15:35 Muhammet pygamber -63: romanyň dowamy | |
SEKIZINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. Bes, Belent-Taňry Hudeýbiýede (Mekgäniň ýanyndaky) pygambere birleşen musulmanlaryň dogrulygyny we wepalylaryny we yhlaslylaryny bildi (bilip), soňra Mekgäni alyp bilmän yzlaryna gaýdanlary sebäpli olaryň ýüreklerine aram-karary berdi we Mekgäniň öwezine ýakyn-geljekde Haýbar ýeňşini berdi (berer). Gurhan. 48-nji süre. 18-nji aýat. 628-nji ýylyň fewraly, Remezan aýy ýaňy başlanypdy. Resul Alla çigrekli agşam süýji ukuda ýatyrdy. Ony kimdir biri ukudan oýardy. – Muhammet, tur, Käbä zyýarata ugra. Resul Alla bu aýanlygy doly aňlady. Ol bu wahyýny kabul etdi. Bu buýruk, Allanyň buýrugydy. Muhammet pygamber Alla-Tagalanyň emri bilen Mekge-Medine aralygynyň, Gyzyl deňiz boýlarynyň irili-ownukly taýpalaryny bir ýumruga düwüp, jemläp ýörmesiniň sebäbine indi düşünip galdy. Resul Alla garaşýardy, ýöne nämäniň buýruljagyna, haçana buýruljagyna akyl ýetirip bilenokdy. Hudaýa şükür, din-şerigat işleri görlüp-eşidilmedik ýagdaýda rowaçlanýardy. Muhammet pygamber bu ugurda hiç kime zorduk edenokdy. Ol Alla-Tagalanyň buýruşy ýaly, ynsanlary gylyç bilen yslama salmaga garşydy. Emma muňa seretmezden, şu töwerekleriň ähli tire-taýpalary topar-topar bolşup, Resul Allanyň huzyryna gelýärdiler. Musulmançylyga gelýänleriň yzy-üzülmeýän sowgat-serpaýy, olaryň Resul Alla bagyşlap aýdýan şygyrlary, ony diýseň ýadadýardy. Jöhitleriň ählisini Medineden güm eden, mynalyklaryň dilini damagyna iberen, mekgeli kuraýyşlary söweşsiz, Alanyň gudraty bilen ýeňen, musulman bolanlara şirin eşretler eçilen Resul Allany görüp, onuň mübärek ýüzünden togap almak üçin her musulman däliň arzuwydy. Olar indi durmuşy ikä bölýärdiler. Eger sen musulman bolsaň, onda sen döwletli, bagtly, yrsgally adam. Seniň ähli işiň rowaç. Eger musulmançylygy kabul etmedik bolsaň, onda işiň kyn. Düýesi keselläp ölýänem sen. Ownuk maly horlanyp gyrylýan hem sen. Döwleti gün-günden yzyna gaýdýan hem sen. Tutuş Mekge-Medine töwerekleriniň göçüp-gonup ýören taýpalarynyň kethudalary şeýde pikire gelipdiler. Özleri hem şu pikiriň juda hakykatdygyna janlary bilen ynanýardylar. Şonuň üçin olaryň ählisi musulman bolupdy. Olar musulman bolan batlaryna agyrdan kyn güzeranlarynyň rowaçlanyp gidibermeklerini tama edip, Resul Allanyň gaşyndan aýrylmajak bolýardylar. – Munuň ahyry nähili bolarka? Biz indi näme etmeli? – diýşip, kethudalar Resul-Alladan soraýardylar. Şeýdibem, Resul Atşys geljekki işerini, özleriniň üstüne çozjakmy, mal-halyna, ýer-ýurduna el gatjakmy, şolary aňlajak bolýardylar. – Sadaka beriň! – diýip, Resul-Alla, ne Gurhany, ne-de din şerigady bilýän, ýap-ýaňy musulman bolan taýpalaryň serdarlaryna aýdýardy. Olar bolsa: «Sadaka berere ýagdaýymyz ýokdur» diýşip, aglaşyp başlaýardylar. – Namaz okaň, namazsyz iman ýokdur! Binamazyň jaýy dowzahdyr. Olar: «Aý, bary şol bolsa onda musulman bolmakdan aňsat zat ýok ekeni» diýip, yzlaryna gaýdýardylar. Muhammet pygamber Mekge-Medine» Gyzyl deňiz aralygynda näçe göçme taýpanyň bardygyny, şolaryň hem näçe düýesiniň, näçe süri dowarynyň, her sürüde näçe goýnuň bardygyny, olaryň haçan, näçe salgyt getirmelidigini ören gowy bilýärdi. Ol özüne kümüşden möhür-ýüzük ýasadypdy. Oňa-da: «Allanyň resuly – Muhammet» diýen ýazgyny ýazdyrypdy. Muhammet pygamber her bir musulman bolýan tire-taýpa bilen «birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada» ähtnama baglaşyp, oňa-da özüniň möhürini basypdy. Ýöne, ähli dawany, her bir çynlakaý meseläni, din-şerigat bilen baglanyşykly işleri diňe Resul Alla çözmelidir diýlip, ähtnamalaryň ählisinde kethudalaryň boýnuna goýlandy. Şeýdibem, ol şu töwerekleriň ähli çarwalaryny musulman edip, olary hem bir ganatyň astyna ýygnapdy. Bu işleri Resul Allanyň özi öz erkine edenoky. Ol özüne berlen buýrugy berjaý edýärdi, diýleni ýerine ýetirýärdi. Ine, indem ol şeýle buýrugyň näme üçin berlendigine düşünip galdy. Ol şol sansyz musulmanlar bilen Käbe zyýarata ugramalydy. Muhammet pygamber bu aýan edilen habary ertesi ähli musulmana ýetirdi. – Enşalla, Kabýi Mukarrama haç zyýaratyna ugrarys. Özleri Mekgeden bolup, çagalygy, ýetginjekligi şol ýerde geçen, dogan-garyndaşdary heniz hem şol ýerlerde ýaşap ýören musulmanlaryň, bu habara aýaklary ýere degenondy. Olar öň hem ölmänkäler Mekge ýekeje sapar baryp, Käbäni togap etmegi arzuw edip ýördüler. Bu habar beýleki musulmanlary hem örän tolgundyrdy. Muhammet pygamber: – Käbe Allanyň keramaty egsilmejek öýüdir. Ol külli musulman üçin iň mukaddes kyblagähdir! – diýip, otursa-tursa Käbäniň mertebesini belent saklap ýördi. Her kimiň ýüreginde Käbä zyýarat etmek umydy ata-babadan miras bolup galypdy. Resul Alla ýüreklerde baslygyp ýatan şol höwesi dabaralandyrypdy. Müň ýaryma golaý adam, boýnuna hünji düzülip, gül desseleri dakylan owadan, semiz, gurbanlyk ediljek düýeleriň ýedi ýüzüsini tirkege alyp, Medinäniň günortalygyndan Mekgä bakan ýola düşdüler. Muhammet pygamberiň hasaby boýunça, zyýarata gitmeli adamlaryň sany Medineden Mekge aralygyna çenli ýeteňkirlemelidi. Emma musulman bolan çarwalar, şertnama baglaşsa-da, namartlyk edip gelmedik taýpalar, mynapyk-ikiýüzlüler haç zyýaratyna gatnaşmakdan boýun gaçyrypdylar! Muhammet pygamber olaryň ýagdaýyna gaty gowy düşünýärdi. Olar mekgeli kuraýyşlar bilen aragatnaşyklaryny üzmändiler. Beýdip gidilse, söweş bolup, gan dökülse, aralykda uly göwnedegişmeler bolar öýdülýärdi. Olar şondan çekinýärdiler. Medinelileriň köpüsi: «Bu gidenleriň indi yzlaryna gaýdyp gelesleri ýok. Şonuň, üçin bularyň hajyna-da, zyýaratyna-da gatnaşmanyndan gowusy ýok» diýşip, gitmekden ýüz öwürdi. Emma Resul Alla hiç bir gepe-söze gulak asmady. Ol özüni eşiden we özüne boýun bolan müň ýarym adam bilen haç niýetinde, Käbä zyýarata barýardy. Birinji düşelgede, Resul Alla serwerimiz täret kyldy-da, haç niýeti bilen yhram eşigine girdi. Biline gylyjyny dakyndy. Ilki onuň sahabalary, soňra bolsa musulmanlaryň ählisi yhram eşigine girdi. Bu gün Mekge ýoly mukaddeslik nuruna ýugrulyp, ap-ak guwlara meňzeýän zyýaratçylardan dolup durdy. Hersi ýüz-ýüzden nyzama düzülen zyýaratçylar, misli Alla-Tagalanyň perişdeleri ýaly, sap-sap bolşup, uçup-gonup barýardylar. Üç gün ýol ýörelenden soň olaryň öňünden kuraýyşlaryň topary çykdy. Olar Resul Alla ilkinji töwellany etdiler. – Muhammet, sen şu ýerden yzyňa gaýt. Jülgäniň daralýan ýerini Halid ibn Walidiň uly ýygyny garawullap ýatyr. Olaryň päli düzüw däl... Muhammet pygamber Mekge ýoluna juda belent adamy tapdy-da, Halid ibn Walidiň saklap oturan deresinden aýlanyp, başga bir ýel bilen Mekge tarap ugrady. Ýöne onuň bar aýdany: – Kuraýyşlaryň dat gününe! – diýen söz boldy. – Men ýeňsem-de, öldürilsem-de yslamyň ýoluny hiç kim saklap bilmez ahyryn. Ýogsa iň soňky demlerine çenli yslama garşy söweşip, ahyr soňunda musulman bolup galanlaryny duýman galarlar. Men-ä tä ölýänçäm Alla-Tagalanyň emrini berjaý etmege kasam edendirin! Musulmanlar ýolbelediň yzy bilen juda kyn jebirli dag ýollaryndan aşyp, Mekge jülgesine aýak basdylar. Soňra Hudaýbiýe jülgesinde taşlanyp gidilen bol suwly guýynyň başynda goş ýazdyrdylar. Bu guýynyň sowuk hem-de bal ýaly suwy medinelileriň janyna şypa boldy. Muhammet pygamber bu ýerde özüne juda dost bolan Huzaa taýpasynyň kethudalaryny ýanyna çagyrdy. – Eziz doganlarym, siz Allanyň adyndan ilçi bolup, kuraýyşlaryňka baryň. Bize haç zyýaratyny etmäge rugsat bermeklerini soraň. Biz Alla-Tagalanyň öýüne zyýarat edip, sadaka berip, yzymyza gaýtmakdan özge zady niýet edinemizok. Huzaa taýpasynyň kethudalaryň Muhammet pygamberiň sargydyny Mekge ýaşulularyna elin ýetirdiler. – Olar ýedi ýüz düýäni Allanyň ýoluna sadaka berip, soňra yzlaryna gaýtmakçy. Bu ýerde hiç hili syr ýokdur. Emma Badr jedinde, Ohot söweşinde, Garym boýundaky söweşderde gözleri gaty gorkan, asyl, Muhammet pygamberden musulmanlardan ýaňa içleri ot bolup duran kuraýyşlaryň olara ynam etjek gumanlary ýokdy. Ebu Sufýan musulmanlaryň Käbä haç zyýaratyna özüniň garşylygynyň ýoklugyny aýtdy. Emma beýleki kuraýyşlar: – Şolaryň biriniň hem, aýagy Mekgä düşmez – diýşip, gylyçlaryny gylyja çalşyp otyrdylar. Muhammet pygamber, dogrusy, Käbe girilensoň Alla-Tagalanyň özüne näme buýruk berjegini bilenokdy. Ol Häzir Mekgede uruşmazlyga, gan dökmezlige söz berse-de, oňa doly kepil bolup bilenokdy. Sebäbi onuň beýik Rebbimi Allanyň ýoly üçin iň mukaddes aýlarda, iň mukaddes ýerlerde söweşe girmäge-de musulmanlara rugsat beripdi. Mekgeliler muny aňýardylar. Onsoň hem Mekge halkynyň ep-eslisi bilniksizden musulman bolupdy. Olar hem Muhammet pygamberiň Käbä zyýarata goýberilmegini berk-berkden talap edýärdiler. Özlerem heran-haçan kuraýyşlara garşy göreşmäge taýýar ýagdaýda durdylar. Halid ibn Walidiň musulmanlaryň ýoluny saklap ýatan goşuny indi Mekgä baryp, şol musulmanlaryň, öňüni kesip, olar Muhammet pygambere goşulmaz ýaly, olaryň badyny alypdy. Muhammet pygamber umytdan düşmedi. Ol öz sahabalaryny çadyryna ýygnady-da, demi daş ýarýan Omara ýüzlendi. – Omar, sen Mekgä ilçi bolup git! Hezreti Omar oýlandy. Soň ýumşaklyk bilen öz pikirini beýan etdi. – Eziz Resul Alla! Başym saňa gurban bolsun! Men Allanyň ýolunda, seniň buýrugyňda ölmäge taýyndyryn. Megerem, kurajyşlar meni görenlerinden iň gadym duşmanlaryny görenlerini ýagşy görýändirler. Men ony gowy bilýän. Şonuň üçin, olary öjükdirip, bu mukaddes işi bulaşdyran men bolmaýyn... Muhammet pygamber Omara derek Osman ibn al-Affany Mekgä ilçi edip iberdi. Hezreti Osmanyň ilçi bolup gidenine üç gün bolupdy. Resul Alla ýene kirpigini kirpigine gatanokdy. – Omar öldürilipdir! Bu habar her kimi erbet tisgindirdi. Omaryň haýynlyk bilen öldürilendigi baradaky ýowuz habar Muhammet pygamberiň tutuş süňňüni lagşatdy. Ol ýagşy niýetler bilen gelen ýolunyň zalymlyk bilen ýapylmagyny erbetlige ýordy. Ol şol bada halaýyga ýüzlendi. – Kim pygamberiň alynda kasam edýän bolsa, ol Allanyň, alynda kasam edýändir. Kim mekgeli kuraýyşlary kül-peýekun etmäge gitmek islese, kasam etsin... Bir ýarym müňden gowrak adamyň her biri Resul Allanyň nurdan ýaňa lumurdap duran mähriban göreçlerine garap, aýasyny Resul Allanyň mübärek aýasyna goýup, kasam etdi. Herne, Alla gowsuny etdi. Osman ibn al-Affan ýylgyryp düşelgä geldi. Muhammet pygamber al-Hudaýbiýe jülgesindäki äpet agajyň saýasyndaky patyşalyk ornunda oturyp, öz sahabalary bilen bilelikde, kuraýyşlaryň ilçisi Suhail ibn Amry kabul etdi. Suhail ibn Amr özüni juda edepsiz alyp barýardy. Ol elini salganynda edil garşysynda oturan Muhammet pygamberiň sakalyna onuň eli galtaşyp gidi. Muny gören sahabalaryň tas zähresi ýarylypdy. Olar billerindeki gylyçlarynyň baljygyna ýapyşyp, syçraşyp, ýerlerinden turdular? Emma Resul Alla-da, Suhail ibn Amr-da muňa kän bir ähmiýet berip durmaýan ýaly göründiler. Olar ýaraşyga başladylar. Ýaraşygyň şertlerini, kuraýyşlaryň teklibini hezreti Osman gelip, Resul Alla aýdyp beripdi. Muhammet pygamber ol şerte razy bolupdy. Indi bolsa, kagyz ýüzünde şertnama ýazyp, iki tarap oňa gol goýaýmalydy. Kuraýyşlaryň şerti şeýledi: 1. On ýyl möhleti bilen, her hili ýagdaýda-da birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada şert edip, ýaraşyk baglaşmalydy. 2. Musulmanlar bu ýyl zyýaraty goýbolsun edip, al-Hudaýbiýe jülgesinden yzlaryna gaýtmaly. 3. Geljek ýyl muhammede hiç bir päsgelçiliksiz haç zyýaratyny berjaý etmek üçin mümkinçilik döretmeli. 4. Göçme taýpalaryň haýsy tarapy islese, oňa goşulmaga haklary bar! Bu şerti eşiden musulmanlaryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Olar ýerli-ýerden goh-galmagal turuzmaga başladylar? Hatda, hezreti Omaryň özem oturyp bilmedi: – Mundan şertnama bolmaz. Bu musulmanlary masgaraçylyga goýmakdyr. – diýip gygyrdy. – Eý, gözlerimiň nury, Resul Alla! Taňry bize hudaýsyzlar bilen ylalaşyga gelmegi gadagan etmedimi näme?– diýip, ol Resul Alla özüniň närazylygyny bildirip galdy. Emma Muhammet pygamber bu geplere, goh-galmagala garap oturanokdy. Ol ýanynda ýazmaga häzir bolup oturan hezreti Ala höküm etdi. – Ýaz! Bu Taňrynyň emridir, Men onuň guly hem resuly. Rehimli we şepagatly Allanyň ady bilen... Suhaýl ellerini gödeksi daldalatdy. – Duruň, duruň men beýle zada golumy goýup bilmerin. Ýöne: «Eý, Hudaýym, seniň adyň bilen...» diýip bolar-a. Muhammet pygamber hezreti Ala ýene-de buýurdy. – Ýaz, Hakyň resuly Muhammet bilen Amryň ogly Suhaýlyň arasyndaky bu Şertnama... Suhaýl ibn Amr ýene-de tarsa ýerinden turdy. – Ýok, ýok, men musulman hem däl, seniň resulydygyňy ykrar hem edemok. Eger men seni Hakyň resuly diýip bilen bolsam, näme üçin urşaýyn! Uruşýan bolsam, onda men seniň bilen ylalaşamok. Şonuň üçin ikimiz hem adymyzy we atamyzyň adyny goýaly. Muhammet pygamber ýene-de egilişige geldi. «Abdyllanyň ogly Muhammet bilen Amryň ogly Suhaýlyň arasyndaky...» bu şertnamada kuraýyşlaryň ownuk-uşak artykmaçlyklary bardy. Olar bäşinji bellik edip, Muhammet Mekgeden Medinä gaçyp baranlary kabul etmän, yzyna bermelidir...» goşdurdylar. Bu bölek mekgelilere degişli däldi. Resul Alla oňa kän bir ähmiýet hem bermedi. Ol şerti doly we gyşarnyksyz berjaý edip, Mekgeden gaçyp gelenleri öz ummatyna goşmady. Gaçyp gelenler hem yzlaryna gaýtman, Gyzyl deňziniň boýlaryndaky kerwen ýoldarynda kuraýyşlaryň öz kerwenini talap başladylar! Ýagşyja awunan kuraýyşlar indi Resul Alladan olary öz ummatyna kabul etmegi telim sapar towakga edip başladylar. Emma Resul Alla şertnamany bozmady. Soň mekgelileriň özlerem gidenleri yzyna talap edip durmady. Muhammet pygamber Şertnama gol çekilen badyna «zyýaratyň şu ýerde tamam bolýandygyny yglan etdi. Ol Käbä tarap öwrüldi-de iki rekgat namaz okady. Şondan soň çakmak daşyndan ýasalan pyçagyny eline alyp, Allanyň, ýoluna gurbanlyk berlen düýeleriň, damagyny çalmaga başlady. Soňra Kihaş ibn Omeýýa özüniň bürünç päkisini berdi-de, saçyny syrdyrdy. Resul Allanyň bu Şertnamany kabul etmegini oňlamasalar-da, musulmanlaryň ählisi diýen ýaly, onuň edenini gaýtaladylar. Emma saçlaryny syrdyrmadyklar-da, onuň ujundan çalaja çyrpdyrmadyklar-da bardy. Resul Alla olary görüp durdy. Ýöne, ol sesini çykaranokdy. Ol bu adamlar äpet agajyň saýasynda kasam edenlerinde juda razy bolupdy. Indi olaryň ruhuny gozgamagyň, bu ýagdaýy düşündirmegiň ähmiýeti ýok hasap edýärdi. – Kim maňa kasam eden bolsa, Allanyň, öňünde kasam edene barabardyr – diýip, zyýaraty şu ýerde jemläp, yzyna gaýdypdy. 2. Bes, Haýbar oljasyny size nagt etdi we Haýbar ilatynyň ellerini siziň garşyňyza göterilmez ýady etdi. Gurhan. 48-nji süre. 20-nji aýat. Mekge ýolunda gury azaba galyp, zyýaratsyz, oljasyz yza gaýtmak medinelilere gaty agyr degdi. Üstesine, Resul Alla şunça azap çekip, diňe saçlaryny syrdyrman az-owlak gysgaldanlara hoşamaý sözünem gysganypdy. Beýle ýagdaýy Resul Alla goşulman galan «medineliler» masgaraçylyk hasap edýärdiler. Özleriniň akyl edip, bu masgaraçylyga goşulmandyklaryna heşelle kakýardylar. Muhammet pygamber bu gep-gürrüňlerden hem habarlydy. Munuň üçin 628-nji ýylyň maý aýynda tutuş Medine şäherine jar çekdirdi. – Al-Hudaýbiýe jülgesine baranlar ertir irden atlanmalydyr-la-how! Bu syrly çagyryş Medinelileri agyr oýa batyrdy. Müň bäş ýüze golaý erkek adam, dul aýallaryň hem birnäçesi ýene-de ýola atlandy. Muhammet pygamberiň berk düzgünli, okly-ýaýly, sowudy, eýer-esbaby düzüw iki ýüz atlysy bardy. Onuň üstesine, bir müň bäş ýüz adam hem ýüz-ýüzden juda berk saplara bölündiler. Bu agyr goşuna hezreti Aly bilen hezreti Omar ýolbaşçylyk edýärdiler. Hezreti Aly diýseň edermen, akyllydan pähimi daş ýarýan serkerde bolup ýetişipdi. Ol Ebu Sufýayň on müň goşunyny güýç ulanman ýeňen pälwandy. Güýç ulanmady diýilse-de, Ebu Sufýanyň dyzmaç atlylary läbik bolup ýatan suwly ganawyň ýalpagrak ýerinden aç böri ýaly bolşup, eňip gelipdiler. Şonda hezreti Aly olary juda gaýduwsyz güýç bilen ikini islemez ýaly edip, yzlaryna serpikdiripdi. Şonda gözleri gaty gorkan kuraýyşlar hezreti Alynyň bar ýerinde sandyraklap, ellerini-aýaklaryny ýitirýärdiler. Hezreti Omar pähim-paýhasy garadan gaýtmazlygy bilen her ýerde agyr goşuna hemaýatdy. Musulmanlar Haýbar jülgesine gije baryp girdiler. Medinä garanda has salkyn, süýji suwlar bulak bolup akyn ýatan öleňlerden gelýän jana ýakymly, eşretli howa, tämizlik, edil depäňe degäýjek bolup duran dury ýyldyzly päkize asman, uludan ýakylan oduň, başynda bu ýere alnyp gaýdylan dul aýallaryň, deprege goşup aýdan mylaýymdan ýakymly aýdymlary esgerleriň keýpini göterýärdi. Häzir onuň Muhammet pygambere aýdýan alkyşlarynyň hetdi-hasaby ýokdy. Olar hut häzir hem sap-sap bolşup, Resul Allanyň görkezen ugruna gitmege taýýardylar. Olaryň ählisi al-Hudaýbiýe jülgesindäki äpet agajyň saýasynda aýasyny Resul Allanyň aýasyna goýup kasam içenlerdi. Haýbar jülgesi – hazynalar jülgesidi. Onuň hurmasy, zeýtuny, her dürli ir-iýmişi arap çarwanarynda edil teperrik ýady görülýärdi. Olarda derdiňi dep edýän üýtgeşik tenekar bardy. Bu jülgede depseň deprenmez baýlar ýaşaýardylar. Şonuň üçin bu ýere gelenleri olja höwesi bu gije ýatyrjak däldi. Ýygyn ir säherden oýandy. Esgerler juda çalt garbanyp, soňra jülgä düşdüler. Säheriň derde derman howasyna gark bolup, kätmenlerini, oraklaryny eginlerine alşyp, gumak ýol bilen ekinzarlyklara barýan parahat adamlaryň bu agyr goşuny görüp zähreleri ýaryldy. Olar duran-duran ýerlerinde söweşmän ýesir düşýärdiler. Muhammet pygamber gijesi bilen ýatman, Belent-Taňryny çagyryp oturypdy. Onuň: – Ýa, Alla! Asman-u-zeminiň ýelleriniň, jynlaryň hökümdary! Bu şäheriň we onuň ýaşaýjylarynyň emlägini bize bagyş et, We bize şäheriň şerinden, ilatyň ýamanlygyndan, ähli derdeserderden gora. Allanyň haky üçin öňe – diýenini ähli adam eşitdi. Resul Allanyň owazy gulaklara däl-de, ýüreklere tenekar bolýardy. Bu belent çagyryş oba üstüne oba, küren üstüne küren basyp alýan musulmanlara, güýç-kuwwat berýärdi. Obalaryň ençemesi söweşsiz boýun boldy. Resul Alla bu obalaryň ilatyna ähli baýlygyny musulmanlara galdyryp, obalaryndan çykyp gitmäge rugsat berýärdi. Öňde Haýbaryň merkezi galasy seleňläp görünýärdi. Haýbaryň ähli güýji şu galadady. Esgerler söweşip-söweşip, namys gylyjyny elinden gaçyrmadyklar iň soňky demlerinde özlerini şu gala atýardylar. Agyr goşun tutuş jülgäni elek edip eländen soň, şu galanyň alynda gelip saklandy. Altyn-kümüş şaýlar, ýüpek parçalar, tylla teňňeler ir-iýmiş harman-harman bolup ýatyrdy. Bu hazyna garaýan esgerleriň gözleri ýanýardy. Olar duşman galasyna täze, üýtgeşik hyruç bilen seredýärdiler. Ýöne bu gala juda berkdi. Muhammet pygamber Selman Farsyny alyna getirmeklerini buýurdy. – Selman Farsy, sen, enşalla, bu galanyň hem bir alajyny iýersiň... Selman Farsy bu galanyň daşyna örän çuň garym gazdyrdy. Soň hem bu galanyň çat açan böwrüni agyr urgular bilen ýagşy opurdylar. Haýbaryň juda mert, azapgöý halkynyň bardygy bu galadan hem görnüp durdy. Musulmanlar gala girenlerinde olar henize çenli görülmedik gazap bilen garşy aldylar. Emma olaryň ähli yhlasy biderekdi. Musulmanlaryň arasynda hezreti Aly bardy. Ol galanyň gädiginden arslan ýaly boluň atylyp içeri girdi. Ol elindäki gylyjyny her sapar uranda, Allanyň, gudraty bilen, bir ýol açylýardy. Musulmanlar onuň, arkasyny saýalap, barha öňe okduryldylar. Öwrümleriň birinde duşmanlar hezreti Alynyň daşyny gaty köp bolşup aldylar. Hezreti Aly olary aldygyna parçalaýardy. Şol arada duşmanlar tarapyndan urlan telim gylyja tap bermedik galkan para-para bolup, pytrap gitdi. Hezreti Aly gylyjyny penalap, diwaryň opurylan bir bölegini aldy-da, ony galkan ýerine ulandy. Bu pälwanyň beýle ägirt gudratyny gören duşman gyrgy dalan serçe sürüsine dönüp, hezreti Alynyň töwereginden dyr-pytyrak boldy. Söweş üç güne çekenden soň haýbarlylaryň bu galasy-da doly dyza çökdi. Muhammet pygamber uçursyz goldawy bilen yslamyň şeýle uly baýlyga, çäksiz uly abraýa ýetendigie örän begenýärdi. Ol gijesi-gündizi ýok, hemişe Belent-Taňra alkyş okaýardy. Al-Hudaýbiýe jülgesinden juda nägile bolup gaýdan esgerleriň, ýüzi gül bolup açylýardy. Resul Alla söweşsiz, gansyz, at daradylman, düýe ýortdurylman alnan obalardan gelen oljany Allanyň, ýoluna bagyş etdi. Hudaýa şükür, onsuz hem olja bary harman-harman bolup ýatyrdy. Muhammet pygamber alnan oljany bu ýere gelen bir müň sekiz ýüz esgere deňje derman böldi. Alnan hurma baglary, ekerançylyklar, bossançylyklar hem esgerlere bölünip berildi. Adamlar bu bölünişikden diýseň razy boldular. Çünki, öňde-sowda Muhammet pygamberiň ýalan sözlänini, iliň hakyny iýenini, haramlyga, adalatsyzlyga meçew berenini gören ýokdy. Resul Allanyň bar ýerinde adalat bardy. Şu ýerde Resul Alla öň ýer, ekin-dikin garasyny görmän, indem üç-dört ýyl bäri düýäniň, atyň üstünde gylyç oýnatmaga halys endik eden musulmanlara, ansarlara öz ýerlerindäki söweşmän ýesir düşen haýbatly daýhanlara kärendesine-de bermäge rugsat beripdi. Munuň özem olar üçin kiçi döwlet däldi. Resul Alla bu söweşde özüne peri-peýker sypatly Safiýany aýallyga aldy. Safiýa bu söweşde ölüm jezasy berlen gurply şyhyň dul galan on ýedi ýaşly aýalydy. Resul Alla söweş wagty bu perizady görenden, oňa göwün beripdi. Şonuň üçin söweşiň juda gyzan mahaly, ünsüni başga ýere sowmajak bolup, öz daşky donuny bu gelniň üstüne atyp geçip gidipdi. Resul Alla: «Bu gelni men olja aldym» diýen adamlara-da öz paýyndan paý berip, razy edipdi. Ol paýlanan oljany diňe düýelere ýüklenensoň, almaga rugsat beripdi. Ýogsa, şol ýerde iki paý aljak bolup pelasaň urýanlar az däldi. Haýbar jülgesiniň alynmagynyň şanyna gurulýan şagalaňlar, bol iýip-içmek, şahandazlyk tükener ýaly däldi. Resul Alla öň hem Mekge ýolunda ýagşy ýorlan musulmanlara dynç almaga rugsat beripdi. Ol öz çadarynda sahabalary, gowy görüşýän ynsanlary bilen söhbetdeş bolup otyrdy. Şol wagt günorta nahar wagtynyň bolandygyny aýdyp, nahar çekmäge Resul Alladan rugsat soradylar, Häliden bäri salkyn howaly Haýbaryň tämiz demini täzeje gowurmanyň, tamdyra ýaňy bişen çöregiň ýakymly ysy tutup durdy. – Eşalla, rugsatdyr! Ýörite adamlar orta tagam çekip başladylar. Resul Alla bu gün Bişru ibn al-Bara bilen tabakdaş bolupdy. Nahara şüweleňli başlanyldy. Semiz toklynyň gowurlan eti, erkiňi eliňden alyp barýardy. Muhammet pygamber nahara örän sabyrlydy. Adamlar onuň nahar iýip oturan wagtyna kän bir duşanokdylar. Ol häzir hem howlukmady, bölünen ýaglyja külçe süňňüni eline aýady-da, onuň çylkaja etine agyz urup, birki gaýta çeýnedi. – Taşla eti! Eti taşla! Iýme! Ol bu sese tisginip gitdi-de, elindäki bölek süňki tabaga taşlady. – Iýmäň, adamlar! – diýip, Resul Alla agzyndakyny tüýkürip aýtdy. Onuň bu sözüni eşiden adamlar doňup galdylar. Öz işdäsini saklap bilmän, Resul Alla bilen tabakdaş bolmak bagtynyň miýesser edenine monça bolan Bişru ibn al-Bara heziller edip naharlanypdy. Şonuň üçin ol şol şol bada jan berdi. Naharyň zäherleneni belli boldy. – Nahary kim taýýarlady? – diýip, hezreti Omar älemi gazaply sesi bilen titredip, sorady. Nahara Haýbar söweşinde wepat bolan ýakynlarynyň aryny almagy niýetine düwen bir ýesir aýal zäher goşan eken. Tutuş Muhammet ummatynyň ýüregine tiken sünjülen ýaly boldy. Her kim Muhammet pygamberiň sag-aman galanyna şükür etse-de, Resul Allanyň haly ol diýen bir ýagşy däldi. Resul Alla zaýa eti ýuwutmasa-da, güýçli zäher agyz damarlaryna, tüýküligine, diliň, dişiň düýplerine ýagşy ornaşdy. Onuň endam-jany edil soka salnyp, döwüm-döwüm edilen ýalydy. Bu ýagdaý musulmanlaryň Haýbardan çykyp gaýşagyny tizleşdirdi. Medinä gelenden soň howasynyň çalyşmagy, uly ýeňşiň, şan şöhratyň mertebesi, bol oljanyň alynmagy, halkyň toý-baýrama beslenmegi, Allanyň mukaddes ýolunyň barha rowaçlanýandygy, baradaky duýgular Resul Allanyň hal-ýagdaýyny birneme gowulandyrdy. Ol gelen badyna haýbarly perizat hatyn bolan Safiýany özüne aýal edinip aldy. Ýaş, näzikden owadan, ýap-ýaňy musulmançylygy kabul edip alan Safiýa Resul Allanyň derdine derman bolupdy. Nika gijesi Ebu Eýýub atly esger Muhammet pygamberiň çadyryny eli gylyçly saklap çykypdy. Ertesi Resul Alla özüniň haýran galmasyny gizlemän, ondan muny näme üçin edýändigini sorapdy. Şonda Ebu Eýýub: – Men seniň janyňdan howatyrlandym, Resul Alla. Sen ol aýalyň ärini, atasyny, halkyny gyrdyň. Ol yslam dininem ýaňy kabul etdi ahyryn... Resul Alla musulmanlaryň şeýle mert, ogullaryna buýsandy. – Şu gije meni goraýşyň, ýaly, goý, Alla-da seni gorasyn – diýip, ol razy bolup aýtdy. Medinedäki şeýle dabaralaryň üstüne Hebeşistana gidip, soň hem gelip bilmän, şol ýerlerde galyberen aýallaryň, çagalaryň otuza golaýy Muhammet pygamberiň tabşyrygy bilen alnyp gelindi. Olary Resul Allanyň doganoglany Japar ibn Ebu Talyp alyp gelipdi. Şolaryň arasynda Ebu Sufýanyň gyzy, Hebeşistanda dul galan musulman aýal Um Habyba-da bardy. Oňa şol ýerde Muhammet pygamber üçin söz aýdylypdy. Um Habibanyň razylygy bilen, Muhammet pygamber ony özüne aýal edip aldy. Şeýdibem, ol häzirki döwürde iň hökümli Omeýýa urugy bilen berk garyndaşlygyň düwünini düwdi. Medine ili oljasyz galan ikiýüzlileriň, mynapyklaryň ökünjine, agyr puşmşşna garaman, toý içinde ýaýnaýardy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Üç hili adamyň abraýyna zyýanly sözleri aýtmagyň, gybatyny etmegiň saňa haram we günä däldir: 1. Günä we pyssy-pujurly işleri äşgärlikde edip ýören adam. 2. Zalym häkimler, ýolbaşçylar. 3. Şerigatda edilen nädürs işlere dürsdir diýip ygtykan edýän hem-de amal edýän kişliler. Ýagny bidgatçylar. Şeýle adamlaryň gybatyny etemek günä däldir. Rowaýat: Bar gün Resul Allanyň ýanynda onuň söýgüli gyzy hezreti Patma: – Men bagty adamdyryn. Çünki meniň kakam pygamber, şonuň üçin o dünýede maňa kän ýeňillik bolar – diýip aýtdy. Muhammet pygamber başyny ýaýkady. – Ýok, gyzym! – diýdi. Alla-Tagalanyň öňünde biziň ählimiz deňdiris. Ol ýerde atanyň-enäniň ogla-gyza, ogul-gyzyň ata-enä hemaýaty ýetýän däldir. Sen, goý, pygamberiň gyzy bol, başga biriniň çagasy bol, öz ol dünýäňi özüň gazanmalysyň – diýip, gussa bilen aýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |