar-a gaçar gider, siz şu ýerde, musulmanlaryň azysynyň astynda galarsyňyz. Musulmanlaryň gylyjy, onsoň hemişe siziň depäňizde bolar. Kuraýz jöhitleri agyr oýa batdylar. Nuaým Musad bolan ähli wakany Resul Alla beýan etdi. – Elbet-de, bir sebäbi bolmasa, gürrüň ýaýramazdy. – Resul Alla bu sözünden soň bu ýigidiň ýüzüne minnetdarlyk bilen garady-da, ýene oňa ýüzlendi.- Nuaým, sen meniň ýene ýumşumy bitir. Nuaým Musad sesini çykarmady. – Sen indi Mekge kuraýyşlarynyň ýanyna bar. Bar-da: «Men siziň öz adamyňyz» diý. «Geleniňize begendim» diý. «Ýöne, siziň garşyňyza dil düwüşýändiklerini eşitdim-de, gaharyma, oturyp bilmän, ýanyňyza gaýtdym...» diý. «Näme boldy?» diýseler, şuny aýt... Resul Alla oňa aýtmaly sözlerini aýtdy. – Ýöne, demiň içiňde bolsun. Bu syry bir sen, bir men, soň hem Beýik-Taňry bilmelidir. Giç agşam, adamlaryň süýji ukuda ýatan wagty garymyň läbik suwuna batyp-çomup gelýän adamy kuraýyş garawullary köpläp tutdular. – Haý, seniň bir, kim bolarsyň? Tutulan adam sesini çykarmady. Ony urup başladylar. – Kim sen, aýt derrew... Ýesir zordan gepledi. – Men Ebu Sufýanyň garyndaşy. Şonuň ýanyna alyp baryň meni. Oňa aýtmaly pynhan gürrüňim bar... Ýany ýaragsyz, özi pukara, läbik suwa ýagşy bulanan bu ýesiri uly tutum edip Ebu Sufýanyň ýaynna alyp bardylar. Ebu Sufýan gözlerine, edil, çiş kakylan aly bolup otyrdy. Ol kuraýz jöhitlerinden bir hoş habara garaşýardy. Bu ýesir ony diýseň gyzyklandyrdy. – Men Nuaým ibn Musad bolaryn. – Näme habaryň bar. Nuaým ibn Musad öňem gara läbik bolup duran ellerini gowurdak bolup duran ýüzüne tutup, hork-hork edip aglady. – Biz şu öýi köýen musulmanlardan ýaňa bez-bez bolduk. Olar biziň bagtymyzy ýatyrdy. Yrsgalymyzy talady. Henize çenlem bizi juda horlap ýörler. Siziň geleniňize örän begendik. – Siz näçe adam ol ýerde? – Biz gaty köplük. Haçan, nirä gel diýseňiz, biz taýýar. – Hawa... – Biziň, aksakallarymyz bar. Meni şolar iberdi. Gaty erbet dildüwşük bar. – Hawa, aýdyber... – Kuraýz jöhihitleri bilen Muhammet pygamberiň birek-birege garşy uruş etmezlik, birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada hata geçen şertnamasy bar. Çynmy, ýalanmy, men onçasyny bilemok. Kuraýz jöhitleri ähti-şertini bozup, siziň tarapyňyza geçenmişler. Olar siziň sabyňyzda durup, musulmanlaryň ýeňsesinden çozjakmyşyn. Şeýle diýip aýtdylar. Men ony bilemok. – Onsoň... – Bu habar Muhammet pygambere baryp ýetýär. Ol hem kuraýz jöhitleriniň iki aýagyny bir gonja salyp, gyssap başlaýar. – Hawa. – Onsoň, kuraýyz jöhitleri erbet gorkuşyp: «Eý, Resul Alla, şu sapar günämizi geçiň. Biz mekgeli kuraýyşlardan zamun diýen bolup, ep-esli adam aljak. Şony, şu eden günämiziň öwezine size getirip bermegi wada berýäris – diýip, ant içip-awy ýalapdyrlar. Muhammet pygamber olaryň bu sözüni synag üçin kabul etdi. Ine, şu habary eşdip, kuraýz jöhitleriniň bu dönükligine janymyz ýandy. Onsoň, mekgeli arkadaşlarymyz bu dönük haramzadalaryň gepine ynanyp, soň agyr puşmana, galaýmasynlar» diýip, biziň aksakallarymyz maňa: «Bar-da, bolan wakany habar ber» diýşip, siziň ýanyňyza ugratdylar. Ebu Sufýan bu habara ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmedi. Ýöne ol ätiýaç üçin Nuaým ibn Musady bendi edip saklady. Sebäbi kuraýyzlar henize çenli oňa: «Zamuna adam ber» diýip gelenokdylar. Agşamara hemme zat aýan boldy. Ebu Sufýan Nuaým ibn Musady uly minnetdarlyk bilen boşadyp goýberdi. Şondan soň ne kuraýza jöhitleri we zamun üçin adam aldy, ne-de musulmanlaryň ýeňsesinden zarba urdy. Muhammet pygamberiň bu paýhasly emeli-de duşmana jaýdar zarba bolup degdi. Resul Alla gatfanlar bilen awsit şyhlarynyň arasynda-da gepleşik gurady. Eger gatfan taýpasy kuraýyşlardan aýrylyp, söweşden çyksa, onda biz hurma hasylymyzyň üçden bir bölegini olara bermäge söz berýäris – diýip, awsit şyhlary gaftanlaryň kethudasy bilen gizlin gepleşip aýtdy. – Ine, munuň olja kemi ýok. – diýip, indi bir hepde bäri ne atlaryna, düýelerine ot-iým, ne-de özlerine azyk-suwduk tapyp bilýän gaftan kethudalary muňa şol bada razy boldular. Resul Alla bu habaryň şol bada kuraýyşlara ýetirilmegi barada hem alada etdi. Dogry, awsit şyhlary bu şerte hiç haçan hem razy boljak däldiler. Olar bu şerti Resul Allanyň ýüzünden halys geçip bilmän kabul edipdiler. Bir hepde bäri on müň goşuny bilen dowzahdaky ýaly gün görýän Ebu Sufýanyň güni has hem garaldy. Tutuş töwerek açlygyndan ölýän atlaryň, düýeleriň maslygynyň porsusyndan, aç, gyňyrdan gahardy adamlaryň galmagalyndan durar ýady däldi. Munuň üstesine, aprel aýynyň başyda bahara däl-de, aldajy dowzaha öwrüldi. Yzy üzülmeýän buz ýaly çabgalar, demirgazykdan öwüsýän jan algyjy, içiňden-bagryňdan geçip barýan çapgyn ýel, aldajy açlyk atlary, düýeleri däl, tükel adamlary hem bir ujundan gyrgyna berip başlady. Bir gije bolsa juda güýçli sowuk ýel belent raýyşda duran kuraýyş çardyrlarynyň ýüpüni, gyralaryny üzüm-üzüm edip, alyslara zyňyşdyryp taşlady. Yzyndan hem heniz görlüp-eşidilmedik gazaply sowuk çabga guýup başlady. Ol misli asmandan bedrelenip guýulýan ýalydy. Özüniň hem her bir damjasy ok ýalydy. Ol çadyry üzüm-üzüm bolup, açyk asmanyň astynda galan kuraýyş goşunlaryny buýduryp, her haýsynyň endam-janyny deşim-deşim edýärdi. Çadyrlaryny çuňňur ganawyň raýyşynda, şemaldan, ýelden ygaşda guran kuraýyşlar beýle zulumy görmediler. Ertesi sag-aman ören Resul Alla serwerimiz namazdan soň al-Zubaýr ibn al-Awwama: – Bar, ýagydan habar tutup gel – diýip iberdi. Al-Zubaýr ibn al-Awwam bir salymdan soň daljygyp geldi. – Resul Alla serwerimiz, janym saňa gurban bolsun, ganawyň aňyrsynda bir adam hem ýok. Olar öten agşam gümlerini tapyp gidipdirler. Bu habar tufuş düşelgä ýaýrady. Adamlar garymyň raýşyna çykyp, duşmanyň ýaýyr-ýajak bolup oturan ýerlerine seredişip başladylar. Asyl, Sal dagy bilen garymyň arasy ýöne atyň, düýäniň maslygyndan ýaňa leýis bolup ýatyrdy. Indi telim gün bäri kirpigini-kirpigine gatman, Belent-Taňrydan duşmana garşy göreşmäge musulmanlara güýç-kuwwat diläp oturan Muhammet pygamber ýalançyny ýaz edip, mähriban ýylgyrdy. – Eşallah, Alla-Tagala wadasynda tapyldy. Nesip bolsa, indi olar biz bilen däl-de, biz olar bilen urşarys. Indi olar biziň üstümize däl-de, biz olaryň üstüne bararys. 3. We mynapyklar, biz Taňra (t) iman getirdik we onuň iberen ilçisine iman getirdik we biz olaryň permanyna boýun bolduk diýerler (diýdiler), ondan soň olardan bir taýpasy iman getirmekden we boýun bolmakdan ýüz öwrerler. Gurhan. 24-nji süre. 47-nji aýat. Hudaý müňde-bir şükür, «Garym» ýakasyndaky uruş, sag-aman musulmanlaryň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Musulmanlaryň altysy, kuraýyşlaryň bolsa üçüsi bu söweş mahaly wepat bolupdy. Resul Alla örän ýadawdy. Oňa indi ýagşy dynjyny almak gerekdi. Ýaşynyň gaýdyşmagy, dynuwsyz oý-pikirler, yzy tükenmeýän döwlet, goranyş, din-şerigat, adyl-diwan, görme-görüşlik meseleleri ony halys tapdan düşürýärdi. Resul Allanyň öýi kerwensaraýa çalym edýärdi. Onuň aýallary hem özlerini juda erkin alyp barýardy. Olar her gelene güler ýüz berip, olar bilen erkana gürleşip, ýaýyr-ýajak, alaň-açyk ýaşaýardylar. Olaryň göwünlerine gelşi ýaly, erkana ýaşamagyna Resul Alla beýle bir ünsem berip duranokdy. Muhammet pygamberiň uzak mahallap söweşlerde, jeňlerde, ýörişlerde bolmagy, obadaka-da wagtynyň köpüsiniň metjitde geçmegi onuň aýallarynyň has erkin ýaşamagyna mümkinçilik beripdi. Emma bu aýallar barada her näme gürrüň edilse-de, ol aýallar özleriniň pygamber ärlerine juda wepalydylar. Ony ýürek bilen söýýärdiler. Olaryň her biri Resul Alla ogul dogrup bermegiň pynhan umydy bilen ýaşaýardy. Juda ýumşakdan mähriban häsiýetli, Belent-Taňrynyň Gurhandaky aýatlarynyň keramatyna gark bolup ýaşaýan Resul Alla bu aýallaryň her birini özüçe gowy görüp, olaryň mertebesini belentden päkize saklaýardy. Olaryň hersiniň islegi, arzuwy, wadasy Resul Alla üçin diýseň gadyrlydy. Ol bu aýallary bilen örän agzybir ýaşamagy başarýardy. Resul Alla Beýik Rebbisiniň: – «We musulman aýallara aýt, olar öz nikaly ärlerinden başga erkek adamlara seretmekden gözlerini ýumsunlar (saklansynlar) we namyslaryny berk saklasynlar. – We görnükli şaý-sep dakynýan ýerlerini äşgär etmesinler. Meger, iş wagty olardan elde we ýüzde bolan ziýnetler (şaýlar) görünmäge mätäçdir. – We başlaryna pürenjiklerini atyp, ýakalaryna tarap çeksinler, saçlary, gulaklarynyň, arkasy we göwüsleri görünmesin. – We zyýnatly şaýlaryny dakynýan jaýlaryny (ýagny) – ýüz we iki elinden başga endamyny adamlara görkezmesinler, pürenjeklerine dolansynlar, meger öz ärleriniň, ýanlarynda ýa-da kakalarynyň ýanlarynda, ýa-da ärleriniň, kakalarynyň (gaýynatalarynyň) ýanlarynda, ýa-da öz perzentleriniň ýanlarynda, ýa-da ärleriniň perzentleriniň ýanlarynda, ýa-da doganlarynyň ýa doganlarynyň perzentleriniň ýanlarynda, ýa musulman aýallaryň öz gyrnak-kenizleriniň ýanlarynda pürenjeksiz oturyp bilerler. – Ýa-da aýallara hajaty bolmadyk (togsan ýaşly) erkek adamlardan bolan hyzmatkärleriň, ýanlarynda, ýa aýallaryň aýaldyklaryny bilmeýän näresse çagalaryň ýanynda pürenjeksiz oturyp bilerler. – We aýallar ýollarda ýöränlerinde özleriniň gizlin ýerlerindäki dakynan şaý-seplerini bildirmek üçin aýaklaryny tarpyldadyp ýere urmasynlar. – Eý, musulmanlar, geçen zamanlardaky kemçilikleriňiz üçin we iru-giç Belent-Taňrynyň ýanyna barjagyňyz üçin hemmäňiz toba ediň, eger toba etseňiz, siz dowzah azabyndan gutulmaga alaç taparsyňyz diýip umyt bardyr» (Gurhan. 24-nji süre. 51-nji aýat.) – diýip, höküm eden juda berk buýrugyndan soň, öz aýallaryny owuň ýoluna salypdy. Indi diňe bir Resul Allanyň dünýäde şeýle owadandan näzik, eziz didarly aýallaryny, gyzlary däl, külli musulman aýal-gyzlary bürenjege giripdi. Bu berk ýörelgäni sahabalaryň arasynda hezreti Omar has goldaýardy! Ol: – Eziz Resul Alla, eger rugsat berseň, men seniň aýallaryň işigine berk tutulary germegi buýraýyn. Bolmasa, siziň öýleriňiz gelen-gidenden ýaňa, depeşek boljak. Alaň-açyklyk näme gerek! – Resul Alla - başyny atdy. – Bolar! Omaryň beýle gazaby ýöne ýere däldi. Mynapyklar, her dürli niýeti kalbynda saklaýan şeýtana şägirt bolan namart adamlar Resul Alla, onuň mukaddes ýoluna näçe çytraşsalar-da, alaç edip bilmänsoňlar, Muhammet pygamberiň ýüregini agyrtmak, onuň mährini aýallaryndan sowutmak, bu päkize aýalaryň abraýyny dökmek üçin her dürli töhmetler atýardylar. Şeýle adamlar içleriniň ýangyjyna: «Muhammet pygamberiň aýaly hezreti Äşe biri bilen zyna etdi» diýip, töhmetli, juda kezzapçylykly gürrüň ýaýradypdylar. Emma Alla Tagala: – «Takyk, ol jemagatlar hezreti Aýşa Syddyk gyzyna «zyna etdi» diýip äşgäre töhmet etdiler, olar sizden bir topar adamdyr, eý, Muhammet (a.s.m), siz bu töhmeti özüňize ýamanlyk diýip güman etmäň, belki ol töhmet size köp peýdalydyr. – Kezzaplardan her biri üçi eden günäleriniň mukdaryna görä azap bardy» (Gurhan. 24-nji süre. 11-nji aýat). – diýip, Gurhany-Kerimde aýdypdy. Aslynda, Alla-Tagalanyň bu buýrugy mukaddes aýallaryň mertebesini juda päkize saklamak üçin gymmatly hazyna bolup galypdy. Bu düzgüni juda berk tutýan sakçylar goýlan öýlere indi her bir erkek adam gelibem, Resul Allanyň nazary düşüp, mähri giden nikaly aýallaryna nämehremiň nazary düşübem duranokdy. Medinäniň ýalaňaç teniňi, eliňi-ýüzüňi gara gowurdak edýän Gününden ýörite bürenjek arkaly goralyp, nämehrem ýüzlerden sowlan aýallar içeri girip, Resul Allanyň gaşyna geçip, ýüzlerindäki perdelerini syranlarynda, edil gap-garaňky bulutdan çykan, ýaşajyk, üýtgeşik şöhleli dolan Aý ýaly ýalkym saçýardydar. Olaryň her biriniň öz gözelligi, mylaýymdan şirin söýgüsi, gaýtalanmajak eşretiniň höziri diňe Resul Allanyň özüne bellidi... Muhammet pygamber «garym» boýundaky kösençli, köp güne çeken azaply aladalardan halys ýorlup, az-kem hem bolsa, şol eşretiň şirin hözirini görüp, birneme dynç almakçydy. Ol şu niýet bilen «garym» boýundan geldi-de, myhman otaga geçdi. Üstündäki sowudyny aýryp, daşky eşiklerini ýeňletdi. Soň täret kyldy-da, metjide baryp, adamlar bilen ikindi namazyny okady. Soň öýe girip, arkaýyn oturdy. Ol indi birneme dynç almakçydy. Resul Alla birden tisginip gitdi, Ol şo-ol tanyş sesi ýene-de eşitdi. – Meň Jebraýyl! Resul Alla edep bilen salam berdi. Belent-Taňra alkyşlar aýtdy. – Ýa Resul, sen näme, ýaragyňy ýygnamakçy bolýarmyň?! – diýip, Jebraýyl perişde sorady. – Hawa, – Eý, Muhammet! Kadyr hem belent Alla sada kuraýyş jöhitleriniň üstüne gitmegi buýurdy. Men hem olaryň üstüne baryp, olary ýagşyja silterlemekçidirin – diýdi. Jebraýyl perişde şol demde gaýyp boldy. Muhammet pygamber çalnyp ýerinden turdy-da, heniz metjitden daşlaşmadyk musulmanlary yzyna dolady. – Meni eşidip, maňa boýun sunýanlaryň ählisine şu gün öýle namazyny kuraýyş jöhitleriniň öýünde okamagy buýurýaryn. Ähli musulmana öýle namazyny öz öýünde okamagy gadagan edýärin. Musulmanlar şol pursadyň, özünde öýli-öýüne dargaşdylar. Soň sähel wagt geçmänke, söweş lybaslaryna girip, ok-ýaýlaryny dakynyp, ulaglaryny idişip, metjidiň gapdalyndaky belent ýere üýşdüler. Musulmanlaryň edil bir bulut ýaly bolşup, süýşüp gelýändigini gören jöhitleriň, zähresi ýaryldy. Olar şol bada öýli-öýlerine sümüldiler. Muhammet pygamber garym boýundaky gujur-gaýratyny heniz sypdyrmandy. Şonuň üçin onuň gazaby ýokarydy. Ol bu jöhitleri indi sypdyrarly däldi. Ýöne Alla Tagala oňa gan dökmegi, jöhitleriň galasyny zabt etmegi gadagan edipdi. Şonuň üçin banu Kuraýyzlaryň galasyny gabamakdan başga alaç ýokdy. Galanyň gabawy ep-esli güne çekdi. Öňem iki oduň arasynda galyp, aljyraňňylyga düşen jöhitleriň nä ätiýaçlyk azygy bardy, ne-de bir suwy, odun-çöpi. Sähel günden olar agar heläkçilige uçrap başladylar. Şonuň üçiň olaryň kethudasy aman diläp, Resul Allanyň alyna geldi. Muhammet pygamber banu Kuraýzlaryň kethudasyna: – Musulmançylygy kabul ediň, başga gürrüň bolup bilmez – diýip, berk aýtdy. Emma kethuda bu işi özüniň çözüp bilmeýändigini boýun aldy. Ol: – Ýa, Muhammet, sen bizden kän pähimlisiň. Eger razy bolsaň, biziň aramyzdaky gepi bir abraýly kazy çözsün – diýip ýalbardy. Muhammet pygamber olaryň bu teklibini kabul etdi. Ol jöhitleriň özlerine ýakyn bolan bir abraýly şyhy iki tarap üçin hem kazy belledi. Ol şyh banu Kuraýzlaryň arasyna gitdi. Banu Kuraýzlar diýseň mert, söweşjeň taýpady. Olaryň men diýen adamdan müňe golaý esgeri bardy. Olar şoňa buýsanyp, musulmanlara el berenokdylar. Beýle uly, islendik pursatda öýüňe dökülip, ojaňy başyňa ýumrup, iýeniňi awy etjek güýç bilen bir ýerde ýaşamak, tutuş din-şerigata uly howp bolup durýardy. Alla-Tagala çar tarapy bir demde oda ýakyp biljek bu aldajy ody bir demde öçürmegi şonuň üçin buýurýandygyny Resul Alla bilýärdi. Özlerine göwni ýetýän banu Kuraýyzlar mulmançylygy bada-bat ret etdiler. Olaryň ähdi tamasy öz auslaryndan bolan, aralykda kazylyk edýän şyhdy. Ol şyh: – Eger Abyl-Kasyma ýesir düşseňiz. – diýip, sesini kesdi-de, aýasy bilen bokurdagyny syhap goýberdi. Munuň özi olara: «Siz näme etseňiz hem, barybir, ähliňize ölüm garaşýar» diýdigidi. Banu Kuraýyzlar yslamy kabul etmekden hem, ýesir düşmekden hem boýun gaçyrdylar. – Biziň ykbalymyzy öz garyndaşymyz Saad ibn Muad çözsün – diýip, kuraýzlaryň kethudasy täze teklibi orta atdy. Banu Kuraýzlaryň seňňerini gaban ýatan üç müňe golaý musulman bu jöhitleriň bolşuna bir ölüp bilenokdylar. Şu ýerde Resul Allanyň hem diýeni edilmänsoň, olar onuň-da abraýyna şek ýetirerler öýdýärdiler. Emma Resul Alla kiçelmedi. Ol: – Saad ibn Muad näme karar çykarsa, men onuň sözüni kabul edýärin. – diýip, uly iliň öňüne çykyp boýun aldy. Gabawyň ýigrimi bäşinji güni banu Kuraýyzlaryň eli ýarag tutany özleriniň galalaryndan çykyp, awistlere ýesir düşüp başladylar. Galadan çykyp, eli daňlan adamlaryň ählisini diwal kesiljek ýere – Medinedäki Metjidi Nebewiniň öňüne alyp geldiler. Iki tarapdan hem bu iş ynanylan Saad ibn Muady eşege mündürip, Metjidi Nebewiniň ýanyna getirdiler. Ol garym boýundaky jeňde agyr ýaraly bolup, öýünde yza çekip ýatyrdy. Häzir hem onuň haly teňdi. Ýüzünde-gözünde rehim-şepagat ýokdy. Saad ibn Muad bu jebirli ýaralaryň özüni uzak ýaşatmajagyny bilýärdi. Ol özüniň agyr ýarasyny, ajalyny bu baş bermez jöhitleriň hötjetliginden, dönükliginden görýärdi. Onuň ýüregi bu dönük taýpa bolan gazapdan doludy. Ol «kuraýza bazarynyň» öňünde ullakan çukur gazdyrdy. Soň alty ýüze golaý erkek adamy, hemem üçege çykyp zyňan daşy bir musulmana degip, onuň ölümine sebäp bolan aýaly dardan asdyrdy. Jany çykanlary şol uly çukura gapgartdy. Soň olaryň üstünden gum sürdürtdi! – Alla öz hökümini Saadyň zybanyna saldy – diýip, Resul Alla aýtdy. Şol wakadan köp wagt geçmänke, Saad ibn Muadyň özem agyr ýaralary açylyk, köp jebir çekip öldi. – Saadyň ölümine arşyň derwezeleri açylyp, pelek lerzana geldi. – diýip, Muhammet pygamber hormat bilen aýtdy. Musulmanlaryň arasynda entek beýle hormata mynasyp bolany ýokdy. * * * Muhammet pygamber aýdypdyr: «Dört hili adamy Alla-Tagala jennetden we onuň nygmatlaryndan mahrum eder: 1. Arakhor. 2. Süýthor. 3. Ýetimleriň hakyny iýýän. 4. Ata-enesini ynjydyp olara azar berýän. Rowaýat: Resul Alla bir gün öz sahabalary, bilen söhbet edip otyrdy. Şol wagt işikden bir garyp adam geldi. Ol Resul Allany sorady. – Gel, habaryňy ber. – diýip, Resul Alla oňa ýüzlendi. – Eý, Resul Alla, men juda garyp men. Meniň özümi heläk edäýmesem, başga alajym galmady. – diýip, zeýrendi. Resul Alla oýlandy-da oňa habar gatdy. – Sen näşükür bolmagyn, seniň ýaly baý adam az-azdyr. Ol adam başyny ýaýkady. – Meniň ýaly garyp adam älemde ýokdur. Resul Alla aýtdy: – Eý, bende, seniň iki gözüň bar eken, sen maňa birini ber, men saňa müň dinar bereýin... Ol bende razy bolmady. – Onda seniň iki eliň bar ekeni, şonuň birini ber, men saňa müň dinar bereýin. Ol bende razy bolmady. – Seniň iki aýagyň bar ekeni, heý bolmanynda şolaryň birini ber, men saňa müň dinar bereýin – diýip, Resul Alla oňa aýtdy. Emma ol bende ýene-de razy bolmady. Şonda Resul Alla: – Gör, sen nähili baý ekeniň. Emma seniň şüküriň, sabryň kem ekeni. Bar. sendäki bu gymmatly zatlary ýok adamlardan hem bir habar al – diýdi. Ol bende: – Günämi öt, Resul Alla, hakykatdan hem menden baý adam ýok eken. Ýöne men olaryň gadyryny bilmeýän ekenim. Sen meniň gözümi açdyň. Indi hiç wagt men garyp diýip zeýrenmerin – diýip, razy bolup öz ugruna gidipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |