15:39 Muhammet pygamber -65: romanyň dowamy | |
ONUNJY BÖLÜM
Taryhy proza
1. Eý Muhammet, sen olara, aýal-oglan-uşaklaryňyz bilen uruşman, yslamy kabul edeniňiz bilen maňa minnet goýmaň diýgin (teýene etmäň diýgin). Gurhan 49-njy süre. 17-nji aýat. – Resul Alla, buşluk, ogluň boldy! – Gözüňiz aýdyň, ýaşy uzyn bolsun, Resul Alla! – Adamlar, buşluk, Resul Allanyň ogly boldy? Bu habar hadys sütüni süýnüp, Mekgeden zyýaratdan gaýdyp gelýän Muhammet pygamberiň ähli ýadawlygyny el bilen süpürip aýrana döndi. Ol: – Gaýtalaň! – diýip, bu şatlykly habaryň şirinligini has artdyrjak bolýan ýaly, buşlamak üçin ony garşylanlara aýtdy. – Buşluk!.. – Buşluk, Resul Alla, ogluňyz boldy!.. Muhammet pygamber hawazinler bilen skifleriň agyr söweşine Taifdäki aladalary, Mekgä zyýaratyny, ejeiniň mazaryna zyýarata barşyny unudan ýaly boldy. Onuň tutuş kalby birden juwanlanyp gitdi. Mekgäniň musulmançylygy doly kabul etmegi Arap ýarym adasynda yslamyň rowaçlanmagyna uly itergi berdi. Köp halklar, taýpalar musulmançylygy kabul etmek bilen Muhammet pygamberiň ummaty bolýardylar. Musulman bolmak üçin onuň huzuryna gelenleriň yzy şindem üzüler ýaly däldi. Goňşularynyň musulmançylygy kabul etmegi Hyjazyň dag eteklerinde erkana ýaşap ýören Hawazin taýpasynyň ýaş, edermen, kakabaşdan yňdarma serdary Mälik ibn Awfe erbet tasir edýärdi. Ol özüniň edermen garadan gaýtmaz esgerlerine guwanyp, olaryň güýjüni synamaga güýçli garşydaş, agyr söweş isläp ýördi. – Ýok. – diýip, ol skifleriň geňeşe gelen aksakallaryna gazap bilen ýüzlendi. – Olar siziň göwnüňize dünýäni tutup barýan ýalydyr. Biz olaryň külüni göge sowrarys. Olar meniň elime bir düşjekdi, indi düşübem dynarlar. Ähliňiz söweşe taýýar boluň... Mälik ibn Awf otuz ýaşly dälibaş jahylyň pähmi bilen buýruk berdi. – Dowar sürülerini, düýe, sygyr sürülerini oňuň size salyň. Çagalaryňyzy, aýallaryňyzy ýanyňyza alyň. Goý, olar hem tomaşa edip, meniň kimdigimi bir görsünler. Bu kakabaş serdaryň haýbatly sözlerine guwanyp, oňa goşulan taýpalar köpdi. Olara skifler, saodlar toplumy bilen goşulypylar. Saod taýpasy Muhammet pygamberi çagalykdan ekläp-saklan Halymanyň taýpasydy. Şeýle uly goşunyň musulmanlaryň üstüne gaýdanyny Resul Alla habar berdiler. Resul Amanyň derdi özüne ýetikdi. Iň beterem, birwagtky oňa berlen zäher indi özüni ýagşy bildirýärdi. Onuň öňňi tutuş endam-jany edil bir soka salnan ýaly, durşuna yza bolup durdy. Indi dem almasy, oturyp-turmasy juda kynalypdy. Onuň üstesine-de, oňa öz agyr derdini diňläp ýatmaga, aýagynyň gurşugyny ýazyp, dynç-almagy bir salym rahatlyk ýokdy. Ýöne her hili ýagdaýyň bolanda-da, bu agyr habara baş galdyrmalydy. Resul Alla uly otlaryň kiçijik uçgunjagazdan döreýändigine gowy düşünýärdi. Resul Alla aslynda-da, urşy, dawalary isleýän adam däldi. Uly gyrgynçylyk bolup, «Çagalarymyzy sen öldürdiň» diýip, Ebu Sufýanyň aýaly Hindiniň ýüzüne durýan Badr söweşine, ilki bolup kuraýyşlar goşun çekip gelmedimi. Ohot söweşne şolar baryp iki ýüz elli kilometrden goşun çekip gelmedilermi. Ganaw söweşine şolaryň özi: «Medinäni talan musulmanlary ýok edeliň» diýip gelipdiler ahyryn. Onsoň olaryň çagasyny nädip Resul Alla öldürýärmişin?! Ine, şu söweş hem musulmanlar başlanogam, ony islänogam. Ýöne, Resul Alla tizden-tiz şaýlaryny tutup, ýola düşmelidigini buýruk berdi. Muhammet pygamber Mekgäni doly boýun egdireninden, dogry ýigrimi gün geçenden soň, on müň goşun bilen ýene-de ýola düşdi. Iki müň goşuny bilen oňa Ebu Sufýan hem goşuldy. Hawazinleriň şowhuny, gykylyk-galmagaly dereden-derä düşüp, baryp daglara çenli ýetýärdi. Eşekleriň aňňyrmasy, sygyrlaryň molaşmasy, düýeleriň bögürişmesi, rahatlygy bozulan çagalaryň agysy, aýallaryň haýýar gykylygy bilen goşulyp, tutuşlygyna al-asmana göterilýärdi. Bu gykylyk-gopguna Muhammet pygamberiň çagalygyny geçiren taýpasynyň serdary gaty geň galdy. Ol söweşlerde taplanan, durmuşda ep-esli tejribä alan, parasatly adamdy. Ýöne ol indi gaty garrapdy. Iki gözi gapylypdy. Şonda-da al öz taýpasyny pähimine daýanyp, göni ýoldan alyp gidip bilýärdi. Ol goja bir ujy asmana ýetýän goh-galmagaly eşdip oturan ýerinden geň galdy. – Bu gykylyk näme, how! Oňa: «Hawazinleriň serdary musulmanlaryň üstüne söweşe ugrady» diýip aýtdylar. Bu goja hawazinleriň serdary Mälik ibn Awfy ýanyna çagyrdy. Ýaş, dyzmaç serdar bu gojanyň ýanyna mähetdel etmän geldi. – Nirä ugradyň? – Musulmanlary kül-peýekun etmäge. – Näçe atlyň bar? – Ýere-göge syganok goşunym... – Onsoň näme alyp barýaň, gykylygyň ýaman uly-la? – Çagalary, aýallary, düýe, goýun, sygyr sürülerini hem esgerleriň yzyna salyp barýaryn. Goja, geň galmasyny ýaşyryp bilmedi. – Aýallar, garry-gurty, bu çagajyklar nämäňe gerek? – Goý, olar öz ogullarynyň, ärleriniň, kakalarynyň nähili söweşýändiklerini görsünler. Goja başyny ýaýkady. – Ýok-la, sen beýle işi etme, Goý, olary... – Goýman!.. Gojanyň gahary geldi – Süri-süri mal-garaň näme?! – Urşujylalar yzlaryna gaçyp bilmesin. – diýýän. Gojanyň ýandy. – Ýok, diýleni et, galdyr olary... – Galdyrman. Meniň näme etmelidigim saňa, aňy giden goja galmandyr. Goja Mälikden göwün edip, öz adamlarynyň arasyna bardy-da, soň sesini çykarmady. Mälik ibi Awf süri-süri goýunlary, düýeleri, sygyrlary sap-sap edip, söweşijileriň yzyna goşdy. Düýeleriň üstünde oturan çagaly, çagasyz aýallary bolsa esgerler bilen garym-gatym etdi. Soň berk ýaraglanan goşunyň bir bölegini Awtas dagynyň Hunaýn diýen dar geçelgesiniň daşynda, gizlin ýerlerde ýerleşdirdi. Muhammet pygamber ýarawsyz bolsa-da, bu söweşe ugralanda öýde galyp bilmedi. Ol agyr goşunyň muhajyrlar toparynyň tuguny hezreti Ala ynandy. Beýleki toparyň tuguny bolsa Sagd ibn Ebu Wakgasa ynandy. Üçünji tugy ol Omar ibn ad-Hattaba berdi. Dördünji topar ansarlardy. Ressul Alla dördünji tugy ansarlara gowşurdy. Soň bolsa özi gyr gatyryna atlandy. – Alla ýaryňyz! Baryň! – diýip, ähli goşuna serdarlyk edýän Halid ibn Walide ak pata berdi. Agyr goşun säher bilen ýola düşdi. Daň atsa-da, Hunaýn geçelgesi garaňkydy. Oňa baryp gelen aňtawçylar: – Resul Alla, serwerimiz, hawazinler mal-garalaryny, aýal, çaga-çugalaryny Hunaýn geçelgesiniň öňünde toplap, garaşyp durlar. – diýip, habar berdiler. Resul Alla razylyk bilen başyny atdy. – Enşalla, Alla ýol berse, ol zatlaryň ählisi musulmanlara baý olja bolar? – diýdi Agyr goşun aňyrsy görünmeýän juda dar geçelge girip başlady. Sähel salym geçenden soň, musulmanlaryň, üstüne dar geçelgäniň depesinden uly-uly daşlar ýagyp ballady. Indi öňe gitmek mümkin däldi. Yza gaýtjak bolýan esgerleri duşmanlar çabga ýaly ok bilen garşyladylar. Soň bolsa gylyçlaryny lowurdadyşyp, olaryň üstüne şir-peleň kimin topuldylar. Musulmanlar otly gazana gaçan bugdaý dänesi ýalydy. Olar haýsy tarapa dönseler, agyr urgy depelerinden inip durdy. Şonuň üçin bu agyr goşun duşmanyň zarbyna çydaman yza çekilmeli boldy. Soň olar gaçyp başladylar, Resul Alla duýdansyz ýagdaýda baryp, öz gatyryna mündi-de, gazap bilen gygyrdy. – Men ýalançy däldirin! Men hakyky pygamberdirin! Maňa Abdyl Mutalybyň agtygy diýerler! – diýip, öňe okduryldy. Muny gören Abbas onuň gatyrynyň uýanyndan ýapyşdy-da, oňa ýalbaryp başlady. Ahyr soňy bolmajagyny bilibem: – Resul Alla kömege ýetişiň! – diýip, aýylganç sesi bilen gygyryp başlady. Onuň sesi tutuş jülgäni, soňra bolsa daglary ýaňlandyrdy. – Ehe-heý! Pygamberi agyr günde goldan ansarlar, «oňa wepaly bolarys» diýip kasam eden muhajyrlar! Muhammet diri! Onuň yzy bilen öňe gidiň. Onuň sesine eňse berjek bolup duran ansarlar hem, ugry bulaşan muhajyrlar hem, kuraýyşlar-da eşitdiler. Olar şol bada: – Biz bärdediris! – Biz hem bärdediris! – bolşup, öňe, Resul Alla bakaň zomap başladylar. Tutuş goşun täzeden gazap bilen jeňe girdi. Olar hawazinleri tutuş jülgeden gysyp çykardylar. Bu, jeň juda ýowuzdy Çagalaryny, aýallaryny, tutuş mal-baýlyklaryny berenden janlaryny berenlerini gowy görýän hawazinler ot ýaly bolşup söweşýärdiler. Hezret Aly hem olaryň alyndan arslan ýaly bolup çykyp, gabat gelenini gylyçdan geçirýärdi, Halid ibn al Walid hem bu söweşde özüniň, juda gaýratly serkerde, dogumly batyrdygyny görkezdi. Ol dargap barýan goşun saplaryny ýyldyrym çaltlygynda bir ýere jemläp, olary söweşiň gaýnap duran ýerine gaýtadan alyp barypdy. Soň özem ot ýaly bolup, gyzgyn jeňe giripdi. Musulmanlaryň zabun zarbasy öz diýenini etdi. Hawazin goşunlary aýallaryny, çagalaryny, süri-süri mallaryny taşlap, gaçyp başladylar! Şoňa garaşyp duran musulmanlar olaryň külüni asana sowurdylar. Resul Allanyň diýeni geldi. Duşmanyň ýigrimi dört müň maly, olja, alty müň adamy ýesir düşdi. Aýallaryny, çagalaryny, süri-süri sygryny, düýedir dowarlaryny, dört müň çärýek kümüşini musulmanlara galdyran Mälik ibn Awfyň etmek islän hokgasy başa barmady. Onuň özem «gaçan gutular, duran tutular» edip, gözüne urlan ýaly bolup, gaçyp gidipdi. Muhammet pygambere Mälik ibn Awfyň gaty köp azyk-suwluk bilen özüniň ýanyna goşunyny alyp, Taifiň berk galalarynyň birinde gizlenendigini aýtdylar. Bu adam yslam üçin kiçi duşman däldi. Ylaýta-da, ähli baýlygyny olja, ýesir berip, özem ýaralanyp giden, sähel özüni dürsänden soň däli sil ýaly bolup, yňdarylyp gaýtmagy gaty ahmaldy. Şonuň üçin Resul Alla bu işi beýle çig goýmazlygy makul bildi. Ol: – Taife gidiň Mälik bilen birýüzli ediň! – diýip, Halid al-Walide tabşyryk berdi! Duşmanyň giren galasy hakykatdan hem juda berkdi. Halid al-Walidiň agyr goşuny bu galany tutuşlygyna gabapdy. Selman Farsy bolsa agyr daşlary atýan gural ýasady-da, bu berk galanyň diwarlaryny kül-peýekun edip başlady. Emma Mälik ibn Awfyň gözleri gaty gorkup, ýürekleri ýerinden süýşen goşunlary indi ölenlerini-galanlaryny bilenokdylar. Olar musulmanlaryň üstüne çabga ýaly ok ýagdyrýardylar. Şol oklaryň biri gelip Ebu Sufýan ibn Harbyň gözünden çümdi?. Bu galany ýok etmegiň her hili ýollary gözlenilýärdi. Ahyry Halid Halid al-Walid: – Meniň bilen başa-baş söweşe çykyp biljegiň barmy? – diýip, gala bakan gygyryp başlady. Emma galadakylar ilk-ä oňa ses bermediler, soň bolsa: – Biziň birimiz hem ýerden çykmarys. Ýaragymyz, azyk-suwlugymyz näçe ýyla ýetjek. Azygymyz gutarýança garaşarys – diýseňiz, garaşyberiň. Şonda-da biz siziň bilen janymyz çykýança söweşip öleris – diýşip, gygyrýardylar. Selman Farsy pyşbaga görnüşindäki arabalary ýasady. Şol arabalaryň astyna giren esgerler galanyň düýbüne bakan ýöräp ugradylar. Emma galanyň depesindäkiler muny duýdular. Soň bu arabalaryň üstüne eredilen gurşun guýup başadylar. Arabanyň astyndan çykan adamlary bolsa ok bilen paýhynlaýardylar. Bu galanyň gabawy gaty uzaga çendi. Ýeňiljek söweş bilen gaty köp olja alan esgerleri bu uzaga çekme halys irizýärdi. Her kimiň söweşe gidesi gelenokdy. Olaryň ählisiniň ýüregi oljanyň ýanyndady. Eger söweşe gitseler, ýa-da söweşip ölseler yzlarynda olja paýlaşlyp, olar boş galaýjak ýalydylar. Uly-uly harman bolup ýatan olja, süri-süri mallar, aýallar, gyzlar her bir urşujynyň agzyny suwardyp durdy. Olar topar-topar bolşup, Resul Alla arz edýärdiler! – Resul Alla, eziz serwerimiz, olja haçan paýlaşylar! – Bu sowaly muhajyram, ansar hem, kuraýyş hem, beýleki taýpalardan gelenler hem berýärdi. Galany mundan aňry saklap oturmagyň goşuny halys gowşatjakdygyna Muhammet pygamber düşündi. Oňa oljanyň ogurlanýandygy, hawazlaryň beýleki göçüp-gonup ýören taýpalar bilen dil birikdirip, musulmanlaryň üstüne çozmakçy bolýandyklaryny hem habar berdiler! Resul Alla ýagşy ýenjilme kemi galmadyk hawazinlere: «Eger musulmançylygy kabul etseňiz, ýesirleriňiziň ählisini hiç bir tölegsiz yzyna bereris...» diýip habar iberdi. Soň bolsa söweşden düşen oljalary paýlaşdyrmaga durdy. Üýşen mal, ýarag, goş-golam pula öwrülende altmyş müň düýäniň bahasyna barabar boldy. Resul Alla olja paýlanyşygyň öň ýanynda düýesine mündi-de: – Urşujylar – diýip gygyrdy.– Men hiç wagt özüme düşýän bäşden bir bölekden artyk zat alýan däldirin. – Ol düýesiniň boýnundan birje gyly ýolup aldy-da, ony halaýyga görkezdi. – Ine, görüň, şu gyl ýaly-da zat alan däldirin. Şol alan bäşden bir bölegimem size paýladym. Oljadan iňňäniň gözi ýalyjak hem zat ýygşyran bolsasyz hem, gaýdyp beriň. Ogry-kezzaplara magşar güni geçilmejek masgaraçylyk garaşýandyr. Umumy oljadan bir çümmüjek zat ýygşyran-da adamlar dowzah oduna ýanar. Bu söz adamlaryň zähresini ýardy Olar ýygşyran zatlaryny getirip olja harmanynyň üstüne atdylar. Resul Alla her söweşijä dört düýe hasabynda, atlylara on düýe hasabynda olja paýlady. Olaryň her birine söweşde öldüren esgeriniň ýaragyny, ulagyny, egin-eşgini almaga rugsat berdi. Muhammet pygamber özüne ýeten oljardan Ebu Sufýana, hem-de onuň ogullaryna ýüz düýeden Suhaýl ibn Amra ýüz düýeden, Ebu Jähiliň ogly Ikrime ýüz düýeden, töhmetçilere ýüz düýeden, Resul Alla dil ýetirenlere ýüz düýeden paýlaşdyrdy. Söweş başa barman, adamlaryň janynyň ýanyp duran mahaly kimdir biri özüniň düýesini Resul Allanyň üstünden, bilipmi, bilmänmi, sürüp geçipdi. Muhammet pygamber bir gyra çekilse-de, düýe onuň agyrsyna zordan çydap oturan aýagyndan basyp geçipdi. Resul Allanyň süňňi elenip gitdi. Ol aljyran mahaly gamçysynyň şol düýeli bende degenini duýdy. Ol şol bendäni tapdy-da, oňa segsen düýesini berip ondan ötünç sorady. – Aýagyma bir sapar degen gamçy üçin segsen düýeli boldum – diýip, gamçy «iýen» adam hem aglaýardy, hem gülýärdi. Resul Alla çadyrynda dynç alyp otyrka oňa? – Sizi bir gartyja aýal soraýar. Özem: «Men onuň aýal doganydyryn» diýýär – diýip habar getirdiler. Muhammet pygamber tutuş hakydasyny elek edip eledi-de, özüniň aýal doganynyň baryny ýadyna salyp bilmedi. Ahyr soňunda ol: – Baryň, getiriň – diýdi. Içeri garryja aýal gelip girdi. Ol gele-gelmäne, pygamberi gujaklady-da, onuň döşüne başyny goýdy. – Eziz doganym, doganjygym – diýip, bu aýal zar-zar aglady. – Seniň eziz didaryňy ahyr görme bar eken. Resul Alla näme diýjegini bilmedi. Ol aýal muny duýdy! – Tanamadyňmy, doganym. Men bileje emşen uýaň, Halymanyň gyzydyryn. Resul Alla özüniň emşen uýasyny täzeden bagryna basdy. Oňa özüniň donuňy egninden çykardy-da, düşek edip ýazyp berdi. Soň gözlerini balkyldadyp aglady! – Doganym, uýam uýajygym. – diýdi. Soňra ejesini, al-Harisi sorady. – Olar indi bu dünýede ýok. – diýip, uýasy aýtdy! Olara çagalygy ýatlap oturmaga pursat bolmady. Resul Alla serwerimiz, hawazinlerden ilçi geldi. – diýip, oňa habar berdiler! Resul Alla bile emşen uýasyna uly gadyr etdi. Oňa köp-köp engamlar sowgat berdi. Soň gadyr bilen ýola saldy. Aýal doganynyň bolsa Resul Alladan aýrylşasy gelmeýärdi. Bu zenan älemi öz päkize nuruna gark edip oturan, mähribanlygy, sahawaty bilen musulman ummatyny ýalkap oturan ynsanyň bir wagtlar bir göwüsden emişip, bir tabakdan nahar iýip, bir ýorganda ýatan eziz doganydygyna, şol wagtky neresse çagajykdygyna ynanasy gelenokdy. Muhammet pygamberiň boýalmadyk ýüpek ýaglyk ýaly, päkizeden ak ýüzüni, mähir gaýnap duran goýun gözlerini nurdan gaýmaklap duran gabaklaryny, syrdam boýuny gaýta-gaýta synlap bu aýalyň dünýesi doldy? Ol gözleriniň ýaşyny seçelendirip, bozlaý-bozlaý bu doganyndan aýrylyşdy. Resul Alla öz sözünde durdy. Ol yslamy kabul eden hawazin bendilerini boşatdy! Olaryň aksakallary bilen gaýdyp, hiç haçan birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada şertnama baglaşdy. Muhammet pygamber bu ýeňşinden göni Käbä, zyýarata ugrady. Mekge ilaty Muhammet pygamberiň Taif jülgesinden uly ýeňiş bilen gelýändigini eşidip, ýola çykypdy. Mekgeniň ähli halky Resul Allany uly ýeňiş, hem-de zyýarat gadamy bilen mübärekleýärdi. – Alla ýaryňyz! Alla ýaryňyz! – diýip, Resul Alla her näçe ýadaw bolsa-da» olary mähribanlyk bilen hormatlaýardy. Resul Alla umra hajyny berjaý edenden soň, bu ýerde kän durmady. Mekgä Ebu Sufýanyň ýakyn garyndaşlary bolan ýaş, pähimli ýigidi häkim belledi. Soň yzyna ugrady. Muhammet pygamber ýol ugrunda Akaba obasyna sowulmagy towakga etdi. Kerwen Akaba obasyna bakan sowuldy. Şol ýerde Resul Alla öz düýesinden düşdi-de, ejesiniň mazaryna bakan ýöneldi. Emma birden saklandy. – Muhammet, aýak çek. Sen dowzahdakylara zyýarat etme! – diýdi. Resul Alla gözlerinden ýaş akdyrdy? Çünki, bu gep: «Muhammet, seniň, ejeň-ataň dowzahda» diýildigidi. Ol mundan köp wagt owal Beýik-Taňrynyň: «We sen kyýamatda dowzahdaky ot eýelerinden soralmarsyň (olar hakynda senden soralmaz (Gurhan. 2-nji süre. 119-njy aýat)» diýip, wahyý iberendigini bilýärdi. Ol pygamber bolanda-da, aýaldan doglandy. Ol adamdy. Onuň ynsan duýgulary bardy. «Eje» sözi onuň ýüreginiň başynda hiç ynjalyk bermän, gaýnap durdy. Şonuň üçin ol Alla-Tagala ýalbaryp, megerem, iň soňky sapar mähriban ejesiniň gubyryna zyýarat etmäge rugsat sorady. Jebraýyl perişde: «Alla-Tagalanyň oňa dözmän ejesiniň mazaryna zyýarat etmäge rugsat berendigini ýöne, doga dilegler etmäge rugsat berilmändigini» aýtdy. Muhammet pygamber şondan soň ejesiniň mazaryna bakan gadam goýdy. Ine, onuň mähribanynyň mazary. Bu ýerde onuň boýuna guwanyp bilmän dünýeden armanly ýeten eziz Käbesi ýatyrdy. Ene bilen ogul ýene-de duşuşdy. Resul Alla gurap giden kesekleri göz ýaşy bilen suwaryp, mähriban ejesiniň mazarynyň gujaklady. – Eje janym! Eje janym, käbäm ejem! – diýdi. Onuň gözleriniň ýaşy bulak bolup mazaryň üstüne akýardy. Resul Alla näçe zar çekse-deýe, doga okamady. Oňa doga okamak rugsat edilmändi. Eje bilen ogul duşuşdy, Olaryň birisi hak dünýäde, beýlekisi bolsa ýalançy dünýädedi. Gurap, çala sudur bolup ýatan mazar olaryň arasynda perde bolup duran ýalydy. Bu mazaryň içinde ýer ýüzüne Allanyň, mukaddeslik ruhuny çaýjak pygamber ogly dünýä beren aýal ýatyrdy. Onuň bu eziz ogly häzir keremli başyny şol enäniň mazaryna egip: – Eje janym, eje janym! – diýip, elenýärdi. Resul Allanyň bir wagtlar şu ýerde kakasynyň adyny tutup: – Abdylla, men barýaryn garşyla? – diýip, iň soňky deminde elenýän ejesi göz öňüne gelip giden ýaly boldy. Ol mazara bagryny berdi. – Eje jan, käbem ejem, menem gidip barýaryn! – diýip, hasrat bilen pyşyrdady. Ol şondan soň gözleriniň ýaşynam süpürmedi-de, düýesine münüp, yzyna garaman gaýtdy. – Buşluk, Resul Alla, buşluk, ogluň boldy! Resul Alla düýesinden düşdi-de, bu habary eýtiren adamy bagryna basdy. Şonda onuň süňňündäki ähli ynjy, agyry, derdi-azar, gaýgy-hasrat çykyp giden ýaly boldy. 2. Eger olar sizden el çekseler, soňra-da siz bilen uruşmasalar we size parahatlyk gollaryny uzatsalar, onda şu ýagdaýda olara garşy uruş etmek üçin Belent-Taňry size ýol bermez (ýol bermedi). Gurhan. 4-nji süre. 90-njy aýat. Muhammet pygamberiň münüp barýan ýelmaýasy, misli ap-ak bulduň içinden geçip barýan ýalydy. Ol häzir ähli kişini görüp durdy, emma ony görýän ýokdy. Bu wagt hiç kimiň oýlanmaga eli degenokdy. Öňde agyr duşman garaşýardy. Taifdäki aladaly jeňden soň Resul Alla dynjyny alyp bilmändi. Oňa juda ýowuz habary gowşurdylar. – Rim imperatory Iraklimi? – diýip, Resul Alla agyr oýa batdy, Muhammet pygamber rimlilere beletdi. – Olar diýseň söweşjeňdir. Bir ugra gitse, alman goýmaýandyr! Olaryň söweşip, ýeňlen ýeri ýokdur. Özlerem çöpden-çörden köpdür! Resul Allanyň bu sözleri dogrudy. Ol Irakliniň goşunyny görüp durdy. Rim imperatory gaty berk düzgünli goşunyň eýesidi. Musulmanlara Iordan derýasynyň boýunda, Muta deresinde ýüz müň goşun bilen berk zarba uran hem şolardy. – Olar kyrk müň goşun bilen musulmanlaryň garşysyna uruşjakmyşlar. Resul Allanyň alada edýän zady, häzir goşun ýygnara, ýarag toplara, ulag alara hiç hili serişde-de, harajat hem ýokdy. Adam kändi. «Ýörüň, söweşiň, olja alyň» diýseň, edil şu wagt hem aç-ýalaňaç, üst-başlarynyň şylhasy çykyp duran adamlar uly orda bolup orta üýşjekdi. Ýöne olara ulagy, ýaragy, egin-eşigi nireden aljak. Muhammet pygamber mundan öň ýakyn aralyga söweşe gidilmeli bolanda, ol syry berk saklaýardy. Hiç kime aýan etmeýärdi. Emma bu salar welin ol syry açdy. – Adamlar, rim imperatory Irakliý kyrk müň esgerlik goşuny bilen musulmanlaryň, üstüne dökülmekçi. Biziň gurbumyz pesräk. Şonuň üçin men size Allanyň, adyndan ýüzlenýärin. Allanyň ýoluna sadaka beriň. Şol sadakadan düşen harç kapyrlara garşy söweşjek goşunyň harajadyna siňjekdir. Sahabalar gorjanyşdylar. – Resul Alla serwerimiz, men on müň goşuna ulag, ok-ýarag alyp berer ýaly sadaka berýärin. Alla ýoluna bolsun!... Resul Alla hezreti Osmandan razy boldy. Ol iki elini göge göterdi. – Eý, Rebbim, Osmandan razy bolsun! – diýdi. Ebu Bekir hezretleri hem gollaryny gowşuryp oturmady. – Enem-atam saňa gurban bolsun, Hak resuly! Men Alla ýoluna dört müň dirhem sadaka berýärin... Resul Alla minnetdar boldy-da: – Maşgalaňa zat galdyrdyňmy – diýip sorady! Hezreti Ebu Bekir başyny atdy-da ýylgyrdy. – Maşgalama Alla-Tagalany hem-de onuň resulyny galdyrdym. Omar ibn al-Hattab Muhammet pygambere özüniň ähli baýlygynyň ýarysyny gowşurdy. – Öz maşgalaňa bir zat alyp galdyňmy? – diýip, Resul Alla ondan sorady. Hezreti Omar: – Maşgalama-da ýaryny goýdum – diýip aýtdy. Medinäniň baýlary, gurply musulmanlar, çarwa taýpalarynyň köpüsi bu ýöriş üçin mal-baýlyklaryny gaýgyrmadylar. Resul Allany haýran galdyran zat, musulman aýallar hem kem galmadylar? Olar altyn-kümüş şaý-seplerini «Allanyň ýoluna sadaka bolsun» diýip, Resul Alla gowşurdylar. Şol ýylyň sentýabr aýynda on müňlük agyr goşun Medineden demirgazyga taran ýola düşdi. Tomsuň juda jöwzaly gelendigine, hurma miwesiniň ýetişendigine garamazdan, adamlar söweşe juda uly hyjuw bilen barýardylar. Olar Resul Alla bilen bilelikde gidilen söweşleriň ählisinde bol olja ýa hem-de uly abraýa eýe bolupdylar. Olar bu sapar hem gaty köp olja eýe bolup, abraý bilen dolanjakdyklaryna ynanýardylar. Muhammet pygamber diňe bir söweşe barýanlaryň däl, külli älemiň şamçyragy ýaly bolup, düýesiniň üstünde arkaýyn otyrdy. Iň täsin ýeri, onuň bilen barýanlaryň ählisi Resul Allanyň ýanyna arkaýyn baryp, islendik meselede onuň bilen maslahatlaşyp bilýärdiler. Resul Allanyň ýanyna dargadylan çarwalardan alty-ýedi adam geldi. Olar: – Ýa, Resul Alla, biziň ýaragymyz hem, ulagymyz hem ýok. Bir şaýylyk harjymyz hem galmady. Ýöne biziň hem kapyrlara garşy urşasymyz gelýär. – Olar ýalbaryp başladylar. – Bizem öz ýanyňyza alsaňyz... Şeýle haýyş bilen Resul Alla ýüz tutýanlar kändi. Ýöne ýol uzakdy. Gideniňe, geleniňe, azyndan bir aý töweregi gerekdi. Beýle agyr ýola eşikleri sal-sal, garynlary aç adamlaryň uly sülsadyny almak juda howplydy. Çünki, ol ýere toýa gidilenokdy. Muhammet pygamberiň ýarawlygynyň ugry barha-barha peselýärdi. Ýöne, nämüçindir, onuň öýde galasy gelmedi. Bu agyr ýollar onuň ýarawsyz süňňnüni näçe elese-de, agyr ýygyna onuň özi ýolbaşçylyk edýärdi. Indi yslam döwletiniň düýbi ýagşy tutulypdy. Tutuş Arap, ýarym adasy diýen ýaly, yslamy kabul edipdi. Yslama gireýin diýip gelýänleriň bolsa yzy üzülenokdy. Bu döwletiň düýbüni gaty ykjam tutup, ony bir ýumrugyň astynda saklamak üçin juda wepaly, mert, gaýduwsyz, danadan paýhasly serdar gerekdi. Muhammet pygamber indi öz ýagdaýyny gowy bilýärdi. Alla-Tagala ony öz pygamberi we resuly edip saýlapdy. Emma onuň geljekki juda uly, kuwwatly döwlete patyşa bolmaga hukugam, rugsadam, güýji-kuwwatam ýokdy. Häkim bolmak üçin gaty gazaply erkiň bolmalydy. Häkim bolmak üçin dözümli häsiýetiň, aňyrsy-bärisi görünmeýän baýlygyň bolmalydy. Häkim bolmak üçin adamlar senden çekinmelidi. Häkim bolmak üçin döwletiň, öz niýetiň ýol almagy üçin il göwnüni ýykyp bilýän adam bolmalydy. Alla-Tagala Resul Allanyň ýüregini mähirden onuň içindäki jany juda mukaddes nurdan ýasapdy. Ol Taifde bir bendä çala degen gamçysy üçin segsen düýe berip, ötünç sorapdy. Resul Allanyň her demi, her ädimi, bir agyz sözi, her bir hereketi, her bir çözgüdi Alla-Tagalanyň alynda ölçeglidi. Onuň erkini-ygtyýaryny Belent-Taňrynyň özi çözýerdi. Muhammet pygamberiň erki diňe oňa Alla-Tagalanyň ygtyýar beren, rugsat eden zadyna ýetýärdi. Ol çagalaryna ata, aýallaryna är bolsa-da, bu adamlar üçin adaty ynsan bolsa-da, Allanyň pygamberidi. Pygamberler bolsa, Allanyň resulydy. Onsoň «araplar aýtmyşlaýyn «eýesine gerek bolsa, goňşusyna haramdy» Onuň eýesi Allady. Bu adamlar bolsa onuň goňşusydy. Bu ýagdaýlaryň Resul Allany käbir adamyň gözüne alaçsyz, gowşak, ederini-eýlerini bilmeýän ýaly görkezýän pursatlary hem bolýardy. Taifde ony bäş-alty sany esger gabap: «Biziň olja paýymyzy häziriň özünde berersiň, bolmasa...» diýip haýbat atanlarynda, onuň egnindäki donuny sypyranlarynda, ol özüni şeýle ýagdaýda görüpdi. Ýöne şol adamlara gaharlanaýyn çäre göreýin diýip bilmändi. Çünki, ol erbet niýetlilere, päliýamanlara, doýmaz-dolmazlara meňzäbem, olara deňleşibem biljek däldi. Ol bu dünýä başga niýet bilen gelipdi. Ol baharyň al-elwan güllerini, onuň üstünde uçup-gonup ýören enaýyja kebelekleri däl-de, şol bahar-ýazlary ynsana serpaý edip ýapan Rebiniň sahawatyny görýärdi. Öz Rebbimi oňa başga göz, başga dil, başga ýürek, başga köňül, başga, başga niýet beripdi. Bir sapar agyr goşun söweşden gaýdyp gelýärdi. Şonda adamlar erbet ysdan ýaňa, burunlaryny tutup başladylar. Ýoluň ugrunda bir it ölüpdir-de, gaty porsy ys töwerege ýaýraýardy. Şonda ol esgerler: «Haý, porsap geçen, beýle-de bir hapa, haramdan nejis haýwan boljak eken-ow» diýşip, ol itiň maslygyna gargaşyp başladylar. Şonda Resul Alla: «Häk, akja dişler-ä bar ekeni» diýip, şol porsap ýatan maslygyň hem gowy ýerini, adamlaryň bu wagt görüp bilmejek zadany görüp aýdypdy. Hawa, Resul Allanyň ýüregine başga, juda mukaddes niýet salnypdy. Ony Ýokarda, Taňry, Ýerde bolsa bir Resul Allanyň özi bilýärdi. Ol ynsany Allanyň din-şerigatyna salyp, yslamyň ýoluna uýduryp, ahyr soňy olary Alla-Tagalanyň dowzah belasyndan halas etmelidi. Resul Alla käte namaz okap bolandan soňra, gözlerinden däne-däne gözýaşlar döküp aglaýardy. Sahabalar onuň göwnüni awlamak üçin: – Resul Alla, sen näme üçin aglaýarsyň! – diýip, gussa bilen soraýardylar. Şonda Resul Alla başyny ýaýkap: – Heý-hat, heýhat, adamlar! Siz o dünýäde meniň gören zatlarymy, Allanyň dowzah belasyny gören bolsadyňyz, onda gözüňiziň ýaşy hiç haçan hem kepemezdi – diýerdi. Soň hem: – Toba ediň! Şükür ediň! Kanagat ediň? Şeýtanyň, nebsiňiziň ugruna gidip, o dünýäňizi gömmäň – diýerdi. Onuň bilýän, onuň görýän, onuň duýýan syrlary diňe Belent-Taňra aýandy. Ol juda belent pähim, taýsyz akyl-paýhas, umman ýaly mähribanlyk bilen ine, şu adamlary Allanyň jennetine çagyrmak üçin, jennet buşlukçysy bolup dünýä gelip, indem olja üçin onuň ýüzüni alyp, donuny gazap bilen egninden sypyryp alyp galýan adamlar bilen deň bolup bilermi?! Ine şonuň üçin-de ol patyşa-da, serdar-da däldi. Alla-Tagala ony älem patyşalarynyň ählisinden belent, dünýäniň ähli serdaryndan ägirt, ýer ýüzüniň ähli danasyndan dana edip döredipdi. Emma şeýle beýik ynsan gaty pes, özüniň körje niýetinden, juda ownuk garap pälinden başga zady bilmeýän, köňül aýnasyny nebsiniň, pes niýet-päliniň kölegesi ýapan adamlaryň arasyndady. Ol şol adamlary dowzah belasyndan halas etmelidi. Resul Alla musulman bolan doganlaryny şirin janyndan artyk görýärdi. Ylaýtada, özüniň sahabalaryna aýratyn sarpa goýýardy, Olaryň abraýyny, mertebesini hemişe ýokary tutýardy. Hemişe olara Belent-Taňrydan o dünýäde iman, bu dünýäde bolsa abraý dileýärdi. Onuň üçin hezreti Ebu Bekir musulman kişä mahus sahylygyň, sahawatyň, näzik ýürekliligiň nusrasydy. Hezreti Omar musulman bendelerine halallygyň, päkligiň göreldesidi. Hezreti Osman namysjaňlygyň, rehimdarlygyň, aýgytlylygyň nyşanydy. Hezreti Aly Allanyň ýolunda, din ugrunda garadan gaýtmaz göwher gylyçdy. Bu ýolda onuň kesmejek, ýok etmejek belasy ýokdy. Bu dört sahabanyň göreldesini bir ýere jemläniňde, şu ýalançy dünýäniň mert, hakyky musulmana laýyk nusgasy emele gelmelidi. Resul Alla şonuň üçin bu nusgalyk adamlaryň her birini gözleriniň nury, başynyň täji hasaplaýardy. Olar bilen bilelikde-de, aýry-aýrylykda-da, söhbetdeş bolsa, köňül dünýäsi giňeýärdi. Olaryň birini görmese köňli görsedim diýip arzuw edýärdi. Ýöne bu beýik ärleriň hem käte gysylyşyny, dargursaklygyny görende, ol howp alýardy. – Yslam döwletiniň eýesi kim bolmaly? – Ol bu sowaly hemişe özüne berýärdi. Arada göçüp-gonup ýören başbermez çarwalaryň üstüne, hezreti Ebu Bekir goşun çekip gidende, hezreti Aly öýke-kine bilen gezipdi. Mekgä girilende Muhammet pygamber merkezden barmaly goşunyň serdarlygyny Saad ibn Ubeýdanyň elinden alyp, hezreti Ala bereninde, hezreti Ebu Bekir bilen hezreti Osman erbet öýkeläp gezipdi. Resul Alla tutuş ummatynyň däl, käte öz sahabalarynyň agzyny birikdirmek hem uly azap berýärdi. Ol araky aýallar bilen bagly gykylygy gynanç bilen ýatlady. ...Resul Allanyň gyrnagy Merýemden oglunyň bolmagy külli musulman üçin uly şatlykdy. – Enşalla, indi Resul Alla serwerimiziň ogul zürýady bar! – diýip, musulman bendeleri Alladan razy bolýardylar. Muhammet pygamberiň özem owadandan näzik, durşy bilen mähribanlyk bolup duran bu maşgalany halaýardy. Onuň ýanyna her sapar baranynda ýigdelen ýaly bolýardy. Merýeme Resul Alladan hiç zat gerek däldi. Ol özüni hakyky gyrnak saýýardy. Ýöne ol öz eziz jenabyna bolan söýgüsiniň egsilmezligini duýupdy. Ol bu mähriban ynsany jany-teni bilen, çirksiz, päkize yşky bilen söýýärdi. Ol onuň bilen bir düşekde bolanyna, ýa-da bu adamy daşyndan görüp ýörenine däl, asyl Resul Allanyň ýaşaýan dünýäsine, bu mähriban ynsanyň şu dünýäde barlygyna begenip, uçursyz guwanyp ýaşaýardy. Ynsanda beýle söýginiň bolýandygyna adamlar hiç wagt ynanyp hem biljek däldi. Emma Resul Alla Mereýemde şeýle söýgini duýýardy. Alla-Tagala şeýle kirsiz-kimirsiz söýgüsi üçin Merýemi umytsyz goýmandy. Oňa ogul perzent berdi. Muhammet pygamber onuň adyny ezizläp mirasdüşeri, özüniň kyrkynjy arkasy Ybraýym pygamberiň adyny dakdy. Emma Ybraýym janyň dogulmagy Resul Alla ogul doguryp bermek umydyna garylyp ýaşaýan nikaly aýallary üçin uly urgy bolupdy. Bu «buşluk» habary olaryň her biri üçin hasrat permany bolup ýazylypdy. Nämüçindir, Ybraýym janyň dogulmagy halyflara-da ýarap barmandy. Hezreti Aly hem: «Babasy öz agtyklaryna öňküsi ýaly, mähir bilen seretmez diýen ýaly pikirleri Resul Allanyň eziz görýän gazy Patma aýdypy. Emma Resul Alla öz ogluny çensiz-çaksyz söýgi bilen, çaksyz gowy görýärdi. Bu çagajygyň dünýä inmegi Resul Allanyň agyrysyny-ynjysyny el bilen aýrylan ýaly edipdi. Ol häzir hem uzak ýola barýarka, düýesiniň üstünde, yzynda oglunyň bardygyna begenýärdi, ony dünýä beren Rebbimine gije-gündiz alkyş okaýardy. Ybraýym janyň bolmagy boýny ýogyn, bu dünýäde diňe özümdirin, diňe meniň diýenim bolmalydyr, diňe meniň aýdanym geçmelidir diýip ýören Hafsa hem ýaramaýardy. Ol öz kakasy hezreti Omaryň Resul Allanyň ýanynda, il içinde uly mertebe eýesiginden has meçewlenýärdi. Beýleki aýallar hem Resul Alladan ogul dogran bu gyrnaga bolan pynhan ýigrençlerini bu asylzada aýal-Hafsanyň üsti bilen beýan etmegi başarýardylar. Hafsa Resul Allany gije-gündiz yzarlaýardy. Onuň Meremiň ýanyna baranyny biläýse, şol gije haýsy aýalyň gezegi bolsa, baryp şoňa duýdurýardy. Soň bolsa aýallary gykylyk turuzmaga meçewlendirýärdi. Bir sapar Resul Allanyň Merýemiň öýünden çykyp gelýänini gören Hafsa kakasynyň ýanyna ylgady. Ol şonda özüni kemsidilen, özüni şol gyrnakdan kem görülýän ýaly edip, arz etdi. Hezreti Omar öz ýanyna hezreti Ebu Bekiri alyp, Resul Allanyň üstüne barypdy. Olar asylzada gyzlarynyň sowgat berlen gyrnakça görülmeýändigini Muhammet pygambere duýdurdylar. Şondan soň Resul Alla özüne birwagtlar Müsür hökümdarynyň, peşgeş beren gyrnagy bolan Merýemi öz uýasy Şiriniň ýanyna göçüripdi. Şonda-da eziz balasynyň ejesi hiç haçan zada zar bolmaz ýaly, hemişe bu mähriban zenandan göz-gulak bolup durupdy. Müsür hökümdary şonda Muhammet pygambere iki sany gyrnagy Merýem bilen Şirini peşgeş iberipdi. Resul Alla özüne Merýemi alyp, Şirini gowy görýän kuraýyş ýigidiniň birine beripdi. Şol ýigit Şirin bilen oňat ýaşaşyp ýördi. Ine, indi Merýem şolaryň ýanyna göçürilipdi. Bu waka sebäpli, Resul Allanyň alada edýän zady, hezreti Ebu Bekiriň, hezreti Omaryň, hezreti Alynyň kiçijik bähbit üçin uly mertebesini peseldip bilenligidi. Beýle adamlaryň ertir, Resul Alla ýokka beýik yslam döwletini berkidip, rowaçlandyryp, dünýä ýaýradyp biljegine şübhe emele gelýärdi. Muhammet pygamber olary ýöne ýere yslamyň beýik sütünleri diýip, mertebeläp ýörenok. Bu beýik sütünleriň abraýy, imany hem Alla-Tagalanyň alnynda hem hatyralydy. Şonuň üçin Muhammet pygamber hut häzir hem Alla-Tagaladan olara abraý dileýärdi. Olaryň pälini arassalamagy, nebsini tämizlemegi, paýhasyna paýhas goşulmagyny dileýärdi. Agyr goşun bellenilen çäge golaýlaşýardy. Ýöne ýygynyň barha eräp barýanyny Resul Alla duýdy. Şol säherleriň birinde serdarlaryň iki sanysy Resul Allanyň bolýan çadyryna kürsäp girdi. – Resul Alla serwerimiz, günämizi ötüň! Bir erbet habar bar... – Aýdyberiň! – Aýtsak, ol iki ýüzli Abdylla b.Ubeýýa öten agşam öz topary bilen gaçyp gidipdir. – Olar näçe adamdy? – Olaryň sany müňe golaýdy. Adamlaryň topar-topar bolup goşundan gaçýandygyny her gün Resul Alla habar berýärdiler. Jöwzaly epgek, gijeki çigrek adamlary halys lagşadýardy. Yzynda hasyly ýygnalman galan hurma baglary, döwranly öýi, indi ýagşy ýola düşen hözirdi döwleti, yrsgallyja ojagy galan adamlaryň käbiri bu agar jebirli, ýowuz günlere çydamaýardy. Olaryň ýaňy ýeten bagty yzynda galypdy. Şonuň üçin olary geljekki ýeňişem, söweş-de, abraý-da indi kän bir gyzyklandyranokdy. Şeýle jebirli ýörüşden soň agyr goşun gijäniň bir wagty tekiz sähra gelip düşledi. Gijesi biden şöwür çeken goşun ýadapdy. Esgerler duran-duran ýerlerinde başlaryny goýup, uklaýardylar. Ýöne olar ertir namazyny geçireris öýdüp gorkýardylar. – Siz ýatyň, men sizi oýararyn! – diýip, Bilal olary gaty arkaýyn etdi. Emma onuň özem ýatyp galypdy. Adamlar oýansa, Gün dogup, al-asmana galypdyr. Olaryň ählisi sözünde tapylman, masgara edendigi üçin Bilala gygyryp başladylar. Bilal utanjyndan aglaýjak-aglaýjak bolýardy. – Menem burup ýykan sizi ukladan boldy – diýip, ol her kime bir boýnuny burýardy. Resul Alla bu ýagdaýa ünsem bermedi. Ol Gün naýza boýy bolandan soň, täretini kyldy-da, ertir namazyny okady. Soň düýesini idip getirenlerinden soň, oňa münüp, ýola düşdi. Adamlar Resul Allanyň bu bolşuna düşünmediler. Her bir namazy öz wagtynda, takyk okamagy berkden-berk talap edýän adamyň bu ýagdaýy şeýle ýeňiljek çözmegi adamlaryň köpüsini hem haýran galdyrdy, hem geňirgendirdi. Resul Alla ýolda bir topar esgeriň özara jedelleşip duranyny gördi. Ol özüne garaşyp, duranlaryň ýanynda düýesiniň başyny gowşatdy. – Siz menden bir zat-ha soramak isleýärsiňiz? Soraň! – diýip, olara ýüzlendi. Olardan biri: – Ýa, Resul Alla, biz ertir namazynyň wagtyny geçirip okadyk. Indi nähili bolarka? – diýip, batyrlyk edip sorady. Resul Alla: – Menden mysal tutsaňyz bolmaýarmy? Ukudaka geçiren namazyň günäsi bolmaz. Uklap galan kişi namaz wagtynyň geçenini-geçmänini bilmez. Ol şol geçiren namazynyň kazasyny okasa bolar! «Ertirine, öýlänimi okaryn – diýip, öýlänine «agşamymy okaryn» diýip, namazyňy geçirseň, ine, güne şondadyr. – diýip, ol jogap gaýtardy-da, ýoluny dowam etdi. Agyr goşun Tabug jülgesine ýetdi. Oňat dynç alyp, sap-sap bolup duran esgerlere Alla-Tagala üýtgeşik gujur-gaýrat beren ýalydy. Ençeme günlük agyr ýol, çekilen azaplar undulypdy. Resul Allanyň mähriban nazaryndan päkize nur emip, gurbata gelen esgerleriň ýüzi ýuwlupdy. Olaryň gözlerinde Hak üçin, yslam üçin agyr jeňe girip, ýeňiş gazanmagyň hyjuwy bardy. Resul Alla Rim imperatory Irakliniň goşunyny yzyna dolamak barada buýruk berendiginiň habaryny getiren aňtawçylaryň sözüni geň galmak bilen diňledi. Ol kyrk müň goşun bilen gazap atyna atlanyp gelen bu uly serkerdäniň yzyna gaýtarmagyň astynda bir bolgusyz hiläniň bolaýmagynyň ahmaldygyny unutmady. Esgerlerine seresaplulygy elden bermezigi tabşyrdy. Resul Alla garaşýardy, emma duşman goşunyndan derek ýokdy. Resul Alla çar tarana ýene-de aňtawçylary iberdi. Olar töwerekleri elekden geçirip geldiler-de: – Irakliý: «Musulmanlar ýere-göge sygmaýan goşun bilen gelýär» diýen habary eşidip, şol pursadyň özünde yzyna gaýtdy» diýen habary getirdiler. Indi öňde iki ýol bardy: Beýdip, azan çekip üç ýüz elli kilometrlik, ýoly geçip geleniňe görä, duşmana azy urmakdy. Bu bir ýoldy. Ikinji ýol, yzyňa dolanmakdy. Resul Alla birinji çäräniň tarapdarydy. Emma onuň Alla-Tagaladan bu iş üçin ejazasy ýokdy. Onuň her bir gadamyna, çözgüdine goldaw berip duran ýeketek Taňry dymýardy. Resul Alla garaşdy. Sahabalar, serdarlar, esgerler bolsa gyssanýardylar. Ahyr soňunda-da hezreti Omar Resul Allanyň ýanyna geldi. – Allanyň, eziz resuly – diýdi. Soň ol goşunyň ýagdaýyny, esgerleriň keýpini beýan etdi. – Indi nähili çözgüt bolarka? – diýip sorady. – Men Alladan rugsat alyp bilemok. Indem näme diýjegimi bilemok – diýip, Resul Allanyň özem belli netijä gelip bilmän aýtdy. Hezreti Omar oňa düşündi. – Onda Allanyň, diýenini ediň – diýdi. Muhammet pygamber Alla-Tagalanyň diýenini etdi. Agyr goşun Tabukdan yzyna, Medinä dolandy. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Ölümi köpräk ýatlaň! Elbetde ölümi ýatlap durmak özüňden başga peýdasyz zatlary ünsden aýrar.» Rowaýat: Bir gün Resul Alla öz sahabalary bilen maslahatlaşyp otyrdy. Şol mahal içeri ak ýüzünden nur ýagyp duran, gara saçly, ap-ak eşikli pälwansypat bir adam girdi. Oturanlaryň arasynda ýer bolsa-da, ol gös-göni Resul allanyň garşysyna geçip oturdy-da, aýaklaryny onuň buduna goýdy. Özem iki gözüni Resul Allanyň mähirden doly didelerine dikdi-de: – Eý, Muhammet, yslam näme, maňa jogap ber – diýdi. – Yslam, Allanyň birligine, ondan başga Allanyň ýoklugyna, Muhammediň onuň resulydygyna şat bolup, bäş wagt namazyňy okap, zekadyňy berip, remezan aýynda agzyňy bekläp, ýagdaýyň bolsa Käbä zyýarata gitmekdir. – Aýdýanyň dogrudyr! – diýip, myhman ony tassyklady. – Eý, Muhammet, iman nämedir? – diýip, ol myhman ýene sorady, – Iman – Alla-Tagala, onuň perişdelerine, Kitaplaryna, pygamberlerine, o dünýäde sowal-jogabyň boljagyna, o dünýäniň barlygyna, ölenleriň ählisiniň direljegine ynanmakdyr! – Aýdýanyň dogrudyr! – diýip, myhman aýtdy-da, ýene sowala tutdy: – Sen maňa yhsanyň nämedigini aýt! – Yhsan – ol sen ony görüp duran ýaly, ol seniň edil garşyňda oturan ýaly yhlas etmekdir, sebäbi hakykatdan hem sen ony görýän dälsiň, ol welin seni görüp durandyr – diýip, Resul Alla pert-pert jogap berdi. – Bu dogrudyr! Soň indi maňa ahyrzamanyň haçan boljagyny aýt! – Ony bir Beýik Ýaradanyň özi biler! Onsoňam soraýan jogap berýänden köpräk bilýändir... – Sen maňa ahyrzamanyň alamatlaryny aýt! – diýip, myhman sorady. – Ahyrzaman alamatlary budur, gyrnaklar, özleriniň hökümdarlaryny dograrlar. Soň hem aýakýalaňaç, eginleri ýalaňaç, garyp, kirli düýe çopanlary jaý gurmakda biri-birleri bilen ýaraşarlar – diýip Resul Alla jogap berdi. Ol adam turdy-da çykyp gitdi. Resul Alla bir salym oýa batdy-da: – Bar, Omar, sen onuň kimdigini, nirä barýandygyny bilip gel – diýdi. Hezret Omar daş-töwerekde ne del adam, ne-de onuň yzyny gördi. Ol gelip ýagdaýy aýtdy. Şonda Resul Alla mähribanymyz: – Ol adam sypatyna giren Jebraýyl perişdedir. Ol size öz diniňizi öwretmäge gelendir – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |