15:36 Muhammet pygamber -64: romanyň dowamy | |
DOKUZYNJY BÖLÜM
Taryhy proza
1. Elbetde, eý musulmanlar, eger Belent-Taňry halasa (rugsat etse), siz täze ýyl Haram metjidine, siziň birnäçeleriňiz saçlaryňyzy aldyran (aýyrdyran) halyňyzda, we siziň birnäçeleriňiz saçlaryňyzy gysgaldan halyňyzda, gorkusyz girersiňiz. Gurhan. 48-nji süre. 27-nji aýat. Muhammet pygamber myhman otagynda özüniň sahabalary bilen tegelenişip söhbetdeş bolup otyrdy. Şol pursat baş mürze içeri girmäge idin sorady. – Girsin! – diýip, Resul Alla mylaýymlyk bilen aýtdy. – Ezizimiz Resul Alla, Wizantiýanyň Müsürdäki häkimi Mukowsike hezretlerinden agyr kerwen geldi. Ol köp-öp gymmat bahaly engamlar, örän gymmat bahaly sowgatlar iberipdir. Olary näme etmelidigini buýursaňyz. Baş mürze gymmat bahaly daşlary Resul Allanyň eline elin gowşurdy. Bal ýag doly çelekleri, üýtgeşik reňkli parçalary hatarlap, resul Allanyň gözüniň düşäýjek ýerlerine goýdular. Ap-ak reňkli gatyr, üsümiň suwy ýaly owadandan näzenin gyrnaklary Muhammet pygamberiň hojalygyna gowşurdylar. Şeýle sowgatly kerwenleriň yzy üzülenokdy. Muhammet pygamber Alla-Tagalanyň buýrugy bilen din-şerigat ýoluny, yslamy älem ýüzüne ýaýmak barada gijesi-gündizi ýok, dynman oýlanýardy. Onuň mürzeleri arap, pars, arameý, siriýa dillerinde dürli ýurtlaryň şalaryna, patşalaryna hatlar taýýarlap Muhammet pygambere getirip ony okap berýärdiler. «Hakyň Resuly Muhammetden Hebeşistanyň şasy Negus al-Aşhama! Düünýäň abat bolsun!..» «Pygamber we Hakyň resuly Muhammetden romeýleriň knýazy Irakliýe! Dünýäň abat bolsun!..» «Allanyň pygamberi hem-de Hakyň Resuly Muhammetden beýik pars döwletiniň eýesi Hysrow Anuşirwana! Dünýäň abat bolsun! Şeýle mowzuk bilen başlanýan hatlar wizantiýanyň Müsürdäki häkimi Mukowkise, Ýemeniň, Ommanyň, Hadramawutyň hökümdarlaryna ýollanypdy. Şol hatda hökümdarlaryň dinine, durmuşyna görä, mahabat beriji, hormatlanyp, mertebelenýän sözler aýdylýardy. Soňra bolsa olary yslamy kabul Medine bilen parahatçylykly gatnaşyklar açmaga çagyrylýardy. Şol hatlaryň aşagyna Resul Alla «Muhammet – Allanyň resuly» diýip, öz möhürini basýardy. Beýle haty her şa, her patyşa bir hili kabul edýärdi. Muhammet pygamber Pars döwletiniň hökümdaryna şeýle mazmundaky hata iberdi. «Bismillähir-Rähmäni-Rahim! Resul Alla Muhammetden beýik Pars döwletiniň eýesi Hysrow Anuşirwan şaha sadam bolsun! Hak ýolunda ýöräp Alla we onuň resulyna ynanýanlaryň, Alladan başga hudaýyň ýoklugyna, onuň ýoldaşsyz ýekeligine, Muhammediň onuň guly we resulydygyna güwä geçýänleriň dünýesi abat bolsun! Men hakykatdan hem Allanyň hemme adamlara iberen pygamberi, seni dirilere pent, dinsizlere göz bolar ýaly, yslam dinini kabul et diýip, Allanyň adyndan çagyrýaryn, kabul etseň, özüň hem halas bolarsyň. Eger-de kabul etmeseň, başyňa otparazlaryň günäsi ýaly güne iner. Resul Allanyň möhüri basylan bu hat Abdylla ibn Huzafyň eline berildi. Soň ol pars döwletine Muhammet pygamberiň çapary bolup gitdi. Abdylla ibn Huzaf bu hata pars döwletiniň beýik şasy Hysrow Anuşirwanyň hut öz eline gowşurdy. Hysrow şa hata açyp, oňa ýazylan: «Resul Alla Muhammetden...» diýlen sözleri okap, edil köz gysymlan ýaly boldy. Ol bu haty ilçiniň gözleriniň alynda ýyrtyp taşlady-da, Abdylla ibn Huzafy şol pursada yzyna atardy. Özi bolsa: «Ýasribde özüni pygamber saýyp ýören telb bar diýýärler. Maňa şonuň ýa özüni, ýogsa-da kellesini iberiň» diýip, berk talaply nama ýazyp, Ýemendäki öz goýan häkimine çapar iberdi. Ilçi-çapar sag-aman yzyna barandan soň, bolan wakany bolşy ýaly, Resul Alla habar berdi. – Hä-ä, Alla-Tagala onuň mülküni öz başyna ýumurdy diýsen-e – diýip, Resul Alla gynanmak bilen – Musulmanlar Hysrowyň ak köşgündäki genji hazynanyň işigini açjakdyrlar – diýdi. Bu hakykadan hem şeýle bolupdy. Çünki, Alla-Tagala bu wakadan kän öň: «We Belent-Taňry size ýene-de Pars, Rum we başga şäherleriň açarlaryny wada etdi we eger-de siz häzir ol şäherlere barmaga hötde gelmeseňiz we olary bilmeseňiz hem, takyk, Belent-Taňry size olary taýyn etdi we siziň üçin saklap goýdy (Gurhan. 48-nji süre. 21-nji aýat) diýip wada edipdi. Sähel wagtdan Hysrow şanyň öz ogly onuň başyna ýetdi. Hezreti Omar ibn al-Hattab döwründe Sagd ibn Ebu Wakgas Pars döwletiniň merkezini basyp alandan soň, Hysrowyň ak köşgündäki genji-hazynasy musulmanlaryň eline geçdi... Muhammet pygamber Juhaýň Jurmuz, Janbah, an-Nadyr, al-Harys taýpalarynyň kethudalaryna iberen haty başgaça röwüş bilen ýazylandy. Şol hatlarda: «Eger musulman bolup, dini dessurlary berjaý etmeseňiz, hüşür-zekadyňyzy berip, Allanyň we onuň resulynyň aýdanlaryna boýun bolmasaňyz, oljaňyzyň bäşden birini berip, köphudaýlykdan daş durmasaňyz...» diýlip, juda berk talaplar öňde goýulardy. Resul Allanyň beýle düzgüni din-yslamy, musulmançylygy älem ýüzüne ýaýradyp barýardy. Indi Ýasrib şäherine Muhammet diýip bir pygamberiň dörändigini, onuň musulmançylygyň düzgünini gaty berk ýöredýändigini bilmeýänler bu töwerekde ýok diýen ýalydy. Bu habar Rim döwletine-de baryp ýetipdi. Resul Alla bu ýurda wepady ýoldaşlarynyň biri Dihga al-Kalby iberipdi. Oňa eltilen hatda Muhammet pygamber Rim papasyny musulman dinine girmäge çagyrýardy. Digha hökümdaryň Şamdady köşgüne bardy-da» bu hökümdaryň hut özi bilen duşuşmaga rugsat aldy. Köşk ulamalary oňa! – Hökümdary göreninde başyňy aşak salyp, tä onuň özi ygtyýar berýänçe, kelläňi galdyrmaly däldir – diýip, juda berk sargap başladylar. – Ýoo-ok – diýip, Dihga al-Kalb kes-kelläm boýun gaçyrdy. – Men diňe ýeke-täk Allanyň öňünde başymy egerin... – Onda sen Sezeriň ýanyna giribem oturma. Barybir ol seniň hatyňy almaz – diýip, ulamalar ony ýerli-ýerden gyssap başladylar. – Ol meniň getiren hatymy alarmy, almazmy, ony baranymdan soň men görübererin. Ol hökümdaryň ýanyna başyny buýsanç bilen tutup bardy-da, oňa Muhammet pygamberiň hatyny uzatdy. Sezar bu baş egmezek adama geňirgenip garady-da, onuň uzadan hatyny gyzyklanma bilen aldy. Soňra dilmajyny çagyryp, Resul Allanyň iberen keramatly namasyny okamagy buýurdy. Dilmaç haty aldy-da, ony bolşy ýaly terjime etdi. Muhammet pygamber özüniň hatynda ony yslam dinine girmäge, Alladan özge Taňrynyň ýoklugyna, Muhammediň onuň Resulydygyny ykrar etmäge çagyrýardy. Sezar bu hatda ýazylanlary diňläp, terjimeçiniň hem-de ilçiniň ýüzüne geň galmak bilen garady. Bir salymdan bolsa: – Muhammet! Kim ol? Maňa beýdip ýüzlenmäge onuň näme haky bar? Ýa-da... Ol başyny ýaýkady. – Men ol barada ony-muny sorajak. Baryň onuň ilinden aga-gara düşünýän bir adam tapyp geliň. – Tutuş köşk Muhammet pygamberden habar bilýän paýhasly adamyň gözlegine çykdy. Ahyr soňunda Gazanyň bazarynda söwda edip ýören mekgellileriň üstünden bardylar. Güpürdeşip gelen atlylary görenden, mekgelileriň ýüregi ýarylara geldi. – Siz nireden? – Mekge diýen ýurtdan. – Araňyzda Muhammet pygamberi tanaýanyňyz barmydyr. Kim ondan habar berip biljek? – Men berip biljek. – Men Mekgäniň serdarydyryn. Adyma Ebu Sufýan diýýändirler. – Atlylaryň gökdäki dilegleri ýerde gowuşan ýaly boldy. Olar Ebu Sufýany, onuň ýanyndakylary goş-golamlary bilen bilelikde Iýersalymyň häkiminiň köşgüne getirdiler. Agyr kerwen bilen Şama söwda gelen Ebu Sufýanyň jany bokurdagyna geldi-de, dili tutulyp, näme diýjeginem bilmän galdy. Ol başyna täç geýip, tagtyň üstünde oturan häkimi görenden soň-a has hem aljyrady. Sezar dilmajyna ýüzlendi. – Sora, bularyň arasynda «men pygamberdirin» diýýäniň iň ýakyn adamy-ha ýokdur... Ebu Sufýan tisginip ýerinden turdy. – Eý, beýi häkim, men şonuň iň ýakyn garyndaşydyryn. Sezar uly gyzyklanma bilen sorap başlady. – Siziň öz araňyzda onuň aslyna nähili garalýar? – Onuň asly juda asylly, iň asyldy maşgaladandyr. Onuň aňyrsynyň juda uly hormaty bardyr. – Mundan ozal şolaryň içinden: «Men pygamberdirin» diýeni barmydyr? – Ýokdur. – Özüni pygamberdirin diýmezinden ozal ol Muhammet diýilýäniň adam aldan ýa-da ýalan sözlen wagty barmydy? – Ýok, ýok, hiç haçan bolan däldir. – Onuň aklynda-huşunda kem ýeri barmydyr? – Biz-ä onuň gepinde-sözünde, pikir öwrüşinde kem tapmadyk. – diýip, Ebu Sufýan jogap berdi. – Onuň aýdanyny edip, yzyna düşýänler iň bir salyhatly özüne göwni ýetýän adamlarmy ýa-da garyp-pukaralarmy? – Garyp-pukaralar. – Oňa uýýanlaryň sany artýarmy ýa-da kemelýärmi? – Olaryň sany barha artýar. – Onuň wadasyny bozup, sözünde tapylmadyk wagty bolupmydy? – Bolmandy. – Siz onuň bilen urşupmydyňyz? – Hawa. – Haýsy tarap ökde gelýärdi? – Belli bir tarap diýip boljak däl. Bir gezek biz ýeňdik, bir gezegem ol. – Onuň sizden isleýän zady näme? – Ol bize: «Allanyň bir özüne uýuň, Alladan özge Taňry ýokdur» diýip buýurýar. Biziň ata-babalarymyzyň bolsa üç ýüz altmyş sany daş hudaýy bar. Ol: «Siz bu daş hudaýlara däl-de, ýeke-täk Taňra uýuň» diýip, bizi ata-baba ynanjymyzdan ýüz öwürtjek bolýar. Ol bize «şol daş hudaýlaryňyza däl-de, Allanyň ýoluna sadaka beriň, namaz okaň, lebizli, ynsaply boluň, maňa wepaly boluň...» diýip bize gaty azar berýär. Ebu Sufýanyň Muhammet pygambere bolan ýigrenjiniň çägi ýokdy. Şonda-da ol ýalan sözläp bilmedi. Çünki, onuň ýanynda beýleki kuraýyşlar hem bardy. Ol bu ýerde ýalan sözlese, ertir onuň «ýalançy» adynyň çykaýmagy gaty ahmaldy. Sezar iki elini dyzlaryna urdy-da, başyny atdy. – Hawa, ol hakykatdan hem pygamber bolmaly – diýdi. – Men onuň, dünýä inenini bilýärdim. Ýöne ol siziň halkyňyzda dörär öýtmeýärdim. Eger men onuň ýanynda bolan bolsadym, onda onuň aýaklaryny ýuwardym... Ebu Sufýan Sezaryň ýanyndan çykanda, bu hökümdaryň Muhammet pygambere beren bahasyna haýran galdy. Resul Allanyň yslamy älem ýüzüne ýaýradyşy begendirse-de, onuň ýüregi hiç ynjalalokdy. Onuň ýanyny alyp oturanlar hem Resul Alladan hiç zady sorap bilenokdylar. Şeýle günleriň birinde Mekgeden bir adamyň gelendigini, onuň Resul Allany gyssagly görmek isleýändigini aýtdylar. – Geliň! Gelen adam Resul Allany görüp, gözlerinden ýaş döküp başlady. – Gara başym, enem-atam saňa gurban bolsun Allanyň resuly. Bizi bir namys astyndan çykaraweri. Resul Alla bu adamy köşeşdirdi. – Enşalla, maksadyňa ýetersiň. Ýöne, hany, näme niýet bilen geleniňi mälim et. – Maňa Amr ibn Salim diýerler. Sen, Muhammet, kuraýyşlar bilen birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada şertnama baglaşdyk. Biziň taýpamyz hem şol şertnama görä sizlik bolup galdy. – Hawa. – Emma ol näkes Ebu Sufýan näme etdi? Şol şertnamany bozdy. Kuraýyşlar bilen bakr taýpasy birleşip biziň Huzaga taýpamyzyň üstüne çozdy-da, malymyzy sürdi, ogul olja, gyz ýesir edip alyp gitdi. Muhammet pygamber sahabalarynyň ýüzüne garady! – Amr ibn Salim, sen gam çekme saňa kömek ederis. Hakykatdan hem Ebu Sufýan bakr taýpasynyň ganojak adamlary bilen birleşip, musulmanlaryň tarapynda duran huzagalylary indi hiç haçan galmaz ýaly edip talapdy. Ýöne ol bu işi etse-de, onuň soňunda durmana gaýraty çatmandy. Mekgelileriň topar-topar bolup Medänä gidip, musulman bolýandygyndan, elbetde, Ebu Sufýanyň habary bardy. Rimiň Sezeriniň mahabatlandyryjy sözlerinden soň, onuň bir göwni musulman bolmakdy. Ind-ä, näme, gyzyny berenden soň, Muhammet onuň giýewsi, hakyky garyndaşy bolup galypdy. Ebu Sufýan bu işede özüni juda gije galan ýaly duýgulary hem başyndan geçirýärdi. Ol Muhammete garşy, onuň dinine, musulmanlara garşy berk göreşipdi. Öň Ebu Jähil, Ebu Läheb dagy juda uly güýç bolupdylar. Emma Muhammede degenler şu dünýäden dowzahy bolup, iň bir jebirli ölümi boýunlaryna alyp gitdiler. Indi şol ganym duşmanlardan onuň bir özi galyberipdi. Göwnüne bolmasa, indi Taňrynynyň zabun jebri-jepasy özüniňki ýalydy. Ol göze görünmeýän agyr jepaly synaglara garaşýan ýalydy. Şonuň üçin ol howlugýardy. Onuň howlugýanynyň ýene bir sebäbi, musulmanlara garşy söweşleriň serdary bolan, dilinde olary ganym duşman saýyp ýören Halid ibn al-Walid, gaty mekirje al-Ass ýörite Medinä gidip, musulman bolup gelipdiler. Şu ýowuz duýgular hemişe zalym hem-de garadan gaýtmaz kapyr kuraýyş bolan Ebu Sufýany Medinä alyp gelipdi. Ol Medinede barara ýeri kän hem bolsa, öz gyzy Umma Habibäniňkä düşdi, Bu öý Muhammet pygamberiň öýüdi. Umm Habibe kakasyny gadyrly garşylady, Salamlaşdy, ejesini, dogan- garyndaşlaryny ýeke-ýekeden sorady. Ebu Sufýan ýere ýazylan düşege geçdi. – Dur, dur, kaka! Umm Habibe bir ýerine ot basylan ýaly boldy. Ol töre atylyp bardy-da, kakasynyň oturjak bolup çemelenýän düşegini sogrup alyp, ýokarda ýygşyryp goýdy. Kakasyna welin düşek atmady. Bütin Mekgäniň serdary, abraýy Şama, Yraga belli, dünýä sygmaýan depseň, deprenmez döwletli, mally Ebu Sufýan gyzynyň özüni beýle harlaýşyna düşünmedi. – Bu näme etdigiň, sen näme üçin meniň astymdaky düşegi beýle alyp, ýygnap goýduň? Umm Habibe ondan çekinip durmady. – Bu düşek ärim Resul Allalyň oturýan düşegi. – Bolanda näme, men ony iýemog-a. – Resul Alla musulman, sen bolsa butparaz. Onsoň sen bu düşegiň üstünde otursaň, ýüregime jaý boljak däl. Ebu Sufýan däldiräre geldi. – Senem bu zabun kesel bilen keselläpsiň-ow – diýip, gyzynyň işigini jarka ýapyp, çykyp gitdi. Ol şondan metjide, göni Resul Allanyň ýanyna ugrady. Emma Muhammet pygamber bu zalym kişiniň ýüzünem görmek islemedi. Ebu Sufýanyň lapy keç boldy. Gyzynyň bolşy, Resul Allanyň onuň ýüzüni görmezligi ony agyr oýa batyrdy. Ol hezreti Ebu Bekiriň ýanyna bardy. – Gaýrat edil meni Muhammet pygamber bilen duşur. Ebu Bekir ýagdaýdan habarlydy. Şonuň üçin ol bu işi boýun almak islemedi. – Bu işi men oňarmaryn. Ebu Sufýan Omar ibn al-Hattabyň ýanyna bardy. Ol hem bu işi boýun almady. – Bu ýumşuňy men oňarmaryn. Ebu Sufýan eginlerini sallady. Ol halys umytsyz halda Aly ibn Ebu Talybyň ýanyna bardy. Oňa ýalbaryp başlady. – Aly, şu görünýän adamlaryň arasyna ikimizden ýakyn garyndaş ýok. Men sen diýip geldim. Sen meniň sözümi ýykma. Sen Resul Alla «Ebu Sufýan bilen bir duşuşyp gör» diýip töwella et, belki... Aly hem bu işi boýun almady. Şondan soň tutuş Mekgäniň, kuraýyşlaryň serdary Ebu Sufýan lapykeç bolup yzyna gaýtdy. Ol bu barada-da, özüniň baglaşylan şertnamany bozandygy barada-da hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Şu ýagdaýlar Muhammet pygamberi agyr alada goýýardy. Ol tutuş şu töwerekdäki taýpalary öz penasyna alypdy. Köp ýurtlara hatlar iberipdi. Emma onuň üçin iň mukaddes ýer, yslamyň öýi Käbe welin ondan daşdy. Oňa bolan ähli duşmançylyk, haýynlyk, dönüklik, ikiýüzlilik şol ýerden gelýärdi. Şertnamanyň bozulmagy iň mukaddes umytlaryň puç bolmagydy. Ol geljek ýylda Mekgä arkaýyn girjekdiklerine tutuş ummatyny ynandyrypdy. Bu şeýle-de bolmalydy. Emma Şertnamany bozan adamlar onuň bu sözüni ýere çalypdylar. Bu ýyl hem Käbe zyýaratyň puja çykaýmagy gaty ahmaldy. Şonuň üçin indi bu mukaddes işi juda berk tutmalydy. Ertir namazy tamam boldy. Emma Muhammet pygamber namazlykdan hem turmady, Mesjidi Nebewiden hem çykmady. Ony gören musulmanlar bir möhüm habaryň bardygyny aňýardylar. – Eziz doganlarym – diýip, Resul Alla metjidi dolduryp oturanlara ýüzlenip aýtdy. – Enşalla, ýol şaýyňyzy berk tutuň. Käbe haç zyýaratyna gitmäge rugsat berlendir. Ol Alla-Tagalany alkyşlap dogalar okady. – Allanyň ýolunda din gylyjyny çalyň. Özüňiz bilen söweşýänler bilen mert söweşiň, emma hetden aşmaň. Alla hetden aşýanlary ýigrenýändir, omyn!.. Resul Alla ýene-de doga okady! – Eger olar siziň garşyňyza çyksa, öldüriň. Özüňizi kowan ýerlerinden özlerini kowuň. Haram işlere höweslendirmek, adamy öldürenden hem gabahatdyr. Mukaddes metjidiň özünde olar bilen uruşmaň, tä olaryň özleri uruşýançalar. Olar şol ýerde siziň bilen uruşsa, olary öldüriň. Ine, şol ol dinsizleriň öz etmişlerine göre jezadyr! Olar ikini islemez ýaly söweşiň. Muhammet pygamber Alla-Tagalanyň gudraty, Ybraýym pygamber hakynda, Taňrynyň sahawatynyň, ýalkawynyň egsilmezligi hakynda, Käbe zyýarat, Safa-Merwe daglanynyň keramaty, yhram eşigine girmegiň mukaddesligi hakynda yzyny üzmän, üýtgeşik şirinlik bilen söhbet etdi. Soňa yzyny üzmän doga okady. Soň bolsa zyýarata ugraljak güni yglan etdi. 629-njy ýylyň mart aýynda, ertir namazyndan soň iki musulmany özüne jemlän agyr kerwen haç zyýaraty niýeti bilen Mekä bakan ýola düşdi. Yhram eşgine giren, billeri gylyçly musulmanlar gurban beriljek öküzleri, düýeleri, süri-süri goýunlary öňlerine salyp, bulut süýşen ýaly bolup, günorta bakan ugradylar. Muhammet pygamber Şertnamany bozany üçin indi kuraýyşlara asla ynam etmeýärdi. Şonuň üçin ol zyýarata barýan kerwene juda berk darady. Tä Mekgäniň alkymyna barýança hiç ýerde goş ýazdyrmady. Mekge jülgesinde iki dagyň, aralygyndaky tekiz meýdan zyýaratçylardan ýaňa dolup durdy. Şol ýerde Resul Allanyň alyna onuň agasy Abbasy alyp geldiler. – Beý, meniň ýolum ýakyn boldy. Özüm baryp, musulmançylygy kabul edeýin diýip, paý-u-pyýada ýanyňa ugrapdym. – diýip, ol inisi bilen gujaklaşyp görüşdi. Resul Alla agasyny görüp begendi. Bu duşuşygy gowulyga ýoranlar kän boldy. Muhammet pygamber bu düşelgede-de kän eglenmekçi däldi. Onuň ähli pikiri Käbedi. Onuň Käbä zyýarat edesi gelip, ýüregi atygsap durdy. Ol Käbede Hakyň mukaddes nazaryny duýýardy. Onuň basymrak şol mukaddesligi kabul edesi gelýärdi. Garaňkty ýagşy düşdi. Abbas Resul Allanyň gatyryny mündi-de, töwereklere aýlanmaga çykdy. Ol Mekgä iberer ýaly elin adam gözleýärdi. Odun ýygmaga ýa-da süýt sagmaga, malynyň idegine çykan mekgelini görse: – Bar, halka aýt, Muhammet pygamber çozup geldi. Onuň goşuny ýere- göge syganok. Hiç kim garşylyk görkezmän, oňa boýun bolsun. Kim garşylyk görkezse, onuň dat gününe – diýip habar ibermekçidi. Onuň gözi Mekge tarapdan gelýän bir topar adama düşdi. Ol gije-de bolsa Ebu Sufýany tanady. Olar bir depäniň üstünde durdular. Ebu Sufýanyň sesi gijäni ýaňlandyrdy. – Gijesine munça ot ýakýan agyr goşuny men hiç haçan görmändim. Olar kimkä? Onuň ýanyndakylaryň biri: – Hudaý çapsyn, olar huzaýlardyr – diýdi, Ebu Sufýan göwnüýetmezçilik etdi. – Huzaýlarda munça goşun, munça ot nireden bolsun? Abbas durup bilmedi. – He-eý, Ebu Sufýan, seniň işiň harap. Bu görünýän oduň – Resul Allanyň ýakan odydyr. Gör, ahyr, ol dünýäni tutup ýatyr-a. Ol uly ýygyn bilen döküldi. Hudaý çapsyn, ertire çyksa tutuş kuraýşyňy kül-peýekun edip taşlar – diýip, badyhowalyk bilen gygyrdy. – Näme boldy, atamyň-enemiň hormatyna bir düşündirsen-e. – Ebu Sufýanyň sesi indi juda basyk çykdy. Abbas welin tutuş deräni ýaňlandyryp, dabaraly gygyrdy. – Alladan ant içýän, Resul Alla senden üstün çykdy. Indem gelip, seniň başyňy kesmekçidir. Men seni onuň ýanyna elteýin welin, onuň aýagyna ýykyl-da, aman dile. Gel, mün meniň gatyrymyň yzyna... Ebu Sufýan şol pursadyň özünde atyndan özüni ýere goýberdi-de, gelip Abbasyň gatyryna mündi.. Olar gözlerine sapan degen ýaly bolşup gatyry haýdadyp, Resul Allanyň çadyryna bakan ugradylar. Saklaw örän berkdi. Ýöne sakçylar Muhammet pygamberiň gatyryny, onuň üstündäki agasyny tanap, olary saklamadylar. Gaýta: – Eý, ol Resul Allanyň agasy ahyryn – diýşip, oňa ýol açýardylar. Diňe Omar ibn al-Hattab Ebu Sufýany tanady. Ol uludan ýakylan oduň başyndan tarsa turdy-da, gaharly gygyrdy. – Abbas, saklan. Ol Allanyň duşmany Ebu Sufýan ahyryn. Ol şertsiz, Şertnamasyz nirä gelýär. Omar ibn al-Hattab Resul Allanyň çadyryna bakan ýöneldi. Emma Abbas öňürtiledi-de, Resul Allanyň çadyryna kürsäp girdi. Onuň yzysüre çadyra hezreti Omar-da kürsäp girdi. Ol demi-demine ýetmän: – Ýa, Resul Alla, şerti, Şertnamasy ýok, öz aýagy bilen gelen kapyry maňa bir ber, başyny alaýyn. – Ýok, ýok, ony men alyp geldim – diýip, Abbas hem ellerini daldalatdy. Resul Alla hezreti Omary ugratdy-da, agasyna: – Sen muny öz çadyryňa alyp git-de, ertir irden ýanyma getir – diýdi. Abbas ertir namazynyň, yz ýanlaryndan Ebu Sufýany Resul Allanyň ýanyna alyp bardy. Ony gören Muhammet pygamber: – Dat seniň günüňe, Ebu Sufýan! Eýsem, sen indem Alladan başga Taňrynyň, ýoklugyny bileňokmy? – diýdi. Ebu Sufýan aglamjyrap: – Sen maňa enemden-atamdan hem ýakynsyň. Alladan ant içýän, Alladan başga taňrynyň ýoklugyna indi aklym ýetýär – diýdi. Resul Alla ýene: – Dat seniň günüňe, Ebu Sufýan! Eýsem, sen meniň Allanyň, resulydygymy heniz hem bileňokmy? Ebu Sufýan ellerini asmana göterdi. – Senden eziz, senden ýakyn adamym ýoddur, Muhammet. Ýöne yslama girmäge ýüregim arassa däldir. Ýüregimden şübhäm aýrylanok. Abbas ony gyssady. – Haý, bagty gara, gir yslama, Allanyň, birligine, Muhammediň onuň Resulyňygyna güwä geç, bolmasa kelläňi alarlar häzir. Diňe şondan soň Ebu Sufýan: – Eşhedu ella ilähe ilallah we eşhedu ennä Muhammedun abduhu we resulallah – diýip, üç sapar gaýtalady. Muhammet pygamber şondan soň «Ebu Sufýanyň, Abbasyň öýünde, metjitde gizlenen adama degmeli däl» diýip buýruk berdi. Muhammet pygamber öz ýelmaýasyna mündi. Misli Medine bilen Mekgäniň arasyny tutup duran musulmanlar hem yhrama girip, edil bir ýaşyl köle gonan ap-ak guwlar kimin, onuň yzyna düşdüler. Musulmanlar hiç bir päsgelçiliksiz Mekgä girdiler-de, Käbe aýmançasynyň ýanynda ulaglaryndan düşdüler. Telim ýylyň aýraçylygyndan soň, Muhammet pygamberiň bu iňňän mukaddes ýerlere arkaýyn gelmegi, ony juda tolgundyrýardy. Ata-babalaryň arkaba-arka ömür süren ýeri, özüniň dünýä inip, göbek ganynyň daman öýi, Käbäniň mukaddeslik ruhy onuň kalbyny juwanlandyrýardy. Ol sag aýagy bilen Käbe bakan gadam goýdy. Şol barşyna Käbeniň daşyndan üç sapar ylgap aýlandy. Her sapar hem Käbeniň günorta burçuna elini degrip, aýasyny ogşady we gara daşa togap etdi. Ol dördünji saparky aýlawda ýöräp başlady. Resul Alla Käbeniň daşyna ýedi sapar aýlanyp, togap edenden soň, yhram eşigini çykardy. Gurbanlyk üçin niýet edil on mallarynyň damagyny çaldy. Soň saçyny syrdyrdy, dyrnaklaryny aýyrdyrdy. Diňe şondan soň bu ýere ýygnanan Mekge halkynyň alyna salama bardy. Bu adamlar «Muhammet pygamber on müň goşun bilen ýetip gelýär» diýşip, öýli-öýüne sümülişip, dat-perýat çekişip, gabat gelen ýerlerde gizlenişdiler. Emma Muhammet pygamberiň-de, onuň bilen bile gelen musulmanlaryň-da Mekge ilaty bilen işleri ýokdy. Halka zulum edýän-de, köçelerde adam ganyny seçeläp ýören-de görnenokdy. Halk mundan köp ýyllar öň masgara edilip Mekgeden kowlan, bu gün bolsa bu ýere ýeňiji bolup gelen Muhammet pygamberiň eziz didaryny görüp indem ondan aýrylyşyp bilenody. Her kimiň Resul Alla ýakyn durup, onuň bilen söhbetdeş bolasy gelýärdi. – Ah-oň kuraýş ilaty! Siz nämeden çekinýärsiňiz, men size näme ýamanlyk eder öýdýärsiňiz! – diýip, Muhammet pygamber halka ýakyn baryp sorady. – Ýagşylyk etjeksiňiz! – diýip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Siz biziň salyhatly ýerden çykan salyhatly doganymyz-a... Muhammet pygamber: – Ýagşylyk şudur! Alladan başga hudaý bolup bilmez. Onuň ýanynda ýoldaşy hem bolup bilmez. Ol beren wadasynda tapyldy. Onuň guly ýeňdi. Ol ähli duşmanyny ýer bilen ýegsan etdi. Siz şoňa düşüniň, diňe şonda dowzah belasyndan halas bolarsyňyz. Ine, şol size ýagşylykdyr. Ol töwerekdäki adamlara mähribanlyk bilen garady. – Ýene bir ýagşylyk! Men siziň günäňizi geçdim. Baryň siz – azat! Oňa çenli musulmanlar tutuş Käbe aýmançasyny juda hapa, ýüzi-gözi gan, çyrşak, görenine aňryň bäriňe gelýän bir topar daş-butlardan arassaladylar. Bilal edep bilen Käbäniň münberine çykdy-da: – Allohi ekber! Allohi ekber! Allohi ekber! Allohi ekber! Eşedu ella ilaha illelah! Eşhedu ella ilaha illelah! Eşhedu enna Muhammedir Resullallah Eşhedu ennä Muhammedur Resullallah! Haýýal essalah, haýýal essalah, haýýalel felah, haýýal el felah! Allahi ekber, Allohi ekber! Lä ilähe illollah!.. – diýip, azan aýtdy. Şol günden soň Käbede azanyň sesi günde bäş wagtyna ýaňlanyp başady. Muhammet pygamber üç günläp Käbe zyýarat edenden soň, ýene-de Medine şäherine gaýtdy. 2. Bes, indi sen, eý, Muhammet (a.s.m) ýüzüňi Mesjidi-Harama (Käbe) tarap aýla. Gurhan. 2-nji süre. 144-nji aýat Bu gün hezreti Hatyjanyň ýogadan günüdi. Şu gün remezan aýynyň onunjy güni (630-njy ýylyň 1-nji ýanwary) Muhammet pygamber gaty köp leşger bilen ýene-de Mekgä tarap ýola düşüpdi. Taýyf jülgesinde süňňüne giren zäher Resul Allany halys tapdan düşüripdi. Onuň saglygy gün-günden gowşaýardy. Öten ýylyň martyndaky zyýaratdan bäri geçen bir ýyla golaý wagt musulmanlaryň durmuşyňda beýle bir uly bolmasa-da, ep-esli wakalaryň şaýady bolupdy. Şolaryň iň kyny, iň hesretlisi Wizantiýanyň serhetlerinde bolan söweşdi. Muhammet pygamber demirgazyga iberilen üç müňe golaý goşuna serdarlyk etmegi gowy görýän sahabasy, ogullygy Zeýd ibn al-Harise tabşyrypdy. Öz doganoglany Japar ibn Ebu Talyp bilen Abdylla ibn Rahy oňa baş kömekçi belläpdi. Bu goşun örän berk düzgünli goşundy. Düýeler, atlar sap-sapdy. Muhajyrlar, ansarlar, awistler, hazrejler, çarwalardan düzülen saplar diýseň tertiplidi. Resul Alla zäherlenme sebäpli peselen tabynyň ýola rowana bolmaga mümkinçilik bermeýänine ýören gynanýardy. Ýogsa, bu goşuna onuň özi serdarlyk etmek isläpdi. Wizantiýalylara göz görkezmeseň, olaryň barha meçew alýandygyny Muhammet pygambere habar beripdiler. Onuň üstesine-de wizantiýalylara arka direýän gassanidler musulmanlaryň ýagşy niýet bilen baran ilçilerini öldüripdiler. Olar «musulmanlary ýok ederis» diýip hemişe haýbat atyp ýördüler. Wizantiýalylaryň güýjüniň gün-günden çen-çakdan çykyp barýandygyny adamlar gürrüň edýärdiler. Bu ýagdaý Resul Allany ýatsa-tursa ynjalykdan aýyrýardy. Şowuň üçin ol agyr goşuna ak pata berip, ýola saldy. Muhammet pygamberi ýene-de bir ynjalykdan aýyrýan mesele, alada, Mekgedi. Geçen ýylky zyýaratdan soň mekgeli kuraýyşlar has meçew alýardylar. Musulmanlaryň, geçen ýyl özlerine hiç zat etmän, gaýta ähli günälerini geçmegini olar özleriniň kuwwatly zarbasyndan çekinmek diýip düşünýärdiler. Ilkinji sapar «Şertnama» diýen bolup, musulmanlary Mekgäniň edil alkymyndan gaýtarmaklary, geçen ýyl bolsa üç gün geçenden soň, musulmanlary kowup diýen ýaýan Mekgeden çykarmaklary, Resul Allanyň dul galan Maýmuna bilen nikalaşmagynyň toýunyň Mekgede geçirilmegini gadagan etmekleri, özleriniň ähli diýeniniň bolmagy, ol kuraýyşlaryň dişnde et goýupdy. Mekgeli müşrükler demleri bilen jahana ot çabradyp başlapdylar. Olar özara «on ýyllyk şertnamanyň» barlygyna garamazdan, musulmallaryň ganatynyň astynda saýalaýan banu Huzza taýpasynyň üstüne çozup, olardan birnäçe adamy öldürüpdiler. Demirgazyga edilen ýöriş garaşylşy ,ýaly bolmady. Bu goşunyň bir toparyna serdar bolup giden Halid ibn Wedid gaýdyp gelenden soň Resul Alla şeýle gürrüň berdi: – Gözümiziň nury, başşymyzyň çyragy, Resul Alla! Biziň goşunymyz juda belent ruhda, mertlik bilen ýollar aşyp, Wizantiýanyň serhetlerine aralaşdy. Biz Muta jülgesine girdik. Şu ýerde-de wizantiýalylaryň gaty berk düzgünli patyşalyk goşuny bilen araplaryň gassanid taýpasynyň goşun birikmesine gabat geldik. Olar ýüz müň adama barabardy. Biz bolsak, bary-ýogy üç müň adamdyk. Olar biziň ýolumyzy bekläp, soňra daşymyzy gabap başladylar. Emma biziň serkerdelerimiz olaryň köplügine seredip durmady. Biz janymyzy aýaman söweşdik. Şol söweşse ogluňyz Zeýt, iniňiz Japar, söýgüli serkerdäňiz Abdylla we ençeme algyr bürgütlerimiz wepat boldy. Näme edeli, güýç deň bolmasa, näçe söweşseň hem, eliňden gelýän zat bolmaýan eken. Şonuň üçin men galan goşuny gyrgyna bermän yzyna alyp gaýtdym... Il näme diýse-de, ony erbet dönüklikde aýyplasalar-da, Resul Alla Halid ibn Walidden razydy. Ol goşuny halas edipdi. Emma ogullygy Zeýdiň, doganoglany Japaryň ölümi onuň öň hem gowşak süňňüni halys lagşadypdy. Ol bir dyzyna Zeýdiň, bir dyzyna-da Jaryň ýetim galan çagajyklaryndan alyp, gözüne ýaş aýlap, doga okap otyrdy. Bu ugry, bu ölüm ähli musulmana agyr düşüpdi weliň Resul Alla has agyr degipdi. Muhammet pygamber häzir hem Müsür hökümdarlarynyň sylap, sarpalap sowgat iberen gyr gatyrynyň üstünde, şol agyr urgynyň yzasyny çekýän ýaly, sus halda otyrdy. Oňa janpena bolup barýan, ansarlardan hem-de muhajyrlardan düzülen ýüz sany saýlama atly esger, sahabalar hem Resul Allanyň hasratyny çekişip baran ýalydylar. Hiç kimden artykmaç ses, bolgusyz hereket çykanokdy. Agyr goşun bolsa giden sahralaryň ýüzi bilen sap-sap bolup, gidip otyrdy. Musulmanlaryň agyr goşun bilen Mekgäniň alkymyna gelendigini eşiden kuraýşlaryň öýüne ot düşene dönüpdi. Olar musulmanlaryň şol öňki, Badrda üç-dört kuraýyşa ýetýän bir musulman däldigini gowy bilýärdiler. Bu gelen goşun bolsa on müňden hem artykdy. Munuň üstesine, mekgelileriň hem deň ýarysy islendik pursatda Muhammet pygamberiň tarapyna geçmäge taýýardy. Ondan başga-da, kuraýyşlarda ary köýüp ýatan, olardan ýaňa içleri ot bolup duran çarwa taýpalarynyň hem birnäçesiniň musulmanlara goşulaýmagy ahmaldy. Şeýle güýjüň öňünde mekgeliler nädip dursun. Olar mal-baýlyklaryndan geçen, özleriniň, çagalarynyň başy aman galsa-da razydylar. Şeýle gorki Mekge ilatyny uly dowul bilen aýak üstüne galdyrdy. Aljyrap ugran ilatyň janhowully aýaga galmagam, gan çaýkaşlygyň bolmagam mümkindi. Mekgäni diňe meýletin tabyn bolmak halas edip biljekdi. Muny öň hem söweşme, gan dökme kemini goýmadyk aksakallar duýýardylar. Olar bu dünýäniň gowgasyny, jebri-jepasyny çeke-çeke juda ýadapdylar. Şonuň üçin olar üýşüp, Mekgäsiň ýaşulysy Ebu Sufýanyň öýüne geldiler. – Ebu Sufýan! – diýip, ýaşulularyň biri aýtdy – Söweşme, talama, gan dökme, kemsitme bilen şah çykýan bolsady, onda kuraýyşyň şahy çykarça boldy. Emma şaham ýok, beýlekem. Muhammet pygamber: «Gahar-kapyr» diýýär. Geliň, gahary, gazaby goýalyň. Birek-biregi halas edeliň. Git, Muhammediň alyndan, gelsin, ýöne gan dökmesin. Kuraýyş oňa kän kast etdi, emma ol mertdir, goý, biziň bilen deň bolmasyn... – Bigünä gan dökülişik nämä gerek? – Öň geldi ahyryň ýene-de gelibersin. Bu geňeş hemmä makul boldy. Ebu Sufýan gaty gyssanmaçlyk bilen musulmanlaryň alyndan çykdy. Ol ýany bilen ýetginjek oglunam, Resul Allanyň dosty, huzaileriň musulman şyhy Budaýly hem alyp gaýtdy. Ebu Sufýanyň özem bir ýagdaýa geň galdy. Kuraýyş nire, beýle akylly- parasatly geňeş nire?! Hemişe «Ur, sanç, öldür, çoz!» diýen gepden başga zady bilmeýänler indi ýaraşygyň, asudalygyň gürrüňini edýärdiler. – Ýa-ha olar çyn musulman boldy, ýa-da gözleri gaty gorkdy. – diýip, Ebu Sufýan ýolboýy oýlanyp gitdi. Olar sakçy esgerleriň deňinden bilniksiz geçip, Muhammet pygamberiň çadyryna gelip girdiler. Çadyrda sahabalar hem otyrdylar. Ebu Sufýan gelip, Resul Allanyň aýagyna ýykyldy. – Ýeke-täk Alladan başga hudaýyň ýokdugyna güwä geçýärin. Siziň pygaberligiňize, Hakyň Resulydygyňyza şaýatlyk edýärin. Meniň arzymy diňläň... – Arz bolmaz, onuň ýüregi kapyr, Ony maňa ber, damagyny tersine çalaýyn. – diýip, bu adamy görenden gözleri gyzaran hezreti Omar aýtdy. – Degmeň, arzyny aýtsyn!.. – Gurbanyň bolaýyn Resul Alla, men seni kemsitmek, masgaralamak, Mekgeden kowmak üçin hiç zatdan gaýtmadym. Emma sen, saňa şamçyrag bolan Hudaý ýeňilmez eken. Ynha, häzir men seniň öňüňde, saňa sygynyp aýdýan, sen pygambersiň, pygamberleriň möhürisiň. Eger biziň sadaka berip, çokunyp ýörenimiz hakykatdan hem hudaý bolýan bolsady, onda olar bize kömek bererdi. Emma Alladan başga hudaý ýok eken. Siziň ýeňmegiňiz hem, biziň ýeňilmegimiz hem Alladan eken. Şu pursatdan başlap biziň ýüregimizde sähelçejik hem güman ýokdur. Ähli kuraýyş seniň rehimiňe tamakindir, Muhammet! Olar yslamy kabul etmäge taýyn. Olar seniň bilen bilelikde Allanyň ýolunda söweşmäge taýyn. Eger seniň rehim etjegiňi bilsek, ýekeje kuraýyş-da garşyňa gylyç alyp çykmaz. Resul Alla Ebu Sufýanyň pukara ýüzüne, ýaşly gözlerine haýran galma bilen garady. «Ebu Sufýan nire, beýdip oturma nire» diýip, çuňňur oýlandy-da, sahabalaryna-da garaman, sözläp başlady. – Alla merhemetlidir, ol rehim-şepagatlydyr, Ebu Sufýan. Bar, kuraýyşlara aýt, kim toba etse, onuň günäsi geçiler. Seniň öýüňde, Käbede penalanlara degen bolmaz. Emma Taňrynyň duşmanlary, boýun egmedikler Käbäni üstlerine örtseler-de, rehim bolmaz... Ebu Sufýan daň atandan ýalňyz ogluny girewine goýup, Mekgä bakan ugrady. Apbas ony ugradyp barşyna, sap-sap bolup oturan agyr ýygyna buýsanç bilen garaýardy. – Heý, gör-ä bu goşuny, Muhammediň ýeke sözüni eşitdigi, öňünde adam goýarmy olar. Olar Mekgäni söweş bilen alaýsalar, Mekgeden näme galar. Ebu Sufýan hem şeýde pikirdedi. Ol giden sährany tutup ýatan goşuny görüp, gorkudan ýaňa essine gelip bilenokdy. Ol Mekgä geldi-de, öýüne hem barman, «indi neneňsi bolarka?» diýip, galpyldap oturan adamlaryň ýanyna bardy. – Kuraýyşlar, ertir on müň adam biziň üstümize gelýär. Olara gylyç çekjegiň dat gününe. Kim olara ýarag göterse, şol on müň goşunyň ählisiniň biziň üstümize ýarag göterdigidir. Gahar-gazaba özüňizi aldyrmak, çagalaryňyzyň, aýallaryňyzyň, men-men diýen ýigitlerimiziň ganynyň çaýkanyp, namysymyzyň döküldigidir. Şonuň üçin goşun Mekgä girende, öýleriňizden çykman oturyň. Kim çekinse, meniň öýüme, Käbä ýa-da metjide barsyn. Olara hiç zat degilmez. Düşüniň, eger gyrgynçylyk bolaýsa, onuň öňüni Muhammediň özem alyp bilmez. Bu söz kuraýyşlara erbet täsir etdi. Olar sögünişip aýallar bolsa gargaşyp, kimsi gygyryp, uly goh turuzdylar. Ýöne kuraýyş ýaşululary gaty berk durdular. – Kuraýyşlar boýun eger! Bu habar Muhammet pygambere şol bada ýetirildi. Ýöne Resul Alla hem ätiýajy elden bermedi. Zu Tuwa deresinde ol goşuny üçe böldi. Ol al-Zubaýranyň, baştutanlygynaky bir bölege Mekgäniň demirgazyk-gündogaryny gabamagy, Halid al-Walidiň ýolbaşçylygyndaky topara Mekgäniň sagyndan gabamagy, merkezden hüjüm etmegi bolsa Saad ibn Ubeýda tabşyrdy. Ol Saad ibn Ubeýdanyň bolşuny kän bir halap durmady. Sebäbi ol musulmanlaryň tarapynda ýaly görünse-de, ikiýüzlülik etmäni hiç zatça bilmejek adamlaryň biridi. Şonuň üçin Resul Alla tugy onuň elinden aldyda, hezreti Ala gowşurdy. – Aly, oglum merkezi goşuna özüň serdarlyk et. Ýöne, bek-belle. Kim garşyňa gitse, şony öldür. Kuraýyşlar garşylyk görkezmediler. 630-njy ýylyň on birinji ýanwarynda, Mekge kuýyşlar musulmanlara doly boýun egdi. Muhammet pygamber agyr goşuny Mekgä salmady. Esgerler Mekgäniň etegindeki jülgede ýazylyp-ýaýnap dynç alýardylar. Resul Alla sahabalary, ynamdar atlylary bilen Mekgä girdi. Ol sähelçejik dynç alandan soň, Safa dagyna çykdy. Bu dag onuň Allanyň, buýrugyny Mekge halkyna ilkinji sapar ýetiren ýeridi. On ýedi ýyl mundan ozal Mekge halky ony şu ýerde erbet näletläp, üstünden gülüpdi. Onuň depesinden toprak, daş ýagdyrypdylar? Birden şol sesler Resul Allanyň gulagynda ýaňlanyp gitdi. – Sen däli! – Sen ýalançy! – Sen nesilsiz, bagtygara! – Seniň damagyňy çalarys! – Ýetimçe, diwana. Resul Alla keremli didaryny dikeltdi-de, sahabatdan, mähribanlykdan ýaňa görer göze şeýle eziz görünýän ýüzüni galdyryp, Belent-Taňra alkyş aýtdy. Soň ol ýelmaýasynyň üstünde oturşyna, yslamy kabul edip kasam içip öňünde geçýänleri synlady. Olar mundan on ýedi ýyl öň Allanyň, pygamberiniň üstüne gargyş, daş, toprak ýagdyran adamlardy. Olar şonda özleriniň üç ýüz altmyş hudaýlaryna arka dirän bolsalar, bu gün ýeke-täk Allanyň, ganatynyň astyna gelýärdiler. Özleriniň birwagtky kemsiden, harlan bendesinden indi sahawat dileýärdiler. – Alladan başga hiç hili hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň Allanyň, Resulydygyna şaýatlyk edip, sygynýarys. Alla we onuň resulyna tabyn boljakdygymyza kasam edýäris. – Alla ýaryň! – Resul Alla onlarça, ýüzlerçe, on müňlerçe adama gyssanman pata berdi. Olaryň arasynda hanlar, baýlar, begler, garyp adamlar, aýallar, gyzlar, ýetginjekler bardy. Aýallardan Ebu Sufýanyň aýaly, Resul Allanyň gaýynenesi Hindi has ekabyr görünýärdi. Ol aýal-gyzlaryň, adyndan zyna işleri etmezlige kasam etdi. – Çagalaryňyzy öldürmäň – diýip, Resul Alla oňa öwüt berdi. Hindi: – Heý, biz dünýä inderen çagalarymyzy öldürerismi? Badyrda olary sen öldürdiň. – diýip, aýtdy. Resul Alla onuň bu sözüne ýylgyryp oňdy. Käbe aýmançasy «hudaýlaryň» wassanlaryň galan-gaçanlaryndan doly arassalanansoň, hezreti Aly miras hökmünde onuň açaryny özüne almak isledi. – Dur! – diýip, Resul Alla ony saklady! – Zyýarata gelýänlere suw paýlamagy Abbasa we oduň neberelerine ynanalyň. Bu ýeri goramak mertebesini bolsa Abd-ad-Dar kowmuna bereliň. Mekgeli ýaşulylar Muhammet pygamberiň ýanyna töwella bilen geldiler. Olar Ebu Jähiliň ogly Ikrimanyň Resul Allanyň gyzyny urup, onuň çagasyny düşürden Al-Hüweýrisiň, Habbar ibn al-Aswatyň, Muhammet pygamberiň öňki mürzesi, «Gurhany Muhammediň özi düzýär» diýip, onuň abraýyny il içinde döküp ýören Abdylla ibn Saadyň, agasy Hamzany naýzalap öldüren Wahşyň, Resul Allanyň, il içinde wejera edip ýören iki şahyr aýalyň günäsini – dilediler. Resul Alla şahyrlara berk jeza berse-de, beýlekileriň günäsini kynlyk bilen geçdi. Ýöne ol Wagşa gazap bilen garap: – Git, Wagş, Alla ýaryň bolsun! Ýöne gaýdyp meniň gözüme görünäýmegin. Görünseň, menden görmegin. – diýdi. Soň oňa başga söz diýmedi. Eýsem, «Men ol wagt musulman däldim. Indi-indi musulman bolup, bu agyr günäme düşünýän» diýip, aglap otursa, ol eziz ynsan başga näme diýsin. Muhammet pygamber Allanyň, öýüni päkläp, päkizeläp, hak eýesine berdi. Ony din-yslam üçin mukaddes kyblagähe öwrüp, soňra Medinä dolandy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Özüm dünýäden ötenimden soň, ummatlaryma zyýan ýetirjek üç hili belanyň şerinden gorkýaryn. 1. Häkimleriň halka edýän zulumlaryndan. 2. Ýyldyzlara ynanyp, haýyr-şeri şolardandyr diýip hasap etmekden. 3. Takdyra ten bermezlikden. Rowaýat: Medinä ilkiräk göçülip barlan wagtymyş. Resul Alla serwerimiziň agtyklary Hasan jan bilen Hüseýin jany juda göresi gelipdir. Barsa, olar ýatan eken. Onuň, eziz görýän gyzy hezreti Patma bolsa gazanyň aşagyna ot ýakyp, ony gaýnadyp oturanmyş. Ony gören Resul Alla serwerimiz: – Gyzym, mäme bişirýärsiň? – diýip soran. Hezreti Patma ýylgyrypdyr-da: – Kaka agtyklaryň ajygyp, aglap goýmadylar. Menem gazana iki bölek daş atdym-da, üstüne suw guýup, gaýnadyp ugradym. Olar garaşyp-garaşyp, soň ýatyp galdylar. – diýen. Bu ýagdaýa Resul Allanyň juda nebsi agyrypdyr. Ol birneme gazanç edip, agtyklaryna bermek üçin şäherden çykypdyr. Ýolda oňa Kaýsar patyşa duşýar. Ol: – Men musulman bolmaga barýan, meni Muhammet pygamberiň ýanyna elt – diýýär. Resul Alla oňa: «Pul berseň ýumşuňy edeýin» diýýär. Patyşa razy bolýar. Ýolda bir guýudan kyrk guluň çekmeli suwuny çekdirpdirler. Emma iň soňky gowanyň bagy üzülip, guýynyň içine gaçypdyr. Şonuň üçin Kaýsar patyşa Muhammet pygamberiň hakyny bermändir. Patyşa Medinä gelse, öňünde oturan şol «gulmuşyn». Şonda ol ören utanmaly bolupdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |