17:18 Muhammet pygamber -7: romanyň dowamy | |
DÖRDÜNJI BÖLÜM 1. Seniň belent Taňryň seni ýetim ýagdaýynda tapmadymy, soňra ol saňa agaň Ebu Talybyň ýanyndan jaý berdi. Gurhan. 93-nji süre. 6-njy aýat. – Ýene nämeler galdy? – diýip, Ebu Talyp ýük urlan düýeleriň daşynda ylgaşlap ýören ýigitlere garap sorady. – Urganlary, horjunlary unudaýmaň. Bir ýola düşensoň «Wah, onym galypdyr, munym galypdyr» diýen gürrüň bolmasyn. Şama ugrajak kerweni ýola salmaga Käbäniň töweregindäki mähelleleriň erkek göbeklisiniň ählisi üýşüpdi. – Onda, eziz doganlar, ýagşy dilegde boluň! Sag-gurgun oturyň! – diýip, Ebu Talyp bu ýere üýşen märeke bilen hoşlaşyp başlady. – Sizem, sag gidip, aman geliň! Ebu Talyp duran adamlaryň köpüsi bilen hoşlaşdy-da, ahyr soňunda gözlerini giňden açdy-da, on üç-on dört ýaşly inisi Muhammediň eziz didaryndan doýjak bolýan ýaly, onuň ýüzüne mähir bilen garady. Düýnden bäri kerweniň ýüküni häzirlemekde el-aýak ýaly bolup, onuň töwereginden aýrylman işläp gelýän Muhammediň ýüzi häzir aladaly görünýärdi. Kimdir biri: «Agaňa bar-da arzyňy aýt. Ol seni öz ýanyndan goýmasyn...» diýýän ýalydy. Ol kimdir biri ony gyssap duranyna garamazdan bu kerwene halys ýüregini beripdi. Ol kim näme diýse-de bu kerwenden galyp biljek däldi. Bu ýurduň kerwenleriniň düzgüni bolsa juda berkdi. Uzak ýola gidýän agyr kerwene aýal maşgalany ýanaşdyrmak, çaga almak şowsuzlygyň alamaty hasaplanylýardy. Sebäbi bu kerwende gaty köp adamyň rysgal paýy bardy. Her kim şowlulyk isleýärdi. Emma Muhammet indi özüni çaga hasaplanokdy. Ýöne ol näme üçindir, öz islegini atasy Ebu Talyba duýduryp bilenokdy. Ebu Talyp çöküp oturan düýelere birlaý göz gezdirdi-de, kerweniň serwer, boýnuna jaň dakylan garry ineriniň owsaryny silkip goýberdi. – Tur, janawar! Edil şol wagt Muhammet batyrlyk edip, agasynyň eline ýapyşdy. – Eziz agam, sen meni kime goýup barýasyň?! Dünýäde senden başga kimim bar meniň?! Meni goýup gitme! Garry iner haýaljakdan turýança, Ebu Talyp Muhammediň adam oglunyňka asla meňzemeýän rehim bilen mähirden ýaňa balkyldap duran gözlerine garady-da, doňup galdy. Ol özüni ýagşy eline aldy-da, gygyryp goýberdi. – Taňry çapsyň men Muhammetsiz ýeke ädimem ätmerin. Ony ýanyma aljak! Hiç kimden ses çykmady. Agyr kerwen Ýasribe bakan ýola düşdi... Kerwen gidip barýardy. Muhammet şol kerweniň düýeleriniň üstünde ýuwaşja yranyp otyrdy! Onuň ýadyna mundan bäş-alty ýyl ozal ejesiniň gujagynda şeýdip, şu günki ýaly, Ýasribe baryşlary düşdi. Ol: – Eje jan! – diýip pyşyrdady. – Ejesizlik nähili agyr eken... Emine indi alty ýaşan ogluny öz garyndaşlaryna, Ýasribde al-Naçjar tiresiniň arasynda ýaşaýan agalaryna, daýylaryna görkezesi gelýärdi. Ol şeýle diýibem öz gaýynatasy goja Abdyl Mutalyba düşündiripdi. Goja gelnine rugsat berdi. Ýöne Eminäniň bar pikiri garyndaşlary däldi. Ol Abdyllanyň mazaryna zyýarat etmekçidi. Heniz kakasynyň didaryny görmedik ýeke didaryny oňa görkezjekdi. Soňky wagtlarda Abdylla Eminäniň düýşüne gaty köp girýärdi. Özem şol günki ýaly, işikde duran ýerinden: – Men Ýasribde öý dikendirin. Muhammedem al-da gel! – diýip, gapa çykýardy-da, soň horkuldap aglaýardy. Emine her sapar hem tisginip oýanýardy-da, işige ylgaýardy. Emma her sapar hem bosagada seçelenip ýatan gözýaş damjalaryndan özge hiç zat tapman yzyna dolanýardy. Abdyllanyň ölümi Eminä agyr urgy bolupdy. Şondan bäri uzak ile-hä däl, öýden çykmaga-da Eminäniň ragbaty ýokdy. Ýöne, bagtyna Abdylladan galan gyrnak Umm Aýman bar eken. Ol şu içerde Eminäniň eli-goludy. Emine Umm Aýmana ýol üçin goşlary taýýarlamagy tabşyrdy. Gaýyn enesinden, gaýyn atasyndan, öz dogan-garyndaşlaryndan rugsat aldy. Umm Aýman edenli hem-de düşünjeli aýaldy. Ol özüne Eminäniň buýran işleriniň ählisini kössüz taýýarlady. Ýuwaş, üsti ýumşak düýeleriň birini getirdi. Eminäniň halsyzlygyny, kiçijik Muhammediň heniz çagalygyny göz öňüne tutup, düýäniň üstünde jaýlyja kejebe gurady. Ugramaly gün gelip ýetdi. Emine Abdylla bilen süýjülikli, ak hem-de gyzyl ýüpek işilen dek, şeýle şirin-şerbet kimin lezzetli ýaşan ýeri barada ogluna gürrüň beresi geldi. – Eziz balam. – diýdi. Soňra kiçijik Muhammediň ýüpek kimin ýumşajyk meleje saçlaryny sypalady. Ýöne göwnüne düwen pikirlerini aýdyp bilmedi. Onuň hesretden saralan meňzi garaňky içerde has owadan görünýärdi. Emine ýaşaýan otagynyň her bir burçuna garanda, Abdyllany görýän ýalydy. Ol özüni dürsedi. – Janym, balam, kakaň şeýle görmägeý, mähriban adamdy. Onuň ýumşaklygy, duýgurlygy başga bir ynsan oglunda ýokdur. Ol Şam iline söwda ugrajak bolanda... – Eminäniň ýene-de damagy doldy. – Men bar bolaýyn-da, şonda näme üçin «Gitme, gitme...» diýip, oňa ýalbarmadym. Ajyndan ölen ýog-a, ýurt aşyp, söwda gitmäninde. Illerem şol ýurtlara gitmän gözip ýör. Men guraýyn oglum, oňşugyň bir alajy bolardy ahyryň ol gitmäninde-de. Men oňa şonda näme üçin: «Gitme, gal» diýmedim... Kiçijik Muhammet öz ejesiniň aglamagyny islemeýärdi. Ol: – Goý, aglama, eje, aglamasan-a! – diýmekden başga zady bilmeýärdi. Emine ogluna tutunyp aglady. – Ejeň neneň edip aglamasyň oglum! Ol-a gitdi, menem onuň ömrüni ýaşap ýörün. Oňa derek men ölsem gowy bolardy. – Eje jan sen hiç haçan ölmegin, sen ölseň, men nädip ýaşaryn! Emine Ýasribe barýan kerwene goşulyp barýarka-da, Abdyllanyň zaryny çekip barýardy. Özem şol öňki ýas köýnegindedi. Başyna gara bürenjek atynypdy. Kerwen Ýasribe ýeten gününiň ertesi ol ogluny ýanyna alyp, Abdyllanyň mazaryna zyýarata bardy. Üstünden alty gyş, alty ýaz geçen mazar ýiteňkirläpdi. Üstüne ot-çöp bitip, ýeller onuň üstüniň gumyny telim täzeläpdir. Emine mazaryň baş ujuna bardy-da, oňa özüni goýberdi. – Eziz syrdaşym, Abdylla! Tursana, janym. Nowbahar balaň Muhammet jany alyp geldim, ýanyňa. Tur-da eziz didaryňy görkezip, balaň nurana boýuna guwansan-a. Menem seniň didaryňdan bir ganaýyn. Onsoň ölsemem armanym ýokdur, Abdyllam! Eminäniň goltugyna girip, ony Abdyllanyň daýylarynyň bagyndan çykardylar. Muhammet şonda adamlaryň iki öýüniň bolýandygy barada çaga aňy bilen oýlandy. Adamyň dirikä öz guran öýi, soň oňa ölenden soň il-günüň gurup beren öýi bolýan eken. Ol kakasynyň bu ýerdäki öýünde ýaşap ýörenine ynandy. Onuň kalbynda kakasynyň ikinji öýündäki ýaşaýşyny görmek höwesi döredi. Şondan soň ol mazarystan görse, oňa başgaça göz bilen garap başlady. Ýasrib günleri ýaş oglan üçin juda çalt geçdi. Ol daýylary bilen akar suwda suwa düşdi. Olardan suwda ýüzmegi öwrendi. Bu ýerdäki gür hurma baglygynyň salkyn saýasynda seleňledi. Ejesi bilen kakasynyň «öýüne» birneme sapar zyýarata bardy. Ýolda: «Näme üçin bizi kakamyň öýüne goýberenoklar. Bolmasa onuň özi bizi görmäge çykaýmal-a» diýip çaga bilesigelijiligi bilen oýlandy. Kiçijik Muhammet her ýere gitse-de, ejesiniň ýanyndan aýrylyp bilmeýärdi. Eminäniň haly barha peselýärdi. Dogan-garyndaşlary Eminäni bir aýlap elleriniň aýasynda sakladylar. Ýöne, myhmançylykda hemişelik galyp bolýarmy, näme? Ahyr bir gün öýüne-de dolanmaly. Eminäniň daýysy bir aýdan gowrak wagtdan soň Mekgä gidýän bir kerweniň bardygy baradaky habar bilen geldi. Onsuzam Emine: «Men indi gaýdaýyn» diýip Taňry gün berse, ýola bakyp otyrdy. Ol öz ýagdaýyny bilýärdi. Bu ýerde köpräk galsa, garyndaşlaryna agyr ýük bolmagy mümkindi. – Howa-da gyzýar. Sen ýegen entejik birneme howlukma. Yssynyň keseri birneme gaýdyşsyn. Menem işlerimi birýüzli edeýin. Onsoň seni, özümjik elinje elter gaýdybererin. – diýip, daýysy öýde janyny saklap bilmäň saralyp-solup oturan Eminäni köşeşdirjek bolýardy. – Ýok, daýy jan, men gaýdaýyn. Sag boluň, eden hyzmatlaryňyza. Sizden gaty razydyryn. Daýysy Emine bilen kiçijik Muhammedi elin ýola saldy. Ýöne ýola düşülensoň yssynyň zarby ýetjek ýerine ýetdi. Epgek janyňy alyp barýardy. Üstünde kejebe guralan düýäniň özem aýaklaryny ýanyp duran topraga basyp bilmän gelýärdi. – Suw! – diýip, agyr epgekli günden soň özünden gidip, az-kem essine gelen Emine naýynjar seslendi. Ol näçe suw berseňem: «Wah, suw bersene, içim ýandy-la» diýip ýatyrdy. Ýasrib şäheri ep-esli yzda galypdy. Mekgä-de üç-dört günlük ýol bardy. Eminäniň bolsa haly sagatsaýyn agyrlaşýardy. Ol kepäp, kömre dönüp, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny çalaja gymyldadyp: – Abdylla, men barýan! – diýip pyşyrdaýardy. Soň bolsa ýene-de suw soraýardy. Umm Aýman kerwenbaşynyň maslahaty bilen düýesini kerwenden üzdi-de, al-Abwa obasyna sowuldy. Oba kerwen ýolundan beýle bir uzakda däldi. Umm Amman oba gelenden soň düýäni bir jaýyň gapdalynda saklady. Düýesini çökerdi. Tamyň kölegesine düşek ýazdy. Soň halys eňkamy giden Eminäni düýeden düşürdi-de, düşege geçirip, süýndürip ýatyrdy. Hassanyň agzyna sowujak düýe süýdüni tutdy. Salkynjak kölege, sowuk düýe süýdi gelni az-kem özüne getiren ýaly etdi. Ol özüne geldi. Azajyk garbandy. Soň oguljygyny öz ýanynda oturtdy. – Eziz balam, men seni indi kime goýarkam?! – diýip çalaja seslendi. – Bu ýalançy dünýäde ýalňyz galjak-da sen! Kiçijik Muhammet ejesini gujaklady-da, onuň agzyndan çykaýjak-çykaýjak bolýan ýüreginiň hasratly sesini eşitdi. Ol ýürek ejesiniň gursagyna sygmajak bolýardy. Özem, ol ýürek «Abdylla! – Muhammet! Abdylla – Muhammet!» diýip zarp bilen urýan ýalydy. Emine agşam rahatja ýatdy. Soňam birden tisgindi-de: «Abdylla, men barýan!» – diýip samyrdady. Oguljygynyň ýaşly gözjagazlaryna naýynjar garabam jan berdi. Muhammet başyny ýene-de ejesiniň gursagyna goýdy. Indi ol ýürek geplänokdy. Ol gursak bu sahawatly sähralar, belentden belent daglar ýaly juda imisalady. Kiçijik Muhammet ejesini gujaklap, uzyn gijeläp aglady. Ertesi Eminäni al-Abwa obajygynyň gonamçylygynda uly gadyr bilen jaýladylar. Kiçijik Muhammet gölegçileriň dünýesini lerzana getirip, ejesiniň gyzyl gumy solmadyk gubruny gujaklady. – Eje janym, eje sen indi meni kime goýup gitdiň? Men ýetim galdym-a, eje jan! – diýip zarlap aglaýardy. – Mert bol, bala! – diýip, Umm Aýman kiçijik Muhammedi hoşamaýlap düýä mündirdi-de, Mekgä alyp gaýtdy. Bu çekip çydardan juda çökder hasrat kiçijik Muhammediň ilkinji gören apatydy. Sähel wagtdan soň ol has jebirli ikijni ölümi görüpdi. Emine ýogalandan soň Umm Aýman kiçijik Muhammedi goja Abdyl Mutalyba getirip berdi. Gelniniň bu armanly ölümi gojanyň bilini oglunyňkydan hem beterräk segredipdi. Ýöne ol öz hasratyny adam ogluna bildirenokdy. Daşyndan görseň, onuň şu dünýäniň ýüzündäki ýalňyz melhemi, kiçijik Muhammet bolup, diňe şonuň üçin ýaşaýan ýalydy. Muhammet ýetimdi. Abdyl Mutalybyň beýleki ogullary daşardan oýnap-oýnap gelip, ylgaşyp, baryp öýlerine girýärdiler. Eneleri-atalary olary ezizläp saklap, aç-hor edenokdylar. Emma kiçijik Muhammet oýnar geler-de, howlynyň ortasynda bir salym durar. Soň özüni hiç kim çagyrmasa, boýunjygyny sallar-da, arkasyny tama berip, içini hümleder oturar. Indi oglanjygyň bu ýalançyda ýalňyz howandary atasydy. Abdyl Mutalybyň öz göwnem, indi edil çaganyňka dönüpdi. Şonuň üçin ol örän duýgurdy. Ol kiçijik Muhammediň öňem burukja boýnuny sallatmajak bolup, hernäçe çytraşýardy. Ony nahar iýse-de, ýanyndan aýranokdy. Bir ýere gitse-de, ony öz ýany bilen alyp gidýärdi. Bu goja tutuş Mekge ilinde iň sylagly, iň sarpaly kişi bolansoň, adamlaryň bu aksakala edýän hormatyndan indi kiçijik Muhammet hem binesip galanokdy. Hatda Käbe aýmançasynyň gapdalyndaky sekä men-men diýen adamlar-a däl, gojanyň söýgüli ogullary hem münüp bilenokdylar. Muhammet bolsa atasy bilen köplenç şol ýerde ýatyp-turýardy. Muhammet hemişe Mekgäniň iň sylagly ýaşulularynyň gürrüňleriniň arasyndady. Goja Abdyl Mutalyp indi ownuk-uşak ýumuşlaryny başga birine däl-de, kiçijik Muhammede tabşyrýardy. Ol başga hiç kimi öz ýanyna golaýlaşdyranokdy. Halys garrany üçin aýaly, gelinleri, gyzlary Abdyl Mutalybyň dişlerine basym, tagamlyja naharlary taýýarlap getirerdiler. Emma goja: – Hany, Ahmedim! – diýip, kiçijik Muhammet saçagyň başyna geçmese, tabaga el urmaýardy. Abdyl Mutalybyň körpe ogly Abdyl Uzza welin bu ýagdaýy içine sygdyryp bilenokdy. Onuň hem öz kakasyna ýakyn bolasy gelýärdi. Kakasyna özüni söýdüresi gelýärdi. Onuň edil Muhammet ýaly, ondan hem ýagşyrak özüni ýagşy gördüresi gelýärdi. Eger kakasynyň gujagynda Muhammet oturan bolsa, olam derrew sekä münüp, kakasyna gysmyljyrap başlardy. Emma goja beýleki ogullary ýaly, Abdyl Uzzany-da golaýyna getirenokdy. – Bar, bar! öýe, ejeň ýanyna bar! – diýip, ogluna çalarak käýäp goýberýärdi. Abdyl Uzza bir gün ejesiniň ýanynda kakasynyň bu bolşy barada zeýrenip aglady. – Kakam şol ýetimçäni bizden gowy görýär! Men onuň ogly däl ýaly. Patma banu ogluna ýagdaýy düşündirdi. – Onuň atasyndan başga kimisi bar. Ýetim çagany harlamak külli günädir. Ol seniň doganyň ogly ahyryn. Ilki bilen sen şoňa hossar çykmal-a. Abdyl Uzza düşüner ýaly däldi. Ol gaýta meçew alýardy. – Şol ýetimçe biziň öýümizden ýok bolsun. Biziň naharymyzam iýmesin. Men ony öýden kowaryn. Ony ýigrenýän! Patma banu ogluny şunça hoşamaýlajak bolýardy. Düşündirmek isleýärdi. Emma Abdyl Uzza gaharyna öýden çykyp gidýärdi. Kiçijik Muhammet agasynyň özüni halamaýanyny duýýardy. Ol hemişe ondan seresap gezmäge çalyşýardy. Atasy adyny tutup çagyrmasa, onuň ýanyna baranokdy. Bir sapar welin ol Abdyl Uzzanyň gazabyna duçar boldy. Günortanyň yssy çagy Käbe aýmançasynyň öňündäki üsti bassyrmalyja sekä gowy kölege düşüpdi. Patma banu Abdyl Uzzanyň eline düşek berdi-de: – Bar, oglum, kakaň oturjak ýerine şu düşegi ýaz – diýdi. Abdyl Uzza kakasy üçin iň mertebeli ýerde düşek ýazdy. Düzgün boýunça ol düşege goja Abdyl Mutalypdan öň hiç kim geçmeli däldi. Emma meýdanda oýnap ýadan kiçijik Muhammet geldi-de, şol düşegiň üstüne geçip oturdy. Muny gören Abdyl Uzza öňem jany ýanyp ýören halyna, kiçijek Muhammedi erbet silterläp goýberdi. – Eý, ýetimçe, tur düşegiň üstünden. Gaýdyp şu düşege däl, sekä münäýseňem gaty erbet ýenjerin... Muhammet sekiden düşdi-de, golaýdaky tamlaryň biriniň diwaryna arkasyny berip oturdy. Abdyl Mutalyp gelenden soň ogly bolan wakany aýdyp, özüni aklajak boldy. – Men ony kowdum. Öz ornuny bilenok. Gelip, seniň düşegiňde oturýar. Abdyl Mutalyp ogluna gatyrgandy. – Wah, oňarmansyň. Indi ol nirä gitdi? – Men ony kowup goýberdim! Goja aýagyna ot basylan ýaly bolup ýerinden turdy. – Bilip goýuň, şu düşek onuň ýeri. Men oturmasam hem şol oturmaly. Men ölenimden soň hem şol oturmaly. Gaýdyp kim şonuň adyny tutsa bilip goýuň, menden oňlulyga garaşmaň, bidöwletler. Goja tä agtygy gelýänçä naharly tabaga el urmady. Horluk basan Muhammet sekä münmejek boldy. Sebäbi beýleräkde Abdyl Uzza: «Sekä münäýseň, menden gaty görme» diýýän manyňa gözlerini alardyp, ýumrugyny düwüp durdy. Atasy bolsa: – Gel, Ahmedim, gel, guzym. Seni göresim gelip gitdi. Gel, bileje nahar iýeli – diýip, çyny bilen hoşamaýlaýardy. Çünki, gojanyň özi dok hem bola, agtygy iýsin diýip, nahardan çem-çüm iýen bolýardy. Şeýdip, kiçijik Muhammediň garnyny doýurýardy. Şonuň üçin kiçijik Muhammet Abdyl Uzza garap gaňrylybam garamady-da, atasynyň diýenini edip sekä mündi. Indi Abdyl Uzza Muhammede gün görkezenokdy. Ol oglanlaryň arasyna barsa-da: – Eý, şol ýetimçäni oýnatmaň-eý. Ol gaty utançsyz-a. Bizde arkaýyn ýaşap, naharymyzy iýip ýör. Kowuň, ony – diýip, ähli oglany kiçijik Muhammediň üstüne küşgürýärdi. Şonuň üçin kiçijik Muhammet oglanlaryň arasyna baryp bilmäň köplenç atasynyň synyndan ýapyşyp ýörmeli bolýardy ýa-da ýekeje özi oýnamaly bolýardy. Abdyl Mutalybyň özem şu ýagdaýy duýýana meňzeýärdi. Ol Muhammedi ýanyndan goýmaýardy. Ony Käbäniň daşyndan aýlaýardy. Kiçijik Muhammet bir zady halamaýardy. Atasy köplenç daşdan ýasalan hudaý-Hubalyň öňüne baryp, ondan rysgal-döwlet dileýärdi. Onuň öňünde günälerini bagyşlamagyny sorap, gözýaş dökýärdi. – Ata, atajan, sen näme üçin daşyň öňünde aglap otyrsyň. Tur gaýdaly. – diýip, kiçijik Muhammet bu bolýan zatlary ýüregine sygdyryp bilmän atasynyň elinden tutup çekýärdi-de, ony ýerinden turuzýardy. Abdyl Mutalyp agtygyna öwüt berýärdi. – Ol biziň nesillerimiziň Hudaýy Hubaldyr. Menem, ata-babalarymyz-da, ogul-gyzlarymyz-da şoňa çokunyp gelendir. Indi gezek siziňki. Biz ölenimizde öz hudaýymyzy size goýup gideris. Onsoň siz oňa sygynmaly bolarsyňyz. Sen ony ýaman görme. Gaýta, bar, ondan özüňe bagt dile... Kiçijik Muhammet diňe şu ýerde atasyna gulak asmandy. – Daşdan maňa hudaý bolmaz. Meniň hakyky Hudaýym bardyr! Goja her sapar agtygy ýüzüne bakyp şeýle diýende hem-ä gorkýardy, hemem agtygynyň ýüzüne gaty geň galyp seredýärdi. Indi Abdyl Mutalybyň halys mejaly gaçypdy. Kyn durmuş, garrylyk ony halys maýrypdy. Ol indi düşeginden hem turup bilenokdy. Düşeginiň bir gyrajygynda gözjagazlaryny balkyldadyp, gussa batyp oturan agtygynyň başyny sypalap: – Ah, meni Abdyllanyň, Eminäniň ölümi halys lagşatdy. – diýip çyny bilen zeýrenýärdi. Kiçijik Muhammet öň bir ölümi görüpdi. Ol dünýäde özüň üçin iň mähriban adamy topraga duwlap, soň hem yzyňa boş gaýtmak ýaly elhenç ýagdaýy görüpdi. Özem indi şol ýagdaýy ýüregine sygdyryp bilmeýärdi. Ol öz ejesine: «Ejejan, sen ölme!» diýip näçeler ýalbarypdy. Emma onuň ýalbarmasyna gulak asan bolmandy. Şonda ol «Ynsanyň iň eziz, iň bir gerek adamlary ölýär. Ýaramaz adamlar hiç haçan ölmeýarler» diýip düşünipdi. Onuň dünýäde ýeke-täk eziz adamsy, atasy Abdyl Mutalypdy. Ol şu mähriban adamyň hem ölerinden gaty gorkýardy. Atasy ölse, kiçijik Muhammet üçin ahyrzamandy. Şonuň üçin-de ol eger özi atasynyň düşeginiň gyrasyndan turaýsa, goja Abdyl Mutalyp göre alnyp gidiläýjek ýaly, onuň ýanyndan ýekeje salym hem turmaýardy. Daş çykaýdygam, Abdyl Uzza ony gözleriniň alasy bilen hökman dalaýardy. – Eý, ýetimçe, henizem biziň öýümizden ýok bolaňokmy sen. – diýip, ejesine-kakasyna eşitdirmäň oglanjygyň üstüne zäherini pürkýärdi. Goja welini agtyjagynyň ýyljak, ezizje ellerini gataň buz ýaly, köke dönen tagaşyksyz aýalarynyň içinde saklap: – Ahmedim, eziz balajygym, janym! – diýip samraýardy. Bir gün goja Abdyl Mutalybyň haly teňleşdi. Onuň aýalyny, ogullaryny, gyzlaryny gojanyň daşyna üýşürdiler. Abdyl Mutalyp, göýä dünýäde iň soňky gymmatly zadyny golundan gidermejek bolýan ýaly, Muhammediň goljagazyndan berk ýapyşyp, şony sypdyrsa, garaňky ummana güwläp gidiberjek ýaly bolup ýatyrdy. Onuň göwresi ýyllar boýy aldajy jöwzalarda saýa salyp, gazaply gyşlarda pena bolup, uly ile howandar bolaň indem ýykylan äpet çynar agajyna çalym edýärdi. Goja Ebu Talyby ýanyna çagyrdy. – Şu dünýäde ýekeje wesýetim galar. Şu dünýäde ýekeje gymmatly zadymy goýýaryn. Ol hem agtyjagym Muhammet. Men şol gymmatly zadymy saňa galdyrýaryn. Häzir ony menden hem artyk görüp saklajagyňa söz ber! Şol horlansa, şol harlansa, meniň harlandygymdyr. Görümde dik oturaryn... Ebu Talyp gepläp bilenokdy. Ol gözleriniň ýaşyny sylyp, ýöne başyny atyp otyrdy. Gojanyň demi çala gelip gidýärdi. Onda-da ol häli gaýtalan sözlerini eşitdirip aýtdy. Kiçijik Muhammet zarlap, nurly başyny atasynyň käwagt bir galyp düşýän kükregine goýup aglap ýatyrdy. – Ata jan, sensiz men nädip ýaşaryn. Meni kime goýup gidýäň, ata jan! Gojanyň iň soňky diýen sözi: – Muhammedi aýaň. Ony saňa t... – boldy. Goja Abdyl Mutalyp tutuş Mekge ilini elendirip jan berdi. Kiçijik Muhammet üçin şol gün älem-jahan gapyşan ýaly boldy. As-darar-Rakka mähellesi ýöne ahy-zar bolup durdy. Kiçijik Muhammet şol ahy-zar çekýänleriň sesini eşitdi. – Akybatyl-möwt bolan atam, aýallaryň agysyndan men neneň oturaýyn – Bu agy gojanyň iň uly gyzy Sufiýanyňkydy. – Gözüm ýaşy hünji kimin döküler, ejizlige el bermedik, sahawaty ile belli atam-eý! Seniň üçin aglaryn-eý! Hak ady Şeýbanydyr, kyblam atam sen. Ýagşyzadalaryň mirasdüşeri, merdi-merdan atam sen... Gökden nem dammasa, mähri bilen suwaran, il-gününe kuwwatlym, duşmanyna haýbatlym, şepagatly atam-eý. Asylzada babaly, egsilmejek kuwwatly, zandy halal atam-eý. Gadymky şöhratlar birini ajaldan aman saklasa, sen hiç haçan ölmezdiň-eý, jan atam-la... Onuň beýleki gyzy Barra: – Gyzyl ýüzüň solduran ajala alaç barmy, Haýyr-sahawat eýläp, geçene alaç barmy, Şan-şöhrata beslenip, gaçana alaç barmy, Täleýdir, ajal meýin içene alaç barmy, Bizi kime galdyrdyň, mähriban atam hany?! Abdyl Mutalybyň iň söýgüli gyzy Atakanyň sesi has hasratlydy. – Ygrarynda tapyla, Serpaý bary ýapylan, ygrary sarsmaz, atam. Duşmana dem bermedik, mydam aç arslan atam, Sahy, wepaly, merdan, egilmez başlaň, atam, Ýöne-de taparmykam, seçsem gözýaşlam, atam, Şöhratyň belent saklan, mähribanym, nirde sen! – At münenleň ýagşysy, Tämiz suwlaň çeşmesi, Hoşgylaň il aşnasy, Atam, sen diýp aglaryn. Bu ses onuň iň işeňňir gyzy Umm Hakimiň agysydy. Onuň Umaýma gyzy: – Teşnelere suw beren, kinanylara kethuda, Uruş-jeňde penakär, gara günde arkadag, Gurak günler ýagyş sen, toý-meýlise nagyş sen, Ok-naýzalar şuwlanda şire dönen atam-eý. Körpe gyzy Arwa: – Kuraýyşlaň köki sen, Mälik babam miwesi. Fir atamyň nesli sen, Haşamylaň şiwesi... Gara dagym, jan atam, seni nirden tapaýyn... Kiçijik Muhammet bibileriniň bu agysyna damagyny dolduryp, didelerini gözýaşa gark edip, gultunyp otyrdy. Şeýle hasratly ýas günem Abdyl Uzza gözi ýaşly oglanjygyň bagryny kerçäp, ýoknasyzyny atdy. Ol eziz kakasy üçin il-gün hasrat çekip otyrka, aglamaga derek gözlerini bihaýalyk bilen güldürip geldi. – Aglaber, eý, ýetimçe. Hak howandaryň gitdi. Indi kimiň dyzyna münüp oturarkaň? Seni indi edişime seret! Ýasa batyp oturanlardan kimdir biri Abdyl Uzzanyň bolup durşuny halamady. – Ataň ölen wagty seniň ýadyňa dawa düşýärmi? Ataň üçin gözýaş dök... Abdyl Uzza gaýta ol adamyň özüni utandyrdy. – Goý, aýallar aglasyn. Men näme, aglap, hakyna tutulan agyçymy! Han-a... – Ol elini kiçijik Muhammede bakan uzatdy. – Gujagyndan düşürmän göterenleri aglasyn... Kiçijik Muhammediň sesi ýörite hakyna tutulan, gök ýas köýnegini geýnen, iki bölege bölünip, tutuş Mekgäni lerzana getirip eňreşýän aýallaryň, tutuş mähelläniň sesine goşulyp gidýärdi. Agy sesi ýürekleri para-para edýärdi. Kiçijik Muhammet atasyny salaja salyp, Mekgäniň giň gumak ýoly bilen mazarlyga alyp barýan gölegçileriň yzyndan galanokdy. Ol jesediň mazaryň içki öýüne salnyşyna çenli synlady. Atasynyň hemişe biline dakynyp gezen pyçagyny, gylyç-galkanyny, ok-ýaý, gap-gaç ýaly zatlary onuň gapdaljygynda goýdular. Soň ony gömdüler. Mazaryň başynda semiz maýany gazyk kakyp, berk daňdylar. Soň mazaryň üstüne suw sepip, adamlar yzlaryna dolandylar. Kiçijik Muhammedi kimdir biri şol ýerde goýman, alyp gaýtdy. Ol atasyny jaýlap gelen gölegçileriň sesine goşup, waý çekip aglady... ...Taňrynyň güni darydan köpdi. Durmuş dowam edip durdy. Oglan öläýenokdy. Ol indi agasy Ebu Talybyň howandarlygyna geçipdi. Güler ýüzli, mähribanlygy owadan gözlerinden bildirip duran Ebu Talyp kakasynyň ähli gowy görüm-göreldesini alyp göteripdi. Ol her ýerde, ylaýta-da märekede kakasy Abdyl Mutalybyň abraýyny çirksiz saklamaga çalyşýardy. Ol juda az sözleýärdi. Ýöne geplände sözi agramlydy. Edep-ekramy, mal-mülki iliňkiden kem däldi. Maşgalasy örän saýhallydy. Şonuň üçin Käbe aýmançasynyň açary atasyndan oňa geçipdi. Ýöne Aby-zemzem suwunyň ygtyýary inisi Abbasa geçipdi. – Maňa maňlaý derim bilen gazanylmadyk ýeke dirhem hem gerek däl! – diýip, Ebu Talyp märekäniň arasynda aýtdy. – Zyýaratçylardan näme sadaka düşse, Käbäniňki bolar... Adamlar Ebu Talybyň bu sözüni haladylar. Käbe ilinde soňky eýýamlarda beýle söz aýdyp bilen halalzada adam ýokdy. Gaýta, adamlar «ol-bu zatlar hem meniňki bolmaly» diýip, zadyň dawasyny etmäge hiç haçan utananokdylar. Ol öz beren sözünde durdy. Bu düşewüntli ýerde onuň hiç hili bähbidi ýokdy. Ol uly abraýa dalaş edýärdi. Ol agyr kerwen bilen Şama söwda gidip gelse, maşgalasyny ep-esli wagt eklemäge gazanç edýärdi. Şonuň üçin ol juda arkaýyn gürleýärdem, gezýärdem. Onuň ýekeje ýürek baýlygy bardy. Ol hem sekiz ýaşly Muhammetdi. Ol inisini janyndan hem eziz görýärdi. Ony Abdyl Mutalybyň söýüşi ýaly söýýärdi. Hemişe ezizläp saklaýardy. – Ahmedim, hany, gel! – diýip, kakasynyň ülňüsine eýerip, ony özünden hem ýokary geçirip oturdýardy. Hurmanyň iň gowy bişenini, ulusyny, çöregiň ýumşakdan galyň bölegini, süýdüň gaýmagyny, peýniriň çalyň ýagly ýerini kiçijik Muhammede berýärdi. Öýde-de, il içinde-de, agyr märekelerde-de, içerde-de, bu oglanjygyň mertebesini juda belent saklaýardy. Indi Abdyl Uzza-da agasyndan çekinişine, Muhammede kän bir batyrynyp bilenokdy. Sebäbi eli gaty, gözi ýiti, juda duýgur Ebu Talyp bu çagajygyň üstünden guş uçsa-da ganatyny aljakdy. Ol Muhammedi ýanyndan aýyrmaýardy. Sähel wagty bolsa, onuň bilen gürrüňleşip oturýardy. Ebu Talyp inijiginiň arassaçylygyna, edepliligine, sözlände, ýa-da bir wakany gürrüň berende akyllylygyna haýran galýardy. Sekiz ýaşlyja Muhammet agasynyň ýanynda özüni edil aksakal gojalar ýaly alyp barýardy. Şonuň üçin Ebu Talyp her bir meseläni hemişe Muhammet bilen geňeşerdi. Muňa begenýän hem bardy, emma Abdyl Uzza welin bir ölüp bilenokdy. Ýöne ol hem hakyny giderenokdy. Ýeri gelende kiçijik Muhammedi kemsitme, zäherlije dili bilen çakma kemini goýanokdy. Kiçijik Muhammediň özem indi bir zada düşünip başlady. Ol öz erkinde däldi. Ol çagalyk edip, edenini edip, gidesi gelen ýerine gidip bilenokdy. Kimdir biri, bir ullakan göz ony hemişe yzlarlap ýören ýalydy. Ýöne ol Abdyl Uzzanyň gözem däldi, özem. Düýbünden başgady. Muhammet ony tanabam, kimdigini bilibem bilenokdy. Bir sapar ol Abdyl Uzzanyň ýok mahaly öz deň-duş oglanlary bilen gumak ýerde gala-gala oýnap ýördi. Şol mahal howa juda yssy bolansoň, beýleki ýarym-ýalaňaç çagalara garap, egnindäki uzyň galyň jüpbesini çykaryp arassaja ýerde goýdy-da, oýna başlady. Emma şol pursadyň özünde ony kimdir biri erbet silterläp goýberdi. Soňam: – Jüpbäňi geý! – diýip azymly aýtdy. Kiçijik Muhammet ylgap baryp jüpbesini egnine geýdi-de, bir gyra çekilip oturdy. Obanyň oglanlary Mekge dagynyň eteginde çekene bakýardylar. Kiçijik Muhammet hem şolara goşulmak isledi. Ol agasyndan özüne çekene bakmagy ynanmagy towakga etdi. Ebu Talyp razy bolmady. Emma kiçijik Muhammet oňa özelenip ýalbarýardy. Şonuň üçin Ebu Talyp indi on-onki ýaşan inisiniň sözüni ýykmady. Oňa öz çekenesini berdi-de, berk tabşyrdy. – Ahmedim, maňa seniň işiň gerek däldir. Sen meniň gözümiň alynda bolsaň, ýüregim jaýly bolýar. Goýun bakjak bolsa, öýde senden başga-da adam gyt däl. Ýalbaryp oturansoň goýberýän. Öz janyňy goragyn. Ýadamagyň ajykmagyň suwsuz bolmagyn. Meýdan diýseň hezildi. Ähli aladaň, gaýgy-hasratyň giň meýdanda galýardy. Adam sähra çykanda diňe öz-özi bilen bolup bilýärdi. Şonuň üçin kiçijik Muhammediň bagty getiripdi. Çagalar her dürli oýunlar oýnaýardylar. Muhammet hem olara heziller edip goşulýardy. Ol hemişe çagalar bilen bagtyýardy. Bir sapar oglanlaryň biri Muhammede: – Ertir Gün dogan wagty daga bileje gideli – diýdi. – Sen maňa hökman garaşgyn – diýdi. Muhammet razy boldy. Ol diýlen wagty wadalaşan ýerine geldi. Ýoldaşy welin gelmändi. Kiçijik Muhammet oňa garaşmaga başlady. Ol bir sagat garaşdy, iki sagat garaşdy. Emma ol oglanyň garasy görnenokdy. Ýoldaşynyň gelmejegine gözi ýeten Muhammet hem ilki bir eýlesine, beýlesine gözledi-de, soň oňa garaşmazlygy niýetine düwdi. Ol özugruna gitmek üçin ýaňy bir ýönelipdi. Ýöne araky belent ses ýene-de ýaňlanyp gitdi. – Gitme, gelýänçä garaş! Kiçijik Muhammet şondan soň ilk-ä garaňky düşýänçä, soňam tä daň atýança ýerinden butnaman garaşdy. Gün dogdy. Alty-ýedi sany çaga daga bakan ylgaşyp barýardy. Olaryň arasynda wadalaşan oglan hem bardy. Ol oglan müýnüm bardyr öýdenokdy. Ol Muhammediň ýanyna geldi-de: – Eý, Muhammet, sen bu ýerde kime garaşyp dursuň? – diýip sorady. – Men saňa garaşyp durun. Sen maňa garaş diýdiň-ä. Ol oglan müýnürgedi. – Men saňa düýn garaş diýdim-ä. Şonda gelip bilmedim, kellämden çykypdyr. Muhammet ýylgyrdy. – Sen maňa gelerin, hökman garaş diýeňsoň, ine, şondan bäri garaşyp durun. – Düýnden bärimi? – diýip, ol oglan geň galdy. – Hawa, wada bereňsoň yzynda durmaly bolar-a. – diýip, Muhammet jogap berdi. Diňe bir ýaňky oglan däl, onuň ýanyndaky beýleki oglanlar hem Muhammediň diýen zadyna haýran galdylar. Inisiniň gelmezligi Ebu Talybyň hem bar mazasyny alypdy. Ol alada edip, gijesi bilen ýatmady. Daň bilen hem onuň gözlegine çykypdy. Bu oglanlaryň gürrüňiniň üstüne ol hem gelipdi. Ol Muhammedi görüp, gaty begendi. Ýöne onuň daşyna oglanlaryň üýşüp durmasyndan nämedir bir bolmasyz iş bolandyr öýdüp gorkdy. – Ahmedim. Ahmet janym, näme boldy, köşegim! Gijesi bilen gözüm ýoluňda galdy, köşek, näme boldy saňa? Näme üçin gelmediň? Oglanlar Muhammediň özünden öňe düşüp, ýagdaýy düşündirdiler. Ebu Talyp öňküden hem haýran galdy. Ol Muhammediň elinden tutdy-da, öýüne bakan alyp gitdi. Ýolda bolsa: – Ahmedim, jan köşegim, janyňa döneýin, ähli zady çyn bilip, janyňy gynap ýörmeli däl ekeniň. Oglanlykdyr-da, gelmese gaýdybermeli ekeniň. Özem gelmändir-ä. Muhammet elini agasynyň aýasyndan çekip aldy. – Bolmaz, agam. Lebzinde durmadykdan hem bir adam bolarmy? Oňa bolýan bolsa-da maňa bolmaz... Ebu Talyp daşyna çykarmasa-da, inisiniň bu mukaddes ynanjyna çyny bilen begendi. Ol şol gije ýatyp bilmedi-de, çyranyň yşygyna: – Çyn bürgütler dag başynda jan berip. Çyn ärler lebzinden ölýän ekeni. – diýip başlaýan, haýyp, bir wagtlar ýitip giden goşgusyny ýazypdy. Kerwen yranyp, Şama garap gidip barýardy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |