17:22 Muhammet pygamber -66: romanyň soňy | |
ON BIRINJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. Her wagt dogýan we ýaşýan ýyldyzlaryň haky üçin kasam bolsun. Siziň pygamberiňiz dogry ýoldan azaşan däldir we ýalňyşan hem däldir. Gurhan. 53-nji süre. 1-2-nji aýat. Muhammet pygamberi kesel halys burup taşlady. Ol indi özüniň derdiniň dermanynyň ýoklugyny bilýärdi. Altmyş üç ýyllyk ýol gelip-gelip iň soňky gaýasyna diräpdi. Ýogsa, ol Tabukdan dolanyp gelip, özi başy bilen togarlanyp gitmäge taýýarka, Käbe zyýarata hezreti Ebu Bekiri ibermezdi. Ol Tabukdan gelşine ikiýüzlüleriň Metjidi Nebewiniň ýanyndaky metjidini otladanda, hezreti Ebu Sufýan bilen al-Mugir ibn Şuaby bir topbak atly bilen Taif jülgesine iberip, ol ýerdäki skifleriň al-Lat atly daş hudaýyny döwdürende, ikiýüzlülere garşy gazaply höküm çykaranda hem birneme ýagşydy. – Ol Tabukdan gelip, ikiýüzlüleriň serdary Abdylla b. Ubeýinyň jynazasyna gatnaşanda-da, birneme ýagşyrakdy. Emma indi halys dertläp, düşekden turup bilenokdy! Ol ol süňňündäki agyrynyň derdinden metjide, namaz okamagada güýç tapanokdy. Gün öýle agypy. Adamlar öýle namazyny okamak üçin Metjidi Nebewä üýşüp, onuň işiginde topar-topar bolşup durdylar. Olaryň eziz serwerimiz Resul Alla garaşýandygy bellidi. Işikden Resul Alla ezizimiziň aýaly, hezreti Äşe girdi. – Resul Alla, adamlar siziň gelip, ymam bolaryňyza garaşyp, metjidiň işiginde toparlanşyp durlar. – diýdi. – Men halys ýaramok. – diýip, Resul Alla gussa bilen sözledi. – Onda, hezreti Ebu Bekir ymam bolsunmy? – diýip, ol ýene sorady. Resul Alla: – Ýok. – diýip aýtdy. Hezreti Äşe ýene-de daşarlara aýlanyp geldi-de, adamlaryň heniz hem garaşyp durandygyny aýtdy. – Bolmasa, aýdaýaýyn Ebu Bekir hezretleri ymam bolaýsyn! Resul Alla ýene-de rugsat bermedi. – Häzir Ebu Bekir syddyh ymam bolsa, öňde ýaşap geçen Muhammediň güni başyna düşer, bar aýt, hezreti Omar ymam bolsun! Namazy gijä goýmasynlar. Hezreti Äşe adamsynyň bu bolşuna düşünmese-de, Resul Allanyň buýran ýumşuny berjaý etdi. Muhammet pygamberiň aýaly Äşäni ynjydasy gelenokdy. Äşäniň içerä, özüne uly yhlasy, musulmanlara ýakymlylygy oňa diýseň ýaraýardy. Ol Äşäni juda eziz görýärdi. – Sen gynanma! – diýip, Resul Alla düşekde ýatyrka-da, aýalyny hoşamaýlady. – Bu bir rowaýatdyr.... Aslynda, Resul Alla ýaly dilewar, wakany juda şirinlik bilen, ýüpek kimin ýumşakdan gyzykly gürrüň berýän adam Mekge-Medine ilinde-hä däl tutuş Arap ýarym adasynda-da az-azdy. Ol bir wakany gürrüň berende, sahabalary onuň ýanyndan turup bilmän, nähili gyssag işleri bolsa-da, ony soňa goýýardylar. Resul Alla bu rowaýaty hem aýalyna şeýle süýjülik bilen gürrüň beripdi. – Öňem bir Muhammet diýen pukara bende bolupdyr. Ol bende Allanyň ýolunda kyrk ýyllap tagat çekip, namaz okap, agyz bekläp gelipdir. Öň, Ybraýym aleýhyssalam zamanynda Alla-Tagala beýle hudaýhon bendeleri uly sylag-serpaýy bilen mübäreklär eken. Kim kyrk ýyllap, şeýdip, Allanyň ýoluny berk tutup ötürse, şol kyrk ýyl dolansoň, ol Alla mynajat eder eken. Şonda Alla-Tagala, ol goý, näme islese-de, üç dilegini bitirer eken. Şol Muhammet diýen bende-de Allanyň ýoly diýip kyrk ýylyny ötüripdir. Ine, ertesem kyrk birinji ýyl başlanypdyr. Ol ynsan şol üç şert bara-da oýlanyp başlapdyr. – Beý, men Taňrydan özüme köşk ýaly jaý sorasam, ikinji şertine, tükenmez baýlyk ber diýsem, üçünjisine bolsa, özüme, aýalyma, çagajyklaryma uzak bagtly durmuş sorasam nähili bolarkan? – diýipdir. Oýlanyp-oýlanyp, ahyr soňundan: – Beý, men ýeke özüm kellämi agyrdyp oturmaýyn-la. Gel, aýalym bilen hem maslahatlaşaýyn. Ol hem indi kyrk ýyl bäri çagalaryma ene bolup, öýi-içerini dolandyryp, täret suwumy gyzdyryp ýör ahyryn – diýipdir. Soňra ol aýalynyň ýanyna maslahata baran. Aýaly Muhammediň adýanlaryny eşidip, böwrüni diňleýär. Garyp, bir topar çagany eklejek bolup, süňňi gurap, aňkasy aşan aýal birden bir hyýala münen. – Muhammet. – diýen – Men seniň bilen kyrk ýyl ýaşadym. Emma gülüp gün görmedim. Seniň menden ýakyn hossaryň, howandaryň bolmady. Çagalaryňa ene boldum, özüňe süňňüm agarýança hyzmat etdim. Şonuň üçin hem şol dilegiň birini maňa bagş etmeli bolarsyň. Muhammet geň galan. – Men saňa näme diläýin? Aýaly barha möwç alan. – Maňa Alladan üýtgeşik owadanlyk dile. Göreniň akly haýran galsyn. Özümem dünýäniň şalary, soltanlary görmäge gelsin. Özem, hiç gutarmaýan, her göreninde öňküden hem üýtgeşik bolýan gözellik dile. Muhammet bende-de näme diýjegini bilmäň ellerini owkalapdyr. Muny gören aýaly: – Sen näme, indi kyrk ýyllap seniň içeriňde saçymy sübse edip, öýüňe keniz bolup, çagalaryňy ekläp-saklap, indi maňa ýekeje ýagşylyk etmäge dözeňokmy? – diýen. Äri bolsa: – Aý, onuň nämä peýdasy boljak – diýipdir. Aýaly Muhammediň ýakasyny goýbermändir. – Iliňkiden üýtgeşik, owadan aýalyň bolsa sada erbet bolasy ýok. Sen hem ýigdelen ýaly bolarsyň. Iliň saňa gözi gider. Gadryň artar. Ol, näme, sada peýda dälmi? Muhammet bende ahyr Soňunda aýalynyň sözüne razy bolupdyr. Ol täret kylyp, namaz okap, yzyndan hem Taňra ýalbarypdyr. – Eý, Alda, men kyrk ýyl bäri seniň ýoluň üçin tagat çekdim, namaz okap oraza tutdym. Indem seniň maňa eden şol üç şertiňi bitirer wagtyň geldi. Şonuň birinji şerti, aýalyma hiç tükenmeýän bu gözüň seredenden ol gözüň seredýänçe, barha üýtgeýän güýçlenýän owadanlyk ber!.. Ol şeýle diýip aýalyna seredýär welin aýady birden görlüp-eşidilmedik owadanlyga eýe bolaýýar. Ol: – Beý, keýwany, sen-ä – diýip ýetişmänkä, aýaly hälkiden hem müň esse owadanmyş. Ol ertir turup garasa, ýatar wagtyndaky gözelliginiň hem çeni dälmişin. Ol beýle gözellige haýran galyp, öz işi bilen bir ýere baryp gelse, işigi oba adamlaryndan ýaňa hümermişin. Kimdir biri geçip barýarka bu aýaly görüp, onuň gözelligine haýran galyp, tutuş oba aýdyp çykanmyşyn. Obadaşlary hem gelip görüp, ne-hä ol gözellikden doýup bilýärmişler, ne-de öýlerine gaýdyp bilýärmişler. Ertesi bu habar goňşy oba ýetipdir. Şeýdip, bu gözellik barada goňşy ýurtlara hem habarlar ýetenmişin. Onsoň uzak-uzak ýurtlardan şeýle gözelligi görmek üçin şalar, şazadalar, baýlar, begler, bezirgenler kerwen-kerwen bolup, hälki bendäniň işiginde nobata duranmyşar. Aýaly içerdemiş, nobatyň dowamy bolsa, goňşy obadamyş. Bu gözelligi bir gören iki, iki gören üç görsem diýip arzuw edýärmiş. Sebäbi bu aýalyň gözelligi öňki göreninden hem müňlerçe esse artyp gidip otyrmyşyn. – Onsoň adamsy, çagarlary ne güne düşüpdir? – diýip, hezreti Äşe Resul Alladan sorapdyr. Resul Alla öz düşeginde ýatan ýerinden kamatyny birneme dikeltdi-de, jaýlaşykly oturdy. Soň ýene gürrüň bermäge başlady. – Onsoň Muhammet pakyryň dat gününe diýleni bolupdyr. Tutuş obasynyň, öýüniň töweregi pilmisiň, düýemisiň, gatyrmysyň, ulagdan dolup duranmyşyn. Olar şol töwereklerde diş synçgara ýeke çöp goýmandyrlar. Öýi bolsa orramsynyň düşelgesine öwrülipdir. Nireleriň ogrulary, jalataýlary üýşüp, bu obany göçüräýmeli edipdirler. Bu adamyň hor-homsy çagajyklary bolsa günlerini zordan görýärmişler. Muhammet bendäni-hä işikden hem salanokmyşlar. «Bar, öz nobatyňa dur» diýip, ony her sapar obadan çykarýarmyşlar. Çünki, ol bende aýalynyň ýanyna baryp: «Bes et, öýe, içerä, çagalaryňa seret» diýip, igenjek bolupdyr. Şonda aýalynyň tas ýüregi ýarylan eken. – Haý, ylhanat diýsan-i. Indi senmi maňa igenjek bolýan. Meniň gözelligim dünýäniň şalaryny, patşalaryny aňk edýärkä, sen kim?! Ýok ediň bu ylhanady. – diýip, ol ärini aýagynyň ujy bilen depip goýberipdir. Ony görüp duran bu jalataýlar hem bu üýtgeşik owadan aýala gowy görünjek bolşup hälki bendäni obadan çykaryp taşlapdyrlar. Şondan soň ony işigine-de goýbermändirler. Bu ýagdaýa jany ýanan Muhammet indi näme alaç etjegini hem bilmändir. Ol ýene-de aýaly bilen gürleşmek isläp, işigine gelindir. Emma bu ajaýyp gözelligiň ýanyna ony indi kim goýberjekmiş. Şol kösenip, gargynyp ýörşüne, Muhammediň ýadyna ikinji şerti düşüpdir. Ol täret kylyp, namaz okapdyr-da, soň Taňra ýalbaryp başlapdyr. – Eý, Alla, şol ikinji şert ýadyňdadyr. Meniň bu başyna giden aýalymy bir däli aýa öwür – diýip, aglap, Alladan towakga edipdir. Adamlar bolsa bu üýtgeşik gözelligiň armanyny çekip, ony ýene bir saparjyk görmek üçin, sap-sap bolşup, nobatlaryna garaşyp duran. Olar şol gözelligi synlap durkalar, ol birden däli, guduzlan aýa öwrülip duruberipir. Özem özüni synlap duranlaryň üstüne bögürip, bir topulypdyr, soň bolsa kimi dişläpdir, kimi dyrnaçaklapdyr. Muny gören eşden adamlar bolsa şol demde düşüpdirler bir basga, her kim etek alty, ýeň ýedi diýlen bolup ýazzyny berip, gaçyp başlapdyr. Sähel salymda obanyň içi boşap galyndyr, Diňe mallaryň harman-harman hapa-hupasy galan. Hälki guduzlan däli aýy bolsa köçeme-köçe aýlanyp, tutuş obany agyr derde goýupdyr. Onuň bögürmesi gijelerine adamlary ýatyrmandyr. Özi bolsa köçä çykan adamyň üstüne topulyp, adamlaryň zähresini ýarara getirip, gelibem Muhammediň işiginde erbet-erbet bögüripdir. Muňa onuň çagajyklary gorkup, aglaşýarmyşlar. Içerisi gedaýyňka dönen hor-homsy çagalary idegsiz Muhammet ýene-de Näme alaç etmelidigi barada oýlanyp başlandyr. Şonda onuň ýadyna üçünji şerti düşüpdir. Ol: – Aýalym görk-görmeksiz bolsa-da, garrasa-da, maňa, çagalaryma, iç-daşa seredýärdi. Ol ýok welin... – diýip, ol aýalyny ýatlap gama batypdyr. Soň bolsa täret kylyp namaz okap, «öňki aýalymy gaýtaryp ber» diýip, Alladan diler edipdir. Şeýdibem ol aýally bolýar. Bendäniň ne bagta, ne köşge, ne-de bir süýji döwrana gözi düşüpdir. Ol kyrk ýyllap eden tagatyny biderek zada harç edindir. Hezreti Äşe bu täsin hekaýaty haýran galyp diňledi-de ýylgyrdy. Resul Alla: – Sen hezreti Ebu Bekir syddyh ymam bolsun diýýärsiň. Ol ymam bolsa, münbere müner, görse ýanynda Resul Alla ýok. Resul Allanyň ýarawsyzlygy, onuň bu gün ýaraman namaza gelip bilmänligi ýadyna düşer-de: «Wah, Resul Alla, serwerimiz, janym seniň derdiňe gurban bolsun seniň derdiň maňa geçse bolmaýarmy?» diýip, aglap başlar. Şeýdibem, biziň telim ýylda gazanan sogabymyzy bir salymda weýran eder. Men şonuň üçin Osman ymam bolsun diýipdim. Hezreti Äşe Resul Alladan razy boldy. Ol bu mähriban ynsanyň saralyp-solup barýan ýüzüne garady-da, aňyrsyna garap, ýüregini sarsdyryp aglady. Oňa Belent-Taňrydan uzak ýaş, saglyk diledi. Resul Alla öz düşeginde eräp barýardy. Ony eredýän zat berlen zäher hem däldi, taýpalaryň oňşuksyzlygy, sahabadaryň birek-birege basdaşlygy, aýallaryň biderek gabanjaňlygy, köphudaýlylara garşy berk göreş hem däldi. Onuň derdi Ybraýym janyň ölümidi. Bu ölüm Resul Allanyň öň golaý ýanyna getirmeýän bir topar derdini birleşdiripdi. Indem, olar onuň ýüreginiň bagyna ýapyşyp, hiç elini goýberenokdy. Ol öň ogul hem, gyz hem gördi. Hatyjadan bolan ogullary onuň mertebesini göteripdi. Emma ol wagtlar Resul Allanyň ogluň boýuna guwanar ýaly güni ýokdy. Onuň öz jany aýala, ogla ýükdi. Çünki, onuň ganym garyndaşlary şirin janyna dawa edýärdiler. Emma Ybraýym jan onuň derdine derman bolup doglupdy. Bu eziz çagajyk Resul Allanyň şirin janyna tenekardy. Ol: – Oglum, balam – diýip, üstüne gül ysy sepilen akja, posalajyk çagany gujygyna alyp, bagryna basýardy. Onuň dessembiliňki ýaly juda hoşroý yslyja ýaňajyklaryndan ysgap, doýup bilmeýärdi. Ybraýym jan hem kakasynyň nura çümen didaryny duýup, onuň gujagyna geleninden soň, gepläýjek-gepläýjek ýaly bolýardy. Ullakan balkyldap duran goýun gözleri söýünji bilen dil açaýjak ýalydy. – Oglum, balam! – diýlen çagajyk kiçijik, ýüpek seçek ýalyjak barmajyklary bilen kakasynyň ýagşy çalaran sakalyny daraýardy. Onuň elinde enaýyja towsaklaýardy. Resul Alla oguljygynyň didaryndan hiç doýup bilenokdy. Ol Tabukdan gelýärke bir dagyň geçelgesinde oňa kast etjek bolanlaryny, ony juda darajyk geçelgeden goýberip üstünden agyr-agyr daşlary eňterjeklerini aňypdy. Şonda, ol ýerden sag-aman geçenden soň: «Beý, şonda bir iş bolan bolsa, Ybraýym jany gaýdyp görüp bilmezdim» diýip oýlanypdy. Ahyr jeňden gelip, ýuwnup-ardynybam: – Getiriň meniň oglumy. Meniň balamy alyp geliň! – diýip, bäbejigi bagryna basyp, onuň päkize ýaňajygyndan ogşaý-ogşaý köşeşipdi. Ine, indi Ybraýym jan hem ýok. Resul Alla bu neresse çagajygyň dünýä gelenini halamadyklaryň bardygyny bilýärdi. Miras üçin, baýlyk üçin, orun üçin bu ýalançynyň hapa maly üçin neresse çaga gyýa göz bilen garalmagy Resul Alla ýaramandy. Bu dünýe, bu mülk Alla-Tagalanyň mülki. Ony bendesiniň-bendesinden gysganyp, şol bendeleriň mal üçin, haram-halal zat üçin ony birek-birekden gysganyp ýörmeginiň akmaklygyna olaryň düşünmeýşine Resul Alla haýran galmaly. Karun kimin şäher-şäher pul ýygnanyňda näme, oňa seniň ygtyýaryň bolmasa. Dünýä durşuna nazy-nygmat bolanda näme, sada nesip etmejek bolsa. Bu kerwensaraý kybap dünýede Allanyň beren yrskyna kanagat edip, birek-birek bilen bal dadyşan ýaly bolup ýaşaman, adamlaryň biri-birine ýamam päl, haram nebis, hapa bähbit üçin ýagy boluşlaryna hiç düşünip bilmeýärdi. Resul Alla öz ummatyna janyň Alla-Tagalanyň öz bendesine beren amanat jöwheridigini, teniň bolsa şol jöwheriň daşyna ýygnanan bir bölek hapadygyny, onuň şol teni-hapany azaldyp, jöwheri barha päkizeläp, mukaddesläp, öz eýesine, Alla-Tagala eltip bermelidigini düşündirmek isläpdi. Emma onuň sözüni alga alýany az görýärdi. – Wah, onsoň men sizi dowzah belasyndan nädip halas ederkäm! – diýip, ol gijeler ýatman oýlanýardy. Emma Ybraýym janyň derdi baryndan beterdi. – Ýanyp ýatyr. Hiç gyzgyny galanok! – diýip, halys tapdan düşen bebejigi resul Allanyň gujagyna getiripdiler. Ybraýym jan elesläp, zordan demini alýardy. Onuň ýürejigi bolsa tarpyldap agzyndan çykaýjak bolýardy. – Balajygym, eziz oglum! Näme bolýar saňa? – diýip, Resul Alla ap-akja bäbejigiň eziz didaryna gussa bilen garap aýtdy. Näzijek, garaja saçlary ýüpek ýaly temiz, akja ýüzüne düşüp, öňküden hem näzikden eziz görünýän bäbejik ýüzüne düşen goşa damjanyň badynamy, ýa-da başga bir gudrata görüpmi, gözjagazlaryny açdy-da ejizje, tamakinçilik hem-de umyt bilen ýylgyrdy. Resul Alla bu ýagdaýa çydamady. Ol ogluny dyzlarynyň üstünde ýatyrdy- da, ellerini asmana göterdi. – Eý, beýik Rebbim! Ýeriň, Gögüň ýeketäk hökümdary, gözel Allam, meniň oglumy halas et. Ýa Ýaradan, meniň ýalňyz oglumy halas et! – diýip, gözlerine ýaş aýlap ýalbardy. Emedekläp, ýady dil çykaryp, ýörjen-ýörjen bolup iň bir söýmeli çagy balasynyň bolup ýatyşy Muhammet pygamberiň ýüregine erbet urgy bolupdy. Ybraýym jan öň hiç haçan syrkawlamandy Emma birden beýle emgek sataşyp, ýanar oňa düşen çagajygy Alla ýalbaryp, Taňra dogalar aýdyp, ýüreginiň päkize yhlasy bilen söýüp, essine getiräýjek bolýan Resul Allanyň yhlasy puç çykypdy. Ajal rüstem geldi. Körpeje bala kakasynyň gözleriniň alynda demini sanap başlady. Resul Alla Ybraýym jany emaý bilen gujagyna aldy. Soň gözleriniň ýaşyny saklap bilmän: – Balam, eziz balam, Ybraýym jan! – diýdi. – Ýadyňda sakla, guzym. Seniň Hudaýyň Alladyr! Seniň ataň Hakyň pygamberidir. Diniň yslamdyr:, köşegim. Soralsa şeýle diýip jogap bergin... Resul Alla usurgap, demini sanap ýatan balasyny iň soňky sapar bagryna basdy. Soň yzylap oturyşyna: – Jan balam, oglum, janym, köşegim. Biziň ählimizi ýaradan Alladyr. Ählimiz şonuň dergähine dolanmaladyrys. Bahym, menem sepiň, yzyňdan bararyn balam, balam, ogl-uu-um! Ybraýym jan 632-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda jan berdi. Bu gün Gün tutulyp, külli Arabystan tümlüge öwrülendir... Resul Alla şol hasratly günden soň ýerinden galyp bilmedi. Onuň sakaly, murty ap-akdy. Sellesiniň maňlaý tarapyndan çykyp duran saçy hem ýagşy çalarypdy. Resul Allanyň juda görmegeýden eziz göwresi indi has çekilişipdi. Haýbarda berlen awy Ysmaýyl janyň derdi bilen ýagşy birleşipdi. Janyňy alyp barýan kelle agyry kükrege zarba urup, demiňi bermejek bolýardy. Tarkyldap, boşlaw urýan ýürek bolsa köşeşenokdy. – Goý, Ebu Bekir! – diýip, Resul Alla başujuna gelip, horkuldap, aglap oturan hezreti Ebu Bekire aýtdy. – Indi meniň aýym-günüm doldy? Sen aglama, indi meniň kazamyň dolanyny Ezraýyl perişde habar berdi. Ebu Bekir hezretleri erbet tisginip gitdi. – Kim, kim habar berdi!.. – Resul Alla ýagdaýynyň çatdygyndan başyny galdyrdy-da, atasy Abdyl Mutalyby ýatlady? – Atam görgüli gaty garrapdy. Şonuň üçin her gün ölümini ýatlardy. Gelene-gidene: «Ezraýyl habar iberdi, emma özi görnenok» diýerdi. Adamlar ondan: – Ýa, Abdyl al-Mutalyp, Ezraýyl saňa kimden habar iberenmiş, beýle –diýip sorardylar. Atam pahy şonda şeýle gürrüň berdi? – Gadym wagt bir bende jan algyç Ezraýyl bilen dost bolupdyr? Onsoň ol bende öz dostuna: «Ýa, Ezraýyl, «sen dostum» diýib-ä meni aýap goýmarsyň. Bir gün janymy alarsyň? Ýöne janymy almankaň, habar bir iberewergin: «Dostum, wagtyň geldi, pylan wagt janyňy aljakdyr» diýip, diýen. Ezraýyl hem: – Bolýar, dostum, men saňa habar ibererin! – diýipdir? Wagt geçýär? Ine, bir gün görse, şol bendäniň işiginde jan algyç duranmyşyn. – Dostum, men-ä seniň janyňy almaga geldim – diýýermşin. Dosty muny eşidip, gaty gorkýar-da, gykylyk turuzýar. – Seň Ezraýyl, gaty namart ekeniň. Sen maňa: «Janyňy almankaň habar ibererin» diýip söz berdiň. Emma biziň dostlugymyzyň hatyrasyna, lebziňde durmadyň? – diýen. Ezraýyl wadasyny boýun alysdyr. – Hawa, men wada berdim, ýöne aýdyşym ýaly bir däl-de, saňa dört habar iberdim. Sen ony bilmeseň men nädeýin.. – O nähili habar? Ezraýyl sanapdyr. – Saçyň-sakalyň, agardymy? Ine, bu bir habar. Dişleriň döküldimi, bu saňa ikinji habar. Gözüň göreji küteldimi, bu saňa üçünji habar. Süňňüň gowşap, ysgyn-mydaryň gitdimi, bu dördünji habar. Ine, şulardan beter nähili habar gerek saňa... Ol bende dostundan razy bolup, öz amanadyny tabşrypdyr. Bizem indi şol ýagdaýa ötip bildik. Hezreti Ebu Bekir Resul Allanyň gyzy hezreti Patmanyň içeri girenini görüp, daş çykdy. Hezreti Patma kakasynyň golaýjygyna süýşüp, sap-sary ýüpek sapaga dönen kakasynyň ellerini ogşady-da, soň ony gujaklap aglady. – Kaka jan beýdip ýatmasan-a, tursan-a, birje boýuňa guwanaýyn-la. Resul Alla gözlerimi ýumdy. – Men bahym ölerin gyzym!.. Patma aglady. – Aglama! Sen meni jaýlarsyň, mazarymyň başynda gözýaş dökersiň. Bu dünýäde senden başga meniň hiç kimim ýokdur, gyzym. Resul Alla ýene-de eziz ogly Ybraýym jany ýatlady. Ol ýeke ogul zürýadyna uly umyt baglapdy. Indi yzynyň ýitmejegine begenipdi. Emma Alla- Tagala islese, goýmasa, ol nätsin. Ybraýym jan onuň bu dünýä bolan ähli umydyny, ýaşaýşa bolan ähli höwesini özi bilen o dünýe alyp gidipdi. Emma Resul Alla nadyl hem, näşükür hem däldi. Alda-Tagala ony özüne pygamber, resul edil saýlady. Onuň köňli, dili bilen ynsana jennete barmagyň, bu kerwensaraý dünýäde adalatly, halal, päk, imanly ýaşamagyň syrlaryny açdy. Onuň pähimi bilen adamlara dowzah belasyndan dynmagyň ýoluny görkezdi. Onuň paýhasy, dili bilen adamlara jennet buşlugyny iberdi. Muhammet pygamber şu gysga ömründe yslamyň jennete barýan gylyçdan ýiti, gyldan inçe ýolundan päsgelçiliksiz geçmegiň ähli syryny musulmanlara açyp beripdi. Bu dünýäde ynsan üçin haram-halal näme günä-sogap näme, arassa-hapa näme, barysy aýan edildi. Indi musulman bendelerine däl, beýleki Taňry bendelerine-de dowzah belasyndan jennete gaçyp geçmegiň ähli ýollary, syrlary aýandy. Nädip namaz okamaly, oraza tutmaly, nädip diwal kesmeli, miras, nika, tereke, talak, karz, amanat bary aýandy. Resul Alla Taňrynyň buýrugy bilen ynsanyň bu dünýä gelip, ta ýere duwlanýaça tutuş ýoluny, çagalyk, jahyllyk, kämillik, gojalyk döwrüniň düzgünini, iýmegiň, içmegiň, geýmeli geýim-gejimiň, ýaşaýşyň ähli tilsimlerini ilik-düwme aýan edip, ilki söz bilen aýdyp, soňra özüniň görüm-göreldesi arkaly görkezip, soň bolsa Allanyň, mukaddes Gurhan kitabynyň aýatlary bilen düşündiripdi. Şerigatyň, ýollary, iman amallary, o dünýäniň parzlary, dogulmak, ýaşaýyş, ölmek, jaýlanma dessurlary indi külli musulmana halal dessura öwrülipdi. Bu gün din-yslamyň sarsgyny Arap ýarym adasyndan çykdy. Ýöne ony indi has aňry eltmelidi. Resul Alla şonuň aladasyny edýärdi. Bu saglyk, bu ýaş, beýle gurpsyzlyk bilen muňa indi özüniň güýjüniň ýetmejegini Resul Alla bilýärdi. Onuň bar ynamy Alydady. Hem inisi, hem ogullygy, giýewsi, hem özüniň ýeke-täk mirasdary bolan Alyny onuň gowy görşüniň çaky ýokdy. Hezreti Alynyň batyrlygyna, dogumlylygyna, sahylygyna Muhammet pygamberiň juda göwni ýetýärdi. Bu ýigitde, ylaýtada, onuň öz ata-ba-basynyň pähimliligi, salykatlylygy bardy. Emma Aly ýaşdy. Beýlekileri hasap etmäniňde-de, Ebu Bekir, Omar, Osman gerek ýerinde Ala hemaýat etmejek ýalydy. Alyny Mekge-Medine aralygyndaky taýpalar başlarynyň çyragy hasap edýärdiler. Olaryň ählisi Aly üçin ölmäge taýýardy. Emma bu juda agyr ýüki ýalňyz dikrarynyň, üstüne ýüklemäge Resul Allanyň öz-ä ýürek edip biljek däldi. Ony Belent-Taňrynyň özi çözmelidi. Resul Allanyň bu dünýädäki indiki ýeketäk arzuwy Käbe ýene birje sapar zyýarat etmekdi. Ol bu zyýaratyň hem iň soňky, hoşlaşyk haç boljagyny duýýardy. Şonuň üçin ol saglygynam, güýjünem şu zyýarat üçin tijeýärdi. Şonuň üçin ol haç zyýaraty bilen Käbe ugrajakdygyny yglan etdi. Resul Allanyň Käbe zyýarata gitjekdigini eşiden musulmanlaryň, begenjiniň çägi ýokdy. Olar Resul Allany Medinäniň eteginde garşylap, oňa ýolda goşulmak üçin, bu ýere birküç gün öňünden geldiler. Resul Alla ýola düşmekçi boldy. Onuň bilen bu gün Käbä haç zyýaratyna barýanlaryň sany ýüz müň adamdan hem artykdy. Resul Alanyň sahabalary hezerti Ebu Bekir, hezreti Omar, hezreti Osman, Bilal, muhajyrlar onuň töweregini gallap durdylar. Olaryň arasynda bir hezreti Aly ýokdy. Ony Resul Allanyň özi «Halky yslama girmäge çagyr» diýip, Ýemene iberipdi. Bilal metjidiň münberine çykdy. Bu agyr märekäniň, depesinde Bilalyň bäbegiň sesi ýaly näzikden dury, diýseň arassadan owazly sesi ýaňlanyp başlady. – Allahu ekber! Allahu ekber! Allahu ekber! Allahu ekber!... Adamlar Muhammet pygamberiň yzyndan namaza durdular. Resul Alla halk bilen dört rekgat namaz okady. Soň baryp özüniň ýelmaýasyna mündi. Kaswa ony iň mukaddes ýere alyp ugrady. Zyýaratçylar tutuş sähralary, ýollary tutup barýardylar. Resul Alla Kaswanyň üstünde rahat oturyşyna dynman doga-dileg edýärdi. Ol bir wagtlar dört-bäş adam bolup uly howpuň astynda, heder bilen gelen ýolundan ýüz müň, adam bolup yzyna barýanyna begenip, Alla-Tagala şükür edýärdi. Olar bu ýol bilen gelenlerinde, her öwrümdäki gara, düýeleriň her bir gulagyny dikgertmesine tisginen bolsalar, indi ýüz müň adam diýseň asuda, gorky-ürküsiz, ýaragsyz gidip barýardy. Çünki, tutuş ýurt, olaryň ugran ilinden barjak şäherlerine çenli ähli adam, taýpalar, iller, ýurtlar musulmançylygy kabul edipdiler. Yslamyň ganatynyň astyna ýygnanan adamlaryň, tire-taýpalaryň arasynda mähribanlykdan başga gep ýokdy. Zyýaratçylar belli bir menzile ýetenlerinden soň, ýolda düşlediler, Resul Alla ýolda halk bilen safary namazyny okady. Soňra salkyn, jana şypa berýän seleň sährada dynç almaga oturdy. Adamlar bilen söhbetdeş boldy. Ýogsa, onuň ýanyna sowal bilen hem, ýöne, didaryny görüp söhbet etmäge-de geljekleriň sany az däldi. Emma Resul Allanyň ýarawsyzlygyny duýup, onuň ýanyna beýle bir köp adamy goýbermejek bolýardylar. Resul Alla ertir bilen iki rekat safary namazyny okandan Soň adamlara ýüzlendi. – Adamlar! Öten agşam meniň ýanyma Jebraýyl perişde geldi. Ol Alla-Tagalanyň adyndan maňa şeýle diýdi: «Eý Muhammet, öz tarapdarlaryňa buýur, olar «lepbeýke» dogasyny daşlaryndan gaty ses bilen okasynlar. Ol hajyň däpleriniň biridir» – diýdi. Soňra Resul Allanyň özi şol dogany batly, diýseň mähriban owaz bilen okap başlady. – Ýa Allam! Ine, öňüňde durun! Ine, men öňüňde durun! Saňa taý ýokdur. Saňa şükürim bar, bar eşretleri berýän öz özüňsiň. Dünýädäki ähli zadyň Rebbi sensiň. Seniň ýanyňda ýoldaş bolup biljek hem ýokdur. Adamlar tä Mekgä barýançalar şu dogany gaty ses bilen aýdyp gitdiler. Muhammet pygamber Mekgä baryp, soňra Käbä ýetilensoň birden sakga saklandy-da, iki goluny asmana göterdi. – Eý, Allam! Bu öýüň şan-şöhratyny, merhemetini özüň artdyr. Onuň dine bolan ynamyny özüň artdyr. Oňa hormat goýup, haç edenleriň sanyny özüň artdyr. Haç edýänleriň hormat goýulýandygy hemde dine ynanýandygy bilen belende galdyr – diýip, gözleriniň ýaşyny akdyryp, dileg etdi. Resul Alla bu ýere gelenden soň Käbäniň daşyndan aýlanmaga özüniň gurbatynyň ýetmeýändigini duýdy. Ol Kaswani getirtdi-de, düýesine münüp, Käbäniň daşyndan aýlanyp başlady. Şol barşyna-da ýüzüni Käbe öwrüp: – Alla birdir, özünden başga Alla bolmaz, ýoldaş hem. Ol barça zatlaryň Mäligidir. Ol-Kadyrdyr, barça zatlara erki ýetýändir. Bir Alladan gaýry Alla bolmaz. Ol öz wadasynda tapylyp, öz guluna kömek etdi. Onuň duşmanlaryny bir özi ýeňdi – diýip, dileg etdi. Resul Alla Käbäniň daşyndan ýedi sapar aýlanandan soň Safa-Merwe aralygynda-da ýedi sapar aýlandy. Soňra gelip, Aby zemzemden suw içdi. Şondan soň garaşyp duran adamlar Muhammet pygamberiň yzy bilen Arafat dagyna bakan ýöneldiler. Resul Allanyň münüp oturan ýelmaýasy bu dagyň üstüne ýeňillik bilen çykdy. Muhammet pygamber Arafat dagynyň üstüne çykandan soň Kaswadan düşdi-de, iki rekat namaz okady. Şonda ol zyýarata gelenleriň bu giň jülgäni dolduryp duranlaryny gördi-de, olara garady. – Adamlar! Şu pursat Belent-Taňrydan maňa wahyý-owaz indi. Ol şeýle diýdi. – «Şu gün men diniň ýörelgelerini taýýarlamagy tamamladym. Size öz rehimdarlygymy eçildim. Men yslamy size din edin berdim!» Bu habary eşiden adamlaryň gözlerinden boýur-boýur ýaş akýardy. Ol begenç ýaşymy, ýa-da Belent-Taňrynyň buýran beýik işini bitirip, öz mukaddes ömrüni tamamlan ezizleriň ezizi Resul Allanyň ykbalyna gynanmakmy, ony hiç kim aýdyp bidenokdy. Adamlar juda belent ruh bilen Resul Allanyň yzyna düşüp, tutuş dünýäni «lebike lepbeýik...» aýaty bilen ýaňlandyryp, Mina jülgesine geldiler-de, Ybraým pygamber bilen Ysmaýyl janyň şeýtanlara daş atan ýerinde durup, şol şeýtanlara daş atdylar. – Goý, bu hem hajyň dessury bolsun! – diýip, Resul Alla şeýtanlara lagnat daşny zyňandan soň aýtdy. Soň ol özüniň her ýaşyna bir düýe, altmyş üç düýe, aýallary üçin sygyr gurban soýdy. Hezreti Aly Ýemen ýurdunda bolany üçin, onuň hem her ýaşyna bir düýe, jemi ýüz düýäni gurban berdi. Ähli eti şu töwereklerdäki garyp-gasarlary çagyrdy-da, olara paýlady. Şu ýerde saçyny syrdyryp, dyrnaklaryny aldyrdy. Resul Alla zyýaratyň üçülenji güni Mina jülgesinde Kaswa düýesine mündi-de, Rabiýa ibn Ubeýýany ýanyna çagyrdy. Rabiýanyň, diýseň gaty sesi bardy. Ol Rabiýa özüne jarçy bolmagy buýurdy. Muhammet pygamber tutuş jülgäni tutup duran zyýaratçylara ýüzlendi. – Eziz doganlarym! – Rabiýa ibn Ubeýýa Resul Allanyň her bir sözüni gygyryp halka jar etdi. – Ýene bir ýyldan bize duşuşmak nesip edermi, etmezmi, ony biljek däl. Şonuň üçin şu gün size aýtjak zatlarym bar! Siz maňa gulak asyň!.. – Hakyň Resulyna gulak asyň! – diýip, Rabiýa ýene-de gaýtalap gygyrdy. – Adamlar, eşidiň! Şu günüň, şu aýyň, şu hajyňyzyň mukaddes bolşy ýaly, siziň ganyňyz, emlägiňiz, tä Perwerdigäriň alnyna barýançaňyz, mukaddesdir. Alla-Tagala bilen duşuşanyňyzda ol: «Näme iş bitirdiňiz?» diýip sorajakdyr. – Kim amanat saklaýan bolsa, ol kime degişli bolsa, goý şony gowşursyn. – Süýthorluk haram edilendir. – Kimiň näçe zady bolsa, ol şonuň özüne galmalydyr. – Eziji hem bolmaň, ezýet hem bermäň. Şonda ezilmersiňiz hem, ezýet hem görmersiňiz. – Nadanlyk döwründe dökelen gan üçin gan almak gadagan edilendir. – Adamlar, eşdiň! – Siziň şu ýurduňyzda namaz okap, ybadat edýän adama şeýtan kär edip bilmez. Emma siz şeýtana köňül beräýseňiz welin, ol siziň daşyňyza tor gurup ähli eden sogap işleriňizi Allanyň öňünde puja çykarar. Dindar boljak bolsaňyz, şeýtandan ägä boluň!.. – Adamlar! – Siziň aýallaryňyza hukugyňyz bardyr, ýöne olaryň hem sizde hak-hukuklary bardyr. – Aýallaryňyzyň etmişlerini geçirjek boluň! Olar siziň gol astyňyzdaky, hiç zady bolmadyk ýesirleriňizdir!.. – Meniň sözlerimi pugta diňläň? Meniň size aýdan hem-de galdyryp gidýän ýörelgämden ýöräň, şonda siz ýalňyşmarsyňyz. Men size Allanyň juda aýdyň ýol görkezýän Kitabyny, onuň pygamberiniň sünnetlerini galdyryp gidýärin. – Adamlar, eşidiň! Meniň sözüme pugta paýhas ediň. Iman getiriň. – Alla ýeketäkdir! Ölmek hem, direlmek hem Hakdyr. Ölüleriň gabyrdan turup, sorag-jogap jaýyna geljek magşar güni bellidir. – Musulman bilen musulmanyň doganlygyny unutmaň, barça musulman biri-birine dogandyr. – Doganyňyzdan öz ygtyýary bilen beren zadyny alyň, şonda ýalňyşmarsyňyz. – Eý Allam, siz meniň aýdanlaryma iman getirýärsiňizmi? – Iman getirýäris! Resul Alla tutuş Mina jülgesini «Iman getirýäris! Iman getirýäris! Iman getirýäris!» diýip ýaňlandyrýan adamlaryň seslerini eşidip, birnäme rahatlandy. Bu zyýarat onuň soňky zyýaratydy. Bu nesihat bolsa onuň külli musulman ummatyna iň soňky, hoşlaşyk nesihatydy... Muhammet pygamber. Mekgedäki işlerini bitiripdi. Ol indi özüni boşap galan ýaly duýýardy. Onuň bu dünýede bir amanaty – şirin jany, Alla-Tagala şol bergisi bardy. Onam: «Alla haçan alasy gelse, alsyn!» diýip, hapa-haram ýokdurman tämizläp saklap otyrdy. Resul Allanyň bu dünýede başga bir kişä bergisem, algysam ýokdy. Şükür, ol özüni bu dünýä getireniň öňünde, özüni barçalardan artyk görüp, barçalardan saýlap, mukaddes ýumşuny buýranyň öňünde, il-günüň, öňünde biabraý bolmady. Namartlyk, biabraýlyk etmedi, Dünýä, mala kowalaşmady. Ol birden şeýle oýlaryň arasynda mähribany, eziz gören aýaly hezreti Hatyjany ýatlady. Onuň ömrüniň ykbalynyň, sogap, mukaddes işleriniň hemaýatkäri bolan bu eziz ynsany ol dirikä hiç haçan unutmandy. Ol ölenden soň bolsa, onuň hatyrasyny dirilerden artyk saklapdy. Resul Alla gijäniň içinde gonamçylyga ugrady. Baryp, hezreti Hatyjanyň mazarynyň başynda oturdy-da, doga okady. – Hatyja, agam gazy, iki dünýe senden razydyryn! – diýdi. Ol külli musulmanyň enesi bolan, Allanyň ýoluny, Allanyň dinini, Allanyň, buýrugyny Resul Alladan soň ilkinji bolup goldan, Resul Alladadan soň ilkinji musulman bolan mähri, mähribanlygy, sözi, lebzi, maly, yhlasy, imany, şirin jany bilen Allanyň, resulyny goldan bu eziz aýaly ýene-de küýsedi. Enäniň, ejäniň, aýal doganyň, uýanyň bermedik zenan mährini bir özi beren şol eziz adama minnetdar boldy. Onuň üçin tükeniksiz dogalar okady. – Hoş, agam gazy. Men barýandyryn! Garşylagyn – diýip, pyşyrdady-da, gijäniň içinde düşelgä bakan ugrady. 2. We belent mertebeli Guranyň haky üçin kasam bolsun Muhammet aleýhissalam şerapat eýesidir. Gurhan. 50-nji süre. 1-nji aýat. Muhammet pygamberiň haly gün-günden agyrlaşýardy. Ol kimdir biri hemaýat bermese, indi metjide-de baryp bilenokdy. Onuň iýip içip hem ugry ýokdy. Gaty erbet kelleagyry, endam-janyňy edil soka salnan ýaly bolup agyrmasy, mahal-mahal şol agyrylara çydaman huşundan gitmesi ähli musulmany gama batyrýardy. Bu harasatlaryň üstesine, şu töwerekleriň çarwa taýpalary hem nähilidir bir gep tapyp, baş galdyrýardylar. Ýemeniň hälimi Aswad şol töwereklere ot gorsap, özüni «pygamber» diýip yglan edipdi. Ol özbaşyna «Gurhan» döredip başlapdy. Ýalan pygamber aýal Sažah hem musulmançylyga bulagaýlyk salýardy. Merkezi Arabystanda Tuleýha diýen biri halklary musulmançylyga garşy gozgalaň etmäge çagyrýardy. Resul Allanyň Wizantiýa iberen agyr goşunyndan hem belli habar ýokdy. Ol şol ýerde şehit bolan ogullygy Zeýd ibn Harisiň ogly Osmany agyr goşuna serkerde edip, Wizantiýa iberipdi. Ýigrimi ýaşly, diýseň batyr, pehimli, merdan ýigidiň öz şehit kakasynyň aryny ýerine saljagyna ynanýardy. Ol öz sahabalarynyň, men-men diýen batyr serkerdeleriň diýenini etmän, erte, özi ýokka yslamyň berk sütüni boljak bu ýigide özüniň ykrar etdirmäge, kakasynyň aryny ýerine salmaga mümkinçilik döredipdi. Indi Resul Allanyň ukusam gaçypdy. Ol Osmany agyr goşuna baş edip ýola salan gününiň ertesi has erbetleşdi. Agşam, gijäniň bir mahaly tisginip ukudan oýandy. Ol erbet basyrganypdy. Düýşünde bu dünýeden giden bendeler üýşüp, orlaşyp: «Häziriň özünde biziň üçin aýat oka!» diýip, gygyryşýardylar. Muhammet pygamber gaty gorkdy. Olar, näme, günkärmi? Ýa olara meniň eden doga-dileglerim haýş etmedimikä? Ýa olar men ýokkam ýogalanlarmyka? Olar näme üçin jennetde däl. Olar näme üçin gazaply, aladaly! Muhammet pygamber dogan çagyndan şu güne çendi ýeke sapar ýalan sözlän adam däldi. Ol hiç haçan galplyk, haramlyk, ynsapsyzlyk etmändi. Ol Beýik Ýaradanyň ähli emrini gylyny gymyldatman berjaý edipdi. Onuň ýekeje sözünem ýoýmandy, ýaşyrmandy. Şonuň berk düzgünine boýun bolup ýaşapdy. Hakyň pygamberligini, özüniň onuň bilen gününden bäri ölenlere jynaza çykypdy, doga okapdy. Ýöne ol ýokka ýogalanlar bolandyr. Ýogalandygy oňa aýdylmadyk aýal, erkek adamlar, çaga-çugalar, belki ondan doga okamaklygy towakga edýändirler. Resul Alla dikeldi. Soň Ebu Muwaýhibe: – Bar, gatyry eýerle. Maňa «al-Bakiýada» ýatanlara, mazarystana bagryp, aýat oka – diýip buýruldy – diýdi. Ol gijäniň bir wagty Ebu Muwaýhibäni tekýe edil, gatyryna mündi-de, adam-garasyz köçe bilen mazarystana bardy. Soň şol ýerde gatyryndan düşüp, otyrdy-da, doga okan ugrady. – Mazarystanyň bendeleri! Ýurduňyzy täzeläniňiz siziň üçin uly bagtdyr. Bagtlylygyň tümligi tolkun atyp gelýär. Onuň her täze tolkuny öňküden has eýmenç bolar! Siziň ýatan ýeriňiz ýagty bolsun!.. Ýarygijede täzelikde dogan Aý uzakdan görünýän gadymy daglaryň üstünde tylla orak ýaly bolup lowurdap ýatyr. Dup-dury asmandaky patrak ýaly ýyldyzlaryň ýagtysyna mazarlaryň başujyndaky daşlar akjaryp görünýär. Resul Alla aýat okamasyny goýdy-da, bu gözel görnüşe yhlas bilen syn etdi. Soňra ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da, gatyryna münüp, yzyna gaýady. Resul Alla mazarçylykdan gelende hezreti Äşe kellesini tutup ýatyrdy. – Äşe, näme bolýar, sada? – diýip, Resul Alla dözmezçilik bilen sorady. – Kelläm ýarylyp gelýär. Men ölerin! – diýip, hezreti Äşe ynjysyna döz gelip bilmän eňredi. Resul Alla onuň gapdaljygynda oturdy. – Goý, meniň hem kelläm agyrýar. Özem gaty erbet agyrýar – diýdi. Hezreti Äşe dynman eňreýärdi. Resul Alla dözmän öz agyrysyny undup, ýene habar gatdy. – Äşem, seniň menden öň gidesiň gelenokmy? – diýdi. – Menden öň ölseň, öz elim bilen jaýlap, aýat-doga-dilegler ederdim-dä. Hezreti Äşe agyryly başyny çalaja galdyrdy. – Ýok. Sen meni jaýlap, aýat, doga-dilegler etjegiňe Allanyň öňünde duran ýaly ynanýaryn. Ýöne sen meni jaýlap gelip, soň agşam beýleki aýallaryň bilen gijäni aýşy-eşretde geçirersiň – diýip gorkýaryn. Resul Alla hezreli Äşäniň bu sözüne çalaja ýylgyrdy. Soňra kellesiniň agyrysyna çydaman Maýmunanyňka ýatmaga gitdi. Kelleagyry Maýmunanyň öýünde-de barha güýjeýärdi. Resul Alla gaýta-gaýta çaşyp ýykylyp başlady. Ol ogullygy hezreti Aly bilen atasy Abbasy çagyrdy. Olar Resul Allanyň kellesini ýaglyk bilen çekip daňdylar-da, soň haly harap bolan Muhammet pygamberi hezreti Äşäniň öýüne göterip alyp gitdiler. Şol ýerde düşek ýazyp, ony şol düşegiň üstünde ýatyrdylar. Agşam Bilalyň älemi ýaňlandyryp, namaza çagyrýan sesi gelip başlady. – Adamlar namaza durdularmy? – diýip, Resul Alla sorady. – Ýok, size garaşýarlar. Olar metjidiň işiginde topar bolşup durlar! Resul Alla bu habary eşinden soň, hezreti Äşeni söýget edip, täret kylyndy. Soňra metjide gitmek isledi. Emma işige çykan badyna essinden gidip, ýykyldy. Ony göterip içeri saldylar. Muhammet pygamber özüne gelen badyna: – Adamlar namaz okadymy? – diýip, alada bilen sorady. – Ýok, okanoklar, Resul Alla, olar size garaşýarlar: – diýip, hezreti Äşe aýtdy Resul Alla ýene-de täret kylyndy. Ýene ýerinden turjak bolanda ýene-de özünden gitdi. Adamlar heniz hem garaşyp durdylar. Resul Alla özüne gelende ýene-de: – Adamlar namaz okadylarmy? – diýip sorady. Şol wagt içeri Bilal girdi. Ol: – Namaz wagty boldy, Resul Alla – diýip, Muhammet pygamberiň halyndan habarsyz ýagdaýda aýtdy. Resul Alla bolsa düşekde ýatan ýerinden: – Men öýden başga ýerde namaz okamaga ýaramok. Baryň, aýdyň, Ebu Bekir ymam bolsun! – diýdi. Hezreti Äşe kakasynyň ýukaýürekligine beletdi. Resul Allanyň Muhammet, diýen bir bende barada aýdyp beren rowaýaty hem onuň ýadyndady. Şonuň üçin ol kakasynyň metjidiň içinde Resul Allanyň ýoklugyna gynanyp, aglap, bar zady bulaşdyraryndan, soň içinde masgara bolaryndan gorkdy. Şonuň üçin hem: – Ýa Resul Alla kakam bir ýüregi ýuka adam, sizin; ýoklugyňyzy görüp, aglap-eňräp, bar işi bulaşdyraýmasyn – diýdi. Emma Muhammet pygamber haly näçe agyr bolsa-da, sözünden dänmedi. Ol üç sapar Ebu Bekeriň ymam bolmalydygyny aýtdy. Bilal gözleri ýaşly, boýny buruk halda baranynda, adamlar onuň daşyna üýşdüler. – Hany, Resul Alla. – Resul Allanyň ýagdaýy gaty agyr. Ol gelip biljek däl diýdi – diýip, Bilal iki elini ýüzüne tutup, horkuldap aglap başlady. Bu habar metjidiň işgindäkileriň süňňüni sarsdyryp, ählisiniň gözüni ýaşa doldurdy. Resul Allanyň kellesiniň agyrysy güýjemese, peselenokdy. Onuň indi ýerinden galmaga-da haly ýokdy. Ol durşy bilen ýanar oduň içindedi. Şonda-da Resul Allanyň ýüregi adamlaryň arasyny küýseýärdi. Şonuň üçin ol başujyny alyp oturan hezreti Äşä: – Äşäm! – diýdi. – Medinedäki guýularyň ýedisiniň hersindem suw alyp geliň. Men ýedi meşik suwy üstümden guýaýyn – diýdi. Ol töňňäniň üstünde oturdy-da, aýallaryna şol ýedi meşik suwy janyna jebir etmek bilen çydap, depesisden guýdurdy. Asyl, birsalymdan süňňi ýeňläp, derdi peselen ýaly boldy. Ol öýi bilen metjidiň aralygyndaky işigiň tutusyny syryp, ýakynlarynyň birine söýget bolup, metjide girdi-de, münbere ötip, onuň üstünde oturdy. Adamlar Resul Allanyň metjide gelenini eşidip şol bada bu ýere ýygnandylar. Olaryň ýüzündäki begenç duýgusyny ýazyp beýan eder ýaly däldi. Olar uly begençleri bar ýaly, buýsaýaç bilen ýylgyryşýardylar. Resul Alla mähribanymyz olara ýüzlendi. – Ýa, Allam Uhut jeňinde şehit bolanlaryň günälerini geçeweri! Eý muhajyrlar, siziň sanyňyz köpelip gitdi. Ansarlaryň bolsa şol öňküleri. Olaryň sany köpelenok. Olardan salyhatly kişilere hormat goýuň säwlük goýberenleriň günäsini geçiň. – Eziz adamlar! Alla öz hyzmatkärleriniň birine: «Sen ýa-ha şu dünýäni saýlap al, ýa-da Allanyň dünýäsini saýlap al» diýýär. Onuň hyzmatkäri hem Alla ýakyn bolanyny kem görmedi... Adamlar Resul Alla serwerimiziň öz ummaty bilen hemişelik razylaşmaga gelenini duýdular. Hezreti Ebu Bekir mähribanymyz Resuly Kerimiň şu sözlerinden soň bagry girýan bolup aglamaga başlady. Ol eger öz ygtyýarynda bolsa Muhammet pygamber ezizimiz bilen hiç haçan hem aýrylyşjak däldi. Ol çeşme bolup duran gözleriniň ýaşyny hem syrman: – Ýa, Resul Alla serwerimiz – diýip özelenip aýtdy – Biz size janymyzy-da, çagajyklarymyzy-da, bar-ýok zadymyzy-da bermäge taýýardyrys. – Ebu Bekir! – diýip ezizimiz Resul Alla agyryly başyny zordan galdyranda, onuň juda mukaddesden eziz didaryndan tutuş metjidiň içine salkym-salkym nur pürkülip gidi. Adamlar bu gudraty görüp, haýran galdylar. – Bu adamlar maňa ynanyp, maňa ýoldaş bolup, ähli emlägini meniň ygtyýaryma berdiler. Şolaryň içinden iň gowy adamy saýlap tutgun diýseler, men ýene-de Ebu Bekir syddyhy saýlap tudardym. – diýdi. Ol soňra ýene-de şu oturan halka ýüzlendi. – Kimiň ýüreginde näme bolsa, tursun-da aýtsyn! Men onuň günäsini geç diýip Alladan dilärin... Ýerinden turan köp bolsa-da, diňe bir adam Muhammet pygambere golaý bardy. – Eý, Resul Alla! Men ikiýüzli, ýalançy, betbagt adam. – diýdi-de, öz derdini aýtdy. Hezreti Omar oturyp bilmedi. – Ah-ow, kişi, seniň indi dat günüňe. Öz aýbydy özüň açmadyk bolsaň, Alla günäňi öterdi. – diýip, gaharly aýtdy. Resul Alla serwerimiz başyny ýaýkady. – Hany, Omar ibn al-Hattab, köşeş diýdi. – Ol dünýäde masgara bolandan, şu dünýäde aýbyny açan ýeňildir. – Ol ellerini ýokary göterdi. – Eý, Allam, bu bendede hakykat bilen ynam ber. Ony betbagtçylykdan halas ed et!.. Resul Alla mähribanmyz şondan soň bu ýalançy dünýäni heýjana getirýän bir mukaddes owaz bilen doga okady-da, ýerinden turdy. Onuň bu owazynyň mukaddeslik ruhy diňe bir bu Metjidi nebewiniň diwarlaryna däl, bu köne dünýäniň süňňüne ornap galdy. 3. Eý meniň adym bilen aram alan we meniň beren nygmatyma şükür eden we belalara sabyr eden jan, Belent Taňrynyň beren nygmatlaryna razy bolan we özünden razy bolan halda sen Belent-Taňryňa gaýt. Bes, sen meniň ýagşy bendelerimiň arasyna gir, We meniň jennetime gir. Gurhan. 89-njy süre. 29-30-32-nji aýat. Resul Alla ezizimiz metjitden öýüne dolanyp gelenden soň halys haldan gaçdy. Ol gün duşenbe günüdi. Resul Alla serwerimiziň ýagdaýyny bilýän adamlar ertir namazyny okap bolsalar-da, metjidiň içinde, daşynda, gözleri gamly, ýüzleri solgun ýagdaýda garaşyp durdylar. Birden metjit bilen öýüň aralygyndaky işigiň tutusy açyldy-da, ondan Muhammet pygamberiň ýylgyrýan eziz didary görnüp gitdi. Allanyň resuly şol ýylgyryp durşuna, birki gaýta baş atdy. Şondan soň işigiň tutusy ýapyldy. Adamlar mähribanymyz Resul Alla ýene-de metjide namaz okamaga geler öýdüp garaşýardylar. Şonuň üçin olar Resul Alla serwerimiziň oturjak ýerini boşadyp goýdular. Emma Resul Alla ezizimiz indi namaza ýarar ýaly däldi. Ol iň soňky güýjüni tijäp, hezreti Äşä ýaplanyp özi üçin iň mukaddes didarlara ýene birje sapar, iň soňky gezek seretmek üçin ol perdäni syrypdy. Çünki, agyry indi görlüp-eşidilmedik derejede güýjäpdi. Resul Alla mähribanymyz gapdalyndaky sowuk suwly gaba elini batyryp, ýanyp duran ýüzüni ýuwýardy-da: – Ýa, Allam, gaty horlaman janymy alaweri! – diýip, güýjünde baryny edip dileg edýärdi. Hezreti Äşe Muhammet pygamberiň, juda mukaddesden mukaddes, keremli başyny dyzlarynyň üstünde goýup, ýumşajyk ýüpek ýaglyk bilen mübärek ýüzüni ýelpäp otyrdy. Birdenkä, Muhammet pygamberiň mübärek başy agralyp giden ýaly boldy. Hezreti Äşe ol ýene-de özünden gidendir öýtdi-de, onuň mübärek ýüzlerini ýüpek mata bilen ýapdy. Şol pursatda içeri hezerti Omar bilen al-Mugyr girdi. Olar Resul Alla ezizimiziň boluş halyny gördüler-de aljyradylar. Hezreti Omar: – Ol özünden giden ýaly-la – diýip howsalasyny basyp bilmän aýtdy. Al-Mugyr: – Resul Alla amanadyny tabşyrypdyr – diýeninem bilmän galdy. Bu söze hezreti Omaryň, erbet gahary geldi. – Sen ýalan aýdýaň. Ikiýüzlüleriň soňuna çykýança Resul Alla ölmez. Ol... Içeri hezreti Ebu Bekir kürsäp girdi. Hezreti Ebu Bekir Resul Alla ezizimiziň ýagdaýyny gördi-de: – Biziň barymyzy ýaradan Alladyr. Biz onuň ýanyna gaýdyp barmalydyrys. Resul Allanyň jan bereni hak. – diýdi. Soňra ol daşary çykdy-da gözi ýaşly adamlara hakykaty gizlemän aýtdy. – Eşhedu ella ilähä illellah, we eşhedu ennä Muhammedun we abduhu we resulallah! – diýip, iki sapar gaýtalady-da, halka Gurhanyň aýaty bilen ýüzlendi. – Bismillahyrrahmanyrrahym! «Muhammet bary-ýogy Allanyň Resulydyr. Ondan öňki pygamberleriň hem ölendigi hakdyr. Ýeri, onsoň öläýse ýa-da ony öldüräýseler, siz ýene öňki ýoluňyz bilen gidermisiňiz? Öňki ýoluna dönenleriň hem Alla edibiljek zyýany bolmaz. Özüne minnetdaryň sylagyny Allanyň, ýetirjegi hakdyr...» Muhammet pygamberiň öz janyny Belent Rebbine tabşyrandygyna gözi ýeten adamlar tutuş dünýäniň süňňüni sarsdyryp Alla Tagala sygnyp hezreti Ebu Bekire tutunyp, zar çekişip, aglap başladylar. * * * Muhammet pygamber şeýle diýipdir: «Eý, eziz oglum, Aly, elbetde, men magraj gijesi Alla-Tagaladan soradym, menden soň seniň halypa bolmagyňy, senden soň bolsa olaryň halypa bolmagyny. Şonda Hudaý-Tagaladan Perman geldi: «Eý, Muhammet aleýhyssalam, senden soň Ebu Bekir, Omar, Osman halypa bolarlar. Halypalygyň ahyry Aly bilen bolgaý. Şeýdip, pygamberligiň ahyry sen bilen boldy». Rowaýat: Bir gün Resul Alla serwerimiz: «Kim Gurhany çalt hatym edip, şony maňa aýdyp berse, şoňa men öz gyzym Patmany berjek» diýenmişin. Hezreti Aly hem şol bada «Patyha» süresini bir sapar, «Yhlas» süresini hem üç sapar okapdyr. Şonda Resul Alla: – Aly jan oglum, bu näme etdigiň? – diýipdir. Şonda hezerti Aly: – Eziz Resul Alla Siziň özüňiz: «Kim «Patyha» süresini bir, «Yhlas» süresini üç sapar okasa, tutuş Gurhany okan ýalydyr» diýdiňiz ahyryn. Men siziň diýeniňizi etdim. – diýen. Şonda Resul Alla: – Elbetde, bu hakykatdan hem şeýledir! Indi, gyzym Patmany size berýärin – diýipdir. Ikinji kitabyň soňy. • Iki dünýäniň serweri Muhammet pygamberiň ömrüniň käbir seneleri: (Milady ýyl hasabynda) 570-nji ýyl – Pil ýyly. Şol ýyl Sananyň häkimi Abraha gaty uly ýygyn bilen Mekgä çozýar we ýeňlişe sezewar bolýar. Olaryň goşunynda söweş pili bolany üçin bu ýyla «Pil ýyly diýen at galýar. 570-nji ýylyň 29-njy awgusty – Mekgäniň eteginde, Käbeden dört ýüz metrlikdäki jaýda Muhammet pygamber dünýä inýär. 570-nji ýyl, dekabr-ýanwar – Geljekki pygamber – Muhammet alty aýlyk bäbejikkä Taif jülgesinde ýaşaýan Banu Saad taýpasyndan bolan Harisiň aýaly Halma emdirmäge-enekelige berilýär. 574-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlary – Kiçijik Muhammet Banu Saad taýpasyndan bolan Halymanyň enekeliginden öz öýlerine getirilýär. 576-nji ýyl – Ýasrib bilen Mekge aralygyndaky Ebwa obajygynda kiçijik Muhammediň ejesi hezreti Emine jan berýär. Ony şol ýerde jaýlaýarlar. (Muhammediň kakasy Abdylla hem ogly dünýä inmezinden kyrk gün töweregi öň, 570-nji ýylyň iýul aýynyň içinde Ýasribde jan berýär. Ony daýylary Adiýý b.Nejjar ogullaryndan Nabiganyň öýüniň ýanyndaky bagda jaýlaýarlar. 578-nji ýyl – Kiçijik Muhammediň atasy Abdyl Mutalyp aradan çykýar. Şondan soň kiçijik Muhammet Abdyl Mutalybyň uly ogly Ebu Talybyň (hezreti Alynyň kakasy) hossarlygyna geçýär. 582-nji ýyl – Muhammet agasy Ebu Talybyň kerwenine goşulyp Günorta Şama, Basra şäherine barýar. Şol ýerde. Bagira atly hristian onuň geljekki pygamberdigini aýdýar. 585-nji ýyl – Muhammet öz agalary bilen «Fijar urşuna» ýumuş oglany hökmünde gatnaşýar. 585-589-nji ýyllar – Muhammet Mekgäniň özünde goýun bakmak, ownuk söwdalary etmek, käbir kerwenlerde günlükçilik etmek bilen gün görýär. 595-nji ýyl – Muhammet Hatyja bint-i Huweýlidiň kerwenine kerwenbaşy bolup, ikinji sapar Damaska gidýär. 595-nji ýyl – Ýigrimi bäş ýaşly Muhammet kyrk ýaşly Hatyja – Kuraýyşyň dokuz arkasyndan bolan Huweýlidiň gyzy Hatyja – «Hatyja-Kubra» (beýik Hatyja) öýlenýär. 605-nji ýyl – Käbe täzeden dikeldilende, Muhammet «Hajerul-Eswedi» – Gara daşy Käbäniň gündogar burçunda goýýar we mekgeli tire-taýpalaryň ählisini gan döküşikli uruş belasyndan halas edýär. 607-nji ýyl – Muhammet agasy Ebu Talybyň ogly Alyny öz ýanyna, ogullyga alýar. (Hatyja bilen şu wagta çenli ýaşaşanda olaryň Kasym, Zeýnep, Rukiýe, Umm Gülsüm, Patma, Abdylla (Taýýib), Tahyr diýen çagalary dünýä inýär. Olardan oglanlaryň üçüsi-de ýogalyp, diňe dört gyz galypdy. Gyzlardan Zeýnep, Rukiýe, Umm Gülsüm durmuşa çykarylypdy). 610-njy ýyl (Remezan aýynyň Gadyr gijesi) – Muhammet Hyra dagynyň gowagynda ýatyrka, ýarygijeler onuň ýanyna Jebraýyl perişde gelip, onuň gursagynda çekip çydardan agyr bir zada goýdy we şonda Alla Tagaladan gelen wahyý mynasybetli Gurhany-Kerimiň 96-njy «Goýy gan süresi» inderildi. Şol gije Muhammediň Allanyň pygamberidigi yglan edildi. 610-njy ýyl – Hezreti Hatyja Muhammet pygamberden soň musulman boldy. Şol ýyl Aly ibn Ebu Talyp, Zeýd b.Haris, hezreti Ebu Bekir, Bilal soňra bolsa Osman b. Affan, Zübeýr b. Awwam, Abdyrahman b. Awf, Sad b. Ebu Wakgas, Talha b. Ubeýdallah musulman boldular. 613-nji ýyl – Muhammet pygambere üç ýyldan soň ikinji wahiý indi. 613-nji ýyl – Alla-Tagala Muhammede Gurhany açyk wagz etmegi buýurýar. 613-nji ýyl – Muhammet pygamber Safa dagyna çykyp, tutuş Mekge halkyny bu ýere çagyrýar we gorkman olara: «Alla birdir, ondan başga taňry ýokdur. Siz Allanyň birligine boýun bolup, öz daş hudaýlaryňyzdan geçiň» diýip aýdýar. 614-nji ýyl – Muhammet pygambere öz ýakyn garyndaşlaryna Gurhany wagz etmek, olary musulmançylyga çagyrmak buýrulýar. 614-nji ýyl – Muhammet pygamber wassanparaz müşrüklerden gaçyp, Al-Akramyň Mekgäni etegindeki öýüne göçüp barýar. 615-nji ýyl – Muhammet pygamber musulmanlaryň bir toparyny Hebeşistana göçürýär. 615-nji ýyl – Hamza pälwan musulman bolýar. 616-njy ýyl – Omar ibn Hattab musulman bolýar. Şol ýyl Ebu Talybyň ogly Japaryň ýolbaşçylygynda musulmanlaryň togsana golaýy Hebeşistana göçürilýär. 617-nji ýyl – Müşrükler haşym ogullary bilen ähli gatnaşygy kesmek barada dildüwşik yglan edip, ony hem hata ýazyp, Käbäniň burçundan asyp goýýarlar. 613-619-njy ýyllar – Muhammet pygamber musulmanlar bilen üç ýyla golaýrak wagt Käbe deresindäki berkitmede, gabawda ýaşaýar. 619-njy ýyl – Ýas ýyly. 1. Müşrükler gabaw baradaky dildüwşigi ýatyrýarlar. 2. Ebu Talyp aradan çykýar. 3. Hezreti Hatyja aradan çykýar. 4. Muhammet pygamber 30 ýaşly Sawda öýlenýär. 5. Resul Alla hezreti Ebu Bekiriň gyzy Äşä adaglanýar. 620-nji ýyl – Muhammet pygamber Taif jülgesine we beýleki ýerlere yslamy wagz etmek üçin gidip gelýär. Muhammet pygamber söwda we Käbä zyýarata gelen ýasriblileriň altysy bilen gizlin duşuşýar. 621-nji ýyl – Muhammet pygamber Akabe deresinde Käbä zyýarata gelen ýasribliler bilen «Ilkinji kasam» içdiler we musulmanlaryň Ýasribe geçmegi barada dilleşdiler. Muhammet pygamber Jebraýyl perişdäniň hemaýaty bilen Käbäniň ýanynda Byrag atly ata münüp, ilki Iýersalyma, soňra bolsa «Magraja» göterildi. 613-nji ýylyň 16-njy iýuly – Göçüş ýyly. Muhammet pygamber Mekgeden Ýasribe gizlinlik bilen göçýär. 613-nji ýylyň 24-nji sentýabry – Muhammet pygamber Ýasribiň golaýyndaky Kuba obajygynda düşleýär. 613-nji ýylyň 4-nji oktýabry. Muhammet pygamber görlüp-eşdilmedik toý-baýram bilen Ýasrib şäherine girýär. 623-nji ýyl – Ýasribde Metjidi Nebewiniň gurluşygy tamamlanýar. 1. Muhammet pygambere Metjidi Nebewiniň gapdalyndan jaý gurlup oňa Resul Alla göçürilýär. 2. Muhammet pygamberiň maşgalasy Mekgeden Ýasribe göçürilip getirilýär. 3. Muhammet pygamber hezreti Äşä öýlenýär; 4. Muhammet pygamber gyzy Patma bilen ogullygy Alynyň toýuny tutýar. 623-nji ýylyň mart aýy – Muhammet pygamberiň buýrugy bilen 30 adamlyk topar kerwen ýodalaryna gözegçilik etmek üçin Gyzyl deňziň kenarlaryna ugraýar. Bu topara Hamza pälwan ýolbaşçylyk edýär. 623-nji ýylyň apreli – Ubaýda b. Harysyň ýolbaşçylygyndaky ikinji harby topar kerwen ýollaryna gözegçilige ugraýar. 623-nji ýylyň maýy – Saad ibn Wakgas Gyzyl deňziň kenarlaryna harby ýörişe çykýar. 623-nji ýylyň iýun-iýuly – Muhammet pygamber 60 adamlyk topar bilen Hijaza ýöriş edýär. 623-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlary – Muhammet pygamber kuraýyş müşrüklerine garşy täze harby ýörişleri guraýar. 623-nji ýylyň dekabry – Mukaddes aýyň gelmegi bilen musulmanlar harby ýörişleri geçirmegi togtadýarlar. 624-nji ýylyň 12-16-njy marty – Badr jülgesindäki uly söweşde mekgeli müşrükler ýeňlip, musulmanlar juda uly ýeňiş gazanýarlar. Bu söweşde din-yslamyň hem-de Resul Allanyň ganym duşmany Ebu Jähil ölýär. Muhammet pygamber hezreti Omaryň dul galan gyzy Hafsany özüne üçünji aýal edip alýar. Muhammet pygamber ýogalan gyzy Rukiýa derek Umm Gülsümi hezreti Osmana nikalap berýär. 624-nji ýylyň apreli – Musulmanlar Banu Kaýnuk taýpasnny Medineden kowup çykarýarlar. 625-nji ýylyň 2-nji marty – Ebu Sufýanyň üç müň düýeli goşuny musulmanlaryň üstüne, Medinä söweşe gelýär... 625-nji ýylyň 23-nji marty – Uhot (Ohot) dagynyň eteginde mekgeliler bilen musulmanlaryň arasynda gazaply söweş bolýar. Bu söweşde musulmanlar kän olja alýarlar. Medinelileri gutarnykly ýeňlişe sezewar edip bilmedik mekgeliler, yzlaryna dolanýarlar. Muhammet pygamber Ebu Sufýanyň dul galan aýal dogany Hindäni – Umm Salamany özüne aýal edinip alýar. 625-nji ýylyň apreli – Şu aýda Resul Alla Gurhanyň on alty süresi inýär. Muhammet pygambere şu aýda Gurhanyň «Aýallar» süresi dolulygyna indi. 625-nji ýylyň iýuly – Muhammet pygamberiň huzuryna Adal we al-Kara taýpalarynyň kethudalary gelip, özlerine musulmançylygy öwretmäge wekil soraýarlar we berlen wekilleri haýynlyk bilen öldürdýärler. 626-njy ýylyň apreli – Muhammet pygamber iki müň adamlyk ýygyn bilen Şama tarap, göçme taýpalaryň üstüne ýöriş etdi. Muhammet pygamber Kuzman batyryň dul galan gyzy Zeýnebe öýlenýär, emma Zeýnep toýdan soň, kän wagt geçmänkä ýogalýar. 627-nji ýylyň dekabry – Muhammet pygamber Banu Mustalyk taýpasynyň üstüne hüjüm etdi. Muhammet pygamber Banu Mustalyk taýpasynyň gurply şyhynyň gyzy Barra-Juwariýa öýlenýär. 627-nji ýylyň 31-nji dekabry – Ebu Sufýan on müň adamlyk goşun bilen Medinä, çuň gazylan garymlaryň aňyrsyna gelip düşdi. 627-nji ýylyň 15-17-nji apreli – Ebu Sufýanyň on müň adamlyk goşuny «Garym ýakasyndaky söweşde» ýeňiş gazanyp bilmän, Medinäni taşlap, yzyna gaýdýar. 627-nji ýylyň maýy – Muhammet pygamber üç müň adamlyk goşun bilen dönük kuraýyş taýpasynyň galasynyň daşyny gabaýar we olary Medineden kowup çykarýar. 627-nji ýylyň dekabry – Muhammet pygamber Mekge-Medine aralygynda gonup-göçüp ýören «taýpalar bilen birek-biregiň üstüne çozmazlyk barada kuwwatly «Birleşme» döredýär. 628-nji ýylyň fewraly – Muhammet pygamber bir müň bäş ýüz adam bilen gurban kesiljek 700 düýe öňlerine salyp, diňe haç maksady bilen Mekgä ugraýar. Bu zyýarat sapary mahaly Hudaýbiýe deresinde Muhammet pygamber bilen Mekgäniň wekili Suhaýl ibn Amryň arasynda «On ýyllyk parahatçylykly ýaşaşmak barada» Şertnama baglaşyldy. Bu şertnama laýyklykda Muhammet pygamber Mekgä girmän al-Hudaýbiýe deresinde gurbanlyk soýup, saçyny syrdyryp, yzyna gaýdýar. 628-nji ýylyň maýy – Muhammet pygamber bir müň bäş ýüz adamlyk goşun bilen Haýbar jülgesine hüjüm etdi we bu jülgäni basyp aldy. Muhammet pygambere şu jülgede awy bermege synanyşyk edildi. Resul Alla bu ýerde dul galan gözel Safiýany özüne aýal edip aldy. Muhammet pygamber Ebu Sufýanyň gyzy Umm Habibäni Hebeşistandan bu ýere getirensoňlar, öýlenýär. 629-njy ýylyň marty – Muhammet pygamber iki müň musulmany alyp, Mekgä umra hajyny etmege ugraýar. Muhammet pygamber Mekgede Abbasyň aýalynyň dogany Maýmunany özüne nikalap alýar. 629-nji ýylyň sentýabry – Muhammet pygamber ogullygy Zeýd ibn Harisiň ýolbaşçylygynda üç müň adamlyk goşuny Wizantiýa iberýär. Bu agyr söweşe Resul Allanyň ogullygy Zeýid ibn Haris, doganoglany Japar ibn Ebu Talyp we beýlekiler wepat bolýarlar. 630-njy ýylyň 1-nji ýanwary – Muhammet pygamber sansyz leşger bilen Mekgäniň alkymyna gelýär. 630-njy ýylyň 11-nji ýanwary – Muhammet pygamber agyr goşun bilen Mekägä girýär we ony doly boýun egdirýär. 630-njy ýylyň fewraly – Wekilçilikler ýyly. Muhammet pygamber on iki müň goşun bilen Hyjaz dagynyň eteginde Hawazin taýpasynyň garşysyna söweşe çykyp, ony doly ýeňýär. Muhammet pygamberiň müsürli gyrnagy Zeýnepden ogly bolýar we onuň adyna Ybraýym dakýarlar. 630-njy ýylyň oktýabry – Muhammet pygamber on bäş müň adamlyk goşun bilen günbatara, Wizantiýanyň serhetlerine ýörişe başlady we duşman ýeňse bereni üçin, söweşmän yzyna dolandy. 631-nji ýylyň marty – Muhammet pygamberiň özi ýaramansoň, hezreti Ebu Bekiriň ýolbaşçylygynda adamlaryň uly toparyny haç niýeti bilen Mekgä bakan ýola saldy. 632-nji ýylyň iýuly – Muhammet pygamber köphudaýlylara garşy uruş – jihat yglan etdi. 632-nji ýylyň 27-nji ýanwary – Muhammet pygamberiň ogly Ybraýym duýdansyz dert tapyp, aradan çykdy. 632-nji ýylyň marty – Muhammmet pygamber 60 müňlük goşun bilen Mekgä «hoşlaşyk» hajyna ugrady. 632-nji ýylyň maýy – Muhammet pygamber Zeýd ibn Harisiň ogly Osamany gaty uly ýygyn bilen demirgazyga, Wizantiýanyň serhetlerine ugratdy. 632-nji ýylyň 8-nji iýuny – Muhammet pygamber hezreti Äşäniň öýünde, onuň dyzlarynyň üstünde baş goýup ýatyrka, jan berýär. Muhammet pygamberi jan beren ýerinde jaýlaýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |