17:16 Muhammet pygamber -6: romanyň dowamy | |
2. We her kim adamlaryň beren yzasyna sabyr etse we zalymyň günäsini bagyşlasa, takyk, bu sabyr we bagyşlamak, elbetde, iň ýagşy kärlerdendir. Gurhan. 42-nji süre. 43-nji aýat. Ine, şol aýallaryň arasynda Saad taýpasyndan bolan Abu Haýbanyň gyzy, al-Harisiň aýaly Halyma-da bardy. Halyma emýän ogly Abdylla bilen arryk Äşegiň üstünde, güne kak bolup gelýärdi. Eşek halys tapdan düşüpdi. Şonuň üçin kerweniň gara-görnüm yzyndan çalaja yrgyldap gelýärdi. Saad taýpasynyň güni hem meniňki bolsun diýer ýaly däldi. Bu ýylky zabun gurakçylyk bu taýpanyň oturýan jülgelerini hem sylap durmandy. Şeýle bolansoň, her kim güzeran gözlegine çykmaly bolupdy. Hemişeler edilişi ýaly, bu taýpanyň has edenliräk aýallary öz ärlerini ýanlaryna alyp, Mekgä gaýdypdylar. Olaryň bar pikiri Mekge baýlarynyň ýaşajyk çagalaryny öz ýanlaryna alyp gidip, dört-bäş ýyl saklamakdy. Olar şeýdip uly-uly baýlardan ep-eslije hak alýardylar. Şeýdip hem öz maşgalalaryny ölümden halas edýärdiler, hem Mekgeli baýlaryň ýanynda abraýly bolup galýardylar. Çünki, şol çagalar haý diýmän ýetişensoňlar özlerini ekläp-saklan ejelerini hiç haçan unutmaýardylar. Olar baý-baý ogully-gyzly adamlar bolup galyberýärdiler. Şu kerwene şeýle niýet bilen goşulan al-Haris kerwenbaşa ýalbaryp, düýeleriň badyny az-kem gowşatdyrýardy. Özem münüp barýan arryk düýesinden düşüp, aýalynyň ýanyna ylgaýardy. Soňra şol çaman Äşegi gyssap, zordan kerweniň yzyndan ýetirýärdi. – A gyz, Halyma, içiňde janyň ýokmy, gatyrak süräýsen-e! – diýip, düýeleriň üstünde oturan aýallar hem Mekgä garap garap, «bu haýal gidişimize, ýöne-de ýolda ýatmaly bolaryn...» diýen ünjä gaplanyp gygyryşýardylar. Al-Haris Halymanyň münüp oturan eşegini näçe gyssasa-da, onuň şol bir gidişidi. Gije ýöne-de ýolda düşlediler. Her kim öz maşgalasy bilen ýolda guran ýönekeýje çadyryna girdi. Halyma adamsy al-Haris çadyryny gurýança düýesini sagdy. Öňem ýeriň-suwuň, mal-garanyň ähli gurbuny alan bu ýowuz gurakçylyga halys arryklan düýe janawar indi telim gün bäri ot-suwsuz, agyr ýolda yrgyldap gelşine, öňküje berýän süýdünem çekipdi. Diňe bu düýe bolsa, owarram, indi Halymanyň özüniň hem süýdi çekilipdi. Şonuň üçin bol emmä öwrenişen Abdyllajyk ejesiniň göwsüni näçe çekelese-de, zat tapman gijesi bilen hykylap çykypdy. Telim günläp ýolda çekilen kynçylyklardan soň ölümiň öýünde Mekgä ýeten aýallaryň gözi diňe gurply maşgalalardady. Olar çagasyny enekä berjek bolýan adamlardan çaganyň enesi-atasy barada habar soraýardylar. Her kim gurplyrak ýeriň çagasyny garbap alýardy. Bular hem şeýle niýet bilen Al-Hawzar bazarynyň golaýjygyndaky meýdança, eneke gözlenilýän ýere gelip düşdiler. Düýeleri daýawrak aýallaryň käbiri ilki gelip, öz niýetindäki ýaly çagalary almaga ýetişipdiler. Olardan ep-esli gijä galyp gelen Halyma oňa ýetişmedi. Ol şonda-da ýitigini gözleýän ýaly bolup, töweregine delminip garanjaklaýardy. Şol wagt bu aýallaryň ýanyna ep-esli ýaşan bir goja geldi. Ol bu aýallary görüp, salamlaşdy. Soň öz ýagdaýyny aýtdy. – Maňa Abdyl Mutalyp diýerler. Men Käbe aýmançysynyň şyhydyryn. Size enekelik eder ýaly bäbek gerek diýip eşitdim... – O nähili çaga? – diýip, aýallar gyzyklanyp sorap başladylar. – Meniň agtygym. Kakasy ýakynda ýogaldy. Ýetimje bäbek... Aýallaryň käbiri ýüzüni ters öwürdi. Olar: «Atasy köpi gidip, azy galan şu ülhit goja boljak bolsa, öz kakasy hem ýakynda ýogalan bolsa, bular ýaly bäbege golaýlaşmanyň gowudyr» diýip oýlanýardylar. – Ýog-eý, ýok, bize başga çaga gerek. Ýetim çaganyň hakyny kim tölejek eken. Biz alys ýoldan kösenip, ýetim eklemäge gelemizok... Bu gepiň gyrasynda Halyma-da bardy. Beýle çaga oňa-da gerek däldi. Ýöne başga bir amatly çaga-da duşaýanokdy. Onsoňam ol daşyndan şeýle mysapyr, mertebeli, görmägeý ýüzi diýseň sahawatly görünýärdi. Abdyl Mutalyp bu gelniň bolşuny halap, oňa ýiti-ýiti garaýardy. Şony duýan Halyma gojanyň ýanyna bardy. Gojanyň keýpi ýokdy. Ol hol gapdalda akja gundagy bagryna basyp duran gyrnak gelin Suwaýba garap käte bir garap pursadyň gelerine garaşýan ýaly bolup durdy. – Size kim diýerler, gyzym? – diýip, goja Halymadan hoşamaýlyk bilen sorady. – Men Saad taýpasyndan Ebu Haaýbanyň gyzydyryn. – Adyňa kim diýerler? – Meniň adym Halyma. Adamyma Al Haris diýerler. – Sen gyzym gowy adama meňzeýärsiň. Eger isleseň, mende bir bäbejik bar, gel, gör, ýöne kakasynyň ýakynda ýogalanyny hem aýdaýyn... – Goja «Onuň ejesi ýarawsyz» diýmekçi boldy, emma diýmedi. Abdyl Mutalyp eýtdi-beýtdi, gyrnak gelin Suwaýbany çagyryp Halyma bäbegi görkezdi. Ol öz agtyjagynyň şeýle halalzada, päkize aýal maşgala duşmagyny isleýärdi. Halyma bäbejigiň nur buldurapjyk duran ap-akja ýüzüni, mähribanlykdan balkyldap duran eziz gözlerini görüp, bir tisgindi. Emma şol pursat şeýtan ara düşdi-de, hälki aýallaryň diýen sözlerini onuň aňyna saldy. Bu çaga üçin düzügli hak-heşdegiň berilmejegi ýadyna düşdi-de, sesini çykarman yzyna gitdi. Gün gijigýärdi. Ol eýýäm ýarty tegelegini Käbe daglarynyň arkasynda ýaşyrypdy. Şonuň üçin goja Abdyl Mutalyp bulardan tamasyny üzüp, bäbejigi Suwaýbadan öýe gaýtarypdy. Özi bolsa, nämüçindir gaýdyp bilmän şol ýerde garaşyp durdy. Aýallar öz işleri bitensoň, öz goşlaryna ýetmäge howlugyşyp başladylar. Diňe Halymanyň işi bitmändi. Beýleki gelen gelinleriň ählisi gujagy bäbekli gidensoň, Halyma-da boş gitmäge namys edýärdi. Onsoňam, ol häzir birhili essinde däldi. Hälki gojanyň akja gundaga dolan bäbejiginiň çirksiz, mähribanlyk çogup duran garaja gözleri onuň köňlüne goşa çyrag bolup sünjülip, indem tutuş kalbyna nur seçeläp durdy. Onuň gözleri gojanyň hälki duran ýerlerini sermeleýärdi. Emma indi goja görünmeýärdi. Halymanyň gözi birsalymdan şol goja düşdi. Onuň elinde akja gundaglynyň bolmazlygy, Halymanyň dünýäsini düňderdi. Ol bäbejigi başga bir aýal alandyr öýdüp juda gorkdy. Ylgap şol gojanyň ýanyna bardy. Indi şol bäbek diýip, onuň ýüregi üzülip barýardy. – Atam, hany bäbejik? – diýip, Halyma titreýän sesi bilen gyssanyp sorady. Abdyl Mutalyp, bu tolgunmadan ýaňa, aglaýjak-aglaýjak bolup duran gelne geň galma bilen garady. – Hä, näme boldy?! Halyma zaryn gepledi: – Şol çagany men alaýsam nähili bolarka? Goja begençli oýlandy. – Bolar, gowy bolar, alaý! Halymanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol howlukmaç samyrdady. – Atam, siz hiç ýere gitmäň, men adamymdan sorap geleýin... Ýöne hiç ýere gitmäň. Beýleki aýallar gujaklary bäbekli öz goşlaryna bakan gidensoň, Al-Haris hem gyssanyp başlady. Ol şol niýet bilen aýalyny gyssady. – Bol, bol, daýym gyzy. Gör, ahyryn iller gitdiler. Yzyndan ýeteli... – Halyma adamsyna özelenip ýalbaryp başlady. – Agam ogly, atam ogly, goý, ýetim çaga bolsa bolsun men şol bäbegi alaýyn... Al-Haris sesini çykarmady. – Iller çaga alyp barsa, bizem boş barsak, obadaşlar näme diýer? Gyzjagazlarymyz hem, «Eje, akjä bäbek alyp geliň» diýipdi. Olar hem tamakin bolup oturandyrlar. Onsoň, dogrymy aýtsam, özüm hem kemsinjek. Şojagaz bäbejigi alaýaly-la, bormy! Al-Haris ony gyssady. – Alsaň al, ýöne çaltyrak bol. Göreňokmy, gün gijigip gitd-ä. Halyma gojanyň ýanyna ylgady. Ol misli ganat baglap, uçup barýan ýalydy. – Atam, bäbejik nirede?! Goja öýüne bakan ugrady. – Ýöri! Ol Halymany howlynyň içindäki çetki otaga eltdi-de, özi içeri girmedi. Içerde Emine bardy. Emine bu gelen aýaly mähribanlyk bilen kabul etdi. – Geliň, geçiň, doganym! Halyma ýylgyryp duran garamyk gözleri bilen içerini sermeledi. Ine, onuň gözleri ap-akja ýüň mata bilen gundalan ýaşyl ýüpek matanyň üstünde arkan ýatanja bäbege düşdi. Bäbejik hälki göreninden hem müň esse ezizdi, näzikdi. Onuň ýumlan gabajyklaryndan nur çogup durdy. Halyma bäbejigi oýarmaga dözmedi. Ýaýdandy durdy. Ol şol bäbejik diýip gijäp duran bagrynyň ýylysy ýörän aýasyny çagajygyň gursajygyna emaý bilen goýdy. Bäbejik oýandy-da ýalançy dünýäni ýaz edip ýylgyrdy. Halymanyň zenanlyk, enelik mähri joşgunly siller kimin çogdy-da, bäbejigi gujagyna alyp, bagryna basdy. Ol: – Balajygym! – diýdi-de, bokurdagyna dykylan gözýaşyny gizläp aýtdy. – Eziz balajygym! – Ol özüne bakan owsun atýan bäbegiň ýaňajygyndan taýly gezek ogşap, soň usullyk bilen ýerinden turdy, Emine hem-de agtyjagynyň enekä gidişini eşiden gaýynene Patma banu, onuň gyzlary, goňşy aýallar hem-de goja Abdyl Mutalyp gujagy bäbekli Halymany ep-esli ýere çenli ugratdylar. Halyma adamsynyň ýanyna ýetende, eýýäm garaňky ýagşy düşüpdi. Olar bäbejigi hem-de bazardan alan ol-by zatlaryny göterip, Mekgäniň bir çetindäki goşlaryna bakan ugradylar. Halyma bäbejigi enekelige alsa-da aldy weliň häzir onuň özünden gorkusam az däldi. Ol öten agşam körpe ogly Abdyllajygyň göwüslerini sorup, ondan süýt tapman aglamasy, hakykatdan hem gelniň göwsüniň süýdüniň hemişelik çekilen bolaýmagynyň nyşany ýalydy. Ol şondan az ünjä galanokdy. Eger göwsünde süýt bolmasa, Emine onda nätmeli bolar?! Ol bu çagadan indi aýrylyp bilmejegini duýdy. Eger göwüs süýdi bolmasa, ýaşajyk bäbek ony neýlesin. Olar Mekgäniň mähelleçiliginden çykansoňlar Halyma janydurmazlyk bilen bir gyra sowuldy-da, ýakasyny açyp, göwsüni bu bäbegiň agzyna tutdy. Bäbejigiň dodajyklary göwsüň ujuna degenden bu zenanyň göwsünden bulak zymdyrylyp akýan ýaly boldy. Ol bäbejige göwüs süýdüni däl, tutuş süňňüniň mährini berene döndi. Ol birhili öňläp gitdi. Telim günki ýadawlygy süňňünden el bilen aýrylana döndi. Özi nurdan doýan ýaly bolansoň, arryk, tapdan düşen düýesiniň berjek süýdüni alada etmedi, «Adamym bilen ogluma ýetse, men süýtsüzem oňlaryn» diýdi. Emma olaryň arryk düýelerine-de bir gudrat darapdy. Bu düýe «düýbi sähel tegelense bolýar...» diýen tabagyny püre-pürläp süýt berdi. Çöreklerem, hurmadyr peýnirlerem, süýdem olara bol ýetdi. Asyl, süýtden goňşulara-da dadyrmaga galypdy. Iň täsin ýeri, ertir ýola düşülende gujagyna bäbejigi alyp münen şol halys lagar düşen eşegi, gaýdyşyn aýagyna ganat baglanana döndi. – Aý-uw Halyma, näme gyz, bir menzil öňden barýaň. Garaşyp, il deňinde ýöreseň bolmaýarmy! – diýip, Saad taýpasynyň aýallary ýerli-ýerden gygyryşýardylar. Halyma bu gün arryk eşegini saklap, obadaşlary bilen deňleşip ýöremek iş bolýardy. Adamsy bilen ogly Abdyllanyň münen, ýöne örküç bilen boýun, soňam dört aýak bolup duran düýesi-de ýaryşa goýberilen arwana dönüpdi. Ol ýöne, süýnüp, kerwenden öňe düşüp barýardy. Halyma hut häzir hem kiçijik Muhammet bilen münen ak maýasyna garady. Ol şol wagtky, çala jan bitdi, arryk düýedir diýseň, saňa ynanjak adam ýokdy. – Wah! – diýip, Halyma ýöne-de hasrata batdy. Indi gujagynda uklap ýatan dört ýyla golaý bagryna basyp gezen eziz perzendini gaýdyp ýa görjek, ýa-da görmejek. – Balam! – diýip, ol Muhammetjigiň şemala çalaja, ykjaýan ýüpek ýaly ýumşajyk melemtil saçyny gaýta-gaýta sypalady. – Eje jan! – diýip, ýaňja oýanan Muhammet Halyma gysmyljyrap ýuwaşja aýtdy. – Basym ýeterismi?! Halyma başyny atdy-da, gözünden ýöne-de gözýaş düwmelerini seçelendirip başlady. Ol düwmeler gelniň gujagynda rahatja oturan çagajygyň galpajygynyň üstünde ýaryldy-da, syçrap gitdi. Çagajyk ejesiniň aglaýandygyny duýany üçin başynam galdyranokdy. – Sen ýetsem diýip howlugýaň, jan balam. Basym ýetsek, sen meniň elimden gitmeli, guzym. Onsoň, sensiz men neneň edip ýaşaryn... Muhammet Halymanyň gujagyna gysmyljyrady-da, akja eljagazlary bilen ejesiniň gözlerini süpürdi. Soň ýerinden turdy-da onuň ýaşly ýaňagyndan ogşady. – Aglama, eje jan men seniň ogluň ahyryn. – Men seni hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Ullakan bolanymda-da ýadymdan çykarmaryn... – Wah, şeý diý, balam. Seni görmesem, seniň sesiňi eşitmesem, ýüregime daglar basylar. Seniň didaryňy görmäň biz nähili ýaşarys? Sen biziň döwletimiziň başy bolduň-a. Halymanyň bu sözleriniň jany ýok däldi. Muhammet olaryň rysgalynyň başy bolupdy. Bu çagajygy alyp özleriniň çarwalaryna baransoň, onuň eli süýt-ýagdan çykmandy. Mallary örňäp, köpälip gidip otyrdy. Öň gününi zordan dolaýan Al-Haris indi ýagşy gurba giripdi. Şol gurakçylygyň soňy gelmese-de, onuň geçisi, goýny tabak-tabak süýt berýärdi. Düýeleri yzly-yzyna botlaşyp, köşek berýärdi. Öň Halymanyň özi gatyk-süýt üçin goňşularyna dilegçilige barýan bolsa, indi goňşularynyň özleri süýt-gatyk sorap onuň çadyryna gelýärdiler. Bu öýüň maly köpelensoň, ony çagalary Abdylla bilen atasy bakýardy. Iki gyzy bolsa süýt basyryp, gatykdan ýag alýardylar. Sargant gaýnadyp, peýnir basýardylar. Halymanyň özüne galsa, bu çagany heý, Mekgä alyp gitjekmi! Bu çaga diňe olar üçin däl, tutuş taýpa üçin duranja hazyna ahyryn. Muhammet gelen ýyly dünýe gurakçylyk hem bolsa, bu taýpanyň oturan jülgesi gül-pürçek güle batyp galypdy. Şol otuň, bulaklardan akyp ýatan sowuk suwuň hözirem, ýokumam üýtgeşik boldy. Şondan soň bu taýpa gahatçylyk ýüzüni görenokdy. Muny bu taýpanyň adamlary kiçijik Muhammediň aýagynyň düşmesi hasap edýärdiler. Ony tutuş il bolup juda ezizläp gowy görýärdiler. Şeýle mähriban adamyň elden çykarylmagyny kim gowy görjekdi. Muhammede aýak bitenden soň Halyma ony ýekeje salym hem gözden salanokdy. Gijesine-de ol çadyryň çagalar ýatýan böleginde däl-de, içki böwründe, adamsy ikisiniň aralygynda düşejik düşäp ýatyrýardy. Özem hemişe çyrany ýakyp ýatýardy. Sebäbi bu çaga gijesine çyra öçse, uklamak-ha däl, oturyp hem bilmeýärdi. – Eje jan ýagty edeli. Garaňky gowy däl – diýip başlaýardy. Çaga birden gorkaýmasyn diýip, meýdan ýagşy ýagtylýança bu öýde çyra ýanar durardy. Çagajyk süýt bişirip, gatyk basyryp, öýüň-içeriniň hysyrdysy bilen gyňyrdanyp ýören Halymanyň ýanynda oýnap oturan halyna, kümüş düwmejigiň owazy ýalyjak sesi bilen öz ugruna gürledi. – Eje jaň aý eje jan! – Jan-a, jigerbendim, dilleriňe döneýin eje jan diýen dilleriňe gurban bolaýyn! Halymanyň hamrak söýgüsi çagajygyň göwnüni göterýärdi. Ol: – Eje jan doganlarym nirä gitdi? – diýip, ýöne-de soraýardy. Halyma göwnüne hiç zat getirmedi. – Olar-a dowarymyzy bakyp ýörendir, guzyjygym! Muhammet oňa ýalbardy. – Eje jan menem agalaryma goýun bakyşaýyn! Halyma ör-gökden geldi. – Ýok, ýok, balam. Sen heniz ýaşajyk, kiçijikje. Ulalarsyň, şonda hemmesine-de ýetişersiň. Häzir bolsa, bar, işigimizde oglanjyklar bilen oýnaber. Ine, agalaryň hem geler... Muhammet oglanlaryň oýnap ýören ýerine eýýäm seredip gelipdi. Ol ýerde hiç kim ýokdy. – Daşaryny görüp geldim-ä, eje, oýnalýan ýerde ýekeje çaga-da ýok. Halyma kiçijik Muhammede dözmedi. Ony oglanlary bilen bileje goýun bakmaga iberip başlady. Oglanlar bolsa ony juda eziz görüp, ekabyrraklary arkasyndan düşürmeýärdi. Günleriň birinde bolsa gorkudan ýaňa Halymanyň ýüregi tas ýarylypdy. Goýun bakyp ýören çagalar oýna ýagşy gyzyşypdylar. – Men daga çykjak! – diýip, dört ýaşlyja Muhammet belent gaýa bakan dyrmaşyp başlady. Kiçidag diýilýän bu dag gaty bir belent bolmasa-da, diýseň ýylçyrdy. Takyrap ýatan kemerlerinde diş synçgar ýaly-da ot-çöp ýokdy. Oňa men-men diýen oglanlar çykmaga heder edýärdiler. Oýna gyzygan Abdylla birden saklandy-da, ýanlarynda kiçijik Muhammediň ýokdugyny aňdy. Soň özünden uly doganyny çagyrdy. – Aga jaň Muhammet ýok– la? Ýa senden sorap öýe gaýtdymy? Oglanlaryň ünsi oýundan sowuldy. Olaryň ählisi üýşüp Muhammedi gözläp başladylar. Şol wagtam Kiçidagyň belent kemerinden ullakan daş togarlanyp, aşaklygyna gaýtdy. Şol garapa garan oglanlar Muhammediň gaýa dyrmaşyp, dagyň depesine çykyp barýanyny gördüler. Oglanlaryň birem çagajygyň çykan belentligine çykmaga ýürek edip biljek däldi. Olar gykylyklaşyp, oba garan eňdiler. – Aý, ej-je ýetiş! – diýip, oglanlary zähreleri ýarylan ýaly bolşup ylgap gelenlerinde, ýanlyga güýmenip oturan Halymanyň tas guty gurapdy. – Ýetiş, Muhammet daga dyrmaşyp barýar. Gaty belente çykdy. Gaýadan ýykylyp bir zat bolaýmasa-da ýagşy... Gorkmakdan ýaňa Halymanyň endamynda ysgyn galman bary döküldi. Onuň bar aýdany: – Agam ogly Al-Haris, ýetişeweri – diýen söz boldy. Herne, şol wagt Al-Haris öýdedi. Ol ot gapan ýaly bolup, daga bakan ylgady. Emine hem gyzlaryndan öňe düşüp, şolardan galman okdurylyp barýardy. Kiçijik Muhammet daga çykdy-da, ýaňy uçmaga hyýallanan çaga bürgüt ýaly bolup, kert gaýanyň üstünde oturdy. Ol: – Muhammet! – diýip, asmandan öz adynyň tutulýandygyny eşitdi. Ol heniz eşitmedik owazyny, ene hüwdüsinden hem şirin bir owazy eşitdi. Ol mukaddes owaz kiçijik çagajygyň atygsap duran ýüregine ornady-da, oňa melhem boldy. Ol bu owazy ýöne küýsedi-de, göge garady. Gögüň atlaz çuňlugynda bolsa üýtgeşik bir şem, älem-jahana tenekar nuruny bulduradyp, aýdyp bolmajak sahawatly röwşene gark bolup, ýanyp durdy. Şol röwşene ak ganatly guwlar kimiň ýöne görlüp-eşidilmedik owadan ap-akja närseler, perlerini parladyp, owsun atýardylar. Olar her owsun atanda täsin bir alamata öwrülýärdiler. Özlerem, her aýlaw edenlerinde: – La-ilähä illa-l-lah, Muhammet Resul-Allah! – diýip gaýtalaýardylar. Dört ýaşly oglanjyk häzir ganat baglap, şol ak-akja ganatlylaryň arasyna baryp, şol mukaddes şeme owsun atasy geldi. Ol goljagazlaryny gördi-de, çalaja galkyjaklady. Şol pursat ony kimdir biri göterdi-de, alyp gitdi. Ol häzir göge uçandyryn öýtdi. Emma bolmady. Ony göterip barýan Al-Haris bolup çykdy. Al-Haris oglanjygy Halymanyň gujagyna berdi. – Çöregimiziň bitin ýeri bar eken. Zordan ýetişdim. Ol tas gaýadan uçupdy. Halyma titreýärdi. – Balam, balajagym, indi hiç haçan gaýa çykma – diýip, hamraklyk bilen Muhammediň ýüzünden-gözünden ogşaýardy. Al-Haris bolan wakany gürrüň berdi. – Gögüne garap, dünýäni undup otyr. Birdenem, bürgüt çagasy ýaly, gollaryny gördi-de, ýokary owsundy. Zordan ýetişäýdim. Daga çykyp, oglanjygyň bolşuna birneme gorkup, daljygan Al-Haris ýüzüni ak-tam edip durdy. Ol gan-pet galmadyk ýüzüni aýalyna bakan öwürdi. – Indi bir daga bakan goýbermäň. Biziň bagtymyzy ýatyryp, iliň içinde biabraý eder. Ol bir heniz aňsyz çaga ahyryn. Dagyňy näbilsin beýlekiňi hem. Indi Halyma kiçijik Muhammedi has hem berk saklaýardy. Ony ýany adamsyz ýekeje ädim hem bu ýana, o ýana goýberenokdy. Abdyllajyk hem onuň ýanyndan aýrylanokdy. Her ýylyň bahar aýynda araplaryň ählisi diýen ýaly Ukaz diýen ýerdäki bazara üýşüp, şol ýerde gaty uly baýramçylyk geçirýärdiler. Ol ýerde söwda-da, ýaryşma-da, düýe çapdyrma-da bardy. Tutuş bazar iýmek-içmekden nazy-nygmatdan doludy. Göwnüň näme islese, bu ýerde satyn alyp bolýardy. Her hili tomaşalar göreniň göwnüni açyp, indiki baýramçylyga çenli ýadyndan çykmaýardy. Iň gyzykly ýerem, adamlar jadygöýlere, palçylara täleý garadýardylar. Öz ykballary barada kimde begenme, kimde gynanma alamatlary döreýärdi. Olar geljek ýyl bu baýramçylyga öňküden hem beter höwes bildirip gidýärdiler. Şu sapar Halyma-da bu bazara kiçijik Muhammedi hem alyp gitdi. Ol oglanjyga göwnüniň islän süýji nygmatlaryny alyp berdi. Oňa täzeje don satyn aldy. Soň, il ugruna täleý garaýan adamyň ýanyna bardy. – Aý, dogan şu çagajygyň täleýini garap bersen-e! Ol adam elindäki kitabynyň ýüzüne garap, gözlerini ýumdy, soňra samyrdaklap başlady. Birden hem elindäki kitabyny gaçyrdy-da, ulili bilen waýkyryp gygyrdy. – Eý, waý, il-gün eý bagty ýatan araplar! Şu çagany tutuň-da, derrewiň özünde öldüriň. Ol geljekde siziň ähli hudaýlaryňyzy ýok eder. Ynanýan diniňizi weýran edip, baryňyzy uçdantutma gyrar. Şonuň üçin şu wagt, şu ýerde tutuň-da onuň özüni öldüriň. – Ol ýene-de özüni öldüräýjek bolup gygyrdy. – Ýetiň, ýetiň, diýýän men size. Tutup damagyny çalyň. Onuň jynssyz sesi bilen edýän gykylygyna gyzan bazaryň ähli mähellesi ördi. Zähresi ýarylara gelen Halyma Muhammediň elinden tutdy-da, märekäniň gür ýerine siňip gitdi. Soňam birden tanaýmasynlar diýdi-de, kiçijik Muhammediň başyna öz ýaglygyny büredi-de, bu uly bazar heniz sowulmanka, çykyp, özleriniň çarwalaryna bakan ugrady... Kerwen Mekgä barha golaýlaýardy. Indi öňde Mekgäniň beýik daglary seleňläp görünýärdi. Halymany ýene-de horluk basmarlady. Ol ýöne-de bir wakany ýatlady. ...Süýr günortandy. Ol örüden gelen goýun-geçileri sagyp, süýdüni daşardaky ojagyň üstünde duran ullakan gazana süzüp, guýdy. Soň ojagyň aşagyna ot ýakdy. Al-Haris çadyryň burçuna söýelen ullakan agajy galdyryp durdy. Halymanyň gözi süýtli gazanda bolsa-da, gözi Muhammet taýdady. Kiçijik Muhammet Abdylla bilen tirkeşip, ýoldan ylgap gelýärdi. – Ajygandyrlar! – diýip, Halyma olary nahar iýmäge çagyrjak bolup başyny galdyrdy-da, birdenkä doňup galdy. – Aý, waý, oňa seret! – diýip, adamsyna elini salgady. Nireden geleni, haýsy ýerden çykany belli bolmadyk iki sany ak sakally goja sen ýok, men ýok, geldiler-de, kiçijik Muhammedi tutup, ellerine aldylar. Olaryň birisi oglanjygy iki eliniň aýasynda arkan ýatyryp saklady. Beýlekisi bolsa onuň eşiklerini galdyrdy-da, garnyny ýardy. Soň oglanjygyň içinden nähilidir bir gara zady goşawuçlap, daşyna serpdi-de, kükregine ap-ak, owuz kimin bir zady seresaplylyk bilen goýdy. Soň onuň garnyny, kükregini ýapdy-da, sypalap goýberdi. Özlerem edil, gelişleri ýaly, birden gözden gaýyp boldular. Aralyk beýle bir daş däldi. Bu ýagdaýy är-aýalyň özlerem, ogullary Abdylla-da anyk gördi. Ýöne bu waka şeýle bir çalt boldy welin olaryň birem muňa agyzlaryny açyp bilmedi. Halyma özüne geldi, kiçijik Muhammede bakan aýagaldygyna ylgady. – Waý, balam, saňa näme boldy? – diýip, çagajygy gujagyna aldy-da, öýe getirdi. Ol çaganyň köýnegini galdyryp, garnyna, kükregine syn saldy. Emma hiç alamat görmedi. – Näme boldy ahyryn? – diýip, ol ogly Abdyllany gyssap başlady. Abdylla-da ejesiniň gözi bilen gören zatlaryny söze geçirip aýdyp berdi. Halyma şondan soň hiç köşeşip bilmedi. Ol oglanjygy ýene-de ilik-düwme barlaşdyrdy. Şonda onuň gözi kiçijik Muhammediň donjagazynyň synynda heniz gatap ýetişmedik ganyň ýokjagazyny gördi. Ol öz gözleriniň gören zatlarynyň çynlygyna ynanypdy. Şol gije ol adamsy Al-Haris bilen belli-külli maslahata gelipdi. – Çagany Mekgä alyp gidip, hossarlaryna gowşurmaly wagty boldy, agam ogly. Al-Haris aýalynyň bu çözgüdine sesini çykarmady. Sebäbi Halyma bu sözi agşam ýatjak bolanda gaty köp ýanjap, ertir turanda-da: – Hany, entejik gözibersin-le, bolmasa – diýip goýýardy. Al-Haris Halymanyň bu oglanjygy nähili eziz görýändigini, edil şirin janyndan artyk söýýändigini bu gün bilmeli däldi. Onuň özem bu oglanjyk üçin janyny bermäge taýýardy. Ony iki ýüz kilometr ýerden azap edip getirensoňlar, bu çagajygyň guraýak çykmandygy, onuň ýadyndady. Ol bu ýere gelip, Taýf jülgesi hemişelik ýazlaga döndi. Ýazyna gök ot dyzdan bolup, tomsuna, güýzüne onuň samany mallary ýagşy doýurýardy. Dereleriň suwy indi hiç haçan hem çekilenokdy. Güýzüne bu ýerler aýratyn sapalydy. Gökde suhaýl (ýaldyrak) dogandan soň siňňitli ýagyşlar ýagyp, bol samanyň astyndan gökje maýsalar parç bolup çykýardy. Derelerden bereň-bereň suwlar akýardy. Owlak-guzular indiki del wagtyna çenli ýetişip, ýöne owlak-guzy berýärdi. Obalarda indi süýt-gatyk boldy. Mal-gara örňäp barýardy. Al-Haris bu oglanjygy bu ýazlaglara, tiredeşlerine aýagy düşeni üçin hem däl-de, mähri alany üçin gowy görýärdi. Ony şu jelegaýlarda gowy görmejek ýokdur weliň ony Halymanyň gowy görşi juda artykmaçdy. Ol kiçijik Muhammedi bagryny paralap, ýüregini ezip gowy görýärdi. Ýöne bu sapar Al-Harisiň çeni çykmady. Aýaly Halymanyň gaty çyny eken. Halyma akylly aýaldy. Ol bu çagany mundan bu ýana kesekiniň elinde goýup bolmajagyna ýagşy düşünipdi. Ol kiçijik Muhammediň ýönekeý bir çagajyk däldigine, ony goja Abdyl Mutalybyň elindekä düşünipdi. Ol göwsüne süýt inmesinden hem, arryk düýesiniň süýdüniň çeşmeden çykan ýaly bolup durmasyndan hem, arryjak eşeginiň birdenkä bedew ata meňzäp oturyberşindenem, ýaýlalarynyň rysgalynyň artyp, öýüne döwletiň gelşinden hem, Ukaz bazaryndaky täleý garaýançynyň wagşyýanadan gorkunç eňremesinden hem, ak sakal gojalaryň wakasyndan hem aňýardy. Bu oglan özi hakynda nyşan berme kemini goýmady. Çagajyk juda az iýýärdi, juda az gepleýärdi. Hemişe pikirdedi. – Onuň daga çykyp, gaýadan aşaklygyna uçjak bolşunda-da bir keramat bolmaly, agam ogly – diýip, Halyma Al-Harise içini döküp başlady. – Ýöne, näme onuň aňyrsyna göz ýetirip bolýarmy? – Ol ýöne-de olukdy. – Ol iki aksakally baba näme diýersiň. Men bir ene, gorkana goşa görner diýseň, ýanymda senem bardyň, ogluňam bardy ahyryn. Onuň gursagyny ýaryp, iç goşuny çykarmadylarmy? Ol näme üçin! Onuň synjagazyndaky gana näme diýjek?! Bu ýerde-de bir gudrat bar. Birden hem Halymanyň ini düýrükdi. Ýaz aýlarynda Ukaz bazarynda täleý garaýanyň elhenç sesi gulagynda ýaňlanyp gitdi. – Gyryň, öldüriň, ol siziň hudaýlaryňyzy ýok eder. Diniňizem, özüňizem gyryp taşlar... – Ýok, çagajygymyň başyna bir bela inmänkä, ony eltip atasy Abdyl Mutalyba gowşurmaly! Halyma gijesi bilen ýatmady. Onuň aladasy ene ynsabynyň birahatlygyndan gelip çykýardy. Ýöne ol nädip bu çagajykdan aýrylyşsyn. Ine, işiň kynam şu ýerdedi. Kerwen Mekge jülgesine eňdi. Indi, öňde bar bolsa iki-üç sany kese dag ýatyrdy. – Eje jaň men düýämiziň yzynda oturaýyn! Emine kiçijik Muhammedi arkasynda oturtdy. Düýäniň yzy rahatdy. Onsoň hem Mekgä girilende çagajygy nämährem ýüzlerden gizlemäge-de gowudy. Kerwen Mekge girip başlady. Muhammedi mundan dört ýyl ozal diňe Halymanyň gyzjagazlary garşylan bolsa, bu gün bu mähriban oglanjygy tutuş oba ugradypdy. Birwagtlar oglanjygy düşelgelerindäki çadyrlaryna getirende düýeleriniň süýt berişini synlan aýalynyň göwsüne süýt inşine haýran galan Al-Haris: – Bu çaganyň ýüzünde nur bar! – diýip begençli aýdypdy. Bu gün bolsa olaryň obalarynyň ähli ilaty: – Bu çaga öz nury bilen bizi ýalkady. – diýip, oňa alkyş baryny aýdypdylar. Obanyň ähli aýaly diýen ýaly kiçijik Muhammedi öz iline ugradyp aglaşypdylar. Emma Halymanyň gyzjagazlarynyň bolşy has ýürek paralaýjydy. Olar indi hiç haçan gaýdyp görüp bilmejek çagajyklaryny bagyrlaryna basyşyp, gezek-gezegine ogşap-ogşap, ýalap tükedäýjek bolýana meňzeýärdiler. Ejeleri «galyň» diýse-de, olar jülgeniň gutaran ýerine çenli aglaşyp gelipdiler. Halymanyň körpeje ogly Abdylla ýüregi awady. – Men sen bolmasaň nädip ýaşaryn. Eje, doganjygymy galdyraýsan-a – diýip, zarynlaýardy. Hemmesiniňkiden ýamany Halymanyňkydy. Ýekeje salym kiçijik Muhammedi görmese ýüregi üzülip barýarka, ol ýyllarboýy nädip oňjakdy. – Balam, otyrmyň?! – diýip, öz hasraty bilen başagaý bolup gelýän Halyma Mekgä girilip, ilkinji mähelleleriň duşundan geçilensoň yzyna gaňryldy. Ol soň birahatlyk bilen elini yzyna aýlady. Ak maýanyň howdunyň yzy boşdy. – Aý-u-uň duruň! – Ol düýesinden düşdi-de, töweregine elewräp sermenip başlady. – Öňden barýan düýelilere gygyrdy. – Duruň, Muhammet, ýok!... Al-Haris, goňşular, kerwendäki beýleki adamlar töwerek-daşy elek elän ýaly edip gözlediler. Emma kiçijik Muhammet hiç ýerde ýokdy. – Çagajyk, Mekgäni görüp, ejesi ýadyna düşüp, öňe geçip gidibermesin! – Ol iňňe däl-ä, bar ýerini agtaryşdyryp çykdyg-a. – diýip, kerweniň ýaşulusy aýtdy. – Hany, Mekgä girip, bir ýerde goş bir basalyň. Soňam bir oňatja gözlemeli bolaryn-da... Kerwen Al-Hazwar bazarynyň gapdalyndaky çagyllak meýdanda ýük ýazdyrdy. Her kimiň öz aladasydy. Kim getirenje harydyny bazara eltjek, kim bazardan möhümini bitirip, gerek-ýarak zadyny satyn aljak. Halyma Käbä bakan ugrady. Ol goja Abdyl Mutalyby Käbe aýmançasynyň işigindäki sekiniň üstünden tapdy. Goja ony tanady. Ýerinden turup, bu ýagşyzada ýüzli aýala hormat etdi. Halyma ony görenden aglap başlady. – Ýeri, näme boldy? – diýip, Abdyl Mutalyp saýhallylyk bilen sorady. Halyma ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly edip aýtdy. – Mekgä girilen ýerde «Eje jan yzyňa geçip oturaýaýyn!» diýdi. Men näbileýin beýle bolaýjagyny, «bolar oglum» diýdim. Ýolda sähel salymdan yzyma garasam, özem ýok, garasy-da. Töweregi elek edip eledik. Onsoň biri «Çagadyr, ylgap, öňe düşüp gaýdybermesin» diýse, göwnüme seniň ýanyňa geläýjek ýaly boldy durdy. Onsoň bäri gaýtdym. Goja başyny aşak saldy. Onuň gabaklary galňady. Ýüregi birden atygsap, agzyndan çykara gelse-de, syr bildirmedi. – Gyssanma, Halyma, hany, gyssanma. Nesibesi aýrylyşmadyk bolsa, hiç zat hem bolmaz. Gözläris, taparys, sen gyssanma... Gojanyň ýüregi bolsa başga zat diýýärdi. «Atamyň atasy Abdyl Manaf ýolda ýogalypdyr. Kakam Amr-Haşm ýolda heläk boldy. Oglum Abdylla jan ýolda jan berdi. Indi, bu mähriban çagajyk, agtyjagym hem şeýle bolarmyka?» Ol heniz öňem bagry ýaraly Eminä entejik hiç zat diýmeli däldigini gaty pugta tabşyryp, Halymany aýaly Patma banu bilen bile öýüne ugratdy. Soňam hiç zat diýmäň iýmän-içmän ýere garady-da oturdy. Onuň ähli oýy-pikiri kiçijik Muhammediň ýanyndady. Birsalymdan ol özüne garap gelýän düýeli adamlary gördi. Ol bir zat duýan ýaly, ýerinden ýeňillik bilen turdy. – Jan balam, agtyjagym! – Ol röwşen nura batyp özüne garap ylgap gelýän çagajygy garsa gujaklady. Soň ezizlik bilen bagryna basdy. – Ahmedim! Muhammedim! Ol çagajygy alyp gelen adamlara hoşamaýlyk bildirdi. Olaryň öz agtyjagyny nireden tapandyklaryny sorady. – Tihama jülgesindäki kese dagyň üstünde nämedir bir zat otyr. Ilki biz bürgütmikä diýdik. Golaý gelsegem uçanok. Onsoň daga çykdyk. Asyl bir çagajyk otyr. Gözümize ynanmadyk. «Adam-garanyň barmajak ýerinde bu dört-bäş ýaşlyja çagajyk näme işläp otyr?» diýip oýlandyk. Bu çaga bu belent daga nädip çykypdyr. Bardyk, emma bize geldiňizmem diýenok. Bar ünsi asmanda. Gögüne garap, dünýäni undup otyr. Ol çagajygy ýerinden turuzdyk. Ol bize garap haýran bolup otyr. – Sen kimiň ogly bolarsyň – diýip soradym. Ol çagajyk şeýle bir mähribanja ýylgyrdy-da: – Men Muhammet ibn Abdylla ibn Abdyl Mutalyp bolaryn! – diýdi. Biz oňa: – Eý, çagajyk, sen bu ýerlere nädip düşüp ýörsüň?! – diýdik. – Bu daga nädip çykyp bildiň? – diýdik. Ol ýöne ýylgyryp otyr. Soňra: – Ataň ýanyna gitjekmi? Äkidelimi? – diýdik. – Äkidiň! – diýdi. Eýýäm ep-eslije bolan agtyjagyny görüp, Abdyl Mutalybyň goja göwni galkynan ýaly boldy. Ol kiçijik Muhammedi boýnuna mündürip, öýüne bakan ugrady. Howlusyna ýetip-ýetmänem: – Görüň! ho-oň kim gelipdir. – diýip sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Soňra ýöne özi durup bilmän: – Meniň balam gelipdir. Ullakan bolup gelipdir. Arkamyň dagy gelipdir. Bürgüdim gelipdir. – diýip samrady. Bu eýýamlarda juda sus, hasratly gözip ýören gojanyň beýle üýtgeşik sesine öýdäkileriň ählisi diýen ýaly, ylgaşyp çykdy. Olaryň ählisiniň gözi atasynyň boýnunda oturanja çagajyga düşdi. Kiçijik Muhammet mähir perişdesi ýaly bolup, üýtgeşik nura beslenip otyrdy. Aýallar gujaklaryny gerip, oňa garap topuldylar. Eminäniň birwagtlar öçen bagt şemleriniň ýekejejigi gaýtadan ýandy-da, onuň köňlüniň gurruk guýa dönen çuňlugyna röwşen nuryny çaýdy. Ol balasyny bagryna basdy-da, bozuldy. – Nury didäm, Muhammedim! Kakaň diri bolup, seni gören bolsa, nähili begenerdi. – Ol gözýaşly ýüzüni oglunyň näzijek ýaňagyna oýkady. * * * Muhammet pygamber (s.a.w) aýdypdyr: – Her kim Allanyň razylygy üçin bir ýetimiň başyny sypasa, şol ýetimiň kellesindäki saçlarynyň mukdaryça sogaba eýe bolar. Rowaýat: Kiçijik Muhammediň Saad ýurduna ýaňyrak gelen wagtlaryňy. Gurakçylyk bu ýeriň çarwalarynyň halys ysgyn-mydaryny alypdy. Her kim başlaryna düşjek açlyk belasynyň howsalasy bilen ýaşaýardy. Adamlar oba ruhanysyny ýanlaryna alyp, asman Şasyndan ygal dilemek üçin obanyň ilersindäki belentlige ýygnanypdy. Emma näçe dileg edilse-de, ygal ýokdy. Bu duran adamlaryň arasyndan bir garryja aýal: – Adamlar, biz bir keremli ynsana sygynyp dileg etmesek, dogamyz kabul bolanok – diýdi. – Soňra bir gyrada ýüzüni sallap duran Halymany görkezdi. – Ine, aramyzda Harisiň aýaly Halyma bar. Şonuň öýünde bir mekgeli oglanjyk bar. Şol bäbek geleli bäri olaryň rysgaly çogdy. Adamlar ilki oňa «hä» bermeseler-de, soňra gidip kiçijik Muhammedi alyp geldiler. Muhammet getirilensoň, asmanyň bulutlary bir ýere jemlendi-de, ilk-ä onuň üstüne saýa boldular, soňam her biri barmak ýaly damjalara öwrülip, gurap galan paçak ýaly bolup ýatan zemine paýrap gitdiler... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |